Täzelikler
Kuwwatly ykdysadyýet — berkararlyk binýady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňe sürýän döwlet syýasatynyň netijesinde syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ulgamlarda durmuşa ornaşdyrylýan beýik işler ýurdumyzyň, jemgyýetimiziň, halkymyzyň ösüşinde özüniň oňyn netijelerini berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bu ugurda amal edilýän beýik işler eziz Watanymyzyň pajarlap ösmegine mynasyp goşant goşýan, döwletimiziň beýik geljeginiň we bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna döredýän, gurýan halkymyzda, aýratyn hem, bagtyýar ýaşlarymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ykdysadyýetimiziň hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alýan işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. 

                                                                   

Ýurdumyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň, durmuş taýdan goraglylygynyň derejesini ýokarlandyrmak, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen öňe gitmek hormatly Prezidentimiziň öňde goýan belent maksatlarynyň esasyny düzýär. Berkarar Diýarymyzyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny artdyrmak bilen bir hatarda, ösüşiň türkmen ýoluny hem-de onuň rowaçlygyny äleme äşgär etdi. 

                                                                   

Her bir ulgamyň, aýratyn-da, durmuş üpjünçiligi, ylym-bilim, saglygy goraýyş, ulag-aragatnaşyk, medeniýet, kanunçykaryjylyk, maliýe we beýleki ulgamlaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, eşretli ýaşaýşyny şertlendirdi. Olaryň many-mazmuny täze özgertmeleri geçirmekde, döwlet maksatnamalarynyň we taslamalarynyň esasynda işleri guramakda, işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze belent sepgitlere ýetmekde jemlenýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ösmegi bilen, täze gurulýan desgalaryň sany yzygiderli artýar. Welaýatlarymyzyň ählisinde täze etraplar, şäherçelerdir obalar, täze iri zawoddyr fabrikler, senagat kärhanalary guruldy we bu beýik işler üstünlikli dowam etdirilýär. Şäherleriň we obalaryň binagärlik keşbi düýpgöter özgerdi, ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar öýleri, lukmançylyk merkezleri, medeniýet köşkleri, stadionlar, şypahanalar, sanly awtomatiki telefon ulgamlary we beýleki durmuş-ykdysady desgalar gurulýar. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75 — 80 göteriminiň durmuş maksatly ugra, ýagny saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygyny maliýeleşdirilmäge gönükdirilmegi  bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylmagyny şertlendirdi. 

  Hormatly Prezidentimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden taryhy çykyşynda: «Geljek ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlaryny özleşdirip, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrarys. Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberlerini 1,8 esse artdyrarys. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny dörederis. Adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrarys. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilim edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, şol sanda 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurarys» diýmek bilen, bu ugurdaky işleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ünsi çekdi. Aýratyn bellenmeli zatlaryň biri hem, bu desgalaryň dünýäniň iň täze tehnologiýalary bilen üpjün edilýänligidir. 

                                                                   

Mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygymyzyň öň ýanyndaky günlerde Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda täze ýolagçy awtomenzilleriniň döwrebap binalarynyň ulanmaga berilmegi hem halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. Golaýda Garagum derýasynyň 316-njy kilometrinde akabanyň üstünden geçýän, Gurbangala — Zähmet demir ýol böleginde täze, döwrebap demir ýol köprüsi açylyp ulanmaga berildi. Täze köpriniň gurulmagy ýurdumyzyň üstünden halk hojalyk ýüklerini alyp geçýän ýük we ýolagçy otlularynyň işini döwrebap derejede guramaga, üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrmaga uly ýardam eder. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan bu desgalaryň ulanmaga berilmegi döwrebap ulag ulgamynyň kemala getirilmeginiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Geografik taýdan örän amatly ýerde — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz ägirt uly üstaşyr kuwwata eýe bolup, ondan has netijeli peýdalanýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamyny ösdürmegi häzirki döwürde Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. 

                                                                   

Hemmämize mälim bolşy ýaly, dünýädäki ähli ösüşler ylym-bilim hem-de täze ýokary netijeli tehnologiýalar esasynda amala aşyrylýar. Ylmyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy tejribeler esasynda milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty artýar. Ýurdumyzyň innowasion tehnologiýalara esaslanyp ösýän ykdysady ulgamynda sanly özgertmeler ähli pudaklarda güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwlet dolandyrylyşynda söwda, maliýe, bank ulgamlaryna ilkinji orun degişli bolmak bilen bir hatarda, olarda ýokary netijeler gazanylýar. Görnüşi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde sanly ulgam arkaly geçirilýän amallar bilen bir hatarda, nagt däl hasaplaşyklaryň görkezijileri hem barha ýokarlanýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi döwletimiziň senagat kuwwatynyň artmagyna mümkinçilik berýär. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän sanly ykdysadyýet öňde duran anyk ykdysady wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna we ähli babatda ýokary ösüş görkezijileriň gazanylmagyna oňaýly şertleri döredýär. Elbetde, bu gurulýan desgalaryň ählisi işçi güýjüni, hünärmenleriň yhlasly zähmetini talap edýär. Olaryň gurluşygynda hem ýaşlarymyzyň müňlerçesi zähmet çekýär. 

                                                                   

Öňde goýlan belent maksatlardan kemala gelýän kämil derejeli durmuş ulgamy halkymyzyň ýaşaýşa bolan höwesini, ýaş nesilleriň bilim almaga, hünärleri işjeň özleşdirmäge bolan hyjuwyny artdyrýar. Bu gün mähriban halkymyz öňdengörüjilikli, döredýän we gurýan syýasaty berkarar edip, mukaddeslik derejesinde belende galdyryp, şonuň bilen ýurdy beýik ösüşlere besleýär. Bu gün türkmen topragy bereket çeşmesine, bagtyýar durmuşyň höküm sürýän mekanyna öwrüldi. Gurmak, döretmek, ösdürmek mähriban halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gelýän arzuwy. Halkymyzyň geljekde hem eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegiň esasy şertleriniň biri hem bilimi ösdürmekden, köpugurly hünär taýýarlygyny üpjün etmekden, kämil düşünjeli, giň dünýägaraýyşly nesli kemala getirmekden we öňdebaryjy tejribeleri, tehnologiýalary halk hojalygynyň ähli pudaklarynda durmuşa ornaşdyrmakdan, olardan netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Hut şu maksat bilen häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösen dünýäniň iň öňdebaryjy tilsimatlaryndan baş çykarýan, ylmyň dünýä derejesinde gazananlaryny başarnykly özleşdirip, döwrüň ösüşi bilen deň gadam urýan hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzyň beýik ösüşleri halkymyzyň ruhy galkynyşyny üpjün edip, Watan mukaddesligine, ýaşaýşyň we durmuşyň öňegidişliklerine bolan garaýşyny düýpli özgertdi. Her bir raýatyň öz başarnygyna laýyk zähmet çekmäge, ylym-bilim almaga, hünärli bolmaga giň gerimli şertler kemala getirildi. Beýik ösüşlere beslenýän ata Watanymyzda ýaşamak, halal zähmet çekmek, ylym-bilim almak, dynç almak ýaly durmuşyň ähli ugurlarynda döredilen köpugurly şertler mähriban halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. 

