Täzelikler
Bedew batly beýik işler

2021-nji ýylyň on bir aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň jemleri

  • Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on bir aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri Türkmenistanyň daşary we içeri syýasatynyň bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda alnyp barylýandygyny görkezdi. Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli bellenen esasy çäreleriň köpüsi ýokary derejede guramaçylykly geçirilýär. Şu ýyl 30 sany iri desga ulanmaga berilmeli bolsa, olaryň sany 73-e ýetdi. Ykdysadyýetde 6,2 göterim ösüş depgini saklandy. Hasabat döwründe halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly bellenen tabşyrygyň çäklerinde önümçiligiň ösüşi üpjün edildi. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberleri artdyryldy. Ýurdumyzda häzirki döwürde hem iri senagat we ýaşaýyş-durmuş maksatly köpsanly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda täze şäherçelerdir ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş we saglyk merkezleri, mekdeplerdir çagalar baglary hem-de ençeme beýleki desgalar bar.
  • Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň on bir aýynda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edildi. Hasabat döwründe öndürilen önümleriň mukdary 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,1 göterim ýokarlandy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 16,5 göterim artdy. Daşary söwda dolanyşygynyň görkezijileri bolsa 18,6 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on bir aýynda Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 108,5 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda iri we orta kärhanalar boýunça aýlyk haklary, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň mukdary 24,6 milliard manada deň boldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» rejelenen görnüşinde göz öňünde tutulan gurluşyk işleri alnyp baryldy.
  • Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şu ýylyň on bir aýynda benzin öndürmegiň meýilnamasy 105,3 göterim, bitum öndürmegiň meýilnamasy 140,3 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi. Tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 121,4 göterim, «mawy ýangyjy» daşary ýurtlara ibermegiň meýilnamasy 132 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkezijiler boýunça ösüş depgini, degişlilikde, 122,1 göterim hem-de 136,7 göterim üpjün edildi. Maýa goýumlary barada maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça meýilnama 106,2 göterim ýerine ýetirildi.
  • Gurluşyk, senagat we energetika toplumlarynda, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginde şu ýylyň geçen on bir aýynda önüm öndürmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 139,5 göterim ýerine ýetirildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler boýunça meýilnama 113,6 göterime deň boldy. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 129,6 göterime deň boldy. Ýylyň başyndan bäri geçen döwürde Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 132,9 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 112,2 göterime, onuň eksporty bolsa 135,9 göterime barabar boldy. «Türkmenhimiýa» döwlet konserni önüm öndürmek we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça meýilnamany 152 göterim berjaý etdi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça meýilnama şu ýylyň on bir aýynda 151,4 göterim ýerine ýetirildi.
  • 2021-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 116,2 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini bolsa 108,7 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň önümçiligi 120,2 göterime, nah matalarynyň önümçiligi 105,5 göterime, tikin we trikotaž önümleriniň önümçiligi 116,4, gön önümleriniň önümçiligi 104,7 göterime deň boldy. Şu ýylyň başyndan bäri «Türkmenhaly» döwlet birleşigi boýunça haly we haly önümlerini öndürmegiň meýilnamasy 110,6 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu ýylyň on bir aýynda birža söwdalarynyň 273-si geçirilip, 29 müň 419 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe amala aşyrylan işleriň ösüş depgini 108 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda oba hojalyk hem-de azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 115,4 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 125,2 göterime deň boldy.
  • Hasabat döwründe obasenagat toplumynda önümleriň önümçilik möçberiniň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,7 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 108,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 100,7 göterime, «Türkmenatlary» döwlet birleşigi boýunça 103,7 göterime deň boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 153,9 göterim berjaý edildi. Hasabat döwründe maýa goýumlarynyň esasan oba we suw hojalygyny ösdürmek, ýerleriň suwaryş ýagdaýyny, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşyklaryna gönükdirilendigi bellenildi.
  • Şu ýylyň on bir aýynda ulag-kommunikasiýalar toplumy boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we önüm öndürmegiň meýilnamasy 109,2 göterim berjaý edildi. «Türkmendemirýollary» agentliginde ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 110,1 göterime barabar boldy. «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 137,5 göterim ösüş depgini gazanyldy. Şeýle hem «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 131,4 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça ösüş depgini 111 göterime deň boldy. «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça hem degişli işler alnyp baryldy.
  • Hasabat döwründe şanly senelere bagyşlanyp, döredijilik bäsleşikleri yglan edildi, dürli medeni çäreler, duşuşyklar, wagyz-nesihat işleri, aýdym-sazly dabaralar, medeni-durmuş maksatly binalaryň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dürli dabaralar guraldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda, internet saýtlarynda giňden beýan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, şeýle hem işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler geçirildi. Ýylyň başyndan bäri halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde, wideoaragatnaşyk arkaly dürli çäreler guraldy. 30-njy noýabrda Şekillendiriş sungat muzeýinde «Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara maslahaty geçirildi.Türkmen hünärmenleri sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, birnäçe halkara okuwlaryna we maslahatlaryna gatnaşdylar. Birnäçe halkara resminamalaryna gol çekildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan önümçilik meýilnamasy 103,3 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe ýurdumyzda gazet-žurnallary elektron görnüşinde ilata ýetirmegi üpjün etmek ulgamy kämilleşdirildi.
  • Hasabat döwründe okuw işini kämilleşdirmek, bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirildi. «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigi, «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi guramaçylykly geçirildi. Okuwçy we talyp ýaşlar halkara ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş, bürünç medallara, dürli derejeli diplomlara mynasyp boldular. Okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň jemi 132 görnüşi neşir edildi. «Muhammet Baýram han Türkmen we türkmen halkynyň mertlik, watansöýüjilik, adamkärçilik ýörelgeleri» atly halkara forumy, «Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri», «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly halkara ylmy maslahatlary geçirildi. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli 1-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň geçiren umumy sapagy bilim edaralarynda nusgalyk watançylyk dersine öwrüldi. Milli Liderimiziň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna «Bilimli» atly kompýuterler gowşuryldy. Ahal hem-de Lebap welaýatlarynda täze orta mekdepleriň 7-si dabaraly ýagdaýda açyldy. Döwlet Baştutanymyzyň Kararlaryna laýyklykda, uniwersitetleriň 3-si, institutlaryň 4-si hojalyk hasaplaşygyna geçirildi, Döwlet hünär bilim edaralary hakyndaky Düzgünnamalar tassyklanyldy. Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda, ministrlikleriň garamagyndaky ylmy edaralarda, ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri utgaşykly alnyp baryldy. Saglygy goraýyş ulgamynda «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasy, Türkmenistanda ilatyň kesellere garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrmak boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy, «Sagdyn – ene, sagdyn – çaga, sagdyn – geljek» atly Milli strategiýa tassyklanyldy. Sagaldyş-dikeldiş edaralarynda öňdebaryjy tejribeleri lukmançylyk işine ornaşdyrmak işjeň dowam etdirildi. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ýokanç keselleri hassahanasy we Magtymguly etrabynda köpugurly hassahana açylyp, ulanylmaga berildi. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki hem-de Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşyklaryna badalga berildi. Hasabat döwründe ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlarynyň 20-sine gatnaşyp, bäş altyn, on kümüş, on dokuz bürünç, jemi 34 medala mynasyp boldular.
  • Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek, milli Liderimiziň netijeli döwletara gatnaşyklary ösdürmek boýunça öňde goýan wezipelerini we beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de sebit we halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça geçirilen degişli işler barada aýdyldy. Hasabat döwründe ýurdumyza Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri döwlet saparlary, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti resmi sapar, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti iş sapary bilen geldiler. Şu ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin sebitiň ähli döwletleriniň Prezidentleri ýurdumyza geldiler. 28-nji noýabrda Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň Başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti geçirildi. Oňa Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri gatnaşdylar. Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Täjigistan Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde we Türkiýe Respublikasynda hem-de resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasynda boldy. Ýylyň dowamynda onlaýn tertibinde döwlet Baştutanymyzyň birnäçe ýurtlaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirildi. Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna, BMG-niň senagat meseleleri boýunça forumyna, YHG-niň 14-nji sammitine, Türki dilli döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň maslahatyna, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça sammitine, Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara foruma gatnaşdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň 76-njy mejlisinde çykyş etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurt döwletleriniň ýolbaşçylary bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirildi. Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 84 wekiliýet ýurdumyza sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlara 49 wekiliýet iberildi. Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 1783-si guraldy. Ýylyň dowamynda halkara resminamalaryň 182-sine gol çekildi. Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça duşuşyklar we geňeşmeler, maslahatlaşmalar yzygiderli geçirildi. Ýurdumyzyň wekilleri hyzmatdaşlygyň dürli görnüşinde geçirilen duşuşyklaryň hem birnäçesine gatnaşdylar. Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Ýanwar-noýabr aýlarynda ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň, beýleki degişli düzümleriň çäklerinde nobatdaky duşuşyklar hem-de işewürler forumlary we daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

