Habarlar
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de gün tertibine Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň, raýatlaryň nobatdaky harby gulluga çagyrylyşynyň barşy barada hasabat berildi. Şunuň bilen birlikde, harby gullukçylaryň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Goranmak ministrligine degişli birnäçe desgalary gurmak we durkuny täzelemek baradaky resminamanyň taslamasy hem hödürlenildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň düzgünlerini takyk ýerine ýetirmegiň wajypdygyny belledi. Harby we hukuk goraýjy düzümleriň öňünde durýan wezipeleriň talabalaýyk çözülmegi serkerdeleriň hünär derejesine, olaryň hukuk sowatlylygyna, döwrebap tehniki serişdeleri, tehnologiýalary özleşdirmeklerine gönüden-göni baglydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we degişli resminama gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu işleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işleriň jemleri, döwlet Baştutanymyzyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem sanly ulgamy ornaşdyrmak, prokuratura edaralarynyň işgärler kuwwatyny berkitmek ugrunda görülýän çäreler barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana hem-de Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, beýleki edara-kärhanalar tarapyndan kanunçylygyň takyk hem-de birmeňzeş berjaý edilişine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini aýdyp, Baş prokurora ýol berilýän düzgün bozulmalaryny ýüze çykaryp, olary öz wagtynda düzetmek üçin çäreleri görmegi tabşyrdy.

Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek babatda görlen anyk çäreler barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerini goramagyň, ýol hereketiniň, ýangyna garşy göreş kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň Içeri işler ministrliginiň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, edaralarda we ilatyň arasynda wagyz-nesihat çäreleriniň, degişli düşündiriş işleriniň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň birinji çärýeginde alnyp barlan işleriň netijeleri, kazyýet işini talabalaýyk alyp barmak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, degişli düzümleriň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kazyýet edaralarynyň hukuk bozulmalarynyň öňüni almak babatda alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz kazyýet işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çärelere üns çekip, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna bu ugurda alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Şeýle-de ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin kazyýet işgärleri bilen ýörite okuw sapaklaryny geçirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet bähbitlerini goramak, jemgyýetimizde durnuklylygy üpjün etmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler, ýolbaşçylyk edýän edarasyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny we çäk bitewüligini goramak bilen baglylykda, bu edaranyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Hususan-da, geçirilýän seljerme işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alyp baran işleriniň netijeleri, Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin zerur şertleriň döredilmegi bilen bagly meseleler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Döwlet serhediniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmegiň, hem-de serhetlerimizi dost-doganlyk serhedine öwürmek üçin alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Serhet goşunlarynyň öňdebaryjy tehniki serişdeler bilen üpjün edilmegi harby gullukçylaryň hünär taýdan taýýarlygynyň ýokarlandyrylmagyny talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow şu ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, düzümleýin edaralara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle-de degişli maksatnamany durmuşa geçirmegiň barşy barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, häzirki wagtda adalat edaralarynyň işini sanly ulgama geçirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmek tabşyryldy.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem işiň döwrebap usullaryny we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler, edarany ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň garamagyna gullugyň düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we ugurdaş hünärmenleri taýýarlamak bilen baglanyşykly resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, degişli Karara gol çekdi we häzirki wagtda gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyna üns çekildi.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işleriň netijeleri, edaranyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, onuň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimiziň migrasiýa ulgamyndaky syýasatynyň dünýäniň oňyn tejribesiniň we milli kanunçylygyň esasy ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagyna, işiň innowasion usullarynyň ulanylmagyna gönükdirilendigini nygtady. Migrasiýa gözegçiligini kämilleşdirmek boýunça meseleleri üns merkezinde saklamak boýunça anyk çäreleri görmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmäge, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

04.04.2024
Häzirki zaman meýilleri we innowasion çözgütler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy söwda toplumynyň sergisine baryp gördi

Aşgabat, 3-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýaýbaňlandyrylan sergä baryp gördi. Bu ýerde ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümleriň we telekeçileriň harytlarynyň, öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri hem-de hyzmatlary hödürlenilýär.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň birine öwrüldi. Şunda haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligiň kuwwatlanmagyna döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümler we hususyýetçiler tarapyndan ýaýbaňlandyrylan sergi milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň kuwwatlanýandygynyň, olaryň Diýarymyzyň ykdysady ösüşine mynasyp goşant goşýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Giň gerimli gözden geçiriliş häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşini, önümçilik kuwwatlyklarynyň uly geljegini aýdyň görkezýär.

Sergide söwda toplumynyň düzümleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň 210-dan gowragynyň öndürýän ýokary hilli önümleriniň we hyzmatlarynyň dürli görnüşleri öz beýanyny tapýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, ýurdumyzda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşýan dokma toplumlarynyň ýokary hilli önümleri bilen tanyşdy. Bu ýerde häzirki zaman dokma toplumlarynyň ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleriniň köp görnüşleri görkezilýär. Munuň özi ýurdumyzda hereket edýän dokma toplumlarynyň ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede enjamlaşdyrylandygynyň, olarda ýokary hilli önümleriň öndürilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Soňky ýyllarda “Türkmenistanda öndürildi” nyşanly dokma önümleri dünýä bazarlarynda öz ornuny pugtalandyrdy. Bu bolsa ýurdumyzyň eksport kuwwatlyklarynyň artmagynyň baş şertini emele getirýär. Gahryman Arkadagymyz sergide görkezilýän harytlar bilen tanşyp, olaryň hil derejesine möhüm ähmiýet berdi.

Türkmenistanda derini gaýtadan işlemek arkaly ýola goýlan önümçilik işjeň ösdürilýär. Munuň özi gön we gön önümleriniň gaýtadan işlenilmegine, olardan dürli görnüşli harytlaryň öndürilmegine giň ýol açýar. Aýratyn-da, ýerli çig mallardan öndürilýän aýakgaplar rahatlygy, hil taýdan ýokary halkara görkezijilere, häzirki zamanyň talaplaryna doly laýyk gelýär.

Gön we gön önümlerini taýýarlaýan düzümiň ýolbaşçysy häzirki döwürde netijeli işlemek, önümleriň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini artdyrmak ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin Milli Liderimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi.

Hünärmen Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, öz esasy işlerinden başga-da, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman awtomenzilleriniň gurluşyklaryny amala aşyrandyklaryny guwanç bilen gürrüň berdi.

Hormatly Arkadagymyz hünärmene alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, ýerli çig maldan öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artdyrylmalydygyna, şunda aýakgaplaryň hiline, ýaramlylygyna, rahatlygyna möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri sergi bilen tanyşlygyň dowamynda ýurdumyzda öndürilýän önümleriň, harytlaryň degişli derejede mahabatlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetlidigini belläp, bu babatda döwrüň ösen tejribesinden ugur alyp, degişli işleri talabalaýyk guramak babatda sergä gatnaşýan ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sergide görkezilýän dürli görnüşli matalary synlady. Bellenilişi ýaly, ýerli çig mallardan taýýarlanylýan köpöwüşginli matalar ýurdumyzyň dokma senagatynyň köpugurly ösdürilýändigini aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Sergä gatnaşyjylar öz önümlerini söwda toplumynyň sergisinde görkezmäge döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

Şeýle hem bu ýerde azyk önümleriniň, agyz suwlarynyň köp görnüşleri görkezilýär. Munuň özi ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmek, halkymyzyň ösen islegini kanagatlandyrmak hem-de önümleri eksport etmek bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir.