                                                                                                           

Oguljamal GELDYMUHAMMEDOWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň professory, ykdysady ylymlaryň doktory.

20.10.2022
Hususylaşdyrmak — ykdysady ösüşiň çelgisi

Bazar şertlerinde milli ykdysadyýeti ösdürmekde, bäsdeşligi ýokarlandyrmakda eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak ýa-da doly derejede hususylaşdyrmak meseleleri möhüm çözgütleri talap edýär. Halkara ykdysatçylaryň bellemegine görä, bazarda döwlet kärhanalarynyň sany kän bolsa, bazaryň ýagdaýynyň belli bir derejede peselmegine ýa-da durnukly saklanmagyna getirýär. Munuň tersine, hususy önüm öndürijileriň artmagy bazar dürlüliginiň, bäsleşik görnüşleriniň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Muny ençeme onýyllyklaryň ykdysady tejribesi aýdyňlygy bilen görkezýär. Şeýle ösüşler döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmagyň hasabyna hem gazanylýar. Şunda hususylaşdyrmagyň esasy maksady döwlet kärhanalarynyň bir bölegini ýa-da doly derejede hususyýetçileriň eline bermek arkaly önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakdan we döwlet kärhanalarynyň maliýe ýüküni ýeňilleşdirmekden ybaratdyr. 

                                                                   

Hususylaşdyrmak, aslynda, şahsy we ýuridik taraplaryň döwlet eýeçiligindäki emläklere doly ýa-da bölekleýin esasda eýeçilik etmegidir. Munuň netijesinde döwlet emlägine eýeçilik etmek, ulanmak, ygtyýarlyk etmek hukugy doly ýa-da bölekleýin hususy işewürleriň eline geçýär we döwlet edaralary degişli emlägi gönüden-göni dolandyrmak hukugyny ýitirýär. Hususylaşdyrmagyň obýektleri bolsa, degişli kanunçylyga laýyklykda, hususylaşdyrylyp bilinjek döwlet eýeçiligindäki islendik görnüşdäki emläklerdir. Maddy mazmunyna laýyklykda, olara döwlet we jemgyýetçilik ýaşaýyş jaýlary, döwlet kärhanalary, guramalary, kärendesine berlen we beýleki emläkler degişlidir. 

                                                                   

Tebigy monopoliýa hasaplanylýan käbir emläkler döwletiň garamagyndan aýrylmaga degişli däldir. Olaryň hatarynda ýerasty baýlyklary, tokaý gaznasyny, suw serişdelerini, howa giňişligini, döwlet tarapyndan goralýan çäkleri, energetika ulgamyny, uglewodorod serişdelerini, magistral turbageçirijileri, Döwlet býujetiniň serişdelerini, döwletiň ätiýaçlyk gaznalaryny, gidrometeorologiýa gullugynyň, patent gullugynyň, standartlaşdyrmagyň we metrologiýanyň emläklerini we beýlekileri görkezmek bolar. 

                                                                   

Daşary ýurt tejribesine görä, milli ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmakda we döwlet ulgamyny kämilleşdirmekde, esasan, iki usul tapawutlandyrylýar: 

                                                                   

— döwlet kärhanalaryny üýtgedip guramak ýa-da paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, ýagny kärhananyň dolandyryş hukugyny başga eýeçilige bermek we onuň ýitgilerini, maliýe jogapkärçiligini şahsy ygtyýarynda galdyrmak; 

                                                                   

— döwlet eýeçiligindäki kärhananyň belli bir bölegini ýa-da dolulygyna hususy eýeçilige bermek. Şunda döwlet emläginiň ilki paýnamalarynyň satylmagy, guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilmegi we kem-kemden hususylaşdyrylmagy maksadalaýyk bolýar.  

                                                                   

Hususylaşdyrmagyň iki usulynyň arasynda nähili tapawut bar? Birinjisinde, Günbatar tejribesine laýyklykda, kärhananyň işine döwletiň gatnaşmagy belli bir derejede çäklendirilýär, ýöne dolandyryş mehanizminiň döwlet tarapyndan durmuşa geçirilmegi şertlendirilýär. Ikinji usulda bolsa doly hususylaşdyrmak, döwlet emläklerini hususy eýeçilige geçirmek we dolandyryjyny öz erkine goýmak, diňe dürli amatsyz ykdysady ýagdaýlar ýüze çykan halatynda döwletiň gözegçiligini amala aşyrmak şerti göz öňünde tutulýar.  

                                                                   

Emläkleri ýa-da kärhanalary hususylaşdyrmak işleri maýa goýum bäsleşigi görnüşinde, bäsleşikli söwdada (auksionda), paýnama görnüşinde gazna biržalarynda, göni satylmagy, ýagny degişli salgy boýunça satylmagy, eger emläk kärende şertinde ulanylýan bolsa, kärendeçisine, satyn almadyk ýagdaýynda beýleki subýektlere satmaklyk amala aşyrylyp bilinýär. 

                                                                   

Bäsleşikli söwdada söwda we hyzmat maksatly, gurluşygy tamamlanmadyk, şeýle-de durky täzelenmegi, döwrebaplaşdyrylmagy üçin maýa goýumlaryny talap etmeýän desgalar hususylaşdyrylýar. Durkunyň täzelenmegini we döwrebaplaşdyrylmagyny talap edýän desgalar maýa goýum bäsleşigi görnüşinde hususylaşdyrylýar.  

                                                                   

Döwlet emläklerini üýtgedip guramak ýa-da hususylaşdyrmak meseleleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Ministrler Kabinetiniň özara ylalaşmagynyň esasynda kesgitlenilýär. Hususylaşdyrmak boýunça döwlet emläkleri baradaky maglumatlar resmi metbugatda çap edilenden soň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň degişli bölümi tarapyndan bellenilen möhletde resminamalar, ýygym we emlägiň başlangyç bahasynyň 10 göterimi kabul edilýär. Bäsleşikli söwdada ýa-da maýa goýum bäsleşiginde ýeňiji bolan tarapyň başlangyç 10 göterim tölegi degişli emlägiň başlangyç bahasy hökmünde kabul edilip, ýygym yzyna gaýtarylyp berilmeýär. 

