Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidentini kabul etdi

Aşgabat, 14-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumany kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýewropaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistan bilen däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady. Bellenilişi ýaly, ýurtda milli maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli çäreler we dürli pudaklarda amala aşyrylýan toplumlaýyn maksatnamalar ykdysady durnuklylygy üpjün etmäge, ösüşiň ýokary depginini saklamaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda abraýly maliýe guramalary we banklar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidentiniň Aşgabada şu saparynyň çäklerinde türkmen kärdeşleri bilen meýilleşdirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropanyň iri bankynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi. Şunda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hem üns çekildi. Tebigy serişdelere baý döwlet bolan Türkmenistanyň bu ulgamy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge ygrarlydygy nygtaldy. Ýurdumyzda energiýanyň arassa, daşky gurşawa zyýansyz we “ýaşyl” bolmagyny üpjün etmek ugrunda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Munuň özi Türkmenistanda durmuşa geçirilýän durnukly energetika taslamalaryna ýa-da täze başlangyçlara Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri şertlendirýär.

Ulag ulgamy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşmegi ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde berk binýat bolup hyzmat edýär. Şunda ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň üpjün edilmegi uly ähmiýete eýedir. Bu babatda köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarüsti halkara gatnawlary işjeňleşdirmegiň, bu ugurdaky kuwwatlyklardan doly peýdalanmagyň wajypdygyna üns çekildi. Ýewropa we Aziýa sebitlerini birleşdirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny artdyrmakda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmak babatda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň barşynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meselelerine-de üns çekildi. Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmekde toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şu babatda suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak örän wajypdyr. Şunda Türkmenistanyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň suwaryş desgalarynyň gurluşygy hem-de ýokary tehnologik enjamlary ornaşdyrmak boýunça degişli edaralar bilen hyzmatdaşlygyny goldaýandygy bellenildi.

Ýurdumyzyň banklarynyň we hususy pudagynyň bu iri maliýe düzümi bilen netijeli hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şol sanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmek bilen bagly meselelere hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Bouman uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

15.03.2024
Maksatlar aýdyň, ýyllarymyz sahawatly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda durmuş ulgamyna gönükdirilen özgertmeler durmuşa geçirilýär. Mähriban Watanymyzda ýaýbaňlandyrylýan maksatnamalaryň binýady ata-babalarymyzyň halk häkimiýetliligi baradaky başlangyçlaryndan we tagallalaryndan gözbaş alýar. Halk bilen häkimiýetiň kanunçylyga esaslanýan arabaglanyşygyny üpjün etmäge, döwlet häkimiýetiniň strategik ugurlaryny ýurduň durnukly ösüşine gönükdirmäge mümkinçilik berýän döwleti dolandyrmagyň milli modeli giňden dabaralanýar. Milli ýörelgelerimizi we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny öz içine alýan halk häkimiýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak döwletimizi berkarar etmegiň esasy ugrudyr. Bu binýat kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk we açyk gapylar ýörelgesinden gelip çykýan wezipeleri dünýä nusgalyk derejede durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Mejlisde ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň jemi jemlenildi. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» ýurdumyzda jemi içerki önüminiň ösüş depgini durnukly saklanyp, 6,3 göterime deň boldy. Şeýle hem, maýa goýum syýasatynyň netijeli durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzda gurluşygy amala aşyrylan giň möçberli taslamalar, durmuş we hyzmatlar ulgamynyň kämil derejä çykmagy Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyp ulanylmaga berilmegi bilen şertlendirildi. Häzirki wagtda «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň dowam edýändigini uly buýsanç bilen nygtamalydyrys.

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy türkmen halkynyň taryhy şahsyýetleriniň ýol-ýörelgelerine ygrarly bolan döwlet syýasatyny durmuşa geçirýändigini alamatlandyrýar. Akyldar, dana Pyragymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlarynyň wysal bolan döwründe ýaşaýan her bir türkmen raýaty merdana ata-babalarymyzyň nusgalyk mekdebine wepaly bolup, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaly. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen goşgusyny peşgeş bermegi başymyzy göge ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň bu goşgusy dana Pyragymyzyň adyny şöhratlandyryp, onuň berkarar döwlet gurmak baradaky garaýyşlaryny ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasaty bilen baglanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanuna gol çekmegi bolsa, dana Magtymgulynyň adyny ebedileşdirmekde has-da möhüm waka boldy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Maslahatlar merkezinde geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny kanun esasynda berkitmek baradaky meselä seredip geçdi. Munuň özi akyldar Magtymgulynyň şan-şöhratyny dünýä jemgyýetçiligine ýaýmakda giň mümkinçilikleri döreder. Gahryman Arkadagymyzyň «Bu gün Magtymgulynyň ömür-döredijiligini, edebi mirasyny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işler örän möhüm ähmiýete eýedir» diýip bellemegi akyldar Pyragynyň garaýyşlarynyň halkara derejede ykrarnama tapýandygyny görkezýär.

Şeýle hem, Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň esasy wezipelerine seredildi. Bu Maksatnama döwletimiz tarapyndan birnäçe ýyllaryň dowamynda gazanylan üstünlikleriň tejribesine salgylanyp, dünýä ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän, özgerýän we üýtgäp durýan şertleriniň hasaba alynmagy bilen takyk hasaplamalar esasynda düzüldi. Maksatnamada Türkmenistanyň uzak möhletleýin durmuş-ykdysady strategiýasy — «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan» ugur alnyp, oýlanyşykly ölçenen syýasy we ykdysady garaýyşlar öz beýanyny tapýar.

Gahryman Arkadagymyz ykdysady, maliýe, durmuş, önümçilik we beýleki wezipeler bilen bir hatarda, kanunçylyk ulgamyna degişli wezipeleriň hem öňde goýulýandygyny nygtap, bu babatda ýerine ýetirilmeli işleriň möhüm ugurlarynyň üstünde durup geçdi. Şonuň ýaly-da, wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň taýýarlanylandygyny nygtap, ony tassyklamak baradaky taryhy Karary kabul etdi. Bu meýilnama ata Watanymyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de maýa goýum syýasatyny netijeli ugra gönükdirmegiň resminamasy bolup durýar. Meýilnama boýunça kesgitlenen wezipeler ýurdumyzyň Hökümetiniň 2024-nji ýylda alyp barmaly işleriniň özenini kesgitlär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Biziň ählimiziň iň esasy maksadymyz jandan eziz görýän Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr» diýip nygtaýşy ýaly, biziň her birimiz mukaddes Watanymyzyň ähli babatdaky ösüşine mynasyp goşant goşmalydyrys. Bu ýörelge «Berkarar döwlet istärin» diýip, Watanyň ezizligini, mukaddesligini ajaýyp setirlerine siňdiren dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki döwletlilik garaýyşlaryndan gözbaş alýar.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny yzygiderli üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Ýakup ORAZOW,

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň baş hünärmeni.

15.03.2024
Lebap sement zawodynyň täze tapgyry: aýratynlyklar, mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köýtendag etrabynda şu gün işe girizilen Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry ýurdumyzda şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen iri taslamalaryň biridir. Gurluşygyna 2020-nji ýylyň iýunynda badalga berlen bu desganyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy.

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da berkitmek, Diýarymyzy ýerli gurluşyk harytlary bilen ýeterlik derejede üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek hem-de olaryň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen gurlan Lebap sement zawodynyň täze tapgyry dürli maksatly binalardyr desgalaryň 38-sinden ybarat. Onuň ulanmaga berilmegi netijesinde, kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2 million tonna ýeter. Munuň üçin zawodyň ýerleşýän ýeri bolan Köýtendag sebitinde çig mal gorlary näçe diýseň bar.

Ýeri gelende bellesek, zawodyň birinji tapgyrynda-da işler ýyl-ýyldan kämilleşdirilip, geçen ýylda onuň önümçilik mümkinçiligi 1,1 million tonna ýetirildi. Ozal bu ýerde «PS-400» we «PS-500» görnüşli sement öndürilýän bolsa, täze tapgyryň işe girizilmegi bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde has uly islege eýe bolan «PS-600» görnüşli sementi hem öndürýän döwletleriň hataryna goşular. Zawodda Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň we Türkiýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylyp, olar önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. Gurluşyk senagaty üçin gymmatly önüm bolan sement öndürýän täze zawodyň gurluşygynda ekologik howpsuzlyk kadalary hem göz öňünde tutulandyr. Hasaplamalara görä, bu ýerde önümçilik wagtynda howa we suwa zyýanly maddalaryň bölünip çykýan mukdary rugsat edilýäninden hem ep-esli azdyr.

Çig mallaryň gazylyp alynýan känlerine golaýdygy, ýük daşamak boýunça çykdajylary tygşytlamaga uly mümkinçiligi bilen tapawutlanýan Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň talabalaýyk zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertler bar.

«Türkmenistan»

Köýtendag etraby.

14.03.2024
Türkmenistanyň gurluşyk senagatynyň kuwwaty barha artýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat — Lebap — Aşgabat, 13-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyna, hususan-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan şol maksatnamalar häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar.

Ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek ýoluny saýlap alan Türkmenistanda bu ugurda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilip, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygyna, önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyna, ýerli çig malyň esasynda ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, gazylyp alynýan tebigy baýlyklaryň geljegi uly täze känlerini ýüze çykarmak boýunça geologiýa-gözleg işleri işjeň alnyp barylýar. Olaryň netijeleri senagat toplumynyň mümkinçiliklerini artdyrmaga, ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän gurluşyk serişdeleriniň, beýleki harytlaryň öndürilişiniň möçberini ýokarlandyrmaga gönüden-göni täsirini ýetirýär. Sement önümleriniň ýola goýlan önümçiligi hem türkmen topragynyň baý serişde gorlarynyň netijeli ulanylýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 2013-nji ýylyň fewralynda açylan Lebap sement zawody bu ugurda nusgalyk önümçilik desgasydyr. Bu iri kärhana täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, diňe bir sebitiň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň hem durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine goşant goşýar.

Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi Türkmenabat şäherinden 350 kilometr uzaklykda ýerleşýän zawodda geçen ýyllaryň dowamynda ýokary berklige eýe bolan sementiň uly isleg bildirilýän görnüşleri öndürilip gelinýär. Ol ýokary hilli önümleri öndürmek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda barha ýaýbaňlandyrylýan gurluşyklaryň güýçli depgininiň gazanylmagyna ýardam edýär.

Gurluşyk pudagyna gönükdirilýän ägirt uly maýa serişdeleriniň, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum gurşawynyň, telekeçiligi goldamak babatda durmuşa geçirilýän netijeli çäreleriň şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna goşant goşýandygyny bellemek gerek. Bu syýasatyň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň her ýylda ýüzlerçesi gurlup ulanmaga berilýär, ozal bar bolanlarynyň durky täzelenilýär. Şeýle giň gerimli bu işler halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, şäherdir obalarda halkara ülňülere laýyk gelýän möhüm düzümleri kemala getirmäge gönükdirilen durmuş ugurly syýasatyň aýdyň netijeleridir.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylyň ýaz paslynyň ilkinji günleri senagat düzüminiň nobatdaky wajyp desgasynyň — Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurlup ulanmaga berilmegine beslendi.

...Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň uçary Kerki Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dikuçary howa menzilinden iri senagat kärhanasyna tarap ugrady.

Biraz wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň dikuçary ýurdumyzyň iri sement zawodynyň birinji tapgyrynyň ýanyndaky meýdançada gondy.

Hormatly Prezidentimiz awtoulagda bu ýerden uzakda bolmadyk çäkde täze, häzirki zaman kärhanasynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabaranyň geçirilýän ýerine ugrady.

Sebitiň we ýurdumyzyň ähli ilaty üçin ähmiýetli bolan waka mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň wekilleri, Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Lebap welaýatynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de jemgyýetçilik wekilleri ýygnandylar.

Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy mübärekleýär. Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Döwlet Baştutanymyz açylyş dabarasy üçin ýörite taýýarlanan ýere — mejlisler jaýyna geçýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylýandygyny belledi.

Şu gün Türkmenabat şäherinde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlary hem dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler. Şeýle-de Lebap welaýatynyň ilatyna ýokary hilli hyzmat etjek täze, döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň 200-e golaýy sowgat hökmünde gowşurylar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we hemmeleri bu şatlykly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlady.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen beýik işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen nygtady. Berkarar döwletimizde amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly döwrebap binalar, kuwwatly senagat kärhanalary, täze obadyr şäherler guruldy. Türkmenistanda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyry açylyp ulanmaga berildi.

Nygtalyşy ýaly, bu binalardyr desgalar milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmagy, ýurdumyzy senagatlaşdyrmagy, şeýle hem sebitleri sazlaşykly ösdürmegi maksat edinýär.

Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy Diýarymyzda alnyp barylýan gurluşyklary hem-de ilatymyzy zerur bolan ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün edýär.

Sement gurluşyk üçin iň zerur önümleriň biri bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlarynda täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli önümler öndürilýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly sement önümleri diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem uly islege eýe bolýar.

Çykyşda bellenilişi ýaly, döwletimiziň gurluşyk senagatyny ösdürmäge gönükdirýän maýa goýum serişdelerini netijeli özleşdirmäge, kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýerli çig mal serişdelerinden peýdalanmak bilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary gurulýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýän döwrebap zawodyň hem aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi.

