Habarlar
Watanymyzyň ykdysady kuwwaty — halkymyzyň abadançylygynyň binýady

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadançylyk derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýany boldy.

19-njy fewralda döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň zerurdygyny belläp, bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleriniň geçirilmegini, pagta ekiljek meýdanlaryň ekiş möwsümine taýýarlanylmagyny, daýhanlaryň ýokary hilli gowaça we gök-bakja ekinleriniň tohumlary bilen üpjün edilmegini tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda hem-de Oba milli maksatnamasynda 2024-nji ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işledilmegini, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

20-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ýurtlarymyzy we halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän, birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygy bellenildi. Hindistan Respublikasy Günorta Aziýa sebitinde Türkmenistanyň iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Döwletlerimiz syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürip, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Halkara giňişlikde öňe sürülýän oňyn başlangyçlara berilýän özara goldaw muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan we Hindistan söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda ýangyç-energetika, ulag, oba hojalygy, dokma senagaty ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetine üns çekildi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, durmuş we önümçilik desgalarynyň gurluşygyna, iri daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly itergi berer. Saglygy goraýyş, ylym, bilim, medeniýet ulgamy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hose Luis Martines Ernandesden ynanç haty kabul edildi. Diplomat Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlary, milli parlamentiň düzümi, kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyryldy. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň geljegine aýratyn üns berildi.

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Okgunly ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda ýokary derejedäki gatnaşyklaryň möhüm ähmiýeti bellenildi. Yzygiderli geçirilýän duşuşyklar we gepleşikler uzak möhletleýin geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki hereketleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Taraplar ynsanperwer ulgamyň, ylym, bilim, medeniýet, sport ulgamlary boýunça özara hyzmatdaşlygyň türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidigini bellediler.

Şol gün paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Taraplar ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini belläp, iki ýurduň we doganlyk halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň zenanlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurylar.

Öňdebaryjy usullary hem-de halkara tejribäni ulanmak bilen, ýurdumyzyň günbatar sebitinde geljegi uly nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, dokma senagaty kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça görülýän çäreler, möwsümleýin oba hojalyk işleri, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemek ugrunda alnyp barylýan işler Hökümetiň mejlisinde garalan esasy meseleleriň hatarynda boldy. Mart aýynda geçiriljek iri çäreler we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli guraljak dabaralar barada hasabat berildi. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleri, dabaralar geçiriler.

Şeýle hem “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahaty, “Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi” atly metbugat maslahatyny geçirmek, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary, gezelençleri guramak, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek göz öňünde tutulýar.

Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli 26-njy martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda dabara geçiriler. Dabaranyň çäklerinde türki halklaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda birnäçe çäreleri — baýramçylyk konsertini, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylaryň eserleriniň sergisini, “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň maslahatyny, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahatyny guramak meýilleşdirilýär.

Mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi. Bilelikdäki meýilnamalaryň çäklerinde soňky 25 ýylyň dowamynda dürli ugurlar boýunça 500-den gowrak taslamanyň durmuşa geçirilendigini bellemek gerek.

Şu ýylyň martynda ÝHHG-niň Baş sekretarynyň ýurdumyza sapary meýilleşdirilýär. Onuň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygy geçiriler. Häzirki wagtda 1999-njy ýyldan bäri paýtagtymyzda hemişelik esasda öz işini alyp barýan ÝHHG-niň merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde, 2024-nji ýylyň dowamynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň meýilnamasy taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, ýylyň dowamynda 37 sany taslamany amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz işlenip taýýarlanan, bu gurama bilen mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen meýilnamanyň syýasy, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy. Onuň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler-de girizildi. Mejlise Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň we Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de beýlekiler gatnaşdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow maksatnamalaýyn çykyşynda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçiriljek çärelere ünsi çekdi hem-de türkmen halkynyň at-abraýyny beýgelden beýik söz ussadynyň döredijiligini ebedileşdirmegiň geljegini nazara alyp, onuň medeni mirasyny kanun esasynda berkitmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda gazanan üstünliklerini, “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan esasy wezipeleri aýratyn belledi. Alnyp barylýan işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen, Prezidiumyň mejlisiniň gün tertibine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde kabul edilen çözgütler, berlen tabşyryklar bilen bir hatarda, öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda durmuşa geçirmek boýunça soraglary girizmek teklip edildi.

Olar beýik akyldar we şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede giňden belläp geçmek; Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmek, maksatnamalarda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek; ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, her bir zähmetkeşi üstünlikli işlere ruhlandyrmak, ykdysadyýetiň hususy pudagyny we hyzmatlar bölegini ösdürmegiň, importyň ornuny tutýan önümçiligi goldamagyň hem-de gurluşyk işleriniň konsepsiýalaryny, eksport ugurly senagaty goldamagyň, şäherleri ösdürmegiň strategiýasynyň taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşmak; ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmek; ýurdumyzda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny, ylym ulgamyny ösdürmegiň Strategiýasyny işläp taýýarlamak; täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek babatda degişli işleri alyp barmakdan ybaratdyr.

24-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşmak maksadyndan ugur alyp, Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

“Akylly” şäheriň ikinji tapgyrynyň çäklerinde Döwlet muzeýiniň binasyny, Oba hojalyk uniwersitetiniň toplumyny we çagalar seýilgähini gurmak göz öňünde tutulýar. Gahryman Arkadagymyz bu binalaryň taslama işlerine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplaryny çekmegi tabşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri täze döredilýän lukmançylyk ykdysady zolagynyň nyşanynyň görnüşleri bilen tanşyp, onuň halkara derejede ykrar edilmegi babatda degişli işleriň geçirilmelidigini belledi.

Birnäçe degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynyň barşynda täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryny gurmak, ilaty täze jaýlara göçürip getirmek, oba hojalyk ylmy-barlag institutlarynyň işi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň dürli sebitlerinde ýaşaýan çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça geçirilmeli işleriň meýilnamasyny tassyklady hem-de merkeziň netijeli işi üçin ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň güwänamasynyň gowşurylmagynyň aýratyn ähmiýetini belledi.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli taryhy tejribäni dowam etdirmek hem-de innowasiýalara açyklyk esasynda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünliklere beslenýändigini aýdyň görkezdi.

(TDH)

26.02.2024
Ösüşiň möhüm ugurlary

Häzirki ajaýyp döwrümizde eziz Diýarymyz ösüşlere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek, halkyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda sanly ulgamyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Ykdysadyýet ulgamynda innowasion ösüşiň möhüm orny bellärliklidir. Şonuň üçin hem maglumat tehnologiýalar ulgamyny has-da ösdürmek arkaly sanly ykdysadyýete aýratyn üns berilýär. Munuň özi Watanymyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda durnukly ösüşi üpjün edýär. Şunda düýpli we bähbitli ylymlary önümçilige ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti has-da ýokary göterilýär.

Şan-şöhraty gün-günden arşa göterilýän eziz Diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda zähmet ýeňişleriniň täze belentliklerine ýetmekde döwrebap ösüş ýollarynyň saýlanyp alynmagyna aýratyn orun degişlidir. Bu ugurda önümçilik esasyň doly döwrebaplaşdyrylýandygyny, kämil önümçilik tehnologiýalarynyň ornaşdyrylýandygyny we ykdysady ösüş ýollarynyň dogry saýlanyp alynýandygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda ykdysady özgertmelerde döwrebap senagat düzümi ösdürilýär, iň täze tehnologiýalary öndürýän kärhanalar hereket edýär. Bu bolsa innowasion tehnologiýalaryň ösüşini üpjün etmäge, bu ugruň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge şertleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durnukly we ygtybarly ösüş üpjün edilýär. Innowasiýaly we bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti ösdürmek, sagdyn hem-de ýokary aňyýet ösüşli adam goruny kämilleşdirmäge uly maýa goýmak, raýatlaryň ýaşaýşynda ýokary ülňülere laýyk gelýän oňaýlyklary döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, döwrebap şertleri döretmek ýaly maksatnamalaýyn işler üstünlige beslenýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde bilimli hünärmenleriň kämilligi, döwrebap işleri bolup durýar. Şonuň üçin hem kämil hünärmenleriň taýýarlygyna, olaryň zehin-başarnygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurda hem işleriň üstünlikli alnyp barylýandygyny belläsimiz gelýär. Ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleriň kemala gelýändigi, döwrebap ugurlar boýunça hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçýändikleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Umuman, milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde ähli ugurlar üns merkezinde saklanylýar, döwrebap şertler döredilýär, maksatnamalaýyn işler üstünlikli ýola goýulýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesiniň günsaýyn beýgelýändigi, döwlet binýadynyň berkeýändigi, durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň ýokary depgininiň, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygy hem aýdyň subutnamalardyr.

Gurbanly HOJAMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.

26.02.2024
Halka daýanyp, halkyň bähbidine

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmekde, şunda şu ýyl üçin göz öňünde tutulan işleri üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmakda möhüm waka boldy.

Biz hem taryhy mejlise gatnaşan watandaşlarymyzdan redaksiýa gelip gowşan seslenmeleri okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Guwançmyrat AGAÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy:

— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 9-njy fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamak baradaky Karara gol çekdi.

Maksatnama laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20,7 milliard amerikan dollaryna ýetirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär.

Maksatnamanyň amala aşyrylmagy 2024-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmäge, pudaklaryň we sebitleriň kuwwatyny berkitmäge, ilatymyzyň iş üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga hem-de beýleki ösüş maksatnamalarynyň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde çuň many-mazmunly, maksatnamalaýyn çykyş edip, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça öňümizde durýan möhüm wezipeler bilen baglylykda, gymmatly maslahatlaryny berdi. Bu resminamada öňde goýlan wezipelerden we maksatlardan gelip çykýan aýratynlyklar barada birin-birin belläp geçdi. Biz hem hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna, öňümizde goýan möhüm wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan gülledip ösdürmek ugrunda mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekeris.

