Habarlar
Nur paýlaýan desgalar

Bilşimiz ýaly, Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimizde möhüm orun eýeleýän energetika pudagyny ösdürmek, ýurdumyzyň energetika syýasatyna laýyklykda, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlary esasynda, ýurdumyzda täze elektrik stansiýalaryny gurmak, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmak, sebitlerde hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek babatda hem aýgytly işler dowam etdirilýär. Şunda, ýurdumyzyň beýleki sebitleri bilen birlikde, Daşoguz welaýatynda hem netijeli işler amal edilýär.

Demirgazyk welaýatyň iri senagat kärhanalarynyň biri hasaplanýan «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginde we onuň düzümlerinde şu ýylyň ýanwar aýy üçin göz öňünde tutulan meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirilip, ähli ugurlar boýunça oňat görkezijiler gazanyldy. Öz düzümine 7 sany etrap hem şäher elektrik ulgamlaryny birleşdirýän bu önümçilik birleşiginde sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen doly derejede üpjünçiligini ýola goýmak maksadynda, elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, täze energetika desgalaryny gurmak, bar bolanlarynyň sazlaşykly işlemegini gazanmak babatda zerur çäreler geçirilýär. Birleşigiň hasabynda dürli kuwwatlykly transformator beketleriniň 3400-den, elektrik geçiriji ulgamlaryň bolsa 330-dan gowragy bar. Häzirki wagtda jemi 12 müň 500 kilometrden gowrak elektrik geçirijiler bolup, olaryň 12 müň 300 kilometri howa, galan bölegi hem kabel arkaly geçiriji ulgamlardyr. Birleşige degişli 50-den gowrak elektrik bekedi arkaly sebitiň ilaty, sarp edijiler gije-gündiziň dowamynda elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilýär. Welaýatda döwrebap elektrik stansiýasynyň gurlup ulanmaga berilmegi elektrik energiýasy bilen üpjünçilik meselesiniň doly derejede çözülmegine şert döretdi. Kuwwatlylygy 254 megawatdan hem köp bolan, iki sany gaz turbinaly bu stansiýanyň öndürýän energiýasy welaýatyň sarp edijilerinden daşgary beýleki ýurtlara hem berilýär. Sebitde durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen baglylykda, geljekde bu elektrik stansiýasynyň ýönekeý dolanyşykdan bug-gaz dolanyşygyna geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Daşoguz welaýatyndaky döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgasyny utgaşykly dolanyşyga geçirmek maksady bilen, köpugurly işler alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin bu ýerde täze meýilnamalar işlenip düzüldi. Bu çäreleriň amala aşyrylmagy bolsa tebigy gazy sarp etmezden, goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge, «ýaşyl» energetikany ösdürmek arkaly, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň möçberini ep-esli azaltmaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Täze taslama laýyklykda, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy hem 25 kilometre barabar bolan Daşoguz — Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy ugry boýunça iki zynjyrly howa elektrik geçirijisini çekmek göz öňünde tutulýar. Maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylmagy bu döwrebap stansiýada öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini has-da artdyrmaga oňaýly şertleri döredýär.

Häzirki wagtda halkalaýyn energoulgamyň Balkan — Daşoguz ugry boýunça ikinji tapgyrda gurluşyk-gurnama işleri ýokary depgine eýe bolýar. Jemi uzynlygy 560 kilometre barabar iki zynjyrly ýokary woltly elektrik geçirijisiniň bu ugrunyň uly bölegi Garagum sährasyny aralap geçýär. Onuň baş maksady ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini köpeltmekden, ähli welaýatlaryň energiýa ulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmek arkaly, içerki sarp edijileri energiýa bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybarat. Bu ugurda täze satyn alnan kuwwatly gurluşyk tehnikalary, beýleki gurallar netijeli ulanylýar. Gurluşyga ýurdumyzyň telekeçileri işjeň gatnaşýarlar. Pudakda hereket edýän «Ýedi tolkun» hem-de «Altyn Tug» hususy kärhanalary bitewi ulgamyň Daşoguz ugrunda netijeli işleýärler.

Ýurdumyzyň sebitlerini halkalaýyn ulgama birleşdirýän ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň gurulmagy uly ähmiýete eýedir. Ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy häzirki zamanyň ekologik talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Onuň ähli tebigy şertlerde bökdençsiz işlemegi üçin zerur tehniki şertler döredilýär. Şeýle geçirijileriň ýokarsyndan ýyldyrym çakmagyndan sowmaga mümkinçilik berýän ýogyn zynjyr geçirilýär. Şol zynjyrlar ulgamyň bütin ugry boýunça aragatnaşygy amala aşyrmaga hem mümkinçilik döredýär. Dört aýakly kuwwatly sütünleriň mäkäm oturdylmagyna aýratyn üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, şeýle halkalaýyn ulgamyň gurulmagy, tutuş ýurtda bolşy ýaly, demirgazyk sebitiň ilatynyň elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün edilmegini şertlendirýär. Şeýle işler goşmaça elektrik energiýasynyň öndürilmegine, welaýatyň bu senagat kärhanasynyň önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagyna täze mümkinçilikleri açýar.

Amanmyrat SAPAROW.

«Türkmenistan».

20.02.2024
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 19-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallary abatlap, möwsüme taýýarlamak işi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek maksady bilen, pagta arassalaýjy kärhanalarda gowaça çigitleri taýýarlanylýar. Şeýle hem ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny kadaly derejede saklamak, suwaryş we şor suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär.

Şeýle-de häkim welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we welaýatyň ak ekin, gowaça ekiljek meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, gowaçanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişine ýokary derejede taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlarynda tekizleýiş, geriş çekmek işleri alnyp barylýar. Ýazky möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary we gurallary abatlamak, pagtaçy daýhanlar üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak maksady bilen, degişli guramaçylyk işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň daş-töwereginde, ýaplarda, zeýkeşlerde arassaçylyk işleri geçirilýär.

Şeýle hem häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatda medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyny, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleriň, pagtaçylar üçin ýokary hilli gowaça tohumynyň ekiş möwsümine taýýar edilmegini, beýleki ekinleriň ekişine taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowyň welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ýagdaýy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde sürüm işleri doly geçirilip, häzirki wagtda tekizleýiş we ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallary abatlamak, pagta öndürijileri welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerinde sürüm işleri tamamlanyp, suw tutmak we bu ekinleriň tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Ýazky ekiş möwsümine taýýarlygyň çäklerinde ekin meýdanlarynyň daş-töwereginde, ýaplarda we zeýkeşlerde arassaçylyk işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem häkim hormatly Prezidentimiziň gyşky möwsümde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi babatda beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýerden bol hasyl almak üçin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmelidigini belledi we welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işleriniň, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlardaky ýerine ýetirilýän işleriň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, pagtaçy daýhanlar üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlarynyň, bu ekinleriň tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew ýurdumyzyň gündogar sebitinde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, welaýatda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş, çil çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazky ekiş möwsüminde işlediljek tehnikalary we gurallary abatlamak, pagtaçy kärendeçileri welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, olaryň daş-töwereklerinde, suwaryş we şor suw akabalarynda arassaçylyk işleri geçirilýär.

Şeýle hem häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda degişli işleriň talabalaýyk geçirilmegini, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine taýýar edilmegini, gök-bakja ekinleriniň ekişine ykjam taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň ak ekin meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ýazky ekişe taýýarlamak maksady bilen, ýerlerde tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlaryny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny ýazky möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ýeralmanyň, soganyň we beýleki azyklyk ekinleriň ekişine guramaçylykly girişmek we bellenen agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin olaryň ekilmeli ýerleri, tohumlary taýýarlanylýar.

Mundan başga-da, häkim hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, gyşky möwsümde welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmeginiň, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginiň yzygiderli gözegçilikde saklanylýandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlaryň, pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumlarynyň ekiş möwsümine doly taýýar edilmegini, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreleriň görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda 2024-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda” Kararyny ýerine ýetirmek hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça ýerlerde degişli işler dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin tohumlyk gowaça çigitleri taýýarlanylýar, ýazky ekişde ulanyljak ähli oba hojalyk tehnikalary we gurallary abatlanylyp, möwsüme taýýar edilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda ýeralmanyň, soganyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek we bellenen möhletlerde tamamlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, pudagy döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly amala aşyrylmagyny, gowaça ekiljek meýdanlaryň, ýokary hilli gowaça tohumlarynyň, oba hojalyk tehnikalarynyňdyr gurallarynyň ýazky ekiş möwsümine taýýar edilmegini, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişiniň guramaçylykly hem-de agrotehniki möhletlerde geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda 2024-nji ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatlardaky medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

20.02.2024
Agrar syýasat: möhüm özgertmeler, wajyp wezipeler

Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisi hem, adatça bolşy ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen täze maksatlar, wezipeler we başlangyçlar bilen tapawutlandy. Bu gezek esasy özgertmeler oba hojalygy bilen bagly boldy. Döwlet Baştutanymyzyň mejlisiň barşynda aýdyşy ýaly, oba hojalygy milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Ony ösdürmek ykdysady binýady pugtalandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwür täze wezipeleri, önümçilik bolsa öňdebaryjy tejribeleri we iş usullaryny talap edýär.

