Habarlar
Azyk bolçulygyna mynasyp goşant

Ene topragyň berekedini artdyrmaly, ilaty ýokary hilli, elýeterli bahaly ekerançylyk we maldarçylyk önümleri bilen bolelin üpjün etmeli. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagynyň öňünde goýan bu jogapkärli wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle il-ýurt bähbitli işe lebaply oba adamlary hem saldamly goşant goşýarlar. Olaryň üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde gazanan netijeleri ýokarda bellänlerimizi ynandyryjylykly tassyklaýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanan üç aýynda etraplaryň ýyladyşhanalarynda gök-bakja önümleriň 1,8 müň tonnadan gowragy öndürildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 7,4 göterim ösüş depgini gazanyldy. Öndürilen limon bolsa 36,3 tonna barabar boldy. Şeýle oňyn görkezijiler ilaty öz topragymyzda öndürilýän gowy hilli, arzan bahaly ýokumly önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Welaýatymyzda mallaryň baş sanyny köpeltmek hem-de mallardan alynýan önümleriň möçberlerini artdyrmak ugrunda uly tagallalar edilýär. Häzirki wagtda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda iri mallaryň 597,5 müň başy, dowarlaryň 3 225,6 müň başy, guşlaryň 3 429,1 müň başy, düýeleriň 6,3 müň başy bolup, bu görkezijiler geçen ýylyň başky üç aýy bilen deňeşdirilende ep-esli artykdyr. Hasabat döwründe hojalyklaryň ählisi boýunça etiň 36,8 müň tonnasy (diri agramda), süýdüň 120,1 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 54,4 million sanysy öndürildi. Şu zerur önümleriň 98 göterimden gowragynyň hususy hojalyklarda öndürilendigi bellärliklidir. Munuň özi ýurdumyzda döwletimiz tarapyndan hususyýetçileriň ýokary netijeli zähmet çekmekleri, ak bazarlarymyzy zerur önümleri bilen doldurmaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilýändiginden habar berýär.

Lebaply dowardarlar ene mallardan owlak-guzy almak işini ýokary guramaçylykly alyp barýarlar. Şu ýylyň geçen döwründe hojalyklaryň ähli görnüşleri boýunça owlak-guzularyň 1 million 276,5 müňden gowragy alyndy. Olaryň 74,4 müň başy oba hojalyk kärhanalaryna degişlidir. Bu bolsa ýylyň başyna bar bolan ene mallaryň 98,8 göteriminden owlak-guzy alnandygyndan habar berýär.

Maldarçylyk önümlerini öndürmekde Saýat etrabynyň maldarlary öňdeligi eýeleýärler. Etrapda häzirki wagtda iri mallaryň 115,7 müň başy, dowarlaryň 486,8 müň başy, guşlaryň 823,2 müň başy bolup, olardan geçen döwürde etiň 7 müň tonnadan gowragy, süýdüň 24,1 müň tonna golaýy, ýumurtganyň bolsa 11,4 milliondan gowragy öndürildi. Munuň özi welaýatymyzda iň ýokary görkezijileriň biridir.

Şanly ýylyň tamamlanan üç aýy oba zähmetkeşleriniň ümzükleriniň öňedigini, olaryň nygmat bolçulygyny döretmek işiniň öň hatarlarynda bolmak hyjuwy bilen joşýandyklaryny aýdyň tassyklaýar. Janypkeş adamlar özlerini her bir işde giňden goldaýan hormatly Prezidentimize we Milli Liderimize özleriniň hoşallyklaryny beýan edýärler.

«Türkmen gündogary».

19.04.2024
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan alnyp barlan işlere syn bermek bilen, şu ýylyň mart aýynda yzygiderli geçirilen duşuşyklaryň, gepleşikleriň, maslahatlaryň ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de pugtalandyrmakda Garaşsyz Türkmenistanyň eýeleýän işjeň ornuny nobatdaky gezek açyp görkezendigini bellemek gerek.

1-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Hususan-da, taraplar howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny, täze wehimlere garşy göreşmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

1-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynda geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy. Bu çäre ählumumy parahatçylygyň hem-de abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda özboluşly goşant boldy.

Forumyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Milli Liderimiz Türkiýäniň Prezidentini 70 ýaş ýubileýi we Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen adynyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Şol gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk we “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Duşuşyklarda türk kompaniýalarynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan uly goşandy bellenildi.

4 — 6-njy martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda owgan harytlarynyň sergisi geçirildi. Onda halylar, şaý-sepler, öý-hojalyk, gurluşyk harytlary, senagat himiýa serişdeleri, gök önümler, miweler, azyk önümleri we beýlekiler görkezildi. Serginiň çäklerinde Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport, maýa goýum mümkinçiliklerini netijeli ulanmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň owgan kärdeşleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda bilelikdäki taslamalar hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

4-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda ekologik meselelere aýratyn üns çekildi.

4-5-nji martda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň, şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda energetika, ekologik howpsuzlyk, durnukly ulag, suw diplomatiýasy, ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýaly ulgamlarda halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen köpýyllyk gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilýändigi bellenildi.

4-nji martda Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin bilen geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

5-nji martda Saud Arabystany Patyşalygynyň maýa goýum ministriniň maýadarlar bilen aragatnaşyk saklamak boýunça orunbasary Badr Al-Badr bilen geçirilen duşuşygyň gün tertibine döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri girizildi.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Aziziniň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen wekiliýet bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

5-nji martda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň binasynda ÝHHG-niň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň sebitleýin duşuşygy geçirildi. Onda guramanyň üç ölçeginiň çäginde sebit merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerine garaldy.

6-njy martda sanly ulgam arkaly Türki döwletleriň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň Baş Assambleýasynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bu birleşigiň agzalygyna kabul edildi.

7-nji martda ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygynyň Awstriýanyň Parlamentiniň agzasy, “Awstriýa — Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ewa Ernst-Dziedziç bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmek, degişli komitetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem şol gün Mejlisde Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň agzalarynyň nobatdaky duşuşygy boldy.

10 — 12-nji martda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Awstriýanyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri, daşary işler boýunça baş sekretary, Awstriýanyň Zähmet we ykdysadyýet ministrliginiň, Federal ykdysady palatasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň wekilleri Wenada ýerleşýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary — ÝHHG-niň Baş sekretary, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory, Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktorynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirdiler. Türkmen wekiliýetiniň agzalary Graz tehnologiýa uniwersitetinde, Wenanyň diplomatik akademiýasynda bolup, Awstriýanyň kompaniýalarynyň 25-siniň işewürleri bilen pikir alyşdylar. Iş saparynyň netijeleri boýunça degişli resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

12-nji martda Aşgabatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Onuň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde duşuşyk geçirildi. Bu çäre Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen guraldy.

12-nji martda Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen geçiren duşuşygynda Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň jemleri, guramanyň geljekki işleriniň, şeýle hem türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ispaniýanyň işewür toparlarynyň wekiliýetiniň ýurdumyza iş saparynyň çäklerinde 13-nji martda Daşary işler ministrliginiň binasynda Ispaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Markos Gomes Martines bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri, şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, «Ibertest», «Nobargi», «Typsa», «Cesce», «Tubacex», «Almar Water», «Teltronic» ýaly ispan kompaniýalarynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi.

14-nji martda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Bouman bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüne çekijiligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, ÝTÖB bilen bilelikde öňdebaryjy tejribäni, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly ulag-logistika, maglumat tehnologiýalary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, howanyň üýtgemegi ýaly ulgamlarda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň sport ministri Wladimir Leonow bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, bilelikde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmegiň meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.

14-nji martda Türkmenistanyň wekiliýeti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde saparda bolmagynyň çäklerinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan çagyrylan durnukly ösüş boýunça sebit forumyna gatnaşdy. Onuň dowamynda türkmen tarapy birnäçe halkara başlangyçlary beýan etdi. Şol gün Halkara Migrasiýa Guramasynyň we Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda owgan zenanlarynyň ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti bellenildi.

15-nji martda Daşary işler ministrliginde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmet Demirok bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň giň ugurlary we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

17 — 19-njy martda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň ýokary wezipeli wekilleri — Ýewropa Komissiýasynyň, Ýewropa Geňeşiniň, Brýusselde ýerleşýän halkara guramalaryň, Belgiýanyň ugurdaş ministrlikleriniň we edaralarynyň, söwda-ykdysady düzümleriniň, işewür toparlarynyň, Ýewropanyň birnäçe kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Şunuň bilen birlikde, 18-nji martda Lýuksemburgyň wise-premýeri, daşary işler we daşary söwda ministri Ksawýe Bettel bilen geçirilen duşuşygyň barşynda dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Brýussel şäherine iş saparynyň çäklerinde utgaşykly görnüşde guralan «Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi: täze ykdysady hyzmatdaşlyga tarap» atly «tegelek stol» maslahatyna daşary ýurtlardan işewür toparlaryň 120-den gowrak wekili gatnaşdy. Onuň dowamynda energetika, ulag, maýa goýum, söwda, sanlylaşdyrmak ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. 18-nji martda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň Teswirnamasyna gol çekildi.