* * *

Ministrler Kabinetiniň ýurdumyzda 2021-nji ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine ser salnyp, sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmegiň ugurlaryna bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Milli Geňeşiň wekilleri bilen bilelikde geçirilen şol maslahatlaryň barşynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy hem-de milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitlenildi.

17.12.2021
Senagat we gurluşyk pudagy: döwrebaplyk, hil, netije

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmak baradaky öňdengörüjilikli syýasatyndan ugur alnyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan döwrebap tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen senagat kärhanalaryny gurmak, ozalky bar bolanlarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Kärhanalary häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmak, ýerli çig mallaryň hasabyna bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa bolan täze senagat önümlerini öndürmek, gaýtadan işleýän önümçiligi innowasion esasda ýola goýmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek wezipeleri şol işleriň esasyny düzýär.

Senagat we gurluşyk pudagy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyklary zerur bolan önümlerdir beýleki serişdeler bilen üpjün edýär. Şunda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurlup, bu gün üstünlikli hereket edýän gurluşyk önümçiligi boýunça kärhanalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak esasy wezipe bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan «Bäherden», «Balkan», «Lebap» sement zawodlary, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, Gazbeton öndürýän zawod, «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy we durky täzelenip, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, gurluşyk-gurnama önümlerini öndürýän kärhanalar, kuwwatly owradyjy-saýlaýjy enjamlar toplumlary bilen üpjün edilen kän müdirliklerdir hojalyklar, esasy tehnologik enjamlarynda hem-de ulgamlarynda dikeldiş, düýpli abatlaýyş işleri geçirilen Ýaşlyk keramzit zawody we başgalar senagat pudagynyň kuwwatyny has-da artdyrmaga amatly şertleri döredýär.

Ministrlige degişli sement zawodlary Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklar üçin zerur bolan ýokary hilli sementiň üpjünçiliginde möhüm orun eýeleýärler. Olaryň hersiniň kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna barabardyr. Häzirki wagtda ildeşlerimiziň müňlerçesini iş bilen üpjün edýän bu zawodlarda önümçiligiň çig maly hökmünde, esasan, ýerli serişdeler ulanylýar. «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy bolsa ýurdumyzda gurluşyk işleri üçin gerek bolan demir önümlerini öndürýän ilkinji kärhanadyr. Bu gün agzalan kärhananyň dürli ölçegdäki demir önümleri diňe bir eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklarda ulanylman, eýsem, ýurdumyzyň çäginden uzaklarda-da giňden isleglidir. Onda öndürilýän önümlere sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilmegi, ilkinji nobatda, önümleriň ýokary hili bilen baglydyr.