Maksat ATAJANOW,
Mary welaýat häkimliginiň senagat, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň müdiriniň orunbasary, welaýat halk maslahatynyň başlygy:

— Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ýokary netijeli durmuş ugruna gönükdirilen ykdysady syýasat türkmen döwletiniň ösüşlerini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini täze derejä çykarmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri durnukly häsiýete eýedir. Muňa 9-njy fewralda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beýan edilen maglumatlardan hem aýdyň göz ýetirdik. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» şu ýyl döwlet dolandyryş ulgamynyň kämil gurallary arkaly durmuş-ykdysady syýasatyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, önümçiligiň ähli ulgamlarynda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, milli, halkara we sebitleýin maýa goýum taslamalaryny netijeli durmuşa geçirmäge şertleri döreder. Şeýle hem ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ähli ulgamlarda sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmaga, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny has-da berkitmäge we hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, raýatlaryň abadan, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde täze eýýamyň döredijilik ruhunda alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdy. Munuň özi ýurdumyzyň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine uly üns berilýändiginiň aýdyň güwäsi bolup, welaýatyň ýaşaýjylaryny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Milli Liderimiz 2024-nji ýylda ýurdumyzy syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmek bilen bagly örän möhüm wezipeleri öňde goýdy. Şol wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda, bu ugurda sebitlerde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň netijeliligini artdyrmakda juda ähmiýetlidir. Şunda amala aşyrylýan işjeň maýa goýum syýasaty, milli we daşary ýurt pulunda iri maýa goýumlaryň goýulmagy senagat we medeni maksatly desgalaryň — köp sanly täze kärhanalaryň, zawod-fabrikleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, obalaryň we şäherleriň gurulmagyna ýardam eder. Durmuş ulgamyny ösdürmäge uly möçberli serişdeleriň gönükdirilmegi bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün eder.

Umida KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşiniň bölüm müdiri:

— Her bir işde nusgalyk halypamyz Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda halk bilen häkimiýetiň jebisligini üpjün etmek, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn kämil jemgyýeti kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda taryhy özgertmeler amala aşyrylyp, uly üstünliklere ýetilýär. Muňa Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde ýene bir gezek aýdyň göz ýetirdik.

Ýaşlar — jemgyýetiň işjeň bölegi. Watansöýüji, ýüregi joşgunly, zähmetsöýer ýaşlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwleti dolandyrmakda, dürli ýolbaşçy wezipelerde hem öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Ýurdumyzyň, halkymyzyň geljekki ykbalyna dahylly möhüm wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň düzüminde ýaşlaryň hem bolmagy, Milli Liderimiziň egsilmez yhlasy bilen kemala gelen, «ýaşlaryň şäheri» adyny alan Arkadag şäheriniň ýolbaşçy düzüminiň aglabasynyň ýaşlardygy ýurdumyzda olara bildirilýän beýik ynamdan nyşandyr.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz ösüp gelýän ýaşlarymyzy goramak, olary goldamak babatda, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň meseleleri bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň wagtynyň gelendigi, ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmegiň zerurdygy barada hem aýtdy. Watana wepaly, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde Milli Liderimiziň dürdäne eserleri, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby uly ähmiýete eýedir. Olar her birimiziň işimizde ýakyn gollanmadyr. Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde döwlet Baştutanymyzyň bu ajaýyp kitabyndan Watanyň gymmatlygy baradaky çuň manyly jümlelere ünsi çekmegi has-da täsirli bolup, hemmämiziň buýsanjymyzy artdyrdy.

Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň beýik ynamyny ödäp, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmak biz — bagtyýar türkmen ýaşlarynyň jana-jan borjumyzdyr. Ýaşlaryň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Akmämmet AKMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Hormatly il ýaşulusy:

— Garaşsyz ýurdumyzda oba hojalygy pudagynyň ösdürilmegi, ýerden netijeli peýdalanylyp, ekinlerden bol hasyl alynmagy, şeýlelikde, azyk bolçulygynyň döredilmegi ugrunda uly aladalar edilýär. 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, maldarçylygy we guşçulygy ösdürmek, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçilikleri döretmek, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly, täze düzümleriň — Türkmenistanyň Azyk senagaty, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty, «Türkmengallaönümleri», «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşikleriniň, «Türkmenpagta» döwlet konserniniň döredilmegi-de munuň aýdyň güwäsi boldy.

Täze kabul edilen «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, eksporty artdyrmak we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek esasy maksatlaryň hatarynda görkezilen. Bular barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde giňişleýin gürrüň edilip, öňde durýan wajyp wezipeler kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiziň hemişe nygtaýşy ýaly, oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň örän möhüm ähmiýete eýe bolan pudaklarynyň biridir. Şoňa görä-de, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ilkinji nobatda, bu pudakda amala aşyrylýan özgertmelere, alnyp barylýan işlere döwrebap derejede, täzeçe çemeleşilmegine bagly. Şunda pudagyň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmak babatda täze döredilen düzümleriň ähmiýeti uludyr.

Mejlisde bellenilişi ýaly, ýurdumyzda maýa goýumlaryň esasy ugurlarynda senagat pudaklaryny ösdürmek, innowasion kärhanalary, täze önümçilikleri döretmek bilen birlikde, oba hojalygyny özgertmek we azyk üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, gaýtadan işleýän ugurlary ösdürmek hem möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli çözgüdine laýyklykda, ýurdumyzda bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy kärendeçi daýhanlaryň hem-de beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden bol hasyl almaga bolan höwesini has-da artdyrdy. Munuň özi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

«TÜRKMENISTAN»

24.02.2024
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 23-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradowa söz berildi. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny bermek hakynda Buýrugyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, bu ugurda netijeli işler geçirildi. Bellenilişi ýaly, bu maksatlar üçin maliýe serişdeleriniň zerur bolan möçberi göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde zenanlaryň uly işleri bitirýändiklerini belledi. Mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyz degişli Buýruga gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, Halkara zenanlar güni mynasybetli gelin-gyzlara pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, döwlet konserni nebitgaz ýataklarynda degişli işleri amala aşyrýar. Nebitiň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň günbatar sebitinde işlenip geçilýän geljegi uly ýataklarda täze meýdançalary özleşdirmek işi dowam etdirilýär. Häzirki wagtda guýularyň birnäçesi hereket edýär we meýilnama laýyklykda, täze guýular burawlanylýar. Bu işlerde öňdebaryjy usullar hem-de halkara tejribeler giňden ulanylýar. Şeýle-de guýularyň önümliligini ýokarlandyrmak, täze guýulary netijeli burawlamak üçin döwrebap abatlaýyş hyzmatlary amala aşyrylýar we ugurdaş enjamlar bilen üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň çykarylyşyny artdyrmaga möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň bu ugurdaky işi ylmy esasda alnyp barylmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz konserniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew obasenagat toplumynda we ýurdumyzyň sebitlerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär, oba hojalyk tehnikalary hem-de tohumlyk gowaça çigitleri taýýarlanylýar. Şunuň bilen bir hatarda, bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri dowam edýär, ilatymyzy ýurdumyzda öndürilen ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekiljek meýdanlarda ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamagyň, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişine möhüm ähmiýet bermegiň, bu işleri agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ekinlerini suw bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň wajypdygy barada aýdyp, wise-premýere ýurdumyzyň howdanlarynda suw toplamak işlerine uly üns bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, atçylyk pudagyny ösdürmek, atlary ösdürip ýetişdirmek, olaryň baş sanyny artdyrmak üçin ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Taslama laýyklykda, atçylyk sport toplumynyň çäginde goşmaça täze athanalary, weterinar dermanhanany we at esbaplar dükanyny, açyk görnüşli awtoduralgany, suw howdanlaryny, tehniki binalary gurmak, dürli ölçegdäki monitorlary, döwrebap enjamlary gurnamak göz öňünde tutulýar. Bulardan başga-da, ozaldan bar bolan athanalaryň, esasy girelgäniň, tomaşaçylar münberiniň, karantin binasynyň, sport meýdançasynyň, açyk manežiň durkuny täzelemek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ahalteke bedewleriniň halkymyzyň milli buýsanjydygyny nygtady. Ýurdumyzda atçylygy, şol sanda atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemegi, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew dokma senagatyny ösdürmek, pudagyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kärhanalarda ýokary hilli dokma önümleriniň öndürilýändigini, olara içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, dokma senagaty kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, önümçilikleri doly kuwwatynda işletmek we eksportyň möçberini artdyrmak maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň düşewüntliliginiň ýokarlandyrylmagyny hem-de pudagyň maliýe-ykdysady işiniň hemişe kämilleşdirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi.

Geljek aýda dürli maslahatlary, duşuşyklary, mediaforumlary, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary, gezelençleri guramak, ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemini jemlemek göz öňünde tutulýar. Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli surata düşürilen kino we dokumental filmleri görkezmek meýilleşdirilýär.

Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri we dabaralar guralar. «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda, “Nowruz ýaýlasynda”, Arkadag şäherindäki baýramçylyk meýdançasynda Milli bahar baýramy mynasybetli dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahaty, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly metbugat maslahatyny guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mart aýynda göz öňünde tutulan esasy çäreleri we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryny guramaçylykly geçirmegiň wajypdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli guraljak çärelere badalga bermek dabarasyny geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 26-njy martynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda bu waka mynasybetli guraljak çärelere badalga bermek dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Dabaranyň çäklerinde türki halklaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda birnäçe çäreleri, konserti, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň hem-de fotosuratçylaryň eserleriniň sergisini, halkara ylmy maslahaty, TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň döwlet we milli muzeýleriniň ýolbaşçylarynyň maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda metbugat maslahatyny guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Änew şäheriniň gadymy taryhynyň bardygyny nygtady. Bu taryh halkymyzyň geçmişi bilen berk baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Änewiň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejeli çäreleriň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mertebäniň we buýsanjyň gymmatly çeşmelerine öwrülen şöhratly taryhymyz, maddy hem-de ruhy mirasymyz ylmy esasda düýpli öwrenilýär. Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu ýylyň 27-nji martynda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat geçiriler. Oňa ýurdumyzdan, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýe, Özbegistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalaryndan we beýleki daşary ýurtlardan görnükli taryhçylaryň, arheologlaryň, Gündogary öwrenijileriň, professor-mugallymlaryň, ýaş alymlaryň, muzeý işgärleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň myhmanlary bu şäheriň şu ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Änew şäherinde guraljak dabaralara we çärelere hem gatnaşarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň taryhynyň müňýyllyklara uzap gidýändigini belledi. Änew türkmen topragynyň gadymy medeniýetleriniň mekany bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly halkara ylmy maslahatyň wajypdygyny belläp, wise-premýere ony guramaçylykly we ýokary derejede geçirmegi, bu işe alymlaryň giňden gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy barada hasabat berdi.

Abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem bar. Bu düzüm bilen gatnaşyklar netijeli, yzygiderli häsiýete eýe bolup, giň ugurlary öz içine alýar. Köpýyllyk hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny ilerletmek maksady bilen, degişli toplumlaýyn çäreler görülýär. Hususan-da, şu ýylyň martynda ÝHHG-niň Baş sekretarynyň ýurdumyza saparyny guramak, bu saparyň çäklerinde Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleriniň ýokary derejeli duşuşygyny geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, 1999-njy ýyldan bäri paýtagtymyzda ÝHHG-niň merkezi hemişelik esasda öz işini alyp barýar. Bilelikdäki meýilnamalaryň çäklerinde soňky 25 ýylyň dowamynda dürli ugurlar boýunça 500-den gowrak taslama durmuşa geçirildi. Häzirki wagtda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde 2024-nji ýylyň dowamynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň meýilnamasy taýýarlanyldy. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen guramanyň özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça anyk çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Umuman, şu ýylyň dowamynda 37 sany taslamany amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Syýasy ulgamda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmaga gönükdirilen taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Ykdysady we ekologiýa ugurlarynda meýilleşdirilýän taslamalar ykdysadyýeti, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga, ekologik howpsuzlygy berkitmäge, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleri çözmäge ýardam eder. Ynsanperwer ulgamda hem birnäçe taslamalary amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şol taslamalarda ylym we bilim, adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ýurdumyzyň demokratik institutlarynyň esaslaryny kämilleşdirmek, gender deňligini üpjün etmek, raýatsyzlyk meselelerini çözmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek ýaly ugurlarda çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli meýilnamanyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtady. ÝHHG bilen üstünlikli köpýyllyk hyzmatdaşlyk munuň aýdyň güwäsidir. Döwlet Baştutanymyz işlenip taýýarlanan, bu gurama bilen mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen meýilnamanyň syýasy, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, portuň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, hödürlenilýän ulag hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini ýokarlandyrmak, özara söwdany ösdürmek, üstaşyr gatnawlary artdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýäniň möhüm ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýändigine ünsi çekdi hem-de agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

24.02.2024
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi

Aşgabat, 22-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Maslahatlar merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler mejlisiň esasy meselesi boldy. Şeýle hem onuň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde şu ýyl ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlary boýunça çäreleriň Meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bilen bagly meseleler girizildi.

Irden Gahryman Arkadagymyz Maslahatlar merkeziniň binasyna geldi. Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyz Watanymyzy maksatnamalaýyn esasda ösdürmek boýunça 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleriniň jemlenendigini hem-de Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny, degişli Kararlaryň kabul edilendigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklady diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy depginli ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini iň ýokary derejelere çykarmak maksady bilen kabul edilen bu Maksatnamany öz tarapymyzdan doly goldamak bilen, biz Prezidiumyň şu günki mejlisiniň gün tertibinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlet Baştutanymyz tarapyndan tassyklanan Maksatnamada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylmaly işler bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. Şunuň bilen birlikde, Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary babatda Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna serediler.

Şu mejlise Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň we Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, beýleki çagyrylanlar gatnaşýarlar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş etdi.

Türkmen halky — nusgawy ösüş ýoluny emele getiren, beýik şahsyýetleri dünýä beren halk. Şu ýyl ýurdumyzda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi giňden bellenilip geçiler. Beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat bilen, şeýle hem halkymyzyň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulyp, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Şahyr öz ynsanperwer garaýyşlary bilen her bir ynsana, bütin adamzada söýginiň, ählumumy sazlaşygyň dogry ýoluny salgy berýär. Bu gün Magtymgulynyň ömür-döredijiligini, edebi mirasyny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işler örän möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýyl Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet hepdeligini geçireris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Magtymguly Pyragy türkmen halkyny beýgelden, abraý-mertebesini dünýäde belende göteren nusgawy şahyrdyr. Men öz ýazan goşgymda: «Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna,//Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýmek bilen, beýik şahyryň dünýä dolan şan-şöhratynyň, belentliginiň bu gün türkmen halkynyň taryhyny, at-abraýyny, medeni mirasyny hem beýgeldýändigine buýsanjymy beýan etdim diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Beýik akyldaryň arzuwlan berkarar döwletiň täze eýýamynda türkmen döwleti gün-günden kuwwatlanyp, dünýäde abraýly ornuny has-da pugtalandyrdy. Bu üstünliklere dana Magtymgulynyň wesýetlerine wepaly halkymyzyň agzybirligi, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, ata Watanyna bolan beýik söýgüsi bilen ýetildi.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Kanuna hem gol çekdi. Bu başlangyçlary döredijilikli dowam etdirip, biz geljekde Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny kanun esasynda berkidip, ebedileşdirsek hem maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, dünýä ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän, özgerýän, üýtgäp duran we täze wehimleriň ýüze çykýan häzirki şertlerinde ykdysady ösüşi üpjün etmegiň uzak möhletleýin ösüş strategiýasynyň baş maksady bolup durýandygyny nygtady. Şunda oýlanyşykly ölçenen syýasy garaýyş, anyk maksatly kabul edilen dolandyryş çözgütleri, hasaplanylyp taýýarlanan meýilnamalar depginli ösüşiň esasy şertidir. Ýurdumyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň ählisi üstünlikli durmuşa geçirildi. Geçen ýyl döwletiň kuwwatyny, halkyň parasadyny, abraý-şöhratyny, agzybirligini, maksatlaryň birligini görkezen şanly wakalara örän baý boldy diýip, kanagatlanma bilen belledi.

2023-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklandy. Maýa goýum syýasaty hem üstünlikli amala aşyryldy. Önümçilik pudaklaryny, durmuş we hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge köp möçberde serişdeler gönükdirildi. Iň ýokary amatlyklar döredilen Arkadag şäheri dabaraly açyldy. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna hem badalga berildi. 2023-nji ýylda depginli ösýän döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe düzümlerine saýlandy, şeýle hem onlarça halkara resminamalar kabul edildi. Milli gymmatlyklarymyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawy has-da artdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däplerine, hakyky halk demokratiýasyna daýanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik. Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda Halk Maslahatynyň taryhy mejlisini geçirip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty bilen bagly möhüm çözgütleri kabul etdik. Bäsleşik, açyklyk, aýdyňlyk esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny hem guramaçylykly geçirdik.

Geçen ýyllarda gazanylan üstünlikleriň binýadynda Hökümetimiz tarapyndan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» işlenip taýýarlanyldy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen tassyklanyldy.

Şu ýerde biz bir zady berk bellemelidiris, ýagny Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady binýady tutulanda, her bir pudagyň, sebitiň, edara-kärhanalaryň görkezijileriniň jikme-jik seljerilip, hasaplanyp jemlenilmegi ýola goýuldy. Şeýle çemeleşilip toplanan maglumatlar gysga, orta we uzak geljegi öňünden görmek, takyk hasaplap, anyk çaklamak we meýilnamalaşdyrmak işiniň alnyp barylmagy üçin zerur şertleri emele getirdi. Şonuň netijesinde, ykdysadyýeti gurnamagyň, dolandyrmagyň, netijeliligi gazanmagyň oýlanyşykly tejribesi kemala geldi diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. 2024-nji ýyl üçin işlenen Maksatnama hem şeýle usullar bilen durmuşa geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp düzülendir.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Maksatnamanyň takyk hasaplamalara, ýetilen sepgitlere daýanmak bilen, maliýe-ykdysady taýdan, maýa goýumlaryň maksadalaýyklygy nukdaýnazaryndan esaslandyrylandygyny belläp, onda öňde goýlan wezipelerden we maksatlardan gelip çykýan aýratynlyklar barada aýdyp, birinjiden, ykdysady, senagat, önümçilik häsiýetli maksatlara ünsi çekdi.

Nygtalyşy ýaly, ilkinji nobatda, ýurduň içerki mümkinçiliklerini doly ulanmak bilen, döwletimiziň durnukly ösmegini üpjün etmäge, pudaklaryň we sebitleriň ösüşine gönükdirilen çäreler göz öňünde tutulýar. Önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, eksporty artdyrmak we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek esasy maksatlaryň hatarynda görkezilendir. Maýa goýumlaryň esasy ugurlarynda bolsa senagat pudaklaryny ösdürmek, innowasion kärhanalary, täze önümçilikleri döretmek, oba hojalygyny özgertmek we azyk üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, gaýtadan işleýän ugurlary ösdürmek esasy maksatlaryň hatarynda bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary we ýadawsyz aladasy netijesinde, gurluşyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» çäklerinde möhüm we giň gerimli taslamalaryň ençemesi, şol sanda halkara, sebit ähmiýetli uly taslamalaryň onlarçasy bar. Şeýle hem geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary dowam etdiriler.

Ikinjiden, ol söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek üçin maksatlardan ybaratdyr. Ykdysadyýetiň netijeli işlemegi, önüm öndürijileriň düşewüntli bolmagy, täze iş ýerleriniň döredilmegi, aýlyk zähmet haklarynyň we ilatyň girdejileriniň ýokarlanmagy tölege ukyplylygyň ösmegine, bazarlarda harytlary sarp edijilik isleginiň ýokarlanmagyna, dürli hyzmatlardan peýdalanýanlaryň artmagyna getirýär. Hormatly Prezidentimiziň syýasatynda bu ugurlara hem uly üns berilýär. Şunda azyk önümlerine, ilatyň ilkinji sarp edýän harytlaryna ösýän islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, söwdany, ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat, durmuş we beýleki hyzmatlar ulgamyny ösdürmek esasy wezipeleriň biri bolup galýar.

Üçünjiden, Maksatnamanyň durmuş häsiýetli maksatlary öňe sürülýär. Täze iş orunlarynyň döredilmegine we ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygynyň berk üpjün edilmegine gönükdirilen çärelere uly üns berilýär. Maýa goýumlar durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň, ulag we beýleki durmuş hyzmatlarynyň ösdürilmegine gönükdirilýär.

Dördünjiden, Maksatnamada ähli ugurlar boýunça amala aşyrylmaly işler, öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlete dahylsyz bölegi ösdürmek esasy maksat edilip goýlan.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň içerki ösüşi bilen bagly käbir görkezijilere üns çekildi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Dünýäde bolup geçen ykdysady çökgünliklere garamazdan, jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklandy. 2009-njy ýyldan bäri ortaça 6 göterimden ýokary ösüş emele geldi. Soňky 15 ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň möçberi 3,7 esse artdy. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň barha artýandygy hem-de hil babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigi aýdyldy. Geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda öndürilen senagat önümleriniň möçberi 3 esseden gowrak köpeldi. Mundan başga-da, içerki bazarda haryt üpjünçiligi doly kanagatlandyrylýar. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2008-nji ýylda 16 million manat bolan bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji 8,5 esse artyp, 140 million manada barabar boldy.

2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirilip, 7 milliondan gowrak adam sany hasaba alyndy. Bu, 2008-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2 milliona golaý ilatyň artandygyny görkezýär. Demografik ösüş ilatymyzyň hal-ýagdaýynyň hem-de ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagynyň hasabyna üpjün edildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri halk maslahatlarynyň, Mejlisiň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň ünsüni geljegi uly wezipelere çekdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tassyklan Maksatnamasynda ykdysady, maliýe, durmuş, önümçilik we beýleki wezipeler bilen bir hatarda, kanunçylyk ulgamyna degişli wezipeler hem goýulýar diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we bu ugurda ýerine ýetirmeli işleriň möhüm ugurlary barada durup geçdi.

