Täzelikler
Ekologiýa taýdan arassa ýangyjy peýdalanmak

döwrüň möhüm talabydyr

Hormatly Prezidentimiz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzy Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryna çykarmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek, energiýanyň ekologiýa taýdan arassa görnüşlerine geçmek ýaly möhüm ähmiýete eýe bolan iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, bäsdeşlige ukyply, halkara ölçeglere laýyk gelýän, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen önümçilikleriň döredilmegine, «mawy ýangyjy» gaýtadan işläp, ýokary hilli gazhimiýa önümleriniň öndürilmegine ileri tutulýan ugurlar hökmünde garaýar. Diýarymyzdaky ösen innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan we ekologiýa taýdan arassa önümçilikler hökmünde «Marykarbamid», «Garabogazkarbamid», Gyýanlydaky polimer zawodlaryny, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän iri senagat toplumyny görkezmek bolar.

Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen ägirt uly himiýa barlaghanasyny ýatladýar. Gazy dizel ýangyjyna öwürmek işi tehnologiýa desgalarynyň tutuş toplumynda, ilkinji nobatda, tebigy gazy düýpli arassalamak, sintez gazyny, metanoly, benzini almak hem-de arassalamak boýunça desgalarda alnyp barylýar. Şeýle «barlaghanada» örän ýokary temperaturada we basyşda çylşyrymly himiki reaksiýa — gazy suwuk uglewodorodlara öwürmek işi amala aşyrylýar. Zawodda her ýylda ekologiýa taýdan arassa, EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän ECO-93 benzininiň 600 müň, ugurdaş önümlerden suwuklandyrylan gazyň 115 müň, düzüminde kükürt bolmadyk arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy öndürilýär. Bu ýokary tehnologiýaly zawodyň işe girizilmegi awtoulaglardan howa goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde ilkinjileriň biri hökmünde Ýewraziýada ekologiýa taýdan arassa ýangyç öndürijileriň sanawyna girýär. Şoňa görä-de, bu zawodyň önümçilik işi ekologiýa taýdan howpsuz we netijeli usullaryň ulanylýandygy bilen tapawutlanyp, atmosfera zyýanly galyndylaryň goýberilmegini aradan aýyrýar. Iri gazhimiýa toplumyna «Guinness World Records» kompaniýasynyň «Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod», ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň «Ekologiýa taýdan arassa», Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa institutynyň «Innowasion tehnologiýa» güwänamalarynyňdyr nyşanlarynyň berilmegi onuň degişli ugurlarda dünýä derejesinde ykrar edilýändigini aýdyň tassyklaýar.

Milli Liderimiziň gazhimiýa toplumyny ösdürmekdäki yzygiderli tagallalary netijesinde, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek esasynda ammiagyň, karbamidiň, polietileniňdir polipropileniň önümçiligi ýola goýuldy, şeýle-de metanol, poliwinilhlorid, poliwinilasetat, formaldegid, oba hojalyk mallary üçin sintetik iým we wodorod ýaly önümleri öndürmek üçin uly mümkinçilikler bar. Häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletlerinde ekologiýa taýdan arassa ýangyç boýunça strategiýa işlenip taýýarlanylyp, onda wodorod önümçiligine aýratyn üns berilýär. Statistik maglumatlara görä, dünýäde 50 million tonna golaý wodorod öndürilýär. Wodorod tehnologiýalarynyň ösdürilmegi hem-de ornaşdyrylmagy netijesinde, dünýä ykdysadyýetinde oňa talap barha artýar we 2050-nji ýylda 350 million tonna, 2100-nji ýylda bolsa 800 million tonna ýetmegine garaşylýar.

Wodorod himiki elementleriň periodik ulgamynda birinji belgili bolup, iň ýeňil we tebigatda köp ýaýran işjeň elementdir. Ol tebigatda erkin görnüşde däl-de, diňe birleşmeleri duş gelýär hem-de has giň ýaýran birleşmelerine, esasan, suw, tebigy gazdyr nebit degişli. Wodorodyň tebigatda duş gelýän birleşmeleriniň tükeniksiz ätiýaçlygyndan, ýanma ýylylygyndan, daşky gurşawa zyýansyzlygyndan çen tutsaň, ony geljegiň ýangyjy hasaplamak mümkin. Şeýle-de howa garylyp ýakylanda, onuň tüssesinde uglerod oksidleridir gurum bolman, diňe arassa suw buglary emele gelýär.

Wodorod almak üçin suw, tebigy gaz we nebit esasy çig mal hasaplanýar. Olardan wodorod almak maksady bilen, gazlaryň katalitik riformingi, gaty ýangyçlaryň pirolizi we suwuň elektrolizi usullary peýdalanylýar. Metanyň, etanyň, propanyň, butanyň katalitik riforming (konwersiýa) usuly dünýäde has giňden ýaýrap, onuň sebäbi nebitdir gazy gaýtadan işleýän kärhanalarda riforming desgasynyň bolmagy bilen şertlendirilendir. Häzirki wagtda alynýan wodorodyň köp bölegi himiýa senagatynda (ammiak, azot dökünini, karbamid, metanol almakda), azyk önümçiliginde (ösümlik ýaglaryny gidrirläp, gaty ýaglary almakda), nebit fraksiýalaryny gidroarassalama we gidrokreking hadysalarynda, wodorody ýokary temperaturada gidrirlemegiň katalitik reaksiýalarynda peýdalanylýar. Ondan peýdalanmagyň möhüm ugurlarynyň biri energetika ulgamydyr. Bu ulgamda wodorod gazturbina berilýän metan-wodorod garyndysynyň düzüminde ýylylyk göteriji hökmünde peýdalanylýar.

Wodorod iň ýeňil ýangyçdyr. Ony benzine goşup hem ulanmak mümkin. Arassa wodorod ýangyç hökmünde peýdalanylanda, daşky gurşawa hiç hili zyýanly täsirini ýetirmeýär. Ol benzine goşulyp ýakylanda, bölünip çykýan zyýanly gazlaryň mukdary ep-esli peselýär. Ulaglaryň ähli görnüşleri (uçarlar, dikuçarlar, gämiler, otlular, awtomobiller, raketalar, uçarmansyz enjamlar) üçin ýangyç bolup hyzmat etmegi hem-de ekologiýa taýdan arassalygy wodorodyň esasy artykmaçlyklarynyň biridir.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşlygynyň barşynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, ilkinji nobatda, energetika, wodorod we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ulgamyndaky innowasiýalary ornaşdyrmaga, ýangyç-energetika toplumyny sanlylaşdyrmaga degişli anyk wezipeleri kesgitledi. Alym Arkadagymyzyň ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny netijeli hem-de toplumlaýyn ulanmaga, milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga, onuň eksport kuwwatyny artdyrmaga, ekologiýa taýdan arassa önümçilikleri döretmäge aýratyn üns bermegi biz — türkmen alymlaryny täze ylmy-barlag işlerini alyp barmaga we döredijilikli gözleglere ruhlandyrýar.