Sanlyja ýyl mundan ozal ulanylmaga berlen «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy hem bu gün öňdebaryjy önümçilikleriň hataryna goşuldy. Ýyllyk taslama kuwwatlylygy galyňlygy 4 mm bolan float usulyndaky aýnanyň 7,2 million inedördül metrini öndürmäge niýetlenen innowasion tehnologiýaly kärhanada gurluşyk üçin aýnadyr çüýşe gaplaryň önümçiligi ýokary depginde alnyp barylýar. Öňler şeýle önümler daşary ýurtlardan satyn alnan bolsa, bu gün kärhananyň daşary ýurtlara eksport edýän aýna önümleriniň möçberi barha artýar. Pudakda sement, demir we aýna önümlerinden başga-da, magdan däl materiallar, gurnama demirbeton, iri panelli jaý gurluşyk önümleri, elektron serişdeler we maşyngurluşyk enjamlary, diwara örtülýän materiallar, keramzit, gazbeton, gips, kaolin, izogam önümleridir beýleki gurluşyk materiallary öndürilýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen milli elektron senagaty kemala gelýär, ilat arasynda uly isleg bildirilýän elektron we elektrotehniki önümleriň çykarylyşy ýola goýulýar. Ministrligiň bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan elektron harytlaryň önümçiligi giňden alnyp barylýar. Hojalyk jemgyýetinde dürli görnüşli LED lampalaryň, okuwçylar üçin niýetlenen öwrediji kompýuterleriň, netbuklaryň, smartfonlaryň, 32, 42, 55 we 65 dýuým ölçegli smart telewizorlaryň önümçiligi ýola goýuldy.

Gurluşyk materiallary pudagynda öndürilýän dürli görnüşli önümleriň, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberi mundan beýläk-de artdyrylar we pudagyň eksport mümkinçilikleri ýokarlandyrylar. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ministrlik tarapyndan ähli zerur işler amala aşyrylýar. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda gol çeken «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň etraplarynda hem-de şäherlerinde häzirki zaman senagat desgalarynyň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Munuň özi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň geçen döwründe pudakda senagat önümleriniň esasy görnüşleri boýunça meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirilip, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ähli ugurlarda ýokary ösüş depginleri gazanyldy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň agzybir işgärleri eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri, döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarlar.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Gülşirin TAGANDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hukuk bölüminiň başlygy, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputaty.

17.12.2021
Hazynaly gatlaklaryň gözleginde

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň iri düzümleriniň biri bolan «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleriniň alyp barýan yhlasly işleri tebigy baýlyklaryň iri ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge ygtybarly goşantdyr. Korporasiýanyň düzüminde hereket edýän geofiziki, geologiýa-gözleg we gidrogeologik ekspedisiýalar, ýörite geologik maglumatlar merkezi we beýleki bölümler bu ugurda düýpli işleri bitirýärler. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda geçirilýän işler iki hem-de üç ölçegli seýsmiki barlaglary, profilli we meýdan-grawimetrik, şonuň ýaly-da, beýleki barlag usullaryny, şeýle hem gatlaklaryň nebitgaz berijiligine baha bermegi, çuň gözleg-barlagy we parametrik burawlaýşy özünde jemleýär. Bu işleri amala aşyrmakda korporasiýanyň düzümine girýän Balkan geofiziki ekspedisiýasynyň hünärmenleri hem tutanýerli zähmet çekýärler.

Kärhanamyzyň zähmet toparlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen 11 aýynda seýsmiki gözleg işlerini geçirmek baradaky meýilnamany 105,3 göterim berjaý etmegiň hötdesinden geldiler. Hasabat döwründe ekspedisiýamyz boýunça 3D usulynda 435 inedördül kilometr meýdandaky işler üstünlikli ýerine ýetirildi.

Has düşnükli bolar ýaly aýtsak, 2D usuly ýeriň gatlagyny bir ugur boýunça, 3D usuly bolsa ählitaraplaýyn öwrenýär. Şu sebäpden iş alyp barmagyň 3D usuly ýörgünli bolup, ol has çuň we çylşyrymly geologik gurluşy bolan gatlaklary içgin öwrenmäge giň mümkinçilik berýär. Kärine ussat hünärmenlerimiz ýeriň müňlerçe metrlik çuňluklaryndaky gatlaklary öwrenmek netijesinde alynýan seýsmiki maglumatlaryň esasynda bu meýdançanyň çäginde geljegi uly bolan nebitgazly ýataklary anyklamagy üstünlikli amala aşyrýarlar.

Ýeriň çuňluklaryna dürli usullarda gönükdirilýän tolkunlar yza serpilende, ýörite awtoulaglarda oturdylan seýsmiki stansiýalarymyz ýüze çykýan maglumatlary ýazgylaryna geçirýärler. Şol ýazgydaky maglumatlar ekspedisiýanyň kompýuterlerinde ilkinji gezek gaýtadan işlenilýär. Alnan maglumatlar süzgüçden geçirilip, arassalanyp, degişli hünärmenlere gowşurylýar. Hut şol maglumatlar hem geofiziklerimiziň bitiren işleriniň hilini görkezýär. Toplanan maglumatlar soňra korporasiýanyň geologik maglumatlary gaýtadan işleýji merkezine ýetirilýär. Diňe şondan soňra, ahyrky netije alynýar we jemleýji hasabatda öwrenilen meýdançanyň kartasy taýýarlanyp, ol çuň buraw işlerini alyp barýan müdirliklere berilýär. Çünki bu çäreleriň her biri aňryçäk takyklygy talap edýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky tagallalarynyň netijesinde soňky gysga wagtyň içinde kärhanamyz has ygtybarly seýsmiki stansiýalar, kuwwatly ýer sarsdyryjylar we beýleki zerur bolan tehniki enjamlardyr kämil tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Munuň özi geofizikleriň bitirýän işleriniň netijeliligini gazanmaga we hilini ýokarlandyrmaga täsirini ýetirýär.

