Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda: «Özygtyýarly Watanymyzda parahatçylyk we abadançylyk rowaçlanýar, milli ykdysadyýetimiz depginli ösýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämizden ugur alyp, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň — ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işlerimizi üstünlikli amala aşyrýarys» diýip belleýär. Munuň şeýledigine 8-nji maý güni bolup geçen taryhy wakalaryň mysalynda-da göz ýetirýäris.
Şol gün hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenilen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, şeýle hem kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 müň kub metr bolan Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Bu desgalar täze iş orunlaryny döretmek bilen bir hatarda, diňe bir Ahal welaýatynyň däl-de, eýsem, tutuş ýurdumyzyň hem durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine uly goşant goşjak iri kärhanalardyr.
Sement gurluşyk üçin iň zerur önümleriň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlarynda täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli önümler öndürilýär. «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly sement önümleri diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem uly islege eýedir.
Bäherden sement zawody 2005-nji ýylda ulanylmaga berildi. Ol Merkezi Aziýa sebitindäki şeýle kärhanalaryň iň irileriniň biridir. Onuň ikinji tapgyrynyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Beýik bina» hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy. Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmäge Germaniýanyň önümçilik işini meýilnamalaşdyrmak we sement senagaty üçin taslamalary dolandyrmak boýunça hyzmatlary hödürleýän «KHD Humboldt Wedag» iri inženerçilik kompaniýasy çekildi.
Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry edara binasyndan we 48 sany desgadan ybarat bolup, dünýä ölçeglerine doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasyny öndürmäge niýetlenilendir. Onda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli önümçilik we durmuş şertleri döredilendir. Täze zawod dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa uly isleg bildirilýän ýokary hilli sementiň «PS-400», «PS-500», «PS-600» görnüşlerini hem-de sulfata durnukly portlandsementi öndürmäge amatly mümkinçilikleri döredýär. Beýleki desgalarda bolşy ýaly, bu zawodda hem önümçiligiň ekologik taýdan arassalygyna, ähli bellenilen kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berildi. Çünki daşky gurşawyň goraglylygy ýurdumyzdaky iri senagat desgalarynyň gurluşygynda aýrylmaz şertleriň biridir.
Dabarada Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygynda «KHD Humboldt Wedag» kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilen inženerçilik hyzmatlarynyň we ornaşdyrylan enjamlaryň Germaniýanyň senagat standartlaryna (DIN), sement senagatynyň standartlaryna, Halkara elektrotehnika komissiýasynyň (IEC) we ISO standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan güwänama gowşuryldy.
Şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň ýerli çig maldan ýokary hilli önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen täze kärhanasy tiz wagtda gurluşyk senagatynyň esasy önümleriniň biri bolan sementiň ilkinji tonnalaryny sarp edijilere ýetirip başlar. Onuň işe girizilmegi ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine goşulan saldamly goşantdyr.
Şol gün işe girizilen Ýaşlyk suw arassalaýjy desgasy bolsa, bir gije-gündiziň dowamynda 30 müň kub metr agyz suwuny arassalamaga niýetlenilendir. Onda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň ösen tehnologiýalary ornaşdyryldy. Desganyň edara binasynda ýerleşýän dolandyryş merkeziniň işi toplumyň beýleki bölümleriniňki ýaly, doly awtomatlaşdyrylandyr. Merkezde arassalanylan agyz suwuny desgadan bellenilen möçberde ibermek we zerurlyga görä, iberilişi kadalaşdyrmak ýaly çözgütler kabul edilýär. Toplumyň düzümine girýän barlaghanada suwy arassalamak üçin ulanylýan himiki reagentleriň bellenilen kadalara laýyklykda taýýarlanylyşyna (alýuminiý sulfaty we gipohlorit natriý erginlerini garmak) gözegçilik edilýär.
Täze toplum ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilendir. Suw Garagum derýasyndan howdana iberilýär we bu ýerde tebigy usulda çökdürilýär. Soňra ýörite gözeneklerden geçirilip, mehaniki esasda süzülýär. Soňra bolsa suw sorujy bekedinden turba geçirijiler arkaly suw arassalaýjy desga iberilip, bu ýerde kaskad howalandyrma desgasy arkaly kislorod bilen baýlaşdyrylýar, demir, marganes ýaly minerallardan arassalanylýar. Soňra suw himiki usul bilen arassalanylýar we suw sorujy enjam arkaly çäge hem-de kömür süzgüçlerinde süzülýär. Süzülen we doly arassalanylan agyz suwy natriý gipohloridi bilen zyýansyzlandyrylyp, dört sany arassa suw howzuna berilýär. Arassa agyz suwy Ýaşlyk şäherçesine, onuň ýakynyndaky obalara iberilýär. Mundan başga-da, suw sorujy enjamlar bilen arassa agyz suwy Gäwers obasyna, onuň töweregindäki ilatly ýerlere iberilýär. Ekologik howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen, suw arassalamagyň dowamynda emele gelýän çökündiler ýörite enjamlar, şol sanda guratmak we goýaltmak üçin niýetlenilen dekanter enjamy arkaly zyýansyzlandyrylýar.
Barlaghanasynda bolsa daşary ýurtlarda öndürilen ýokary tehnologiýaly enjamlar, şol sanda 50-den gowrak barlagy ýerine ýetirýän, hususan-da, suwdaky dürli himiki elementleri, suwuň gatylygyny anyklamak üçin barlaglary ýerine ýetirýän spektrofotometr enjamy ornaşdyrylypdyr. Turbidimetr enjamynyň kömegi bilen suwuň bulanyklyk derejesi ölçenilýär. Himiki reagentleri taýýarlamak üçin gyzdyryjy magnetiki garyşdyryjy ulanylýar. Şeýle-de barlaghanada analitik agyrlyk ölçeýji terezi, suwuň elektropotensial wodorod geçirijiligini ölçemek üçin PH metr enjamy, bu ýerde ulanylýan çüýşe önümlerini guratmak üçin enjam bar.
Umuman, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, dünýäniň ilatynyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi ählumumy Durnukly ösüş maksatlarynyň esasylarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli sebitlerini ýokary hilli arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu işler hem halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilmek bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny şöhratlandyran uly işlerdir.
Goý, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli we dünýä ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!