Täze zawodyň gurluşygy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. Onda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy. Bu bolsa önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna, uly islegden peýdalanýan önümleri öndürmäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Kärhana 38 sany binadan we desgadan ybarat bolup, dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasyny öndürmäge ukyplydyr. Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli zerur önümçilik we durmuş şertleri döredilendir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynda kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze, häzirki zaman innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan, ýylda 1 million tonna ýokary hilli sement önümini öndürjek Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyryny hem işe girizmek göz öňünde tutulýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň senagatçylarynyň geljekde-de ýurdumyzy ösen döwlete öwürmekde, alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmekde tutanýerli zähmet çekjekdiklerine, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary, senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň ähli işgärlerini, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylaryny bu möhüm desganyň işe girizilmegi, şeýle hem Türkmenabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, sebitiň ilatyna täze ýolagçy awtobuslarynyň sowgat berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra «Thyssenkrupp Polysius GmbH» kompaniýasynyň enjamlary işe girizmek boýunça baş gözegçisi Mate Resetara söz berildi.

Ol möhüm waka — Köýtendag etrabyndaky Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli ýygnananlary tüýs ýürekden gutlap, bu ýokary tehnologiýaly taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagyň özi we kärdeşleri üçin uly hormatdygyny belledi.

Türkmenistandaky hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde bu zawodyň ýurduň senagatynyň wajyp düzüm bölegine öwrülmegi üçin köp zähmet çekdik. Bu gün şol tagallalarymyzyň ajaýyp netijesini görüp, juda begenýärin diýip, Mate Resetar aýtdy.

Bellenilişi ýaly, nou-haularyň we innowasion tehnologiýalaryň binýadynda öňde goýlan wezipeleriň täzeçil çözgütlerini işläp taýýarlaýan «Thyssenkrupp Polysius GmbH» kompaniýasy Türkmenistan bilen uzak möhletli özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýär hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de okgunly ösmegine öz goşandyny goşmaga hemmetaraplaýyn taýýardygyny mälim edýär.

Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşyk taslamasynyň çäklerinde “Thyssenkrupp” kompaniýasy tarapyndan getirilen enjamlar we ýerine ýetirilen inženerçilik işleri halkara ölçeglere, has takygy, Germaniýanyň senagat standartlaryna — DIN ülňülerine, sement senagatynyň standartlary hem IEC we ISO standartlaryna doly laýyk gelýär. Şunuň bilen baglylykda, «Thyssenkrupp Polysius GmbH» kompaniýasynyň wekili Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministrine degişli güwänamany gowşurdy.

Soňra dabara gatnaşyjylar uly ekranda türkmen topragynyň täsin we gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry barada ýörite taýýarlanan wideofilme tomaşa etdiler.

“Türkmen enjam” hojalyk jemgyýeti tarapyndan Lebap sement zawodynyň birinji tapgyrynyň golaýynda gurlup ulanmaga berlen iri senagat kärhanasy häzirki zaman önümçiliginiň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýär.

Ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen täze zawodda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýän enjamlary ornaşdyryldy. Ähli önümçilik işleriniň doly awtomatlaşdyrylmagy we kärhananyň işgärleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmegi taslamany durmuşa geçirmekde ugur alnan esasy ýörelge boldy.

Önümçiligiň ekologik taýdan arassa bolmagynyň, daşky gurşawy goramagyň ähli zerur kadalarynyň berjaý edilmegi ýurdumyzdaky iri senagat desgalarynyň gurluşygynda möhüm we hökmany şertleriň biri hökmünde çykyş edýär. Hasaplamalara görä, täze zawodda önümçilik işinde bölünip çykýan zyýanly galyndylaryň möçberi rugsat edilýän derejeden hem ep-esli azdyr. Howa goýberilýän tozanlary toplamak we arassalamak üçin kuwwatly süzgüç ulgamlary ulanylýar.

Bar bolan mümkinçilikleri doly güýjünde ulanmak, türkmen topragynyň gazylyp alynýan baýlyklarynyň baý gorlaryny netijeli peýdalanmak wezipelerini hasaba almak bilen, zawod önümçilikde zerur bolan çig malyň esasy görnüşleriniň uly ätiýaçlyklarynyň baý sebitinde guruldy. Ol bu baýlyklaryň gazylyp alynýan ojaklaryna golaý çäkde ýerleşýär. Munuň özi önümçilik işini bökdençsiz alyp barmaga we öndürilýän önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmäge mümkinçilik berer.

Önümçilik işine, önümiň hiline gözegçiligi amala aşyrmak üçin täze zawodda barlaghana we tehniki gözegçilik bölümi döredildi. Bu ýerde abatlaýyş ussahanasy hem hereket eder. Bularyň ählisi Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ýurdumyzdaky her bir desganyň gurluşygy üçin zerur bolan gurluşyk serişdesiniň ykdysady taýdan bähbitli bolmagyny we onuň ekologik taýdan howpsuz önümçiligini üpjün etjekdigini tassyklaýar.

Dabara tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz mejlisler jaýyndan çykyp, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda toý bagyny kesdi. Şol wagt asmana dürli öwüşginli howa şarlary uçuryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dolandyryş binasyna tarap ugrady. Ýol ugruna Arkadagly Gahryman Serdarymyza zawodyň degişli desgalary we olaryň aýratynlyklary barada gürrüň berildi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän dürli görnüşli önümleriň sergisi bilen hem tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň diwarlygyny synlady.

Mälim bolşy ýaly, öňde goýlan wezipeleri, şol sanda milli ykdysadyýetimizi güýçli depginde senagatlaşdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde energetika pudagyna möhüm orun berilýär. Giň gerimli özgertmeler esasynda Diýarymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalary guruldy, energiýa öndüriji kuwwatlyklar ençeme esse artdyryldy, täze elektrik geçiriji ulgamlar guruldy we täzelenildi.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň depginli ösüşini nazara almak bilen, täze kuwwatly energetika ulgamlaryny döretmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

Energetika pudagynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary amala aşyrmak bilen, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmäni görkezýändigini bellemek gerek. Hut şonuň üçin-de serişde tygşytlaýjy, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak baş wezipeleriň biri hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzda gurulýan döwrebap obalary we senagat toplumlaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly, bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, hususan-da, Gün we ýel energiýasyny ulanmak arkaly elektrik energiýasyny öndürmek boýunça innowasion taslamalar işlenip taýýarlanylýar.

Himiýa senagatynyň ösdürilmegine hem möhüm ähmiýet berilýär. Bu pudagy ösdürmegiň strategiýasy ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmaga we ýurdumyzda, şeýle-de daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýan ýokary hilli önümleriň öndürilmegine gönükdirilendir. Guralan sergide “Türkmenhimiýa” döwlet konserni dürli görnüşli plastik turbalary, karbamid, kaliý, fosfor, duz, ýod ýaly önümleri, “ECO-93” kysymly benzini we pudagyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän beýleki harytlar bilen tanyşdyrdy.

Toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mahsus giň gerimli gurluşyklar ýokary hilli gurluşyk serişdelerine bolan islegleriň artmagyny şertlendirip, ýerli çig mallaryň binýadynda olaryň önümçiligini çalt depginde ýokarlandyrmaga itergi berdi. Häzirki wagtda türkmen önüm öndürijileri içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly, halkara hil ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň giň görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdular.

Bu ýerde Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi sement, armatura, keramzit önümlerini, gurluşykda ulanylýan daşlaryň görnüşlerini, kaolin we beýleki önümleri görkezdi. Bildirilýän talaplara laýyklykda, ýurdumyzda desgalaryň gurluşygynda we bezeg işlerinde diňe ýokary hilli serişdeler ulanylýar. Olar saýlanyp alnanda, hökmany ýagdaýda ýerli howa şertleri, serişdeleriň ekologik taýdan arassalygy, berkligi hem-de ulanyşda amatlylygy göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda gurlup ulanmaga berilýän desgalaryň ählisinde milli binagärligiň iň gowy däpleriniň dünýäniň häzirki zaman şähergurluşyk ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygy bellärliklidir. Munuň özi ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň döwür bilen aýakdaş ösýändigine şaýatlyk edýär. Bu ugurdaky işler Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň görkezen çyzgylarynda we maketlerinde aýdyň beýanyny tapdy. Gurulmagy aýratyn inženerçilik-tehniki çözgütleri we iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagyny talap edýän desgalar, şol sanda awtobanlar, köprüler, estakadalar, ýerasty geçelgeler, esasy ýollardaky köpgatly ýol aýrytlary bar.

Mälim bolşy ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de awtomobil ýollarynyň gurluşygyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, 2022-nji ýylyň fewralynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi döredildi. Agentlik öz alyp barýan işi bilen eýýäm diplomlardyr güwänamalaryň birnäçesine mynasyp boldy. Sergide görkezilýän bu üstünlikler ýurdumyzda ýolgurluşyk pudagynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň täze derejelere çykýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Şeýlelikde, gurluşyk-senagat toplumynyň önümleriniň sergisi milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşinde kesgitleýji orny eýeleýän bu möhüm pudaklary döwrebaplaşdyrmak bilen bagly wezipeleriň üstünlikli amal edilýändigini dolulygyna açyp görkezdi.

Kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň, hususan-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde, şeýle hem Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň şu ýylyň fewral aýynda geçirilen mejlisinde tassyklanan «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze kärhanalar gurulýar, ozal bar bolanlarynyň kuwwaty artdyrylýar.

Şol Maksatnamalarda göz öňünde tutulan täze desgalaryň gurluşyklary bilen bir hatarda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň we «Aşgabat siti» taslamasynyň durmuşa geçirilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Olaryň gurluşygynda bu ýerde öndürilýän ýokary hilli sement, ýurdumyzda öndürilýän beýleki ýokary hilli gurluşyk serişdeleri-de giňden ulanylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dolandyryş binasynyň ikinji gatyna bardy. Bu ýerde önümçiligi dolandyrmagyň merkezleşdirilen ulgamy ornaşdyrylypdyr. Onuň üsti bilen tehnologik işiň ähli tapgyrlary dolandyrylýar.

Pudagyň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsi üçin hormatly Prezidentimize hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň ähli işgärleriniň adyndan çuňňur hoşallyk bildiren zawodyň hünärmeni Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyryny işe girizmäge ak pata bermegini haýyş edip, döwlet Baştutanymyza ýüzlendi.

Garaşylan pursat ýetip gelýär: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dolandyryş ulgamyndaky düwmäni basyp, iri senagat desgasynyň işine badalga berýär.

Wideoşekilli ýazgy arkaly çylşyrymly önümçiligiň işe girizilmeginiň tehnologik prosesi görkezilýär.

Döwlet Baştutanymyz binadan çykyp, sement zawodynyň direktoryna bu ýerdäki meýdançada hatara düzülen, täze önümçilikde işlediljek kuwwatly ýöriteleşdirilen tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.

Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine saldamly goşant bolar hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň depginini has-da artdyrmaga goşmaça itergi berer.

Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Şol gün döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz Aşgabada gaýdyp geldi.

***

Şu gün Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi mynasybetli agzaçar sadakasy berildi. Onda türkmen topragynyň abadançylygy, halkymyzyň rowaçlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli ähli başlangyçlarynyň üstünliklere beslenmegi barada doga-dilegler edildi.

Goý, Beýik Biribar şu günki edilen doga-dilegleri öz dergähinde kabul etsin!

Goý, mukaddes Oraza aýynyň her bir güni haýyrly we sogap işlere beslensin! Garaşsyz Watanymyzda hemişe parahatçylyk, agzybirlik, asudalyk höküm sürsün!

14.03.2024
Doganlyk halklaryň netijeli gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy — umumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň binýady

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 12-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýyldan bäri ýurdumyz TDG-de synçynyň derejesine eýedir. Türki Döwletleriň Guramasynyň maslahat beriji edarasy bolan Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň Aşgabatda geçirilmegi bu gurama bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen halkyny gurama agza ýurtlaryň halklary bilen asyrlaryň dowamynda emele gelen taryhy kökleriň, medeni we ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Şol däpler häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

Mejlisiň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyz TDG-ä agza döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylaryny mähirli garşylady. Bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.

Duşuşygyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygyna we TDG-niň Baş sekretaryna, şeýle hem ýygnananlaryň ählisine: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana hoş geldiňiz!» diýen sözler bilen ýüzlendi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylary mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri ýygnananlara Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini Aşgabatda geçirmek baradaky teklibi goldandyklary we ýurdumyza gelendikleri hem-de şu duşuşyga gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, Aksakgallar geňeşiniň ozalky mejlislerinde Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda ösdürmek we berkitmek babatda guramanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklaryndaky maslahat beriş häsiýetli birnäçe möhüm teklipler öňe sürüldi diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu günki mejlisiň hem türki döwletleriň arasynda alnyp barylýan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, onuň hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça baýlaşdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de bu babatda pikir-garaýyşlary beýan etmek nukdaýnazardan peýdaly boljakdygyny belledi.

Hormatly Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini açyk diýip yglan edip, ilki bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma söz berdi.