Şeýlelikde, Diýarymyzyň günbatar sebitiniň dürli meýdançalarynda seýsmiki-gözleg işlerini geçirýän ekspedisiýanyň esasy maksady ýeriň çuň gatlaklarynyň geologik gurluşyny öwrenmek bilen, nebitgazly ojaklaryň üstüni açmakdan hem-de uglewodorod çig mallarynyň haýsy çuňluklarda we gatlaklarda ýatandygyny takyklap, burawlaýjylara teklipnamalary taýýarlap bermekden ybaratdyr. Kärhanamyzyň hünärmenleriniň 400-e golaýy hemişe meýdan şertlerinde zähmet çekýärler. Üç sany seýsmiki we bir sany grawiki toparlarda işleýän hünärmenlerimiziň öz işlerini netijeli alyp barmagy üçin ähli şertler üpjün edilýär. Häzirki güne çenli welaýatyň çägindäki gyzyl reňkli gatlaklar dolulygyna diýen ýaly öwrenilendir. Indi esasy wezipe ondan aşakda ýerleşýän miosen gatlagyny öwrenmekden ybarat bolup, bu möhüm iş häzirki wagtda «Gukurguýy» meýdançasynda amala aşyrylýar. Türkmen alymlarynyň tassyklamalaryna görä, miosen gatlaklarynyň bolsa uglewodorod çig mallary babatda geljegi uludyr.

Şaguly SÖÝÜNOW,

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofiziki ekspedisiýasynyň başlygy.

17.12.2021
Ykdysady diplomatiýa: tejribeler we mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiz ýakynda — 10-njy dekabrda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de käbir beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Döwlet Baştutanymyzyň mejlisde milli ykdysadyýetimizi ösdürmek bilen baglanyşykly öňe süren başlangyjy we degişli ýolbaşçylara beren tabşyryklary ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu barada: «Daşary ýurtlardaky ilçihanalarymyzyň we wekilhanalarymyzyň düzümini tejribeli halkara derejeli ykdysatçylar bilen berkitmegi teklip edýärin. Olary zerur serişdeler bilen üpjün etmeli. Olaryň bolýan ýurtlarynda we sebitlerinde ykdysady ugur boýunça geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilikleri göz öňünde tutmaly» diýmek bilen, dünýä ykdysadyýetiniň ösen tejribelerini öwrenmegi hem-de olary milli ykdysadyýetimize ornaşdyrmagy maslahat berdi. Şunda ykdysady diplomatiýanyň milli nusgasyny kämilleşdirmek we ony has işjeň ýagdaýa getirmek, bu babatda ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk derejesinden ýerlikli peýdalanmak esasy maksatlaryň biri bolup durýar.

Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän bitaraplyk syýasaty diňe sebitde däl, eýsem, Ýer ýüzünde hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi kepillendirýär. Halkara jemgyýetçilik milli Liderimiziň ynsanperwer garaýyşlarynyň, täze başlangyçlarynyň häzirki hem geljekki nesiller, tutuş adamzat üçin örän möhümdigini ykrar edýär.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyçlarynyň hem-de ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine işeňňir gatnaşmagy we daşary syýasatda gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmunly hem uzak geljegi nazarlaýan daşary syýasy ugrunyň halkara derejede barha giň goldawa eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistan özüniň anyk işleri bilen sebitde ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga we sebitara hyzmatdaşlyga saldamly goşandyny goşmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny tassyklaýar. Ýurdumyzyň syýasy durnuklylygy we ýokary ykdysady ösüş depgini Türkmenistana halkara gepleşikleri we maslahatlary geçirmek üçin oňyn mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bu halkara guramanyň düzümleri bilen mundan beýläk-de işjeň gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzalygyna iki gezek saýlanylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Halkara hyzmatdaşlykda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, dünýäniň ýurtlary bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Ýer ýüzünde parahatçylygy, ynanyşmagy we ösüşi üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmäge öz goşandyny goşýar.

Türkmenistan nebit-gaz gorlary boýunça dünýäniň baý döwletleriniň hatarynda durýar. Ýewraziýa yklymynda düýbünden täze ýangyç-energetika düzüminiň taslamasy, ýagny Ýewraziýa yklymynda syýasy we ykdysady durnuklylygy üpjün etjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy şu jähetden örän möhümdir. Bu iri halkara taslama bitaraplyk syýasatynyň ösüş ýörelgesiniň yzygiderli we ygtybarly häsiýete eýedigini görkezýär.

Transmilli gaz geçiriji Owganystanyň we onuň ugrundaky ýurtlaryň ilatynyň iş bilen üpjünçiligine, umuman, durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulanmagy üçin şertleri döreder. Mundan başga-da, Türkmenistandan Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak, owgan ykdysadyýeti üçin ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde milli hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugurlary boýunça elektrik energiýasyny ibermek we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň ýaly ynsanperwer çäreler Merkezi Aziýada, hususan-da, goňşy döwletimiz Owganystanda syýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýynyň kadalaşmagyna, asudalygyň durnukly bolmagyna ýardam berer.

Bitaraplyk derejesinden, hoşniýetli ýörelgesinden ugur alýan özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk Garaşsyz ýurdumyzda beýik özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, intellektual taýdan ösüşini üpjün etmek üçin ajaýyp şertleri döretmäge mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň ykdysady ösüşi deňagramlylygy we bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Ýurduň durnukly ösmeginde onuň maliýe-bank ulgamy möhüm orun eýeleýär, bu ulgam pul dolanyşygynyň deňeçerligini üpjün etmäge, milli puluň satyn alyjylyk ukybyny saklamaga we döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini gazanmaga gönükdirilendir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin onuň pugta kadalaşdyryjy hukuk binýady döredildi hem-de yzygiderli kämilleşdirilýär. Ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek milli Liderimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan özgertmeler syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Şol strategiýa diňe bir durnukly ösüşi däl, eýsem, dünýäniň degişli ýagdaýyna uýgunlaşmagyny, daşarky ýagdaýlar bilen şertlendirilen töwekgelçilikleriň azaldylmagyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda ulag-logistika infrastrukturasynyň döredilmegi «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlary boýunça ulag-aragatnaşyk merkezleriniň birine öwrülmegine amatly şertleri döretdi. Şonuň bilen birlikde dünýäniň köp döwletleri bilen işjeň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmäge giň ýol açyldy.

Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmekde dünýäniň ösen döwletleri bilen işjeň maýa goýum syýasatyny alyp barmaga aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzda kabul edilen kanunlaryň halkara talaplara laýyk getirilmegi, ykdysady amatlyklaryň döredilmegi ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň barha özüne çekijiligini ýokarlandyrýar.