Gahryman Arkadagymyz häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän önümçiligi artdyrmak, oňa täzeçil tehnologiýalary, döwrebap usullary ornaşdyrmak meselelerine yzygiderli üns berilmelidigini belläp, şunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, özara tejribe alyşmagyň ähmiýetlidigini nygtady.

Bu ýerde dürli görnüşli et we şöhlat önümleri-de görkezilýär. Guş etinden taýýarlanylýan önümler ýokary hilliligi, tagamlylygy bilen tapawutlanýar. Hünärmen guş etinden dürli görnüşli önümleri taýýarlamagyň aýratynlyklary we önümleriň ýerlenilýän bazarlary barada gürrüň berip, bu işleri ýokary derejede alyp barmak ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde dürli ugurlarda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini açyp görkezmek, olaryň netijeli işini ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň wajypdygyny belläp, bu babatda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini aýtdy we degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Munuň özi önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Şol bir wagtyň özünde söwdanyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň, ýola goýulýan hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyna, önüm ugradylýan bazarlaryň geografiýasynyň giňeldilmegine örän jogapkärçilikli, hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Soňky ýyllarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda täze tehnologiýalary we ylmy gazanylanlary ornaşdyrmak arkaly ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, köpugurly esasda ösdürmek meselelerine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn kuwwatlanmagyna giň ýol açýar.

Milli Liderimiz sergä gatnaşýanlara üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

04.04.2024
Ulag ulgamynda ynsanperwerlik ýörelgesi

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ulag-kommunikasiýa ulgamynyň tutýan ornuna möhüm ähmiýet berilýär. Şonuň üçin-de bu ulgama sanly we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ony maddy-tehniki taýdan berkitmek işleri yzygiderli dowam etdirilýär.

Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Tertipnamasy esasynda ählumumy howpsuzlygy, parahatçylygy, deňhukukly hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan dürli ugurlar boýunça Kararnamalaryň 26-synyň kabul edilip, olaryň 6-synyň ulag ulgamynyň işine degişli bolmagy, her ýylyň 26-njy noýabrynyň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň gazanan diplomatik üstünligidir.

Türkmenistanyň çäginden geçýän Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgeleri sebitiň howpsuzlygyna, parahatçylygynyň, durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine-de saldamly goşant goşýar. Türkmenistan Hazar we Gara deňizleriniň üstünden geçýän, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Aziýa-Ýuwaş umman sebitlerini bir bitewi ulag ulgamyna birleşdirýän Ýewraziýa multimodal üstaşyr ulag taslamalaryny durmuşa geçirmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Häzirki zaman dünýäsinde maglumatlary ibermegiň we almagyň tehnologiýalary gündelik durmuşymyzyň, şol sanda ulag ulgamynyň işiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu işde önüm öndürijilerden başlap, isleg bildirilýän ýere çenli aralykda hereket edýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryňdyr gulluklaryň arabaglanyşygyny üpjün edýän maglumat we elektron hyzmatlara zerur bolan mümkinçilikler döredilýär. Netijede, häzirki zaman ylmy-tehniki özgertmelerini, sanly ulgamyň amatlyklaryny öz işinde giňden ulanýan ulag ulgamy kemala gelýär.

Hormatly Prezidentimiz hem-de Milli Liderimiz sebit we halkara derejeli iri forumlarda edýän çykyşlarynda ulag ulgamynyň hyzmatlaryny hemmeler üçin amatly, bäsdeşlige ukyply innowasion tehnologiýalar esasynda amala aşyrmak babatda wajyp başlangyçlary yzygiderli öňe sürýärler. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 1-nji martynda üçünji Antalýa diplomatiýa forumyndaky çykyşy hem aýdyň mysal bolup biler. Milli Liderimiz öz çykyşynda: «Inklýuziw ulag ulgamynyň kemala getirilmeginiň halkara söwdanyň, maýa goýum işjeňliginiň artmagyna täsir etjekdigi düşnüklidir» diýip belledi.

Hakykatdan-da, ençeme söwda guramalarynyň, banklaryň, maliýe-ykdysady institutlaryň halkara ulag taslamalaryny durmuşa geçirmäge goldaw bermegi ulag hyzmatlarynyň kämilleşmegine, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ynsanperwerlik, durmuş, medeni, ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegine ýardam edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, goşmaça iş orunlarynyň emele gelmegine, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagyna, asudalygyň, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň berjaý edilmegine getirýär.

Ýurdumyzda içerki we üstaşyr ulag gatnawlarynyň yzygiderli artmagy onuň demir ýol, deňiz-derýa, howa we awtoulag görnüşleriniň ählisi üçin mahsus häsiýete eýe boldy. Her bir ulag görnüşiniň özboluşly aýratynlygyny nazara alyp, olaryň netijeli arabaglanyşygyny gazanmak, hereketiniň bütin dowamynda howpsuzlygy üpjün etmek babatda maksatnamalaýyn çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ösüş strategiýasy häzirki zaman maglumat we innowasion tehnologiýalardan toplumlaýyn peýdalanyp, dünýä halklarynyň ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegine ýardam berýän ynsanperwer ugra gönükdirilendir.

Hojageldi ATAMYRADOW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.

03.04.2024
Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!
Gadyrly söwda toplumynyň işgärleri!

Sizi Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Garaşsyz Watanymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň gerimde amala aşyrylýan Prezident Maksatnamasynyň baş maksady ykdysady ösüşi hil taýdan täze derejä çykarmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini dowam etdirmäge, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny berkitmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn wezipeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde, söwda toplumy häzirki wagtda halk hojalygynyň okgunly ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi.

Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek, esasan-da, halkyň sarp edýän harytlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak häzirki döwürde söwda toplumynyň öňünde durýan esasy wezipelerdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň bazarlarynda haryt dolanyşygynyň barha artýan möçberi bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, ilatyň abadançylygynyň, durmuş derejesiniň ýokarlanýandygynyň güwäsidir.

Eziz watandaşlar!

Ýurdumyzda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, innowasiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde ýokary tehnologiýaly önümçilik kärhanalaryny döretmek, ýerli çig maldan öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini we möçberini artdyrmak babatda alnyp barylýan işler has-da buýsandyrýar. Hususan-da, pagta süýüminden ýüplükleri taýýarlaýan, dürli matalary dokaýan, tikinçilik önümlerini öndürýän kärhanalar ykdysadyýetiň depginli ösdürilmegine saldamly goşant goşýarlar. Häzirki döwürde ýokary hilli, ekologik taýdan arassa «Gala», «Ýeňiş», «Goza», «Wada», «Nusaý», «Bedew», «Bürgüt», «Akpamyk», «Merw», «Jeýtun», «Mäne» ýaly haryt nyşanly dokma önümlerimize içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.