                                                                   

Kärende şertinde ulanylýan döwlet emlägi bäş ýyldan az bolmadyk döwürde ulanylan bolsa, onuň kärendeçisine satylyp bilinýär. Şunda döwlet emlägi Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de satyn alyjy tarap bilen özara ikitaraplaýyn şertnama baglaşmak arkaly resmileşdirilýär. 

                                                                   

Şeýlelikde, ýurtda hususylaşdyrmak, hususy ulgamyň ornuny artdyrmak işleriniň döwrebap durmuşa ornaşdyrylmagy netijeli ykdysady ösüşi gazanmaga mümkinçilik döredýär. Has takygy, býujet serişdeleriniň artmagy, döwletiň maliýe ýagdaýynyň gowulanmagy, önümçiligiň netijeliliginiň we bäsleşigiň ýokarlanmagy hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde uly mümkinçilikleriň döremegi gazanylýar.  

                                                                                                           

Jumageldi SALAMOW.

                       

«Türkmenistan».

20.10.2022
Ykdysady gatnaşyklar kämilleşýär

Eksport milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerini üpjün edýän esasy ugurlaryň biridir. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu ugruň ösdürilmegine uly üns berilýär. Amala aşyrylýan giň gerimli işler diňe bir içerki bazaryň ýagdaýyny kadaly saklamak bilen çäklenmän, eýsem, sebit we dünýä ýurtlary bilen haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna, eksporta iberilýän harytlaryň sanawynyň artmagyna, şunlukda milli ykdysadyýetimiziň ösüşleriniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Häzirki wagtda lebaply telekeçileriň 4000-e golaýy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasydyr. Olar diňe bir welaýatymyzyň däl, eýsem,  tutuş ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşine, azyklyk önümleriň bolçulygynyň döremegine, şeýle hem önümleriň eksportunyň artmagyna saldamly goşant goşýarlar. Welaýatymyzyň telekeçileriniň şu ýylyň başyndan bäri eksporta ugradan harytlarynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 7 million 308 müň dollaryndan hem geçdi. Telekeçilik işleri üçin amatly şertleriň giňemegi bilen önümleriň bolçulygy has-da artýar, bu bolsa öz gezeginde eksportyň ýene-de ösmegine itergi berýär.  

                                                                   

Döwletimiz tarapyndan hususy eýeçiligi ösdürmegiň we goldamagyň hukuk binýadynyň hem-de innowasion tehnologiýalara esaslanýan hojalyk ulgamynyň döredilmegi netijesinde eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikler hem giňden ösdürilip başlandy. Hormatly Prezidentimiziň kabul edýän möhüm resminamalarynda ýurdumyzda telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly şertler kesgitlenilýär, olaryň dünýä bazarlaryna çykmagy meýilleşdirilýär. Döwletimiziň berýän köptaraplaýyn goldawy, maýa goýum işini höweslendirýän has amatly işewürlik ýagdaýyny döretmäge ýardam berýän şertleriň giňemegi hususyýetçileri has ruhubelent zähmet çekmäge höweslendirýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda welaýatymyzyň çäginde melleginde, hususy ýer böleginde önümçilik bilen meşgullanýan raýatlaryň sany hem günsaýyn artýar. Olary höweslendirmek maksady bilen kiçi göwrümli karzlar hem berilýär. Kiçi göwrümli karzlaryň hasabyna raýatlaryň hususy mellek ýerlerinde ýyladyşhanalaryň gurulmagy, öňden bar bolanlarynyň giňeldilip, durkunyň täzelenilmegi netijesinde gök-bakja ekinleri ýetişdirilip, ýerli bazarlarda önüm bolçulygy döredilýär. Bu bolsa eýýäm artykmaç önümleriň eksporta iberilmegine zerurçylygy döredýär. Raýatlaryň bir müňe golaýy kiçi göwrümli karz serişdelerinden ýerlikli peýdalanýar. Telekeçiligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek üçin ýurdumyzyň kärhanalarynda kiçi göwrümli oba hojalyk gurallaryny, enjamlaryny öndürmek hem meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda el güýji sarp edilýän işleri innowasion tehnologiýalar arkaly ýerine ýetirmek maksady bilen dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň tejribeleri öwrenilýär, olary ýerli önümçilikde ulanyp, kärhanalarda kiçi göwrümli oba hojalyk gurallaryny, enjamlaryny öndürmek meýilleşdirilýär. Bu boýunça taslamalaryň birnäçesiniň üstünde işlenilýär. Özümizde öndürilýän enjamlar daşary ýurtlardan getirilýän gurallaryň öwezini tutýar hem-de el güýji bilen ýerine ýetirilýän işleri ep-esli ýeňilleşdirýär, bu bolsa işiň netijeliligini birnäçe esse ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Ýurdumyzyň ulag-ýol düzüminiň kämilleşdirilmegi hem hususyýetçileriň peýdasynadyr. Uzak ýollary gysgaldýan täze taslamalar durmuşa geçirilýär. Daşary ýurtly işewürler bilen gatnaşyklary ýola goýmakda hem döwletimiz tarapyndan amatly şertler döredilýär. Şolaryň netijesinde eksporta önüm we haryt ibermäge ymtylýan telekeçileriň sany barha artýar. Içerki bazary zerur bolan önümler we harytlar bilen üpjün edip ugran lebaply telekeçileriň täze bazarlary gözläp başlamaklary olaryň iş tejribeleriniň has artýandygynyň güwäsidir.  

                                                                                                           

Kakageldi JUMAGELDIÝEW,

                       

welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.

20.10.2022
Harytlaryň bazar mümkinçilikleri

Ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmekde, elbetde, senagat pudagynyň uly ähmiýeti bardyr. Pudagyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde milli ykdysadyýet yzygiderli ösüşe eýe bolýar. Bu strategik ädim ýurtda çig maldan başlap, taýýar önüme çenli bazar bäsdeşligine ukyply, eksporta niýetlenen milli önümleri öndürmek bilen baglanyşykly ýurduň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak arkaly birnäçe durmuş-ykdysady meseleleri oňyn çözmäge, iş ýerlerini köpeltmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ösen döwletleriň hataryna çykarmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri doly we öz wagtynda ýerine ýetirmek bilen baglydyr. Öňde goýlan bu maksatnamalardyr meýilnamalar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli hem-de giň gerimde amala aşyrylýar.  

