

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Ahal welaýaty — Aşgabat, 8-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky täze, möhüm desgalaryň — ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda wajyp orny eýeleýän gurluşyk-senagat pudagynyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynda başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler esasynda baý ýerli çig mal gorlarynyň binýadynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň öndürilýän görnüşleri we möçberi yzygiderli artdyrylýar. Möhüm senagat desgalaryny gurmaga işjeň gatnaşýan hususy telekeçileriň hyzmatdaşlygy üçin amatly şertler döredilýär. Önümçiligiň doly awtomatlaşdyrylmagy, döwrebap innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze, kuwwatly kärhanalaryň döredilmegi we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi ýurdumyzyň dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna girmegini şertlendirýär.
Gurluşyk senagatyna ägirt uly serişdeler gönükdirilýär. Olar pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, senagat pudagyny toplumlaýyn ösdürmäge, öndürilýän harytlaryň, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge ýardam berýär. Ýurdumyzda ýola goýlan sement önümçiligi munuň aýdyň mysalydyr. Şu ýylyň martynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply bolan sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy. Ine, bu gün bolsa Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze, kuwwatly önümçiligiň nobatdaky tapgyry işe girizilýär. Bu zawodyň ýokary hilli önümleri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklarda peýdalanylar.
2005-nji ýylda ulanmaga berlen Bäherden sement zawody Merkezi Aziýa sebitinde şeýle kärhanalaryň iň irileriniň biri bolup durýar. Ol Köpetdagyň belent gerişleriniň eteginde ägirt uly senagat düzümlerini we önümçilik desgalaryny özünde jemleýän tutuş toplumdyr. Bu ýerde sementiň ýokary islegden peýdalanýan görnüşleri öndürilip gelinýär. Zawodyň önümleri täze taryhy döwürde Diýarymyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklaryň ýokary depginini üpjün edýär.
Ýyllyk kuwwaty 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen senagat toplumynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmäge Germaniýanyň önümçilik işini meýilnamalaşdyrmak we sement senagaty üçin taslamalary dolandyrmak boýunça hyzmatlary hödürleýän «KHD Humboldt Wedag» iri inženerçilik kompaniýasy çekildi. Munuň özi Türkmenistanyň «Açyk gapylar», giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, milli ykdysadyýetiň, şol sanda gurluşyk senagatynyň ösdürilmegine uly iş tejribesine we innowasion tehnologiýalara eýe bolan öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalaryny işjeň çekýändiginiň nobatdaky güwäsidir.
...Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda ýörite meýdança geldi we bu ýerden uzakda bolmadyk täze, döwrebap önümçiligiň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli guralýan dabaranyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.
Ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçiligiň wekilleri ýygnandylar.
Dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mübärekleýärler. Medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary dabara gaýtalanmajak öwüşgin çaýdy. Döwlet Baştutanymyz dabaraly çäre üçin ýörite taýýarlanylan mejlisler jaýyna barýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi mynasybetli dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, Garaşsyz Watanymyzda medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary ulanmaga bermegiň, täze önümçilikleri işe girizmegiň indi asylly däbe öwrülendigini belledi.
Şu gün Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desgany hem dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bereris. Şeýle-de welaýatyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýyny sowgat hökmünde gowşurarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu ýere ýygnananlary şatlykly wakalar mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Senagat we gurluşyk önümçiligi ykdysadyýetimiziň iri pudaklarynyň biri bolup durýar.
Senagatçylaryň yhlasly, tutanýerli zähmeti netijesinde, Diýarymyzda alnyp barylýan gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda hereket edýän Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlarynda täze innowasion tehnologiýalar esasynda, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary hilli sement önümleri öndürilýär. Öndürilýän sement önümleri içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islege eýe bolýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda köpugurly gurluşyk önümçilik ulgamy döredildi. Döwrebap kärhanalarda önümleriň görnüşlerini hem-de möçberini artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Gurluşyk senagatyny ösdürmäge gönükdirilýän maýa goýum serişdelerini netijeli özleşdirmäge, kärhanalaryň önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmaga aýratyn üns berilýär.
Ýerli çig mal serişdelerini peýdalanmak bilen, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary gurulýar. Ine, şu gün dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýän döwrebap kärhana hem şeýle desgalaryň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Täze kärhananyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Ol dünýäniň ösen döwletleriniň kämil enjamlary bilen üpjün edildi. Bu bolsa önümçiligi ýokary derejede alyp barmaga, ýokary hilli önümleri öndürmäge mümkinçilik berer.