Türkmen halkynyň milli el halyçylyk sungatynyň özboluşlylygyny gorap saklamak we kämilleşdirmek boýunça hem uly işler amala aşyrylýar. Biziň el halylarymyz deňi-taýy bolmadyk gözelligi, ýokary hili bilen meşhurdyr. Bu ugurda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň kärhanalary türkmen el halysyny dokamagyň usullaryny geljek nesillere ýetirmek, gadymy nagyşlardyr göller salnan köpöwüşginli halylary dokamak, halylaryň gadymy nusgawy görnüşlerini dikeltmek boýunça guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Törlerimiziň bezegi bolan el halylarymyz içerki we daşary ýurtlardaky alyjylaryň sargytlary boýunça hem dokalýar. Bu bolsa halkymyzyň çeperçilik medeniýetiniň ajaýyp mirasy bolan türkmen halylarynyň dünýädäki meşhurlygyny has-da artdyrýar.

Bu gün giňden ýaýbaňlandyrylan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi ýurdumyzyň dokma pudagynyň, milli el halyçylyk sungatynyň ösüşlerine baha bermäge-de mümkinçilik döreder.

Hormatly myhmanlar!
Eziz watandaşlar!

Sergide ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň ösüşine, hususy önüm öndürijileriň eksport mümkinçiliklerine aýratyn orun berilýär. Çünki biz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümleriň öndürilişini artdyrmak, täze senagat ugurlaryny döretmek boýunça maksatnamalary durmuşa geçirmekde türkmen telekeçilerine bil baglaýarys we munuň üçin ähli zerur şertleri döredýäris.

Bu alnyp barylýan tutumly işleriň netijesinde, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy barha ösdürilýär. Harytlarymyzyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanyp, ýurdumyzyň içerki bazarynda haryt bolçulygyny berkitmekde, daşary söwdany giňeltmekde oňat netijeler gazanylýar. «Türkmenistanda öndürilen» nyşanly harytlar bu gün dünýä bazarlarynda giňden tanalýar we ýokary hili, ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.

Hormatly myhmanlar!
Eziz watandaşlar!

Garaşsyz döwletimiz gysga wagtyň içinde durnukly ösüş ýoluna düşdi. Geçirilýän özgertmeler, oýlanyşykly çözgütler ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek bilen birlikde, türkmen topragynda öndürilýän ýokary hilli önümleri daşary ýurtlara eksport etmäge hem giň mümkinçilik berýär. Bu sergi bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, söwda toplumynyň hem maksatnamalaýyn wezipeleri üstünlikli amala aşyrýandygyny we belent sepgitlere ýetýändigini aýdyň görkezýär.

Hormatly sergä gatnaşyjylar!

Sizi Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

03.04.2024
Alyslara uzaýan ýollar

Hormatly Prezidentimiziň 29-njy martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda üstümizdäki aýda «Aşgabat — Türkmenabat» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açyljakdygy hakda aýdylmagy bizde guwanç duýgusyny döretdi. Gadymy Ýüpek ýolunyň täze döwrüň ruhuna laýyklykda gaýtadan dikeldilýän çagynda döwrebap awtoulag ýollarynyň gurulmagynyň halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky dostana gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ähmiýeti bardyr.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň ilkinji bölegi bolan Aşgabat—Tejen böleginiň 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berlendigi ýadymyzda. Ýoluň 203 kilometre barabar bolan bu böleginiň gurluşygyny ýol gurluşykçylarymyz dünýäniň ösen ýol gurluşyk ülňülerinden ugur alyp ýerine ýetirdiler. Bu gün üstünlikli hereket edýän ýokary tizlikli ýoluň welaýatymyzyň çäginden geçýän bu böleginiň ugrunda ýolagçylardyr sürüjiler üçin ähli amatly şertler bar. Ýoluň ugrundaky elektron töleg terminallarynyň, wideogözegçilik enjamlarynyň, tizlik ölçeýjileriň, aragatnaşyk nokatlarynyň ýol hereketinde ähmiýeti uludyr. Mundan başga-da bu ýerde söwda merkezleridir naharhanalar, inženerçilik desgalary, köp sanly köprüler, ýerasty we ýolüsti geçelgeler, suw geçirijiler, ýangyç guýujy beketler hem ýerleşip, awtoulag sürüjileridir ýolagçylara giň amatlyklary döredýär.

Ýene-de sanlyja wagtdan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylmagy bilen bu ugurdaky mümkinçiliklerdir amatlyklaryň gerimi has giňär. Ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäklerinden geçip, gözel paýtagtymyzy Lebap welaýaty bilen birleşdirjek Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň ýolagçylaryňdyr ýükleriň gysga wagtda, bökdençsiz gatnadylmagyny üpjün etjekdigi buýsanjymyzy goşalandyrýar. Bu iri taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi bilen, logistiki hyzmatlaryň hili hem ep-esli ýokarlanar. Şeýle iri taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Berdimyrat DURDYÝEW,

Tejen etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesiniň wagyz-nesihat işleri boýunça gözegçisi, polisiýanyň kapitany.

03.04.2024
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Aşgabat, 1-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlap ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan dabara ýurdumyzyň bilim, ylym ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, il sylagly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan çykan täze eseriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylda halkymyza ýetirilmeginiň döwürleriň arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny şöhlelendirýändigi bellärliklidir.

Islendik arheologik ýadygärligiň, gadymy binagärligiň her bir nusgasynyň aňyrsynda irki adamzat medeniýetini esaslandyran halkymyzyň geçmiş taryhy ýatyr. Bu ýadygärlikler döwletleriň döreýşi, olaryň ýaşaýjylary we edermen, batyr goragçylary barada köp zatlary habar berýär. Bu milli gymmatlyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy we medeni galkynyşy başdan geçirýän halkymyzyň synmaz erkiniň, jebisliginiň, watansöýüjiliginiň aýdyň nyşany bolup durýar.

Tanyşdyrylyş dabarasy halkymyzyň baý medeni mirasyny, döredijilik däplerini beýan edýän sergi bilen badalga aldy. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleri — taryhymyzyň gadymylygynyň we baý medeni mirasynyň görkezijisi bolan el işleri görkezildi. Döwlet Baştutanymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby serginiň merkezinde orun aldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly meşhurlyga eýe bolan ylmy kitaplary, milli medeniýetimiz, däp-dessurlarymyz, Watanymyzyň häzirki döwürde ýeten sepgitleri baradaky dürli neşirler hem bar.

Döredijilik toparlarynyň, meşhur aýdymçy-sazandalaryň joşgunly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň başynda ýygnananlar milli däplerimize, gymmatlyklarymyza, halkymyzyň gadymy taryhyna we köptaraply medeniýetine goýýan çäksiz sarpasy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Çykyşlarda dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan halkymyzyň baý medeni mirasyny, taryhyny düýpli öwrenmegiň, aýawly saklamagyň hem-de giňden wagyz etmegiň zerurdygyny nygtaýan kitabyň möhüm ähmiýetine üns çekildi. Çykyş edenler «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyň maddy medeniýetiň gymmatly ýadygärliklerini ulgamlaýyn toplamak, düýpli öwrenmek, wagyz etmek babatda döwlet Baştutanymyz tarapyndan durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň aýdyň görkezijisidigini biragyzdan bellediler.