19-njy martda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) Baş sekretary Ýan Sonders bilen geçiren duşuşygynyň barşynda halkara gümrük ulgamyna, şol sanda BGG-niň esasy Kararnamalaryna goşulyşmakda Türkmenistanyň soňky ýyllarda amala aşyran tagallalary bellenildi, bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň bilim we hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça guramanyň okuw, hünär kämilleşdiriş maksatnamalaryna gatnaşmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ermenistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Panama Respublikasynyň we Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri bilen geçirilen duşuşyklaryň dowamynda döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

20-nji martda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Rim şäherine amala aşyran saparynyň çäklerinde Italiýa Respublikasynyň wise-premýeri, daşary işler ministri Antonio Taýani, Rim şäheriniň häkimliginiň ýolbaşçylary, Italiýanyň wise-premýeri, infrastruktura we ulag ministri Matteo Salwini, ýurduň ulag edaralarynyň wekilleri, Halkara oba hojalyk ösüş gaznasynyň prezidenti Alwaro Lario, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary Maurisio Martina bilen gepleşikler geçirildi. Duşuşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara guramalaryň, hususan-da, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýeti bellenildi.

21-nji martda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama kabul edildi.

23-24-nji martda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Birleşigiň 148-nji Assambleýasynyň işine, şeýle hem zenan parlamentarileriň maslahatyna gatnaşdy.

25-nji martda Daşary işler ministrliginde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Onda bilelikdäki çäreleri guramak, türki dünýäniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, gadymy Änew şäheriniň medeni ähmiýetini TÜRKSOÝ, BMG, ÝUNESKO ýaly halkara guramalaryň üsti bilen dünýä ýaýmak meselelerine üns çekildi.

26-njy martda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Onuň çäklerinde Änew şäheriniň medeniýet öýünde «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahat geçirildi.

26-njy martda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ýurdumyzyň türki döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny toplumlaýyn esasda giňeltmegiň möhüm ähmiýeti nygtaldy.

27-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri bilen baglanyşykly meseleler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

27-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahatda syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasyny giňeltmek we köpdürlüligini artdyrmak, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, bu pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, täsirli maglumat-mahabat çärelerini alyp barmak, netijeli halkara gatnaşyklary ýola goýmak ýaly meselelere garaldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde ýokarda ady agzalan maslahata gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili bilen gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda syýahatçylyk ulgamynda bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan bilen geçiren duşuşyklarynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, şeýle hem iri halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigine üns çekildi.

Şol gün Aşgabatda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegine we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralara bagyşlanyp, “Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi” atly halkara metbugat maslahaty geçirildi.

28-nji martda Daşary işler ministrliginde Russiýanyň “TASS” habarlar agentliginiň Baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen bolan duşuşykda maglumat ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Şeýlelikde, geçen aýda geçirilen çäreler ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän möhüm başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli işleriň alnyp barlandygyna şaýatlyk edýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň abadançylygynyň, ählumumy parahatçylygyň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek şol başlangyçlaryň esasy özenini düzýär.

(TDH)

19.04.2024
Işewürleriň işleri ileri

Halkymyzyň çekýän asylly zähmetinden rowaçlanýan eziz Diýarymyz bu gün dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işler, oňyn özgertmeler ata Watanymyzyň ykdysady binýadyny berkitmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ajaýyp zamanamyzda milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde hususy telekeçileriň mynasyp paýynyň bardygyny olaryň alyp barýan işlerinde aýdyň görmek bolýar. Ýurdumyzyň telekeçileri dünýäniň ösen tehnologiýalaryny, öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak arkaly, içerki bazarlary öz ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümler bilen üpjün edýärler. Hormatly Prezidentimiziň hususy ulgamy höweslendirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary ýurdumyzyň telekeçilerini öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar.

Döwlet tarapyndan hususyýetçilere edilýän goldaw-hemaýat oňyn netijesini berýär. Soňky ýyllarda hususy işewürleriň ilata hödürleýän ýokary hilli, elýeterli önümlerine uly isleg bildirilýär. Bu gün bereketli saçaklarymyzy güneşli ýurdumyzda öndürilýän dürli önümler we harytlar bezeýär. Şol önümleriň ýurdumyzyň bazarlarynda eýeleýän orny artýar, bäsdeşlige ukyplylygy barha ýokarlanýar, bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimi bolsa has-da giňeýär.

Ýurdumyzda önüm bolçulygyny döretmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenýändigi hemmämizi buýsandyrýan hakykatdyr.

Toýmämmet Hajyýew,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy.

19.04.2024
Türkmenistan halkara üstaşyr ulag geçelgeleri düzümini giňeldýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat — Mary welaýaty — Aşgabat, 17-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Munuň özi Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň netijeli ulanylmagyny, ýurdumyzyň halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmünde ornunyň pugtalandyrylmagyny şertlendirýär.

Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrylýar.

Mälim bolşy ýaly, bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry bolan Aşgabat — Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. Awtobanyň birinji böleginiň degişli güwänamalara — awtomobil ýolunyň hiliniň ISO 9001 standartyna laýyklygy hem-de taslamany düzmek we gurluşyk boýunça işleriň halkara standartlaryna, hususan-da, “Ýol gurluşygyny taslamalaşdyrmak” we “Gurluşyk işleri” standartlaryna laýyk gelýändigini, ýoluň ýokary derejede howpsuzlygyny, gurluşygynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylandygyny tassyklaýan güwänamalara mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda gurulýan awtomobil ýollarynyň bildirilýän esasy talaplara, öňdebaryjy tejribelere we täze tehnologiýalara esaslanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy Türkmenistandaky iň iri ulag taslamalarynyň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şunlukda, ýakyn geljekde Türkmenistanda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berjek täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly peýda bolar. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini nygtamak zerurdyr.

Ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm orny eýeleýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça dürli ýyllarda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalary biragyzdan kabul edendigini bellemeli.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 16-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edildi. 2016-njy ýylyň şol senesinde Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirilipdi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen we döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän halkara başlangyçlarynyň giňden ykrar edilýändiginiň, Bitarap Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha artýandygynyň güwäsidir.

Bu ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwatdan netijeli peýdalanmaga çalyşýan ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulagyň ähli görnüşleriniň — awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Täze howa menzilleri, polat ýollar, Türkmenistany goňşy ýurtlar bilen birleşdirýän awtomobil ýollary, köprüler gurulýar, toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üsti döwrebap tehnikalar bilen yzygiderli ýetirilýär. Türkmenistan ählumumy ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça wajyp ýollarydyr merkezleri birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümini giňeldýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Ýewraziýanyň ykdysady zolaklaryny birleşdirmek wezipelerini durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi Hytaýa, Hindistana, Pakistana, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň hem-de Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna çykmak arkaly günorta we gündogar ugurlarda halkara ulag ulgamyna goşulyşmak mümkinçiligini hem göz öňünde tutýar.

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Garagum sährasynyň çäginden geçýändigini bellemek gerek.

...Irden hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Mary welaýatyna tarap ugur aldy hem-de biraz wagtdan soňra, Mary şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy. Welaýatyň sungat ussatlarynyň, döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdym-sazlar ýaňlandy.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz dikuçarda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň dikuçary ulag düzüminiň täze desgasynyň golaýyndaky meýdançada gondy. Soňra hormatly Prezidentimiz ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň başlanýan ýerine geldi.

Şanly waka mynasybetli bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary döwletleriň, halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Mary welaýatynyň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik düzümleriniň wekilleri ýygnandylar. Dabara gatnaşýan myhmanlaryň hatarynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisine gatnaşyjylar, beýleki hormatly myhmanlar hem bar.

Hemmeler uly ruhubelentlik we şatlyk-şowhun bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübärekleýärler. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde eziz Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleri wasp edýän aýdym-sazly çykyş ýaýbaňlandyrylýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz açylyş dabarasy üçin ýörite gurnalan mejlisler jaýyna bardy we bu ýerde çykyş etdi.

Şu gün biz Garaşsyz Watanymyzyň durmuşynda nobatdaky möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Aşgabat —Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. Şeýle hem şu gün Mary welaýatynyň Mary şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, 2 gatly 59 sany ýaşaýyş jaýyndan ybarat toplum dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler. Welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýy hem sowgat hökmünde gowşurylar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we dabara gatnaşyjylary bu şatlykly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlady.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz Watanymyzda taryhy özgertmeler giňden rowaçlanýar. Şu gün ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagynyň şöhratly taryhynyň sahypalaryna ýatdan çykmajak wakalaryň biri hökmünde ýazylar.

Döwlet Baştutanymyz 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berlendigini, bu gün bolsa awtobanyň ikinji tapgyrynyň, ýagny Tejen — Mary böleginiň gurluşygynyň doly tamamlanyp, ulanmaga berilýändigini, täze ýoluň ugrunda ençeme döwrebap desgalaryň bina edilendigini, ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli amatly şertleriň döredilendigini aýtdy. Bu iri taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ata-babalarymyzyň ýol, köpri gurmak ýaly sogap işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär.

Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýurdumyzyň döwrebap ulag geçelgelerini birleşdirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ähmiýeti hem örän uludyr. Umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan bu awtomobil ýolunyň gurulmagy gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan döwrebap görnüşde dikeldilýändiginiň nobatdaky güwäsidir diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçip, paýtagtymyz Aşgabady Lebap welaýaty bilen birleşdirjek Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly uzak aralygy gysga wagtda geçmäge mümkinçilik berer. Ýolagçylaryň we ýükleriň bökdençsiz gatnawyny üpjün eder. Ýoluň gurluşygynyň doly tamamlanmagy ýurdumyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga şert döreder. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň döwrebap kämilleşdirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ösmegine uly itergi berer.

Türkmenistan döwletimiziň dünýä yklymlarynyň çatrygynda örän amatly ýerde ýerleşmegi halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmäge, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna goşulyşmagyna, hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär. Biz geljekde-de Diýarymyzda awtomobil ýollarynyň gurulmagy, döwrebaplaşdyrylmagy, halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi boýunça netijeli işleri dowam etdireris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz milli saglygy goraýyş ulgamyna döwrüň iň kämil lukmançylyk enjamlarynyň hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, şu gün Mary şäherinde açylyp ulanmaga berilýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň hem bu ugurda amala aşyrylýan işleriň aýdyň beýanydygyny aýtdy. Şeýle-de bu döwrebap saglygy goraýyş merkezinde enäniň we çaganyň saglygyny berkitmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini belläp, ilatyň saglygyny goramakda esasy merkezleriň birine öwrüljek merkeziň uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada hem yzygiderli alada edilýär. Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Mary welaýatynyň Mary şäherinde bina edilen 2 gatly 59 sany ýaşaýyş jaýyndan ybarat toplumda ýaşamak üçin ähli zerur şertleriň döredilendigine üns çekildi. Raýatlarymyzyň durmuş şertlerini, ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler geljekde hem dowam etdiriler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň, Mary şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi, şeýle hem Mary welaýatynyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň sowgat hökmünde gowşurylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra bu ýerde görkezilen wideofilmde Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly taslama baradaky maglumatlar täsirli beýan edildi. Onda, hususan-da, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 109 kilometre uzaýan Tejen — Mary böleginiň gurluşygy hakynda giňişleýin gürrüň berilýär. Munuň özi häzirki wagtda ýurdumyzyň Ýewropany we Aziýany birleşdirýän möhüm logistik merkeze öwrülýändigini aýdyň görkezýär.

Soňra döwlet Baştutanymyz düzümleýin ýol-ulag desgalaryny güwänamalaşdyrmak işine ýöriteleşen abraýly halkara düzümleriň wekilleriniň çykyşlaryny diňledi.

Ilki bilen, Ýaponiýanyň «NEC Telecommunication Ltd.» kompaniýasynyň Ankaradaky (Türkiýe Respublikasy) şahamçasynyň baş direktory Jengiz Karabalyga söz berildi. Ol Türkmenistana gelip görmäge, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşmaga hem-de “Ýokary tizlikli awtomobil ýoluna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygy üçin” atly halkara güwänamany gowşurmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Myhmanyň belleýşi ýaly, bu gün Türkmenistanyň sebit we ählumumy multimodal ulag ulgamyna işjeň goşulyşýandygyny, ýurduň geoykdysady mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň çäklerinde öňdengörüjilikli başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýan möhüm taryhy waka bolup geçýär.

Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň Aşgabat — Tejen aralygyndaky birinji böleginiň hem birnäçe abraýly halkara güwänamalara mynasyp bolandygyny belläp, myhman «NEC Telecommunication Ltd.» kompaniýasynyň şu gezekki güwänamasynyň gowşurylmagynyň bu awtomobil ýolunyň gurluşygyndan başlap, häzirki zaman çözgütleriniň ornaşdyrylyşyna çenli, tutuşlygyna innowasion desga bolup durýandygyna şaýatlyk edýändigini aýtdy.

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýük daşalyşyny artdyrmaga we goňşy ýurtlar bilen ulag aragatnaşygynyň ösdürilmegine ýardam etjekdigini belläp, myhman hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny bu taryhy waka bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Fransiýanyň «Grenobloise D’Electronique et D’Automatismes (GEA)» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Serž Aleksis Zaslawoglou döwlet Baştutanymyzy Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady hem-de täze düzümleýin desga «Ýokary tizlikli ýoluň wideogözegçiliginiň hem-de töleg ulgamlarynyň ýokary standartlara laýyk gelýändigi üçin» atly halkara güwänamanyň gowşurylýandygy barada habar bermegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Ulag ulgamynda taslama we önümçilik, wideogözegçilik hem-de töleg ulgamlaryna hyzmat etmek boýunça ýöriteleşen kompaniýanyň alyp barýan işi bilen dabara gatnaşyjylary gysgaça tanyşdyryp, myhman täze awtomobil ýolunyň bu ugurlarda häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyna, munuň, öz gezeginde, hereket howpsuzlygyny we amatlylygyny üpjün edýändigine ünsi çekdi.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmagynda, Gündogar — Günbatar üstaşyr geçelgesiniň giňeldilmeginde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny bellän Serž Aleksis Zaslawoglou ulag-aragatnaşyk pudagynda “altyn halka” öwrüljek awtomobil ýolunyň gurluşygynda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasynyň güwänamalaşdyrmak işleri boýunça ynanylan wekili Ýadigar Gültekin çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimizi halkara ölçeglere doly laýyk gelýän ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň nobatdaky tapgyrynyň açylmagy bilen gutlap, myhman ulag düzüminiň bu desgasynyň Awstriýanyň «VCE Vienna Consulting Engineers ZT GmbH» kompaniýasynyň halkara güwänamalarynyň birbada üçüsine mynasyp bolandygyny aýtdy. Olar «Ýokary tizlikli ýoluň gurluşyk işleriniň Ýewropanyň tehniki tassyklama boýunça gollanmalaryna we standartlaryna laýyk gelýändigi», «Ýokary tizlikli ýoluň hil gözegçiliginiň ISO 9001 standartyna laýyk gelýändigi» hem-de «Ýokary tizlikli ýoluň RAA 2008, RAL 2012 ýol gurluşygynyň usuly gollanma taslamalaryna laýyk gelýändigi» hakynda halkara güwänamalardyr.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ulag diplomatiýasynda ähmiýetli orun eýeläp, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde netijeli çäreleri işjeň durmuşa geçirýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolmak bilen, ýurdumyz sebit we yklym döwletleriniň arasynda ulag-logistik hyzmatlaryň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýär. Munuň şeýledigine uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň taslamasy hem şaýatlyk edýär.

Halkara derejeli bu ýol alty sany hereket zolagyndan ybarat bolup, tehniki taýdan dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýär. Täze awtomobil ýolunyň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatly şertler döredilip, söwda nokatlary, naharhanalar, myhmanhanalar, inženerçilik desgalary bina edildi, döwrebap elektron töleg terminallary, aragatnaşyk ulgamlary, wideogözegçilik enjamlary, tizlik ölçeýjiler oturdyldy.

Awtobanyň gurluşygynda ulanylan ýol belgileridir çyzgylar halkara hem-de Ýewropa ölçeglerine doly laýyk gelýär. Zerur ýerlerde dürli desgalar, köprüler, ýerasty geçelgeler, suw geçirijiler we beýlekiler göz öňünde tutulandyr. Bularyň ählisi Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň hil we tehniki çözgütleriň Ýewropa ölçeglerine laýyk gelýändigini tassyklaýar diýip, Ýadigar Gültekin taryhy waka mynasybetli ähli türkmenistanlylary ýene-de bir gezek gutlady.

Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz mejlisler jaýyndan çykyp, şanly waka mynasybetli, Mary welaýatynyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze ýolagçy awtobuslarynyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Welaýatyň häkimi sowgat berlen täze awtoulaglar üçin hormatly Prezidentimize sebitiň ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli ähli başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär. Şol pursat asmana dürli reňkli howa şarlary uçurylýar.

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň bu bölegini gurmak we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň hususy pudagynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini bellemek gerek.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi alty sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, her hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Munuň özi tehniki görkezijiler babatda dünýäde şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär. Her ugurda hereket zolagyna adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak, suwly ganaw, haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen metal germewler sepleşýär. Täze awtobanyň ýol örtügi birinji derejeli döwrebap serişdelerden — ýokary hilli asfalt-betondan, sintetik örtükden, geogözeneklerden, torlardan we awtomobil ýolunyň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybarat bolup, olar ýol örtüginiň, köp gatly ýer düşeginiň göterijilik ukybyny artdyrmak üçin ulanylýar.