Kärhana edara binasyndan we 48 sany desgadan ybarat bolup, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik we durmuş şertleri döredilen.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň senagatçylarynyň geljekde hem ýurdumyzy ösdürmekde, alnyp barylýan gurluşyklary, ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün etmekde tutanýerli zähmet çekjekdiklerine berk ynam bildirdi.
Şeýle hem ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmeginiň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerini ýokary hilli arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Ine, şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desga işe girizilýär. Bu desga bir gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr agyz suwuny arassalamaga niýetlenendir. Onda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň ösen tehnologiýalary ornaşdyryldy. Biz welaýatlarymyzda täze agyz suw desgalaryny we üpjünçilik ulgamlaryny gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça işleri geljekde-de netijeli dowam etdireris diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynda nygtady.
Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Bäherden etrabynda täze keramiki-bezeg önümlerini öndürýän kärhananyň, şeýle hem Tejen şäherinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň işe girizilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şeýle-de Ahal welaýatynyň çäginde birnäçe durmuş-medeni maksatly desgalar, döwrebap ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler. Ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek, täze, döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli dowam etdiriler.
Hormatly Prezidentimiz senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň ähli işgärlerini, şeýle hem Ahal welaýatynyň ilatyny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde agyz suwuny arassalaýjy desganyň dabaraly açylmagy, şeýle hem welaýatyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň sowgat berilmegi mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «KHD Humboldt Wedag/ZAB» kompaniýasynyň hyzmatlar gullugynyň müdiri Gennadiý Mahtumowa söz berildi.
Kompaniýanyň wekili Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimizi we ýygnananlary tüýs ýürekden gutlap, ýurduň senagat toplumynyň möhüm bölegine öwrüljek täze kärhananyň gurluşygynyň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikde uly tagallalaryň edilendigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, hünärmen Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekdäki tagallalary, german işewürlerine berýän goldawlary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine durmuşa geçirýän işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Biz geljekde-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň okgunly ösmegine ýardam berjek netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyrys diýip, Gennadiý Mahtumow aýtdy we «KHD Humboldt Wedag» kompaniýasynyň ýokary howpsuzlyk derejesini, işgärleriň saglygynyň we daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmek bilen, müşderilere ýokary tehnologik çözgütleri, serişdeleridir hyzmatlary hödürlejekdigine ynam bildirdi.
Şu gün ulanmaga berilýän Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda “KHD Humboldt Wedag” kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilen inženerçilik hyzmatlarynyň we ornaşdyrylan enjamlaryň Germaniýanyň senagat standartlaryna (DIN), sement senagatynyň standartlaryna, Halkara elektrotehnika komissiýasynyň (IEC) we ISO standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänama dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine gowşuryldy.
Soňra uly ekranda Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry barada ýörite taýýarlanylan wideofilm görkezildi.
«Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan önümçilik toplumy häzirki zaman senagat önümçiliginiň gazananlaryny özünde jemleýär. Ähli önümçilik işiniň doly awtomatlaşdyrylmagy, zawodyň işgärleriniň ýokary öndürijilikli işi üçin amatly şertleriň döredilmegi bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginde esasy şertler boldy.
Ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply täze zawod dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa uly isleg bildirilýän ýokary hilli sementiň “PS-400”, “PS-500”, “PS-600” görnüşlerini hem-de sulfata durnukly portlandsementi öndürmäge amatly mümkinçilikleri döredýär. Beýleki desgalarda bolşy ýaly, bu zawodda hem önümçiligiň ekologik taýdan arassalygyna, ähli bellenen kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berildi. Çünki daşky gurşawyň goraglylygy ýurdumyzdaky iri senagat desgalarynyň gurluşygynda aýrylmaz şertleriň biri bolup durýar.
Dabaranyň resmi bölegi tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz mejlisler jaýyndan çykdy we Ahal welaýatynyň häkimine bu şanly waka mynasybetli welaýatyň ýaşaýjylaryna sowgat berlen täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Ahal welaýatynyň häkimi sowgat berlen täze, döwrebap awtoulaglar üçin welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesýär. Şol pursatda asmana dürli reňkli howa şarlary uçurylýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz merkezi dolandyryş binasyna tarap ugraýar.