Ekologik howpsuzlyk, bäsdeşlige ukyplylyk, eksport mümkinçilikleri — ine, häzirki wagtda ileri tutulýan islendik möhüm ykdysady ugurlaryň okgunly ösüşini üpjün edýän şertler. Ösüş senagat we önümçilik kuwwatlyklary arkaly gazanylýar. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini täzeden üýtgedip guramak barada gelnen karar oýlanyşykly çözgütdir. Bu özgertme Milli Liderimiziň başyny başlan we täze taryhy döwrümizde üstünlikli durmuşa geçirilýän Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde önüm öndürijilere mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermegi ugur edinýär.

Öňki oba hojalyk düzümi öz döwrüniň talabyny ödän hem bolsa, häzirki wagtda bu pudagy, şol sanda tutuş ykdysadyýeti strategik taýdan ösdürmek babatda täze wezipeler öňe çykýar. Şonuň üçin ýurduň ykdysady ösüşiniň meselelerine has giňişleýin çemeleşilýär. Pudaklaryň işine täzeden garalýar, düzedişler girizilýär, eger gerek bolsa, olar düýpli özgerdilýär, has-da kämilleşdirilýär. Munuň özi adaty, tebigy we kanunalaýyk ýagdaýdyr. Özgertmeler döwrüň täze şertlerine uýgunlaşmak hem-de dünýäniň joşgunly, möwçli akymynda öňegidişligi saklap galmak üçin amala aşyrylýar. Türkmenistan uzak hem aýdyň ýola düşdi. Öňde durýan maksatlar kesgitlenildi. Biz diňe şunda döräp biljek päsgelçilikleri ýeňip geçmek üçin öňünden ykjam taýýarlyk görmeli. Bilimizi berk guşamaly. Döwlet Baştutanymyzyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak bilen bagly gol çeken Permanyna geljekde durnukly we asuda «ýüzüşi» dowam etmek üçin bellenilen zerur çäreleriň biri hökmünde garamak bolar.

Türkmenistanyň senagat taýdan ösýän ýurt bolmak bilen bir hatarda, agrar ýurtdugyny hem unutmaly däldiris. Ýer türkmen üçin hemişe ýaran, ekleýji, howandar we dost bolup geldi. Ýer türkmen üçin mukaddeslikdir, ezizdir. Ene topraga wepadarlyk duýgusy arkama-arka nesil yzarlap, şu günlere gelip ýetdi. Toprak — halkyň durmuşynyň baky hemrasy, zähmetiniň manysy, ykbalyny çözüji. Ir döwürlerden bäri zähmetsöýer we merdana pederlerimiz Burkut baba, Haýdar baba, Babadaýhan ýaly pirleri özüne ruhy medetkär edinip, bereketli toprakdan iýjek ýylgallasyny ösdürip ýetişdiripdirler, ene topragy söýgüläp, nakyllaryňdyr paýhasly sözleriň uly toplumyny miras goýupdyrlar: «Sen ýeri har etmeseň, ýer seni hor etmez», «Daýhandan hereket, ýerden bereket», «Ýeri eý gör, eklär», «Ýer aldamazam, aldatmazam», «Azapsyz ýeriň ady ýok», «Çyn baýlyk — ýer», «Dünýä gelseň, ýere in, durup giden yzyň galsyn»... Bu nakyllarda nähili uly parasat hem many bar!

Daýhan diňe erkin hereket etmäge mümkinçilik alanda, erkin ýer eýesi bolanda, özüni ýeriň hakyky eýesi hökmünde duýýar. Muny ýer we tehnika alyp, önjeýli işleýän häzirki daýhanlarymyzyň gazanýan ýokary netijeleri hem tassyklaýar. Ýere yhlasly ýapyşýan daýhanlaryň sany günsaýyn artýar. Olar ata-babalarymyzyň ajaýyp ekerançylyk däplerini mynasyp dowam etdirýär. Daýhan zähmetiniň we ekerançylygyň medeniýetiniň däpleri ählihalk däplerine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň halky bolelin durmuşda ýaşatmak, ekerançylaryň we maldarlaryň tutumlaryny ilerletmek, oba hojalygyny ýokary galdyrmak, ene topragyň rysgal-berekedini artdyrmak üçin öňe sürýän täze başlangyçlarynyň ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşindäki oba özgertmelerinde gazanylýan tejribä gymmatly goşant bolýandygy gürrüňsizdir. Bu gün Türkmenistan azyk we beýleki zerur harytlar bilen özüni üpjün etmäge ukyply döwletdir. Käbir oba hojalyk önümlerini eksport edýän döwletleriň hataryna-da goşuldyk.

Biz öz-özümizi ekläp bilýäris. 2023-nji ýylda tutuş oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini 106,8 göterime deň boldy. Bu iňňän ýokary görkezijidir. Özgertmeler geçirilýär. Ýerler paýlanylýar. Gerekli mukdarda bugdaý öndürilýär. Elewatorlar, oba hojalyk kärhanalary gurulýar. Ýöne mümkinçiliklerimiz hernäçe uly bolsa-da, ony artdyrmagyň zerurdygyny hem ýatdan çykarmaýarys. Şonuň üçin oba hojalygynda täze özgertmeleriň gerekdigi öz-özünden düşnüklidir.

Pudakda toplanan tejribeler, hususan-da, toplumy daşky gurşawyň täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda ösdürmekde hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde gazanan üstünliklerimiz ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga hem mynasyp goşant boldy. Munuň aňyrsynda, ozaly bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bar. Bol hasyl öndürýän daýhanlaryň alyn deriniň miwesi, gaýratly zähmeti bar. Geçen ýyl Aşgabatda geçirilen «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat ýurdumyz bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) arasynda ýola goýlan ýakyn hyzmatdaşlygyň oňyn netijesidir. Ol bu möhüm ugurda öňde duran meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin işjeň we açyk meýdança boldy.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumyny goldamak, dünýäniň meşhur kompaniýalaryndan satyn alnan oba hojalyk tehnikalarynyň hasabyna toplumyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak barada döwlet tarapyndan amala aşyrylýan çäreler iňňän uludyr. Tehnikalar daýhanlaryň gyzyldan gymmatly wagtynyň hatda ýekeje minudyny-da ýitirmezligine uly ýardam edýär. Pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy daýhany ykdysady taýdan höweslendirdi. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde gol çekilen Karara laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş nyrhy 2 müň manat möçberinde, pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş nyrhy (hiline we ýygym möwsümine görä) 4 müň 550 manatdan 6 müň 700 manat aralygyndaky möçberlerde bellenildi. Satylýan gallanyň we pagtanyň töleginde-de bökdençlik ýok. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze çözgüdi oba adamlarynyň arasynda uly kanagatlanma döretdi. Daýhana mundan gowy goldaw bolup bilmez.

Başdaky esasy gürrüňimize dolanalyň! Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligini bölüp, onuň binýadynda Oba hojalyk ministrligini hem-de Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakyndaky Perman 2023-nji ýylyň iýulynda kabul edilipdi. Indi üýtgedip guralan Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we ondan bölünip aýrylan hem-de täze döredilen pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýagny «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Azyk senagaty döwlet birleşigi, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredildi. Olar obasenagat toplumy bilen baglanyşykly ähli meseleleri çözmäge borçly edildi. Bu meseleler ownuk däl. Birleşikleriň her biri ekerançylyk, bagbançylyk, maldarçylyk, guşçulyk, azyk, agrotehnika ulgamlarynda aýry-aýrylykda netijeli döwlet dolandyryşyny üpjün etmek, şeýle hem döwrebap ykdysady, maliýe, salgyt we hukuk gurallaryny döretmek, oba ýerlerinde täze ykdysady gatnaşyklary kemala getirmek boýunça işleri alyp bararlar hem-de berk gözegçilikde saklarlar. Oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň artdyrylmagy we hiliniň gowulandyrylmagy şu wezipeleriň çalt çözülmegine bagly bolup durýar. Başgaça aýdanymyzda, islendik işiň başyna barlanda, oňa täzeçe, döredijilikli çemeleşmek gerek.