Ýol düzümi iň ýokary ülňüleri hasaba almak arkaly abadanlaşdyryldy. Onuň ugrunda awtoduralgalar, sürüjilerdir ýolagçylar üçin dynç alyş ýerleri, dükanlar, kafeler, ýangyç guýujy beketler we beýleki desgalar guruldy. Awtomobil ýolunyň ugrunda gözegçilik enjamlary bilen üpjün edilen ýol hereketine gözegçiligi amala aşyrýan gullugyň, tehniki we ýol hyzmat gulluklarynyň nokatlary göz öňünde tutulandyr. Ýol hereketi ulag akymy barada ähli maglumatlary toplaýan, ýatda saklaýan, ýol gözegçilik gullugyna geçirýän üznüksiz ýörite wideogözegçilik ulgamy arkaly dolandyrylýar. Bu ýere meteorologiýa bekedinden ýoluň çyglylygy, görnüş aralygy baradaky we beýleki maglumatlar hem iberilýär. Ýokary tizlikli täze awtomobil ýolunyň ugrunda gaýragoýulmasyz jaňlar we “Tiz kömek” merkezi bilen baglanyşdyrýan telefon aragatnaşygynyň ýörite nokatlary oturdylypdyr.

...Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze bölegi açylandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow awtomobilleriň hereketine ak pata berip, ýangyç guýujy bekede tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde işgärleriň netijeli işlemegi üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Hünärmen ýangyç guýujy bekediň ulag serişdelerine hyzmat etmekde örän möhüm ähmiýetli desgadygyny hem-de bu täze awtomobil ýolunyň iň ýokary talaplara laýyklykda enjamlaşdyrylandygyny belledi. Tölegler elektron töleg terminallary arkaly amala aşyrylyp bilner. Beketde ornaşdyrylan enjamlar halkara standartlara laýyk gelýär. Hünärmen döwlet Baştutanymyza döwrebap desgany gurduryp berendigi hem-de bu ýerde işgärleriň netijeli zähmet çekmegine mümkinçilik berýän oňaýly şertleriň üpjün edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ak ýol arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz täze awtomobil ýolunyň ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, halkara ulag giňişligine işjeň goşulyşmagyna, Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini aýtdy.

Ýolugra döwlet Baştutanymyzy dabara gatnaşyjylar mähirli mübäreklediler. Ýokary tizlikli täze awtomobil ýolunyň ugrunda aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Welaýatyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýolagçylara hyzmat etjek düşelgä gelip, bu ýerde milli tagamlaryň we balyk önümleriniň sergisi bilen tanyşdy hem-de aşpezleriň milli tagamlary taýýarlamakda ussatlygyna ýokary baha berdi.

Bu ýerde balyklardan taýýarlanan tagamlaryň dürli görnüşleri görkezildi. Welaýatda bu ugurda iş alyp barýan kärhana öz önümleri bilen tanyşdyrdy. Sergide balyk önümçiligi üçin iýmleriň, ter gök önümleriň, miweleriň, bakja ekinleriniň dürli görnüşlerini synlamak bolýar.

Halkymyz balykdan taýýarlanan tagamlara aýratyn üns berýär. Balyk önümleri saglyk üçin peýdalydyr. Ýurdumyzyň bol suwly kölleri we derýalary, howdanlary, Hazar deňzi balygyň dürli görnüşleriniň gorlaryna baýdyr.

...Aýdym-sazlary, tanslary öz içine alýan folklor çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Ýokary tizlikli täze awtomobil ýolunyň iki tarapynda medeniýet we sungat ussatlary ruhubelent çykyşlary bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri wasp edýärler.

Ýolugra döwlet Baştutanymyz düzümleýin desgalary, häzirki zaman hereket howpsuzlyk we gözegçilik enjamlaryny, awtoulaglara tehniki hyzmat ediş nokatlaryny synlady.

Inženerçilik talaplaryna laýyklykda, çagyl-çäge garyndysy düşelen gatlagyň galyňlygy 60 santimetre, owradylan çagyl-çäge garyndyly soňky iki gatlagyň hersiniň galyňlygy hem 20 santimetre deňdir. Mundan başga-da, ýoluň gurluşygynda galyňlygy 22 santimetr bolan üç gat asfalt düşemek işleri ýerine ýetirildi. Ýoluň gurluşygynda dürli köprüleri, ýerasty we ýerüsti geçelgeleri gurmak boýunça işler doly amala aşyryldy. Halkara talaplary hasaba almak bilen, täze awtomobil ýolunyň ugrunda 69 sany desga, şol sanda suw geçirijiler, haýwanlary geçirmek we oba hojalyk tehnikalary üçin ötükler, inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlary guruldy.

Döwlet Baştutanymyz dürli ýük we ýeňil, şol sanda Mary welaýatynyň ýaşaýjylaryna sowgat berlen awtoulaglaryň täze ýol boýunça hereketini synlady.

Bu ýerden baýramçylyk ruhunda bezelen gelnalyjy kerweni hem geçdi. Munuň özi ýaş çatynjalaryň bagt toýunyň we halkara ähmiýetli ýoluň açylyş dabarasynyň sazlaşygyny alamatlandyrdy. Häzirki döwürde halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşap, öz zähmetiniň hözirini görýär hem-de şanly wakalary dabaraly ýagdaýda belleýär. Açylyş dabarasynyň özboluşly däp-dessurlar bilen utgaşandygyny bellemek gerek. Bu bolsa oňa aýratyn öwüşgin çaýyp, halkymyzyň täze taryhy döwürde aýratyn many-mazmuna eýe bolýan baý medeni mirasyna, gadymdan gelýän däplerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Şöhratly geçmişimiziň ýadygärlikleri bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar bolmak bilen, halkymyzyň taryhy we medeni tejribesini, türkmen döwletliliginiň şanly senelerini şöhlelendirip, ata-babalarymyzyň dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşandygyna şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ugrunda gurnalan, baý milli däp-dessurlarymyzy açyp görkezýän türkmen obasyny synlaýar. Hatara düzülen ak öýleriň ýanynda gazanlar atarylyp, olarda milli tagamlar taýýarlanylýar. Halk äheňleriniň bu görnüşler bilen utgaşmagy dabara özboluşly öwüşgin berdi. El işine ussat gelin-gyzlarymyz toý lybaslaryny, tahýalary taýýarlap, ýüpek halylary dokaýarlar, täze keçäniň güllerini taýýarlaýarlar. Ýaşajyk zehinler bolsa alaja örmek bilen meşgullanýarlar. Bularyň ählisi aýdym-sazlaryň owazy, şatlykly gülki sesleri bilen utgaşýar. Bu işlere gümra gyzlar halk we toý aýdymlaryny, läleleri ýerine ýetirýärler.

Uzak bolmadyk ýerde kerwen hatary görünýär. Munuň özi dabara gatnaşyjylara Beýik Ýüpek ýoly döwrüne gaýybana syýahat etmäge, onuň taryhy barada maglumat almaga mümkinçilik berýär.

Täze awtomobil ýolunyň ugrunda gadymy Gündogar bazarynyň görnüşi hem emele getirilipdir. Bu ýerde halk senetçiliginiň dürli görnüşleri, ussat senetçileriň el işleri görkezilýär. Olaryň ýanynda milli äheňde bezelen halylar, şaý-sepler hem orun alypdyr. Halk aýdymlaryny ýerine ýetirýän bagşylaryň töweregini şadyýan märeke gurşap aldy. Bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen miweler, bakja önümleri halkymyzyň bolelin durmuşynyň özboluşly beýany boldy.

Gelin toýunyň dabarasy bolsa baýramçylyga aýratyn bezeg berdi. Halkymyzda toý dabarasy hemme wagtda-da milli dessurlar bilen utgaşdyrylypdyr. Deprekçi, tüýdükçi, gopuzçy we beýleki halk saz gurallaryny çalýan sazandalaryň owazy tansçylaryň hereketi bilen sazlaşýar.

Döwlet Baştutanymyz ýaş suratkeşleriň dürli öwüşginli eserlerini, konsert meýdançalarynda sahnalaşdyrylan çykyşlary synlady.

Çagalar aşyk, tanap çekmek, aýterek-günterek ýaly milli oýunlary uly gyzyklanma bilen oýnaýarlar.

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mirasymyz we däp-dessurlarymyz möhüm ähmiýete eýedir. Halkymyzyň köpasyrlyk ýörelgeleri döwrüň ruhuna laýyklykda baýlaşdyrylyp, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerinde öz beýanyny tapýar. Watanymyzyň, halkymyzyň abadançylygyny we rowaçlygyny, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuwlaýan alkyşlar ýaňlanýar.

Halkara we döwlet ähmiýetli ýollaryň gurluşygy bilen birlikde, welaýatara, etrabara derejedäki ýollaryň gurluşygynda hem giň möçberli işler yzygiderli alnyp barylýar. Çünki ýurdumyzyň senagatynyň, oba hojalygynyň okgunly ösüşi netijeli ulag düzümi bilen hem berkidilmelidir we goldanylmalydyr. Mundan başga-da, ýollaryň giň gerimde gurulmagy ähli sebitlerde täze iş orunlarynyň müňlerçesini döretmäge, welaýatlaryň arasyndaky aragatnaşygy ýygjamlaşdyrmaga, Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlaryň awtoulag serişdeleriniň üstaşyr geçýän hereketini artdyrmaga, ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Ýewraziýa yklymynda möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistany iri halkara üstaşyr geçiriji döwlete öwürmek babatda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. ХХI asyryň Beýik Ýüpek ýoluny döretmek ugrunda yhlas edip gurulýan täze ýollar halklary abadan durmuşa alyp barýar. Olar durnukly ösüşe, özara bähbitli hyzmatdaşlyga, ýakyn goňşularymyz, dünýäniň alysdaky halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem ýardam edýär.