Mälim bolşy ýaly, 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini belläp, Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edendigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, hormatly Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Milli Liderimiziň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary täze kitabyň döremegine ýakyndan ýardam berdi.

Awtoryň pikir-garaýyşlary «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly üç bapda beýan edilýär. Döwlet Baştutanymyz täsin rowaýatlary häzirki günlere çenli saklap galan, dürli döwürleriň hem-de halk hakydasynyň şaýady bolan Änew medeniýetiniň ähmiýetini kitabyň sahypalarynda giňişleýin beýan edýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toplan maglumatlaryny seljermek bilen, gadymy Änewiň taryhy, binagärlik ýadygärlikleri, Jeýtun medeniýeti, belli alymlar tarapyndan häzirki Ahal welaýatynda we Änew şäherinde alnyp barlan gözlegleriň netijeleri, iň ýokary döwlet wezipesine saýlanmazyndan ozal, bu sebitde toplan iş tejribesi, Milli “Ak bugdaý” muzeýi, şeýle hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylyşy barada gürrüň berýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze eseriniň ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garaýan halkymyzyň maddy we ruhy medeni mirasynyň dowamatlylygyny gorap saklamaga ýardam etjekdigini bellediler.

Ýokary çap usulynda neşir edilen kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen eseriň ýaşlar üçin uly terbiýeçilik hem-de öwredijilik ähmiýetiniň boljakdygy gürrüňsizdir.

Dabaranyň ahyrynda ýygnananlar halkymyzyň medeni mirasyny, taryhyny ylmy esasda öwrenmek, gadymy gymmatlyklary ýüze çykarmak we dikeltmek, olary geljek nesillere ýetirmek ugrunda alyp barýan bimöçber işleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

02.04.2024
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 1-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda gowaça ekişi dowam edýär. Bu möwsümi agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, awtoulaglary galla oragy möwsümine taýýarlamak babatda hem zerur işler alnyp barylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleri geçirilýär. Şeýle hem dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi tamamlanyp, häzirki wagtda ýaş mallary sagdyn ösdürip ýetişdirmek üçin degişli işler alnyp barylýar.

Häkim Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilen köpçülikleýin sport we medeni çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ekişiniň talabalaýyk, bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny aýtdy we bu ugurda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişi dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallardan netijeli peýdalanmak, bu jogapkärli möwsüme gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. 2024-nji ýylda ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde işlediljek kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary, galla kabul ediş bölümlerini möwsüme taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edip, ýazlyk ýeralma, beýleki gök ekinler ekilen meýdanlarda agrotehniki çäreler geçirilýär. Sebitde dowarlaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak we talabalaýyk idetmek boýunça-da zerur işler ýerine ýetirilýär. Häzirki wagtda welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümi dowam edip, ony guramaçylykly geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehniki möhletlerde geçirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini belledi we gowaça ekişiniň talabalaýyk alnyp barylmagyny, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde gowaça ekişine girişilip, bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary doly güýjünde işletmek, ekiş möwsümini ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatdaky galla kabul ediş bölümlerini, elewatorlary, bugdaý daşajak awtoulaglary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we gök-bakja ekinleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça berýän tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatda bu ekinleriň ekişi dowam edýär, ekiş geçirilen ýerlerde bolsa agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şu günler welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak işleri gyzgalaňly dowam edýär. Bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek üçin welaýatyň maldarlaryna ähli zerur şertler döredildi.

Häkim ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda geçiriljek medeni-sport çärelerine taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hem hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde 2024-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişini bellenen möhletde geçirmek, ekişde ulanylýan kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak ugrunda zerur çäreler görülýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary we bu ugurda ulanyljak awtoulaglary galla oragy möwsümine doly taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma we beýleki gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek babatda berýän tabşyryklaryna laýyklykda, ýazlyk ýeralma, sogan ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilip, häzirki wagtda bu jogapkärli möwsüm dowam edýär.

Häkim Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görlüşi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde, ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini, ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, awtoulaglary möwsüme taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, ekiş möwsümini bellenen möhletlerde we guramaçylykly geçirmek işleri gündelik gözegçilikde saklanylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem sebitiň ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri geçirilýär. Welaýatda dowarlaryň baş sanyny artdyrmak, olaryň önüm berijiligini ýokarlandyrmak, mallary talabalaýyk idetmek boýunça hem zerur çäreler alnyp barylýar. Häzirki wagtda maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümi guramaçylykly dowam edýär.

Häkim Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatda geçirilmegi meýilleşdirilen köpçülikleýin sport we medeni çärelere taýýarlyk görlüşi, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ekişiniň bellenen möhletlerde, ýokary hilli geçirilmegini, ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişi dowam edip, ekiş möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek, bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallary doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek arkaly azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Diýarymyzda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinleriň ekişi, olara ideg etmek işleri utgaşykly dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň ýerden bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde, bökdençsiz geçirilmegini, ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýazlyk ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görülmegini tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň häkimlerine ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin, sport çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

02.04.2024
Müňýyllyklaryň sözi

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabyny okap

Söz — Hakyň ynsana peşgeşi. Söz — başlangyç. Söz — dowam. Sözüň güýji ýaşaýşyň güýjüne barabardyr. Heňňamyň çarhy hut ýolgörkeziji sözler bilen aýlanýar. 2024-nji ýylyň şygarynyň hem ýurdumyzda, hem tükel türki giňişlikde beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşdyrylmagy hut şu hakykata ünsi çekmekde ymgyr uly ähmiýete eýe boldy. Heňňamlar bilen heňdeş türkmen topragynyň gadymy Änew şäheriniň şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi onuň üstüni ýetirip, hem ruhy, hem maddy medeniýetiň sarpasyny belende göterýär. Töwerekleýin seredeniňde, munuň özi diňe türki giňişligiň söhbedi däldir. Eýsem-de bolsa, ol ählumumy parahatçylygyň, bitewi abadançylygyň bähbitleri bilen baglydyr. Häzirki wagtda sözüň, medeniýetleriň ornuna iň uly hasapda gadyr goýmagyň ähli wajyplygy bilen öňe çykýandygy hemmä mälim. Ine, şeýle pursatlarda hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly gymmatly kitaby elimize gowuşdy.

