Aşgabat, 19-njy sentýabr. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasseri kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, YÖB-niň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän hem-de netijeli durmuş-ykdysady özgertmeleri, giň gerimli düzümleýin maksatnamalary amala aşyrýan Türkmenistan bilen köpýyllyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady. Pursatdan peýdalanyp, jenap Muhammad Al Jasser hormatly Prezidentimizi we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, onuň Aşgabada şu gezekki saparynyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda pikir alyşmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, hususan-da, abraýly maliýe guramalary we bank düzümleri bilen gatnaşyklary ösdürmek möhüm orny eýeleýär. YÖB bilen hyzmatdaşlyk bolsa netijeli, uzak möhletli häsiýete eýedir. Şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Yslam ösüş bankynyň agzasy bolmagyna 30 ýyl dolýar. Geçen döwürde bu bank ýurdumyzda 20-den gowrak taslamany maliýeleşdirmäge gatnaşdy we olar döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe boldy. Olar, hususan-da, saglygy goraýyş, bilim, ulag, aragatnaşyk, energetika ýaly ugurlary öz içine alýar.
Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, halkyň saglygyny berkitmegiň, ömür dowamlylygyny uzaltmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Saglygy goraýyş ulgamynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunda lukmançylyk merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak taslamalaryny amala aşyrmakda YÖB-niň orny bellenildi. Bu ulgamda Yslam ösüş banky bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar.
Pikir alyşmalaryň barşynda energetika ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegine üns çekildi. Baý tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistan diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly bu ulgamy ösdürmäge ygrarlydyr. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagynda tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu möhüm ugurda taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde hem ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer. Türkmenistanda energiýanyň arassa, daşky gurşawa zyýansyz bolmagy ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan durnukly energetika taslamalaryna ýa-da täze başlangyçlara YÖB-niň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri şertlendirýär.
Ulag ulgamy-da geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda Türkmenistanyň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşmegi ulag-logistika pudagyny ösdürmek babatda berk binýat bolup hyzmat edýär. Şu babatda ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarüsti halkara gatnawlary işjeňleşdirmek üçin amatly şertleriň bardygy, bu ugurda Ýewropa, Aziýa sebitlerini birleşdirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň geçirijiligini artdyrmak mümkinçiliginiň uludygy bellenildi. Türkmenistan öz tarapyndan üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalara gatnaşmak babatda Yslam ösüş bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardyr.
YÖB bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde internet we telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek barada-da aýdyldy. Mundan başga-da, bu maliýe düzümi bilen Türkmenistanyň banklarynyň, hususy pudagynyň arasynda täze, has netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy aýdyldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we jenap Muhammad Al Jasser Türkmenistan bilen Yslam ösüş bankynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilip, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.