Hemme ýerde hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatyny, türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly işlerini wasp edýän joşgunly aýdymlar ýaňlanýar.

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara we myhmanlara berk jan saglyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Mary şäheriniň Halkara howa menzilinden paýtagtymyza ugrady.

18.04.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(2024-nji ýylyň 17-nji apreli)

Hormatly adamlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Şu gün biz Garaşsyz Watanymyzyň durmuşynda nobatdaky möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşýarys.

Şeýle hem şu gün Mary welaýatynyň Mary şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, 2 gatly 59 sany ýaşaýyş jaýyndan ybarat toplum dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler. Welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýy hem sowgat hökmünde gowşurylar.

Hormatly adamlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Men siziň ähliňizi bu şatlykly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Hormatly adamlar!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz Watanymyzda taryhy özgertmeler giňden rowaçlanýar. Şu gün ýurdumyzyň ýolgurluşyk pudagynyň şöhratly taryhynyň sahypalaryna ýatdan çykmajak wakalaryň biri hökmünde ýazylar.

Hormatly adamlar!

Bilşiňiz ýaly, 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Bu gün bolsa awtobanyň ikinji tapgyrynyň, ýagny Tejen — Mary böleginiň gurluşygy doly tamamlanyp, ulanmaga berilýär. Täze ýoluň ugrunda ençeme döwrebap desgalar bina edildi. Ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli amatly şertler döredildi. Bu iri taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ata-babalarymyzyň ýol, köpri gurmak ýaly sogap işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär.

Hormatly adamlar!

Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ýurdumyzyň döwrebap ulag geçelgelerini birleşdirmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmakda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ähmiýeti hem örän uludyr. Umumy uzynlygy 600 kilometre deň bolan bu awtomobil ýolunyň gurulmagy gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan döwrebap görnüşde dikeldilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäginden geçip, paýtagtymyz Aşgabady Lebap welaýaty bilen birleşdirjek Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly uzak aralygy gysga wagtda geçmäge mümkinçilik berer. Ýolagçylaryň we ýükleriň bökdençsiz gatnawyny üpjün eder. Ýoluň gurluşygynyň doly tamamlanmagy Türkmenistanyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga şert döreder. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň döwrebap kämilleşdirilmegi milli ykdysadyýetimiziň ösmegine uly itergi berer.

Hormatly adamlar!

Türkmenistan döwletimiziň dünýä yklymlarynyň çatrygynda örän amatly ýerde ýerleşmegi halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmäge, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň dünýäniň ulag ulgamyna goşulyşmagyna, hyzmatdaş ýurtlar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmäge mümkinçilik berýär. Biz geljekde-de Diýarymyzda awtomobil ýollarynyň gurulmagy, döwrebaplaşdyrylmagy, halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi boýunça netijeli işleri dowam etdireris.

Hormatly adamlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýäris. Saglygy goraýyş ulgamyna döwrüň iň kämil lukmançylyk enjamlaryny hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrýarys. Şu gün Mary şäherinde açylyp ulanmaga berilýän Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi hem bu ugurda amala aşyrýan işlerimiziň aýdyň beýanydyr. Bu döwrebap saglygy goraýyş merkezinde enäniň we çaganyň saglygyny berkitmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Ilatyň saglygyny goramakda esasy merkezleriň birine öwrüljek döwrebap merkez uzak ýyllaryň dowamynda halkymyza hyzmat eder.

Hormatly adamlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Biz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada hem yzygiderli alada edýäris. Ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurup, ulanmaga berýäris. Mary welaýatynyň Mary şäherinde bina edilen 2 gatly 59 sany ýaşaýyş jaýynda ýaşamak üçin ähli zerur şertler döredilen. Biz raýatlarymyzyň durmuş şertlerini, ýaşaýyş jaý bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak ugrunda alyp barýan işlerimizi geljekde hem dowam etdireris.

Hormatly adamlar!
Hormatly dabara gatnaşyjylar!

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň, Mary şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi, şeýle hem Mary welaýatynyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň sowgat hökmünde gowşurylmagy bilen Siziň ähliňizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

18.04.2024
Täze ulgamyň amatlyklary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň ýoly bilen ösüş-özgerişleriň täze belentliklerine çykmagyna giň ýol açyldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmekde, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy derejelere ýetmekde wajyp wezipeleri öňde goýýar. Ýurdumyzda elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar. Bu wezipe innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti kemala getirmekden ybaratdyr. Hut şu maksat bilen Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi.

Sanly ykdysadyýet diýmek, munuň özi — elektron enjamlarynyň kömegi bilen önümçilik, söwda, alyş-çalyş, sarp etmek, paýlamak boýunça dürli görnüşli çylşyrymly işleri örän gysga wagtda amala aşyrmak diýmekdir. Şol bir wagtda ol şol “akylly” enjamlaryň satyn alynmagynam öz içine alýar. Ýokarda ýatlanymyzy başgaça aýtsak, sanly ykdysadyýet — munuň özi elektron hasaplaşyk, internet-söwda hem-de göni ýaýlym hyzmatlaryny bermekligi öz içine alýan sanly kompýuter tehnologiýalary bilen bagly hereketleriň ulgamydyr.

Öňdebaryjy ulgamyň maliýe we bank edaralarynyň işini kämilleşdirmekdäki ähmiýeti örän uludyr. Bu edaralaryň işiniň sanlylaşdyrylmagy dürli amallary ýerine ýetirmekde wagtyň tygşytlanmagyna, müşderilere edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini artdyryp, hilini ýokarlandyrmaga täze mümkinçilikleri açýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ykdysadyýetimizi we dürli ulgamlary sanlylaşdyrmakda netijeli işleriň bady artýar.

Arslan ÇARYÝEW.

Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB-nyň “Pendi” şahamçasynyň sanly bank tehnologiýasy we awtomatizasiýa bölüminiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

18.04.2024
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty pugtalanýar

Ata Watanymyz Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde durnukly ösüş ýoluna düşdi. Bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda ähli pudaklar bilen birlikde ýurdumyzyň senagat ulgamynda hem maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şeýle netijeli işleriň alnyp barylmagy söwda toplumynyň ähli ugurlaryny kämilleşdirýär. Hereket edýän ulgamlaryň çäginde döwrebap tehniki serişdeleriň ornaşdyrylmagy önümleriň hil taýdan kämilleşmegine giň ýol açýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň içeri we daşary ykdysady syýasatynda esasy orunlaryň birini eýeleýän söwda toplumy halk hojalygynyň çalt depginde ösýän ugruna öwrüldi. Bu ulgamda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmeginiň düýp maksady, milli ykdysadyýetimiziň ösüşini hil taýdan täze derejelere çykarmakdan, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakdan ybarat bolup durýar. Söwda we hyzmatlar ulgamynyň ýokary derejelere çykarylmagy milli özgertmelerimiziň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň beýany bolup durýar. Şeýle-de ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylýandygyny, bu toplumyň ösüşi esasynda, milli önüm öndürijilerimiziň eksport mümkinçilikleriniň giň gerime eýe bolýandygyny hem bellemek gerek.

Eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolan dokma pudagynda-da öndürilýän harytlaryň hili hem barha ýokarlanýar. Bu ugurda döwrebap tehnologiýaly önümçilik düzümleriniň döredilmegi bäsleşige ukyply dürli görnüşli dokma önümleriniň öndürilmegine uly itergi berýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýa ýoly bilen ösmegine dokma toplumlary, esasan, pagta süýüminden ýüplükleri taýýarlaýan, dürli görnüşdäki matalary dokaýan, tikinçilik önümlerini öndürýän kärhanalar öz goşantlaryny goşýarlar. Dokma toplumynyň önümçilik kuwwatlygynyň ýokarlandyrylmagy, milli haryt nyşanly önümleriň artdyrylmagy we hil taýdan ýokarlandyrylmagy, şeýle hem olaryň görnüşlerini giňeltmek, ekologiýa taýdan arassa, bäsleşige ukyply önümlerimiziň diňe bir içerki bazarlarda däl, hatda, daşary ýurt bazarlarynda hem eýeleýän ornuny giňeldýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzda «Gala», «Ýeňiş», «Goza», «Wada», «Nusaý», «Bedew», «Bürgüt», «Akpamyk», «Merw», «Jeýtun», «Mäne» ýaly haryt nyşanly dokma önümleri öndürilýär we olar ildeşlerimiz we daşary ýurtly sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän harytlaryň hatarynda durýar.