Durdymyrat GADAMOW,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/30602

04.06.2021
Ýüregi sen ýurdumyň, Ak şäherim Aşgabat!

Ata Watanymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyzyň barha rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýändigi barada buýsanç bilen pikir ýöredeniňde, berkarar Diýarymyzyň ykdysady, medeni, syýasy ösüşleri, halkara giňişliginde gazanýan üstünlikleri, jemgyýetimiziň ýokary medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň derejesi, ylym-bilim mümkinçilikleri, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşy has aýdyň duýulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine we ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak keşbiniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Milli Liderimiz Aşgabady mundan beýläk-de ähli görkezijiler boýunça paýtagtyň ýokary derejesine laýyklykda gurmagyň we abadanlaşdyrmagyň meselelerini berk gözegçilikde saklaýar. Gözel Aşgabat bu gün eşretli durmuşyň berkarar edilen belent derejesini, gurmagyň we döretmegiň kämil gurşawyny, onuň çuň many-mazmunyny äşgär edip, ösüşleriň täze belentliklerine çykýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň birnäçe binalary hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň netijesinde, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem mynasyp orun aldy.

Aşgabat Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagt şäheri, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezidir. Şäher Garaşsyzlyk ýyllarynda düýpgöter özgerip, Orta Aziýanyň uly syýasy-ykdysady merkezleriniň birine öwrüldi. Aşgabat ykdysady-geografik jähetden amatly ýerde ýerleşýär. Ol ýurdumyzyň dürli sebitlerini birleşdirýän ulag ýollarynyň çatrygydyr. Bu ýerden Türkmenbaşy — Türkmenabat, Aşgabat — Daşoguz demir ýollary geçýär. Halkara howa menzili arkaly Aşgabat dünýäniň dürli döwletlerini birleşdirýän howa ýollarynyň çatrygy hasaplanýar. Bu bolsa şäheriň durmuş-ykdysady merkez hökmünde ösmegine uly ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugur boýunça bar bolan ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge hem-de täzelerini gurmaga gönükdirilen milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda bolup geçen Durnukly ulag ulgamy boýunça ilkinji Ählumumy maslahatda «Häzirki zaman ulag we üstaşyr düzüminiň döredilmegi, oňa barha täze çäkleriň çekilmegi häzirki döwürde diňe bir ýük daşalyşynyň möçberleriniň artdyrylmagyny, ýola sarp edilýän wagtyň gysgaldylmagyny, goşmaça maýa goýum serişdeleriniň goýulmagyny we beýleki äşgär artykmaçlyklary däl, eýsem, täze iş orunlarynyň döredilmegini, durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyny hem aňladýar» diýip täze ulag arhitekturasyny emele getirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtap, geljekki ulag strategiýasynyň ösüş ugruny kesgitledi. Ulag ulgamy dünýädäki milliardlarça adamlaryň ulag hyzmatyna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, söwda-ykdysady, ynsanperwerlik we medeni gatnaşyklary amala aşyrmaga, tebigy baýlyklary özleşdirmäge we diwersifikasiýa ýoly bilen halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we durnukly ösüşi sebit hem-de dünýä möçberinde üpjün etmäge ýardam edýär.

Geçen ýyl şanly Bitaraplyk baýramy mynasybetli Aşgabatda täze Awtoulag kärhanalar birleşigi «Aşgabat — Daşoguz» awtomobil ýolunyň ugrunda ulanylmaga berildi. Bu toplum birnäçe kärhanalaryň desgalaryny, şol sanda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyny, awtomobil mekdepleri birleşigini hem-de «Awtoulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini öz içine alýar. Awtoulag kärhanalar toplumynyň we awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň hem ähmiýeti uludyr. Toplumyň açylyp ulanylmaga berlen güni ýüzlerçe täze awtomobil ulaglary ak şäherimiziň ýollarynda halka hyzmat edip başlady. Bu täze, döwrebap ulaglar sebitde häzirki zaman ulag-üstaşyr üpjünçilik ulgamyny döretmegiň örän möhüm bölegine öwrüldi. Golaýda Aşgabat şäheriniň gününiň we onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uly joşgun bilen toýlanylýan gününde paýtagtymyzda täze awtobuslaryň 400-siniň ulanylmaga berilmegi hem halkymyz üçin buýsançly wakalaryň biri boldy.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramynyň bellenýän gününde, 25-nji maýda Aşgabadyň demirgazygynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdy. «Aşgabat-siti» atly täze şäherçäniň gurluşygyna başlamak bilen, Aşgabat ösüşiň täze tapgyryna, öz taryhynyň sanly tehnologiýalar döwrüne gadam basdy. Ýurdumyzyň şeýle ýokary depginler bilen ösmegi, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli, ynsanperwer, dost-doganlyk syýasaty netijesinde onuň dünýädäki abraýynyň barha ýokarlanmagyna, asudalygyň, agzybirligiň höküm sürýän ýurdunyň dünýäde meşhurlyga eýe bolmagyna, onuň ertesiniň aýdyňlygyna şaýatlyk edýär.