Häzirki döwürde oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär we bu ugurda ýokary netijeler gazanylýar. Ýurtda azyk bolçulygy döredilýär, ilat ýylyň dowamynda elýeterli bahadan, ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümleri bilen üpjün edilýär we onuň belli bir bölegi daşary ýurtlara eksport edilýär. 2020-nji ýylda Türkmenistan Bütindünýä Söwda Guramasyna synçy hökmünde goşuldy we söwda syýasatyny kämilleşdirmäge, ony halkara talaplara laýyk getirmäge başlady. Bu bolsa Diýarymyzda ykdysady ösüşiň durnuklylygyny saklamaga ýardam eder.

Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi üçin parahat durmuşy, geljege ynamy berkidýär. Çünki hut asuda, durnukly ýagdaý döredijilikli zähmete, ýokary depginli ösüşe binýat döredýär, munuň özi ýurdumyzyň ösen döwletleriň hataryna goşulmagyna giň ýol açýar.

Baýramdurdy TAÝHAROW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.

16.12.2021
Baky bagtyň ganatynda

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýene bir şanly ýylyň ahyrky günlerini başdan geçirýäris. Ýene barmak büküp sanaýmaly günlerden Täze — 2022-nji ýyl ýetip geler. Ajaýyp döwrümizde ýyllar özüne mynasyp at bilen gelýär. Şol at hem olaryň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşýar.

Şu günler köpsanly ildeşlerimiz tarapyndan bosagada duran ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy barada teklip öňe sürülýär. Bu asylly başlangyç ýurdumyzda giň goldaw tapýar. Ony Lebap welaýat Halk Maslahatynyň agzalary hem tüýs ýürekden goldaýarlar. Çünki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleriň, ýetilýän belent sepgitleriň her biri Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde şäherlerimiziň we obalarymyzyň durky batly depginler bilen täzelenilýär. Ýaşaýyş jaý gurluşygy öň görlüp-eşidilmedik derejede giň gerime eýe bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny bellän ýylymyzda ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birlikde gadymy Lebap topragynda medeni-durmuş maksatly binalaryň, senagat-önümçilik desgalarynyň birnäçesiniň açylyp, ulanylmaga berilmegi diňe bir welaýatymyzy ykdysady taýdan ösdürmeklige, şeýle-de ilatyň ýaşaýyş derejesini özgertmeklige goşant goşman, eýsem, sebit derejesinde iňňän möhüm ähmiýetli wakalara öwrüldi.

Häzirki döwürde milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Watana bolan söýgi, onuň ajaýyp geljegine ynam öz ýurduny we halkyny oňyn özgertmeleriň, abadançylygyň, rowaçlygyň ýoly bilen öňe alyp barýan milli Liderimiziň başlangyçlarynyň üstüni ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy ähli babatda ösdürmek üçin tutumly işleri alyp barýar. Häzirki wagtda Milli Parlamentimiziň işi hem has kämilleşdirilip, ol öz işini iki palataly görnüşde alyp barýar. 2021-nji ýyl hakydalarymyza Milli Parlamentimiziň iki şahasynyň biri bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täze röwşi bilen hem ýakym çaýar.

Kämil Parlament ulgamy berkarar döwletimiziň ösüşleriniň täze gadamlaryna özüniň oňyn miwelerini bagyşlaýar. Kabul edilýän kanunçylyk namalary halkyň bolelin we abadan durmuşda ýaşamagyna, döwletimiziň halkara abraýynyň artmagyna, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda täze belentliklere ýetmäge ýardam edýär. Kanunçylyk namalarynyň ählisiniň sakasynda hormatly Prezidentimiz duran hoşniýetli we ynsanperwer syýasata daýanýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Dünýäde ykrar edilen Lideriň ýoly bilen eziz Diýarymyzda ýetilýän sepgitlere, gazanylýan ösüşlere goşant goşmak bizi älem-jahanyň iň bagtly raýatlaryna öwürýär. Şonuň üçin täze ýylyň şygarynyň Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagy alnyp barylýan işleriň netijeliligini has artdyrar.

Milli Liderimiziň hossarlyk aladalarynyň miwesini öz alyp barýan işimizde ― buýan köküni ýygnap, ondan dürli önümleri almakda hem görýäris. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mundan bir ýyl çemesi ozal geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy durmakda türkmen buýanynyň we ondan taýýarlanylýan melhemleriň peýdaly bolup biljekdigini belledi. Alymlar bolsa buýan köküniň düzümindäki glisirriziniň sowuklama garşy işjeňliginiň ýokarydygy hem-de bedeniň immun ulgamyna oňyn täsir edýändigi sebäpli häzirki döwrüň wehimi bolan koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmekde möhüm ähmiýete eýedigini belleýärler. Buýan köküniň şiresiniň az mukdary hem bu ýokanjyň öňüni almakda gowy netije berýär.

Biziň toplumymyzyň düzüminde buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanany gurmak baradaky başlangyç hem myrat tapýar. Häzirki wagtda bu kärhanany gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Nesip bolsa, ol iň ýakyn geljekde glisirrizin turşusyny öndürmek boýunça sebitiň iň kuwwatly kärhanalarynyň biri bolar. Bu zerur önümiň özümizde öndürilmegi eziz Diýarymyzyň derman senagatynyň düýpli ösmegine we ykdysady kuwwatynyň artmagyna itergi berer.

Biz şeýle döwletli işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň il-günüň nurana geljegine gönükdirilen işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Meret BAÝRAMOW,

S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynyň direktory, Lebap welaýat Halk Maslahatynyň başlygy.

16.12.2021
Döwletli ilden ýol geçer

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýol-ulag geçelgelerini gurmak baradaky il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işler ýyl-ýyldan rowaçlyklara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly ýylynda amala aşyrylan beýik işleriň biri-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmegidir. Bu taryhy waka bagtyýar halkymyzda uly buýsanç duýgusyny döretdi.