TDG-niň maslahat beriji edarasynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny we ýygnananlaryň ählisini mübärekläp, şu günlerde Aşgabatda bolýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Şunda guramanyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň ilkinji gezek TDG-de synçynyň derejesine eýe bolan döwletde geçirilýändigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň arasyndaky ysnyşykly hyzmatdaşlyk onuň işine saldamly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, ol Gahryman Arkadagymyza çakylygy we mähirli myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Aksakgallar geňeşiniň başlygynyň belleýşi ýaly, geňeşiň işi ýokary baha mynasyp boldy. Munuň özi TDG-niň 2023-nji ýylyň noýabrynda Gazagystanyň paýtagtynda geçirilen 10-njy sammitiniň netijeleri boýunça kabul edilen Astana Jarnamasynda-da beýanyny tapdy. Bu bolsa geňeşiň işjeň hereket edýän düzüme öwrülýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Nygtalyşy ýaly, ägirt uly mümkinçilikleriň bolmagy, doganlyk halklaryň raýdaşlygy, birek-biregi goldamak, netijeli köpugurly hyzmatdaşlyk biziň ýurtlarymyza durnukly ösüşde oňyn netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Türki döwletlerdäki abadançylyk we durnukly ösüş köp babatda sebitdäki durnuklylyga ýardam edýär. Şu maksatlar bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek zerurdyr.

Şunuň bilen baglylykda, TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň başlygy döwletara hyzmatdaşlygy üstünlikli ilerletmek üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleleriň birnäçesine ünsi çekdi. Şunda ykdysady we söwda, ulag, energetika, maýa goýumlar ulgamlarynda hem-de beýleki geljegi uly ugurlarda özara gatnaşyklara uly üns berilýär. Şeýle hem Aksakgallar geňeşiniň agzalarynyň TDG-niň sammitlerine yzygiderli gatnaşmagy baradaky meselä seredildi.

Çykyşynyň ahyrynda myhman Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mejlisiň ýokary derejede guralandygy we mähirli kabul edilendigi üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözleri, çuň manyly çykyşy üçin TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň başlygyna minnetdarlyk bildirip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewe söz berdi.

TDG-niň Baş sekretary Gahryman Arkadagymyza türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we hemmelere Oraza aýy mynasybetli iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Çykyşynyň dowamynda Kubanyçbek Omuraliýew TDG-niň 2023-nji ýylyň noýabrynda Astanada geçirilen sammitiniň netijeleriniň türki döwletleriň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin örän wajypdygyny belledi. Şunda doganlyk ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň we raýdaşlygynyň berkeýändigi bellenildi. Munuň özi sebitiň, dünýäniň täze wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýan häzirki döwründe uly ähmiýete eýedir.

Bellenilişi ýaly, ykdysadyýet, täjirçilik we maýa goýum, ulag-kommunikasiýa, senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça anyk çäreler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Ynsanperwer ulgam gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Bilelikdäki forumlary, şol sanda ylmy maslahatlary geçirmek bu ugurda aýratyn ähmiýete eýedir.

Energetika türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň TDG-niň Astanada geçirilen sammitinde gurama gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça “Ýol kartasyny” taýýarlamagyň maksadalaýykdygy barada aýdan teklibiniň örän derwaýysdygy bellenildi.

TDG-niň Baş sekretary şu ýylda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralaryň geçiriljekdigini belledi. Ol hemmeleri bu şanly wakalar mynasybetli gutlap, TDG-niň baýramçylyk çärelerini geçirmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary çykyşyny tamamlap, Aksakgallar geňeşiniň agzalaryna aýdylan maslahatlar üçin hoşallyk bildirdi we olaryň TDG-niň Sekretariaty tarapyndan gatnaşyjy ýurtlaryň degişli edaralaryna iberiljekdigini belledi.

Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryna çuň mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, mejlisiň dowamynda TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Gazagystan Respublikasyndan agzasy Ikram Adyrbekowa söz berdi.

Myhman türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa myhmansöýerlik we duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk bildirip, Gazagystanyň wekiliýetiniň düzümine bu ýurduň Garaşsyzlygynyň berkarar bolmagyna we pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşan meşhur hem-de hormatly aksakgallaryň girizilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň aksakgallaryň özara saparlary baradaky pikiriniň geljekde asylly däbe öwrüljekdigine ynam bildirildi. Şeýle hem Aşgabada gelen wekiliýetiň düzümine giren ýaşulularyň türkmen dilinde erkin gürleýändikleri bellenildi.

Ikram Adyrbekow düýn TDG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň, şol sanda ynsanperwer we ekologiýa ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň özara ynanyşmak häsiýetine eýe bolandygyny nygtap, türkmen-gazak gatnaşyklary barada aýratyn durup geçdi. Bellenilişi ýaly, Gazagystanda Gahryman Arkadagymyzy türkmen halkynyň umumy ykrar edilen Lideri, türki dünýäniň ajaýyp döwlet işgärleriniň biri hökmünde tanaýarlar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşýar.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen-gazak dialogy strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe boldy. Şunda ýokary derejedäki saparlar we duşuşyklar möhüm orny eýeleýär. Biziň ýurtlarymyz halkara giňişlikde hemişe birek-birege özara goldaw berýärler. Şeýle hem söwda-ykdysady, üstaşyr ulag ulgamlarynda, obasenagat pudagynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgamda däp bolan gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Hususan-da, Astana şäheriniň merkezi köçeleriniň birine beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ady dakyldy. Şu ýyl şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýär.

Çykyşynyň ahyrynda Ikram Adyrbekow döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli giňeldiljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz netijeli we manyly çykyşy üçin Gazagystanyň wekiline minnetdarlyk bildirip, nobatdaky çykyş üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Gyrgyz Respublikasyndan agzasy Medetkan Şerimkulowa söz berdi.

Myhman türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň şu gezekki mejlisini dünýäniň iň gözel şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilen Aşgabatda geçirmek baradaky başlangyjy hem-de onuň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hemmeleri şanly sene — görnükli türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen gutlady. Beýik şahyryň we akyldaryň döredijiligine türki döwletleriň halklary tarapyndan ýokary baha berilýär.

Medetkan Şerimkulow köpasyrlyk taryha eýe bolan türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýedigini nygtap, Gahryman Arkadagymyza ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän, däp bolan döwletara dialogy pugtalandyrmaga goşýan saldamly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ýokary derejede yzygiderli amala aşyrylýan özara saparlar hem-de geçirilýän duşuşyklar, olaryň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar, gol çekilen resminamalar munuň aýdyň güwäsidir.

Çykyşda Aşgabatda TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň geçirilmeginiň türki döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ileri tutulýan ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirildi.

Pursatdan peýdalanyp, Medetkan Şerimkulow Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täsirli çykyşy üçin Gyrgyzystanyň wekiline minnetdarlyk bildirip, TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Özbegistan Respublikasyndan agzasy Sodikžon Turdiýewe söz berdi.

Özbegistanyň wekili Gahryman Arkadagymyzy, TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň başlygyny, guramanyň Baş sekretaryny hem-de mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, hemmeleri mukaddes Oraza aýynyň gelmegi, şeýle hem Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen gutlady.

Myhman döwletara gatnaşyklaryň taryhy-medeni kökleriň umumylygyna daýanyp, ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini nygtady. Iki ýurduň paýtagtlarynda ýerleşýän ajaýyp “Aşgabat” we “Daşkent” seýilgähleri iki doganlyk halky baglanyşdyrýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň nyşany bolup durýar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň işi barada aýdylanda, onuň, ilkinji nobatda, sebitde parahatçylygy üpjün etmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, ykdysady taýdan goşulyşmak ýörelgelerini öňe sürýändigi nygtaldy. Ekologiýa, ynsanperwer ulgam, şol sanda ylym, bilim we medeniýet, ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemek ýaly meseleler, energetika, ulag, maýa goýumlar, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem TDG-niň üns merkezinde durýar.

Türki Döwletleriň Guramasynyň geçen ýyl Astanada geçirilen sammitinde guramanyň çäklerinde köptaraply we uzak möhletli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen teklipleriň hem-de başlangyçlaryň birnäçesi beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, aksakgallaryň esasy wezipesiniň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýan bu başlangyçlary ýakyndan goldamakdan ybaratdygy baradaky pikir aýdyldy.

TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Özbegistan Respublikasyndan agzasy öz çykyşynda ýaş nesle bilim we terbiýe bermek meselesi barada hem durup geçip, innowasiýalara tarap ymtylýan zehinli ýaşlary höweslendirmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen birlikde, türki halklaryň baý medeni mirasyny, halk döredijiligini aýawly saklamagyň we giňden wagyz etmegiň ähmiýeti nygtaldy. Halk döredijiliginde ata-babalarymyzyň parasatly öwüt-nesihatlary jemlenip, bahasyna ýetip bolmajak belent ruhy-ahlak gymmatlyklary öz beýanyny tapýar.

Gahryman Arkadagymyz Özbegistanyň wekiline täsirli we manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, nobatdaky çykyş üçin TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Wengriýadan agzasy Attila Tilkä söz berdi.

Dostlukly ýurduň wekili türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabada gelmäge we şu mejlise gatnaşmaga çakylygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, türki döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlyk wenger ykdysadyýetine oňyn täsir edýär. Wengriýa bilen TDG-niň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Nygtalyşy ýaly, Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşyjy ýurtlar dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Şunda bilim ulgamy hem möhüm ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Bellenilişi ýaly, TDG-ä agza döwletleriň ýaşlary muňa uly gyzyklanma bildirýärler. Şunuň bilen baglylykda, degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň esasynda bilim ulgamynda türkmen-wenger gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygy nygtaldy. Beýleki möhüm ugurlarda, şol sanda suw hojalygy ulgamynda hem özara bähbitli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikler bar.

Attila Tilki TDG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny aýdyp, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, birek-birege hormat goýmak esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň barha artýandygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Wengriýanyň wekiline çuň manyly çykyşy üçin sagbolsun aýdyp, netijeli pikir alyşmalar hem-de beýan edilen oňyn teklipler üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini guraýan ýurt hökmünde Türkmenistanyň garaýyşlaryny we tekliplerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günki mejlise gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hemmelere ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, bu ýerde türki halklaryň hormat-sarpaly, akyl-paýhasly, mynasyp wekilleriniň jemlenendigini aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz ýygnananlary mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Aksakgallar geňeşiniň geçen gezekki mejlisinde ençeme möhüm teklipler, şol sanda geňeşiň nobatdaky 15-nji mejlisini 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüt kabul edildi. Türkmenistanda bu teklip ruhubelentlik we uly jogapkärçilik bilen garşylanyldy. Gahryman Arkadagymyz bu barada aýdyp, Aksakgallar geňeşiniň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Geňeş türki halklary asyrlaryň dowamynda kemala gelen baý taryhy mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň we ahlak sütünlerimiziň töweregine jebisleşdirmäge ýardam berýär.

Aksakgallar geňeşi Türki Döwletleriň Guramasynyň, olaryň ýolbaşçylarynyň işinde parasatly kömekçi we maslahatçydyr. Biziň durmuş tejribämiz, bilimimiz döwlet derejesinde oýlanyşykly, öňdengörüjilikli çözgütleriň kabul edilmegine, içerki we halkara durmuşyň dürli soraglaryna dogry baha bermäge ýardam edýär. Ýaşlarymyzy terbiýelemekde, olara dogry ýoly salgy bermekde bu geňeşiň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bardyr.

Biziň işimiz türki halklaryň agzybirliginiň, doganlygynyň we özara goldawynyň synmaz daýançlarynyň biri bolup, häzirki döwürde bu aýratyn möhümdir. Umuman, men Aksakgallar geňeşiniň Türki Döwletleriň Guramasynyň işiniň jemgyýetçilik, durmuş-ynsanperwer, medeni ugurlarynyň möhüm bölegine öwrülmelidigine ynanýaryn. Ol döwlet derejesinde gazanylan çözgütleriň hem-de ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine ýardam bermelidir diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.

Geňeş guramanyň halkara ynsanperwer gatnaşyklaryna goldaw berip, halk diplomatiýasyna işjeň gatnaşmalydyr. Şu babatda öňümizde uly wezipeler, bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikler bar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we Türkmenistanyň geňeşiň çäginde ýakyndan işleşmegi berk maksat edinýändigini tassyklady. Biz çäreleri meýilleşdirmäge we guramaga işjeň gatnaşarys, Aksakgallar geňeşiniň abraýyny hem-de ornuny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam bereris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki ýönekeý bolmadyk halkara şertlerde türki döwletleriň agzybirliginiň we raýdaşlygynyň möhümdigini, halklarymyzyň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Şu düşünjeler ähli bilelikdäki taslamalaryň hem-de başlangyçlaryň esasynda durmalydyr.

Türki Döwletleriň Guramasynyň işiniň, şol sanda onuň möhüm halkara soraglar boýunça umumy strategiýasy kesgitleýji häsiýete eýe bolmalydyr. Türki döwletleriň ysnyşykly, netijeli hyzmatdaşlygy olaryň ykdysady ösüşiniň, hal-ýagdaýynyň, bäsdeşlige ukyply bolmagynyň möhüm şertidir. Biziň öz gatnaşyklarymyzy häzirki döwrüň talaplary esasynda ýola goýmak bilen, umumy ösüş binýadymyza esaslanmagymyz möhümdir. Biz köpasyrlyk oňyn tejribä daýanyp, taryhy dowamatlylygy üpjün edýäris we ol öz netijelerini hem berýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Häzirki geosyýasy we ykdysady ýagdaýlarda halklarymyzyň hem-de döwletlerimiziň hyzmatyny we ornuny dikeltmek zerurdyr. Şoňa düşünip, Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga yzygiderli we uzak möhletli häsiýet bermegiň, geljegi uly ugurlara aýratyn üns bermegiň zerurdygyna esaslanýar.