Gahryman Arkadagymyz ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýeläp ýetişdirmek üçin taýsyz tagallalary edýär. Bu babatda alnyp barylýan işleriň oňyn häsiýete hem-de uly üstünliklere eýe bolmagy bolsa ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşiniň, agzybir halkymyzyň bagtyýar, mynasyp geljeginiň kepilidir. Geçmişini sarpalap, il-halkyny bagtyýar geljege sary ynamly gadamlar bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Oguljan AÝNAZAROWA,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30447

03.06.2021
Beýik maksatlaryň oňyn netijeleri

Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasyna esaslanan, ýurdumyzda ilatyň abadançylygyny we durnuklylygyny gorap saklamagy üpjün edýän düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysady taýdan kuwwatly döwletde bolsa, halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga amatly şertler döreýär. Ýurdumyzyň dürli künjeginde badalga berlen iri gurluşyklar, şol sanda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň, sebitlerdäki täze obalaryň gurluşygy, ýakynda Aşgabat şäheriniň güni hem-de paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli sanly tehnologiýalara esaslanýan «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna badalga berilmegi, Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurlan 140 iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy durmuş syýasatynyň üstünlikli ösüşlere beslenýändigini görkezýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ösüşini şöhlelendirýän täze, iri möçberli meýilnamalar, giň möçberli, innowasion ösüşlere gönükdirilen öňdebaryjy özgertmeler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň fewral aýynda Prezident Maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Bu meýilnama laýyklykda, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň, senagat we önümçilik desgalarynyň gurluşyklary işjeň alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň innowasion ösüş syýasatynda milletiň intellektual, aň-paýhas derejesiniň ýokarlanmagyna hem uly ähmiýet berilýär. Döwlet maýa goýum syýasatynyň esasynda häzirki dünýäniň ösüşiniň talaplarynda, esasan, iki ugur öňe çykarylýar. Şolardan birinjisi, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, ikinjisi, ykdysadyýeti diwersifkasiýalaşdyrmak bolup, bu iki ugruň biri-biri bilen sazlaşykly ýöredilmegi Türkmenistany ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwürmegiň berk binýady bolup hyzmat edýär. Ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşine gönükdirilen maksatnamalara ylmy taýdan çemeleşmek bilen, bilim derejesi ýokary bolan hünärmenleriň taýýarlanylmagy, önümçilik ulgamynda innowasion işjeňligiň ýokarlandyrylmagy esasy wezipeler hökmünde kesgitlenilýär.

Döwletiň öz haryt öndürijilerine goldaw bermegi esasynda, içerki bazary ösdürmäge, ýeterlik derejede bäsleşik gurşawyny döretmäge hem uly üns gönükdirilýär. Ýöredilýän döwlet syýasaty, ýurduň köpugurly ykdysady kuwwaty ägirt uly wezipeleri çözmäge hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda hil taýdan täze netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Täze önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy, telekeçiligiň ösdürilmegi täze iş orunlarynyň müňlerçesiniň döremegine getirýär. Şu ýyl ulanylmaga beriljek desgalaryň arasynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan hem-de Kaka etraplarynda her biri 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap dokma senagatynyň toplumlary bar. Ýeňil senagatyň depginli ösüşi, täze gurulýan kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi täze iş orunlaryny döretmekde-de uly ähmiýete eýedir. Şu ýylyň dowamynda birnäçe iri ýyladyşhananyň ulanylmaga berilmegi, oba hojalyk we azyk önümlerini öndürýän, gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurulmagy azyk senagatyny ösdürmäge we eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga oňyn şertleri döredýär.

Prezident Maksatnamasy boýunça häzirki döwürde Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz halkalaýyn energiýa ulgamynyň ugurdaş podstansiýalaryň, Büzmeýin etrabynda energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurlup tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, halkara ykdysady hyzmatdaşlygynyň agzasy bolmak bilen, dünýäniň ykdysady giňişliklerine işjeň ornaşýar, ony daşary syýasat işiniň wajyp ugry diýip hasap edýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu ýyl Türkmenistan Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki VI duşuşygyna hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV duşuşygyna başlyklyk edýär.

Dünýä bileleşigi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlary boýunça halkara hyzmatdaşlygyny anyk işe geçirmekde möhüm çäreler durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmenistan dünýäde energetika howpsuzlygyny gazanmak, ekologiýa meselelerini çözmek hem-de ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek bilen bagly başlangyçlary öňe sürüp, iri taslamalara gatnaşýar. Ösen tehnologiýalara esaslanýan ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde ýola goýlan özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy uzakmöhletleýin sebit maksatnamalaryň hem amala aşyrylmagyna mümkinçilik döredýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem durmuşa geçirilýän sebit ähmiýetli taslamalar, ykdysady ösüşler, durmuş syýasatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen täze başlangyçlar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gazanylýan ykdysady üstünlikleriň has-da artmagynyň, halkara ähmiýetli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hatyrasyna alnyp barylýan işleriň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Bahar JEPBAROWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30368

02.06.2021
Täze sepgitleri nazarlap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän energetika syýasaty ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de onuň halkara energoulgamyna depginli goşulyşmagyna gönükdirilendir.

Ýurdumyzyň bu ulgamda amala aşyrýan iri möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem olaryň örän uly orny bardyr.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, bu ugra goýulýan maýa goýumlary çäksizdir. Geçen 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly forumynyň geçirilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň bimöçberdigi we bu ugurlara çekilýän maýa goýumlaryň ýurdumyzda özleşdirilişine aýdyň şaýatlyk edýändigini açyp görkezýär.

Köpugurly gaz geçiriji ulgamyň döredilmegi, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, bu ugurda durmuşa geçirilýän möhüm işleriň biri bolup durýar.

Ýurdumyz sebitiň iri ýangyç-energetika pudagy babatynda uly maýa goýum taslamalaryny özleşdirýär. Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmek bilen bir hatarda, nebitgaz senagatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna degişli serişdeleriň gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilýän iri senagat desgalarynyň gurluşygyna aýratyn uly üns berilýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilen ýyl şanly wakalara, ajaýyp pursatlara beslenýär.

Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermeginde Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda «Malaý» gaz käninde täze gaz çykaryjy desga açyldy. Bu waka ýurdumyzyň ýangyç-energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädimleriň biri boldy. Bu ulgamda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary Durnukly ösüşiň, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň häzirki zamanyň wajyp wezipelerini çözmäge gönükdirilen syýasaty döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny belleýän ýylymyzda Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgesidir, bu syýasat döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, bilelikdäki ykdysady, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Beýik üstünliklere, rowaçlyklara beslenip dowam edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzyň ähli künjeginde we paýtagtymyzda uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ençeme desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrunda gurlup ulanylmaga berlen banklaryň, Maslahatlar merkeziniň, Kabul ediş merkeziniň täze edara binalarynyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi hem muňa aýdyň mysaldyr. Ýakynda uly dabara bilen toýlanylan Aşgabadyň güni we onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumynda 140 sany iki gatly jaýlaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň parahat durmuşda asuda ýaşaýşy hakynda edýän taýsyz tagallalaryndan nyşandyr.

