Rowaçlygyň aýdyň ýoly

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjegini ägirt uly özgertmeler, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän gurluşyk maksatnamalary gurşap aldy. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty bilen başy başlanan, ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen iri göwrümli gurluşyk maksatnamalary bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilip, dürli maksatly desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek ugrunda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilip, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygyna, önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem, gurluşyk pudagyna gönükdirilýän ägirt uly maýa serişdeleriniň, ýerli çig malyň esasynda ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegiň hasabyna ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar.

Alnyp barylýan bu giň gerimli maksatnamalar halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, şäherdir obalarda halkara ülňülerine laýyk gelýän möhüm düzümleri kemala getirmäge gönükdirilen işleriň aýdyň netijeleridir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän, gurluşygy alnyp barylýan desgalar milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda alnyp barylýan işlerde hem guwandyryjy netijeler gazanylýar. Bilşimiz ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 13-nji martynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň çäginde ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry ulanmaga berildi. Düýn Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda açylan Ahal welaýatyndaky «Bäherden» sement zawodynyň ikinji tapgyry hem ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň önümçiligini has-da artdyrmaga kuwwatly itergi bolup hyzmat eder. Ýylda 1 million tonna ýokary hilli sement önümlerini öndürmäge ukyply zawodyň dünýä standartlaryna laýyk gelýän kämil önümçilik enjamlary bilen üpjün edilendigini aýratyn bellemek gerek. Täze desgada döwrüň ösen innowasion tehnologiýalaryna daýanýan dolandyryş ulgamy ornaşdyrylandyr. Şeýle hem, bu zawodlar toplumynyň ulanylmaga berilmegi täze iş orunlarynyň ençemesiniň döredilmegini şertlendirdi.

Täze zawodyň açylyş dabarasynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «KHD Humboldt Wedag /ZAB» kompaniýasy tarapyndan desgada ýerine ýetirilen inženerçilik işleriniň we oturdylan enjamlaryň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan laýyklyk sertifikaty gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzda gurulýan her bir binadyr desganyň gurluşygynda we maddy-üpjünçilik binýadynda ýokary hil derejesine aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem, şol gün Ahal welaýatynyň häkimine şanly waka mynasybetli welaýatyň ilatyna sowgat berilýän täze awtoulaglaryň açarlary gowşuryldy.

Umuman, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şeýle döwrebap desgalaryň ýene-de biriniň ulanylmaga berilmegi hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň kuwwatly ösüşlerini nobatdaky gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.

Ýörite habarçymyz.