Şol ugurlaryň biri energetika bolup durýar. Türkmenistan dünýä energetika bazarlarynyň umumy durnuksyz şertlerinde hyzmatdaşlyk etmegiň netijeli, ygtybarly, öz-özüňi üpjün edýän nusgasyny döretmegi möhüm hasaplaýar. Bu bolsa biziň ýurtlarymyzyň barha artýan energetika isleglerini üpjün eder. Iri energiýa öndüriji döwletleriň biri bolan Türkmenistan doganlyk ýurtlara energiýa serişdelerini ibermäge, olaryň möçberini artdyrmaga taýýardyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz Özbegistana we Gyrgyzystana elektrik energiýasyny iberýär. Bu döwletleriň gatnaşmagynda türkmen tebigy gazyny gündogar ugra ibermek boýunça iri taslamalary amala aşyrmagyň meýilnamalary hem bar.

Şeýle-de biziň türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Gazagystana, Azerbaýjana, Türkiýä ibermek üçin gowy mümkinçiliklerimiz bar. Biz energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde doganlyk döwletlere mundan beýläk-de ýardam bermäge taýýardyrys diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Geljekde hemişelik hereket edýän toplumlaýyn energiýa geçiriji ulgamy döredip bolar. Şonda türki döwletler geografik taýdan ýakynlygyndan, serişde kuwwatyndan, eltmegiň mümkinçiliklerinden doly möçberde peýdalanyp bilerler.

Türki döwletleriň hyzmatdaşlygynda ulag ulgamyna aýratyn orun berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bitewi ulag strategiýasyny döretmäge girişmegiň maksadalaýykdygyny belledi. Tagallalaryň birleşdirilmegi halkara hyzmatdaşlarymyz we iri maýadarlar bilen bu ugurda ylalaşyklary gazanmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek barada öňe süren strategiýasynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady. Bu ugurda türki döwletlere esasy orun degişlidir.

«Türki guşak» köp asyrlar mundan ozal adamzadyň ösüşine ägirt uly oňyn täsirini ýetirdi. Ol Gündogar we Günbatar medeniýetleriniň ösüşini geografik taýdan baglanyşdyryp, dürli ugurlarda bilimleriň, gazanylan üstünlikleriň giňden alşylýan ýeri boldy. Ýüzýyllyklara çeken bu iş taryhy ykbaly, köplenç, türki dünýä goňşulygy bilen kesgitlenen onlarça halky hem-de döwletleri öz içine aldy.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzir gürrüň türki halklaryň bu beýik taryhy wezipesi barada gaýtadan oýlanmak we oňa uýgunlaşmak hakynda barmalydyr diýip, şonuň üsti bilen Ýewraziýa giňişliginde hyzmatdaşlyk etmegiň täze gurluşyny döretmegiň zerurdygyny belledi. Syýasatda, ykdysadyýetde, söwdada, medeniýetde, dünýägaraýyşda onuň esasy ugurlaryny kesgitläp, bu işe durnukly hem-de yzygiderli häsiýet bermeli.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, ynsanperwerlik biziň geňeşdäki işimiziň ileri tutulýan ugrudyr. Biziň halklarymyz diliniň, medeni hem-de taryhy kökleriniň umumylygy bilen tapawutlanýar. Biz halklarymyzyň ganyna we süňňüne siňen aslymyzdan, maşgala gatnaşyklaryna wepalylykdan, ata-enelerimizi, ýaşululary hormatlamakdan hiç haçan ýüz öwürmeýäris. Däp-dessurlarymyza hormat goýmakdan, watançylygymyzdan, borja ygrarlylygymyzdan el çekmeýäris.

Häzirki döwürde türki halklaryň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi berkitmegiň ähmiýetli bolşy ýaly, ýaş nesillere tejribämizi, müňýyllyklara uzaýan ruhy mirasymyzy geçirmek hem möhümdir. Ýaşlarda geçmişimize söýgi döretmek, olary halkyň, Watanyň bähbidine üstünlikleri gazanmaga taýýarlamak zerurdyr. Men şunda biziň geňeşimiziň işiniň esasy wezipeleriniň birini, bu ugurda döwlet tagallalary üçin daýanç hökmünde onuň ornuny görýärin diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistanda we daşary ýurtlarda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýär. Bu sene türki döwletlerde hem giňden bellenilip geçiler. Bu, elbetde, kanunalaýyk ýagdaýdyr. Çünki Magtymguly diňe bir türkmen milletiniň buýsanjy däldir. Ol ähli türki dünýäniň guwanjydyr, biziň halklarymyza mahsus bolan asyllylygyň, mertligiň, dogruçyllygyň, açyklygyň we edermenligiň nusgasydyr. Magtymguly hut şu häsiýetleri wasp edip, halklarymyzyň beýikligi hem-de gülläp ösmegi barada arzuw edipdir. Bu gün biz onuň kesgitlän ýoly bilen bilelikde öňe barýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Milli Liderimiz ýygnananlara ýüzlenip, mejlisiň dowamynda Aksakgallar geňeşiniň işini kämilleşdirmek, Türki Döwletleriň Guramasynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça pikir alşylandygyny belledi. Köp sanly täzeçil garaýyşlar we anyk başlangyçlar beýan edildi.

Hususan-da, häzirki zaman jemgyýetindäki çylşyrymly ösüş meýilleri göz öňünde tutulanda, türki halklaryň arasynda ýokary ahlagy, ynsanperwerligi, adalatlylygy, edep-ekramy we sylag-hormaty wagyz etmek hem-de mynasyp ýaş nesli kemala getirmek halkara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar.

Şu gün biz doganlyk türki halklarymyzyň gülläp ösmegine we abadançylygyň ýoly bilen öňe gitmegine ýardam berjek wezipeleri geňeşmek maksady bilen, şu ýere jem bolduk. Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň dowamynda beýan eden maslahatlarymyzyň we kabul eden çözgütlerimiziň doganlyk halklarymyzy has-da ýakynlaşdyrmakda, Türki Döwletleriň Guramasynyň ösüş ugruny kesgitlemekde hökman ulanyljakdygyna berk ynanýaryn diýip, Milli Liderimiz belledi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan il-ýurt bähbitli asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Milli Liderimiz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini ýapyk diýip yglan etdi.

Mejlisiň jemleri boýunça Beýanat kabul edildi.

Şeýlelikde, türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Aşgabatda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga saldamly goşant bolar.

14.03.2024
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerindäki duşuşyk

Aşgabat, 11-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde duşuşyk geçirildi. Bu çäre ýurdumyzda Türki Döwletleriň Guramasy we oňa agza döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan köpugurly gatnaşyklary, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de hemmetaraplaýyn berkitmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda guralýar.

Aksakgallar geňeşi maslahat beriji edara bolup, onuň düzümine Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň görnükli jemgyýetçilik işgärlerinden saýlanan ýaşulular girýär. Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň asyrlaryň dowamynda özara hormat goýmagyň, dost-doganlygyň, ruhy päkligiň we asylly işleriň aýy hasaplanýan mukaddes Oraza aýynyň ilkinji gününde geçirilýändigini bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri bu geňeşiň agzasydyr.

15-nji mejlisiň gün tertibine Aksakgallar geňeşiniň we TDG-niň alyp barýan işleri, şeýle hem gurama agza ýurtlaryň bilelikdäki işi, utgaşdyrylan tagallalary, geçen ýyl Samarkantda geçirilen mejlisde kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişi bilen bagly möhüm meseleler giriziler.

Milli Liderimiz hemmeleri gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda görmäge şatdygyny aýdyp, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin olara minnetdarlyk bildirdi.

Biziň duşuşygymyz ähli musulman ymmatynda aýratyn hormatlanýan we bereketli aý hasaplanýan mukaddes Oraza aýynyň ilkinji gününe gabat geldi diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Bu aý adamlaryň durmuşynda belent ruhy gymmatlyklaryň — ynsanperwerligiň, haýyr-sahawatlylygyň, hoşniýetliligiň hem-de ahlak tämizliginiň dabaralanmasydyr. Bularyň ählisi häzirki zaman jemgyýetini sazlaşykly ösdürmekde, halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmakda we mynasyp nesli kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri duşuşyga gatnaşyjylary we türki döwletleriň ähli doganlyk halklaryny mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. “Goý, siziň etjek doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun we ähli asylly işleriňiz rowaç alsyn!” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Biz Türkmenistanda 2024-nji ýylyň şygaryny «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip yglan etdik diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. Magtymguly Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy adamlaryň kalbynda mynasyp orun aldy. Onuň döredijiligi diňe bir türkmen ýa-da türki halklarynyň däl, eýsem, tutuş Gündogar halklarynyň hem medeni-ruhy ösüşine uly goşant goşup, umumadamzat edebiýatynyň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Biz şu ýyl halkara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen milli we halkara derejedäki çäreleriň giň toplumyny hyzmatdaş döwletlerimiz we halkara guramalar bilen bilelikde geçirmegi meýilleşdirýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu şanly sene mynasybetli Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi.

Umuman aýdylanda, medeniýet we döredijilik özünde ata-babalarymyzyň filosofik hem ideologik gymmatlyklaryny jemläp, halklary ýakynlaşdyrmakda wajyp gural bolup hyzmat edýär. Şoňa görä, Milli Liderimiz bu gezekki maslahatyň türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmakda we türki halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Nygtalyşy ýaly, Aşgabat şäherinde geçirilýän bu mejlisiň guramaçylykly hem-de çuň mazmunly bolmagy babatda Türki Döwletleriň Guramasynyň Sekretariaty, Aksakgallar geňeşi we oňa agza döwletler tarapyndan uly taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň dowamynda häzirki zamanyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alşyljakdygyna we geňeşiň geljekde alyp barjak işleri dogrusynda garaýyşlaryň beýan ediljekdigine üns çekildi.

Pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewe we geňeşiň ähli agzalaryna yzygiderli goldawy, mejlisiň taýýarlygy babatda netijeli işleri we utgaşykly zähmeti üçin minnetdarlyk bildirdi.

Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň işine hemişe uly hormat goýýandygyny hem-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Türki döwletler bilen netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orny eýeleýär.

Biziň halklarymyzy müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleriň, medeniýetiň, diliň we diniň umumylygy baglanyşdyrýar. Bu bolsa, öz gezeginde, köptaraplaýyn syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek üçin mizemez binýat bolup hyzmat edýär.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen sammitiň çäklerinde agza döwletleriň ählisiniň goldaw bermegi bilen Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasyna synçy döwlet hökmünde kabul edildi. Bu bolsa biziň döwletlerimiziň arasynda hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn görnüşde ösdürmek üçin täze sahypanyň açylýandygyny alamatlandyrdy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Häzirki wagtda Türkmenistan TDG-niň alyp barýan işlerine netijeli gatnaşýar, Türki döwletleriň Parlament Assambleýasyna we Türki söwda-senagat edarasyna agza bolmak mümkinçiligini hem içgin öwrenýär.

Ine, bu gün bolsa biz Aşgabat şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini geçirýäris. Şeýle abraýly çäräniň biziň ýurdumyzda geçirilmegi, bir tarapdan, Türkmenistanyň türki döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýän bolsa, beýleki bir tarapdan, bize bildirilen uly ynam we jogapkärçilikdir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisiň çäklerinde serediljek meseleleriň we kabul ediljek çözgütleriň diňe bir Aksakgallar geňeşiniň däl, eýsem, Türki Döwletleriň Guramasynyň hem geljekki ösüşini kesgitlemäge ýardam berjek tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri pursatdan peýdalanyp, Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edip, bu babatda türkmen tarapynyň zerur ähli goldawy berjekdigine duşuşyga gatnaşyjylary ynandyrdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma söz berdi.

Myhman guramanyň bu maslahat beriş edarasynyň mejlisiniň ilkinji gezek Türki Döwletleriň Guramasynda synçy derejesine eýe bolan ýurtda geçirilýändigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mejlise gatnaşmaga çakylygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Bu guramanyň doly hukukly agzalary we synçylar bolup durýan ýurtlaryň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlyk, TDG-niň işine synçylaryň işjeň gatnaşmagy Türki Döwletleriň Guramasynyň tapawutly aýratynlyklarynyň biri, şonuň bilen birlikde, olaryň bu düzümiň işine uly goşant goşýandygynyň görkezijisi bolup durýar diýip, Binali Ýyldyrym aýtdy.

Çykyşyň dowamynda dünýä ösüşiniň meýilleri bilen baglylykda hem-de TDG-niň giňişliginde ýüze çykýan möhüm meseleleri çözmekde bu guramanyň barha artýan orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, syýasat, ykdysadyýet, ulag, syýahatçylyk, ýaşlar syýasaty, sport, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ýaly ulgamlarda türki döwletleriň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna üns çekildi.

Myhman ýurdumyzyň Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna goşýan goşandyny aýratyn belledi. Şunda ägirt uly tebigy serişdelere eýe bolan, şol sanda tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetiniň durnuklylygyny we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli işleri alyp barýandygy nygtaldy.

Çykyşynyň ahyrynda Aksakgallar geňeşiniň başlygy köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin Türki Döwletleriň Guramasynyň howandarlygynda häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň täze derejesine çykýan türki döwletleriň bilelikdäki tagallalarynyň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.

Gahryman Arkadagymyz Binali Ýyldyryma many-mazmunly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýewe söz berdi.