Ýol ugruna Arkadagly Gahryman Serdarymyz zawodyň çägini synlap, bu ýerde ulanmaga berlen desgalaryň işleýiş aýratynlyklary barada maglumatlary diňledi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde guralan ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň kärhanalary tarapyndan öndürilen önümleriň sergisi bilen hem tanyşdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň gerimli senagatlaşdyrmak maksatnamalaryna laýyklykda, iri senagat kärhanalary guruldy we täzeleriniň gurluşyklary alnyp barylýar. Durmuş-hojalyk, beýleki maksatly köp sanly desgalar ýaly, bu önümçilik toplumlary hem elektrik energiýasynyň ygtybarly, bökdençsiz üpjün edilmegini talap edýär. Şoňa görä-de, alnyp barylýan giň gerimli işleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä belli önüm öndürijileriň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap gaz turbinaly elektrik stansiýalary, elektrik geçiriji ulgamlar, paýlaýjy elektrik podstansiýalary gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenilýär. Şunlukda, soňky ýyllarda energetika senagatynyň önümçilik kuwwatlyklary birnäçe esse artdy. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň içerki isleglerini doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmaga hem mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe himiýa senagatynyň ösdürilmegine-de uly üns berilýär. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, ugurdaş kärhanalara sanly ulgamy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek, himiýa pudagyny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň giň gerimli maksatnamalaryny amala aşyrmakda gurluşyk pudagyna möhüm orun degişlidir. Diýarymyzyň çar künjeginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Olar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan talabyň artmagyny şertlendirip, ýerli çig mallaryň esasynda bu serişdeleriň önümçilikleriniň çalt depginde ösmegine täze itergi berdi.
Türkmenistanda öndürilýän häzirki zaman gurluşyk we bezeg serişdeleriniň dürli görnüşleri gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, gurluşyk serişdelerini öndürmek boýunça täze kärhanalary döretmek, pudagyň önümçilik, ylmy-tehniki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleriň üstünlikli çözülýändigini aýdyň görkezýär.
Döwletimiz tarapyndan awtomobil ýollarynyň gurluşygy pudagynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi üçin hem uly serişdeler gönükdirilýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň fewralynda gol çeken Permanyna laýyklykda, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi döredildi. Häzirki wagtda täze awtomobil ýollaryny gurmak, ozal bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli taslamalar döwrebap ulag-logistika ulgamyny döretmäge, yklymda möhüm üstaşyr ulag geçelgesine öwrülen döwlet hökmünde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönüden-göni ýardam edýär.
Sergide hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň öndürýän önümleri bilen tanyşdy. Ol innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap kärhana bolup, bu ýerde dünýä ülňülerine laýyk gelýän dürli görnüşli aýnalar, şol sanda ýüzi örtükli, laminirlenen, taplanan aýnalar, aýna paketleri öndürilýär. Bulardan başga-da, «float» tehnologiýasy esasynda dury we reňkli aýnalar taplanan görnüşde öndürilýär. Kärhananyň önümleri içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyny innowasion taýdan özgertmäge, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmak babatda uly ösüşler gazanylýar. Gurluşyk harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna we olaryň görnüşleriniň giňeldilmegine, gurluşyk senagatynyň önümçilik, ylmy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli gurallarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.
Sergide Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen bilelikde döredilen “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň ýurdumyzda importyň ornuny tutýan, dünýä standartlaryna laýyk gelýän önümleri hem görkezilýär. Umuman, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen asylly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigini giňden şöhlelendirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow merkezi dolandyryş binasyna girip, binanyň üçünji gatyna çykdy. Bu ýerde toplumyň ähli tehnologik işine gözegçilik edilýän merkezi önümçilik dolandyryş nokady ýerleşýär.
Hünärmen senagat we gurluşyk pudagyny ösdürmek meselelerine berýän yzygiderli ünsi, pudagyň zähmetkeşleri barada edýän aladalary üçin sement zawodynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallygyny beýan edip, Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegine ak pata bermek baradaky haýyş bilen döwlet Baştutanymyza ýüzlendi.
Tolgundyryjy pursat ýetip gelýär: hormatly Prezidentimiz düwmäni basyp, nobatdaky iri senagat desgasyny işe girizýär.
Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň öz işine başlamagy we önümçiligiň çylşyrymly tehnologik prosesi wideoşekiller arkaly görkezilýär. Şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň ýerli çig maldan ýokary hilli önümleri öndürmäge ýöriteleşen täze kärhanasy tiz wagtda gurluşyk senagatynyň esasy önümleriniň biri bolan sementiň ilkinji tonnalaryny sarp edijilere ýetirip başlar.
Şu gün işe girizilen zawodyň ýokary hilli önümleriniň döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilmeginiň çäklerinde ulanmaga beriljek täze kärhanalaryň, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna täze itergi berjekdigi ikuçsuzdyr.
Döwlet Baştutanymyz merkezi dolandyryş binasyndan çykyp, sement zawodynyň direktoryna bu ýerde hatar edilip goýlan, önümçilikde ulanyljak täze, ýörite tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.
Dabara tamamlanandan soňra, Arkadagly Gahryman Serdarymyz çärä gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçar meýdançasyna bardy we bu ýerden indiki täze desga — Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde ýerleşýän, kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desga tarap ugrady.