Ýurdumyzda maýa goýumlary çekmek hem-de maýadarlary goramak we goldamak, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy hereket etmek, salgydy dolandyrmak, salgytlaryň ýygnalyşynyň hilini ýokarlandyrmak, intellektual eýeçiligi goramak, intellektual eýeçilik hukuklaryny döwlet we halkara derejede goramagyň kepilliklerini üpjün etmek ýaly ugurlarda kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek gaýragoýulmasyz çäreleriň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt bolup durýandygyny nazara alyp, bu guramanyň düzgünlerine we ýörelgelerine laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmek zerurdyr.

Bank amallaryny, töleg tabşyryklaryny kämilleşdirmekde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri tehnologiýalar we kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bildirilýän talaplara laýyklykda amala aşyrmak, milli ykdysadyýetiň dünýä bazaryna goşulyşmagy üçin işewürlik gurşawynyň kämilleşdirilmegi, bazar ykdysadyýetinde maliýeleşdirmegiň kadalaşdyryjy hukuk esasynyň dünýä tejribesine laýyk getirilmegi wajypdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, ylmy barlaglaryň depginini ýokarlandyrmak, «emeli aňy» düýpli we netijeli öwrenmek, ylym we önümçilik babatda işewürligiň hem-de täjirçiligiň täze usullaryny döretmek, ösdürmek, bu ugurda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, innowasiýa ulgamynyň netijeli işlemegi üçin kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak möhümdir.

Öňde goýlan wezipeler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasy başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň gün tertibinde duran soraglar bilen bagly geçirmeli işlerimiz hem köp diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, raýat-hukuk gatnaşyklary babatda kanunçylygy kämilleşdirmek, halkara hususy hukugynyň kadalaryny ornaşdyrmak, döwre görä emläk, eýeçilik, şertnama-hukuk, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak bilen bagly kanunçylygy kämilleşdirmek, döwlet hyzmatlaryny sanly ulgamlar arkaly amala aşyrmak, hukuk kömegini bermek, telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak, ykdysady işjeňligi üpjün etmek, ulag we logistika, dürli pudaklarda sanly hyzmatlary ösdürmek, kärhanalaryň işini, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, gurluşyk işleriniň kadalaryny düzgünleşdirýän kanunçylygy kämilleşdirmek, oba hojalyk önüm öndürijileri, tohumçylyk işini höweslendirmek, howanyň üýtgemegi, ekologiýa ýaly meselelere degişli kanunçylygy seljerip, möhüm işleri geçirmegiň wajypdygy bellenildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy durmuş syýasaty barada aýdyp, iş üpjünçiligini we zähmet gatnaşyklaryny döwrebap kadalaşdyrmak, maşgalany, eneligi we çagalygy goramak, ýaşlary goldamak, saglygy goramak ýaly meselelere degişli kanunçylygy yzygiderli seljerip, degişli işleri geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň çäklerinde howandarlyga mätäçlere hemaýat bermek işini ösdürmek, döwletiň her bir adamyň, ylaýta-da, çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatdaky başlangyçlaryny, ägirt uly aladalaryny kanunçylyk taýdan berkitmek möhüm meseleleriň biridir diýip nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda «Hossarlyk we howandarlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenen Hossarlyk we howandarlyk edaralary hakynda Düzgünnamanyň, Hossarlygy we howandarlygy amala aşyrmagyň tertibi hakynda Düzgünnamanyň döwrüň talabyna laýyk işlenip taýýarlanylmagynyň kanunyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegi nukdaýnazardan uly ähmiýete eýedigine üns çekildi. Bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem oňyn tejribe toplandygy bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, ösüp gelýän ýaşlarymyzy goramak, olary goldamak babatda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň meseleleri bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň wagtynyň gelendigini nygtady. Şunda türkmeniň mukaddes maşgala ojagynyň eýesi bolan enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mertebesini belentde tutmak, olar barada döwletiň düýpli aladalaryny, kanuny bähbitlerini goramak ugrunda döredilýän şertlerini, maşgalanyň goragyny we bitewüligini, çagalaryň iň gowy bähbitlerini üpjün etmegiň hukuk usullaryny berkitmegiň döwrüň zerur talaplarynyň biridigine ýygnananlaryň ünsüni çekdi.

«Döwlet adam üçindir!» hem-de «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelerimize laýyklykda, netijeli durmuş-ykdysady syýasaty üstünlikli amala aşyrmak ýurdumyzyň strategik maksatlary bolup durýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady. Ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek biziň ählimiziň gündelik üns bermeli möhüm meselelerimiziň biridir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň we jemgyýetçilik birleşikleriniň jemgyýetimizde täze syýasy, hukuk garaýyşlaryny hem-de medeniýetini kemala getirmek, milli döwletlilik ýörelgelerimizi ösdürmek, halkymyzy umumymilli maksatlaryň töwereginde jebisleşdirmek, agzybirligimizi pugtalandyrmak babatda möhüm işleri alyp barmagynyň zerurdygy nygtaldy. Täze taryhy döwrüň belent maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki işleriň döredijilikli, anyk meýilnama esasynda dowam etdirilmegi örän ähmiýetli bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň hem taýýarlanylandygyny belledi. Meýilnama laýyklykda, ilkinji nobatda, kanun çykaryjylyk başlangyçlaryna bolan hukugyň esasynda kanunçylygy kämilleşdirmek işlerini guramaçylykly dowam etmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredilýän iş toparlarynyň düzümine öňdebaryjy pikirleri, döwrebap teklipleri öňe sürmek üçin ökde, tejribeli hünärmenleri, bilermenleri giňden çekmegiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlaryny, tabşyryklaryny hem-de kabul eden çözgütlerini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça çäreleri görmegiň wajypdygy nygtaldy.

Hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça seljerme işlerini geçirmek, teklipleri işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda deputatlardan, beýleki döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat hukuk-bilermenler toparyny döretmek barada hem aýdyldy. Kanunlardan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň öz wagtynda işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmek we degişli edaralar tarapyndan gözegçilik, usuly, amaly, maslahat beriş toparlaryny döretmek, olaryň işini guramak geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen birlikde, kanun çykaryjylyk işiniň nazary we amaly meseleleri boýunça alymlaryň, hünärmenleriň, bilermenleriň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşyklaryny guramagyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleriň, berlen tabşyryklaryň, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlaryna degişli kabul eden Kararlarynyň, tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzy ösdürmegiň orta we uzak möhletli Maksatnamalarynyň maksatlary we ileri tutulýan ugurlary barada maslahatlary geçirmegiň wajypdygy bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz alnyp barylýan işleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň we olary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlislerinde ara alyp maslahatlaşmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu işleri geçirmek üçin Prezidiumyň mejlisiniň gün tertibine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde kabul edilen çözgütler, berlen tabşyryklar bilen öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda durmuşa geçirmek boýunça soraglary işläp taýýarlamak we girizmek möhümdir.

Olar beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede giňden belläp geçmek; Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmek, maksatnamalarda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek; ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, her bir zähmetkeşi üstünlikli işlere ruhlandyrmak, ykdysadyýetiň hususy pudagyny we hyzmatlar bölegini ösdürmegiň, importyň ornuny tutýan önümçiligi goldamagyň hem-de gurluşyk işleriniň konsepsiýalaryny, eksport ugurly senagaty goldamagyň, şäherleri ösdürmegiň strategiýasynyň taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşmak; ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmek; ýurdumyzda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny, ylym ulgamyny ösdürmegiň Strategiýasyny işläp taýýarlamak; täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek babatda degişli işleri alyp barmakdan ybaratdyr.

Döwletimiziň syýasatynda we durmuşa geçirilýän maksatnamalarda sebitleýin ösüş meselelerine, ýerli wekilçilikli häkimiýet, öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ösüşine hem-de mümkinçilikleriniň artmagyna, olara guramaçylyk hem-de usuly taýdan kömek bermek işlerine uly üns berilýär. Şonuň üçin hem biziň esasy wezipelerimiziň hatarynda raýatlarymyzdan we edaralardan gelip gowuşýan tekliplere we ýüztutmalara garamak boýunça welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde duşuşyklary hem-de ýerli edaralar, guramalar bilen maslahatlary geçirmegi netijeli alyp barmak, ýurdumyzyň oba zähmetkeşleri bilen meýdan şertlerinde duşuşyklary geçirmek, alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen tanyşmak, olaryň armasyny ýetirmek çärelerini geçirmek zerurdyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem welaýat, etrap, şäher halk maslahatlaryna Geňeşlere kanunçylyk babatda guramaçylyk we usuly taýdan kömek bermek işlerini kämilleşdirmegiň, olar bilen amaly-usuly maslahatlary geçirmegiň, obalaryň we şäherleriň ýaşaýjylaryna kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmegiň, adamlaryň isleg-arzuwlaryny, zerurlyklaryny öwrenmegiň we ýerli döwlet edaralary bilen bilelikde durmuş-ykdysady wezipeleriň hem-de ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna degişli meseleleriň çözülmegine, raýatlaryň ýüztutmalary boýunça kabul edişliklere ýakyndan gatnaşmagyň wajypdygy bellenildi.

Milli Liderimiz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklaryny, öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, kanunçylygyň dürli ugurlaryna degişli teklipleri öwrenmek maksady bilen, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň jogapkär wekilleriniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň we Mejlisiň komitetleriniň göçme maslahatlaryny geçirmek zerurdyr diýip nygtady. Ilatymyzy döredijilikli işlere has-da ruhlandyrmak, durmuşa geçirilýän taryhy işleriň daşynda jebisleşdirmek, Watanymyzyň gazanan üstünliklerini giňden wagyz-nesihat etmek alyp barjak işlerimiziň meýilnamasynda esasy wezipe hökmünde kesgitlenilmeli. Şunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän taryhy başlangyçlarynyň, halk bähbitli işleriň, kabul edilen resminamalaryň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini düşündirmek, wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklary, maslahatlary geçirmek bilen, halky olar barada gyzgyny bilen habarly etmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde täsirli çykyşlary guramak möhümdir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Şunuň bilen birlikde, jemgyýetde kanunlaryň hökmürowanlygy, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, hukuk medeniýetini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini, adamlaryň halal zähmet çekmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleri, milli medeniýetimizi, maşgala gymmatlyklaryny, däp-dessurlarymyzy, jemgyýetçilik ahlagyny wagyz-nesihat etmek işlerini hem dowam etdirmegiň wajypdygyna üns çekildi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan tassyklanan Maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça 2024-nji ýylda bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda edilmeli tagallalaryň özenini düzer. Biziň alyp barýan işlerimizde diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmek däl-de, eýsem, ösüşiň uzak möhletleýin we durnukly depgininiň saklanylmagy hem möhüm wezipe bolup durýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi. Nygtalyşy ýaly, täze döwrüň ykdysady ösüş nusgasy bolsa, ilkinji nobatda, işewürlik gurşawyny döretmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak bilen, hususy maýa goýumlaryň köpelmeginde jemlenendir. Biz geljekde hukuk ulgamynyň işewürlik üçin özüne çekijiligini üpjün etmelidiris.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle ajaýyp jümleler bar: «Owal-ahyr hemişelik badalgamyz Watandyr». Şeýle hem onda: «Döwlet sarsmaz, tükenmez uly güýçdür. Biz döwletimiziň güýjünden güýç alýarys. Döwletimiziň ady bilen buýsanýarys, abraýy bilen beýgelýäris» diýlip parasatlylyk bilen Watanyň gymmatlygyna üns çekilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2024-nji ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine berk ynam bildirendigi bellenildi. Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň ahyrynda: “Biziň ählimiziň iň esasy maksadymyz jandan eziz görýän Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, mukaddes Watanymyzy beýgeldýän beýik başlangyçlary wagyz etmek, halkymyzy bu işlere ruhlandyrmak borjumyzdyr” diýip belledi.

Mejlisiň dowamynda Bäherden etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň müdiri, Ahal welaýat halk maslahatynyň başlygy M.Berdiýewe söz berildi.

Çykyş edeniň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasaty netijesinde ösüş ýoly bilen beýik geljege tarap ynamly öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň döwlet doktrinasy şu syýasatyň esasyny düzýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgesine esaslanýan maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrmagy netijesinde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Obalaryň, şäherleriň, etraplaryň keşbi özgerýär, müňlerçe täze iş orunlary döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen döwrebap Arkadag şäheriniň gurulmagynyň şanly waka öwrülendigi, bu wakanyň Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandygy bellenildi. Bu ýerde “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda, iň öňdebaryjy sanly tehnologiýalar jemlenendir.

Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýylda ähli ulgamlarda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisiniň barşynda kabul edilen çözgütleriň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Hususan-da, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» tassyklanylmagynyň milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek meselelerine toplumlaýyn çemeleşilýändiginiň aýdyň subutnamasydygy nygtaldy. M.Berdiýew bilim ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeler barada aýdyp, diňe geçen ýylyň dowamynda orta mekdepleriň hem-de çagalar baglarynyň 40-a golaýynyň, şol sanda Ahal welaýatynda 11 sany bilim edarasynyň, şeýle hem beýleki saglyk, sport maksatly binalaryň gurlup ulanmaga berlendigini aýdyň mysal hökmünde görkezdi. Şunuň bilen birlikde, 2024-nji ýyl üçin degişli Maksatnamada bu ugra milliardlap manat möçberinde serişdeleriň goýberilmegi göz öňünde tutulýar.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň kyblasy, hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň durmuş ýoly ösüp gelýän nesli terbiýelemek üçin nusga bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, çykyş eden ýaşlary watançylyk, zähmet we ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň ägirt uly ähmiýetini nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň geçen ýyl «Arçman» şypahanasyna baryp görmegi hem-de bu sagaldyş edarasynyň täze binasyny gurmak we öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek baradaky teklibi adamyň saglygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Çykyşynyň ahyrynda M.Berdiýew welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge uly üns berýändigi we türkmenistanlylaryň ýagty geljegi barada bimöçber alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary B.Mämiýewa çykyş etdi. Ol Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň birine öwürmek baradaky ägirt uly işleriniň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini belledi. Şu ýylyň beýik türkmen şahyrynyň ady hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň ajaýyp zehininden we pähim-paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgy bilen baglanyşykly şygarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Munuň özi türkmen halkynyň beýik ogluna, onuň baý edebi mirasyna çuňňur hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr.

Çykyşyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň watançylyk, jebislik we agzybirlik baradaky taglymatyndan, «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesinden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp şygaryndan ugur alnyp, Watanymyzyň häzirki wagtda ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýandygy bellenildi. Ýurdumyz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny öz içine alýan maksatnamalary durmuşa geçirip hem-de düýpli özgertmeleri amala aşyryp, ägirt uly üstünlikleri gazanýar. Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlarynyň, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” möhümdigine aýratyn üns berildi. Öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmaga, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Şeýle hem B.Mämiýewa şu mejlisiň ähmiýetini belledi. Onda Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny amala aşyrmak meseleleri bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen geçirilmeli işleriň bilelikdäki Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Munuň özi döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy diýlip yglan edilen adamyň abadançylygy baradaky hemmetaraplaýyn aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny tassyklaýar.

Çykyşynyň ahyrynda günbatar sebitiň wekili türkmen halkynyň Milli Liderine we Arkadagly Gahryman Serdarymyza zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny ýokarlandyrmaga, eneligi goldamaga, maşgalany goramaga uly üns berýändikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Daşoguz şäher häkimliginiň işgärler we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary bilen işleşmek boýunça bölüminiň müdiri, Daşoguz welaýat halk maslahatynyň başlygy A.Kakyşowa söz berildi. Ol çykyşynda kabul edilen döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipelere ünsi çekdi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dowam etdirilýän demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde täze belentliklere ýetýär. Ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleri, raýat jemgyýetiniň esaslary yzygiderli berkidilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen çözgütleriň wajypdygy bellenildi. Ählihalk forumynyň jemleriniň hem-de kabul edilen resminamalaryň ähmiýetini düşündirmek babatda halk maslahatynyň agzalary hormatly ýaşulular, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ilatyň arasynda wagyz-nesihat çärelerini alyp barýarlar.

Çykyş eden «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» ýaly möhüm resminamalarda bellenen wezipeleri üstünlikli çözmek üçin welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdy.

Bellenilişi ýaly, şu günki mejlisiň gün tertibine Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlaryna degişli we halkymyzyň bähbitlerini üpjün etmäge, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen meseleleriň giň toplumy girizildi. Şunuň bilen baglylykda, A.Kakyşow Halk Maslahatynyň agzalarynyň Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlaryndan we tekliplerinden ugur alyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmek üçin güýç-gaýratyny, yhlasyny, bilimini gaýgyrmajakdyklaryny ýene-de bir gezek nygtady.

Çykyşynyň ahyrynda Daşoguz welaýatynyň wekili Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna hem-de hormatly Prezidentimize Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň gülläp ösmegi, türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy barada edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we berk jan saglyk, uzak ömür, giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary O.Berdiliýewa çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilýän Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eziz Watanymyzyň bagtyýar şu güni we nurana geljegi üçin uly ähmiýete eýe bolan meselelere garalýandygyny belledi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, ýurdumyzyň gündogar sebitinde hem durmuşyň ähli ulgamlarynda toplumlaýyn özgertmeler ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli işleri häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar.

O.Berdiliýewanyň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinde «medeniýet» düşünjesiniň giňdigine we köpugurlydygyna, özboluşly milli däp-dessurlary, gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamaga, ýaşlar syýasatyna, ösüp gelýän nesli terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede baýram edilmegi uly ähmiýete eýedir. Şahyryň baý döredijilik mirasynda türkmen halkynyň durmuşynyň filosofiýasy, belent ruhy-ahlak ýörelgeleri öz aýdyň beýanyny tapdy.

Nygtalyşy ýaly, türkmenistanlylar Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan asylly işlerinden çuňňur hoşaldyr. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Ýaş nesil barada hemmetaraplaýyn alada etmäge gönükdirilen bu gaznanyň işinde ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri öz beýanyny tapýar.

Çykyş eden welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan we gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.

Mejlisiň dowamynda Mary welaýat häkimliginiň senagat, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň işini utgaşdyryjy bölüminiň müdiriniň orunbasary, Mary welaýat halk maslahatynyň başlygy M.Atajanow çykyş etdi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ähli ulgamlarda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň ähmiýetini belledi. Şol işleriň netijesinde döwrüň talaplaryna laýyklykda, döwletiň demokratik esaslary we halk häkimiýetliligi pugtalandyrylýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçen 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

Çykyşynyň dowamynda M.Atajanow «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Mary welaýatyna bolan iş saparynyň döwletimiziň sebitleriniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine ägirt uly üns berýändiginiň subutnamasydygyny we welaýatyň ýaşaýjylaryny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrandygyny belledi. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady syýasat döwletimiziň ösüşiň has belent sepgitlerine ýetmegine, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Soňky ýyllarda gazanylan makroykdysady görkezijiler, ilkinji nobatda, jemi içerki önümiň ösüşiniň durnukly saklanmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» barada aýdyp, çykyş eden onuň durmuşa geçirilmeginiň döwlet dolandyryş ulgamynyň öňdebaryjy usullaryny ulanmagyň, ähli önümçilik pudaklaryna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, milli, sebit we halkara ähmiýetli taslamalary amala aşyrmagyň hasabyna ýurdumyzyň ykdysady taýdan mundan beýläk-de durnukly ösmegini üpjün etmäge ýardam bermelidigini belledi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygy, ilatyň durmuş goraglylygy ýokarlanar, umuman, raýatlarymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşy üpjün ediler.

M.Atajanow türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurdumyzy 2024-nji ýylda syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmek bilen bagly öňde goýan wezipeleriniň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi. Hususan-da, amala aşyrylýan işjeň maýa goýum syýasaty, milli we daşary ýurt pulunda iri maýa goýumlaryň goýulmagy senagat we medeni maksatly desgalaryň — täze kärhanalaryň, zawodlaryň, fabrikleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, obalaryň we şäherleriň has köp sanlysynyň gurulmagyna ýardam eder. Durmuş ulgamyny ösdürmäge uly serişdeleriň gönükdirilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün eder. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesiniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi.

Gahryman Arkadagymyz mejlisiň dowamynda täze taryhy döwürde durmuş-ykdysady maksatnamalar bilen kesgitlenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, durmuşa geçirilýän beýik işleri giňden wagyz etmek boýunça öňümizde uly wezipeleriň durýandygyny belledi. Biz siziň bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny doly goldamak bilen, 2024-nji ýylda öňümizde durýan wezipeleri anyk kesgitledik diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.

Ýurdumyzda demokratik, hukuk, dünýewi döwlet, ynsanperwer, adalatly jemgyýet has-da berkeýär. Adam hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini mundan beýläk-de üpjün etmek, goramak barada häkimiýet düzümleriniň işleri barha kämilleşýär. Türkmenistan demokratiýanyň, kanunlaryň rüstemliginiň, raýat agzybirliginiň we bitewüliginiň mizemez ýörelgeleriniň esasynda ösýär. Biz bu işleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda täze görnüşde, has ýokary derejede alyp baryp, geçmişiň beýikligine, şu günüň haýran galdyryjy üstünliklerine daýanmak, geljegiň röwşen gözýetimine nazar salmak arkaly ýurdumyzyň täze belentliklere tarap okgunly öňe gitmegini üpjün ederis diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Gahryman Arkadagymyz şu gün mejlisde göz öňünde tutulan ähli meselelere seredilendigini aýdyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemmeleriň durmuşa geçirilýän işlere mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny: “Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz agzybirlik, asudalyk, abadançylyk ýoly bilen mundan beýläk-de gülläp össün! Goý, Ýer ýüzüniň ähli ýurtlary bilen dostluga we hyzmatdaşlyga açyk eziz Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende galsyn!” diýen sözler bilen jemledi.

Soňra S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor, Hormatly il ýaşulusy I.Saparlyýew çykyş edip, Gahryman Arkadagymyza Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi we halkymyz bilen bilelikde öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmagyň ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesi bolup durýandygyny hem-de häzirki döwürde bu ýörelgäniň mynasyp dowam etdirilýändigini belledi.

Nygtalyşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolup durýan obasenagat toplumyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Oba hojalyk önümleriniň satyn alyş nyrhlarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, daýhanlara hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi, olaryň netijeli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi, pudagyň kuwwatynyň artdyrylmagy Watanymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge ýardam berýär.

Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň arasynda ýurdumyzda bu ugurda görülýän çäreler, ykdysadyýetiň senagat we beýleki pudaklaryny ösdürmek, bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça wagyz-nesihat işleriniň geçiriljekdigi bellenildi. Çykyşynyň ahyrynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň professory Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, öňde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäher komitetiniň partiýa guramaçysy O.Annadurdyýewa söz berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän ynamy olary nurana geljegiň bähbidine döredijilikli zähmete, döwrebap bilim we ylym almaga ruhlandyrýar. Täze döredilen Arkadag şäheri ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň nyşanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen bu şäheriň sebitde deňi-taýy ýokdur. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly eserleri, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitaby ýaş türkmenistanlylary tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek, ýaş nesliň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleri döretmek, şu günki mejlisde öňde goýlan wezipeler adam hakdaky aladanyň ýurdumyzda ileri tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ol ýaş hünärmenleriň hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatyny doly goldamak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideriniň gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, mundan beýläk-de maksada okgunly zähmet çekjekdiklerine ynandyrdy we Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýadawsyz aladalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

24.02.2024
Kaolin — islegli önüm

Hökümetiň 9-njy fewralda bolup geçen giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, hususy pudagy hem ösdürmegiň möhümdigine aýratyn üns çekildi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda döwlete dahylsyz pudak tarapyndan import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümleriň önümçiliginiň durnukly ösmegi hususy tarapyň işjeňliginiň ýokarlanmagy bilen hem pugta baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzy senagat taýdan öňdebaryjy döwletleriň hataryna goşmak ugrunda maksatnamalaýyn işler, il-ýurt bähbitli taslamalar yzygiderli amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen döredilen «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Balkanabat şäheriniň golaýyndaky önümhanasynda alnyp barylýan işler hem özüniň döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Ýeri gelende aýtsak, milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginini ýokarlandyrmakda, importyň ýerini tutýan, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply harytlaryň önümçiligini artdyrmakda, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, telekeçilige goldaw bermekde, bazar gatnaşyklaryny ösdürmekde amala aşyrylýan toplumlaýyn işlerde gazanylýan üstünlikler, köp babatda, ýerli gurluşyk serişdeleriniň ýeterlik derejede we dünýä hil talaplaryna laýyk öndürilişine baglydyr. Ýerli çig mallaryň netijeli ulanylmagy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islege eýe bolan gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini taýýarlamaga, olary içerki we daşarky bazarlara çykarmaga giň ýol açýar.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Balkan kän» müdirliginiň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde döreden «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zähmet toparlary hem bu asylly maksadyň mynasyp dowamat tapmagyna önjeýli goşant goşýarlar. Jebel şäherçesinde ýerleşýän, häzirki zamanyň kämil enjamlarydyr tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu önümhananyň ýyllyk kuwwatlylygy baýlaşdyrylan kaoliniň 20 müň tonnasyny taýýarlamaga deňdir.

— Islegli gurluşyk serişdeleriniň hatarynda durýan baýlaşdyrylan kaolin keramika, sanfaýans we gap-gaç önümçiliklerinde çig mal hökmünde giňden ulanylýar. Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetimiziň öndürýän önümi häzirki wagtda içerki bazarlaryň sarp edijilerine ugradylýar. Geçen ýyl taýýarlan önümimiziň umumy möçberi 7 müň tonna golaýlady. Biz bu netijäni işlerimizi diňe bir çalşykda alyp barmak bilen gazandyk. Öndürýän önümimizi ýakyn geljekde daşarky bazarlara çykarmak ugrunda hem anyk işler alnyp barylýar. Kärhanada oturdylan kämil enjamlardyr döwrebap tehnologiýalar işlerimizi üç çalşykda ýola goýup, taslama kuwwatlygymyza çykmaga, iş orunlarymyzy hem köpeltmäge doly mümkinçilik berýär. Ýolmämmet Ýoljanow, Amanmuhammet Nuryýew, Döwrangeldi Rozygeldiýew ýaly hünärmenlerimiz gelip gowuşýan buýurmalaryň öz wagtynda berjaý edilmeginde aýratyn yhlaslylyk görkezýärler — diýip, «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nepes Rozykulyýew ynamly aýdýar.

Kaolin magdany, mälim bolşy ýaly, dag jynslarynyň dargamagy netijesinde emele gelýär. Ol öz düzüminde kwarsyň, demriň we titanyň oksidleriniň dänejiklerini saklaýar. Zerur bolan çig mal serişdesi Türkmenbaşy etrabynyň Gyzylgaýa obasynyň golaýyndaky känden gazylyp alynýar. Häzirki wagtda «Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň «Derýakeramika» haryt nyşanly santehniki önümleri öndürýän kärhanasy öz alyp barýan işlerinde baýlaşdyrylan kaolini giňden ulanýar. Sanfaýans, keramika önümleri bolsa häzirki wagtda ýurdumyzda we dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýar. Şonuň ýaly-da, baýlaşdyrylan kaolin ak sementi, farfor gap-gaçlary, elektrotehniki izolýatorlary öndürmekde, kagyz, karton, rezin, kosmetika we parfýumeriýa önümlerini, boýaglary, arassaçylyk serişdelerini taýýarlamakda hem giňden peýdalanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyz barada edýän irginsiz aladalaryna mynasyp iş bilen jogap bermegi baş wezipä öwren «Türkmen kaolin» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň döwrebap täze önümhanasynyň 30-a golaý işçi-hünärmeni «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny belent sepgitlere beslemek ugrunda gaýratly zähmet çekýär. Ýanwar aýynda 600 tonna barabar baýlaşdyrylan kaolin taýýarlap, sarp edijilere ýetirmegi başaran önümhananyň hünärmenleri halal hem netijeli zähmet çekmäge döredilen giň mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarlar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.

«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.

22.02.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Aşgabat, 21-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Hormatly Prezidentimiz BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministrini türkmen topragynda mähirli mübärekläp, netijeli döwletara gatnaşyklaryň däp bolan dostluk, birek-birege hormat goýmak häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryňdyr düzümleriň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi we Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, özüni ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezen doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine BAE-de aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ýurtlarymyzyň köpýyllyk hyzmatdaşlyk tejribesiniň hem-de uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy. Munuň özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin berk binýat bolup durýandygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda okgunly ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki gatnaşyklaryň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP28) gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran iş sapary, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýanwarynda BAE-de iş saparynda bolmagy döwletara dialogyň taryhyndaky möhüm wakalara öwrüldi. Yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň we gepleşikleriň uzak möhletleýin geljege gönükdirilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki hereketleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýändigi nygtaldy.

Ynsanperwer ulgam hem türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Ylym, bilim, medeniýet, sport ulgamlary boýunça özara hyzmatdaşlyk, bu ugurda bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi iki halky ýakynlaşdyrmagyň, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şertidir. Şeýlelikde, özara bähbitlilige we ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi taraplaryň hoşniýetliliginiň aýdyň görkezijisi bolup, däbe öwrülen gatnaşyklary hil taýdan täze, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän derejä çykarmak babatdaky maksatlaryny açyp görkezýär.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň geljekde-de umumy bähbitleriň hatyrasyna işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Döwlet Baştutanymyz we belent mertebeli myhman hoşlaşyp, birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

22.02.2024
Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Täze tehnologiýalar — ösüşli geljegimiz

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler rowaçlanýar. Öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklaryň ulanmaga berilmegi bilen ýokary görkezijiler gazanylýar. Dünýä tejribesinde uly orna eýe bolan sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, tutumly işleriň bady artýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ösüşiniň täze belentliklere çykmagyna itergi berýär.

Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň ähli ugurlar bilen birlikde, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda-da ýokary netijeleriň gazanylmagynda ähmiýeti juda uludyr. Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri talyplara hünär öwretmekde, bilim bermekde bähbitli şertlere ýol açýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Mekdepleriň kämil kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary, tehniki serişdeler bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagy ýaşlara bilim-terbiýe bermekde, hünär öwretmekde täze mümkinçilikleri açdy. Sapak geçenimde multimediýa tehnologiýalaryndan, tehniki serişdelerden, okuw-görkezme esbaplaryndan netijeli peýdalanmagym işimiň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär. Talyp ýaşlaryň şu günki ösen tehnologiýalaryň çylşyrymly syrlaryny ykjam ele almaklary ugrunda ähli tagallalary edýäris.

Ýazgül ATAÝEWA.

Mary jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, TZB-niň işjeň agzasy.

Kämil ulgamyň mümkinçilikleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryna häzirki zaman tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna badalga berýär. Ýurdumyzda ykdysady ösüşleriň ýokarlanmagynda sanly ykdysadyýete giň gerim berilmegem uly ähmiýete eýe bolýar.

Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň kabul edilmegi kämil ulgamyň ornaşdyrylmagynda aýgytly ädim boldy. Milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagy bilen sanly hyzmatlardan, elektron-maglumat ulgamlaryndan, maglumat-telekommunikasiýa torlaryndan we elektron amallaryndan netijeli peýdalanylmagyna ýol açylýar. Ykdysady we wagt tygşytlylygyny gazanmakda täze mümkinçilikler peýda bolýar. Sanly ykdysadyýetiň bilim ulgamyndaky bähbitli taraplary ýylsaýyn ýokarlanýar. Bu ugurda kämil ulgamdan ýerlikli peýdalanylmagy ýaş hünärmenleri ýetişdirmekde ýokary netijeleriň gazanylmagyna amatly mümkinçilikleri döredýär.

