Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasyna esaslanan, ýurdumyzda ilatyň abadançylygyny we durnuklylygyny gorap saklamagy üpjün edýän düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysady taýdan kuwwatly döwletde bolsa, halkyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga amatly şertler döreýär. Ýurdumyzyň dürli künjeginde badalga berlen iri gurluşyklar, şol sanda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň, sebitlerdäki täze obalaryň gurluşygy, ýakynda Aşgabat şäheriniň güni hem-de paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli sanly tehnologiýalara esaslanýan «Aşgabat-siti» ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna badalga berilmegi, Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurlan 140 iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy durmuş syýasatynyň üstünlikli ösüşlere beslenýändigini görkezýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň bellenilýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ösüşini şöhlelendirýän täze, iri möçberli meýilnamalar, giň möçberli, innowasion ösüşlere gönükdirilen öňdebaryjy özgertmeler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň fewral aýynda Prezident Maksatnamasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Bu meýilnama laýyklykda, durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, şeýle hem inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň, senagat we önümçilik desgalarynyň gurluşyklary işjeň alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň innowasion ösüş syýasatynda milletiň intellektual, aň-paýhas derejesiniň ýokarlanmagyna hem uly ähmiýet berilýär. Döwlet maýa goýum syýasatynyň esasynda häzirki dünýäniň ösüşiniň talaplarynda, esasan, iki ugur öňe çykarylýar. Şolardan birinjisi, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak, ikinjisi, ykdysadyýeti diwersifkasiýalaşdyrmak bolup, bu iki ugruň biri-biri bilen sazlaşykly ýöredilmegi Türkmenistany ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwürmegiň berk binýady bolup hyzmat edýär. Ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşine gönükdirilen maksatnamalara ylmy taýdan çemeleşmek bilen, bilim derejesi ýokary bolan hünärmenleriň taýýarlanylmagy, önümçilik ulgamynda innowasion işjeňligiň ýokarlandyrylmagy esasy wezipeler hökmünde kesgitlenilýär.
Döwletiň öz haryt öndürijilerine goldaw bermegi esasynda, içerki bazary ösdürmäge, ýeterlik derejede bäsleşik gurşawyny döretmäge hem uly üns gönükdirilýär. Ýöredilýän döwlet syýasaty, ýurduň köpugurly ykdysady kuwwaty ägirt uly wezipeleri çözmäge hem-de halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda hil taýdan täze netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Täze önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy, telekeçiligiň ösdürilmegi täze iş orunlarynyň müňlerçesiniň döremegine getirýär. Şu ýyl ulanylmaga beriljek desgalaryň arasynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan hem-de Kaka etraplarynda her biri 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap dokma senagatynyň toplumlary bar. Ýeňil senagatyň depginli ösüşi, täze gurulýan kärhanalaryň ulanylmaga berilmegi täze iş orunlaryny döretmekde-de uly ähmiýete eýedir. Şu ýylyň dowamynda birnäçe iri ýyladyşhananyň ulanylmaga berilmegi, oba hojalyk we azyk önümlerini öndürýän, gaýtadan işleýän kärhanalaryň gurulmagy azyk senagatyny ösdürmäge we eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga oňyn şertleri döredýär.
Prezident Maksatnamasy boýunça häzirki döwürde Ahal — Balkan we Balkan — Daşoguz halkalaýyn energiýa ulgamynyň ugurdaş podstansiýalaryň, Büzmeýin etrabynda energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurlup tamamlanmagy meýilleşdirilýär.
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden başlap, halkara ykdysady hyzmatdaşlygynyň agzasy bolmak bilen, dünýäniň ykdysady giňişliklerine işjeň ornaşýar, ony daşary syýasat işiniň wajyp ugry diýip hasap edýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Bu ýyl Türkmenistan Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki VI duşuşygyna hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV duşuşygyna başlyklyk edýär.
Dünýä bileleşigi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlary boýunça halkara hyzmatdaşlygyny anyk işe geçirmekde möhüm çäreler durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmenistan dünýäde energetika howpsuzlygyny gazanmak, ekologiýa meselelerini çözmek hem-de ulag üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek bilen bagly başlangyçlary öňe sürüp, iri taslamalara gatnaşýar. Ösen tehnologiýalara esaslanýan ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi, «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde ýola goýlan özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy uzakmöhletleýin sebit maksatnamalaryň hem amala aşyrylmagyna mümkinçilik döredýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem durmuşa geçirilýän sebit ähmiýetli taslamalar, ykdysady ösüşler, durmuş syýasatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen täze başlangyçlar Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gazanylýan ykdysady üstünlikleriň has-da artmagynyň, halkara ähmiýetli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň hatyrasyna alnyp barylýan işleriň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Bahar JEPBAROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy