Aşgabat, 6-njy sentýabr. Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryny hukuk taýdan kadalaşdyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalarynyň işlenip taýýarlanylyşy barada maglumat berdi. Hususan-da, iş toparlarynda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna, “Awtomobil ulagy hakynda”, “Adalatçy hakynda”, “Döwlet gullugy hakynda” Kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada aýdyldy. Mejlise taýýarlyk işleri Halk Maslahaty, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, iri jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde alnyp barylýar. Döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orny eýeleýän umumymilli forumyň taryhy ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen, dürli çäreler guralýar, gazet-žurnallaryň sahypalarynda şu mowzuk boýunça makalalar çap edilýär. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda Garaşsyzlygyň şanly senesi mynasybetli ýurdumyzyň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarynda ýokary zähmet üstünliklerini gazanan raýatlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek boýunça işleriň geçirilýändigi bellenildi. Şeýle-de milli parlamentiň ýolbaşçysy Kamboja Patyşalygynyň, Mawrikiý Respublikasynyň, Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň kabul edilendigini habar berdi. Mejlisiň deputatlary Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy, Çagalar gaznasy tarapyndan ýurdumyzyň ugurdaş döwlet düzümleri bilen bilelikde guralan maslahatlara gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň zerurdygyna üns çekildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Sanly we “ýaşyl” ykdysadyýet — durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň şerti” atly ylmy-amaly maslahata görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu forum hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2024-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň Sanawyna laýyklykda, 20-nji sentýabrda geçiriler. Maslahatda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşi, maliýe-ykdysady we pul-karz syýasaty, zähmet gatnaşyklary, standartlaşdyryş ulgamy, sanly we “ýaşyl” ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, durmuş goraglylygy ulgamyny sanlylaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça çykyşlar göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine bagyşlanan ylmy-amaly maslahata gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Forumyň esasy maksady Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri giňden beýan etmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulan gaz guýularynyň buraw işleri üçin zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu gaz känini tapgyrlaýyn esasda özleşdirmek babatda zerur işler geçirilýär. “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynda ulanmaga berlen önüm berýän gaz guýularynyň bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek maksady bilen, goşmaça gaz guýularynyň birnäçesini burawlamak, önümçilige girizmek meýilleşdirilýär. Olary ýörite enjamlar bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Galkynyş» gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulan gaz guýularynyň buraw işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur serişdeler bilen üpjün etmek boýunça teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaý ekişine guramaçylykly girişildi. Bu jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin degişli çäreler görülýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Ýeralmanyň, gök we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär. Şu günler welaýatlarda gowaça ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Pagta arassalaýjy kärhanalar, harmanhanalar, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglar, beýleki oba hojalyk tehnikalary möwsüme taýýar edildi.
Pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, wise-premýer hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek baradaky haýyş bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz geljek ýylyň bugdaý hasylynyň ekiş möwsümini talabalaýyk geçirmegiň zerurdygyny aýdyp, şunda ýokary hilli bugdaý tohumyndan peýdalanyp, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmagyň möhümdigini nygtady. Şunuň bilen birlikde, beýleki möwsümleýin oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmek işlerini hem talabalaýyk alyp barmak tabşyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň ýetip gelendigini aýtdy. Bu möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny «bismilla» bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň edermen pagtaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmak maksady bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Maryazot” önümçilik birleşiginiň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn işler hakynda aýdyldy. Konserniň hünärmenleri tarapyndan mineral dökünleri öndürýän toplumyň daşky inženerçilik ulgamlary bilen bilelikde taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip gurmak boýunça tehniki tabşyryk taýýarlanyldy.
Bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň mineral dökünlere bolan isleglerini doly kanagatlandyryp, artýan bölegini daşary ýurtlara eksport etmäge, öndürilýän mineral dökünleriň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze, döwrebap önümçilikleriň ýola goýulmagynyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, söwda amallaryny halkara kadalara laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek, işiň döwrebap usullaryny we sanly ulgamy ornaşdyrmak daşary söwdanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Wise-premýer şu ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda “Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek” atly sebitleýin taslama hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini aýtdy. Ähtnamany durmuşa geçirmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Bu resminama döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, dünýä döwletleri, şol sanda sebit ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyny belledi. Söwda amallaryny halkara kadalara laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we häzirki zaman usullaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly söwda amallaryny ýönekeýleşdirmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek» atly sebitleýin taslamanyň çäginde göz öňünde tutulan çäreler boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şanly sene mynasybetli şu ýylyň sentýabr aýynyň dowamynda dürli maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, wagyz-nesihat çäreleri we aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Aýyň esasy çäreleriniň hatarynda “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry, “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumyndaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine we Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabaralary, “Arkadag Serdarly Watanyň şöhraty Garaşsyzlyk!” atly şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň jemini jemlemek, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan raýatlary sarpalamak çäreleri, dabaraly ýöriş, baýramçylyk konsertleri, feýerwerk, at çapyşyklary we beýleki çäreler bar.