Guramanyň ýolbaşçysy ýygnananlary mübärekläp, şu gezekki duşuşyga gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Kubanyçbek Omuraliýew şu gün ähli musulmanlar üçin mukaddes aýyň ilkinji günüdigini belläp, wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen gutlady.

Şeýle-de Türki Döwletleriň Guramasynyň abraýly guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň degişli düzümleri, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigi we halklaryň abadançylygy üçin bu hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Myhman türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň ähmiýetini nygtady. Bellenilişi ýaly, TÜRKSOÝ-nyň Jemleýji resminamasynda öz beýanyny tapan bu çözgüt Türkmenistanyň ähli türki halklar üçin beýik taryhy şahsyýet hasaplanýan şahyryň gymmatly medeni mirasyny dünýäde giňden ýaýmaga gönükdirilen syýasatynyň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryna manyly çykyşy hem-de guramanyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga beren ýokary bahasy üçin minnetdarlyk bildirip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Gazagystan Respublikasyndan agzasy Ikram Adyrbekowa söz berdi.

Myhman türkmen halkynyň Milli Liderine bildirilen myhmansöýerlik hem-de bilelikdäki netijeli iş üçin döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmagyň, ony özara bähbitlere, ýurtlarymyzyň mümkinçiliklerine laýyk gelýän täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň nobatdaky duşuşygyň esasy maksadydygyny belledi.

Gazagystanyň wekili Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň häzirki döwürde okgunly ösdürilýändigini we hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bilelikde amala aşyrylan köp sanly döwletara we sebit ähmiýetli taslamalaryň netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyna üns çekildi.

Myhman duşuşyga gatnaşyjylary mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen gutlap, dostlukly ýurtlaryň doganlyk halklaryna parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz many-mazmunly çykyşy üçin Ikram Adyrbekowa minnetdarlyk bildirip, Aksakgallar geňeşiniň Gyrgyz Respublikasyndan agzasy Medetkan Şerimkulowa söz berdi.

Myhman wekiliýetleriň agzalaryny Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň dünýäniň iň gözel şäherleriniň biri bolan Aşgabat şäherinde geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa türki dilli döwletleriň halklarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşýan uly goşandy üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Medetkan Şerimkulow şu gezekki duşuşygyň möhümdigi barada aýdyp, onuň netijeleriniň Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. 2024-nji ýylyň TÜRKSOÝ tarapyndan “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, şeýle hem Änew şäheriniň şol ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmeginiň Türkmenistan bilen gurama agza ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň nyşany bolup durýandygy aýratyn nygtaldy.

Pursatdan peýdalanyp, Gyrgyzystanyň wekili türkmen halkynyň Milli Lideri, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisine gatnaşmaga çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, il-ýurt bähbitli işlerinde, ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekdäki tagallalarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyz çykyşy üçin Medetkan Şerimkulowa minnetdarlyk bildirip, Aksakgallar geňeşiniň Özbegistan Respublikasyndan agzasy Sodikžon Turdiýewe söz berdi.

Myhman türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Sodikžon Turdiýewiň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahsyýetleriň Watany bolan mukaddes toprakda — doganlyk Türkmenistanda, Oraza aýynyň ilkinji günlerinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň aksakgallarynyň nobatdaky duşuşygynyň geçirilmegi guwandyryjydyr.

Özbegistanyň wekili türki döwletleriň halkara giňişlikdäki barha pugtalanýan orny barada aýtmak bilen, häzirki wagtda köptaraplaýyn we özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilýändigini, gurama agza ýurtlar hem-de synçy döwletler bilen söwda dolanyşygynyň barha artýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, 15-nji mejlisiň dowamynda beýan ediljek anyk teklipleriň Türki Döwletleriň Guramasynyň dünýädäki ornuny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy manyly çykyşy üçin Sodikžon Turdiýewe minnetdarlyk bildirip, Aksakgallar geňeşiniň Wengriýadan agzasy Attila Tilkä söz berdi.

Myhman Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçýän Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.

Attila Tilki dostluk gatnaşyklaryna we özara hoşmeýilli erk-islege esaslanýan hyzmatdaşlygyň yzygiderli berkidilýändigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň Budapeşte saparlarynyň, şeýle hem Wengriýanyň Hökümet Başlygynyň Türkmenistana saparynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakalar bolandygyny belledi.

Myhmanyň belleýşi ýaly, şu ýyl beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede baýram edilmegi bilen bagly çärelere beslenýär. Bu bolsa öz eserlerinde parahatçylyk, dostluk we adalatlylyk taglymlaryny wasp eden, türkmen we dünýä edebiýatynyň beýik nusgawy şahyryna goýulýan uly hormatyň nyşanydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri jenap Attila Tilkä çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Aksakgallar geňeşiniň agzalaryna ýüzlendi hem-de şu günki duşuşygyň gün tertibindäki ähli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Çykyşynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz guramanyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda, ýaşuly nesil hökmünde edep-ekramly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde bitirilen hyzmatlary göz öňünde tutup, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň «Hormatly aksakgaly» diýen adyny we onuň nyşanyny döretmegi teklip etdi. Şeýle hem Milli Liderimiz geňeşiň alyp barýan işini dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek maksady bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň redaksiýasynyň döredilmeginiň, ýagny munuň üçin geljekde ýörite gazetiň ýa-da žurnalyň neşir edilmeginiň, internet sahypasynyň açylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz ertir geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň netijeleri boýunça Beýanatyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýdyp, biziň gatnaşyklarymyzyň has-da täze derejä çykmagyna, halklarymyzyň bähbidine beýik işleriň amala aşyrylmagyna itergi berjek şol resminamany kabul etmegi teklip etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň ahyrynda hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

***

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň çäklerinde geçirilen duşuşyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň müftüsi, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň ymamlary bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Oraza aýynda agyz beklenýär, däp-dessurlara laýyklykda, şäherlerde hem-de obalarda agzaçar sadakalary berilýär, tarawa namazy okalýar, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşy, Watanymyzyň gülläp ösüşi, türkmenistanlylaryň agzybirligi we jebisligi barada doga-dilegler edilýär.

Häzirki döwürde jemgyýetde ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň kämilleşdirilmegi, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän däplerini sarpalamak, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, şol sanda türki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli alnyp barylýan syýasatyň özenini düzýär.

Şu ýyl hem mukaddes Oraza aýynyň Gadyr gijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky täze metjitleriň gapylarynyň jemagata giňden açylmagy bu asylly ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň güwäsine öwrüler.

Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Gündogaryň beýik filosofy we nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly, giňden bellenilýändigini, bu babatda çäreleriň dünýäniň dürli ýurtlarynda-da geçirilýändigini nygtady hem-de akyldaryň eserlerindäki öwüt-ündewleriň ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigine ünsi çekdi.

Soňra Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Aşgabada gelen wekiliýet ýolbaşçylarynyň hem-de myhmanlaryň gatnaşmagynda agzaçar sadakasy berildi.

Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz hormatly myhmanlara şu günki agzaçar sadakasyna gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi we Aksakgallar geňeşiniň ertir geçiriljek mejlisinde türki döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny, netijeli hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyljakdygyny belledi.

Hajy Arkadagymyz sözüni dowam edip, mukaddes Oraza aýynda agzaçar sadakasyny bermegiň paýhasly pederlerimizden miras galan ýagşy dessurlaryň biri bolup durýandygyny aýtdy hem-de “Goý, mübärek Oraza aýynda agyz bekläp, tutýan orazalaryňyz we edýän ýagşy doga-dilegleriňiz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip belledi.

Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykyp, türki döwletleriň ählisinde, şol sanda türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň höküm sürmegini, halklaryň agzybirligini, ýurtlaryň abadançylygyny, berilýän sadakalaryň kabul bolmagyny Beýik Biribardan dileg edip, aýat-töwir okady. Soňra sadaka gatnaşyjylara nahar çekildi.

Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyna gatnaşandyklary üçin ýene-de bir gezek sagbolsun aýdyp, hemmelere iň oňat arzuwlaryny beýan etdi we bu ýerden ugrady.

12.03.2024
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 11-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwy tutulýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri dowam edýär. Oba hojalyk tehnikalaryny, gurallary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler geçirilýär. Şeýle hem welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edip, gögeriş suwy tutulýar. 16-njy martda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde baglaryň ekiljek ýerlerini kesgitlemek we bag nahallaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýazky oba hojalyk möwsümine taýýarlykly girişmegiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde gowaça ekiljek meýdanlary, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwy tutulýar. Häzirki wagtda welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişi dowam edýär, ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Welaýatda 16-njy martda ählihalk bag ekmek dabarasyny, ýazky bag ekmek möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan işleriň bellenen agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumynyň möwsüme doly taýýar edilmegini, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly alnyp barylmagyny üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy we şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, bu jogapkärli möwsümi bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek maksady bilen, gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we ýuwuş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ekişde ulanyljak tehnikalar, gurallar abatlanylyp, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň zerur möçberi ekiş möwsümine taýýar edildi. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edip, sogan ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şeýle hem beýleki gök-bakja we azyklyk ekinleriň ekişine taýýarlyk görülýär. 16-njy martda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna, ýazky bag ekmek möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde degişli guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini belledi we bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, gowaça ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, sebitde şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, çil we geriş çekmek, tagt suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekişinde, ideg işlerinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary we gurallar, pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny ekiş möwsümine doly taýýar etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edip, bu işleri gysga wagtda tamamlamak üçin degişli çäreler görülýär. Welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny hem-de ýazky bag ekmek möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, baglaryň ekiljek ýerlerini kesgitlemek, bag nahallaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak boýunça öňde goýlan wezipelere toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumynyň ekiş möwsümine talabalaýyk taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli alnyp barylmagy babatda degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek baradaky görkezmelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda geçirilýän tekizleýiş, geriş çekmek, tagt suwuny tutmak işleri gündelik gözegçilikde saklanylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalary, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme doly taýýar etmek boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi dowam edip, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek babatda öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda 16-njy martda ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek, ýazky bag ekmek möwsümine girişmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky, gowaça ekiljek meýdanlaryndaky geçirilýän işleriň agrotehniki möhletlerde alnyp barylmagyny, gowaça ekişiniň guramaçylykly geçirilmegi üçin pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, Diýarymyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamagyň çäklerinde ýerlerde tekizleýiş, geriş we çil çekmek işleri geçirilýär. Oba hojalyk işlerinde ulanyljak ähli tehnikalary, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlaryny möwsüme doly taýýar etmek boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişi dowam edýär. Şeýle hem wise-premýer “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 16-njy martynda ýurdumyzda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy üçin möhüm möwsümiň ýetip gelendigine ünsi çekdi hem-de häzirki wagtda ýaýbaňlandyrylan işleriň talabalaýyk guralmagynyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin degişli taýýarlyk işleriniň geçirilmegini, ýazlyk gök-bakja ekinleriniň ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

12.03.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk teleýaýlymyna beren interwýusy

“TRT Haber” teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Ahmet Görmez Gahryman Arkadagymyz bilen söhbetdeş boldy

— Siziň Alyhezretiňiz, Milli Lider, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Arkadag! Ilki bilen, işiňiziň örän köpdügine garamazdan, interwýu bermäge wagt tapandygyňyz üçin Size minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň! Siz görnükli syýasatçy, döwlet işgäri hökmünde türki döwletleriň hyzmatdaşlygynyň möhümdigini hemişe belleýärsiňiz. Bu näme bilen baglanyşykly? Siz bu işi, onuň mümkinçiliklerini, şunda Türkmenistanyň ornuny nähili görýärsiňiz?

— Size bu duşuşyk baradaky teklibiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin.

Türkiýäniň özünde hem, ondan uzaklarda hem abraýly we millionlarça tomaşaçysy bolan «TRT Haber» teleýaýlymynyň ýolbaşçysy — Siziň bilen söhbetdeş bolmak örän ýakymly. Munuň özi içerki we halkara durmuşyň möhüm soraglary boýunça pikiriňi aýtmaga, türki ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar bilen bagly garaýşyňy giňden beýan etmäge oňat mümkinçilik berýär.

Türki döwletleriň köpugurly hyzmatdaşlygy taryhy şertler bilen baglydyr. Munuň biziň halklarymyzyň dil, medeni we milli taýdan umumylygy, asyrlaryň dowamynda ykballarynyň baglanyşykly bolandygy bilen kesgitlenendigini men ençeme gezek belläpdim. Türki halklaryň asly birdir. Bu ýagdaý özara gatnaşyklarymyza aýratyn many-mazmun berýär. Garaşsyz, özygtyýarly döwletler bolsak-da, biz uzak möhletli maksatlarymyzyň we bähbitlerimiziň umumydygyny ýatdan çykarmaýarys. Türki halklaryň taryhy, häzirki hem geljekki orny baradaky düşünjelerimiz biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, ähli ugurlarda — syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, şahsyýetara gatnaşyklarda hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigine düşünýäris.

Meniň pikirimçe, türki döwletleriň Gündogar bilen Günbataryň arasynda medeni köpri hökmündäki ornuny dikeltmek häzirki döwürde esasy wezipeleriň biridir. Türki halklaryň bu wezipesi gadymy döwürlerde we orta asyrlarda «türki guşak» diýlip atlandyrylyp, ol Aziýanyň hem Ýewropanyň «duşuşyk ýeri» bolup hyzmat edipdir. Bu yklymlaryň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, ylmynyň ösmegine oňaýly täsir edipdir. Şeýle hem olaryň beýleki halklar üçin açyk bolmagyna, sabyrlylygyna, hoşniýetliligine, özara düşünişmegine ýardam beripdir.

