Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:
— Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny, şol sanda senagat we gurluşyk önümçiligi pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ähli babatda ösüşleriň we kämilleşmegiň çalt depginlerde amala aşyrylýan, gurmagyň we döretmegiň şöhratly zamanasy bolup, täze taryha girýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen hukuk we dünýewi döwletimiziň kämil binýady kemala getirildi. Şunda gysga döwrüň içinde ýurdumyzda ýokary ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli nesli kemala getirmek babatda toplumlaýyn we sazlaşykly esasda alnyp barylýan işleriň ählisi döwletiň, jemgyýetiň, ykdysadyýetiň hem-de medeniýetiň ösüşinde özüniň aýdyň netijelerini görkezdi. Bularyň ählisi, bitewülikde ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyny, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyny, durmuş üpjünçiliginiň oňyn çözülmegini üpjün etdi.
Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň ösüşini durnukly dowam etdirmek üçin ähli çäreleri görmegi, işlere toplumlaýyn çemeleşmegi ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde hemişe esasy wezipe edip goýýar. Giň möçberli özgertmeleriň, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň durmuşymyza çalt ornaşdyrylmagynyň, başarnykly ulanmagyň ähmiýetiniň uludygyna aýratyn ünsi çekýär. Bu möhüm tabşyryklaryň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanýar.
Şu ýylyň 3-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem bular babatda aýratyn durlup geçildi. Mejlisde şu ýylyň geçen dört aýynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleri seljerildi. Makroykdysady görkezijilere laýyklykda, jemi içerki önümiň ösüş depgininiň durnukly derejede saklanmagy ýa-da ýokarlanmagy milli ykdysadyýetiň ösüşinde möhüm talap bolup durýar.
Mejlisde berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, geçen dört aýyň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 122,5 göterime deň boldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,3 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 101,5 göterim boldy. Şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,5 göterim berjaý edildi.
2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň başyndan bäri bölek satuw haryt dolanyşygynyň 11,1 göterim artandygy bellenildi. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasynyň 102,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasynyň bolsa 97,4 göterim ýerine ýetirilendigi, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,9 göterim ýokarlanandygy babatda maglumat berildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda ykdysadyýetiň möhüm ugry bolan senagat pudagynyň önümçilik binýadyny berkitmek maksady bilen, hereket edýän kärhanalarda öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek, taslama kuwwatlyklaryna çykarmak, döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalaryň işini ýola goýmak boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Elbetde, Hökümetiň nobatdaky mejlisinde agzalan maglumatlara görä, bu gazanylan üstünlikler dört aýyň jemi boýunça milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny şertlendirýär. Munuň özi türkmen döwletiniň rowaçlanmagyny we halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyny baş maksat edinýän milli maksatnamalarda kesgitlenen möhüm wezipeleriň hem üstünlikli çözgüdini esaslandyrdy.
Mejlisde nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda iri senagat, durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy üstünlikli dowam edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýynda hem ýurdumyzda köpsanly desgalaryň açylyş dabaralaryna garaşylýandygy mejlisde aýratyn agzaldy.
Türkmen döwletiniň üstünlikli ösüşini üpjün etmäge uly ýardam edýän iri senagat kärhanalaryny gurmak, ýagny dünýä bazarlarynda ýokary bäsdeşlige ukyply bolan önümleri öndürýän önümçilik kärhanalaryny kemala getirmek wezipesi hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Geçen şanly ýylyň özi hem ösen senagat syýasatyny durmuşa geçirmegiň şaýolunda aýratyn bir möhüm tapgyr boldy.
Önümçiligiň geriminiň giňeldilmegine we döwrebaplaşdyrylmagyna, öňden bar bolan senagat desgalarynyň dünýäniň iň ösen tehniki enjamlary bilen gaýtadan enjamlaşdyrylmagy, täze ugurlary ornaşdyrmaga gönükdirilýän iri maýa goýum serişdeleriniň netijeli özleşdirilmegi ýurdumyzyň senagat taýdan kuwwatlanmagyna uly ýardam etdi. Önümçiligiň ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlary, tehniki enjamlary bilen üpjün edilmegi, doly awtomatlaşdyrylmagy çig mal serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyny, önümçiligiň giňeldilmegini, haryt bolçulygynyň kemala getirilmegini üpjün etdi. Ykdysady pudaklaryň işleriniň sazlaşykly alnyp barylmagynda köpugurly şertleri kemala getirdi.
Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde ulag ulgamy esasy ugurlaryň hatarynda durýar. Häzirki wagtda ulag ulgamynyň dünýä ykdysadyýetiniň, şol sanda halkara hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýändigini dünýä döwletleriniň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyklaryň netijeleri äşgär etdi. Bu pudak Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde hem möhüm orny eýeleýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça dürli ýyllarda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalary biragyzdan kabul edendigini bellemek has-da ýakymlydyr. Elbetde, munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli çuň parasatynyň aýdyň netijeleridigi aýratyn buýsandyryjydyr.
Şu ýylyň 17-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylmagy bu ugurda amala aşyrylýan beýik işleriň hatarynda möhüm ädim boldy. Bu taryhy waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini äleme äşgär etdi. Halkara derejeli döwrebap awtomobil ýolunyň açylyş dabarasynda dünýäniň bu ugurdaky iri meşhur kompaniýalarynyň güwänamalarynyň gowşurylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy Aşgabat — Tejen (203 kilometr), Tejen — Mary (109 kilometr), Mary — Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrylýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy Türkmenistandaky iň iri ulag taslamalarynyň hatarynda durýar. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şunlukda, ýakyn geljekde Türkmenistanda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berjek täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly peýda bolar. Munuň daşary ykdysady hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine uly ýardam etjekdigi şübhesizdir. Bu ulgamda bar bolan ägirt uly kuwwatdan netijeli peýdalanmaga çalyşýan ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulagyň ähli görnüşleriniň — awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Täze howa menzilleri, polat ýollar, deňiz-derýa ýollary, ýurdumyzy goňşy ýurtlar bilen birleşdirýän awtomobil ýollary, köprüler gurulýar, toplumyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üsti döwrebap täze tehnikalar bilen üpjün edilýär, bularyň ählisi, bitewülikde diňe bir türkmen döwletiniň däl, sebitiň ösüşinde örän ýokary ähmiýete eýedir. Berkarar Diýarymyz ählumumy ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak bilen, Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça wajyp ýollarydyr merkezleri birleşdirýän esasy üstaşyr ulag geçelgeleriniň düzümini döwrüň ýokary talabyna laýyk getirýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Ýewraziýanyň ykdysady zolaklaryny birleşdirmek wezipelerini durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir. Şol taryhy günde hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň, Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi, şeýle hem Mary welaýatynyň ilatyna döwrebap ýolagçy awtobuslarynyň sowgat hökmünde gowşurylmagy ýaly beýik işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy hem milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyndan habar berýär. Bu desgalar ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşlerine kuwwatly itergi bolup hyzmat eder.
Goý, berkarar Diýarymyzy beýik ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt ähmiýetli belent maksatlary elmydama rowaç bolsun!
Oguljamal GELDYMUHAMMEDOWA,