Goý, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini, ählumumy parahatçylygy ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän, halkymyzyň at-abraýyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Dünýägözel AMANGULYÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30280

01.06.2021
Dokma önümleriniň sergisi

Düýn Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen serginiň ýapylyş dabarasy boldy. Döwletimiziň haly, söwda we dokma pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan iki günlük sergä ýurdumyzyň Hökümet agzalary, milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Onuň çäklerinde agzalan pudaklaryň, hususy telekeçileriň, önümçilik kärhanalarynyň ýokary hilli we täze önümleri tanyşdyryldy. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we halkara bazarynda bäsdeşlige ukyply bu önümler sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Biz hem haly, söwda we dokma pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergide görkezilen käbir önümler bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy makul bildik. 

Hususy telekeçilik — milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugry

Ýurdumyzda telekeçilik bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz kiçi we orta telekeçiligi goldamak babatda birnäçe tabşyryklary berýär. Bu bolsa telekeçilik bilen meşgullanýan ähli raýatlary diýseň buýsandyrýar. Döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, zähmet çekýän telekeçilerimiziň biri hem TSTB-niň agzasy, «Ýaşlyk ýoly» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň birnäçe gezek ýeňijisi, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Haltäç Durdynazarowadyr.

Telekeçi zenan dürli ölçeglerdäki haly we haly önümleriniň, dokalan ýantorbalaryň, milli şaý-sepleriň, düýe ýüňünden we dagdan agajyndan sowgatlyk harytlaryň önümçiligi bilen meşgullanýar. Bu önümler nepisligi, daşky keşbiniň göze gelüwliligi bilen tapawutlanýar. Esasan hem, el halylary alyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Hususy kärhanada ýörite buýurmalar esasynda dürli göwrümli halylar dokalyp, olarda tebigatyň, janly-jandarlaryň keşpleri şekillendirilýär. Onuň meşhur önümleriniň biri hem güberçekli halylardyr. Olarda dürli nagyşlar, guşlaryň we beýleki jandarlaryň şekilleri tapawutlandyrylyp ýerleşdirilýär.

Telekeçi zenan Haltäç Durdynazarowa haly dokamak we telekeçilik işi bilen 40 ýyldan gowrak wagt bäri meşgullanyp gelýändigini bize gürrüň berdi. Bu abraýly kesbi çagalaryna we agtyklaryna hem öwredip, Watana, halka hyzmat etmegiň, milli däp-dessurlarymyzy dowam etdirmegiň özi üçin iň uly bagtdygyny aýtdy.

«AÝM» — Aýmähri: milli lybaslaryň döwrebap biçüwi

2018-nji ýylda telekeçi zenan Nurjahan Täçmyradowa tarapyndan esaslandyrylan «AÝM — Aýmähri» modalar öýünde milli lybaslarymyz Ýewropa biçüwleri bilen döwrebaplaşdyrylýar. Şonuň esasynda hem gadymy nagyşlarymyzyň we bezeglerimiziň häzirki zaman ösüş meýilleri bilen sazlaşygy emele getirilýär. «AÝM» haryt nyşany astynda müşderilere dürli biçüwlerdäki zenan geýimleri, milli nagyşlar bilen bezelen ykjam ýantorbalar hödürlenýär. Olar diňe bir owadanlygy bilen däl, eýsem, ýokary hili we bedene rahatlygy bilen tapawutlanýarlar.

Bu ýerde taýýarlanýan lybaslar keteni we wiskoza matalaryndan tikilýär. Dürli ululykdaky ýantorbalar zenanlaryň gündelik durmuşynda islendik maksat bilen ulanmaklary üçin niýetlenýär. Bu önümler sergä gatnaşan aýal-gyzlarda uly gyzyklanma döretdi. Munuň özi «AÝM» haryt nyşanly önümleriň geljekde hem has uly önümçiligi ýola goýjakdygyna esas berýär.

Modalar öýüniň esaslandyryjysy Nurjahan Täçmyradowa egin-eşikleriň döwrebap biçüwleri, dünýä tikinçilik sungaty bilen sazlaşygy gazanmak babatda uly tejribe toplapdyr. 2019-njy ýylda Nurjahan Täçmyradowanyň «Ýylyň telekeçi zenany» diýen derejä mynasyp bolmagy hem muny aýdyňlygy bilen subut edýär. Mundan başga-da, telekeçi zenan özüniň döreden lybaslary bilen Italiýada we Fransiýada guralýan moda çykyşlaryna dowamly gatnaşýar. Bu bolsa milli egin-eşiklerimizi dünýäde tanatmak bilen abraýynyň has-da artmagyna ýardam berýär. Milli tikinçilik sungatymyzyň ösmegine we baýlaşmagyna goşant goşýan telekeçi zenana biz hem öz adymyzdan sagbolsun aýdýarys.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň ýokary hilli önümleri

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli Aşgabadyň «Bahar» tikin önümçilik birleşiginiň ýokary hilli egin-eşikleri bilen köpimiz tanyşdyrys. Bu kärhanada çagalar we ulular üçin ýokary hilli trikotaž, jins, keteni we ýüpek matalardan egin-eşikler öndürilýär. Ussat dizaýnerler tarapyndan geýimler döwrüň talabyna laýyk gelýän nagyşlar bilen, çaga geýimleri bolsa dürli multfilmleriň gahrymanlary, reňkli nagyşlar, owadan güller we beýleki şekiller bilen bezelýär. Şeýle hem buýrujynyň islegine görä-de bezegler edilýär.

«Bahar» önümçilik birleşigi çagalar üçin mekdep egin-eşiklerini, dürli kärdäki işçiler we Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzümleriniň harby lybaslaryny öndürýär. Önümçilikde diňe ýerli çig maldan peýdalanylýar. Bu babatda tikin önümçilik birleşmesi ýurdumyzyň kärhanalary bilen hem hyzmatdaşlyk saklaýar. Olardan Ruhabat, Türkmenbaşy, Atamyrat Nyýazow adyndaky dokma toplumlaryny mysal getirmek bolar. Bu bolsa lybaslaryň ýokary hilini, rahatlygyny we elýeterliligini üpjün edýär.