Türkmenistan üçin türki döwletler bilen dost-doganlyk, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek örän möhüm bolan geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar. Biziň ýurdumyz Türki Döwletleriň Guramasynda synçy bolmak bilen, onuň işine ýakyndan gatnaşýar. Hususan-da, bu guramanyň Aksakgallar geňeşinde agza bolmagy möhümdir. Şeýle hem biz guramanyň düzümleri bilen işleşmäge taýýardyrys. Häzirki döwürde türkmen tarapy Türki söwda-senagat edarasyna girmek üçin arza berdi. Türki döwletleriň Parlament Assambleýasyna we Türki akademiýa girmek meselesini-de öwrenýäris.

Şeýlelikde, Türkmenistan türki döwletleriň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryna özüniň gatnaşmagyny yzygiderli we ynamly dowam etdirýär.

— Türki Döwletleriň Guramasynyň işi barada aýtmak bilen, Siziň onuň halkara gatnaşyklaryň häzirki ulgamyndaky ornuny nähili görýändigiňiz baradaky pikiriňizi soramak isleýäris.

— Men ony bir bitewi iki maksady bolan gurama hasaplaýaryn. Bir tarapdan, ony türki ýurtlaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy berkitmegi maksat edinýän gurama, beýleki bir tarapdan bolsa, geljegi uly, ygtybarly iri halkara hyzmatdaş hökmünde görýärin. Ýokarda-da belleýşim ýaly, bu bir bitewi iki maksat bolup durýar. Türki Döwletleriň Guramasy dünýäde türki ýurtlaryň bähbitlerini öňe sürmek bilen, içerki türki hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine, döwletlerimiziň ykdysady taýdan ösmegine, bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Häzirki döwürde biziň öňümizde örän uly, uzak möhletli wezipeler durýar. Dünýäniň geoykdysady ýagdaýynyň çalt üýtgemelerine özüniň doly derejede gatnaşmagyny üpjün etmek, mümkinçiliklerimizi öz ornumyzy berkitmek üçin ulanmak, häzirki zamanyň innowasiýa, sanly şertlerinde öň hatarda bolmak, ählumumy «ýaşyl» gün tertibine işjeň goşulyşmak wezipeleri durýar.

Döredijilikli syýasy maksatlarda — parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamakda, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerini goramakda, halkara hukugyň we BMG-niň Tertipnamasynyň ykrar edilen kadalaryna eýermekde öz abraýymyzy, täsirimizi, tejribämizi ulanmak zerurdyr. Şeýle hem dünýäde türki medeniýeti, biziň halklarymyzyň örän baý taryhy-medeni, ynsanperwer mirasyny, türki edebiýatçylarynyň, sazandalarynyň, suratkeşleriniň, kinematograflarynyň üstünliklerini giňden ýaýmak ileri tutulýan ugurlar bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň bellenilmegi ajaýyp mümkinçilikleri açýar. Türkmen halkynyň beýik ogly, şol bir wagtda türki dünýäniň hem wekilidir. Ol öz eserlerinde türki halklaryň gadymdan gelýän gymmatlyklaryny we aýratynlyklaryny — watançylygyny, maşgala wepalylygyny, däp-dessurlara hormat goýşuny, harby edermenligini, aç-açanlygyny wasp edipdir.

Biz bu şanly senäniň türki ýurtlarda giňden bellenilýändigine ýokary baha berýäris. Goldawy üçin Hökümetlere, şeýle hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly “Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” diýip yglan etmek baradaky çözgüdi üçin minnetdarlyk bildirýäris. Umuman, TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde amala aşyrylýan maksatnamalaryň we taslamalaryň gerimini giňeltmek, şolar bilen halkara giňişlige has işjeň çykmak maksadalaýyk bolar diýip hasap edýäris.

— Biziň söhbetdeşligimiz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň öňüsyrasynda geçýär. Siz bu düzümiň esasy maksadyny nämede görýärsiňiz?

— Men Aksakgallar geňeşiniň örän möhüm we zerur düzümdigine ynanýaryn. Onuň Türki Döwletleriň Guramasynyň düzüminde döredilmegi ýöne ýere däldir. Onuň maksady türki halklaryň ajaýyp taryhy däbini — ýaşuly nesliň wekilleri bilen maslahatlaşmak, olaryň pähim-paýhasyna, uly durmuş tejribesine daýanmak däbini dowam etdirmek we ony ýaýmak bolup durýar. Bu däp biziň halklarymyza dogry çözgütleri tapmaga köp gezek ýardam etdi.

Şu babatda häzirki döwürde aksakgallaryň orny barha uly ähmiýete eýe bolýar, döwlet işlerinde möhüm şert hökmünde öňe çykýar. Şoňa görä-de, Aksakgallar geňeşiniň işiniň gerimi barha giňeler, abraýy diňe artar diýip pikir edýärin. Geňeşiň sesi Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, öz taryhyna buýsanmak duýgusyna esaslanan terbiýe we bilim syýasatyny emele getirmek ýaly soraglarda örän uly ähmiýete eýe bolmalydyr. Aksakgallar geňeşiniň işi biziň halklarymyzyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge, olaryň birek-birege doganlyk gatnaşyklaryna, raýdaşlygyna we özara ýardam bermegine, halk diplomatiýasyna, parlamentara hyzmatdaşlyga işjeň goşant goşmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanda aksakgallaryň şeýle işi döwlet derejesinde goldanylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzüminde Ýaşulular geňeşi hereket edýär. Ol örän möhüm döwlet kararlarynyň kabul edilmegine, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň strategik ugurlarynyň emele getirilmegine işjeň gatnaşýar. Umuman, bu ugurda bizde gowy tejribe bar we biz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň bilelikdäki işiniň çäklerinde bu tejribäni paýlaşmaga taýýardyrys.

— Siz içerki ösüş we daşary syýasat ugrunyň nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň durmuşyndaky häzirki tapgyry nähili häsiýetlendirýärsiňiz?

— Bize durmuş-ykdysady ösüşiň kabul edilen döwlet maksatnamalaryny we meýilnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirmegi üpjün edýän şertleri döretmegiň başardandygyny bellemek isleýärin. Içerki durnuklylyk, jemgyýetçilik agzybirligi, syýasy we jemgyýetçilik institutlarynyň durnukly ýagdaýy, adamlaryň olara ynamy, elbetde, munuň esasy şerti bolup durýar.

Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki durnuksyz şertlerinde-de Türkmenistan 2024-nji ýyla gowy netijeler bilen geldi. Geçen ýyl jemi içerki önümiň ösüşi 6 göterimden hem ýokary boldy. Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Soňky 15 ýylda ýurdumyzyň ilatynyň 2 million adam köpelendigi adamlaryň durmuş abadançylygynyň we ertirki güne ynamynyň aýdyň görkezijisi bolup durýar.

Biziň ýurdumyz halkara giňişlikdäki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, döwletimiziň daşary syýasat konsepsiýasynda bellenen Bitaraplyk ugruna yzygiderli eýerýär. Strategik taýdan ileri tutulýan meseleler bolan ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy gazanmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň bu garaýşynyň halkara guramalarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda barha giňden goldanylýandygyny bellemek isleýärin. Ýurdumyzyň BMG-de Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek baradaky başlangyjyna eýýäm ýigrimiden gowrak döwlet goşuldy. Baş Assambleýa Türkmenistanyň Bitaraplygyny goldaýan iki sany Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Bu bolsa biziň döwletimiziň çylşyrymly meseleleri bitaraplyk esasynda çözmek üçin öňe sürýän tekliplerine halkara giňişlikde barha giňden düşünilýändigini görkezýär. Türkmenistanyň durnukly ulag, energiýa howpsuzlygy, ekologiýa, sagdyn durmuş ýörelgeleri baradaky we beýleki ençeme başlangyçlarynyň hem giňden goldanylýandygyny nygtamak gerek.

Türki döwletler bilen gatnaşyklarymyzyň ösýändigi barada-da aýdyp geçeýin. Bu gatnaşyklar hakyky doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, birek-birege hormatyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mysaly bolup durýar. Biz muňa ýokary baha berýäris hem-de onuň gadyryny bilýäris. Hyzmatdaşlygymyzy geljekde-de giňelderis we baýlaşdyrarys. Muny halklarymyzyň düýpli bähbitleriniň, abadançylygynyň, parahatçylykly we durnukly ösüşiniň hatyrasyna amala aşyrarys.

— Söhbetdeşligimiziň şu ýerinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasy bilen gatnaşyklary barada hem gysgaça aýdyp geçäýseňiz!

— Türkmen-türk gatnaşyklary nusga alarlykdyr. Iki tarap hem syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çalyşýar. Men ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge düýpli üns berýändigi, bu barada alada edýändigi, ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge örän uly şahsy goşant goşýandygy üçin, gadyrly doganym, hormatly Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdardyryn. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda oňa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmagy Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nyşany boldy.

Türkmenistan bilen Türkiýe daşary syýasatda işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýärler, halkara düzümlerde birek-biregi goldaýarlar. Biziň ýurtlarymyz ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk syýasatynyň ynamly tarapdarlarydyr. Şeýle syýasaty ýöredip, olar sebit işlerini netijeli ösdürmäge uly goşant goşýarlar. Häzirki döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygy Gündogar — Günbatar ugry boýunça durnukly energetika we ulag geçelgelerini döretmegiň, Ýewraziýada täze, netijeli logistika hyzmatdaşlygyny emele getirmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Ikitaraplaýyn ykdysady we söwda gatnaşyklary hem depginli ösýär. Özara haryt dolanyşygynyň möçberi geçen, 2023-nji ýylda 2,5 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Türk kompaniýalary ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, ulag we senagat pudaklarynda öňden bäri netijeli işläp gelýärler.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk hem barha ösdürilýär. Medeniýet, sungat wekilleri Türkmenistanda we Türkiýede guralýan dürli çärelere işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzda 2023-nji ýylyň noýabrynda Türkiýäniň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi. Ýöne sanlar bilen beýan edip bolmaýan düşünjeler hem bar. Munuň özi doganlyk gatnaşyklarymyzy ösdürýän we halklarymyzy birleşdirýän birek-biregiň ykbalyna dahylly bolmak duýgusydyr. Bu bolsa bilelikdäki üstünliklerimiziň esasydyr. Türkmenistan bilen Türkiýäniň häzirki döwürde ýola goýan we geljekde has-da ilerletjek gatnaşyklarynyň binýadydyr.

Pursatdan peýdalanyp, men doganlyk türk halkyna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky iň mähirli arzuwlarymy beýan edýärin.

— Hormatly türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadag, interwýu üçin Size hoşallyk bildirýärin.

— Men hem, öz gezegimde, size şu duşuşyk üçin minnetdarlyk bildirýärin we döredijilik işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin. Sag boluň!

12.03.2024
Sanly bilim we innowasion ösüş

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça oňyn başlangyçlar maksatnamalaýyn esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny we durmuş gurşawyny sanlylaşdyrmagy öz içine alýar.

Sanly ykdysadyýetiň ösmeginde sanly bilim wajyp orun eýeleýär. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, sanly jemgyýetiň we sanly ykdysadyýetiň bildirýän talaplaryndan ugur alnyp, her bir adamy durmuşa hem-de hünär işine taýýarlamak üçin bilimiň ähli basgançaklary yzygiderli özgerdilýär.

Häzirki wagtda «sanlylaşdyrma», «bilimiň sanly özgermegi», «sanly bilim gurşawy» diýen düşünjeler bilim işini dolandyrmagyň nazaryýetine we amaly tejribesine berk ornaşdy. Sanly bilim sanly tehnologiýalary bilim edaralarynda giňden peýdalanmagy göz öňünde tutýar. Olar maglumatlary toplamagy, gaýtadan işlemegi, geçirmegi, saklamagy we bermegi üpjün edýär. Bilimiň sanly özgermegi çalt özgerýän sanly bilim gurşawynda bilimiň mazmunynyň, usullarynyň, guramaçylyk görnüşleriniň, netijeleriniň we olary bahalandyrmagyň ulgamlaýyn täzelenmeginiň, şeýle hem okuw işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň hasabyna gazanylýar. Sanly bilim gurşawy bilim edaralarynyň işini üpjün etmek, okuwda ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin döredilýän hem-de ösdürilýän sanly enjamlaryň, maglumat ulgamlarynyň, çeşmeleriniň, gurallarynyň we hyzmatlarynyň toplumydyr.

Sanly tehnologiýalar adamlaryň öwrenmek, bilim almak, işlemek we aragatnaşyk saklamak usullaryny üýtgetdi. 2000-nji ýyldan soňra doglanlar kompýuterler, mobil telefonlar, planşetler we internet bilen has ýakyn aragatnaşykda bolmak bilen, häzirki wagtda olar «sanly nesil» diýlip atlandyrylýar. Sanly tehnologiýalar bilim işine täzeçillik berýär, okatmagy we öwrenmegi has täsirli edýär. Bu tehnologiýalar bilimiň özbaşdak bolmagyna, okuw materialyny öwrenmegiň iň amatly usulyny saýlamaga şert döredýär. Internet okuw materiallaryny özbaşdak özleşdirip, bilimi artdyrmak üçin gije-gündiziň dowamynda çäksiz mümkinçilikleri berýär.