                                                                   

Häzirki wagtda senagat pudagynyň esasy ugry ýerli çig mallary ulanmagyň hasabyna, innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak arkaly bazar bäsdeşligine ukyply önümleri öndürmäge, olaryň görnüşlerini köpeltmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda: “Biz ýurdumyzyň içerki bazarlarynda we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply täze innowasion önümçilikleri döretmekde ajaýyp üstünlikleri gazandyk. Senagat önümlerimiz hem-de brend markaly dokma harytlarymyz bilen ýurdumyzyň sebit we dünýä bazarlaryndaky ornuny yzygiderli pugtalandyrýarys, täze bazarlara ýol açýarys. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda döredilen ýa-da täze gurulýan her bir kärhananyň önümleriniň we hyzmatlaryň içerki, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet bermelidiris” diýip belledi.  

                                                                   

Türkmenistanyň ykdysady ösüşlerine uly goşant goşýan pudaklaryň biri hem dokma senagatydyr. Häzirki wagtda bu pudaga degişli 60-dan gowrak kärhana bolup, olarda 30 müňden gowrak adam zähmet çekýär. Bu pudagyň ösmegine ýurdumyzda hemme şertler döredilendir. Türkmenistanyň dokma senagaty ykdysadyýetimiziň iň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolmak bilen, dünýä dokma senagatynyň öňdebaryjy ýurtlarynyň, hususan-da, Şweýsariýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň, Belgiýanyň innowasion tehnikalary we tehnologiýalary bilen üpjün edilip, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümlerini Azerbaýjan, Ermenistan, Russiýa, Türkiýe, Hytaý, Gazagystan, Belarus ýaly ýurtlara eksport edýär.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda geçirilýän forumlaryň, sergileriň, ýarmarkalaryň, şeýle-de Şanhaý, Ýosu, Milan, Antaliýa, Astana, Dubaý şäherlerinde geçirilen bütindünýä «EKSPO» sergileriň ähmiýeti barada aýdyp, halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, ýurdumyzda öndürilýän milli önümlerimiz, hyzmatlarymyz we senagat nusgalarymyz bilen işewürleri, daşary ýurtlaryň ilatyny tanyşdyrmak we mahabatlandyrmak boýunça mümkinçilikleri döretmek barada hyzmatdaşlygy ýola goýmak işlerini alyp barmagy tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň sergi strategiýasynyň işlenip düzülmeginiň zerurlygyny belledi. Şeýle ýagdaýda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän sergilerde, ýarmarkalarda hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň dürli ugurlar boýunça ýeten sepgitleri bilen tanyşmaga, pikir alyşmaga we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik döreýär.  

                                                                   

Institutymyzyň marketing kafedrasynyň talyplary we mugallymlary ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän sergilere we ýarmarkalara gatnaşyp, gazanylan üstünlikler bilen tanyşýarlar, bu bolsa, öz gezeginde, geljekki hünärmenlerde uly täsir galdyrýar we olaryň nazaryýetde alan bilimlerini berkitmäge mümkinçilik döredýär. 

                                                                   

Döwlet Maslahatynda hormatly Prezidentimiz milli önümlerimizdir hyzmatlarymyza, oýlap tapyşlarymyza, senagat nusgalarymyza dünýä bazarlarynda islegleriň yzygiderli öwrenilmeginiň hem-de degişli döwlet strategiýasynyň işlenip taýýarlanmagynyň zerurdygyny aýdyp, bu ugurda ýöriteleşdirilen marketing gulluklarynyň döredilmegi bilen bagly meselelere ýurdumyzyň söwda we senagat toplumynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary tarapyndan ileri tutulýan wezipeler hökmünde seredilmelidigini belledi.  

                                                                   

Iň täze innowasion tehnikalardyr tehnologiýalar we sanly ulgam bilen üpjün edilen Türkmenistanyň önümçilik kärhanalarynda öndürilýän önümleriň bäsdeşlik ukyby gün-günden artýar, olara bolan isleg içerki, esasan hem, daşarky bazarlarda has-da artar. Şeýle ýagdaýda bazar gatnaşyklary şertinde marketing işini dogry ýola goýmak zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz marketing gulluklaryny döretmek we olaryň işini döwrebap gurnamak barada örän ýerlikli belledi.  

                                                                   

Häzirki wagtda dürli önümleri öndürýän, hyzmatlary ýerine ýetirýän we beýleki kärhanalarda marketing gulluklarynyň ýola goýulmagy hem-de olaryň kömegi bilen dürli görnüşli marketing maglumatlaryny toplap, yzygiderli seljermek arkaly kärhanalarda önümçiligi ýola goýmaga, bazar bäsdeşligine ukyply önüm öndürmäge, hyzmatlary ýerine ýetirmäge, öndürilen önümleri ýerlemäge we maliýe-ykdysady netijeleri gazanmaga has uly mümkinçilik döreýär.  

                                                                                                           

Çerkez ATAÝEW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň marketing kafedrasynyň müdiri, professor.

19.10.2022
Ösüşiň döwrebap ugurlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Bu günki günde döwrebap ugurlar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri diňe bir döwrebap ugurlar bolman, eýsem, ösüşiň möhüm ugurlaryny üpjün edýär. Munuň özi, umumylykda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna oňat ýardam berýär.  

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, sanly ykdysadyýetiň esasy aýratynlyklary hökmünde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti görkezmek bolar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde, jemgyýetiň her bir agzasynyň ukyp-başarnygyny netijeli ugrukdyrmakda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak arkaly ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmegi, innowasion senagat önümçiliginiň döwrebap ösüşini gazanmakda, hususan-da, ýaşlaryň intellektual ukybynyň ylym-bilime, döwrebap tehnologiýalaryň özleşdirilmegine gönükdirilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda durýar. Ýaşlaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk, umumadamzat we milli ýörelgelerimiziň esasynda kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşleriniň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiz bu babatda şeýle belleýär: «Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmaly». Hormatly Prezidentimiz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda hemişe üns merkezinde saklaýar, zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar. Munuň özi ýaşlaryň jemgyýetdäki durmuş-hukuk ýagdaýyny kesgitlemegiň möhümdigi, jemgyýetiň ertirki innowasion ösüşini kesgitleýändikleri bilen baglanyşyklydyr.  

                                                                   

Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň pugta ornaşdyrylmagy ykdysady, syýasy we durmuş ösüşinde mynasyp şöhlelenýär. Täze tehnologiýalar, sanly ulgam döwrümiziň möhüm ugurlaryna öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda innowasiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary barha ösdürilýär, ýokary tizlikli internet-aragatnaşygyň elýeterliligi bilen doly derejede üpjün edilýär.  

                                                                   

Sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi ylmy-tehniki ösüşiň gönüden-göni netijeleridir. Sanly ykdysadyýet önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda harajatlary peseltmäge, bazardaky üýtgeşmelere tiz wagtda uýgunlaşmaga hem-de ýokary çeýeligi üpjün etmäge ýardam berýär.  