Şu sergä Aşgabadyň «Bahar» tikin önümçilik birleşigi tomus pasly üçin niýetlenen geýimleri bilen gatnaşdylar. Olar agramynyň ýeňilligi we ýumşaklygy bilen tapawutlanýarlar. Şonuň üçin hem serginiň myhmanlary olar bilen içgin gyzyklandylar. Bu bolsa «Baharyň» öndürýän egin-eşikleriniň uly abraýa eýedigini äşgär edýär.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan ýene bir öňdebaryjy kärhanalaryň biri hem Aşgabadyň panbarhat fabrigidir. Fabrik 2008-nji ýylda döredilip, owadan we öwüşginli panbarhat matalarynyň dürli görnüşlerini öndürýär. Matalaryň hili ýörite barlaghanalarda gözden geçirilýär. Bu bolsa kärhananyň önümleriniň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär. Şonuň netijesinde Aşgabat panbarhat fabriginiň öndürýän matalary özüniň ýumşaklygy we owadanlygy bilen beýleki kärhanalaryň matalaryndan tapawutlanýar. Önümçilikde 100% ýüpek we tebigy boýag peýdalanylýar. Şeýlelikde, olardan taýýarlanan lybaslar bedene ýakymly bolýar. Şonuň üçin hem fabrigiň öndürýän panbarhat matalary ISO halkara ülňülerine gabat gelýär.

Önümçilikde tejribeli hünärmenleriň, dizaýnerleriň döredijilikli zähmeti netijesinde matalarda milli nagyşlarymyz ussatlyk bilen şöhlelendirilýär. Olardan «çyrpy güli», «Aý güli», «Ahal göli», «pişme göli», «goçak» ýaly gadymy nagyşlarymyz bilen birlikde, döwrebap «bedew güli», «8-nji Mart güli», «ülje güli», «kebelek güli», «Aýly agşam», «hürrem güli» ýaly bezegler ýerleşdirilýär. Bu bolsa alyjylaryň isleglerine görä, dürli görnüşdäki nagyşlary, bezegleri we reňkleri saýlap bolýandygyny aňladýar. Şonuň esasynda hem Aşgabadyň panbarhat fabriginiň müşderileriniň sany günsaýyn artýar. Elbetde, bu kärhananyň uly üstünligidir. Şeýle ajaýyp sergide kärhananyň önümleriniň ýaýbaňlandyrylmagy bolsa onuň daşary ýurtly alyjylarynyň hem has-da artjakdygyna güwä geçýär.

Dawut ASGAROW, Maýagözel MOMMALIÝEWA, Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,

«Nesil».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30324

01.06.2021
Bäsdeşlige ukyply önümler bazardaky ornuny pugtalandyrýar

Öňňin Gökdepe etrap merkezinde etrapdaky Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Dokma toplumynyň tikinçilik bölüminiň durky döwrebaplaşdyrylan binasynyň işe girizilmegi hem-de bu binada täze «Gala» dükanynyň açylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Oňa etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şeýle-de dokma senagaty pudagynyň işgärleri gatnaşdy.

Dabarada gutlag sözleri bilen çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dokma pudagynyň önümçilik kuwwatyny has-da ýokarlandyrmakda, daşary ýurtlardan getirilýän dokma önümleriniň ornuny tutýan hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply eksport ugurly taýýar önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmakda, ilaty ýokary hilli dokma önümleri bilen üpjün etmekde Gökdepäniň Dokma toplumynda işleýän işçileriň saldamly goşandynyň bardygyny guwanç bilen bellediler. Gürrüňi edilýän toplumyň tikinçilik bölüminiň durky döwrebaplaşdyrylan binasynyň işe girizilmeginiň, ol ýerde «Gala» dükanynyň açylmagynyň ähmiýeti dogrusynda aýdylanlar dabara gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bellenilişi ýaly, bularyň ählisi öndürilýän önümiň möçberini artdyrmakda, hilini has-da ýokarlandyryp, bäsdeşligini ýokarlandyrmakda ähmiýetlidir.


Mälim bolşy ýaly, «Gala» söwda nyşanly taýýar dokma önümleri bu gün ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň dükanlarynyň iň geçginli önümleridir. Türkmen pagtasynyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde taýýarlanýan ýokary hilli matalardan dokalýan dürli biçüwdäki lybaslaryň hyrydary barha artýar. Daşary bazarda-da ornuny barha pugtalandyrýan bu önümleriň bellibir möçberi indi durky döwrebaplaşdyrylan tikinçilik bölüminiň binasynda tikiler. Munuň üçin ol ýerde ähli şertlerdir mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr.


Bu ýerde etrabyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlardan ruhy lezzet alan dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, iki gatdan ybarat bolan binanyň tikinçilik bölümine aýlanyp gördüler. Tikinçileriň 160-synyň zähmet çekmegi üçin mümkinçiligi bolan bu bölümde tikinçilik işini ýokary talaplara laýyklykda alyp barmaga giň şertler döredilipdir.


Dabara gatnaşyjylar täze, «Gala» dükanyna aýlanyp görmek bilen ondaky dokma önümleriniň dürli görnüşini synlap, olara ýokary baha berdiler. «Gala» brend nyşanly köýnekler olarda aýratyn uly gyzyklanma döretdi. Türkmen halysynyň baýramynyň öňüsyrasynda şeýle ajaýyp wakalaryň bolmagy ýurdumyzyň dokma senagaty pudagynyň döwrebap ösüşleriniň dabaralanmasy bolup kalplara doldy.

Aýdo ŞEKEROW,

ýörite habarçymyz. Surata düşüren awtor.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29940

28.05.2021
Döwrebap binalar — kämil hyzmatlar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bank ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, müşderilere hödürlenilýän hyzmatlar ulgamyna dünýä tejribesini, öňdebaryjy usullary we täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Raýatlarymyza amatly mümkinçilikleri döretmek, olara ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen banklaryň täze, häzirki zaman binalary gurulýar hem maliýe we maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. 2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde hormatly Prezidentmiziň ak pata bermegi bilen ýurdumyzyň iri banklarynyň ikisiniň, ýagny Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi-de muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ilkinji täjirçilik banklarynyň biri hasaplanylýar. Bu ýerde goýumlary kabul etmek, milli we daşary ýurt walýutasynda amallary geçirmek, «Ýyldyrym» içerki pul ibermeleriniň ulgamyny hem-de «Western Union» halkara elektron ulgamynyň işini alyp barmak hyzmaty ýola goýlandyr. Şeýle-de bankda müşderilere gysga we uzak möhletleýin karz serişdelerini bermek, pul geçirimleri we hasaplaşyklary alyp barmak ýaly hyzmatlar ýerine ýetirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň gullugy hem-de 23 sany şahamçasy tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýär, 600 müňden gowrak müşderä hyzmat edip, olara amatly goýumlardyr hyzmatlaryň giň görnüşlerini, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegini karzlaşdyrmak bilen birlikde, karz serişdeleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Bankyň döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze binasynda iş orunlarynyň 300-den gowragy hereket edýär. Bu ýerde bankyň hünärmenleri bir wagtyň özünde 250-den gowrak müşderä ýokary derejede hyzmat edip bilýärler.