Milli Liderimiz il-ulsumyzyň gadymyýetden köňlüne kök uran ynamy bolan «ýol» diýen mukaddesligiň gurulmagyna we onuň halkymyzyň eşretli durmuşyna eriş-argaç bolup goşulmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly gurluşy, amatlylygy, wagt taýdan gysgalygy, durmuş hyzmaty taýdan üpjünçiligi boýunça-da uly ähmiýete eýedir. Bu halkara ýolunyň gurlup, ulanmaga berlen Aşgabat — Tejen böleginiň ugrundaky binalardyr desgalary, tehniki enjamlary we serişdeleri ýakyndan synlan ýa-da bu ýoly öz ulagy bilen geçen her bir ynsan ýoluň döwrebaplygyna anyk göz ýetirýär.

Ýoluň gyrasynda bina edilen «Kerwensaraý» söwda merkeziniň bir özi-de, ýolagçylaryň medeniýetli dynç almaklary üçin göz öňünde tutulan ajaýyp mümkinçilikdir. Şeýle-de bu ýoluň ugrundaky dürli tehniki hyzmatlar sürüjileriň barjak menziline bökdençsiz ýetmekleri üçin amatly şertleri döredýär. Ulag üçin ähli gerekli ätiýaçlyk şaýlaryny bu ýerdäki dükanlardan tapmak mümkindir.

Bir zady aýratyn bellemek gerek, ol hem ýoluň ugrunda döwrebap elektron töleg terminallarynyň, wideogözegçilik enjamlarynyň, tizlik ölçeýjileriň, aragatnaşyk nokatlarynyň, Gün batareýaly yşyklandyryş sütünleriniň oturdylmagydyr. Gün batareýaly yşyklandyryş sütünleriniň ulanylmagy, Gün energiýasyndan peýdalanmagyň häzirki zaman ylmy usullarynyň ýurdumyzda giňden ornaşdyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Yşyklandyryşyň bu tygşytly we döwrebap usuly ýoluň doly yşyklandyrylmagyny üpjün etmek bilen birlikde, ol energiýa çeşmesiniň arzan hem-de yzygiderli akymyny emele getirýär. Ulaglaryň islendik görnüşi üçin hyzmat etmäge ukyply ýangyç guýujy beketlerde işler awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar.

Ýurdumyzda şeýle döwrebap ýollary gurduryp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze giňişliklerine ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Merjen POSYKOWA,

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.

16.12.2021
Ösüşlere beslenýän pudak

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy sütünleriniň biri elektrik energetikasy pudagy hasaplanýar. Önümçilige ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň we energiýany tygşytlaýan tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda elektrik energiýa bilen üpjünçilik meselesi oňyn çözülýär.

Energetika pudagy halk hojalygynyň çalt depginler bilen ösýän pudagydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipesi Türkmenistanyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin energetika pudagynyň mümkinçilikleriniň we tebigy energetiki serişdeleriň ýokary derejede netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmekden, Türkmenistanyň ýangyç balansynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň paýyny artdyrmakdan, energetiki serişdeleriň peýdalanyş ýagdaýlarynda ilatyň saglygyna we ýaşaýyş-durmuşyna hem-de daşky gurşawa howpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda energetika pudagynyň taryhynda düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde oktýabr aýynda ýurdumyzda iri energetika taslamasy bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga berildi. Bu elektrik geçirijini çekmek boýunça işler ýurdumyzyň energogurluşykçylarynyň güýji bilen amala aşyryldy. Munuň özi her hili howa şertlerinde ýurdumyzyň ähli sebitleriniň elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilmegine ýardam berer. Ýurdumyzyň iki welaýatyny baglanyşdyran ýokary woltly täze elektrik geçiriji içerki sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak bilen birlikde, daşary ýurtlara eksporta ugradylýan elektrik energiýanyň mukdaryny artdyrmak üçin hem tehniki mümkinçilikleri döreder.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bir bitewi energoulgamyny döretmek boýunça uly tagallalar edilýär. Taslamanyň çäklerinde Balkan — Daşoguz we Ahal — Mary ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijiler we elektrik stansiýalar toplumy gurlar.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek we çalt depginler bilen ösdürmek boýunça taýsyz tagallalary edýän milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Göwher GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

16.12.2021
Şanly ýyldaky şowly gadamlar

Gymmatly baýlygymyz bolan tebigy gazyň öndürilişini artdyrmak arkaly ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir we başarjaň işgärleriniň baş maksadydyr. Baýlyk çykaryjylaryň bitirýän öwgä mynasyp işleri hakynda olaryň hünär baýramçylygynyň uly dabara bilen toýlanýan gününde söhbet açmak has-da ýakymlydyr.

Müdirligiň türkmeniň kalby deýin giň sährasynda ýerleşýän köp sanly gaz känlerinde işler üznüksiz dowam etdirilýär. Edermen gazçylar üstümizdäki şanly ýylda dünýä ýylylyk we ýagtylyk paýlaýan, ösüşlere binýat bolýan «mawy ýangyjyň» öndürilýän möçberlerini has artdyrýarlar. Has takygy, tebigy gazyň 11 milliard 293,3 million kub metrden gowragy öndürilip, şu ýylyň on bir aýlyk meýilnamasy 134 göterimden gowrak berjaý edildi. Şol bir wagtyň özünde gaz kondensatynyň 42,6 müň tonna golaýy öndürilip, bu baradaky meýilnama hem üstünlikli ýerine ýetirildi.

— Şu ýylyň başynda diňe bir biziň müdirligimiziň işgärleri üçin däl, eýsem, tutuş konsernimiz üçin hem taryhy waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz 15-nji ýanwarda «Malaý» gaz gysyjy desgasynyň ulanylmaga berilmegi mynasybetli guralan dabara gatnaşdy we bu häzirki zaman desgasynyň işine ak pata berdi. Ulanylmaga berlen ilkinji gününden döwrebap desgada işler sazlaşykly guralýar. Bu bolsa, öz gezeginde, sarp edijilere, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisine iberilýän harytlyk önümiň möçberlerini düýpli artdyrmaga mümkinçilik berdi. Gaz çykaryjylarymyzyň ýokary netijeli zähmet çekmekleri, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyza bimöçber sagbolsun aýdýarys — diýip, müdirligiň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy Serdar Kurbankulyýew gürrüň berýär.