Milli mirasymyz bolan türkmen haly sungaty häzirki wagtda uly üstünliklere beslenýär. Türkmen halylary deňi-taýy bolmadyk gözelligi we ýokary hilliligi bilen Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýedir. Bu ulgamda «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan haly önümlerini öndürmekde, şeýle-de haly dokamagyň usullaryny, gadymdan gelýän haly nusgalaryny we irki haly önümlerini gaýtadan dikeltmek üçin oňyn işler durmuşa geçirilýär. Bu birleşigiň çeper halyçylyk kärhanalarynda öndürilýän dürli şekilli halylar hem-de sowgatlyk önümler bilen birlikde, türkmen halylarynyň nusgawy görnüşleri hem öndürilýär. Bularyň ählisi içerki we daşarky bazarlarda bildirilýän talaplary üstünlikli kanagatlandyrýar. Munuň netijesinde, türkmen halkynyň çeperçilik medeniýetiniň gymmatly mirasy bolan halylarymyzyň dünýä meşhurlygy has-da belende göterilýär.

Täze taryhy döwürde döwletimiziň daşary ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrylýar, şeýle hem söwda ulgamynyň kuwwatlygyny berkitmek, daşary ýurt işewürleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklamak, esasan, maýa goýumlary çekmek üçin anyk işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde ykdysady özgertmeleriň netijesinde, birnäçe oňyn işleriň durmuşa geçirilmeginde hususy ulgama möhüm orun degişlidir. Bu ulgam ýokary hilli harytlary, hyzmatlary hödürlemek bilen, azyk, gurluşyk serişdeleriniň önümleriniň we beýlekileriň önümçilik ulgamlaryna maýa goýumlary gönükdirýär. Şol esasda, söwda ulgamyny durnukly ösüş ýoly bilen ösdürmekde telekeçilik ulgamyna, hususan-da, isleg bildirilýän daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan, eksporta niýetlenen önümleriň öndürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda döredilýän giň mümkinçilikleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň söwda ulgamynda maksatnamalaýyn işler tapgyrlaýyn durmuşa geçirilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

«Esger».

17.04.2024
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, parahatçylyk döredijilikli syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän, sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde möhüm orny eýeleýän Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady. Şunda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Mihal Mlynary mähirli mübärekläp, onuň Aşgabada saparynyň Türkmenistan bilen UN-Habitat-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Çarçuwaly maksatnamanyň” çäklerindäki däp bolan hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýedir. Ol bilelikde işlemek üçin esas goýujy resminama bolup durýar.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň we UN-Habitat-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmalar boldy. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda milli ösüşi ilerletmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça amala aşyrylan çäreler hyzmatdaşlygyň aýdyň netijesidir. Şeýle hem 2020-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanynda Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň, şol bir wagtda ýurdumyzyň BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň hemişelik wekiliniň bellenilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädim bolandygy nygtaldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 2023-nji ýylda UN-Habitat-nyň Durnukly şäherleşme boýunça dostlar toparyna we Şäherleri ösdürmek boýunça täze maksatnamasyna goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda UN-Habitat-nyň wekilhanasyny açmak meselesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň häzirki wagtda dowam edýän 78-nji sessiýasynda ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu ugurdaky ilkinji ädim hökmünde hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek, netijede, taslamalaýyn resminamany işläp düzmek üçin BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň hünärmenlerinden ybarat bolan toparyň Türkmenistana saparyny guramagy teklip etdi. Bu resminama özara gatnaşyklaryň hukuk binýady bolup hyzmat eder.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda inklýuziw durmuş hyzmatlarynyň ulgamyny hem-de ilatyň goraglylygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy yzygiderli alnyp barylýar. Täze obalar, şäherçeler, şäherler, döwrebap ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş we lukmançylyk merkezleri, mekdepler, çagalar baglary gurlup ulanmaga berilýär.

Diýarymyzyň gözel künjekleriniň birinde öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa we “ýaşyl” tehnologiýalar bilen üpjün edilen Arkadag şäheri guruldy. Täze şäheriň açylyş dabarasynda Arkadag şäheri BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň “Inklýuziw, howpsuz, durnukly we “akylly” sebitler hem-de jemagatlar ýörelgelerini durmuşa geçirmekdäki tagallalary üçin” atly güwänamasyna mynasyp boldy. Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şähergurluşyk ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan işlere ýokary baha berlendigi üçin bu düzüme minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy bilen mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtap, birnäçe teklipleri, şol sanda şähergurluşyk ulgamynda kanun çykaryjylyk babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek, döwrebap hukuk usulyýetlerini we mehanizmlerini öwrenmek baradaky teklipleri beýan etdi. Munuň özi şäherleriň durnukly ösmegine ýardam eder. Şeýle-de ýokary tehnologiýaly, ekologik taýdan arassa, tebigy betbagtçylyklara durnukly, durmuş taýdan amatly şäherleri ösdürmek boýunça ählumumy maksatnamalary, strategiýalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmek, şäher infrastrukturasyny gurmakda we dolandyrmakda döwlet hem-de hususy pudagyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak teklip edilýär. Öz tarapyndan Türkmenistan UN-Habitat-nyň şu meseleler boýunça tekliplerine seretmäge taýýardyr.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynar birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistan bilen UN-Habitat-nyň arasyndaky ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

17.04.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylyp ulanmaga berlen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda Watanymyzyň tugrasynda orun alan ahalteke bedewiniň şöhratyny dünýä ýaýmak, paýhasly pederlerimiziň döreden milli atşynaslyk ýörelgelerini mynasyp derejede ösdürmek boýunça işlere uly ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygynyň halkymyzyň buýsanjyna öwrülendigini we bedewiň şanyna guralýan dabaralaryň guramaçylyk derejesine aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Gahryman Arkadagymyz aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz täze şäheriň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň we bu ugur boýunça taýýarlanylýan taslamalaryň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigini belläp, gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, desgalaryň bellenilen möhletlerde gurlup ulanmaga berilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde ýaýbaňlandyryljak baýramçylyk dabaralarynyň guramaçylyk derejesine jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidir.

Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew şäheriň çäklerinde arassaçylygy we abadançylygy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherindäki işleriň we bu ýerde amatly ekologik ýagdaýy saklamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belledi we öňde boljak baýramçylyk çäreleriniň şatlykly wakalara, ýatda galyjy pursatlara beslenmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini aýdyp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hem-de onuň çäklerindäki ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň geçiriljek ýerine geldi. Bu ýerde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew akademiýada alnyp barylýan işler, talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini tejribede berkitmekleri ugrunda döredilen şertler we ýaşlaryň atçylyk ulgamyna degişli milli ýörelgeleri özleşdirişleri barada hasabat berdi. Şeýle hem rektor hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçen ýyl açylyp ulanmaga berlen Halkara atçylyk akademiýasynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ilkinji gezek geçirilmeginiň özleri üçin uly mertebedigini nygtady we munuň üçin hormatly Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralarda halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan asylly däpleriniň, milli atşynaslyk ýörelgeleriniň häzirki döwürde dowamata beslenýändigi öz beýanyny tapmalydyr.

Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow assosiasiýanyň düzümlerinde alnyp barylýan işler we Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän giň möçberli taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem ol şu ýyl ahalteke bedewleriniň köp sanly taýlarynyň doglandygyny, şeýlelik bilen, olaryň baş sanynyň has-da artandygyny uly buýsanç bilen habar berdi.

Gahryman Arkadagymyz täze doglan taýy synlap, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän ýylda Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýändigini nazara alyp, täze doglan taýa Şahyr diýip at goýdy we taýçanagyň boýnuna alaja dakdy. Şeýle hem Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taýçanagyň adyna eýe bolmagyny, gadamynyň batly bolmagyny arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde ajaýyp taýçanagyň dünýä inmeginiň, onuň eýýäm kellesini dik tutup bilmeginiň we reňk taýdan gözellige gelmeginiň buýsançly ýagdaýdygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri “At — myrat” diýlişi ýaly, häzirki döwürde pederlerimizden miras galan seýisçilik sungatynyň döwrebap derejede ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi we atşynaslara yhlasly zähmet çekýändikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Arkadagymyzyň çözgüdini makullap, täze doglan taýyň şöhratly, baýrakly bolmagyny arzuw etdiler we ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň belende galmagy ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdiler.

Milli Liderimiz “Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy” diýen nakyly döreden pederlerimiziň ganatly bedewlere bolan gatnaşygyny kämillik derejesine ýetirendiklerini belläp, bu ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilmelidigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz akademiýanyň mugallymlarynyň talyplar bilen geçirýän okuw işleriniň döwrebap ýagdaýda ýola goýulmalydygyny, şunda mugallymlaryň hünär taýdan kämilligi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şeýle-de akademiýanyň professor-mugallymlarynyň milli atşynaslyk däplerini ylmy taýdan öwrenmekleri we ösdürmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilmelidir.