Her bir döwletiň oba özgertmeleriniň milli aýratynlyklary bolýar. Ýurdumyzda geçirilýän oba özgertmeleri hem ýerli toprak we howa şertlerine laýyk gelýär, milli ekerançylyk däplerimize daýanýar. Milli Liderimiziň bu özgertmeleriň barşynda geçiren iň wajyp çäreleriniň biri-de gadymy daýhançylyk däplerini dikeltmek, ýerden we suwdan peýdalanmagyň iň täze iş usullaryny ornaşdyrmak, şeýle hem daýhanlaryň ýeňil bolmadyk abyrsyz işinde olara maddy hem-de ruhy taýdan goldaw bermek boldy. Häzir daýhanyň ýere-de, ekine-de ideg edişi düýbünden başgaça. Olar her bir hatarda, her bir otagda, her bir suwarymda, her bir ýygymda öz maşgalasynyň, öz halkynyň rysgal-berekedini görýär. Türkmenistan boýunça däne, pagta we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmekde gazanylýan zähmet ýeňişleri, obalarda hususy haryt we önüm öndürijileriň döremegi, daýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmete yhlasynyň güýçlenmegi oýlanyşykly we uzakdangörüjilikli ykdysady syýasatyň, oba özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesidir.

Adamzadyň tutuş taryhynyň dowamynda ýigrimiden gowrak iri oba hojalyk özgertmeleriniň bolup geçendigi aýdylýar. Olaryň her biri belli bir döwletiň içerki şertlerine laýyklykda ýüze çykan hem bolsa, özünde dürli öwüşginli aýratynlyklary jemleýändigi sebäpli, adamzadyň ösüşine goşant goşdy. Sebäbi ol özgertmeleriň tejribesi, derňewi islendik beýleki täzeligiň häsiýetini ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Üýtgedilýän we özgerdilýän zatlaryň täsiri uly. Pikirimizi tassyklaýan jümle: «Oba hojalygyndaky özgertmeler ykbal çözüji özgertmelerdir». Muny Gahryman Arkadagymyz aýdypdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk strategiýasy bu jümle barada ýene-de bir gezek çuňňur oýlanmaga iterýär.

Oba hojalygyndaky we agrosenagatdaky özgertmeleri mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmakda 2024-nji ýyl aýgytlaýjy ýyllaryň biri bolar. Özgertmeler agrotehnikany gowulandyrmak hem-de ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni milli daýhançylyk däpleri bilen utgaşdyrmak arkaly amala aşyrylar. Oba adamlarynyň öz zähmetiniň netijesine gyzyklanma bildirmegi pudagy üstünlikli ösdürmegiň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Häzir ekerançylar özleriniň ýeňil bolmadyk işine wagtynda mynasyp baha beriljekdigine ynanýarlar. Adamyň, onda-da ýer bilen günüň-gününe iş salyşýan adamyň gurluşy şeýle. Bu isleg kanagatlandyrylýar. Milli Liderimiz welaýatlara iş saparynyň barşynda daýhan hojalyklaryna aýlanyp görüp, oba adamlarynyň ýaşaýyş we durmuş şertleri, ýagdaýy bilen içgin tanyşýar, pikirlerini, haýyşlaryny diňleýär. Olary peýdaly maslahatlar bilen goldaýar.

Bu asylly däp hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyz galla oragynyň barşyny öz gözegçiliginde saklaýar. Welaýatlarda iş saparynda bolanda, galla oragynyň guralyşy bilen jikme-jik tanyşýar, daýhanlary mähirli sözler bilen ruhlandyrýar. Mahlasy, Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba ýerlerine barmagy zähmetkeşleriň durmuşynda ýatdan çykmajak ýakymly waka öwrülýär. Daýhanlar hormatly Prezidentimiziň obany özgertmek baradaky oýlanyşykly döwlet syýasatyny ynam we yhlas bilen durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Özleri barada edilýän aladanyň hem-de döwrebap özgertmeleriň ygtybarly we netijeli taraplaryny görýärler. Özi-de ony hut öz iş tejribelerinde duýýarlar.

Oraz ABDYÝEW.

«Türkmenistan».

20.02.2024
Ösüşiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, iş üpjünçiliginiň derejesi, durmuş taýdan goraglylygy esasy ölçegleriň hataryna degişlidir. Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir. Mälim bolşy ýaly, her ýylda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak ýaly möhüm işler üstünlikli amal edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna iş orunlaryny döretmek ýaly işler hem meýilnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Bularyň hemmesi milli ykdysadyýetiň ösüşini, şeýle hem halk bähbitli işleri aýdyň beýan edýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda halkyň abadançylygynyň bähbidine durnukly ösüşi üpjün etmek üçin ykdysady işi kadalaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär. Şonuň bilen bir hatarda, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda jemgyýetiň we ykdysadyýetiň durnuklylygyna döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Raýatlaryň zähmet işine bolan konstitusion hukuklary ygtybarly goralýar we şahsyýetiň durmuş ülňüleriniň ýokary derejesi üpjün edilýär hem-de ilatyň durmuş goraglylygy kepillendirilýär.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli başlangyçlaryň, meýilnamalaýyn işleriň özeninde diňe halkyň bähbidi, onuň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlaryň durýandygy her bir raýatyň durmuşynda duýulýar. Halkyň hal-ýagdaýy günsaýyn gowulanyp, ýaşaýyş-durmuş şertleri barha ýokarlanýar. Şonuň üçin hem bu günki günde halkymyz durmuşa geçirilýän işlere tüýs ýürekden buýsanýar, täze üstünliklere goşant goşmaga ruhlanýar.

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň ösüşi maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Şol nukdaýnazardan, öňde goýlan wezipeler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ykdysadyýetimizi pugtalandyrmagyň we sanly ulgamy ösdürmegiň wezipeleri, depginli ösüşiň ugurlary hem-de ulgamlary, şeýle-de halkyň hal-ýagdaýynyň we ýaşaýyş-durmuşynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe wezipeler kesgitlenilendir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş maksady hökmünde ykdysady ösüşi hil taýdan täze derejä çykarmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny we netijeliligini üpjün etmek, geljegiň sanly ykdysadyýetini döretmek, raýatlaryň ýaşaýyş hil görkezijisini dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirmek, adam maýasynyň ösüş derejesini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan işlerde ýurdumyzda adamlaryň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen, ýaşaýyş jaýlarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adam hakynda edilýän aladanyň hem-de ynsanperwer, durmuş goraglylyk ýörelgeleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyndan habar berýär.

Annadursun TATOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

19.02.2024
Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji syýasaty we diplomatiýasy

Aşgabat, 18-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk taglymaty we Bitarap Türkmenistanyň diplomatiýasy» atly halkara maslahat we institutyň «Diplomatik protokol» atly ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu okuw merkeziniň döredilmegi ýokary okuw mekdepleriniň işiniň kämilleşdirilmegine hem-de maddy-tehniki binýadynyň berkidilmegine döwlet tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.

Diplomatik protokol Hökümetler, daşary syýasat edaralary, diplomatik wekilhanalar hem-de beýleki resmi adamlar tarapyndan halkara gatnaşyklar boýunça berjaý edilýän düzgünleriň, däpleriň we şertleriň toplumydyr. Protokolyň düzgünleri «halkara sypaýyçylyk» diýlip atlandyrylýan ýörelgä esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň bähbitlerine wekilçilik edip bilýän ýokary hünär derejeli diplomatik işgärleri halkara standartlara laýyklykda taýýarlamak ulgamynyň kämilleşdirilmegi zerur bolup durýar. Şeýlelikde, Halkara gatnaşyklary institutynda degişli okuw merkezini döretmek baradaky kabul edilen çözgüt Türkmenistanyň bu öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň ylmy-barlag we intellektual mümkinçiliklerini artdyrar.

Soňra dabara gatnaşyjylar institutyň «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýine baryp gördüler we bu bilim ojagynyň geçen ýoly hem-de gazananlary bilen tanyşdylar. Bu ýerde diplomatik resminamalar, hatlaryň göçürmeleri, golýazma kitaplar, institutyň düzümleri, halkara maslahatlar hem-de forumlar baradaky maglumatlar, okuw gollanmalary, ylmy işler, hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň dürli dillerde neşir edilen kitaplary ýerleşdirilipdir.

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, milli diplomatik gullugyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyplar gatnaşdylar.