                                                                   

Ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüş şertlerinde ýaşlaryň gujur-gaýratynyň, olaryň telekeçilik işjeňligine gönükdirilmeginiň ähmiýeti ählumumy ykrar edilýär. Ýaşlaryň telekeçiliginiň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenilmegi işewürlikde işjeň orny eýelemäge ukyply, gujurly, döwrebap pikirlenýän telekeçileriň täze ýaş nesliniň kemala gelmegine, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion häsiýetde ösdürilmegine, ýurduň maýa goýum çekijiliginiň ýokarlanmagyna, täzeçil pikirlenmeleriň, döredijilikli oýlap-tapyşlaryň artmagyna mümkinçilik berýändigi bilen düşündirilýär.  

                                                                   

Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzda sarp edijileriň islegleriniň has çalt we ýokary derejede kanagatlandyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bulardan başga-da, sanly ykdysadyýetiň ösmeginiň birnäçe peýdaly taraplary bardyr: zähmet önümçiliginiň ösüşi, bazara gatnaşyjylaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy, önümçilik çykdajylarynyň peselmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi. Şeýle hem, ykdysadyýetde, halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda sanly usullaryň girizilmegi hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna oňat täsir edýär.  

                                                                   

Häzirki tehnologik ösüş şertlerinde bilimiň, ylmy çemeleşmäniň, innowasiýalaryň, kompýuterleşdirilen programmalar ulgamlarynyň, ýokary öndürijilikli maglumat tehnologiýalaryň, şol sanda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini bellemek gerek. Innowasion ykdysadyýet bilimi, innowasiýalary, şeýle hem täze oýlap tapyşlary we tehnologiýalary gündelik tejribede jemgyýetiň dürli pudaklarynda peýdalanmaga esaslanýan ykdysadyýetdir.  

                                                                   

Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin! 

                                                                                                           

Azatnepes ANNANEPESOW,

                       

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

19.10.2022
Beýik ösüşlere buýsanç

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Diýarymyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Häzirki wagtda ykdysadyýetimizde sanly ulgamy ösdürmek boýunça oňyn işler durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň ýaly-da, awtomobil ýollarynyň hem-de köprüleriň gurluşygyna, gurluşyk we energetika düzümleriniň, jemagat gulluklarynyň sazlaşykly işlemegini üpjün etmäge uly üns berilýär.  

                                                                   

Ýakynda Garagum derýasynyň 316-njy kilometrinde akabanyň üstünden geçýän, Gurbangala — Zähmet demir ýol böleginde täze, döwrebap demir ýol köprüsi açylyp ulanmaga berildi. Desgany «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 6-njy şahamçasynyň gurluşykçylary gurdular. Munuň özi ulag ulgamynda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, şeýle hem ýol-ulag düzüminiň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlydygynyň, halk bähbitli işleriň yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.  

                                                                   

Gurluşykçylar yhlasly zähmeti bilen demir ýol köprüsini ýokary derejede gurup ulanmaga berdiler. Döwrebap demir ýol köprüsiniň Garagum derýasynyň üstünden geçýän böleginiň uzynlygy 250 metre barabardyr. Gurluşygy türkmen hünärmenleriniň amala aşyrmagy milli hünärmenlerimiziň döwrebap desgalary gurmakda ýokary ussatlyklarynyň bardygyny subut edýär.  

                                                                   

Garagum derýasynyň üstünden geçýän demir ýol köprüsiniň gurluşygynda Russiýa Federasiýasynyň «Týumenstalmost» kärhanasyndan getirilen gurluşyk önümleri, şeýle hem öz ýurdumyzda öndürilen gurluşyk enjamlary peýdalanyldy. 

                                                                   

Türkmen halkynda köpri gurmak asylly ýörelge hasaplanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň bu asylly ýörelgesini döwrebap derejede kämilleşdirýär, ösdürýär, durmuşa geçirýär. Şeýle asylly ýörelgelerimizi döwrebap ösdürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin! 

                                                                                                           

Baba MYRATBERDIÝEW,

                       

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

17.10.2022
Döwrebap demir ýol köprüsi açyldy

Guýy gazmagy, ýol çekmegi, köpri gurmagy pederlerimiz sogaply iş hasaplapdyrlar. Bu döwletli ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem üstünlikli dowam etdirilýär. Muňa 12-nji oktýabrda Garagum derýasynyň 316-njy kilometrinde akabanyň üstünden geçýän, Gurbangala — Zähmet demir ýol böleginde täze, döwrebap demir ýol köprüsiniň açylyp, ulanmaga berilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär.

  Demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Bu ýerde milli ak öýler dikilip, kejebede gelin getirmek, at çapdyrmak ýaly toý däpleri öz beýanyny tapdy. Zenanlaryň el işlerini, milli senetçiligi şöhlelendirýän ajaýyp pursatlar bu görnüşiň üstüni ýetirdi. Gämiçileriň gämi gatnawyny amala aşyrýan, çarwalaryň çarwa durmuşyny beýan edýän pursatlar hem ýatda galyjy häsiýete eýe boldy. Garagum derýasynyň kenarynda gurnalan ajaýyp sahnada welaýatyň medeniýet, sungat işgärleri joşgunly baýramçylyk çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.  

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, desgany «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 6-njy şahamçasynyň gurluşykçylary gurdular. Şoňa görä-de, yhlasly zähmeti bilen aýratyn tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem ýörite bezelen baýramçylyk otly düzüminiň täze köprüden ilkinji bolup geçmegi bu waka aýratyn öwüşgin berdi. Döwrebap demir ýol köprüsiniň Garagum derýasynyň üstünden geçýän böleginiň uzynlygy 250 metre barabardyr. Köpriniň gurluşygynda Russiýa Federasiýasynyň «Týumenstalmost» kärhanasyndan getirilen gurluşyk önümleri, şeýle hem öz ýurdumyzda öndürilen gurluşyk enjamlary peýdalanyldy.  

                                                                                                           

"Nesil".

15.10.2022
Ýurduň eksport kuwwatyny artdyrmakda wajyp ädimler

Şu ýylyň 9 aýynyň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde ýurdumyzda jemi öndürilen önümiň, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,9 göterim artandygy bellenildi. Bu netijeler hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip taýýarlanan maksatnamalaryň, şeýle-de dünýä ykdysadyýetindäki çökgünlik hadysalarynyň Türkmenistana edip biljek oňaýsyz täsirleriniň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ýokary ösüş depginleriniň birjik-de gowşamandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Häzirki döwürde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan oňyn netijeler, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň döredýän mümkinçilikleri ösüşiň ykdysady we durmuş şertlerini özara baglanyşdyrmagyň möhüm mehanizmi bolup durýar. Aslynda, ykdysady ulgamyň ösüşi birnäçe makroykdysady görkezijiler arkaly kesgitlenilýär. Şunda öndürilen jemi içerki önümiň ýurdumyzyň çäklerinde ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we döredilen, goşulan gymmatyň möçberleriniň aňlatmasy bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň häzirki ýagdaýyna baha bermekde Döwlet býujetiniň orny uludyr. Ol ykdysadyýetiň maliýe ýagdaýyny häsiýetlendirýän görkezijidir. Hususan-da, býujetiň çykdajylar bölegi häzirki wagtda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şu ýylyň geçen 9 aýynda maliýe çykdajylar böleginiň 80,3 göteriminiň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmegi bolsa, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagy, durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmagy baş maksady hökmünde kesgitlenen durmuş syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar.  