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze edara binasynda ýuridik tarap bolan müşderilere we telekeçilere internet ulgamy arkaly bank hasaplaryny görmek, elektron göçürmelerini almak we elektron töleg tabşyryklaryny taýýarlamak, mobil töleg terminallary arkaly galtaşyksyz usulda bank töleglerini ýerine ýetirmek mümkinçiligi ýola goýuldy. Onlaýn görnüşde karzlary resmileşdirmek, bank hasaplary barada maglumatlary elektron görnüşinde almak, elektron tabşyrygyny taýýarlap, internet arkaly töleg geçirimlerini amala aşyrmak hyzmaty hereket edýär. Şonuň ýaly-da, müşderiler onlaýn görnüşinde täze bank kartlaryny açmak, bu amal üçin zerur resminamalary elektron görnüşinde ugratmak, hyzmatlar üçin tölegi «Altyn asyr» bank karty arkaly amala aşyrmak mümkinçiliginden peýdalanyp bilerler.

Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky 2000-nji ýylda paýdarlaryň paýlary esasynda esaslandyrylan ilkinji täjirçilik banklaryň biridir. Bank ýurdumyzda haryt bolçulygyny döretmek, önümçiligi giňeltmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek karzlaşdyryş we maliýeleşdiriş syýasatyny alyp barýar. Bank tarapyndan goýum, konwersiýa we karz amallary, şeýle hem pul geçirimleri, hasaplaşyklar, akkreditiw, inkasso kepillendiriş amallary ýerine ýetirilýär.

Şu günki gün «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky ýurdumyzda giňden tanalýan iri maliýe guramasy bolmak bilen, diňe türkmenistanlylaryň däl, eýsem, daşary ýurtly müşderileriň hem bank hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmagyň hötdesinden gelýär. Bankyň «The Banker» žurnalynyň 2015-nji we 2016-njy ýyllarda geçiren bäsleşikleriniň netijesinde iki gezek «Türkmenistanyň iň gowy banky» adyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Bu hormatly at degişli ulgamyň edaralarynyň Türkmenistanyň bank bazarynda öňdäki orunlary eýelemeginiň ykrarnamasydyr.

Ýurdumyzda bankyň 13 şahamçasy hem-de bank gullugy işjeň hereket edýär. Bankyň ileri tutýan ugry ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamakdan ybarat. Bank ýuridik we fiziki şahslar üçin karzlaşdyrmak, kepillendirilen depozit amallary, elektron pul geçirimleri, elektron tölegleri we beýleki bank hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Bankyň esasy maksady ilatyň pul serişdelerini goýumlara çekmek bolup durýar. Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde şäheriçi ugurlarda awtobuslarda tölemäge niýetlenen nagt däl hasaplaşygy üçin enjamlary gurnady, elektron kartlary boýunça nagt däl hasaplaşyk hyzmatlaryny ýola goýdy.

Bankyň döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze edara binasynda nagt pul serişdelerini kabul edýän hem-de birnäçe görnüşli nagt däl amallary ýerine ýetirýän döwrebap bankomatlar, raýatlarymyzyň gymmatlyklaryny aýawly we ygtybarly saklamaklaryna amatly mümkinçilik döredýän ýörite depozitariýa gutujyklary ornaşdyryldy.

Bankyň karz hyzmatlaryndan peýdalanmak isleýän raýatlarymyza bankyň resmi www.senagatbank.com.tm internet sahypasy arkaly onlaýn ýüztutma hyzmaty döredildi. Bank tarapyndan ornaşdyrylan şeýle döwrebap bank amallarynyň ýene biri bolsa internet arkaly ýerine ýetirilýän «Elektron söwda» hyzmaty bolup durýar. «Elektron söwda» — harytlaryň we hyzmatlaryň internet ulgamynyň üsti bilen hakyky wagt tertibinde ýerlenilmegidir. Bu hyzmata islegiň artmagy netijesinde nagt däl hasaplaşyklary geçirmek arkaly elektron usulda täjirçilik işini alyp barýan bankyň müşderileriniň sany günsaýyn artýar.

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky goýum hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça hem ýurdumyzyň öňdebaryjy banklarynyň hatarynda tanalýar. Dürli ýaşdaky raýatlara degişli bolan, nagt we nagt däl görnüşinde çekilýän goýumlara mysal hökmünde Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň «Pensiýa», «Ruhubelent nesiller», «Watan gerçekleri», «Möhletli», «Zenan kalby» hem-de Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Täze manat — täze durmuş», «Çagalara niýetlenen maksatly goýum», «Ene-atalar hakynda alada», «Halkyň saglygy — Watan baýlygy», «Çagalar — biziň geljegimiz», «Bähbitli» atly goýumlaryny görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiziň degişli kararlary esasynda ýurdumyzyň beýleki karz edaralary bilen bir hatarda bu banklar tarapyndan hem kiçi we orta telekeçiligi, şol sanda hususy telekeçileri goldamak, ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyny gazanmak, ilatyň durmuş taýdan üpjünçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» hem-de «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» Kararlaryna laýyklykda önüm öndürijilere ýeňillikli bank karzlary berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça berýän tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, banklar tarapyndan sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Galtaşyksyz töleg» ýaly onlaýn bank hyzmatlary ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky we «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan 2021-nji ýylyň ýanwar—mart aýlarynda bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet-bank», «Mobil-bank» we «Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi degişlilikde, 374,8 we 212,5 million manatdan geçdi. Bu görkezijiler banklaryň hödürleýän hyzmatlaryndan peýdalanýan raýatlarymyzyň günsaýyn artýandygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek, şol sanda geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek hem-de raýatlarymyza amatly şertleri döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralary bilen bir hatarda bu banklar tarapyndan hem belli bir müşderiler toplumyna, söwda we hyzmat ediş ugurlaryna bagyşlap «Cash back» hyzmatyny hödürleýär.