Institutyň eýwanynda ýörite sergi guraldy, şeýle-de türkmen diplomatiýasynyň taryhyny, bu ýokary okuw mekdebiniň döredilişini beýan edýän wideofilm görkezildi.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hünär baýramy mynasybetli diplomatik işgärlere iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň halkara syýasatda möhüm orny bolup, ol häzirki zaman gün tertibini emele getirmäge oňyn täsir edýär, abraýdan we hyzmatdaşlarynyň ykrar etmeginden peýdalanýar. Muny Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 25 sany Kararnamasynyň biragyzdan goldanylmagy hem aýdyň tassyklaýar. “Soňky ýyllarda Türkmenistanyň dünýä işlerine diplomatik taýdan gatnaşmagynyň giňeldilmegi, şeýle hem Daşary işler ministrliginiň hünärmenleriniň taýýarlanylmagy we berkidilmegi boýunça wajyp çözgütler kabul edildi. Şu döwürde biziň ilçihanalarymyzyň, konsullyklarymyzyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarymyzyň sany iki esse diýen ýaly köpeldi” diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Gutlagynda Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň döredilmeginde we berkidilmeginde, onuň mümkinçilikleriniň açylmagynda, geografiýasynyň hem-de iş ugurlarynyň giňeldilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly hyzmatynyň bardygyny belledi.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýändigi bellenildi. Bu öňdengörüjilikli strategiýa hem-de döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürülýän döredijilikli başlangyçlar giň goldawa eýe bolýar.

Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdygy we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidigi bellenildi. Onuň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar, çünki olarda bütin adamzadyň üýtgewsiz gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär. Bu ýörelgeler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirýär we ýurdumyzyň diplomatiýasynyň parasatlylygynyň, dowamatlylygynyň hem-de ähmiýetiniň çeşmesi bolmagyny dowam etdirýär. Bellenilişi ýaly, Magtymguly Pyragynyň garaýyşlary beýleki halklara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, demokratiýa, däp-dessurlara esaslanýar. Şahyryň edebi mirasy “siwilizasiýanyň dialogy” diýlip atlandyrylýar. Häzirki wagtda Magtymgulynyň döredijiliginiň halkara derejede dost-doganlygy pugtalandyrmaga hyzmat edýändigini aýdyp bileris. Çünki ýurdumyzyň daşary syýasaty beýik şahyryň hem-de filosofyň pikirleriniň, dünýä we türkmen halkynyň ondaky orny baradaky garaýyşlarynyň dowamydyr.

Maslahatda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy, Germaniýanyň, Eýranyň, Italiýanyň we Türkiýäniň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri hem çykyş etdiler. Nygtalyşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar, ähli gyzyklanma bildirýän döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegi, iri halkara we sebit düzümleri, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Döwletimiz kabul edilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn halkara ylalaşyklary, şertnamalary, konwensiýalary berjaý etmek bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär, öz syýasy, ykdysady, medeni mümkinçiliklerini parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine gönükdirýär. Muňa dürli ulgamlarda amala aşyrylan hem-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça taýýarlanylan we kabul edilen Kararnamalary hem aýdyň mysaldyr. Milletler Bileleşigi bilen özara gatnaşyklarda ýurdumyz sebit hem-de ählumumy ösüşiň möhüm meselelerine, olaryň çözgütleriniň bilelikde işlenip taýýarlanylmagyna jogapkärçilikli çemeleşýär.

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygy, ulag-aragatnaşyk, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynda Bitaraplyk syýasatyna möhüm orun degişlidir. Bu syýasat döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ösdürmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen birlikde, türkmen halkynyň mirasynyň, ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden eserleriniň hem-de senetçilik sungatynyň BMG-niň derejesinde ykrar edilmegi olaryň dünýä siwilizasiýasy üçin gymmatly ähmiýetini tassyklaýar. Diplomatlar şu ýyl beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli birnäçe halkara çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini bellediler. Şunda dostlukly döwletleriň ählisi bu çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine öz goşantlaryny goşmaga we olara gatnaşmaga taýýardyr.

Maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine ýokary talaplaryň bildirilýändigine ünsi çekdiler. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryndan ugur alyp, diplomatlar Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň parahatçylyk dörediji daşary syýasatyny netijeli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak maksady bilen, öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda yzygiderli işleri durmuşa geçirýärler. Şunuň bilen baglylykda, ählumumylaşma şertlerinde halkara gatnaşyklarda türkmen diplomatiýasynyň ähmiýetiniň barha ýokarlanýandygy bellenildi. Milli diplomatiýa däbe öwrülen we häzirki zaman gurallarynyň hem-de iş ugurlarynyň sazlaşygynyň nusgasy hökmünde deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk, düşünişmek, ynanyşmak ýörelgelerine eýermek bilen, döwletleriň arasynda dostlugyň pugtalandyrylmagyna möhüm goşant goşýar.

Halkara meseleleriň oňyn çözgüdiniň tapylmagyna deňeçer, yzygiderli çemeleşmek, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlylyk Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy aýratynlyklary bolup durýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan ykdysady, ulag, energetika, ekologiýa, ylym, lukmançylyk, medeniýet, sport ýaly diplomatiýanyň möhüm ugurlarynyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýär. Dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna ynamly goşulyşýar, halkara abraýy barha artýar. Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ulgamy ýylsaýyn giňelýär. Şonuň üçin-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan we talaplaryndan ugur alnyp, milli diplomatiýa mekdebiniň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi bermek maksady bilen, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna uly ähmiýet berilýär. Munuň özi täze hünär ugurlaryny açmak, bilim bermek işine öňdebaryjy sanly tehnologiýalary, innowasion usullary işjeň ornaşdyrmak, daşary ýurtlaryň esasy ugurdaş ýokary okuw mekdepleri bilen tejribe alyşmak zerurlygyny ýüze çykarýar. Hormatly Prezidentimiziň ýakyndan goldaw bermegi netijesinde Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, düzümi döwrebaplaşdyrylýar.

Şeýle hem parahatçylygy pugtalandyrmakda we ýüze çykýan meseleleri, gapma-garşylyklary aradan aýyrmagyň, ynanyşmagy berkitmegiň möhüm guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasynyň aýratyn ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň işjeň daşary syýasat ugry örän möhüm halkara meseleleri çözmekde, häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine garşy durmakda ýurdumyzyň uly kuwwatynyň bardygyny tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň uzak möhletleýin geljekde özara gatnaşyklaryň usullaryny we binýadyny emele getirmek, taryhyň hem-de maksatlaryň umumylygy esasynda bu meselelere bir bitewülikde seretmek, sebit gatnaşyklarynyň esaslaryny döretmek we berkitmek arkaly öňdengörüjilikli çemeleşmäni görkezýändigini bellemek gerek. Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisiniň goldamagynda 2007-nji ýylda Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Häzirki döwürde bu merkez sebitde howpsuzlygy dörediji tagallalary, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak babatda zerur işleri ýerine ýetirýär. Sebitde parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlygy, ösüşi üpjün etmek Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň esasy maksady boldy we şeýle bolmagynda-da galýar. Bu bolsa ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä gurluşynyň durnuklylygyna goşýan uly goşandy bolup durýar.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de geljekde-de öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmekde ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Milli senenamamyzda orun alan bu şanly baýram mynasybetli ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, oňyn daşary syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, daşary ýurtlar bilen dürli ulgamlarda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, iri halkara guramalar bilen netijeli dialogyň giňeldilmegine goşan şahsy goşantlary hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren beýleki hyzmatlary üçin diplomatik gullugyň işgärlerine “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany hem-de degişli şahadatnamalar gowşuryldy. Asylly däbe görä, hünär baýramynyň şanyna Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandyklary üçin diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine we Halkara gatnaşyklary institutynyň şu ýyl okuwy tamamlaýan tapawutlanan talyplaryna Daşary işler ministrliginiň diplomlaryny gowşurmak dabarasy hem boldy.

Maslahat tamamlanandan soňra, ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi.

Şeýle hem forumyň çäklerinde paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň hem-de daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sport ýaryşlary geçirildi. Diplomatlar stol tennisi, kiçi futbol, woleýbol we bouling boýunça özara bäsleşdiler. Ýaryşlara gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, şeýle çäreler dostlugyň pugtalandyrylmagyna we resmi däl gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýär.