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzda kabul edilen we üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli maksatnamalar, şol sanda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Şunda ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi.
Döwletimiziň suwy rejeli we netijeli peýdalanmakda baý tejribesi bar. Halkymyz asyrlaryň dowamynda suwa aýawly garap gelipdir. Häzirki döwürde bu parasatly däpler suw hojalygynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, pudaga ylmyň gazananlaryny, ekologik taýdan arassa suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn çärelerde öz beýanyny tapýar. Pudaga sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna-da uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistanda suw serişdelerini dolandyrmak we gorap saklamak, suwuň goşmaça gorlaryny döretmek, şäherleriň, obalaryň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw howdanlarynyň göwrümini, derýalaryň, suwaryş we lagym ulgamlarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak boýunça işleriň kämilleşdirilmegine yzygiderli üns berilýär. Şu maksatlar bilen, degişli taslamalar durmuşa geçirilýär, pudak üçin ýörite tehnikalar, iň täze enjamlar satyn alynýar. Şunda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Bu suw howdanynyň — çylşyrymly gidrotehniki desganyň gurulmagy ýurdumyzda ykdysady we durmuş wezipeleriniň, Türkmenistanda, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ekologik abadançylyk bilen bagly meseleleriň üstünlikli çözülmegine ýardam bermäge gönükdirilendir. Şeýle-de “Altyn asyr” Türkmen köli dünýäde suw serişdelerini, daşky gurşawy goramak babatda ählumumy meselelere ýurdumyzyň anyk goşant goşýandygyny tassyklaýan innowasion taslamadyr.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, dünýäniň ilatynyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi ählumumy Durnukly ösüş maksatlarynyň esasylarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, suw hojalyk ugry howa şertleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Howanyň üýtgemegine we onuň getirýän netijelerine garşy göreşmek hem Durnukly ösüş maksatlarynyň hataryna girizilendir. Türkmenistan bu meseleleriň çözülmegine jogapkärçilikli we uzak möhletleýin esasda çemeleşip, Birleşen Milletler Guramasy, beýleki abraýly halkara düzümler bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.
Ýurdumyz sebit we ählumumy derejede suw hem-de ekologiýa diplomatiýasyny işjeň ilerledip, bu möhüm ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, tutuş adamzada hyzmat edip biljek öňdebaryjy tejribeleri işläp taýýarlamaga ýardam bermäge çalyşýar. Türkmenistanyň Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmak, Birleşen Milletler Guramasynyň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça başlangyçlary hem şu maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, ýurdumyz Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň maýynda Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň 79-njy mejlisinde Türkmenistanyň şu meselä degişli öňe süren Kararnamasy biragyzdan kabul edildi.
...Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary täze desganyň ýanyndaky dikuçar meýdançasyna gondy. Soňra hormatly Prezidentimiz dabaranyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.
Ýurdumyzyň sungat ussatlary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň möçberli özgertmeleri, Watanymyzyň ýeten sepgitlerini wasp edýän aýdym-sazly, tansly kompozisiýa bilen çykyş edýärler.
Asylly däbe görä, ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý bagyny kesýär we täze desgany açýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz suw arassalaýjy desganyň edara binasynda ýerleşýän dolandyryş merkezine barýar. Bu ýerde hünärmen hormatly Prezidentimizi merkeziň işi bilen tanyşdyrýar. Onuň işi toplumyň beýleki bölümleriniňki ýaly, doly awtomatlaşdyrylandyr. Merkezde arassalanan agyz suwuny desgadan bellenen möçberde ibermek we zerurlyga görä, iberilişi kadalaşdyrmak ýaly çözgütler kabul edilýär. Toplumyň düzümine girýän barlaghanada suwy arassalamak üçin ulanylýan himiki reagentleriň bellenen kadalara laýyklykda taýýarlanylyşyna (alýuminiý sulfaty we gipohlorit natriý erginlerini garmak) gözegçilik edilýär.
Hünärmen suw hojalygy pudagynyň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsi we pudagyň zähmetkeşleri baradaky aladalary, ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap kärhanada işlemäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza suw arassalaýjy desganyň işe girizilmegine ak pata bermegi baradaky haýyş bilen ýüzlenýär.
Hormatly Prezidentimiz düwmä basýar we täze desgany ulanyşa girizýär. Monitorda Ýaşlyk şäherçesindäki suw arassalaýjy desganyň tehnologik prosesleri bilen bagly wideoşekiller görkezilýär.
Täze toplum ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edildi. Suw Garagum derýasyndan howdana iberilýär we bu ýerde tebigy usulda çökdürilýär. Soňra ýörite gözeneklerden geçirilip, mehaniki esasda süzülýär. Soňra bolsa suw sorujy bekedinden turba geçirijiler arkaly suw arassalaýjy desga iberilip, bu ýerde kaskad howalandyrma desgasy arkaly kislorod bilen baýlaşdyrylýar, demir, marganes ýaly minerallardan arassalanýar. Soňra suw himiki usul bilen arassalanylýar we suw sorujy enjam arkaly çäge hem-de kömür süzgüçlerinde süzülýär. Süzülen we doly arassalanan agyz suwy natriý gipohloridi bilen zyýansyzlandyrylyp, dört sany arassa suw howzuna berilýär. Arassa agyz suwy Ýaşlyk şäherçesine, onuň ýakynyndaky obalara iberilýär. Mundan başga-da, suw sorujy enjamlar bilen arassa agyz suwy Gäwers obasyna, onuň töweregindäki ilatly ýerlere iberilýär. Ekologik howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, suw arassalamagyň dowamynda emele gelen çökündiler ýörite enjamlar, şol sanda guratmak we goýaltmak üçin niýetlenen dekanter enjamy arkaly zyýansyzlandyrylýar.
Döwlet Baştutanymyz täze suw hojalyk desgasy bilen tanyşmagyny dowam edip, himiki-bakteriologik barlaghana bardy hem-de onuň enjamlaşdyrylyşy we işiniň aýratynlyklary bilen tanyşdy.
Barlaghananyň hünärmeniniň gürrüň bermegine görä, bu ýerde daşary ýurtlarda öndürilen ýokary tehnologiýaly enjamlar, şol sanda 50-den gowrak barlagy ýerine ýetirýän, hususan-da, suwdaky dürli himiki elementleri, suwuň gatylygyny anyklamak üçin barlaglary ýerine ýetirýän spektrofotometr enjamy ornaşdyrylypdyr. Turbidimetr enjamynyň kömegi bilen suwuň bulanyklyk derejesi ölçenilýär. Himiki reagentleri taýýarlamak üçin gyzdyryjy magnetiki garyşdyryjy ulanylýar. Şeýle-de barlaghanada analitik agyrlyk ölçeýji terezi, suwuň elektropotensial wodorod geçirijiligini ölçemek üçin PH metr enjamy, bu ýerde ulanylýan çüýşe önümlerini guratmak üçin enjam bar.
Hünärmen ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde uly ähmiýeti bolan bu täze desganyň işe girizilmegi, ýaşlara döwrebap kärhanalarda zähmet çekmäge döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, asylly başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz desganyň edara binasyndan çykyp, pudak üçin niýetlenen täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçar meýdançasyna bardy we bu ýerden Aşgabada ugrady.
Şeýlelikde, şu günki wakalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýyl ýazgysynda täze sahypany açyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsine öwrülip, Garaşsyz Watanymyzyň döretmek ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny tassyklady.





«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligini ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine islegiň ýokarlanmagyny, ýerli çig malyň binýadynda olaryň önümçiliginiň kämilleşdirilmegini talap edýär. Häzirki wagtda gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň täze känlerini ýüze çykarmak üçin geologik barlaglar işjeň alnyp barylýar. Bu işleriň netijeleri önümçilik toplumlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmaga, özümizde we daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň möçberini artdyrmaga ýardam edýär.
Döwlet Baştutanymyz öz çykyşlarynda täze gurulýan desgalaryň ýokary hilli serişdeler bilen yzygiderli üpjün edilmeginiň möhümdigini, ýurdumyzyň baý ýerli çig mal serişdelerini giňden özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň, importyň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleri öndürmäge ýöriteleşen täze zawoddyr kärhanalaryň döredilmegine gönükdirilen işleri alyp barmagyň zerurdygyny nygtaýar. Şu ýylyň 13-nji martynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi hem bu ugurdaky işlere mynasyp goşant boldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenabat şäherinden 350 kilometr uzaklykda ýerleşýän kärhanada geçen ýyllardan bäri ýokary berklige eýe bolan sementiň uly isleg bildirilýän görnüşleri öndürilip gelinýär. Birinji sement zawodynyň golaý çäginde «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurlan iri senagat kärhanasy häzirki zaman senagat önümçiliginiň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýär. Ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen täze kärhanada dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän enjamlary ornaşdyrylyp, ähli önümçilik işleri doly awtomatlaşdyrylandyr. Hasaplamalara görä, bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň möçberiniň rugsat edilýän derejeden hem ep-esli az bolmagy, howa goýberilýän tozanlary toplamak, arassalamak üçin kuwwatly süzgüç ulgamlarynyň ulanylmagy kärhanada önümçiligiň ekologik taýdan arassadygyny we daşky gurşawy goramagyň ähli zerur kadalarynyň berjaý edilýändigini görkezýär.