Hatyja DARRYNOWA.

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, TZB-niň işjeň agzasy.

22.02.2024
Ýylyň ilkinji aýy: Ösüşiň täze menzillerini nazarlap

Golaýda, 16-njy fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýan edilen şu ýylyň ýanwar aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýän özgertmeler maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Ilkinji aýda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijeler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän 2024-nji ýylyň turuwbaşdan zähmet joşgunyna beslenendigini alamatlandyrýar.

Milli ykdysadyýetiň ösüşini häsiýetlendirmekde makroykdysady görkezijilere aýratyn orun degişli bolup, olaryň seljermesi ösüşiň häzirki zaman ýagdaýyna we mazmunyna doly göz ýetirmäge, ýüze çykýan meseleleridir öňde duran wezipeleri aýdyňlaşdyrmaga, täsir edýän şertleri bahalandyrmaga hem-de ösüşiň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Hökümet mejlisinde şu ýylyň ilkinji aýynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň saklanyp, 6,3 göterim artandygy, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 8,2 göterim köpelendigi bellenildi.

Ylmy taýdan teswirlenende, jemi içerki önüm we jemi öndürilen önüm milli ykdysadyýetiň önümçilik we önümçilik däl pudaklarynyň ykdysady işleriniň ahyrky netijelerini häsiýetlendirýän görkezijilerdir. Şunda jemi içerki önüm ýurdumyzyň giňişliginde ähli öndürijiler tarapyndan maddy önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda öndürilen önümleriň jemi gymmatyny aňladýar. Jemi öndürilen önüm bolsa kesgitli döwrüň dowamynda ýerli öndürijiler tarapyndan öndürilen önümleriň we hyzmatlaryň jemi gymmatyndan ybaratdyr. Soňky görkeziji ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilýän işleriň netijeliliginden habar berýär. Mundan başga-da, bu görkezijiniň esasy aýratynlygy milli önümleri öndürmekde ýurdumyzyň çägindäki tebigy, zähmet we maliýe serişdeleriniň ulanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Ahyrky netijede, makroykdysady görkezijileriň ikisi hem milli ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüşine giňişleýin baha bermäge ýardam edýär.

Hasabat döwründe jemi öndürilen önümiň ösüş meýline eýe bolmagy goşulan gymmata salynýan salgytlary töleýjileriň sanynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Şol bir wagtda ol başga möhüm makroykdysady görkezijiniň gowulanmagynda öz beýanyny tapýar, has anygy, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň möçberiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Bu görkezijileriň aýrylmaz baglanyşygyny anyk sanlar bilen tassyklap bolar: ýagny 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,8 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,1 göterim ýerine ýetirildi. Bu maglumatlar milli ykdysadyýetimiziň sagdyn ýagdaýyny we durnukly ösüşini häsiýetlendirýär.

Ykdysadyýet — bu, ilkinji nobatda, birnäçe düzüm birlikleriniň arasynda ýüze çykýan gatnaşyklar bolup, olar näçe sazlaşykly guralan bolsa, ykdysady we durmuş netijeliligi şonça-da ýokary bolýar. Hojalyk subýektleriniň özara gatnaşyklary önümçilik, alyş-çalyş, sarp ediş we paýlamak çygyrlarynda täzeden döredilýär. Şunda sarp edişiň derejesi ilatyň girdejileri bilen göni baglanyşykly bolup, ol tölege ukyplylygyň esasy görkezijileriniň biridir. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ilkinji aýynda bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6 göterim artdy. Bu görkeziji ilatyň pul girdejilerini harytlara çalyşmak arkaly, ýüze çykýan ykdysady gatnaşyklary aňlatmak bilen, ol satylan harytlaryň umumy mukdaryny görkezýär.

Häzirki döwürde önümçiligi höweslendirmek we girdejileri artdyrmak arkaly, durmuş-ykdysady ösüşiň täze derejesini üpjün etmek döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ykdysady taýdan teswirlenende, ilatyň girdejileri halkyň durmuş hal-ýagdaýynyň häzirki zaman derejesini häsiýetlendirmek bilen, ol ykdysadyýetiň hem-de durmuş ulgamynyň arasyndaky göni baglanyşygy üpjün edýär. Girdejileriň esasy böleginiň sarp ediş çykdajylaryna öwrülip, ýene-de ykdysady ulgama dolanyp gelmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Beýleki tarapdan, bu baglanyşyk zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hasabyna girdejileriň möçberi artdyrylan ýagdaýynda ösüşiň üpjün edilýändigini aňladýar. Häzirki döwürde zähmet haklary ilatyň girdejileriniň esasy çeşmesini emele getirýär. Ýanwar aýynyň jemleri boýunça, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet hakynyň 10 göterim ýokarlanmagy ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda döwlet tarapyndan uly tagallalaryň edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Ilatyň durmuş derejesiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň, esasan, milli ykdysadyýetimiziň üstünliklerine we jemi içerki önümiň ösüşine esaslanýandygy aýratyn guwandyryjydyr. Amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler diňe bir ýurduň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga däl, eýsem, gazanylýan ykdysady netijeleri döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek arkaly, adamlaryň hal-ýagdaýynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge hem ýardam berýär. Ykdysady ösüşde gazanylýan şeýle oňyn netijeler ykdysady syýasaty durmuşa geçirmekde täzeçil çemeleşmelerden ýerlikli peýdalanylýandygy bilen baglanyşyklydyr. Has takygy, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, her ýyl üçin amala aşyrylmaly wezipeleriň bellenilmegi, olary ýerine ýetirmeli düzüm birlikleriň we ýerine ýetirilmeli möhletleriniň anyk kesgitlenilmegi bu ugurda döwlet dolandyryşynyň netijeliligini artdyrmaga itergi berýän usullaryň biridir.

Ýurdumyzyň sebitleriniň gyradeň ösdürilmegini gazanmakda we olary sazlaşdyrmakda maýa goýum işine aýratyn orun degişlidir. Durmuş-ykdysady ösüşiň kuwwatly iteriji güýçleriniň biri hökmünde maýa goýum syýasaty, bir tarapdan, milli ykdysadyýetiň häzirki makroykdysady ýagdaýy, beýleki tarapdan, maýa goýum serişdeleriniň möçberi bilen şertlendirilendir. Şunda dünýäde we ýurtda kemala gelen şertleriň hemişe seljerilip durulmagy bu syýasatyň ugurlarynyň, möçberleriniň üýtgemegine, olara düzedişleriň girizilmegine getirýär. Has anygy, bu ugurda geçirilen seljermeleriň esasynda alnan netijeler ösüşiň häzirki tapgyrynda ykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge, maýa goýum serişdelerini önümçiligiň ösüşine ýa-da durmuş maksatly binalardyr desgalary gurmaga gönükdirmegiň maksadalaýykdygyny delillendirmekde esas bolup durýar. Şu ýylyň ýanwar aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 24,6 göterim ýokarlanmagyny şeýle çemeleşmäniň oňyn netijesi hökmünde kabul edip bolar. Maýa goýumlaryň möçberiniň artmagy diňe bir şu ýylyň degişli döwri üçin häsiýetli bolman, eýsem, bu ösüş meýliniň geçen ýyllarda hem durnukly saklanandygyny bellemek zerurdyr.

Ykdysady nukdaýnazardan häsiýetlendirilende, maýa goýumlaryň gönükdirilýän obýektleri hemişe özgerişliklere sezewar bolýar. Bu häsiýet, ilkinji nobatda, olaryň tebigatyna mahsus bolan aýratynlyklar bilen baglanyşyklydyr: ilki bilen gönükdirilýän maliýe serişdeleri maýa goýuma öwrülýär, soňra maýa goýumlary ulanmagyň netijesinde alnan girdeji indiki täze tapgyryň maýa goýum serişdeleriniň çeşmesini emele getirýär. Beýle diýildigi, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda täze kärhanalaryň gurulmagyna ýa-da bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegine gönükdirilen maliýe serişdeleriniň özüni ödemek möhleti tamamlanandan soňra sap girdejisiniň artýandygyny we onuň belli bir möçberiniň maýa goýum maksady üçin ulanylýandygyny aňladýar. Strategik meýilnamalaşdyryşda ykdysadyýetiň inkär edip bolmaýan bu kadasyndan oýlanyşykly peýdalanylanda, onuň ykdysady we durmuş netijeliliginiň ýokary derejesini gazanmak mümkinçiligi artýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň ösüşleriniň mysalynda görmek bolýar.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň düzüminde maýa goýumlaryň tutýan paýynyň ep-esli artmagy maýa goýum syýasatynyň işjeň häsiýetinden habar berýär. Şol bir wagtda olaryň düzüminde eýeçiligiň görnüşleri boýunça bolup geçýän özgerişlikleriň ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýändigi hem aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýetiň diňe bir döwlete degişli böleginde däl, eýsem, döwlete degişli däl böleginde hem, şeýle-de daşary ýurtly maýadarlar üçin hem maýa goýumlary amala aşyrmak işlerinde amatlyklary döretmek zerurlygyndan ugur alýar. Ýurdumyza maýa goýum akymlarynyň uly möçberlerde çekilmegi döwlet tarapyndan maýa goýum işini alyp barmagyň syýasy, ykdysady, hukuk esaslarynyň döredilendigini alamatlandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň düzümleýin özgerdilmegini üpjün etmekde hem geljekki ösüşlere niýetlenen bu serişdeleriň ähmiýeti örän uludyr.

Häzirki döwürde ykdysadyýetiň hususy böleginiň kuwwatyny ýokarlandyrmak, jemi içerki önümde olaryň tutýan paýyny mundan beýläk-de artdyrmak 2024-nji ýyl üçin bellenen wezipeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Mejlisde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgininiň, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,4 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgininiň 104,6 göterime barabar bolandygy bellenildi. Bu statistik maglumatlar hususyýetçileriň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, öňde duran gaýragoýulmasyz meseleleri çözmekde ägirt uly öndüriji güýç bolup durýandygyna güwä geçýär.

Hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2024-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, pudaklaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, jemi içerki önümiň depginini durnukly saklamak ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigi barada beren tabşyryklary şu ýylda hem il-ýurt bähbitli özgertmeleriň depginli dowam etdiriljekdigini, ykdysadyýetde gazanylýan netijeleriň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin berk binýat boljakdygyny alamatlandyrýar.