* * *

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ilat gaznasynyň, Çagalar gaznasynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Şol resminamalaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti we Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistan boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmegiň ikinji tapgyry» atly üýtgetme girizilen taslama resminamasy; Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Maliýe bazarlaryny kämilleşdirmek üçin institusional we kanunçylyk gurşawyny berkitmäge ýardam bermek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin taslama resminamasy; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça zerur bolan derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň üsti bilen satyn almak barada» atly üýtgetme girizilen Ylalaşygy; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «2021 — 2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak barada» atly üýtgetme girizilen Ylalaşygy; Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak üçin ýerli bileleşikleriň we serhetara hyzmatdaşlygyň durnuklylygyny artdyrmak» atly sebitleýin taslamanyň ikinji tapgyrynyň Türkmenistan boýunça 2023-2024-nji ýyllar üçin iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly üýtgetme girizilen taslama resminamasy; Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Hyzmatlaryň daşary söwda statistikasyny, şeýle hem ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň göwrümi barada statistiki maglumaty kämilleşdirmekde ýardam bermek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin taslama resminamasy; Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «2008-nji ýylyň milli hasaplarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam bermek üçin maliýe hasaplaryny işläp düzmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin taslama resminamasy; Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam bermek» atly üýtgetme girizilen taslama resminamasy; Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin taslama resminamasy; Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen 2024-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasy; Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen 2024-2025-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasy bar.

19.02.2024
Belent sepgitler — buýsanjymyz

Gahryman Arkadagymyzyň belent sepgitleri nazarlaýan döwlet maksatnamalary bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ýaşlaryň bilimli, ylymly, beden we ruhy taýdan sagdyn, watansöýüji, ynsanperwer şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilýär.

Häzirki wagtda ýaş raýatlaryň konstitusion hukuklaryny, azatlyklaryny üpjün etmek we ony durmuşa geçirmek üçin hukuk, durmuş-ykdysady, guramaçylyk şertlerini we kepilliklerini döretmek maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VII gurultaýynda hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde beýan edilýän wezipeler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele gelýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň galkynmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna ýardam berýär. Elbetde, haýsy ýurtdugyna garamazdan, islendik jemgyýetde ýaşlara döwletiň geljekki ösüşleriniň binýadyny goýjak, ykdysadyýetiň pudaklarynda zähmeti guramakdan başlap, dolandyryjy wezipelerde işlejek adamlaryň «altyn gaznasy» hökmünde garalýar. Şoňa görä-de, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hut ýaşlara bagyşlanýar. Ýaşlar syýasaty gönüden-göni olaryň hukuklary, durmuş taýdan goraglylygy we geljegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Biz bu hakykata şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamalaryny tassyklamagynyň mysalynda ýene bir ýola göz ýetirdik.

2024-nji ýylda zähmet haklaryny artdyrmak, önümçilik kärhanalaryny we beýleki binalary gurmagyň hasabyna ilat üçin goşmaça iş orunlaryny döretmek, ýaşaýyş jaýlaryny, saglyk öýlerini we hassahanalary, çagalar baglaryny, mekdepleri, awtomobil ýollaryny, gaz, suw, elektrik geçirijileri, aragatnaşyk ulgamyny gurmaga iri maýa goýumlary gönükdirmek boýunça maksatnamalaýyn işler utgaşykly ýerine ýetiriler. Şu maksatlar bilen, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň maýa goýujylary üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek boýunça zerur çäreleriň toplumy amala aşyrylýar. Hususan-da, düýpli maýa goýumlaryny çekmek üçin hukuk, maliýe we beýleki şertleri döredýän degişli kanunçylyk namalary kabul edildi we döwrebaplaşdyrylýar. Munuň özi milli ykdysadyýetde gurluş özgertmelerini geçirmäge, maýa goýumlaryň ykdysady netijeliligini hem-de özüni ödeýiş möhletlerini kadaly derejede ýola goýmaga, raýatlaryň, kärhanalaryň we döwletiň girdejilerini artdyrmaga niýetlenendir.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagy maksat edinýän döwletimizde maýa goýum işjeňligini artdyrmagyň üns merkezinde saklanmagy döwrüň talaby bilen baglanyşyklydyr. Döwletiň sanly ykdysady ösüşiniň ilerlemegi we dünýä hojalygyna işjeň goşulyşmagy zerur infrastrukturalary döretmekde, döwrebap maglumat-kommunikasiýa, sanly tehnikalar we tehnologiýalar bilen işleýän edaradyr kärhanalary höweslendirmekde möhüm orny eýeleýän netijeli maýa goýum syýasatyny alyp barmagy talap edýär. Türkmenistanda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen birlikde, sebitdäki we onuň çäkleriniň daşyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň asuda, abadan ýaşaýşyny üpjün edýän we ertirki güne mizemez ynamy döredýän ähli maksatlarymyzyň myradyna ýetmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli parasatly syýasatynyň ajaýyp netijesidir. Agzybir, zähmetsöýer türkmen halky, şol sanda nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlar döwletimiziň ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe gitmegine mynasyp goşant goşýandyklaryna buýsanyp ýaşaýarlar.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri.

19.02.2024
Işeňňiriň işi ileri

Ýurdumyzyň ak bazarlaryna, söwda nokatlaryna aýlananyňda, ýokary hilli süýji önümleriniň dürli görnüşleriniň bolçulygyna şaýat bolýarsyň. Şunda Mary şäherindäki «Kilwan» haryt nyşanly konditer önümlerini öndürýän «Hojaly» hojalyk jemgyýetiniň hem mynasyp goşandy bar.

Bu hojalyk jemgyýetiniň işe başlanyna köp wagt bolmadyk hem bolsa, ol özüniň tagamly kökeleridir waflileri bilen halkymyzyň arasynda meşhurlyk gazanmagy başardy. Dükanlara baranymyzda, «Kilwan» önümlerine ýygy-ýygydan gabat gelýäris. Alyjylara hödürlenýän bu önümler datly tagamy, ýokary hili, ekologiýa taýdan arassalygy bilen ünsüňi özüne çekýär.

Hojalyk jemgyýeti ilkibaşda «Seýrana», «Altyn däne», «Pasyllar» atly şekerli kökeleri öndürip başlady. Häzir önümleriň görnüşleriniň sany 100-e golaýlap, olardan «Wasp» karamel huruşly şokolad örtülen petir kökesine, «Mardop» zefir huruşly şokolad örtülen petir kökesine, «Kesp» huruşly şekerli kökesine, «Rende» huruşly şekerli kökesine alyjylar tarapyndan isleg has ýokarydyr. Süýjülikler 2017-nji ýyldan bäri saçaklarymyzyň berekedine bereket goşup gelýär. Öndürilýän kökedir waflileriň hyrydarlary, esasan, çagalardyr. Bu önümler özüniň datlylygy bilen dünýä bazarlarynda hem mynasyp ornuny tapdy.

— Öz önümlerimiz bilen diňe bir ýurdumyzda däl, daşary ýurtlarda guralýan sergilere hem gatnaşýarys. Bu bolsa harytlarymyza bolan islegleriň artmagyna, eksport mümkinçiligimiziň artmagyna ýardam edýär. Türkiýede geçirilen «F-Stambul — 2022», «F-Stambul — 2023» halkara sergilerine gatnaşanymyzda, daşary ýurtly işewürler biziň önümlerimize uly gyzyklanma bildirdiler. Häzirki wagtda önümlerimizi Gazagystana, Gyrgyzystana, Täjigistana, Özbegistana, Azerbaýjana, şeýle hem Owganystana eksport edýäris.

Hojalyk jemgyýetimizde ähli işler awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Bu kuwwatly enjamlar Germaniýanyň, Türkiýäniň önümleri bolup durýar. Öndürijilik kuwwatymyz taýýar görnüşde ýylda 1700 tonnadan hem geçýär. Harytlaryň agramly bölegi üçin ýurdumyzdaky çig mallary ulanýarys. Önümlerimiziň düzümini, tagamyny işine ökde hünärmenler, tehnologlar taýýarlaýarlar. Täze ýylyň öňüsyrasynda «Mardop» zefir huruşly, şokolad örtülen petir kökäniň hem-de «Tans» şokolad örtükli wafliniň kokosly görnüşlerini baýramçylyk sowgady hökmünde ilata hödürledik. Bu önümlerimiz hem alyjylar tarapyndan oňat garşylandy. Şeýle-de «Has» atly huruşly, şekerli kökämiz islegli önümleriň hatarynda durýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyny bize peşgeş berdi. Hormatly Prezidentimiziň ilkinji kitabynyň ýaşlara bagyşlanmagy bize uly ynam bildirilýändiginiň ýene bir aýdyň görkezijisi boldy. «Hojaly» hojalyk jemgyýetimizde zähmet çekýän agzybir işgärleriň 80 göterimden gowragy ýaşlar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem önümleriň täze görnüşlerini işläp taýýarlamagy, ozal bar bolan kökedir waflilerimiziň hil derejesini has-da ýokarlandyrmagy, öndürijilik kuwwatymyzy artdyrmagy maksat edindik. Ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys — diýip, hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Şageldi Babalyýew buýsanç bilen gürrüň berdi.