Änew medeniýeti! Ekerançylygyň irki ojagy. Gadymy siwilizasiýanyň sallançagy. Ol ak bugdaýyň asyl mekany hökmünde belli. Dünýäde ilkinji bolup ak bugdaýy ösdürip ýetişdiren pederlerimiz bize “Bugdaý söz” diýen düşünjäni-de miras goýupdyrlar. Bugdaý söz! Ol — söz goýazylygynyň, kelam kämilliginiň gysbydan jaýdar kesgitlemesi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby hem ak bugdaýyň asyl watanynyň şanyna ýürekden çykan bugdaý Sözdür! Pederleriň ruhuna tagzym, häzirki nesillere ýörelgelik taglymdyr. Türkmen medeniýeti — dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi. Täze kitap bolsa şol taryhy medeniýete düşünmegiň, oňa içgin aralaşmagyň açarydyr.

***

Şu günler ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň täze eseriniň tanyşdyrylyş dabaralary giň gerimde dowam edýär. Aslynda welin, ýakynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çäreleriň badalga toýunyň çäginde Ahal ýaýlasynda başlanyp, paýtagtymyzda dowam eden, biri-biriniň üstüni ýetiren halkara tutumly dabaralaryň, ylmy maslahatlaryň, söz eýeleriniň — žurnalistleriň köp sanlysyny bir döwrede duşuran mediaforumyň tutuşlygyna hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň özboluşly tanyşdyrylyşyna öwrülendigini bellemelidiris. Hut şol wakalar hem watandaşlarymyz bilen bir hatarda, ýurdumyza nesibesi çeken myhmanlaryň ýüzlerçesini gadymy Änewiň ruhunda birleşdirip, olara kitapda beýan edilýän baý mirasy gözleri bilen görmäge, şol täsin dünýäniň gurşawynda ýaşamaga, bu topragyň halal duzundan dadyp, onuň ykbalyna hemişelik dahylly bolmaga mümkinçilik berdi. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Änew topragynda minaralary göge howalanyp duran täze metjidiň açylyp, oňa hem Milli Liderimiziň başlangyjy, aksakgal ýaşulularyň makullamagy esasynda “Seýit Jemaleddin metjidi” diýlip at goýulmagy bahar berekedi siňen bu taryhy günleriň aýratyn gymmatly pursadyna öwrüldi. Munuň özi geçmişi hormatlamagyň, onuň şan-şöhratyny dikeltmegiň nusgalyk göreldesi bolmak bilen, il-halkymyzyň köňlüne kanagat gatdy. Müň aýdan haýyrly Oraza aýyndaky bu sogaply işiň sütün-sütün pederleriň ruhuny şat edip, şu günki nesilleriň mertebesini belende göterendigi hem aýdyňdyr.

Ine, şeýle wakalardan soňra, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly täze kitabyny eliňe almagyň täsiri has-da başgaça. «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly baplardan, birnäçe bölümlerden ybarat bolan kitap müňýyllyklaryň jümmüşine syýahata alyp gidýär.

“Uçaryň oýlanyp tapylmagy asmany Zemine duşurdy. Gäminiň oýlanyp tapylmagy kenary kenara gowşurdy. Barybir adam oglunyň iň beýik açyşy kitap bolmagynda galar. Sebäbi diňe kitap döwürleri döwürler bilen, nesilleri nesiller bilen duşurmagy başardy”. Bu sözler hut hormatly Prezidentimiziň täze kitaby hakda aýdylan ýaly. Gowy kitaplaryň aýratynlygy şeýle: sen kitaby okap oturan ýalysyň. Aslynda welin, kitap seni “okap”, duýgy-düşünjeleriňi aýdyňlaşdyryp, özüňi özüňe düşündirip barýandyr. Ine, täze eseriň gymmaty-da bizi aslymyza has-da ýakynlaşdyryp, Watan söýgüsine möwç berýänligindedir. “Bu topragyň her ädiminiň taryhdygyny”, “onuň abraýyny götermäge yhlas etseň, bu topragyň seniň at-abraýyňy iki esse belende göterýändigini” örän täsirli beýan edýänligindedir. Geçmişe daýanyp, geljegiň täze gözýetimlerini açýanlygyndadyr. Watany söýmek onuň taryhyny bilmekden, ilik-düwme öwrenmekden asla üzňe zat däldir.

Elbetde, islendik mekan-mesgeniň taryhy näçe baý boldugyça, ol hakda döredilýän rowaýatlardyr ýöredilýän pikir-çaklamalar hem köp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň abyrsyz zähmetiniň miwesi bolan täze kitap Änewiň gatbar-gatbar taryhyna degişli dürli döwürleriň maglumatlaryny aň-akyl eleginde seljerip, bir ulgama salyp, örän ygtybarly we bitewi çeşmäni emele getirendigi bilenem wajyp ähmiýete eýedir. Şol bir wagtyň özünde-de döwlet Baştutanymyz bu işleriň heniz başlangyç tapgyrdadygyny nygtamak bilen, ylmy gözýetimleriň täze giňişliklerini açýar. Magtymguly Pyragynyň pähim ýükli setirleriniň kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçmegi ony has-da özboluşly aýratynlyga eýe edýär.

***

Kitapda bellenilişi ýaly, dünýä belli Wadim Masson, Rafael Pampelli, Wiktor Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlar halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlary edipdirler. Gahryman Arkadagymyz olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmekde, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramakda, umuman, gazuw-agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmakda hem asylly işleri amal etdi. 2004-nji ýylyň güýzünde ýurdumyzda “Türkmenistan — Änew medeniýetiniň we ak bugdaýyň watany” atly halkara ylmy maslahatyň guralyp, oňa R.Pampelliniň nesilleriniň çagyrylmagy ýaly işlerde hem Milli Liderimiziň tutanýerli tagallalary bar. Ýeri gelende aýtsak, meşhur alymyň çowlugy Luiza Pampelli Änew dabaralarynyň çäginde guralan şu gezekki halkara ylmy maslahata-da gatnaşdy. Myhman: “Änew medeniýeti adamzat taryhynda gymmatly açyşlara goşant goşmagyny dowam etdirýän baý medeni mirasy öz içine alýar. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň bu barada giňişleýin söhbet açýan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda adamzat siwilizasiýasynyň irki ojagyny dünýä aýan etmekde uly hyzmaty bitiren garry atam R.Pampelliniň-de adynyň hormat bilen agzalmagy meni diýseň begendirdi. Şu gezekki giň wekilçilikli ylmy maslahatyň dowamyndaky çykyşlarda hem onuň alyp baran işleriniň soňky ýyllarda täze maglumatdyr açyşlar bilen üstüniň ýetirilendigine göz ýetirdik” diýip, täsirlerini paýlaşýar.

Ýeri gelende, täze kitabyň Änew dabaralaryna gatnaşan daşary ýurtly myhmanlaryň her biri üçin ajaýyp sowgat bolandygyny bellemelidiris.