Soňky ýyllarda maglumatlary ibermegiň we almagyň tehnologiýalary düýpli özgerişleri başdan geçirdi. Häzirki zaman dünýäsinde sanly tehnologiýalar gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bilim edaralary-da bu işden çetde durmaýarlar. Sanly tehnologiýalar diňe dolandyryş wezipelerini çözmekde däl, eýsem, okaýanlara özbaşdak ýumuşlary tabşyrmakda, meseleleri onlaýn çözmekde hem giňden peýdalanylýar.

Ýurdumyzda bilim edaralarynyň sanly mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga köp möçberde maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Sanly bilim gurşawynyň netijeli hereket etmegi üçin bilim edaralary internete birikdirilip, degişli serwerler, kompýuterler, interaktiw tagtalar, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, programmalar we beýleki enjamlar bilen üpjün edilýär. Bu infrastrukturany yzygiderli kämilleşdirmek wezipesi milli bilim syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlara degişlidir. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagynda döredilen Innowasiýa maglumat merkezi, Maglumatlar tehnologiýalarynyň türkmen-hindi merkezi, Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy bölümi hem sanly bilim ulgamynyň netijeli işlemegine gönükdirilendir.

Diýarymyzyň çagalar baglarynda degişli programma üpjünçilikli interaktiw tagtalaryň we stollaryň, planşetleriň, elektron gollanmalaryň, dürli mazmunly öwrediji oýunlaryň, surat çekmek üçin mobil goşundylaryň peýdalanylmagy ösüp gelýän körpe nesilleri hemmetaraplaýyn terbiýelemegiň, olaryň zehinini açmagyň we ösdürmegiň esasy serişdeleri bolup hyzmat edýär. «Mekdep» (mekdep.edu.tm) onlaýn ulgamy bolsa orta mekdepler üçin döredilip, onuň esasy maksady maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryndan peýdalanmagyň esasynda bilim işiniň hilini gowulandyrmakdan ybaratdyr. Ulgam elektron usulda okuwçylaryň gündeliklerini we mugallymlaryň synp žurnallaryny ýöretmäge, okuwçylaryň gatnaşygy we ýetişigi baradaky maglumatlary ene-atalara ýetirmäge, habarlaşmak üçin hyzmatlary hödürlemäge, mugallymlara hem-de dolandyryş işgärlerine hasabatlary döretmäge, sapaklaryň meýilnamasyny görmäge, mugallymlar üçin okuwçylara öý işlerini tabşyrmaga, onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Mekdep okuwçylarynyň sanly başarnyklaryny emele getirmek we ösdürmek maksady bilen, umumybilim edaralarynyň ähli synplarynda informatika dersi, şeýle hem tebigy we takyk ylymlary çuňlaşdyryp öwredýän orta mekdepleriň ýokary synplarynda modelirleme we grafika, maglumat-aragatnaşyk we innowasiýa tehnologiýalary dersleri boýunça bilim berilýär. Mekdep okuwçylary programmirleme dillerini hem ürç edip özleşdirmäge ýykgyn edýärler. Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň çäklerinde esaslandyrylan Koreýanyň Maglumat elýeterlilik merkezinde alty ýaşdan ýokary diňleýjilere «SCRATCH», «Python» we «Java» programmirlemeleriniň esaslary, emeli aň barada zerur bilimler berilýär, web saýtlary we söhbetdeşlik botlaryny döretmegiň usullary öwredilýär.

Ýurdumyzyň ýokary hünär biliminiň taýýarlygynyň ugurlarynyň we hünärleriniň Döwlet klassifikatoryna laýyklykda, aýry-aýry ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr, magistr hem-de hünärmen maksatnamalary esasynda kompýuter we maglumat ylymlary; informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maglumat howpsuzlygy; elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary ulaldylan toparlaryň düzümine girýän köp sanly ýöriteleşmeler boýunça talyp ýaşlara düýpli bilim berilýär. Talyplaryň döwrebap programmalar bilen işlemek başarnyklary ösdürilýär, şeýle hem olar programmirlemegiň dillerini özleşdirýärler. IT ugurlar boýunça ýokary bilimli bakalawrlaryň, magistrleriň we hünärmenleriň taýýarlanylmagy ýurdumyzda güýçli depginde ösdürilýän sanly ykdysadyýetiň işgärler üpjünçiligini ýokarlandyrmaga oňyn täsir edýär.

Okuw ýyllary döwründe talyplar tarapyndan işlenip taýýarlanylan dürli maksatly programma üpjünçilikleri üçin alynýan patentleriň sany ýyl geçdigiçe artýar. Her ýylda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň guramagynda geçirilýän «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginde seçilip alnan talyplaryň programma önümleri milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işlerini awtomatlaşdyrmak üçin ornaşdyrylýar.

Bilim edaralarynyň mugallymlarynyň sanly başarnyklaryny kämilleşdirmek işine aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly ulgam arkaly mugallymlar üçin onlaýn bilim bermek, emeli aň, wirtual we goşulan hakykat, uly göwrümli maglumat tehnologiýalaryny ulanmak, sanly ykdysadyýet, elektron resminama dolanyşygy, talyp maglumat dolanyşygy ulgamy, innowasion tehnologiýalar, Moodle platformasynyň esaslary, kiberhowpsuzlygyň esaslary boýunça okuw maslahatlary yzygiderli guralýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, zähmet bazarynyň zerurlyklary üçin ussat hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Bu çäreler mundan beýläk-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň durnukly ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Gulbeşer BABAÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

11.03.2024
Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň abadançylygy döwlet syýasatynyň baş maksadydyr

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

4-nji martda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekip, bu işleriň guramaçylykly geçirilmeginiň bol hasyl almakda möhüm şert bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gowaça ekiljek meýdanlaryň ekişe doly taýýar edilmegini, pagtaçy daýhanlaryň ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün edilmegini, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini guramaçylykly geçirmegiň, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary möwsüme doly taýýar etmegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda degişli görkezmeleri berdi. Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamak boýunça birnäçe tabşyryklar berildi.

5-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidi kabul etdi. Hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda energetika ulgamy geljegi uly ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Hormatly Prezidentimiz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmak, üstaşyr geçirmek üçin syýasy, maliýe, ekologiýa ugurlary boýunça ÝHHG-niň çäklerinde anyk işleri durmuşa geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, ulag ulgamynda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurdygy bellenildi. Şunda Türkmenistanyň ileri tutulýan ugurlar boýunça bu gurama bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygy tassyklanyldy.

6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ilkinji iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda” Permana gol çekdi.

7-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine garaldy. Hususan-da, milli hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, azyk önümlerini öndürýän açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleriniň işini kämilleşdirmek, nebitgaz pudagyny nebitgazly känlerde çuňlugy 7 müň metrden geçýän guýularda degişli işleri geçirmäge mümkinçilik berýän täze enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Aşgabat şäherinde täze awtomobil köprüsiniň gurluşygy boýunça halkara bäsleşigi geçirmek, “Türkmendemirýollary” agentliginiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak üçin görülýän çäreler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berildi. Ýakyn wagtda meýilleşdirilen möhüm dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy. Şolaryň hatarynda 16-njy martda ýurdumyzda, şol sanda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasy bar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergini we maslahaty şu ýylyň 17 — 19-njy marty aralygynda geçirmek meýilleşdirilýär. 21-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki “Nowruz ýaýlasynda”, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlaryndaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki meýdançalarda, şeýle hem Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar guralar. “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek üçin taýýarlyk görülýär.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Watanymyzyň milli maksatnamalaryny we halkara başlangyçlaryny döwrüň täzeçil talaplaryna laýyk getirmek, BMG-niň ähli düzüm birlikleri bilen durmuşa geçirilýän taslamalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşini döretmek baradaky teklip hödürlenildi. Bu geňeşiň işi degişli wezipeleri çözmäge gönükdiriler. Şolaryň hatarynda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen taslamalary taýýarlamak, seçip almak, tassyklamak bilen bagly işleri utgaşdyrmak we Türkmenistanyň Hökümetine bu babatda teklipleri taýýarlamak wezipesi bar. Şeýle hem guramanyň çäklerinde halkara başlangyçlary öwrenmek, türkmen tarapy üçin maksadalaýyklygyna görä, olara goşulmak we goldamak babatda teklipleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan” we kabul edilen hereketleriň milli meýilnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine syn etmek, olary iş ýüzünde amala aşyrmagyň ýollaryny maslahatlaşmak teklip edilýär.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähriban enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi. Baýramçylygyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryna, şol sanda edara-kärhanalarda zähmet çekýän, hormatly dynç alyşdaky zenanlara, mekdeplerde okaýan, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak çäreleri geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, “Ene mähri” diýen hormatly ada eýe bolan, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen eneleri sarpalamagyň çäklerinde, olara ýokary amatlykly täze öýleriň açarlaryny gowşurmak dabaralary boldy.

“Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda boldy. ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid öz çykyşynda häzirki döwrüň ekologik wehimlerine, durnukly ösüşi, energetika we azyk howpsuzlygyny, sebitde ählumumy abadançylygy, durnuklylygy üpjün etmek bilen gönüden-göni baglanyşykly howa meseleleriniň esasy ugurlaryna ünsi çekmäge mümkinçilik berýän duşuşygyň ähmiýetini belledi. Duşuşygyň dowamynda suw serişdelerini durnukly dolandyrmagyň, suw diplomatiýasyny ösdürmegiň, bu işe zenanlary işjeň çekmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, bu meseleler boýunça habarlylygy artdyrmak üçin utgaşdyrylan çäreleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyna üns çekildi. Şeýle hem daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary beýan edildi.

Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid bilen geçirilen duşuşygyň barşynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, kanun çykaryjylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepdede Söwda-senagat edarasynda owgan harytlarynyň sergisi hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahaty geçirildi. Bu çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýän Owganystanyň döwlet düzümleriniň wekillerinden, 230-dan gowrak kompaniýanyň we kärhananyň ýolbaşçylaryndan hem-de hünärmenlerinden ybarat uly wekilçilikli topar Aşgabada geldi. Sergide azyk we ýeňil senagat, gurluşyk, hojalyk we senagat himiýasy, saglygy goraýyş, derman senagaty, oba hojalygy ýaly ugurlarda önüm öndürijiler öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Plastik önümleri öndürýän kärhanalar, metallurgiýa zawodlary, nebitgaz pudagyna ýöriteleşen, ulag-logistika ulgamyna degişli kompaniýalar senagat hem-de beýleki pudaklarda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrdylar. Owgan banklarynyň işi bilen ýakyndan tanyşmak mümkinçiligi hem döredi. Halk senetçiligine, amaly-haşam sungatyna bagyşlanan pawilýonlar sergä gelenleriň ünsüni çekdi.

Türkmen-owgan işewürlik maslahatynyň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport, maýa goýum mümkinçiliklerini netijeli ulanmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy girizildi. Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň owgan kärdeşleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň barşynda bilelikdäki taslamalar hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň jemleri boýunça degişli resminamalara gol çekildi.

Türkmenistan bilen Owganystanyň zenan telekeçileriniň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda özara bähbitli işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça ylalaşyk gazanyldy. Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň işewürleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň göçme birža söwdalary geçirildi. Söwdalaryň dowamynda jemi 70-den gowrak geleşik baglaşyldy. Geleşikleriň jemi bahasy daşary ýurt pulunda ABŞ-nyň 107 milliondan gowrak dollaryna, milli pulda 33 million manatdan gowraga barabar boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirdi. Ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we demir ýol ulgamlary ýaly iri taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti bellenildi. Duşuşygyň dowamynda iki goňşy ýurduň serhet ýakalarynda däne ammarlaryny, söwda toplumlaryny we zerur bolan beýleki desgalary gurmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepdede Mejlisde Awstriýanyň Parlamentiniň agzasy, “Awstriýa — Türkmenistan” parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Ewa Ernst-Dziedziç bilen duşuşyk boldy. Taraplar türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Şeýle hem Mejlisde Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň agzalarynyň nobatdaky duşuşygy boldy. Duşuşykda kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak, daşky gurşawy goramakda täze çemeleşmeler, gender deňligini üpjün etmek, ýaşlaryň we zenan parlamentarileriň syýasy derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada durlup geçildi. Şeýle-de yzygiderli esasda geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekdäki ähmiýeti beýan edildi.

Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi merkezinde däp bolan “Gözellik döredýän zenanlar” atly sergi-bäsleşik guraldy. Onda tejribeli suratkeşleriň, sungat we senetçilik höwesjeňleriniň, çeper döredijilik gurnaklarynyň okuwçylarynyň dürli görnüşlerde we usullarda ýerine ýetiren işleri öz beýanyny tapdy. Bäsleşigiň ýeňijileri Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşleriniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen taekwondo (ITF) boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryşa ýurdumyzdan 23 türgen gatnaşdy. Ildeşlerimiz 11 döwletden 1500-e golaý türgeni bir ýere jemlän bu iri ýaryşda 19 altyn, 9 kümüş we 6 bürünç medal gazandylar.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň uzak möhletleýin özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge, döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.