Zawodyň zerur çig malyň esasy görnüşleriniň uly ätiýaçlyklarynyň baý sebitinde gurulmagy, onuň gazylyp alynýan ojaklara golaý çäkde ýerleşmegi önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge mümkinçilik berýär. Aslynda, Köýtendag etraby — peýdaly magdanlara baý sebit. Bu ýerden önümçilik üçin zerur hek, kwars çägesi, gips we toýun, opoka ýaly çig mallar alynýar. Türkmen geologlarynyň gözleg-barlag işleriniň netijesinde ýüze çykarylan «Başhatyn» känindäki toýnuň ägirt uly gorlary, «Garajumalak» känindäki hek daşy, «Akgum» känindäki kwars çägeleri Lebap sement zawody üçin gymmatly önümler bolup durýar. Has öňräk bu ýerde opoka görnüşli toýnuň uly gorlarynyň bardygy anyklanyldy. Alymlaryň pikirine görä, ol tektonik ýagdaýlar sebäpli topragyň görnüşiniň üýtgemegi esasynda döräpdir. Opoka toýna çalymdaş bolsa-da, fiziki häsiýetleri boýunça ondan tapawutlanýar. Öte dykyz, berk we suwda ýumşamaýandygy üçin ol sement senagaty üçin arzan hem giňden ýaýran çig maldyr. Sement önümçiliginde opokanyň ulanylmagy materialyň özüne düşýän bahasyny arzanladýar we berkligini has güýçlendirýär, süýji hem-de sulfatly suwlarda sementiň suwa, sulfata durnuklylygyny ýokarlandyrýar.
Portlandsement gurluşyk işlerinde iň wajyp önüm bolup durýar. Portlandsement we onuň görnüşleri monolit demirbeton konstruksiýalary gurlanda, ýygnalan demirbeton konstruksiýalarynyň we önümleriniň önümçiliginde, gurluşyk erginleri, gury garyndylar taýýarlananda, sementiň ýörite görnüşleriniň önümçiliginde, başga-da birnäçe gurluşyk materiallaryny taýýarlamakda ulanylýar. Aýratyn häsiýetli berkidiji materiallary almak üçin klinkeriň düzümine silikatlary, alýuminatlary, mineral goşundylary goşýarlar. Portlandsement gidrawliki berkidiji madda bolup, düzüminde 70 — 80 göterim kalsiý silikatlaryny saklaýan portlandsement klinkerine tebigy gipsiň goşulyp, bilelikde ownuk üwelmegi bilen alynýar. Çig mal garyndysynyň talap edilýän himiki düzümini üpjün etmek üçin dürli goşundylar ulanylýar. Sement üwelende mineral we organiki goşundylaryň goşulmagy, berkidijiniň häsiýetini ugrukdyryp üýtgetmäge, klinkeri tygşytlamaga, betondaky sementiň mukdaryny azaltmaga mümkinçilik berýär.
Täze kärhana 38 sany binadan we desgadan ybarat bolup, dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasyny öndürmäge ukyplydyr. Zawodyň ikinji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli zerur önümçilik, durmuş şertleri döredilendir. Ozal bu ýerde «PS-400» we «PS-500» görnüşli sement öndürilýän bolsa, täze tapgyryň işe girizilmegi bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde has uly islege eýe «PS-600» görnüşli sementi hem öndürýän döwletleriň hataryna goşuldy. Zawodda Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Türkiýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlarynyň ornaşdyrylmagy önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär.
Ahal welaýatyndaky Bäherden sement zawodynyň täze, häzirki zaman innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, ýylda 1 million tonna ýokary hilli sement öndürmäge niýetlenen ikinji tapgyryň işe girizilmegi bilen bu ugurdaky işleriň gerimi has-da giňär.
Şeýle kuwwatly kärhanalaryň ulanmaga berilmegi ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin inžener-hünärmenleri taýýarlaýan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň nazaryýetde alan bilimlerini tejribelikde özleşdirmek üçin hem uly ähmiýete eýedir. Munuň özi täze iş orunlaryny döretmäge, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine, halkyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna mynasyp goşantdyr.
Maýa KELOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.




Aşgabat, 3-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 9-sy, Mejlisiň kararlarynyň 11-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda”, “Gidrometeorologiýa işi hakynda”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynyň birnäçesine degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Häzirki wagtda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, ýurdumyzyň medeni mirasyny aýawly saklamak, ykdysadyýetini, oba hojalygyny ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işleri hukuk taýdan düzgünleşdirmek boýunça kanun taslamalary taýýarlanylýar.