— Änew diňe bir türki dünýäde däl, eýsem, tutuş Ýer ýüzünde-de öz şöhratly geçmişi bilen tanalýar. Türkmenistanyň baý taryhy bilen tanyşmakda hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu şähere «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesiniň berilmegi mynasybetli geçirilýän şanly wakalaryň öňüsyrasynda çap edilen «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň ähmiýeti örän uludyr. Men eýýäm kitap bilen tanşyp başladym, onda gymmatly taryhy maglumatlar getirilipdir. Türkmenistan haýran galdyrýan baý medeniýeti, şöhratly taryhy bilen beýikdir — diýip, «TASS» habarlar agentliginiň Baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman paýtagtymyzda guralan halkara mediaforumdan soň söhbetdeş bolanymyzda aýtdy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen täze kitap baradaky pikirlerini paýlaşmak bilen, Änewdäki Seýit Jemaleddin metjidinde şekillendirilen aždarhalaryň Hytaýyň şekillendiriş sungaty bilen ýakynlygyna ünsi çekýär. Bu meňzeşlik orta asyrlarda türkmen hem-de hytaý ussalarynyň arasynda gatnaşyklaryň alnyp barlandygyna şaýatlyk edýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz Änewdäki täze metjidiň açylyşynda eden çykyşynda giňişleýin durup geçdi.

...Şu pikir-garaýyşlary seriňde saldarlap, täze kitabyň halkara giňişlikde dost-doganlygy, parahatçylygy pugtalandyrmakda hem möhüm ähmiýete eýedigi barada oýlanýarsyň.

***

Islendik taryhyň ägirtligi onuň şu günki dowamaty bilen ölçenilýär. Änew topragynyň şan-şöhratynyň beýikligi, ol bu günki gün şaha ýaýyp, kök ýaýradyp, ösüşli ýoly dowam etdirýär. Ozal görlüp-eşidilmedik täze belentliklere ümzük atýar. Änew — dünýä deý giň ýurdumyzyň tutuş çäkleri ýaly, düýnüne berimsiz şu güni, şu gününe berimsiz geljegi bolan mekan! Onuň ösüşli menzilleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna ýolbaşçylyk eden ýyllarynda amal eden döwletli işleri bilen-de aýrylmaz baglanyşyklydyr. Tutuş sebite şan getiren beýik işler kitapda täsirli beýan edilýär.

Asyl-ha, kitaby okap, bu topragyň taryhy çuňluklaryna aralaşyp, beýik şahsyýetleri dünýä beren, diňe Änew galasy däl, eýsem, şöhratly Nusaýy bilen, Oguz kendi — Yzgandy bilen, Paryzdepesi, Şähryslamy, Abiwerdi bilen, gahryman Gökdepe galasy bilen, ýene-de ençe-ençe gadymy ýadygärlikleri bilen taryhy tug deýin belende göterip duran, ganatly ahalteke bedewleri bilen dünýäniň ösüşine tizlik beren gadymy Arkaçda bu günki gün Arkadag şäheri ýaly sebitde deňi-taýy bolmadyk ajaýyp şäheriň binýat bolmagynyň tebigylykdygyna göz ýetirýärsiň. Munuň özi heňňam hakydasynyň döwrüň hakykatyna öwrülmegidir. Döwrümiziň bu mizemez hakykaty bolsa hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyndaky şu jümlelerde anyk-aýdyň beýanyny tapýar: “Adamzadyň ajaýyp geljegini bilelikde gurmak üçin täze-täze pikir-taglymatlary öňe sürmek — biziň döwletimize, Gahryman Arkadagymyza mahsus ýörelge. Ol ata-baba asylly ýolumyzyň döwrebap dowamaty. Çünki ýaşaýyş hemişe täze başlangyçlaryň, täzeçe pikirleriň muşdagy. Dünýäniň iň uly genji-hazynalarynyň biri — pikir. Täze pikirler, täzeçe pikirlenmeler täze gözýetimleri açýar, täze mümkinçilikleri döredýär”.

Kakamyrat REJEBOW.

“Türkmenistan”.

02.04.2024
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

Aşgabat, 30-njy mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlar energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmegiň we energiýadan peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, bu ugurda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksadу bilen, energiýa taýdan netijeli tehnologiýalaryň ulanylmagy, Türkmenistanda energetiki menejmentiň ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Munuň özi milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder, şeýle-de geljek nesilleriň energiýa serişdelerinden uzak ýyllaryň dowamynda netijeli peýdalanmagyna mümkinçilik döreder.

«Gidrometeorologiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garalanda, netijeli pikir alyşmalar boldy. Çykyş edenleriň pikirine görä, bu resminamanyň kabul edilmegi döwlet häkimiýet edaralaryna, ýuridik we fiziki şahslara gidrometeorologiýa işi we daşky gurşawyň ýagdaýy barada anyk maglumatlar berlende, bu işleri düzgünleşdirmegiň hukuk esaslaryny kesgitlemäge hyzmat eder. Mundan başga-da, onda gidrometeorologiýa ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak, gidrometeorologiýa işini maliýeleşdirmek we halkara hyzmatdaşlyk baradaky kadalar göz öňünde tutuldy. Resminamada gidrometeorologiýa gözegçiliginiň döwlet ulgamy bellenilýär.

«Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garalanda, parlamentariler bu resminamanyň özara bähbitlilik esasynda iki ýurduň arasynda halkara awtomobil ýolagçy hem-de ýük daşamalaryny, ýurtlaryň çäkleriniň üsti bilen amala aşyrylýan üstaşyr daşamalary düzgünleşdirýändigini nygtadylar.

Maslahatyň gün tertibinde «Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda», «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda», «Ýer hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», «Weterinariýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunуnа üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, bu kanunçylyk namalary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Bu işleriň amala aşyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegine, ugurdaş ulgamlaryň döwrebaplaşdyrylmagy üçin hukuk mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar kabul edilen kanunçylyk namalarynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli durmuş-ykdysady, demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin amatly şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

01.04.2024
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynanyşmak taglymlaryny dünýä ýaýýar

Geçen hepdede Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar halkymyzyň ruhy we medeni mirasyna üýtgewsiz ygrarlydygynyň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öňde goýlan maksatlara ýetmekde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşynda mäkäm jebisleşendiginiň aýdyň beýany boldy.

25-nji martda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmegiň meselelerine garaldy. Şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerine, hususan-da, gowaça ekişine, bugdaý ekilen meýdanlarda talabalaýyk ideg işleriniň alnyp barlyşyna, pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görlüşine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilişine aýratyn üns çekildi.

27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyz bilen bu düzümiň arasynda köpugurly gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy. Ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, ekologiýa, syýahatçylyk ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Energetika pudagynda, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewi kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz we myhman Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen däp bolan gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar türki halklaryň baý medeni mirasyny aýawly saklamaga, öwrenmäge we tutuş dünýäde wagyz etmäge gönükdirilendir. Bu medeni miras umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýurdumyzda baýram edilmegi ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy. Beýik şahyryň eserleri tutuş türki dünýäsiniň gymmatly mirasydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwilini kabul etdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň agzasy bolup durýar we 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy. Şunuň bilen baglylykda, durmuş-ykdysady taýdan ösüşi hem-de ekologik abadançylygy üpjün etmek üçin ýurdumyzyň mundan beýläk-de durnukly syýahatçylygy ösdürmegi göz öňünde tutýandygy nygtaldy. Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti (HTF) Dewid Haggertini we Aziýanyň tennis federasiýasynyň prezidenti (ATF) Ýuriý Polskini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimize Türkmenistanda sporty höweslendirmek we goldamak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda gazanylan uly üstünlikler üçin Halkara tennis federasiýasynyň güwänamasy gowşuryldy.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky işleriň halkara derejede mynasyp ykrar edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň sport üpjünçilik ulgamlaryny halkara tennis ýaryşlaryny, ýygnanyşyklary we ussatlyk sapaklaryny geçirmek üçin ulanmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip etdi.

28-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýany kabul etdi. Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz Eýranyň ýurdumyzyň iň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini nygtap, bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň uly ähmiýetini belledi. Onuň işi elektroenergetika we ulag ulgamynda özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk çäreleri ylalaşmaga gönükdirilendir. Şunda häzirki zaman talaplaryna laýyklykda, ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini we usullaryny gözlemegiň, energiýa serişdeleriniň eksport edilmegi, üstaşyr geçirilmegi babatda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyna aýratyn üns çekildi.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýanyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-eýran döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi. Şolaryň hatarynda milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek, Mejlisiň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görmek, döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, ýangyç-energetika ulgamynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak ýaly meseleler bar. Şeýle hem paýtagtymyzyň şähergurluşyk-binagärlik keşbini özgertmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyz olary durmuşa geçirmek boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Hususan-da, “Sanly ykdysadyýet innowasion merkezi” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyndaky paýnamalary bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmak; “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 864 hojalyga niýetlenen 20 sany 9 gatly nobatdaky döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny, 720 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, seýilgähi we awtomobil ýollaryny gurmak; Awtomobil mekdepleriniň birleşigi hem-de “Türkmenistanyň awtoulagly halkara daşaýjylarynyň assosiasiýasy” jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde Halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU) tarapyndan akkreditirlenen okuw merkezini açmak ýaly teklipler boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem şu ýylyň aprel aýynda şanly seneler we möhüm wakalar, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça işler mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy. Onuň çäklerinde şu ýylyň 16-njy aprelinde guramanyň binasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki duşuşygyny geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Ösüşi maliýeleşdirmek üçin indiki ädimler boýunça forumynyň işine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň wekiliýetini Nýu-Ýork şäherine iş saparyna ugratmak teklibi beýan edildi. Forumyň dowamynda şu ýylyň 23-nji aprelinde «Durnukly ösüş maksatlarynyň maliýeleşdirilmegi boýunça ministrleriň dialogy» atly ugurdaş çäräni guramak we ony ulag ulgamyna, energetika arabaglanyşygy meselelerine bagyşlamak teklip edilýär. Döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan giň goldawa eýe bolýan, energetika pudagyny ösdürmek bilen bagly başlangyçlaryny durmuşa geçirmek üçin şu ýylyň maý-iýun aýlarynda sanly ulgam arkaly BMG-niň ştab-kwartirasynda bu ulgamdaky bilermenleriň halkara duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň iň ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän halkara guramalarynyň biridir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda taryhy Kararnama biragyzdan kabul edildi, oňa laýyklykda, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz şu mynasybetli döwlet derejesinde geçiriljek halkara çäräniň guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin Hökümet agzalaryndan ybarat döwlet toparyny döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen 356 raýatyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kristofer Alberto Martinez Berroterandan ynanç haty kabul edildi. Diplomat ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Parlament ugry boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, “Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça bilelikde işleri alyp barmak, ýurdumyzda ýaşlara koreý dilini öwretmek boýunça okuw merkezini gurmak bilen baglanyşykly teklipler öňe sürüldi.

27-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde bina edilen täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy we bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi. Hajy Arkadagymyzyň teklibi boýunça täze metjit ata-babalarymyza we geçmiş mirasymyza, taryhda öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimize hormat-sarpa goýmagyň nyşany hökmünde “Seýit Jemaleddin metjidi” diýlip atlandyryldy. Bu şanly wakanyň mübärek Oraza aýynda geçirilmegi, şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan medeni-köpçülik çäreleri bilen gabat gelmegi halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirilen çärä Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzümine girýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň, Türki medeniýetiň we mirasyň gaznasynyň, Halkara türki akademiýasynyň, TÜRKSOÝ-na agza hem-de synçy ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary, ylmy wekiliýetleri dabaranyň hormatly myhmanlary boldular.

Bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň gadymy oba görnüşinde gurnalan ak öýleriniň töwereginde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Myhmanlar halkymyzyň durmuşy, milli senetçilik we toý däpleri bilen tanyşmaga, milli tagamlardan datmaga, ýaşlaryň başarjaňlygyna, pälwanlaryň ussatlygyna göz ýetirmäge, ahalteke bedewleriniň ajaýyp keşbini, düýe kerweniniň buýsançly ädimlerini synlamaga mümkinçilik aldylar.

“Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada suratkeşleriň, şekillendiriş we amaly haşam sungatynyň ussatlarynyň, türki halklaryň fotosuratçylarynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Soňra Türkmenistanyň hem-de türki dilli birnäçe ýurtlaryň sungat ussatlarynyň çykyş etmeginde uly baýramçylyk konserti guraldy. Onda ýerine ýetirilen ajaýyp çykyşlaryň esasyny medeniýetleriň dialogy, halklaryň dostlugy baradaky arzuwlar düzdi.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde myhmanlar Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän, XV asyrda gurlan meşhur ýadygärlikleriň biri bolan Seýit Jemaleddin metjidine, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine, paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň gözel ýerlerine baryp gördüler.

“Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat hem geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty tarapyndan guralan wekilçilikli foruma meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, Gündogary öwrenijiler, professorlar, ýaş alymlar, daşary ýurtlaryň muzeýleriniň wekilleri gatnaşdylar. Umumy mejlisde bu ýere ýygnananlar ady rowaýata öwrülen Rafael Pampelliniň çowlugy Luiza Pampelliniň ýatlamalaryny uly gyzyklanma bilen diňlediler. Bu alymyň yhlasy bilen Änew medeniýeti dünýäde meşhurlyga eýe boldy we ylmy adalgalaryň sözlügine hemişelik girdi. Hemişe bol hasyl berýän bereketli türkmen topragynyň dünýä ekerançylygynyň irki ojaklarynyň biri bolup durýandygy baradaky pikir ähli çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Milli «Ak bugdaý» muzeýinde TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onda bellenilişi ýaly, geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi netijesinde, Türkmenistan gadymdan bäri Gündogar bilen Günbataryň söwda ýollarynyň, medeni däp-dessurlarynyň kesişýän, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezi, görnükli alymlary, akyldarlary we şahyrlary dünýä beren künjek bolupdyr. Täze taryhy eýýamda ýurdumyz däp bolan medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak arkaly halklaryň arasynda özara düşünişmegi we ynamy berkitmek ýaly jogapkärli wezipäni durmuşa geçirmekde uly tagallalary edýär.