Akademiýanyň talyplary okuwdan boş wagtlaryny bedewleriň arasynda geçirmelidirler, olaryň milli atşynaslyk däplerini çuňňur özleşdirmekleri, häzirki zamanyň tejribesini utgaşykly alyp barmaklary ugrunda zerur tagallalar edilmelidir diýip, Milli Liderimiz nygtady we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Akademiýanyň rektory gymmatly maslahatlarydyr goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza ähli mugallymlaryň we talyplaryň adyndan hoşallyk bildirdi hem-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň dünýä atlarynyň arasynda iň owadanlarynyň we çeýeleriniň biri hökmünde ykrar edilen, arassa ganlylygy bilen meşhur bolan milli gymmatlyga — ahalteke bedewlerine buýsanýandygyny belläp, behişdi bedewleriň şanyna guralýan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Aýratyn-da, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň täze belentliklere göterilendigi nazara alnanda, bu ugurdan bilim alýan ýaşlaryň ahalteke bedewleriniň taryhyny, olaryň häzirki döwürdäki ýagdaýyny we milli atşynaslygyň ösüşiniň geljekki ugurlaryny içgin özleşdirmekleri babatda zerur tagallalar edilmelidir diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Şol bir wagtyň özünde ahalteke bedewleriniň kuwwatyny, ýyndamlygyny, çydamlylygyny görkezýän at çapyşyklary barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz asyrlaryň dowamynda türkmen toý-baýramlarynyň bezegine öwrülen at çapyşyklarynyň häzirki zaman usullarynyň we dünýä tejribesiniň netijeli özleşdirilmeginiň ähmiýetlidigini belledi.

Şol pursatda täze doglan we hormatly Arkadagymyzyň Şahyr diýip at beren hem-de boýnuna alaja dakylan taýçanak bökjekläp, dürli oýunlar edýär. Bu görnüşler ynsan gylykly taýçanagyň türkmen döwletinde bedewleriň hormatyna guralýan dabaralara buýsanýandygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Munuň özi taýyň özleri hakda edilýän alada düşünip, oňa şadyýan oýunlarynyň üsti bilen bildirýän özboluşly hoşallygydyr.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bedew seýislemegiň asylly ýörelgeleri nesilden-nesle geçip, häzirki döwre ýetirilipdir. Munuň özi ussat seýisleriň gözelligiň, kämilligiň hakyky nusgasyny döredip bilendikleriniň aýdyň güwäsidir. Häzirki döwürde behişdi bedewleriň özboluşly beden gurluşyny saklamak, arassa ganly atlaryň baş sanyny artdyrmak işleri döwrebap derejede dowam edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bedew bilen ynsan gatnaşygy barada aýdyp, atyň üýtgeşik gudratynyň bardygyny, onuň ynsan saglygyna ýaramly täsir edýändigini belledi. Çünki bedew, onuň beden gurluşy adamyň ruhuny belende göterýär. Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň kemala getiren behişdi bedewleriniň döwrebap derejede saklanmagy, olaryň ösdürilmegi, milli atşynaslaryň täze, has kämil nesliniň kemala gelmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň häkimine Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň ýaşaýyş jaý bilen üpjünçilik meselelerini öwrenmegi we bu babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Gahryman Arkadagymyz hemmelere alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

(TDH)

17.04.2024
Kämil kanunlar — ösüşlere binýat

Türkmenistanyň kanunçylyk binýadyny halkara kadalara laýyk getirmek we ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysady kuwwatyny kämil kanun esasynda berkitmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Milli kanunçylygy kämilleşdirmekde geçen ýyllaryň içinde uly işler durmuşa geçirildi. Üstümizdäki ýylyň geçen üç aýynda-da bu babatda Kanunlaryň ençemesi kabul edildi.

Döwleti ösdürmegiň, raýat jemgyýetini gurmagyň häzirki zaman maksady — adamyň mynasyp durmuşynydyr erkin ösüşini kemala getirýän maddy, durmuş we ruhy şertleriň döredilmegini üpjün etmekden ybarat. Bu ýagdaý Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe olaryň özara baglanyşygynyň esasyny kesgitleýär.

Garaşsyz Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna geçmegiň türkmen nusgasy özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanyp, ol kanunyň hökmürowanlygyndan, adalatlylykdan we jemgyýetimiziň islegdir talaplaryndan gözbaş alýar. Bazar gatnaşyklary eýeçiligiň köp dürli görnüşini ykrar edýär. Bu ýagdaýda ösüşiňdir hiliň hatyrasyna bäsdeşligi döretmek we ösdürmek üçin hususy hem-de döwlet kärhanalarynyň deň şertlerde hojalygy alyp barmaklary möhüm şert bolup durýar.

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn häsiýetli özgertmeler hukuk ulgamyny-da gurşap alýar. Milli ykdysadyýetiň binýadynda kämil kanunçylyk ulgamynyň bolmagy onuň netijeli ösüşiniň möhüm şertleriniň biridir. Ykdysady gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk esaslaryny gurşap alýan kanunçylyk namalary yzygiderli esasda döwrüň talabyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda özgerdilýär. Döwlet Baştutanymyz bu gün hereket edýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle-de ýurdumyzyň ýokary depginlerde ösdürilmegine ýardam berjek kanunlary kabul etmek boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtaýar. Bu ugurda amala aşyrylýan işler raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillikleriniň güýçlendirilmegine, döwletiň, jemgyýetiň we raýatyň bähbitleriniň deňagramlylygynyň has oňyn bolmagyna ýardam edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, şu ýylyň 30-njy martynda «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda», «Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Diýarymyzda şunuň ýaly uly maksatlara gönükdirilen işleriň amal edilmegi hormatly Prezidentimiziň bu ulgamlara aýratyn ähmiýet berýändiginiň, onuň kanunçylyk binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň mynasyp subutnamasydyr.

Ýazmuhammet DÖWLETOW,

Bäherden etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.

17.04.2024
Demir ýol ulaglary boýunça forum: köpugurly mümkinçilikler öwrenilýär

Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi işçi toparyň maslahatlarynyň geçirilmegi bilen dowam etdi. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Ýörite taýýarlanan medeni maksatnama laýyklykda, çärä gatnaşyjylar üçin dürli gezelençler hem guraldy.

Işçi toparyň maslahatlarynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar DHÝG-niň ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak, infrastruktura we demir ýoluň hereket düzümi boýunça toparlarynyň, maliýe we hasaplaşyk, kodlaşdyrmak we informatika baradaky hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini, guramanyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen birlikde, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýyklygy, demir ýol we beýleki edaralaryň işgärlerini hünär taýdan taýýarlamak, okatmak, demir ýollary ulanmak arkaly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi, sebitde ýük daşamalary artdyrmak boýunça pikir alyşmalar boldy. Gün tertibinde kesgitlenen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleri boýunça ýük daşamalary artdyrmaga, ýükleriň görnüşlerini giňeltmäge ýardam eder. Çykyş edenler sebitde üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmakda Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigini bellemek bilen, ulag düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek, netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak arkaly ägirt uly mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdiler.

Nobatdaky maslahat ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin hem amatly meýdança öwrüldi. Hususan-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň komitetiniň başlygy M.Antonowiç bilen geçiren duşuşygynda myhman öz ýolbaşçylyk edýän guramasynyň esasy iş ugurlary barada aýdyp, onuň işiniň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda halkara demir ýol we utgaşykly daşamalary ösdürmekden hem-de kämilleşdirmekden ybaratdygyny nygtady. Şol wezipeleri ýerine ýetirmek DHÝG-niň Ulag syýasaty we ösüş strategiýasy; Ulag hukugy; Ýük daşamalar; Ýolagçy gatnatmalary; Infrastruktura we hereket ediş düzümi ýaly bäş sany komitetiniň alyp barýan işleri arkaly amala aşyrylýar. Duşuşykda Türkmenistanyň Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzalygyna kabul edilmegine şu ýyl 30 ýyl dolandygyna üns çekilip, geçen döwürde ýurdumyzyň özüni jogapkärli, ygtybarly, ykdysady taýdan durnukly we halkara ähmiýetli täze başlangyçlary öňe sürüp, şol başlangyçlary üstünlikli amala aşyrmaga ukyply hyzmatdaş hökmünde tanadandygy aýratyn bellenildi.

Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRAСECA) hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary A.Asawbaýew bilen bolan duşuşykda hyzmatdaşlygyň çäklerinde multimodal üstaşyr geçelgeleri kämilleşdirmek üçin köp maksatlary özünde jemleýän sanly çözgütleri ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegiň Türkmenistanda ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygy, ýurdumyzyň TRAСECA-nyň Aziýa — Ýewropa, Ýewropa — Ýakyn Gündogar ugry boýunça üstaşyr ulag geçelgeleriniň, hususan-da, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe, Hazar deňzi — Gara deňiz ulag geçelgeleriniň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen degişli resminamalaryny bilelikde durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Şeýle hem “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy A.Atamyradow Estoniýa Respublikasynyň Demir ýollary edarasynyň geňeşiniň başlygy K.Zimmerman bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň çäklerinde we ikitaraplaýyn görnüşde hyzmatdaşlyk etmegiň häzirki ýagdaýyna baha berlip, ony ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine garaldy.

Foruma gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar üçin Arkadag şäheri bilen tanyşlyk gezelenjiniň guralmagy has-da täsirli boldy. Şäher bilen tanşan myhmanlar adamlaryň ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, dynç almagy üçin has oňaýly şertleriň döredilmeginiň bu ýerde kemala gelýän şäher gurşawynyň tapawutly aýratynlygydygyna göz ýetirdiler.