Söhbetdeşimiz ýyllyk kuwwatlylygy 30 milliard kub metr tebigy gaza barabar bolan desgada ýokary hünärli işgärler üçin täze iş orunlarynyň köp sanlysynyň döredilendigini, olaryň örän amatly şertlerde gaýratly zähmet çekýändiklerini aýdyp sözüniň üstüni ýetirdi. Halal we netijeli işleseň, döwletimiz gadyryňy bilýär, sylagyňy ýetirýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň öň ýanynda, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, müdirligiň işgärleriniň birnäçesi döwlet sylaglaryna mynasyp boldy. Olardan müdirligiň Guýulary düýpli we ýerasty bejeriş böleginiň burawlaýjysy Aşyrnepes Ballyýew «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, Gazy çykarmak we ugratmak boýunça Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň operatory Meretglyç Annaklyçew, şol bölegiň Önümçilik dispetçer gullugynyň maşinisti Nurýagdy Jumaýew, ulaglar kärhanasynyň sürüjisi Hudaýberdi Begow bolsa «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandylar.

Şanly ýyly zähmet üstünliklerine besleýän gaz çykaryjylar ýetilen sepgitler bilen kanagatlanman, ýene ynamly öňe gitmek ugrunda yhlasly işleýärler. Munuň üçin guýularyň önüm berijiligini artdyrmaga, täze meýdançalary senagat taýdan özleşdirmäge gönükdirilen işler utgaşykly we ýokary depginde alnyp barylýar. Golaýda müdirligiň düzümindäki gaz känleriniň sanawyna «Agarguýy» gaz käni hem goşuldy. Hereketsiz duran guýularyň 40-sy abatlaýjylaryň tagallalary bilen gaýtadan önüm berip ugrady.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,

žurnalist. Surata düşüren Merdan ORAZOW.

14.12.2021
Ykdysadyýetiň binýatlyk pudagy

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen topragynyň uly baýlygy bolan nebitdir gazyň gazylyp alnyşyny artdyrmak, olary amatly şertlerde içerki we daşarky bazarlarda ýerlemek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz pudagyň kärhanalarynyň öňünde jogapkärli wezipeleri kesgitledi. Şeýle möhüm işe pudagyň welaýatymyzdaky edara-kärhanalarynyň işgärleri hem netijeli gatnaşýarlar.

Kärine ussatlaryň bitirýän işleri hakynda olaryň hünär baýramynyň bellenilýän döwründe söhbet açmak has-da ýakymlydyr. Halkymyz bahasyz baýlygymyz bolan nebitdir gazymyzy sowulmajak ýazymyza, eşretli ýaşaýşyň çeşmesine deňeýär. Bu düşünjede ulaltma ýa-da hakykatdan daş düşme ýokdur. Ojaklarymyzyň alawly, durmuşymyzyň gözel bolmagynda ýylylygyň we ýagtylygyň çeşmesi bolan nebit we tebigy gaz möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Bu baýlyklaryň ýataklaryny agtaryp tapmak, täze meýdançalary senagat taýdan özleşdirmek arkaly önümleri sarp edijilere ýetirmek, çig mallary çuňňur gaýtadan işlemegiň hasabyna bazar bäsleşiginde geçginli önümleri öndürmek işleri utgaşykly we netijeli alnyp barylýar. Bu babatda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň işgärleri ýokary ruhubelentlik we maksada okgunlylyk görkezýärler. Olar tarapyndan çuňluk burawlamakda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Ene ýeriň çuňluklaryndan tebigy gazyň we nebitiň täze gorlarynyň üstüniň açylmagy bolsa olaryň zähmetleriniň ýerine düşýändiginden habar berýär. Şanly ýylyň geçen döwründe olar tarapyndan Uzynada, Agarguýy meýdançalarynda guýularyň birnäçesi burawlanyp, gymmatly çig malyň senagat akymlary alyndy. Bu üstünlikde buraw desgasynyň başlygy Halmyrat Rozyýew, buraw ussalary Yslam Soltanow, Myrat Joraýew, Işanguly Mämmetkulyýew, Döwlet Babakulyýew, meýdan geology Penji Abdyllaýew ýaly başarjaň adamlaryň uly zähmet paýy bar.

Hormatly Prezidentimiziň tebigy gazyň gazylyp alynýan we daşary ýurtlara ugradylýan möçberini artdyrmaga gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň üçin möhüm taslamalar amala aşyrylýar. Şeýle çemeleşme pudagyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga goşmaça mümkinçilikleri açýar. Oňa şu ýylyň başynda döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen «Malaý» gaz käninde ulanylmaga berlen häzirkizaman gaz gysyjy desgany mysal görkezmek bolar. Ýyllyk kuwwatlylygy 30 milliard kub metre barabar bolan desga tebigy gazyň gazylyp alnyşyny düýpli artdyrmaga berk esas döretdi. Bu känden alynýan önümiň aglaba bölegi bolsa baglaşylan şertnama laýyklykda Hytaý döwletine akdyrylýar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň işgärleri bu işde yhlaslylyk we tutanýerlilik görkezýärler. Olar tarapyndan ýylyň geçen on bir aýynda «mawy ýangyjyň» 11 milliard 293,5 müň kub metri gazylyp alyndy. Munuň özi ýyllyk meýilnamanyň möhletinden ep-esli öň abraý bilen berjaý edilendiginden habar berýär. Müdirlik boýunça hasabat döwründe gaz kondensatynyň 42566 tonnasy öndürilip, bu baradaky meýilnama hem ýerine ýetirildi. Edermen gazçylarymyz şanly ýyly şowly jemlemek, zerur önümleriň öndürilişiniň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda barha gaýrata galýarlar. Olaryň tagallalarynyň ýerine düşjekdigine şek-şübhe bolup bilmez. Sebäbi baýlyk çykaryjylar belent maksatlara gulluk edýärler. Ol bolsa ata Watanyň baýlygyna baýlyk goşmak bilen baglanyşyklydyr.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň başarjaň işgärleri hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny zähmet ýeňişlerine beslemegi maksat edinip, gujur-gaýratly zähmet çekýärler. Olar tarapyndan ýylyň geçen döwründe çig malyň 464,5 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenilip, ondan benziniň 202,7 müň tonnadan gowragy, dizel ýangyjynyň 123,4 müň tonnadan gowragy öndürilip, degişli meýilnamalar artygy bilen berjaý edildi.