Maýagözel BABAÝEWA,

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

21.02.2024
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Aşgabat, 20-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Madhumita Hazarika Bhagaty kabul etdi.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Hindistanyň dostlukly Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz hanym Madhumita Hazarika Bhagaty jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça möhüm işinde üstünlikleri arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Hindistan Respublikasynyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň barşynda nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän, birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Hindistan Respublikasy Günorta Aziýa sebitinde Türkmenistanyň iň möhüm hyzmatdaşlarynyň biridir. Döwletlerimiz syýasy-diplomatik gatnaşyklary ösdürip, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Halkara giňişlikde öňe sürülýän oňyn başlangyçlara berilýän özara goldaw muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistan we Hindistan söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda ýangyç-energetika, ulag, oba hojalygy, dokma senagaty ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Özara bähbitli gatnaşyklary uzak möhletleýin esasda ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Munuň özi, ilkinji nobatda, energetika we ulag pudaklarynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyga degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady ösüşine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, täze durmuş we önümçilik desgalarynyň gurluşygyna, iri daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge uly itergi berer. Saglygy goraýyş ulgamy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezildi. Köp ýyllaryň dowamynda bu ulgamda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Derman serişdelerini bilelikde öndürmek boýunça hindi kompaniýalary bilen alnyp barylýan netijeli işler munuň aýdyň mysalydyr.

Ynsanperwer ulgamdaky — ylym, bilim, medeni ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Taraplar bu ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyrlar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen ýaşlarynyň Hindistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýandyklary, ýurdumyzyň öňdebaryjy bilim ojaklarynyň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hindi diliniň öwredilýändigi bellenildi. Bu baradaky gürrüňiň dowamynda biziň halklarymyzyň baý taryhy we medeni mirasynyň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Medeniýet günleriniň, sergileriň we ylmy maslahatlaryň geçirilmegine möhüm orun degişlidir. Munuň özi medeniýetleriň özara baýlaşdyrylmagyna, umuman, türkmen-hindi hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşant goşýar.

Diplomat mähirli kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz tarapyndan däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň taraplaryň hoşniýetli erk-islegine daýanyp, mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

21.02.2024
Giň gerimli özgertmeler — täze sepgitlere badalga

Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýa ösüşiň ylmy taýdan esaslandyrylan hem-de çuňňur oýlanyşykly meýilleşdirilen maksatnamalaryna daýanýar. Milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasy, ilkinji nobatda, halk hojalygynyň ösüşine täsir edýän şertleriň ählitaraplaýyn seljerilip, netijeli çäreleriň durmuşa geçirilmegini göz öňünde tutýar. Geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri ykdysadyýetiň durnukly ösüş depgininiň saklanýandygyny, saýlanyp alnan ugruň dogrudygyny tassyklaýar.

Ykdysady strategiýanyň esasy ugurlary «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» aýdyň şöhlelenýär. Bu strategiýa halk hojalygynyň düýpli özgerdilmegini, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we sanlylaşdyrylmagyny, bazar ykdysadyýetiniň we döwlet kadalaşdyrylyşynyň netijeli sazlaşdyrylmagyny, iň täze tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagyny, ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyny, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Häzirki wagtda dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Türkmenistan okgunly ösüşini dowam etdirýär. 2023-nji ýylyň görkezijileri hem makroykdysady durnuklylygyň berkidilýändigine we ykdysady kuwwatyň artýandygyna, halk hojalygynyň senagatlaşma derejesiniň ýokarlanyp, bazar gatnaşyklaryna geçişiň çaltlanýandygyna, esasy pudaklarda, söwda we hyzmatlar ulgamlarynda okgunly ösüşiň üpjün edilýändigine, ähli ugurlara sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Emele gelen çylşyrymly ekologik, geosyýasy we ykdysady ýagdaýlar sebäpli, «nämälimlik döwri» diýlip atlandyrylan döwürde dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgininde pese gaçyşlyk ýüze çykdy. Bütindünýä bankynyň şu ýylyň ýanwar aýyndaky hasabatynda bellenilişine görä, 2023-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini 2,6 göterime barabar boldy. Hasabata laýyklykda, 2024-nji ýylda dünýä ykdysadyýetindäki pese gaçyşlyk bassyr üçünji ýyla uzap, ösüşiň 2,4 göterime barabar bolmagyna garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň ykdysadyýeti içerki we daşarky şertlere durnuklylygyny görkezip, yzygiderli ösmegini dowam etdirýär. Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, geçen ýylda ykdysadyýetiň esasy görkezijileri, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi içerki önüm 6,3 göterim, jemi öndürilen önüm 7,8 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, üstümizdäki ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterim derejede saklamak maksat edinilýär. Şunuň ýaly oňyn görkezijiler ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna goşulýandygymyzdan nyşandyr.

Durmuşa geçirilýän netijeli işler indi birnäçe ýyl bäri jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6 göterimden ýokary derejede saklanmagyny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady ösüşiň esasy hereketlendirijileriň — maýa goýumlaryň, eksportyň, içerki sarp edişiň we telekeçiligiň ösüşinde jemlenýändigini bellemek gerek. Şeýle hem tebigy baýlyklaryň gorlarynyň özleşdirilmegi, obasenagat toplumynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy, sebit we halkara derejedäki döwrebap ulag düzümleriniň döredilmegi ykdysady ösüşe uly goşant goşýar. Nebitgaz, gurluşyk, energetika ýaly möhüm pudaklaryň täze derejä çykarylmagy Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetinde we halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygyny şertlendirýär. Derman senagaty, gämi gurluşygy, elektron senagat ýaly täze pudaklaryň işjeňleşdirilmegi, dünýä ülňülerine kybap gelýän döwrebap syýahatçylyk düzümleriniň döredilmegi diňe bir ozalky gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, täze sepgitlere çykmaga ýardam edýär.

Häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen iri senagat toplumlaryny döretmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak, elektron senagaty ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi täze üstünliklere ýol açýar. Ýurdumyzyň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegi bilen baglanyşykly çäreler, goňşy döwletler bilen serhetýaka söwda zolaklarynyň döredilmegi, täze senagat-önümçilik zolaklarynyň emele getirilmegi, telekeçiligiň ösdürilmegi döwrümiziň öňegidişlikleriniň depginini has-da artdyrar.

Ykdysadyýetde ýetilýän sepgitler durmuş ugurly taslamalary giň gerimde amala aşyrmaga, şäherleri we obalary abadanlaşdyrmaga, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny, döwrebap söwda merkezlerini, bilim edaralaryny, saglygy goraýyş düzümlerini gurmaga mümkinçilik berýär. 2022-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwynyň netijeleri Türkmenistanda çaga dogluşynyň derejesiniň ýokarlanýandygyny we ilatyň yzygiderli artýandygyny mälim etdi. Bu bolsa halkymyz üçin döredilýän mynasyp durmuş-ykdysady şertleriň netijesidir.

Türkmenistan ösüş-özgerişleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Durmuş-ykdysady görkezijileriň ýokarlanmagy halkyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň netijeliliginiň görkezijisidir. Halkyň agzybirligi we jebisligi, döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli we oýlanyşykly syýasaty Watanymyzyň okgunly ösüşini üpjün edýär. Öňde durýan maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ildeşlerimiziň ýagty ertirlere ynamyny artdyrýar. Tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna, döwrebap infrastruktura we kuwwatly adam maýasyna eýe bolan Türkmenistan giň gerimli özgertmeleri işjeň amala aşyryp, uzak ýyllaryň dowamynda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň berk binýadyny döredýär.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

21.02.2024
Okgunly ösüşleriň binýady

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň hem baş maksady halkyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri barada berlen hasabatlar hem milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak syýasaty bilen utgaşýandygyny tassyklaýar.

Üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde halk hojalygynyň pudaklarynda oňyn görkezijiler gazanylýar. Geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň 6,3 göterim, jemi öndürilen önümiň 7,8 göterim ýokarlanandygyny, senagat pudagynda 4,3 göterim, gurluşykda 2 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 8,4 göterim, söwdada 12,8 göterim, oba hojalygynda 4,4 göterim, hyzmatlar ulgamynda 5,1 göterim, bölek satuw haryt dolanyşygynda 10,9 göterim ösüş gazanylandygyny aýan edýär.

Döwlet býujetiniň uly böleginiň ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmäge sarp edilýändigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,8 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 2022-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, 7,5 göterim artyp, jemi içerki önümiň 18,3 göterimine deň boldy. Maýa goýumlaryň 49,1 göterimi önümçilik, 50,9 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Bular ýöne bir sanlar däl-de, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösýändigini we şol ösüşiň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga ýardam edýändigini tassyklaýan görkezijilerdir.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasatynyň netijesinde şol mümkinçilikler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hökümet mejlisinde 2023-nji ýylyň dowamynda 80 milliard kub metrden gowrak tebigy gazyň we 8,3 million tonnadan gowrak nebitiň çykarylandygynyň, şeýle hem 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, nebit bitumynyň 30,1 göterim, suwuklandyrylan gazyň 1,1 göterim, kerosiniň 0,6 göterim, aýna listiniň 15,6 göterim, sementiň 0,8 göterim, çig ýüpegiň 17,1 göterim, tikinçilik we örme önümleriniň 8,9 göterim köp öndürilendigi, dürli görnüşli azyk harytlarynyň önümçiliginde oňyn görkezijileriň gazanylandygy barada habar berilmegi hem ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň rowaçlyga beslenýändigini görkezýär.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamak boýunça degişli Karara gol çekmegi «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň nobatdaky tapgyryny öz içine alýar. Bu resminamada şu ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş orunlaryny döretmek, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 20,7 milliard amerikan dollaryna ýetirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny has-da artdyrmak, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar. Bulardan başga-da, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 38,5 milliard manat möçberinde maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Şol wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimizi düzümleýin özgertmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, ýurdumyzyň dünýä hojalygynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ilatyň durmuş goraglylygyny üpjün etmek ýaly asylly maksatlarymyzyň myradyna ýetmegine ýardam eder.

Iri taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady galkynyşy halkara guramalar tarapyndan hem ykrar edilýär. Karz we maliýe bazarlary bilen baglanyşykly barlag-seljeriş işleri hem-de ykdysady maglumatlar boýunça ýöriteleşen iri halkara agentlikleriň biri bolan «Fitch Ratings» häzirki wagtda Türkmenistana ykdysady ösüşiniň durnuklylygyny tassyklaýan, uzakmöhletleýin çaklama esaslanýan «B+durnukly» derejesini berýär. Şunuň ýaly ykrarnamalar Türkmenistanyň ýokary depginler bilen ösýän we dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulýan ýurtlaryň biridigini äşgär edýär.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

20.02.2024