Geçirilýän bu işleriň ählisi sarp edilýän wagty we harajatlary tygşytlamaga, amallary öz wagtynda geçirmäge, goşmaça girdeji çeşmelerini emele getirmäge, şol sanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän, bank ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmäge şert döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Dünýägözel HAÝYTOWA,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29713

26.05.2021
Kiçi göwrümli karzlar

Ýurdumyzyň bank ulgamynda durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge, hyzmatlaryň hilini kämilleşdirmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Şolaryň biri kiçi göwrümli karz serişdeleriniň berilmegidir.

Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny karzlaşdyrmak bilen bir hatarda bellenilen tertipde bölünip berlen melleginde (ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara kiçi göwrümli karzlaryň berilmegi dowam etdirilýär. Bu bolsa şahsy hojalyklaryň sanynyň we işleriniň artmagy netijesinde bazar gatnaşyklarynyň we milli ykdysadyýetimiziň ösmegine, häzirkizaman telekeçilik ulgamynyň emele getirilmegine, hususy bölegiň oba hojalyk, azyk, ýeňil senagat we hyzmatlar ulgamynda ösdürilmegine ýardam berýär.

Häzirki wagtda welaýatymyzyň çäginde berilýän karzlaryň möçberi barha artýar. Welaýatyň çägindäki bank şahamçalary tarapyndan raýatlara 30 (otuz) müň manada çenli möçberde kiçi göwrümli karzlar ýyllyk 10 göterim bilen, 3 ýyla çenli möhlete (alty aý ýeňillikli döwri bilen) berilýär. Karz serişdeleri önümçiligi guramak, ösdürmek we giňeltmek, önümleriň göwrümini artdyrmak, oba hojalyk tehnikasyny satyn almak, mal ýataklaryny we fermalary gurmak, abzallary, gurallary satyn almak, mallary, balyklary we öý guşlaryny satyn almak, mallar we öý guşlary üçin ot-iýmleri, weterinariýa serişdelerini satyn almak, ösümlikleri ýetişdirmek, tohumlary, mineral dökünleri satyn almak arkaly bu ugurda önümçiligi alyp barmak maksatlaryna berilýär.

Ýurdumyzda kiçi göwrümli karzlaşdyrma ulgamyny ösdürmek hem-de bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, şeýle hem bellenilen tertipde bölünip berlen melleginde (ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara goldaw bermek maksady bilen welaýatymyzyň bank şahamçalary tarapyndan 2020-nji ýylyň başyndan häzirki döwre çenli jemi müşderileriň 557-sine 11620 müň manat möçberinde kiçi göwrümli karzlar resmileşdirildi. 2020-nji ýylyň dowamynda müşderileriň 428-sine 9335 müň manat, 2021-nji ýylyň 1-nji martyna çenli bolsa müşderileriň 129-syna 2285 müň manat möçberinde kiçi göwrümli karzlar berildi.

Ýakyn geljekde hem welaýatymyzyň bank şahamçalary tarapyndan müşderileriň 2875-sine 62780 müň manatlyk kiçi göwrümli karzlary bermek meýilleşdirilýär. Bu görnüşli karzlardan şahsy hojalyklaryň ýerlikli peýdalanmagynyň netijesinde bazarlarymyzyň öz topragymyzda öndürilýän ýokary hilli et, gök-bakja hem-de süýt önümleri bilen has doly üpjün edilýändigi aýratyn nygtarlyklydyr.

Bägül AKMYRADOWA,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň ykdysady seljeriş we jemleýiş bölüminiň baş hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29526

25.05.2021
Ylma we tehnologiýa daýanyp

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasy bilen Diýarymyzy senagat taýdan ösdürmek, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşmak, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak boýunça belent wezipeler goýuldy. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda ekologiýa ugurly önümleri çykarýan önümçiligi ösdürmek üçin taýsyz tagallalar edýär. Muňa Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawody mysal getirip bolar.

Bu möhüm maýa goýum taslamasy döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan ýurdumyzyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädimdir. Täze zawod öz keşbi bilen iň häzirki zaman äpet uly ylmy-tehniki barlaghanany ýatladýar. Bu ýerde ýokary basyşyň astynda hem-de örän uly temperaturalarda çylşyrymly himiki reaksiýa — gazyň suwuk uglewodoroda öwürmegi amala aşyrylýar. Zawodda çykarylýan sintetik ýangyç örän kämil ekologiýa häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Milli Liderimiziň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berlen bu zawod ylmyň we tehnologiýanyň täze gazananlaryny özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, tebigy gazyň ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýän ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň nebitgaz we senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Energetika pudagynda däp bolan strategik gatnaşyklary saklamak bilen bir hatarda,Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta-Gündogar ugurlary boýunça energetika hyzmatdaşlygyny has-da giňeldýär. Şeýle-de, dünýäniň öňdebaryjy nebit-gaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Şolaryň esasynda köpugurly gaz geçiriji ulgamy döretmek, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.

Milli Liderimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, soňky on ýylda Türkmenistanyň önümçilik pudagyna ägirt uly möçberde döwlet we daşary ýurt maýa goýumlary gönükdirilip, milli ykdysadyýetimizi yzygiderli we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin pugta binýat döredildi. Şunda has iri maýa goýumlar nebit-gaz pudagyna, gazhimiýa senagatyna gönükdirilýär. Şeýle-de, ähli pudaklara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän, eziz Diýarymyzda çykarylýan önümleriň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen önümleri döretmäge, kiçi we orta telekeçiligi goldamaga, ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga hem-de durmuş ulgamyny ösdürmäge ilkinji nobatda üns berilýär.

Ylma we häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanyp, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Myrat TÄÇMYRADOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29486

24.05.2021
Kiçi göwrümli karzlar — önümçilige mümkinçilikler

Milli Liderimiziň ilaty ýerli önümler bilen üpjün etmek baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda oba hojalygy bilen meşgullanyp, bol mukdarda önüm öndürýän raýatlarymyzyň sany barha artýar. Oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, ýurtda azyk bolçulygyny döretmekde hem-de öndürilen önümler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginde barha kämilleşýän dürli bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bank ulgamynyň hünärmenleriniň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biridir.

Muňa mysal edip, banklarda kiçi göwrümli karzlar ulgamyny ösdürmek hem-de bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, şeýle hem bellenilen tertipde bölünip berlen melleginde (kömekçi hojalyklaryndaky, ýaýlalardaky ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara goldaw bermek, ekerançylygy, maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin ýyllyk 10 göterim bilen 30 müň manada çenli 3 ýyl möhletli, 6 aýa çenli ýeňillikli karzlar berilýär.