Baýnazar BAÝHANOW.

«Türkmenistan».

15.02.2024
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 14-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2024-nji ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýylyň başyndan bäri Milli goşunyň goranyş ukybyny berkitmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda alnyp barlan işler hakynda aýdyldy. Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda ýerine ýetirilýän işler, hususan-da, gurlup ulanmaga berlen durmuş maksatly desgalar barada-da habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolan Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirilýän goranyş häsiýetli Harby doktrinasynda aýdyň beýanyny tapan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagyny we Ýaragly Güýçleriň şahsy düzüminiň nazaryýet, söweşjeň taýýarlygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny işiň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Baş prokuror B.Muhamedow kanunçylyk namalarynyň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek maksady bilen, şu ýylyň ýanwarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilişi, olaryň işinde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň barşy barada aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanun bozulmalarynyň öňüni almak we olary aradan aýyrmak, raýatlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň goralmagyny üpjün etmek boýunça çäreleriň görülmeginiň bu düzümiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýandygyny nygtady. Öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak möhüm talaplaryň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we Baş prokurora degişli görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow N.Allanazarowy Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine belläp, ony Ahal welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Içeri işler ministri M.Hydyrow hasabat döwründe ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygyny, hukuk tertibini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ol ýolbaşçylyk edýän düzümini ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň barşy barada habar berdi.

IIM-niň ýolbaşçysy işgärleriň netijeli gullugy we göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy üçin şertleri döretmek babatda durmuşa geçirilen anyk çäreler barada hasabat bermek bilen, geçen aýda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ministrligiň düzümindäki gulluklar üçin edara binalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň açylandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu edaranyň üstüne ýüklenen wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, işiň täze usullaryny ornaşdyrmagyň, sanly ulgamy giňden ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek, ýangyna garşy göreş kadalaryny berjaý etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek Içeri işler ministrliginiň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy belledi we ministre degişli tabşyryklary berdi.

Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, milli kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de kazyýet edaralarynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylandygy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hukuk taýdan kadalaşdyrmagyň ähli ulgamlaryny özüne birleşdirýän döwlet goragynyň netijeli guraly hökmünde bu edaranyň möhüm ornuna ünsi çekdi. Şunda kanunylygy, adalatlylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleri, şertleri aradan aýyrmak bilen baglanyşykly wezipeleri üns merkezinde saklamagyň zerurdygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiz işgärler düzümini berkitmegiň wajypdygy barada aýdyp, Ýokary kazyýetiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew ministrligiň ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy üpjün etmek, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň gazananlaryny ygtybarly goramak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça alyp baran işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, onuň işine sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, düzümiň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Hususan-da, gündelik işe täze tehnologik işläp taýýarlamalary işjeň ornaşdyrmagyň, işgärleriň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň wajypdygy nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak üçin beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen sazlaşykly işlemegiň zerurdygyny belläp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň şu ýylyň ýanwarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem Watanymyzyň guryýer we deňiz serhetlerini ygtybarly goramak, serhet bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak babatda alnyp barlan toplumlaýyn çäreler hakynda aýdyldy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, eziz Watanymyzyň mukaddes serhetlerini dost-doganlygyň serhetleri diýip yglan etmek bilen, Türkmenistanyň ähli döwletler, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlar bilen netijeli we oňyn gatnaşyklary saklaýandygyny belledi. Bu düzümiň üstüne ýüklenen wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, serhet goşunlarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi, göwnejaý ýaşaýyş-durmuşy, dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we gullugyň ýolbaşçysyna anyk görkezmeleri berdi.

Soňra adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol sanda milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak hem-de hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny ilata düşündirmek bilen bagly geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, kanun çykaryjylyk ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmäge, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmagyň wajypdygy bellenildi. Türkmenistanlylaryň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak döwrüň esasy talaplarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we ministre birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew bu düzümiň ýylyň başyndan bäri amala aşyran işleriniň netijeleri hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň gullugy täze tehnikalar bilen üpjün etmek we onuň işgärler kuwwatyny berkitmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň çäginden geçirilýän ýükleriň möçberiniň artýandygyny nazara almak bilen, ýurdumyza getirilýän harytlaryň bellenen talaplara laýyklykda gözden geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz gullugyň geljek üçin iş meýilnamasynyň esasy ugurlaryna ünsi çekip, gümrük terminallarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow hasabat döwründe amala aşyrylan, degişli düzümiň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeleri netijeli çözmäge gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem degişli ösüş maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, raýatlarymyzyň bähbitlerini, howpsuzlygyny üpjün etmegiň, olaryň ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşynda hereket etmek babatdaky hukuklaryny berjaý etmegiň gullugyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin milli kanunçylygyň esasy ýörelgelerine eýermek hem-de migrasiýa ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesinden ugur almak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we işde öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny has işjeň ulanmagy tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň jemini jemläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini tassyklady.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

15.02.2024
Ykdysadyýetiň berk binýady

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Giňişleýin mejlisde döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygyna ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Şular ýaly oýlanyşykly we ölçegli işlenip düzülen maksatnama islendik başlangyjyň üstünlige beslenmeginde ilkinji şertdir. Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi hem dogry işlenip düzülen strategik maksatnamalara baglydyr. Belent maksada uzaýan uly ýol hem menzilleri aşylyp, tapgyrma-tapgyr geçilýär. Ykdysadyýetde hem uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň rowaçlyga beslenmegi üçin gysga möhletli maliýe-ykdysady resminamalar işlenip taýýarlanylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, gysga döwre niýetlenen nobatdaky resminamanyň, ýagny Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň» çäklerinde möhüm we giň gerimli taslamalaryň ençemesini durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Balkan welaýatynda täze Halkara howa menziliniň, kuwwaty 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynyň taslamalary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha artmagyna we halkara abraýynyň ýokarlanmagyna uly goşant goşar. 2024-nji ýyl üçin ýurdumyzyň maýa goýum Maksatnamasy senagat pudaklarynyň ösdürilmegine, täze kärhanalaryň işleriniň ýola goýulmagyna, azyk üpjünçiliginiň has-da gowulandyrylmagyna, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygynyň berk berjaý edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri özünde jemleýär. Geçmişde akyldarlaryň biri: «Maňa öz islegiňi aýt. Şonda men seniň kimdigiňi aýdaýyn» diýipdir. Ýurdumyzyň ykdysady ösüş maksatnamasynda göz öňünde tutulan maksatlar hem Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda öz öňünde belent maksatlary goýýan kuwwatly döwletdigini äşgär edýär.

Eziz Watanymyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmek, innowasion önümçilikleri döretmek, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, pudaklara «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmak, adam maýasyny kämilleşdirmek, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini we iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek üçin maýa goýum syýasaty yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

15.02.2024
Dünýä ýalkym saçýar döwrüň şuglasy

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli syýasatlaryndan ruhlanýan halkymyz döredijilikli zähmeti bilen Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýar. 2023-nji ýylyň dowamynda halk hojalygynyň pudaklarynda gazanylan netijeler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösýändigini, döwrüň şertlerine laýyklykda kämilleşdirilýändigini tassyklaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine gönükdirilen ägirt uly maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde gurluşyk we senagat toplumyna hem möhüm orun degişlidir. Raýatlar üçin ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy hem-de olaryň ýagtylyk, ýylylyk ýaly zerurlyklar bilen bökdençsiz üpjün edilmegi abadan ýaşaýşyň esasy şertleriniň biridir. Bu günki gün eziz Diýarymyzyň paýtagtynda hem-de sebitlerinde gurlan we gurulýan medeni-durmuş maksatly desgalar, aýratyn-da, iň döwrebap mümkinçilikleri özünde jemleýän Arkadag şäheriniň açylmagy okgunly ösüşlerimizi Ýer ýüzüne äşgär edýär.