Myhmanlar Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hem bolup, biri-birinden owadan, syratly türkmen ahalteke bedewlerini synladylar. Mejlise gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen hytaýly myhmanlar bolsa Türkmenistanyň halkara derejeli ulag düzümine degişli käbir desgalaryna baryp gördüler. Hytaý Halk Respublikasynyň Demir ýollary korporasiýasynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky toparyň agzalary üçin ilki «Sarahs» demir ýol menzili bilen tanyşlyk guraldy. Mälim bolşy ýaly, bu demir ýol menzili pudakda Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan ilkinji desgalaryň biridir. Soňra hytaýly myhmanlar Balkan welaýatyna ugradylar. Bu ýerde olar üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen tanyşlyk gezelenji guraldy. Ýeri gelende bellesek, portuň mümkinçilikleri örän uludyr. Bu ýerde halkara ölçegleriň talaplaryna laýyklykda guralan işler hyzmatdaşlar bilen meýilleşdirilen degişli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirip, gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda alyp barmaga mümkinçilik berýär.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işini dowam edýär.

17.04.2024
Ulag ulgamy — milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlary uly ösüşlere eýe bolýar. Munuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň täze taryhyny emele getirip, onuň kämil nusgada dikeldilmegini üpjün etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Ulag-aragatnaşyk ulgamynda bar bolan giň mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak we olary täze ykdysady derejä ýetirmek arkaly iňňän ýokary netijeleri gazanyp, bu ugurda işjeň hereket edýändigimiz hem bellenilmeli ýagdaýdyr» diýip belleýär. Munuň özi ýurdumyzda köpugurly ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmeginiň, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi maksadalaýyk ösdürmäge hem-de ahyrky netijede halkymyzyň bagtyýar durmuşyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendiginiň subutnamasydyr.

Milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, diwersifikasiýa etmek we innowasiýa ösüş ýoluna geçmek çözgüdi uzak möhletleýin ykdysadyýetiň durnukly ösüşine baglydyr. Ulag we logistika ulgamynyň innowasiýa ösüşini dolandyrmagyň esaslaryny öwrenmek ýurdumyzyň ulag we logistika ulgamynyň ähli derwaýys meselelerini göz öňünde tutup, döredilmeli dolandyryş mehanizminiň kämilleşdirmelidigi barada netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Ulag we logistika ulgamynyň innowasion ösüşini dolandyrmakda onuň aýratynlyklary, mümkinçilikleri möhüm bolup durýar. Bu ulgamy ösdürmekde dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, bu ugra hususy pudagyň işjeň gatnaşmagy we gyzyklanmagy zerurdyr.

Ýurdumyzda ulag toplumynyň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Ulag-logistika ulgamy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň üçin bu ugurda ösen we täsirli ulag ulgamyny döretmek, hyzmatlaryň hilini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmak, içerki we daşarky bazarlarda onuň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak we üstaşyr mümkinçilikleri giňeltmek esasy wezipelerdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işlerini häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam edýändigi netijesinde geçen sanlyja ýyllarda hemişelik Bitarap Türkmenistan Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmek bilen, sebitiň örän möhüm ulag geçirijisine, iri halkara logistika merkezine öwrüldi. Munuň üçin döwrüň ýokary talabyna laýyk gelýän ulag düzümi kemala getirildi, täze awtomobil ýollary çekilýär, transmilli demir ýollary, howa menzilleri gurulýar, gojaman Hazaryň ekologiýa taýdan arassa türkmen kenarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty kemala geldi. Häzirki zaman deňiz we howa gämileri satyn alynýar, demir ýol we awtomobil köprüleri bina edilýär, olar diňe bir ýurdumyzyň sebitlerini däl-de, alys we goňşy döwletleri deňhukukly, köpugurly hyzmatdaşlyga çagyrýar. Şunda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ösdürilmeginde raýat awiasiýasyna möhüm orun degişli bolup, täze uçarlar satyn alynýar, ýokary hünärli uçarmanlar we tehniki işgärler taýýarlanylýar. Aşgabat, Daşoguz, Türkmenbaşy, Türkmenabat, Mary we Kerki şäherlerinde häzirki zaman Halkara howa menzilleri ýolagçylara döwrebap hyzmat edýär.

Awtomobil ýollar düzümini ösdürmek barada aýdylanda, geçirilýän toplumlaýyn işleriň çäklerinde inžener-kommunikasiýa ulgamlaryny doly çalyşmak bilen hereket howpsuzlygynyň täze ulgamlary ornaşdyrylýar. Bu ulgamda Türkmenistanyň innowasion tehnologiýalardan we dünýäniň öňdebaryjy tejribesinden ugur alýandygyny bellemelidiris. Iň döwrebap ýollar ulanmaga berilýär, şeýle hem ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň ähmiýeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 203 kilometrlik Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat – Tejen bölegini dabaraly ýagdaýda ulanylyşa girizmek arkaly Türkmenistan iri göwrümli ulag-aragatnaşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginde hem-de ösdürilmeginde ygtybarly hyzmatdaş bolup çykyş edýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Türkmenistanyň halkara we ykdysady hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirmek biziň gatnaşyklarymyzyň giň geografiýasyna we düzümleýin diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, dünýä ösüşiniň esasy ugurlaryna işjeň goşulyşmagyna esaslanýar. Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri bilen ikitaraplaýyn deňhukukly hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini işjeň ösdürýär. Awtoulag, demir ýol we deňiz gatnawlaryny işjeňleşdirmek bilen, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär.

Ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçirilmegi ulaglaryň ähmiýetini has-da güýçlendirdi.

Ýurtlaryň, sebitleriň, welaýatlaryň, etraplaryň arasyndaky gatnaşyklar bazar ykdysadyýetiniň esasyny emele getirýär. Şol sebäpli ýurtlaryň arasynda ulag ýollaryny peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlyk alnyp barylýar we şu esasda hemmetaraplaýyn gatnaşyklar amala aşyrylýar. Bu gatnaşyklary we döwletimiziň öz içindäki dolanyşygy alyp barmakda, önümçiligi rejeli ýerleşdirmekde ulag serişdeleriniň ähmiýeti uludyr. Ulag — bu ykdysady sebitleriň toplumlaýyn ösdürilmeginde, öndüriji güýçleri çäk boýunça mümkingadar endigan ýerleşdirmekde, önümçilik pudaklarynyň, kärhanalaryň arasynda ykdysady-tehnologik aragatnaşygy amala aşyrmakda taýsyz serişdedir. Dünýä ýüzünde häzirki döwürde ulag ýollarynyň köpugurlylygy, hili we tizligi esasy görkezijileriň biri bolmak bilen, halkara ykdysady gatnaşyklarda aýgytly orun eýeleýär. Dünýä tejribesi geografik taýdan amatly ýerleşen ýurtlarda we sebitlerde ösen ulag toplumynyň döredilmeginiň üstaşyr ýüklerden hem goşmaça girdeji almaga mümkinçilik berýändigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ýükleri üstaşyr daşamagyň özüne çekijiligini, bäsdeşlige ukyplylygyny we netijeliligini üpjün edýän, bitewi, köpugurly we daşary ýurtlar bilen goşulyşan ulag giňişligini emele getirmäge uly üns berilýär. Türkmenistan geografik taýdan amatly ýerde, ýagny Ýewraziýa ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär. Şu aýratynlyk nazara alnyp, ýurduň geoykdysady ýagdaýyny düýpli berkitmek maksady bilen uly möçberli, halkara ähmiýetli demir ýol we awtomobil ýollary, gaz geçirijiler gurulýar. Aziýa yklymynda ýerleşýän döwletleriň Türkmenistanyň üsti bilen Pars aýlagyna, Türkiýä, Ýewropa ýurtlaryna çykmak mümkinçiligi bar. Soňky ýyllarda gurlan we gurulýan demir ýol, awtomobil we howa ýollary ýurdumyzyň üstaşyr geçelge hökmündäki ähmiýetiniň artýandygyny we ykdysady görkezijileriniň ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär.

Türkmenistanyň geosyýasy ugry hyzmatdaşlyga oňyn täsir edýär. Milli ykdysadyýetimiz dünýä ykdysady giňişliginiň iň bir ygtybarly, berk binýatly düzüm bölegine öwrülýär. Ýakyn goňşularymyz bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda hem möhüm şert bolup durýar. Türkmenistanyň sebitleýin strategiýasynyň maksady Merkezi Aziýada giň möçberli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden hem-de ösüşiň derwaýys meselelerini çözmek üçin sebitde amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaýy döretmäge doly ýardam bermekden ybaratdyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde barha rowaçlanýan ulag-logistika ulgamy möhüm we geljegi uly bolan ugur bolmak bilen, dünýäniň ähli döwletleriniň arasynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we ýurdumyzyň okgunly ösüşleriniň ygtybarly binýadyna öwrülýär.

Goý, ýurdumyzy ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat Halkara howa menziliniň Howa hereketini guramagyň bir bitewi ulgamynyň Baş merkeziniň raýat sektorynyň uly dispetçeri.

17.04.2024