Şu günler teatrlarda, kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde halk köpçüligine täze sahna oýunlary, filmler görkezilýär. Ýurdumyzyň muzeýlerinde, kitaphanalarynda, taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda birnäçe çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri giňden beýan edilýär. Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan dokumental filmler, wideoşekiller, dürli mazmunly gepleşikler taýýarlanylyp, ýaýlyma berilýär. Şeýle hem olary daşary ýurt teleýaýlymlarynda görkezmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramynyň ýetip gelýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli bellenen dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyna üns çekildi. Olarda ýurdumyzyň ähli ugurlardaky üstünlikleri öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly elektron žurnallary döretmek işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugrundaky işler halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirilýär, ýaş alymlaryň, talyplaryň ylmy-döredijilik işlerini has-da işjeňleşdirmek üçin sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga ähli şertler döredilýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipä laýyklykda, ýokary hünär bilimi edaralarynyň halkara reýtingine goşulmak üçin guramaçylyk işleri alnyp barylýar.
Ylmy işleri, innowasion işläp taýýarlamalaryň netijelerini ýurdumyzda we dünýäniň ylym-bilim giňişliginde giňden ýaýmak maksady bilen, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda “Filologiýanyň meseleleri” atly ylmy-usuly, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” atly ylmy-amaly elektron žurnallary döretmek, olary çärýekde bir gezek elektron görnüşde türkmen, iňlis, rus dillerinde internet ulgamy arkaly okyjylar köpçüligine ýetirmek maksadalaýyk hasaplanýar. “Filologiýanyň meseleleri” atly elektron žurnalda filologiýanyň nazary-amaly meselelerine, dünýä dilleriniň, şol sanda türkmen diliniň taryhyna, deňeşdirme-degşirme derňewlerine, milli we dünýä edebiýatynyň taryhyna, okatmagyň usulyýetlerine, terjimeçilik işlerine bagyşlanan ýurdumyzyň hem daşary ýurtly alymlaryň, talyplaryň makalalaryny ýerleşdirmek maksat edinilýär. “Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş” atly elektron žurnalyň sahypalarynda bolsa ykdysadyýetiň, ykdysady ösüşiň nazaryýetine, innowasion ykdysadyýete, durnukly ösüşi üpjün etmegiň ylmy esaslaryna, maliýe-bank ulgamynyň meselelerine bagyşlanan makalalary ýerleşdirip, alymlaryň, hünärmenleriň, işewürleriň, talyplaryň tejribe alyşmaklary üçin giň mümkinçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy barlaglary sanly ulgamyň üsti bilen giň köpçülige ýaýmak üçin Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Filologiýanyň meseleleri» atly ylmy-usuly, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Innowasiýa ykdysadyýeti we durnukly ösüş» atly ylmy-amaly elektron žurnallary döretmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 10-njy sentýabrynda açyljak 79-njy sessiýasyna gatnaşmagyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
BMG bilen strategik hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy. Dünýä bileleşigi ýurdumyzyň howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, syýasy, ykdysady, energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebit hem-de halkara ähmiýetli başlangyçlaryny doly goldaýar. Türkmenistanyň oňyn teklipleri Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalarynda we beýleki resminamalarynda öz beýanyny tapýar.
Häzirki wagta çenli ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 26 Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň 8 gezek Baş Assambleýanyň wise-başlyklygyna saýlanylandygy, BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň 10 sany komissiýasynyň we geňeşiniň agzasy bolup durýandygy bellenildi. Ýurdumyzda guramanyň agentlikleriniň 9-synyň wekilhanalary hereket edýär. Olaryň gatnaşmagynda häzirki wagtda BMG bilen bilelikde jemi 40-dan gowrak taslama durmuşa geçirilýär.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki sessiýasynyň çäklerinde 24 — 30-njy sentýabrda ýokary derejeli hepdeligiň geçirilmegine garaşylýar. 22-23-nji sentýabrda “Geljegiň sammitiniň” we beýleki çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyzyň goldawy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy. Onda möhüm ugurlaryň birnäçesi beýan edildi. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek wajyp ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek boýunça daşary ýurtlar hem-de BMG-niň degişli düzüm birlikleri bilen bilelikde işleri alyp barmak meýilleşdirilýär. Öňde açyljak sessiýanyň çäklerinde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek hem göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, geljek ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, birnäçe halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistan halkara we sebit derejesinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany, 2026 — 2035-nji ýyllar üçin BMG-niň “Durnukly ulagyň onýyllygyny” durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny işläp düzmegi, Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmegi teklip edýär.
Türkmenistan dünýä bileleşiginiň howanyň üýtgemegi we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça tagallalaryna işjeň gatnaşýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynyň çäklerinde Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek babatdaky işler dowam etdiriler. Mundan başga-da, döwletimiziň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasyna laýyklykda geňeşmeler geçiriler. Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanda Hazar ekologiýa forumyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyz köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge-de uly ähmiýet berýär. Bu ugurda «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça zenanlar dialogynyň yzygiderli esasdaky geňeşmeleriniň mehanizmini döretmek teklip edilýär. Şeýle hem «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly halkara meýilnamany durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogy boýunça degişli işler amala aşyrylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny we onuň ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň işine gatnaşmagyna ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwrüň talaplaryna laýyklykda, ulag-kommunikasiýa toplumynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda zerur çäreleriň görülýändigi habar berildi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk getirmegiň möhüm bolup durýandygyny belledi we hödürlenen teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.