                                                                   

Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini maýa goýum serişdelerinden üzňe üpjün etmek mümkin däldir. Häzirki döwürde Türkmenistanda iri maýa goýum serişdeleriniň diňe bir önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegine däl-de, eýsem, durmuş ulgamyna hem uly möçberlerde gönükdirilmegi umumy ösüşiň ýokary derejesiniň gazanylmagyna hem-de ilatyň mynasyp ýaşaýyş durmuşynyň üpjün edilmegine şert döredýär. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberiniň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,6 göterim artmagy ýurdumyzda maýa goýum syýasatynyň maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýandygyny, şol bir wagtda onuň işjeň häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. Maýa goýumlar ykdysady ösüşiň iteriji güýji bolup durýar. Bu serişdeler täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmekde we bar bolanlarynyň durkuny täzelemekde, adam maýasyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde uly orun eýeleýän ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryny ösdürmegiň maliýe çeşmesi bolup durýar. Mejlisde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde hasabat döwründe göz öňünde tutulan desgalaryň birnäçesinde gurluşyk-gurnama işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi. Bu, bir tarapdan, häzirki wagtda ýurdumyzda işjeň maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýän bolsa, beýleki tarapdan, ýene-de birnäçe ýyldan bu gurluşyklaryň tamamlanmagy bilen täze önümçilikleriň, medeni-durmuş maksatly binalaryň işe giriziljekdigini, netijede, müňlerçe täze iş orunlarynyň dörediljekdigini aňladýar.  

                                                                   

Türkmenistan bu gün gurujylyk kuwwaty bilen tapawutlanýan ýurtlaryň biridir. Şu ýylyň 1-nji oktýabry ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 4 sany hassahananyň, 5 sany çagalar bagynyň, 6 sany umumybilim berýän edaralaryň, 179,2 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalaryň, 415,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, 594,6 kilometr aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň tamamlanmagy, şeýle-de häzirki wagtda medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalarda işleriň dowam etdirilmegi oba ýerlerini döwrebaplaşdyrmak, oba ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak babatynda giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.  

                                                                   

Eksporta gönükdirilen we importyň ornuny tutýan syýasaty oýlanyşykly durmuşa geçirmek ýurduň şu günki we ertirki ösüşini üpjün etmekde wajyp bolup durýar. Şundan ugur alyp, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyny ösdürmekde täzeçil çemeleşmelere uly orun berilýär. Senagat düzüminiň pudaklaýyn kuwwatlyklaryny, dokma pudagynda serişdeleriň ýokary hilli önümçilik möçberlerini ýokarlandyrmak, dokma senagatyny köpugurly ösdürmek bu pudagyň sazlaşykly ösüşiniň häsiýetli aýratynlygyny emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň taýýar dokma önümleriniň eksportyny artdyrmak, daşary ýurt bazarlarynda türkmen nyşanlary bolan dokma önümlerini giňden ýaýratmagy üpjün etmek babatynda beren tabşyryklary ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakda bu pudaga aýratyn ornuň degişlidigini ýene-de bir gezek tassyklaýar.  

                                                                   

Ýurdumyzda alnyp barylýan ykdysady özgertmeleriň esasy maksatlarynyň biri hem ykdysadyýetimiziň kesgitleýji pudaklarynda öndürilýän önümleriň hilini düýpgöter ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şonuň esasynda dünýä bazarynda olaryň mynasyp ornuny eýelemegi üçin zerur bolan şertleri döretmek häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň biridir. Hususan-da, ýokary hilli pagtanyň, ýüpegiň, saryja goýunlaryň ýüňüniň köp mukdarda bolmagy dokma senagatynyň kuwwatynyň artmagyna ýardam edýär. Çig mallaryň senagat taýdan täzeden işlenilmegi netijesinde goşulan gymmaty ýokary bolan, halkara ülňülerine laýyk gelýän dokma önümleriniň köp mukdarda daşarky bazarlara ýerlenilmegini gazanmak alnyp barylýan eksport syýasatynyň möhüm ugrudyr.  

                                                                   

Ýurduň ykdysady özbaşdaklygyny üpjün etmekde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligine wajyp orun degişlidir. Häzirki döwürde bu ugurda ýörite işlenip taýýarlanan maksatnamanyň hereket edýändigi aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Şunlukda bu maksatnamada öňde goýlan wezipeleriň aglabasynyň ykdysadyýetiň hususy bölegine degişlidigini bellemek gerek. Hasabat döwründe Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 169,5 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgininiň bolsa 109,2 göterime deň bolmagy munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr.  

                                                                   

Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän agrar syýasatyň esasy aýratynlygy döwletiň azyk garaşsyzlygyny ýerli önümçiligiň hasabyna üpjün etmek, şeýle-de oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak we hojalyk işini alyp barmagy üçin amatly şertleri döretmek boýunça kanunlaryň kabul edilýändigi, ykdysady çäreleriň bolsa yzygider amala aşyrylýandygy bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, geçirilen giňişleýin mejlisde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan senagat we azyk harytlarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak, oba hojalyk önümleriniň eksportyny has-da giňeltmek boýunça zerur işleri geçirmek, şeýle-de daşary ýurtlardan getirilýän oba hojalyk harytlarynyň, miweleriň ornuny tutýan ýerli önümleri öndürmäge aýratyn üns bermek ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda kesgitlendi.  

                                                                   

Köp ýurtlarda bolşy ýaly, ýurdumyzda hem azyk bolçulygyny döretmekde ileri tutulýan ugurlar oba hojalyk pudagyny ösdürmekden ybaratdyr. Ýurduň durnukly ykdysady we durmuş taýdan ösüşi üçin zerur bolan möçberlerde ilaty azyk bilen, senagaty bolsa oba hojalyk çig maly bilen üpjün etmek maksadyndan ugur alyp, netijeli agrosenagat önümçiligini döretmek döwletiň agrar syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.  