Hormatly Prezidentimiziň 9-njy fewralda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlaryň esasynda hem ýurdumyzyň gurluşyk, senagat we energetika pudaklarynda oňyn görkezijileriň gazanylýandygyna göz ýetirmek mümkin. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ösüşlerini şertlendirýän görkezijiler ýurdumyzda giň gerimli gurluşyklaryň ýaýbaňlandyrylyp, olary zerur serişdeler bilen üpjün etmek üçin senagat kärhanalarynyň üstünlikli iş alyp barýandygyna şaýatlyk edýär. Amala aşyrylan gurluşyklaryň esasy böleginiň durmuş maksatly desgalar bolmagy halkymyzyň abadançylygy hakyndaky aladanyň aýdyň nyşanydyr. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň binalarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň, Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň binasynyň, «Parahat—7» ýaşaýyş toplumynda 10 sany 9 gatly, Büzmeýin etrabynda 11 sany 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, Gökdepe etrabynyň Owadandepe hem-de Köpetdag geňeşliklerindäki täze, döwrebap obalaryň, tutuş ýurdumyz boýunça orta mekdepleriň 22-siniň, çagalar baglarynyň 16-synyň gurlup ulanylmaga berilmegi ilaty ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Umumy meýdany 1 million 897 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlarynyň ulanylmaga berilmegi bolsa döwletimiziň kuwwatynyň görkezijisidir.

Islendik döwletiň durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin onuň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegi zerurdyr. Şeýle ösüşi amala aşyrmak üçin innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilik desgalarynyň, döwrebap energetika ulgamlarynyň, ýurduň sebitlerini biri-birine baglaýan ýollaryň we beýleki ugurdaş düzümleriň döredilmegi hem wajypdyr. Geçen ýylyň dowamynda Mary — Ahal ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda iki sany gaz turbina desgasynyň, şeýle hem dürli ugurly täze kärhanalaryň onlarçasynyň açylyp, ulanyşa berilmegi hem milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge ýardam edýän düzümleri döretmek maksadyndan ugur alýar.

Bu günki berkarar döwletimizi arzuwlan beýik akyldarymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler dowam etdirilýär. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeler hem bu hakykaty aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Maksatnama laýyklykda, şu ýyl umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5 müň 360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1 müň 200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Şeýle hem, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin bu Maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalaryňdyr binalaryň gurluşygyna badalga bermek hem-de birnäçe desgalaryň gurluşygyny tamamlamak göz öňünde tutulýar. Bir gije-gündizde 150 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desganyň, «Dokmaçylar» medeni merkeziniň, Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň, «Parahat — 7» ýaşaýyş toplumynda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 13-siniň, Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň ulanylmaga berilmegi ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň has-da gözelleşip, ýaşaýjylar üçin täze oňaýlyklaryň döredilmegine ýardam eder. Halkynyň abadançylygyny, ykdysadyýetiň ösüşini nazarlaýan iri taslamalary durmuşa geçirýän döwlet kuwwatly, gurply, berkarar döwletdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan asylly işler, gurulýan binalardyr desgalar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýagty geljege tarap ynamly gadam urýan kuwwatly döwletdigine buýsanjyňy artdyrýar.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

15.02.2024
Dürler hazynasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz 2024-nji ýyla uly ruhubelentlik bilen gadam basdy.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde giňden belläp geçmäge düýpli taýýarlyk görülýär. Onuň çäklerinde türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä dolan şöhratyny giňden wagyz etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu işler akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy hem beýik şahyryň ömrüne, döredijilik mirasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygyndan aýdyň mysaldyr.

Her halkyň geçmişde döreden gymmatlyklary bolýar. Dünýä medeniýetiniň baý genji-hazynasyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri, agzybirlik, sahawatlylyk hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, halkymyzyň häzirki we geljek nesilleriniň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Türki medeniýetiniň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Biz şu ýerde, esasan hem, akyldar şahyrymyzyň goşgularynda kämillik barada beýan edilen ýagdaýlara üns bermegi göz öňünde tutduk. Pähim-paýhasa ýugrulan goşgularda, ilki bilen nädip kämil adam bolup ýetişmelidigi barada aýdylýar. Milletleriň ruhy baýlyklary bilen Ýer ýüzünde ýagşylyklaryň köpelmegi, adamlaryň jebisliginiň hergiz üzülmezligi gazanylýar.

Şahyryň filosofik-ahlak ygtykadyna görä, adam bolup dünýä inmegiň özi hem tebigatyň beren taýsyz peşgeşi. Hut şonuň üçin — adam bolandygy üçin, her kim mydama edep kämilligine ymtylmaga, ahlak ruhuny sap saklap, ynsanlykdan gaçyrýan meýillerden, ýaramaz işlerden daş durmaga borçludyr.

Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Andan ýene otlap ýören mal ýagşy.

Adamkärçilik biziň milletimiziň ruhy esasy bolup durýar. Ol her bir türkmeniň ganyna we aňyna ornan esasy ýörelgedir. Gahryman Arkadagymyz özüniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda «Adam üçin iň esasy borç adamkärçilik kadalaryna ygrarly bolmakdyr. At, dereje, baýlyk adamy üýtgetmeýär, sebäbi adamkärçilik olardan has ýokary mertebedir. Adamkärçilik taglymatlaryna ygrarlylyk ynsan ählini bitewüleşdirýär» diýip belleýär. Türkmenistan bu ugurda, esasan, aýgytlaýjy teklipleri öňe sürmek bilen, parahatçylyk we birek-birege hormat goýmak, gatnaşyklar medeniýetini pugtalandyrmak, häzirki döwürde döwletara gatnaşyklarda ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmak ýaly iňňän derwaýys meselelerde uly işleri bitirýär.

Meýlismyrat SAPAROW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň baş redaktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji.

13.02.2024
Ykballynyň ugran işi oň görner

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden soňky oýlanmalar

Gatbar-gatbar taryh dürli döwürlerden, döwür bolsa biri-birini üznüksiz täzeläp duran hatar ýyllardan binýat tutýar. «Kerwen ýolda düzüler» diýlişi ýaly, säginmän-sagynman, öňe ümzük atyp barýan goja heňňam hut ýyllardan äheň-ähmiýet, öwüşgin alýar...

Biz öz döwrümizi düzýän ýyllar hakynda söz açanymyzda, olaryň hem-ä bir daragtyň miweleri deýin biri-birine örän meňzeşliginde, hem-de biriniň beýlekisinden juda parhlylygynda ünsümiz eglenýär. Meňzeşligi — bu ýyllaryň ählisiniň bir kökden, bir örkden gaýdyp, il-halkyň abadan durmuşy babatdaky asylly maksatlardan gözbaş-gönezlik alýanlygynda. Parhlylygy — olaryň hersinde düýpgöter täze ösüşleriň gazanylyp, ozal görlüp-eşidilmedik taryhy wakalaryň bolup geçýänliginde. Daglar daglara çykyp beýgelýär. Ýyllar ýyllara ulaşyp, gözümiziň öňünde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň röwşen keşbini wysal edýär.

...Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi bu hakykaty iň uly hasapda, şeksiz tassyklan döwletli mejlis boldy. Onda arka atylan 2023-nji ýylda ýurdumyzda ösüşiň dürli ugurlarynda amal edilen işleriň jemleri ölçerilip, ýaňy ýüzüni açan 2024-nji ýylda öňde duran wajyp wezipeler seljerildi. Garalan meseleler, beýan edilen hasabatlar, orta atylan başlangyçlardyr öňde goýlan maksatlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygyndaky täze döwrümiziň aýgytly gadamlaryna, döwletli tutumlaryna, möhüm talaplaryna göz ýetirmegiň, bu barada pikir öwürmegiň, söhbet etmegiň täze giňişliklerini açýar.

Hasabatlardan görnüşi ýaly, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçen 2023-nji ýylda ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime barabar bolupdyr. Maýa goýumlar 7,5 göterim artypdyr. Öndürilen önümleriň eksport edilen möçberiniň umumy bahasy 11,4 milliard amerikan dollaryna ýetipdir. Gurmak — gurplulykdan nyşan. Ýurtda önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň 80-e golaýy açylyp, ulanyşa berlipdir.

Gurlan desgalaryň ykdysady ösüşi, durmuş abadançylygyny ilerletmekdäki ähmiýeti barada-da näçe aýtsaň aýdybermeli. Ýöne şol bir wagtyň özünde olaryň açylmagy bilen, ilat üçin 12 müň 274 sany täze iş ornunyň döredilmeginiň özi nämä degmeýär! Il-halkyň bagtyýar durmuşy öý-ojaklaryň abadançylygyndan başlanýar. Geçen ýyl ýurtda umumy meýdany 1 million 897 müň inedördül metre deň bolan hatar-hatar, syrgyn-syrgyn ýaşaýyş jaýlarynyň açylyp, maşgalalaryň müňlerçesiniň jaý toýuny toýlandyklaryna hem guwanman-buýsanman bolmaýar.