(TDH)

11.03.2024
Asylly işlere mynasyp goşant

Uly Balkan dagynyň alkymynda ýokary hil ülňülerine laýyk gurlup işe girizilen «Balkan» sement zawody bilen içgin tanşanyňda, ýurdumyzyň günbatar sebitini senagatlaşdyrmakda alnyp barylýan işlere guwanjyň artýar.

— Sebitde milli ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlary boýunça aýgytly ösüşler gazanylýar. Bu künjegiň baý serişdeleri senagaty täze belentliklere götermäge, tutuş ýurtdaky gurluşyk işleriniň maddy-tehniki binýadyny dowamly berkitmäge ygtybarly binýat bolup durýar. Kämil enjamlardyr tehnologiýalar bilen birkemsiz üpjün edilen kärhanada halal zähmet çekip, ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna önjeýli goşant goşmak uly bagtdyr. Geçen ýyl kärhanamyza «Z-50» kysymly kuwwatly ýük ýükleýjileriň birnäçesiniň Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnyp berilmegi iş depginini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi — diýip, zawodyň baş inženeri Nurmämmet Durdyýew gürrüň berýär.

Kärhananyň derwezesiniň öňündäki suw çüwdürimli ajaýyp howuz, daş-töweregi halkalap oturan müňlerçe düýp arça tokaýlygy, ähli tarapyňda höküm sürýän arassaçylyk bu ýere gadamy düşen her bir adamyň bada-bat nazaryny egleýär. Umumy meýdany 50 gektar ýeri tutýan zawodda sement önümçiligi karýer hojalygyndan başlanýar. Kuwwatly awtoulaglarda bökdençsiz daşalýan çig mal döwüji, üweýji, bişiriji sehlerden geçensoň, sement degirmenine gönükdirilýär. Olardaky, şeýle hem zawodyň awtoulag, mehanika, energetika, awtomatika bölümlerindäki önümçilik işleriniň ählisi kompýuterlerdir kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan dolandyryş merkezinden takyk amala aşyrylýar. Mähnet desgalardan gurnalan bölümleriň her biri özbaşdak bir önümçiligi ýatladýar. Özara sepleşip gidýän desgalar täsin görnüşi döredýär. Zawodyň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen barlaghanasy zerur tehnologik we himiki seljermeleri geçirmäge, netijede, gelip gowuşýan çig malyňdyr taýýar önümleriň hil derejesini kepillendirmäge mümkinçilik berýär. Barlaghanada ýokary hilli sement taýýarlamagyň möhüm şerti bolan çig mallaryň — toýnuň, hek daşynyň, fariniň, garyndynyň, klinkeriň himiki barlaglary ýerine ýetirilýär. Zawodyň ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän önümleriniň «Türkmenstandartlary» döwlet gullugy tarapyndan güwänamalaşdyrylandygyny hem bellemelidiris.

Uzaklardan howalanyp görünýän ägirt uly önümçilik desgalaryndan başga-da, dolandyryş merkezi üçin edara binasy, kuwwatly transformator stansiýasy, suw basyjy desga, içimlik hem-de tehniki suw üçin göwrümler, garaž, ussahana, ammarlar zawodyň düzümine girýär. Kärhanada işgärleriň öndürijilikli zähmet çekmekleri we mynasyp dynç almaklary üçin amatly şertler — 350 orunlyk naharhana, sport meýdançasy, awtoulaglar üçin duralga bar. Sement önümçiliginiň üznüksiz ýola goýulmagyny üpjün etmek üçin häli-şindi zerurlygy ýüze çykaýjak esasy hünärmenlere niýetlenen, her biri 4 gatly, jemi 48 öýli 3 sany ýaşaýyş jaýy, olaryň töwereginde dynç almak, gezelenç etmek üçin döredilen amatlyklar, saýaly agaçlar kärhanany has-da juwan görkezýär. Açyk sport toplumy sagdyn durmuş ýörelgesiniň bu ýerde-de rowaç tapýandygyndan habar berýär.

— Kärhanamyzda sementiň dürli görnüşini öndürmek üçin gerekli çig mallaryň 90 göterimden gowragynyň ata Watanymyzyň hut öz çäklerinde ýeterlikdigi guwandyryjydyr. Ähli işlerimiz işine ökde hünärmenlerimiz tarapyndan başarjaňlyk bilen dolandyrylýar. Zähmet çekýän 900-den gowrak hünärmeniň ortaça ýaşy 35-den geçenok. Olaryň hünär başarnyklary yzygiderli ýokarlandyrylýar. Iş orunlarynyň her birinde tehniki howpsuzlyk we zähmet düzgünleriniň pugta berjaý edilmegi esasy şert bolup durýar. Zawodda zähmet çekýänler ýörite buýurmalar esasynda tikilen iş egin-eşikleri bilen hem birkemsiz üpjün edilýär. Şeýle ýokary kuwwatly kärhanada gelin-gyzlarymyzyň hem 180-den gowragy göreldeli zähmet çekýär. Işçileriň, inžener-tehniki işgärleriň we olaryň maşgala agzalarynyň ýurdumyzyň sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde, şypahanalarda bolup, saglygyny berkitmeklerine we sapaly dynç almaklaryna-da ýakyndan hemaýat berýäris — diýip, zawodyň tehniki howpsuzlyk bölüminiň başlygy Ýunus Geldiýew aýdýar.

«Balkan» sement kärhanasynda geçen ýylda 908 müň tonnadan gowrak ýokary hilli sement öndürildi. 170 million manatlyga derek 179,3 million manatlyga golaý iş ýerine ýetirildi. Gazanylan netijeler bu ýyl has-da berkidilýär. Diňe ýanwar aýynda 65 müň tonna sement öndürmegiň meýilnamasy 118,4 göterim, taýýar önümi ýerleşdirmegiň tabşyrygy 134 göterim amal edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýanwarda önümçiligiň ösüş depgininiň 161 göterime golaý ýokarlandyrylandygyny nygtamak gerek.

Gysga wagtda milli ykdysadyýetiň üstünlikli işleýän kärhanalarynyň hatarynda özüne mynasyp orun tapmagy başaran zawodda taýýar önümler görnüşleri boýunça haltalara gaplanylyp, ýörite awtoulaglara we wagonlara ürgün görnüşinde guýulýar hem-de ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklara gündelik ugradylýar. Ýokary hilli sementiň Arkadag şäherinde we paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyklarda-da giňden ulanylýandygy hünärmenleri örän buýsandyrýar. Kärhananyň önümçilik düzümlerindäki zähmet joşguny bu ýerde şu ýyl jemi 910 müň tonna sement öndürmek baradaky meýilnamanyň artygy bilen berjaý ediljekdigine ynam döredýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.

«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.

11.03.2024
Täzeçe garaýyş — belent sepgitlere badalga

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ykdysady ösüşiň gazanylandygy bellenildi. Şu ýylyň ilkinji iki aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterim derejede saklanmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýan ykdysady syýasatyň oňyn netijesidir. Ykdysady strategiýanyň esasy aýratynlygy ýurduň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýeti yzygiderli pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Şunda diwersifikasiýa möhüm üns berilmegi, oýlanyşykly durmuş syýasatynyň alnyp barylmagy makroykdysady görkezijileriň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine ýardam berýän şertlerdir.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,9 göterime deň boldy. Bu makroykdysady görkeziji ýurdumyzda diwersifikasiýa syýasatynyň oýlanyşykly alnyp barylýandygyny aýdyň görkezýär. Ykdysady strategiýada diwersifikasiýa syýasaty dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki çylşyrymly şertlerinde ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň we uzak geljekde onuň ösüşe ukyplylygyny üpjün etmegiň netijeli ugry hökmünde kesgitlenildi. Häzirki döwürde bu ugur ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamalarynda mynasyp orun eýeleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» hem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Häzirki döwürde Türkmenistan uzak möhletleýin we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin diwersifikasiýa syýasatyny oýlanyşykly durmuşa geçirýän döwletleriň biri bolup, ol birnäçe ugurda amala aşyrylýar. Hususan-da, gaýtadan işleýän senagaty we hyzmatlar bazaryny ösdürmegiň hasabyna ykdysadyýetiň diwersifisirlenen ösüşini gazanmak ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şunda milli ykdysadyýetiň ýangyç-energetika pudagyna garaşlylygyny azaltmagyň ygtybarly ýoly hökmünde telekeçilik ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Hasabat döwründe senagatda ösüş depgininiň 5,6 göterim derejede saklanmagy milli ykdysadyýetiň köpugurly ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Bu görkezijiniň söwdada 8,1 göterime, ulag we aragatnaşykda 6,6 göterime, oba hojalygynda 3,9 göterime deň bolmagy ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary netijeliligiň gazanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Hökümet mejlisinde bölek-satuw haryt dolanyşygynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň 1,1 göterim ýokarlanandygy bellenildi. Şunda bölek-satuw haryt dolanyşygy ilatyň pul girdejilerini harytlara çalyşmak arkaly, ýüze çykýan ykdysady gatnaşyklary aňlatmak bilen, satylan harytlaryň umumy mukdaryny görkezýän bolsa, onda daşary söwda dolanyşygy ýurda getirilýän we beýleki ýurtlara iberilýän harytlaryň mukdaryny häsiýetlendirýär. Umuman aýdylanda, soňky görkeziji dünýä ykdysadyýetinde ýurduň tutýan ornundan habar berýär.

Dünýä ykdysadyýetiniň depginli ösýän häzirki şertlerinde döwlet syýasatynda daşary söwda ulgamynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilmegi, ilkinji nobatda, onuň ösüşiniň esasy makroykdysady görkezijilerine özüniň uly täsirini ýetirýändigi bilen baglanyşyklydyr. Mysal üçin, eksport edilýän önümleriň möçberiniň artmagy diňe bir ýurda altyn pul akymlarynyň gelmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen önümleriniň daşarky bazarlara çykarylmagy ýerli öndürijilerimiz tarapyndan bäsdeşlige ukyply önümleriň has-da köp öndürilmegini höweslendirýär. Netijede, jemi içerki önümiň, şol sanda ýokary hillisiniň möçberi artýar. Mundan başga-da, söwda gatnaşyklarynyň oňyn netijeleri, öz gezeginde, önümçiligiň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagynda, işgärleriň hünär başarnygynyň ýokarlanmagynda, täze iş orunlarynyň döredilmeginde öz aýdyň beýanyny tapýar. Bu aýratynlyklar daşary söwda ulgamynyň netijeli guralan, işiň oýlanyşykly ýola goýlan ýagdaýynda ýurduň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine oňyn täsirini ýetirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Daşary söwda gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin, ilkinji nobatda, ýurtda öndürilýän harytlaryň köpgörnüşliligini we hiliniň ýokarylygyny üpjün etmek zerur bolup durýar. Munuň üçin milli ykdysadyýete maýa goýumlaryň köp möçberde çekilmegi, şeýle-de türkmen işewürleriniň eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutýan önümleri öndürmäge çalyşmagy täze mümkinçilikleri açýar. Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmekde eksport bilen birlikde, importy çalyşýan syýasaty oýlanyşykly alyp barmak ygtybarly ýollaryň biri bolup durýar. Bu syýasatyň ykdysady, jemgyýetçilik-durmuş we strategik netijeliliginiň ýokary bolmagy ýurtlary özüne çekiji edýär. Onuň ykdysady ähmiýeti ýurduň içindäki çig mallaryň, zähmet gorlarynyň we maliýe serişdeleriniň netijeli ulanylmagynda, önümçilik kuwwatyny ösdürmegiň esasynda barha artýan islegleri kanagatlandyrmakda öz beýanyny tapýar. Hususan-da, importyň ornuny tutýan syýasatyň ýurtda maýa goýum syýasatynyň has-da işjeňleşmegine itergi berýändigi aýratyn bellärliklidir. Mejlisde habar berlişi ýaly, ýanwar-fewral aýlarynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 24,6 göterim artmagy munuň şeýledigini aňryýany bilen tassyklaýar. Işjeň häsiýetli maýa goýum syýasatynyň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzda täze önümçilikleriň işe girizilmegi we bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi diňe bir importyň ornuny tutýan önümleriň mukdarynyň artmagyna däl, eýsem, täze iş orunlarynyň döredilmegine, netijede, ilatyň iş bilen meşgullygynyň ösmegine, döwletiň ykdysady howpsuzlygynyň pugtalanmagyna-da ýardam berýär. Ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gowulanmagy, ylmy-tehniki ösüşiň işjeňleşmegi we ilatyň bilime isleginiň artmagy bu syýasatyň jemgyýetçilik-durmuş ähmiýetli netijeleriniň ýokarydygyny görkezýär.

Importyň ornuny tutýan önümleriň diňe içerki bazara däl, daşarky bazarlara-da gönükdirilýändigini nazara alsak, onda önümiň bäsdeşlige ukyplylygynyň derejesiniň ýokary bolmagy möhüm şertleriň biri hasaplanýar. Munuň üçin diňe bir önümçilikleriň döredilmegi ýeterlik bolman, tutuş ykdysadyýetiň, degişli infrastrukturanyň we durmuş ulgamynyň hilini ýokarlandyrmak zerurlygy-da ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda, milli önüm öndürijileri höweslendirmek çäreleriniň we goldaw bermegiň dürli mehanizmleriniň işlenip taýýarlanylmagy hem-de durmuşa ornaşdyrylmagy bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Häzirki döwürde bu ugurda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan saldamly işler eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutýan önümçilikleriň geriminiň giňemegine, netijede, ykdysady kuwwatyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Maýagözel BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

09.03.2024