                                                                   

Bu gün döwlet Baştutanymyz tarapyndan azyk bolçulygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler geljekde oba hojalyk ulgamynyň durmuşa gönükdirilen, döwletiň azyk garaşsyzlygyny üpjün edýän we sarp ediş isleglerini kanagatlandyrýan pudak bolman, eýsem, halkara zähmet bölünişigine mynasyp goşulyşmaga, önümçilik kuwwatynyň mundan beýläk-de artdyrylmagy üçin zerur maýa goýumlary çekmäge ukyply düzüm boljakdygyny hem alamatlandyrýar.  

                                                                                                           

Maýagözel BABAÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

14.10.2022
Ykdysady ösüşleri nazarlap

Ykdysady ösüşleriň aýdyň ýoly bilen geljege barýan ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetine mahsus bolan oňyn ösüşleriniň aýdyň mysallarynyň köpdügini buýsanç bilen bellemek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesini mynasyp dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň bähbidini nazarlap kabul edýän ähli resminamalarynyň, amala aşyrýan işleriniň özenini ykdysady öňegidişlik düzýär.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň häzirki döwürde il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmegi we döwrebap işleri amala aşyrmagy türkmen halkymyzy, Türkmenistan döwletimizi dünýä meşhur edýär.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz: «Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etdirmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sanawyny we eksport edilýän ugurlaryny giňeltmek wajypdyr» diýip aýratyn belleýär. 2022-nji ýylyň geçen aýlaryna ser salanyňda ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede durnukly saklanýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine uly möçberlerde maýa goýumlary gönükdirilýär. Prezident Maksatnamasynyň amala aşyrylmagy, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça geçirilýän özgertmeler häzirki döwürde özüniň oňat netijelerini berýär. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň umumy möçberinde senagatyň paýy ep-esli artdy. Eksporta niýetlenen önümleri öndürýän beýleki pudaklaryň hem jemi içerki önümdäki paýy ýokarlandy. Bu bolsa döwletimiziň gaznasyna daşary ýurt pulundaky serişdeleriň durnukly gelip gowuşmagyna şert döredýär.  

                                                                   

Amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriň netijesinde häzirki wagtda eziz Diýarymyz ykdysady we medeni taýdan örän kuwwatly döwlete öwrüldi. Ol dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda öz mynasyp ornuny eýeledi. Häzirki döwürde ata Watanymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini we derejesini özgertmäge oňyn täsir edýän örän uly gurluşyk meýdanyny ýada salýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda köp sanly döwrebap iri önümçilik desgalary çalt depginler bilen gurlup ulanmaga berilýär. Bu kärhanalar sazlaşykly ösýän ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna, döwletimiziň rowaçlanmagyna uly goşant goşýar.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bizi üstünlikden-üstünlige alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn! 

                                                                                                           

Oguljennet JUMABAÝEWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň   uly mugallymy.

14.10.2022
«Gara altyn» ussatlarynyň zähmet depgini

Täze taryhy eýýamyň ak ýollaryndan röwşen geljegine barýan mähriban Watanymyzda ägirt uly tebigy baýlyklary ählumumy bähbitlere gönükdirmekde belent sepgitler nazarlanýar. Bu bolsa, öz nobatynda, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini öndüriji ýurt hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýä dolan abraý-mertebesini belende göterýär. Geljekde hem tebigy baýlyklarymyzy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirmek Arkadagly Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.  

                                                                   

Dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna eýe bolýan şeýle döwletli tutumlaryň rowaçlygyna mynasyp goşant goşmak welaýatymyzyň nebit-gazçylarynyň hem asylly maksatlarynyň biridir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen döwründe «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri tarapyndan gaz kondensaty bilen bilelikde ýer astyndan çykarylan «gara altynyň» umumy möçberi 2 million 731 müň 111 tonnadan geçip, meýilnama 100,7 göterim hötde gelindi. Şeýle zähmet üstünligine ýetmekde döwlet konserniniň «Gumdagnebit», «Keýmir», «Galkynyşnebit», «Ýaşyldepe» nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň hem-de «Körpeje» gaz çykaryş müdirliginiň işgärleri göreldeli zähmetiň nusgasyny görkezmegi başardylar.  

                                                                   

 Çykarylýan uglewodorod çig maly ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýjilerine bökdençsiz ugradylýar.  

                                                                   

 Ýokary hilli tikin we aýakgap önümleri 

                                                                   

Magtymguly etrabyndaky tikin we aýakgap fabrikler toplumynda öndürilýän önümleriň möçberiniň durnukly ýokarlanmagy sarp edijileriň arasynda bu önümlere bolan isleg bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň öňdebaryjy senagat kärhanalarynyň arasyndaky mynasyp ornuny has-da berkidýän kärhanada «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen döwründe ýetilen sepgitler munuň aýdyň kepilidir. Gürrüňi edilýän döwürde fabrikler toplumy boýunça öndürilen taýýar tikin we örme önümleriniň umumy möçberi 10 million 145 müň manatlykdan geçdi. Aýakgap önümleri babatda bu zähmet görkezijisi 5 million 949 müň manatlyga barabar boldy. Munuň özi ýylyň başyndan bäri 25 müň 803 jübüt aýakgap önümleriniň öndürilendigini aňladýar. Şeýlelikde, toplum boýunça tikin we aýakgap önümlerini öndürmekde meýilnama 179 göterim hötde gelindi. 

                                                                   

Fabrikler toplumy tarapyndan ýylyň başyndan bäri sarp edijilere ýetirilen tikin we örme, şeýle-de aýakgap önümleriniň umumy mukdary 16 million 551 müň manatlykdan gowrakdyr. Bu babatda gazanylan ösüş bolsa 119 göterime deň boldy. Kärhananyň agzybir işgärleriniň eýeleýän sepgitleri olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýylyny mynasyp iş netijelerine beslejekdiklerine güwä geçýär. 

                                                                                                           

Nury MÄMMEDOW.

13.10.2022
Ýokary hil hem ygtybarlylyk

«Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly ýokary hilli senagat önümleri häzir hiç kimi geň galdyrmaýar. Garaşsyzlygymyzy gazanmazymyzdan ozal bolsa şeýle harytlary diňe daşary ýurtlarda öndürip bolýandyr öýdýärdik. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän özgertmeler syýasaty eziz Watanymyzyň ähli babatda tanalmaz derejede ösmegini şertlendirýär. Bedew batly ösüşlerimizde döwrüň ruhundan ylham alýan türkmen telekeçileriniň hem mynasyp paýynyň bardygy ikuçsyz hakykatdyr. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň şert-mümkinçilikleriniň, berýän goldawlarynyň esasynda önümçilik depginlerini barha ýokarlandyrýan hususy düzümleriň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Türkmen Senagat» hojalyk jemgyýetidir. 2008-nji ýylda esaslandyrylan hojalyk jemgyýeti indi ençeme ýyldan bäri ýokary hilli turba önümlerini öndürip gelýär we önümçiligiň innowasion usullaryny peýdalanyp, işiniň gerimini giňeldýär.  