Arkadag şäheri! Köpetdagyň eteginde eýýamyň täze hem täsin gudraty bolup dörän, ýurtda ilkinji “akylly” şäher! Diňe geçen ýylyň däl, eýsem, tükel täze taryhy döwrüň taryhy taslamasy! Bu gün ýurdumyzyň döwrebap ösüş ugurlarynyň haýsy birini yzlasaň, ynha, şu şäherden çykarýar. Döwrüň syýasy-ykdysady, durmuş-medeni jähetleri, gurmak-gurulmak kuwwaty bu ýerde kämil sazlaşyga eýe bolýar. Geçen ýylyň tomsunda birinji tapgyry açylan Arkadag şäherinde ikinji tapgyryň işlerine badalga berildi. Bu gün ol ýaýraw alyp, barha giňemek bilen! Özüni tutan daragt kimin pür-pudak ýaýmak bilen!

Geçen ýyl Türkmenistan halkara giňişlikde-de mertebeli ornuny has-da pugtalandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň ýakyn-alys, dostlukly ýurtlaryň ençemesine amala aşyran saparlary, ýurdumyza guralan ýokary derejeli saparlar netijesinde gazanylan ylalaşyklar, türkmen döwletiniň dünýä bileleşiginde goldaw tapan başlangyçlary hyzmatdaşlygyň, dost-doganlyk köprüleriniň binýadyny berkitdi, “Dialog — parahatçylygyň kepili” filosofiýasyny yzygiderli ilerletdi...

Hawa, 2023-nji ýyl uly ösüşler, her bir ugurdaky netijeli işler bilen taryha ýazyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hökümetiň giňişleýin mejlisinde eden çuň manyly çykyşynda geçen ýyldaky sepgitlerimize syn bermek bilen, onda uly üstünlikleriň gazanylmagyny, bellenen meýilnamalaryň göwnejaý ýerine ýetirilmegini halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň netijesi hökmünde häsiýetlendirdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň birnäçe ýyl ozal aýdan şu sözlerini ýada saldy: “Men islendik ykdysadyýetiň özgerdilmegine adam ölçegleri nukdaýnazaryndan garalmalydyr diýen pikire eýerýärin. Bu nämäni aňladýar? Bu jemgyýetde yglan edilen özgertmeleriň hiç biriniň adamlaryň olary durmuşa geçirmäge aňly-düşünjeli gatnaşmadyk, olary goldamadyk we adamlaryň durmuş taýdan goralmadyk ýagdaýynda amala aşyrylyp bilinmejekdigini aňladýar...”.

***

Döwletiň durmuş-ykdysady syýasaty we raýatlaryň döwre gatnaşygy biri-biri bilen pugta baglanyşykly. Özi hakynda döwletiň çynlakaý aladasyny her ädimde duýup ýaşaýan adamyň zähmete höwesi, durmuşa yhlasy hem başgaçadyr. Hut şu ýerden hem Milli Liderimiziň “Döwlet adam üçindir!”, hormatly Prezidentimiziň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen, biri-biriniň üstüni ýetirýän ynsanperwer ýörelgeleriniň diňe bir halky ruhlandyryjy şygarlar bolman, eýsem, anyk durmuş hakykatyna öwrülmeginiň düýp esaslary açylýar. Biziň ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli güýçleri, mümkinçilikleri diňe önümçiligi ilerletmegiň bähbidine däl-de, öňi bilen, adamlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek maksadyna gönükdirilýär.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden äşgär görnüşi ýaly, Diýarymyzda durmuş-ykdysady rowaçlygy has-da pugtalandyrjak işler bu ýylda hem maksatnamalaýyn esasda dowam etdiriler. Mejlisde kabul edilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» bu babatda anyk çelgi bolup hyzmat eder. Döwletli maksatnama jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, sebitleri durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş ornuny döretmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek, umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermek ýaly asylly maksatlaryňdyr anyk-aýdyň wezipeleriň uly toplumyny nazarlaýar.

Açyljak binalaryň hatarynda Aşgabat şäherinde bir gije-gündizde 150 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desga, Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy, Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde täze, döwrebap obalar, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi, Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumy, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi... bu ýylda işe giriziljek köp sanly iri desgalaryň hataryndadyr. Ynha, döwrümiziň ykdysady kuwwaty! Ynha, döwletimiziň il-halk babatdaky aladalarynyň güwäsi!

***

“Dok başa döwlet ýagar” diýýär halkymyz. Ilatyň durmuş abadançylygynda azyk bolçulygynyň şeksiz uly orny bar. Islendik ýurduň azyk berekedi bolsa onuň tebigy mümkinçilikleri bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagynda işleriň guralyşy bilen hem aýrylmaz baglydyr. Netijeli agrosenagat önümçiliginiň ýola goýulmagy ilaty azyk önümleri, senagaty bolsa oba hojalyk çig maly bilen üpjün etmegiň möhüm şerti bolmagynda galýar. Agrosenagat toplumy oba hojalyk önümlerini öndürmäge, olary gaýtadan işlemäge we saklamaga, oba hojalygyny, gaýtadan işleýän senagaty önümçilik serişdeleri bilen üpjün etmäge ýöriteleşdirilen, biri-biri bilen jebis gatnaşykly-galtaşykly pudaklary özünde jemleýär.

Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň işini üýtgedip guramak hakynda gol çeken Permany ulus-iliň rysgal-berekedi bilen bagly döwletli çözgüt boldy. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Azyk senagaty döwlet birleşigi, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredildi. Munuň özi oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmekde, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini döretmekde iňňän möhüm ädimdir.

“Türkmen topragy ýaly baý toprak dünýäniň hiç bir künjeginde-de ýokdur, bu topraga düşsem diýip, ähli ekinleriň tohumy-da, köki-de arzuw edermiş” diýip, aksakal ýaşulular rowaýatpisint gürrüň ederdiler. Şu bereketli topraga eýeçilik gözi bilen garap, der döküp, dür öndürip bilýän jepakeş halkymyz bar.

Döwlet Baştutanymyzyň bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalaryny ýokarlandyrmak hakynda Karara gol çekmegi ykbalyny topraga baglan watandaşlarymyzyň halal zähmetine mynasyp bahadan, belent hormatdan nyşan. Adamyň kalbyna iň ýakyn ýol — onuň ýüreginde beslän gymmatly zady barada söz açmak. Bu sahawatly Kararyň daýhanlaryň ýüreginde nähili uly alkyş-hoşallyk döredendigini şu günler redaksiýamyza gelýän hatlardyr telefon jaňlary, adaty gürrüňçilikde hökman şu çözgüde ýazýan guwançly söhbetler hem güwälikdir.

***

Üns edýän bolsaňyz, biz döwletimiziň köpugurly özgertmeleri hakynda söz açanymyzda, “döredijilikli syýasat” aňlatmasyny ýygy-ýygjam ulanýarys. Özi-de bu düşünjäniň hut täze taryhy döwrümizde, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amal edýän beýik işleriniň mysalynda ýörgünli bolandygyny bellän ýagşy. Biziň döwrümiz — halkyň döredijilik mümkinçilikleriniň giňden açylýan we onuň bitewi bähbitleriň, umumymilli maksatlaryň rowaçlanmagyna gönükdirilýän döwri. 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýen şygary bolsa döwrümiziň döredijilik ruhuny has-da belende göterýär.

Hormatly Prezidentimiz Hökümetiň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda bu şygaryň ähmiýetine ünsi çekmek bilen: “Munuň özi biziň üstümize uly jogapkärçiligi ýükleýär. Şoňa görä-de, bu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin tutanýerli zähmet çekmelidiris” diýip nygtady. Bu sözler diňe beýik şahyryň ýubileý toýuny ýokary derejede guramak bilen dahylly bolman, eýsem, hezreti Magtymgulynyň arzuwlan berkarar döwletine, ajap eýýamyna tüýs ýürekden buýsanyp ýaşamaga, şol buýsanç bilen döredijilikli işlemäge çagyryşdyr. Mejlisde döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi bolsa söz ussadymyzyň belent sarpasyny has-da beýgeldip, il-halkymyzyň köňlüne kanagat, guwanjyna ganat berdi.

Şol gün şahyryň «Ykballynyň ugran işi oň görner» diýen setirleri zol-zol sere geldi durdy. Eýse näme?! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ugranymyz ugruna, başlanymyz oňuna! Bu ykbal — şu günki türkmeniň ykbaly! Çoh garaşylan ajap eýýamda, aşymyzyň bir suprada taýýar kylnan zamanasynda göterilen ykbalymyz!

Kakamyrat REJEBOW.

“Türkmenistan”.

13.02.2024