Kiçi göwrümli karzlaryň esasy ugurlarynyň biri hem, etraplaryň öri meýdanlarynda ownuk şahly mallaryň baş sanyny köpeltmek işlerine raýatlary çekmekden ybaratdyr, ol ýerlerde ýüň, süýt we et önümlerini köpeltmek esasy üns berilýän ugurlaryň biridir. Mundan başga-da, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň çäklerinde raýatlarymyzyň mellek ýerlerinde, kömekçi hojalygynda ýyladyşhanalary gurmak arkaly, miweli baglary we gök-bakja ekinlerini ýetişdirmäge goldaw berilýär we bu ugurda depginli işler amala aşyrylýar.

Biz — bank işgärleri ilat arasynda kiçi göwrümli karzlaryň sanyny artdyrmakda etrap şahamçalary tarapyndan etraplaryň çäginde howa şertlerini nazara almak bilen, miweli baglary we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça bank karzlarynyň ähmiýeti hem-de amatlyklary barada ilatyň arasynda düşündiriş, mahabat işlerini yzygiderli geçirýäris we bu özüniň oňyn netijelerini berýär.

Munuň özi ekerançylygy, maldarçylygy ösdürmekde, oba hojalyk önümlerini öndürmekde kiçi göwrümli karzlara bolan islegiň barha artýandygyny subut edýär. Ýurdumyzyň karz edaralarynyň işjeňligini hil taýdan täze derejä çykarmak, bank ulgamynyň ykdysadyýetdäki ornuny pugtalandyrmak bank ulgamynyň öňünde duran esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bank ulgamyny has-da ösdürmäge, raýatlara amatly, ýokary hilli we has çalt hyzmat etmäge oňyn şert döredýän häzirki zaman bank hyzmatlarynyň döwrebap usullaryny bank ulgamyna ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

Bedew batly ösüşler bilen öňe barýan ata Watanymyzyň röwşen geljegi üçin ýadawsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç alsyn!

Begmyrat HANOW,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ahal welaýat şahamçasynyň Ykdysady seljeriş we jemleýiş bölüminiň esasy hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29488

24.05.2021
Ýangyç-energetika toplumynyň işi kämilleşdirilýär

Milli Liderimiz tebigy gazdan benzin öndürýän zawoda baryp gördi we iri gurluşyklary dikuçardan synlady

20-nji maýda döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynda gurlan iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşdy hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen onuň ikinji nobatdakysyny gurmak boýunça pikir alyşdy. Şeýle hem dikuçardan birnäçe iri desgalaryň gurluşyk işleriniň barşyny synlady.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz dikuçarda Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň çäklerine geldi. Zawodyň direktory bu ýerde işleriň talabalaýyk ýola goýlandygy, tehnologik prosesleriň yzygiderli alnyp barylýandygy, ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýokary hilli benziniň önümçiligini birsyhly artdyrmak boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilýändigi barada hasabat berdi. Şeýle hem zawodyň dolandyryş merkezinde milli Liderimize toplumyň önümçilik işiniň guralyşy, taýýar önümiň emele getirilişi barada gürrüň berildi. Hünärmen bilen gürrüňdeşliginiň barşynda döwlet Baştutanymyz onuň bu ýerdäki zähmet şertleri, maşgala ýagdaýy, bilimi bilen gyzyklandy. Toplumyň işgäri bu ýerde işlemek üçin hemme şertleriň döredilendigini aýdyp, munuň üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde nebitgaz toplumynyň we ugurdaş okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy üçin ýakyn geljege gönükdirilen möhüm wezipeler kesgitlenildi. Hormatly Prezidentimiz bu zawody bökdençsiz işletmegiň hem-de dolandyrmagyň ýokary tehnologik bilimli hünärmenleri talap edýändigini belledi. Bular barada aýtmak bilen, milli Liderimiz ýurdumyzda gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, gazhimiýa toplumlaryny gurmak, halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça işleriň mundan beýläk-de netijeli dowam etdiriljekdigini, bu babatda döwlet maksatnamalarynyň kabul edilendigini nygtady.

Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň direktory kärhanadaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle hem bu ýerde zawodyň ikinji nobatdakysyny gurmagyň üstünde işleriň alnyp barylýandygy barada maglumatlar berildi. Mundan başga-da, degişli ýolbaşçylar hasabatlar bilen çykyş etdiler. Hususan-da, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň çykyşynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod işe girizilenden bäri ýokary okuw mekdebini tamamlan talyplaryň bu iri topluma işe ýollanandygy barada maglumat berildi. Döwlet Baştutanymyz uniwersitetde dolandyryjylary, meýdan hünärmenlerini, IT hünärmenleri taýýarlamakdan başga-da, ýokary derejeli mugallymlary, ylmy işgärleri we alymlyga dalaşgärleri şu ugurlar boýunça taýýarlamagyň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň her biriniň pudagy ösdürmekde öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna ynam bildirip, bu ýerden ugrady.

* * *

Soňra milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň ýokarsyndan dikuçarda aýlanyp, paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Aşgabadyň 140 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygyny we onuň ýanaşyk ýerlerinde alnyp barylýan abadanlaşdyryş işlerini synlady.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz dikuçardan paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan kottejler toplumyny synlady. Milli Liderimiziň dikuçary paýtagtymyzyň işewürlik merkeziniň esasyny düzýän «Garagum» myhmanhana toplumynyň ýerleşýän ýeriniň üstünden hem öwrüm etdi. Uçuşyny dowam edip, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde gurluşygy batly depgin bilen alnyp barylýan «Aşgabat» söwda toplumynda ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary paýtagtymyzyň günorta künjegine tarap ugur alyp, milli Liderimiz guşuçar belentlikden bu künjekde alnyp barylýan işler, hususan-da, «Arkadag» myhmanhanasynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ulanmak, olaryň uzak möhletli geljege niýetlenilmegi, sazlaşyklylyk we oňaýlylyk meseleleri şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

■ Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodda ähli önümçilik bellenen talaplara laýyklykda alnyp barylýar. Kärhanada bir gije-gündizde 1800 tonna benzin öndürilýär. Ýokary hil we ekologiýa talaplaryna kybap gelýän bu önüm baglaşylan şertnamalar esasynda Owganystana hem-de Ýewropa döwletlerine iberilýär.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29375

22.05.2021