                                                                   

«Türkmen Senagat» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär. Bu ýerde gurluşyk işlerinde ýerlagym suw geçirijileriniň gurnalmagynda, elektrik geçiriji torlarynyň ýerleşdirilmeginde, oba hojalygynyň suwaryş ulgamlarynda peýdalanylýan tekiz we gasynly polietilen hem-de polipropilen turbalar, şeýle-de gaz we suw geçirmek üçin niýetlenen ýokary basyşly polietilen turbalar öndürilýär. 

                                                                   

Önümçilik kärhanasynda işçi-hünärmenleriň 75-si zähmet çekýär. Ol iki sehden ybarat bolup, birinjisinde diametrleriniň ölçegleri 16 millimetrden 250 millimetre çenli bolan turbalar, ikinjisinde bolsa diametrleriniň ölçegleri 110 — 630 millimetr aralygyndaky polietilen we polipropilen turbalar öndürilýär. Turbalar Germaniýanyň öňdebaryjy «KraussMaffei» hem-de «Unicor» kompaniýalarynyň enjamlary arkaly öndürilýär. Önümçilikde ýerli çig mal peýdalanylýar. Ýagny çig mal Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherindäki polimer zawodyndan getirilip, gaýtadan işlenilýär. 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda «Türkmen Senagat» hojalyk jemgyýeti polietilen haltajyklaryň önümçiligini ýola goýdy. Olar Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen enjamlar arkaly ýerli polimerden taýýarlanylýar. Häzirki wagtda hojalyk jemgyýeti buýurmalar esasynda islendik ölçegdäki we dürli şekiller bilen bezelen polietilen haltajyklary öndürýär. 

                                                                   

Innowasion tehnologiýalary peýdalanyp, iş ugurlaryny barha giňeldýän «Türkmen Senagat» hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda kaliý sulfatyny, natriý sulfatyny we duz kislotasyny öndürýän iri döwrebap kärhananyň gurluşygyny alyp barýar. Bu kärhana Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde gurlup, ýurdumyzyň senagat kuwwatlyklarynyň üstüni ýetirer. 

                                                                   

— Hojalyk jemgyýetimiz önümleriniň ýokary hilli bolmagy üçin ýerli çig mallary, döwrebap tehnologiýalary we innowasion iş usullaryny peýdalanýar. Häzirki wagtda biz önümçiligiň täze ugurlaryny özleşdirmegi maksat edinýäris. Daşky gurşawyň abadançylygy döwrüň derwaýys meselesi bolup durýar. Suwdan aýawly peýdalanmak döwlet syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Bizem şundan ugur alyp, ýakyn wagtda damjalaýyn suwaryş ulgamlary üçin gerekli serişdeleri öndürip başlamagy maksat edinýäris. Munuň üçin eýýäm Türkiýe Respublikasyndan gerekli tehnologik serişdeler sargyt edildi we degişli ugurda önümçiligiň öňdebaryjy tejribesi öwrenilýär. Şeýle hem suw desgalarynyň we suwaryş ulgamlarynyň gurluşygynda ulanylýan geomembrana materialyny öndürmek esasy maksatlarymyzyň hatarynda durýar. Bu material suwuň topraga siňmeginiň öňüni alyp, tebigatyň gymmatly baýlygyndan aýawly peýdalanmaga kömek edýär — diýip, «Türkmen Senagat» hojalyk jemgyýetiniň marketing bölüminiň müdiri Jalaý Jalaýew gürrüň berýär. 

                                                                   

«Türkmen Senagat» hojalyk jemgyýeti önümleriň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, import harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürmek, iş usullaryny yzygiderli kämilleşdirmek, täze iş orunlaryny döretmek, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine goşant goşmak ýörelgelerinden ugur alýar. Hojalyk jemgyýetiniň öndürýän önümleriniň Özbegistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe ýaly ýurtlara eksport edilmegi hem-de olara halkara hil ülňülerine laýyk gelýändigini tassyklaýan ISO şahadatnamalarynyň berilmegi bolsa türkmen telekeçileriniň işleriniň ilerleýänliginden habar berýär. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen döredilýän ýeňillikler we şertler hususyýetçilere täze mümkinçiliklere ýol açyp, olary has uly üstünliklere ruhlandyrýar. Türkmen telekeçileri ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda mundan beýläk hem yhlas-başarnyklaryny aýaman zähmet çekjekdiklerine ynandyrýarlar. 

                                                                                                           

Ahmet GELDIÝEW,

                       

«Watan».

11.10.2022
Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Ýakynda TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Harby institutyň çeper höwesjeňler topary hem ýerine ýetiren ajaýyp çykyşlary bilen tanyşdyryş dabarasyna gatnaşanlara uly ruhy lezzet berip, çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy täze kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu neşiriň mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öň ýanynda halkymyza ajaýyp sowgat bolandygyny nygtadylar.  

                                                                   

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda kuwwatly elektrik stansiýalary, howa elektrik geçirijileri guruldy, hereket edýänleriniň durky täzelenildi, pudaga döwrebap tehnologiýalar ornaşdyryldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ynsanperwer durmuş syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzy mundan beýläk hem ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpgöter gowulandyrmaga gönükdirilen iri taslamalar amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler elektrik energiýasyna bolan islegiň barha artýandygyny, bu ýagdaýy birnäçe ýyl öňünden gören Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda energetika kuwwatlyklarynyň ýeterlik möçberiniň döredilendigini, ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek bilen birlikde, onuň artykmaç bölegini barha artýan möçberde dünýäniň dürli ýurtlaryna iberýän iri energetika döwletine öwrülendigini uly buýsanç bilen bellediler. 

                                                                   

Täze kitapda köp sanly anyk we statistiki maglumatlar getirilýär. Türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri hökmünde energetika senagatynyň ösüşine berilýän anyk ylmy seljermeler hem-de maglumat teswirnamalar, elektroenergetikanyň barha artýan kuwwatyny, ony döwrebaplaşdyrmagyň maksatlaryny açyp görkezýär. Bular barada edilen çykyşlarda hormatly Arkadagymyzyň häzirki wagtda bütin dünýäde «ýaşyl» ykdysadyýetiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigi dogrusynda beýan eden sözleri bilen utgaşykly gürrüňler aýdyldy.  

                                                                   

 Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar täze kitaby üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

                                                                                                           

Atajan ÝUSUPOW,

                       

TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.

08.10.2022