Geçen döwürde Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri üçin kanun çykaryjylyk işiniň döwrebap usullary we ýörelgeleri barada okuw sapaklary guraldy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäklerinde duşuşyklaryň 13-si geçirildi. Mundan başga-da, deputatlar kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 30-dan gowragyna gatnaşdylar. Halkara tejribäni öwrenmek maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlary amala aşyryldy. Deputatlaryň halk köpçüligine döwlet syýasatynyň wezipelerini, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny düşündirmek, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek boýunça geçirilýän çärelere gatnaşýandyklary barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly kanun taslamalaryny taýýarlamaga hemişe aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi. Daşary ýurt döwletleri bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygy berkitmek arkaly parlamentara gatnaşyklary ilerletmäge möhüm ähmiýet bermegiň zerurdygy nygtaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň dört aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berip, jemi içerki önümiň 6,3 göterim artandygyny aýtdy.
2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň başyndan bäri bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar — aprel aýlarynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,9 göterim ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geçen dört aýyň jemleri boýunça gazanylan netijeleri mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça degişli işleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, wise-premýere ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri netijeli alyp barmak tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 102,4 göterim, konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy hem 110,1 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle-de polipropilen, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermek babatda gazanylan tehniki ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz känlerinde tebigy gazyň we nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Nebiti gaýtadan işleýän senagatda innowasion taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns bermegiň möhümdigi nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagynda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124,4 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk ministrligi boýunça 144,2 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 137,9 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100 göterime, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 220,9 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 107,4 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 113,6 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 125,6 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 282,6 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini geçirmek, olaryň ekilen meýdanlaryna ideg etmek boýunça işler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary ýokary öndürijilikli işletmek, galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, bugdaý ýygýan kombaýnlary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, pile öndürmek boýunça meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri dowam etdirilýär. Suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin degişli çäreler görülýär, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň garamagyndaky edara-kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, pudaga sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini öz wagtynda geçirmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 122,5 göterime deň boldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,3 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 101,5 göterim, Energetika ministrligi boýunça 111,6 göterim, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 159,3 göterim boldy. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,5 göterim, Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça meýilnama 126,4 göterim berjaý edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, senagat pudagynyň önümçilik binýadyny berkitmek maksady bilen, hereket edýän kärhanalarda öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek, taslama kuwwatlyklaryna çykarmak, döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalaryň işini ýola goýmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz awtomobil ýollaryny gurmak boýunça öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem wise-premýere 2024-nji ýylda açylyp ulanmaga berilmeli binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna berk gözegçilik etmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň dört aýynda gazanylan görkezijiler barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 104,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 102,7 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça nah matalaryň önümçiligi 108,4 göterime, tikin we trikotaž önümleriniňki 104,8 göterime, gön önümleriniňki 117,3 göterime deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar — aprel aýlarynda Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalarynyň 98-si geçirilip, 9 müň 511 şertnama hasaba alyndy.
Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 110,3 göterime deň bolup, sergileriň 6-sy, maslahatlaryň 41-si geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň dört aýynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 111,7 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 107,2 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumyna degişli önümçilikleri netijeli ulanyp, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlaryň görnüşlerini artdyrmagyň, ilata edilýän hyzmatlaryň döwrebap bolmagyny gazanmagyň zerurdygyny belledi. Bu işleriň ählisine Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny hem giňden çekmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe milli baýramçylyklar we Gündogaryň beýik akyldary, ajaýyp türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyşlary mynasybetli dürli çäreler geçirildi. Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi. Hormatly Prezidentimiziň “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.
Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli çäreler guraldy. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistanda, Özbegistanda, Türkiýede we Fransiýada medeni çäreleriň, konsertleriň, maslahatlaryň geçirilendigi barada aýdyldy. Şeýle hem dört aýyň dowamynda teatrlaryň, sirkleriň, kinoteatrlaryň, kinokonsert merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň ýerine ýetiren işleri barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň ýurdumyzda we daşary döwletlerde giň gerimde geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, meýilleşdirilen çäreleri mundan beýläk-de ýokary derejede guramak üçin degişli taýýarlyk işlerini alyp barmak barada görkezme berildi. Taryhy, medeni, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamaga, ylmy taýdan öwrenmäge hem-de dünýä ýaýmaga bagyşlanan teleradiogepleşiklerini yzygiderli taýýarlamak, bu işleri metbugatda-da giňden beýan etmek möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz medeni mirasymyzy, aýdym-saz sungatymyzy, däp-dessurlarymyzy asyl nusgasynda ýaş nesillerimize ýetirmek boýunça çäreleri yzygiderli geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz teatrlarda döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny giňden açyp görkezýän, milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösüşini beýan edýän eserleri sahnalaşdyrmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilimli nesli terbiýelemäge, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalaryny kämilleşdirmäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň hemaýat-goldawlary bilen Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy, döredijilik bäsleşikleri, bedenterbiýe-sport, medeni-jemgyýetçilik çäreleri, halkara olimpiadalar, IV Açyk halkara matematika, II Açyk halkara informatika olimpiadalary geçirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler, “Gadymy Änew medeniýeti”, “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy maslahatlar dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde giň seslenme döretdi.