Paýtagtymyzda halkara guramalaryň wekilleriniň, ýurdumyzyň, daşary döwletleriň bu ugurda ýöriteleşen kompaniýalarynyň, şol sanda ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagynda “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler häzirki wagtda bu pudagyň ösdürilmegi üçin döredilen ähli şertleri göz öňünde tutmak bilen, daşary ýurtlarda döwletimiziň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmegiň zerurdygyny bellediler, şeýle hem “Bir syýahatçylyk — tutuş sebit” atly bilelikdäki maksatnamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdylar. Forumyň çäklerinde Türkmen döwlet medeniýet institutynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onda daşary ýurtly myhmanlar hem-de bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyplary syýahatçylyk pudagyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahaty geçirildi. Onda halkara maglumatlar giňişliginiň ösüş meýilleri, žurnalistleriň okyjylar, teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler bilen özara gatnaşygynyň täze ugurlarydyr usullary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halkara hyzmatdaşlykda eýeleýän orny bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň nobatdaky maslahatynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň birnäçesi, şeýle hem käbir kanunçylyk namalaryna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Arkadag şäherinde birnäçe möhüm dabaralar geçirildi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli maslahat, şeýle hem gaznanyň ýardam bermeginde mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy geçirildi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň möhüm wakalary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän ýylda ata Watanymyzyň ähli ugurlarda ýeten sepgitleriniň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ählumumy parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgeleriniň dabaralanmagynyň bähbidine alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

(TDH)

01.04.2024
Telekeçilige — giň ýol!

Ýurdumyzyň altyn gaznasy

Dogrusy, telekeçilik Garaşsyzlyk ýyllarynda peýda bolup, indi ol müňlerçe işdeşlerimiziň kesp-kärine öwrüldi. Hakyky, telekeçi üçin bu kär ýeňil kär däl. Onuň aladasam, hysyrdysam ýetik bolup, ol hemişe ýöredýän işiniň telekesini etmeli bolýar. Şol bir wagtda telekeçiligiň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli ugurdygyny guwanç bilen ýatlamaga haklydyrys. Ýaňy--ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy bellenilip geçildi. Şol günler täze kärhanalaryň ulanmaga berilmegi guwanjymyzy goşalandyrdy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, Bitarap döwletimizde bazar ykdysadyýetiniň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna, bazar gatnaşyklarynyň hil taýdan kämil derejelere çykarylmagyna uly ähmiýet berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz çygrynyň — hususyýetçiligiň ösdürilmegine, kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagyna gönükdirilen tutumly işlere badalga berildi. Ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady ösüşli döwrümiziň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi. Şeýlelikde, telekeçiligiň çalt depginlerde ösdürilmegi bilen ilatyň ýokary hilli harytlara, önümlere we hyzmatlara barha ösýän islegini has doly kanagatlandyrmakda guwançly netijeler gazanylýar. Aslynda, türkmen telekeçiligi hakynda gürrüň açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň: “Biz öz milli telekeçilerimiziň alyp barýan giň gerimli işlerine guwanmaga haklydyrys” diýen parasatly jümlesi ýadyňa düşýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berýän goldaw-ýardamyndan ruhlanýan welaýatymyzyň telekeçileriniň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tagallalaram guwandyrýar. Olar ilatyň islegli harytlaryny we önümlerini öndürmekde, dürli hyzmatlary edip bermekde uly işleri bitirýärler. Harytlaryň bolçulygyny döretmekde guwançly sepgitlere eýe bolýarlar. Dürli önümleri we harytlary öndürmek, gurluşyk-gurnama işlerini etmek, oba hojalyk önümlerini köp mukdarda öndürmek bilen meşgullanýan hususy kärhanalaryň, firmalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň sany artyp, işleri barha rowaç alýar.

Telekeçilerimiziň hususy işlerini talaba laýyk ýola goýmaklary daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň we önümleriň ýerini tutýan harytlaryň bolçulygyny döretmäge mümkinçilik berdi. Şol bir wagtda telekeçilerimiziň özleriniň harytlaryny we önümlerini daşary ýurtlara eksport edýändikleri guwanç duýgusyny döredýär. Ýene bir bellemeli zat bolsa, hususyýetçiligiň ösdürilmegi täze-täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berdi. Işewürlerimiziň şeýle bähbitli, tutumly işleri “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda täze belentliklere çykýar.

Täzegül JUMADURDYÝEWA.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, welaýat zenanlar bölüminiň geňeş agzasy..

01.04.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Aşgabat, 28-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy birek-biregi mukaddes Oraza aýy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Myhman Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp, mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Aşgabatda bolýandygyna şatdygyny aýtdy we türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbini özgertmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işlere ýokary baha berdi. Dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderine Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň hem-de Eýranyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýiniň mähirli salamyny ýetirip, goňşy ýurduň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň daşary işler ministrini gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, goňşy ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de türkmen we eýran halklarynyň gatnaşyklarynyň asyrlara uzap gidýän taryhy-medeni köklerden gözbaş alýandygyny, olary özara umumylyklaryň birleşdirýändigini kanagatlanma bilen belledi. Gahryman Arkadagymyz asyrlaryň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryň soňky ýyllarda has-da ösdürilýändigini aýdyp, hoşniýetli goňşuçylyga, dost-doganlyga, özara hormat goýmaga esaslanýan ynanyşykly hyzmatdaşlygyň ýokary derejede alnyp barylýandygyny nygtady.

EYR-nyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimiziň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de bu gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyndaky tagallalaryny aýratyn belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iki döwletiň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, dünýä giňişliginde, iri halkara guramalaryň çäklerinde alyp barýan hyzmatdaşlygyna ünsi çekdi hem-de EYR-nyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul eden “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş edendigi üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklaryň döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilýändigini aýtmak bilen, gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralaryň giň gerimde dowam edýändigini, Ahal welaýatynyň Änew şäherinde açylan täze metjidiň möhüm ähmiýetini belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Eýran ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz, elektroenergetika, üstaşyr ulag ulgamlarynda, gurluşyk, oba hojalyk pudaklarynda özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilýändigi bellenildi. Özara gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanda we Eýranda milli önümleriň sergileriniň, işewürlik maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmeginiň hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da işjeňleşmegine ýardam berýändigine üns çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri iki ýurduň dürli derejedäki Hökümet wekiliýetleriniň ýygy-ýygydan amala aşyrýan özara iş saparlarynyň, yzygiderli geçirilýän geňeşmeleriň we gepleşikleriň döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýandygyny aýdyp, goňşy Eýran Yslam Respublikasy bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegini goldaýandygyny belledi.

Medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda hem-de medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda aýratyn orun eýeleýär. Goňşy ýurtlaryň arasynda ylym, bilim, medeniýet, sungat, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Milli Liderimiz beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden belleniljek dabaralarynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de goňşy ýurduň wekilleriniň bu dabaralara işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz Eýranyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň saparynyň dowamynda türkmen kärdeşleri bilen geçirjek gepleşikleriniň iki ýurduň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça ösdürmäge täze itergi berjekdigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri birek-birege berk jan saglyk, uzak ömür, işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ähli ugurlarda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

29.03.2024