Hasabat döwründe “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak, saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak ugrundaky giň gerimli işler dowam etdirildi. Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň binalar toplumy ulanmaga berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli operasiýalar geçirildi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde welaýatlardan gelen çagalara ýöriteleşdirilen bejergiden soňky dikeldiş çäreleri meýilnamalaýyn esasda alnyp baryldy.
Ýurdumyzda bedenterbiýäni, sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, milli ýygyndy toparlarymyzy Olimpiýa oýunlaryna we halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça netijeli işler alnyp baryldy. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş, dürli medeni-sport çäreleri geçirildi. Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda ýokary derejede geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrdy. Bu ýaryşyň jemleri boýunça Türkmenistanyň “Galkan” hokkeý topary birinji orna mynasyp boldy. Hasabat döwründe ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlarda jemi 114, şol sanda 37 altyn, 39 kümüş, 38 bürünç medala mynasyp boldular. Hormatly Prezidentimiziň adyndan halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere sylaglar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim edaralarynda okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim işini döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz ylmy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, ylmy işlerde innowasion tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige hödürlemek meselesine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş edaralarynyň işini kämilleşdirip durmagyň zerurdygyny belledi. Şeýle-de wise-premýere sport desgalaryny netijeli dolandyrmak, ýaşlary bedenterbiýe, köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek üçin netijeli işleri geçirmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny hem-de öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler amala aşyryldy. Bellenilişi ýaly, 4 — 6-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Birleşen Arap Emirliklerine, 1-nji martda üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna, 4-5-nji aprelde Täjigistan Respublikasyna saparlary amala aşyrdy. Şol saparlaryň barşynda ýokary derejedäki duşuşyklardyr gepleşikler geçirildi. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlikleri geçirdi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi ýurdumyzda saparda boldy.
Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň ýurdumyza bolan saparlary, döwletimiziň wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Hasabat döwründe dürli derejedäki, şol sanda sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň we gepleşikleriň ençemesi geçirildi. Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üsti 68 resminama bilen ýetirildi.
Daşary syýasat edaralarynyň derejesinde-de ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli amala aşyrylýar. Ýanwar — aprel aýlarynda Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat we howpsuzlyk boýunça ýokary wekili bilen duşuşyk boldy. Ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berlip, bu ugurda degişli işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, sebitde we dünýäde özara bähbitli hyzmatdaşlyga, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan daşary syýasaty dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hyzmatdaş döwletler bilen hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň dowamynda meýilleşdirilen köp sanly halkara çäreleri we maslahatlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işlerini alyp barmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew şu ýylyň geçen dört aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118 göterime deň boldy. Ulagyň ähli görnüşlerinde ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini, degişlilikde, 103,5 hem-de 102,6 göterime barabar boldy. Ýanwar — aprel aýlarynda «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 104,3 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 110,5 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça 161,2 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça 114,8 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça 111,9 göterime deň boldy.
Hasabatyň dowamynda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça geçirilýän işler barada-da aýdyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ulag-aragatnaşyk toplumyna degişli önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigi hakynda habar berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, halkara ýükleriň daşalýan möçberini artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Pudagyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,7 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8 göterime, söwdada 8,2 göterime, gurluşykda 5,8 göterime, oba hojalyk pudagynda bolsa 5 göterime deň boldy.
Ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň maý aýynda ýurdumyzda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralary, birnäçe halkara çäreler geçiriler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şol dabaralaryň hatarynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat bar. Şunuň bilen baglylykda, bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýakyn wagtda okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsümi we raýatlaryň zähmet rugsady başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, ähli jogapkär ýolbaşçylara Awazadaky myhmanhanalary, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini, beýleki şypahanalary, welaýatlardaky hem-de Aşgabat şäherindäki çagalar dynç alyş ýerlerini tomus möwsümine talabalaýyk taýýarlamak tabşyryldy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.