Öndürilýän harytlyk nebit önümleriniň eksport edilýän ugurlary hem barha artýar. Üstümizdäki ýylda oňa Russiýa Federasiýasy, Özbegistan, Täjigistan Respublikalary hem goşuldy. Daşary ýurtlular kärhanada öndürilýän dizel ýangyjyna hyrydar çykýarlar. Agyr wakuum gazoýly bolsa Ýewropa döwletlerinde üstünlikli ýerlenilýär. Bu guwandyryjy ýagdaý kärhananyň önümleriniň hiliniň ýokarydygyndan habar berýär. Şeýle oňyn görkezijiler bolsa hormatly Prezidentimiziň pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmaga yzygiderli üns bermegi netijesinde mümkin boldy.

Aýlary-günleri bagtyýarlyga beslenýän ata Watanymyzda toýlar-toýa ulaşýar. Bu baýram gününde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde binýatlyk hyzmaty ýerine ýetirýän möhüm pudagyň başarjaň we ruhubelent işgärleriniň adyna hoşallyk sözleri aýdylýar. Biz hem aýdylýan gutlaglara goşulýarys hem-de baýlyk bolçulygyny döredýän adamlara mundan beýläk-de üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

Mämmet GYLYJOW.

14.12.2021
Ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleri we mümkinçilikleri

Düýn Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň halkara wirtual sergisi açyldy. Onuň maksady ýurdumyzyň senagat we önümçilik mümkinçiliklerini açyp görkezmekden, maýadarlary çekmekden, içerki hem-de daşarky söwdada hyzmatdaşlaryň ornuny giňeltmekden ybaratdyr. Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň käbiriniň çykyşlaryny okyjylara ýetirýäris.

Atageldi HALJANOW,
Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili:

— Dünýäde hoşniýetli, oňyn Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän Türkmenistana gyzyklanmalaryň barha artýan döwründe sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda şeýle wirtual sergileriň guralmagynyň ähmiýeti uludyr. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, oňyn Bitaraplyk syýasatymyzyň miwelerini giňişleýin beýan edýär. Şu günler ýurdumyzda baýramçylyk çärelerine gatnaşýan Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem serginiň işi bilen tanyşdylar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny wagyz etmäge bagyşlap guralýan ähli dabaralar, sergidir forumlar aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Şu ýyl döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, halkara gatnaşyklarda-da birnäçe şanly wakalara şaýat bolduk. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti ýokary derejede geçirildi. Dünýäde uly seslenme tapan wakalaryň hatarynda milli Liderimiziň sanly ulgam arkaly gatnaşan BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahaty, BMG-niň senagat meseleleri boýunça forumy, YHG-nyň 14-nji sammiti, Türki dilli döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň maslahaty, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça sammiti, Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumy bar. Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde çykyş edip, öňe süren başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyz garaýyşlarymyzyň we öňde goýýan maksatlarymyzyň BMG-niň, şeýle-de hyzmatdaş ýurtlarymyzyň, beýleki ýurtlaryň hem bähbidine laýyk gelýändigini nygtaýar. Ýurdumyz Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirip, BMG-niň halkara düzümleri bilen gatnaşyklary özara düşünişmegiň esasynda alyp barýar.

Begmyrat ALAKBAÝEW,
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary:

— Maliýe-ykdysadyýet toplumynyň beýleki düzümleri bilen birlikde, ministrligimiz hem wirtual sergä gatnaşýar. Onda ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde gazananlary, durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarydyr özgertmeler hakynda gürrüň berilýär. Sergide Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň syýasy hukuk derejesine esaslanyp amala aşyrýan halkara ähmiýetli başlangyçlarynyň hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleriniň netijeleri aýdyň görünýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen Bitaraplygy diýlende, diňe bir biziň halkymyzyň däl, eýsem, sebitde, şeýle hem dünýäde adamzadyň bähbidini nazara alýan başlangyçlar, durmuşa geçirilýän işler göz öňüne gelýär.

Wirtual gözden geçirilişe gatnaşýanlaryň 50-den gowragynyň diwarlyklarynda önümlerdir hyzmatlar barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilipdir. Ol diňe bir ildeşlerimizde däl, eýsem, daşary ýurtlularda hem uly gyzyklanma döredýär. Wirtual serginiň açylyş dabarasyna Dubaýda dowam edýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisindäki türkmen pawilýonyndan Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleriniň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagy has-da täsirli boldy.

Serginiň işe başlamagy ýetip gelýän halkara baýramçylygymyza mynasyp sowgatdyr. Onuň işinde üstünlikleri arzuw edýäris.

Mergen ORAZOW,
Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary:

— Wirtual sergide ministrligimiziň diwarlygyna hemmelere: «Hoş geldiňiz!» diýýäris. Onda Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi boýunça öňdebaryjy kärhanalar — sement zawodlary, «Türkmenaýnaönümleri» kärhanasy, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, «Türkmendemirbetonönümleri» döwlet kärhanasy, kän müdirlikleri, «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Ýaşlyk keramzit zawody, «Nebitmaş» kärhanasy we beýlekiler hakynda maglumat berilýär. Bu kärhanalarda her ýylda önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin ösüş meýilnamalary işlenip taýýarlanýar. Öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak üçin önümleriň täze görnüşlerine bolan islegler öwrenilip, innowasiýalar önümçilige ornaşdyrylýar.

Häzirki zaman tehnologik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan zawodlaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi netijesinde milli senagatyň ösüşiniň has-da depginli bolmagy üpjün edilýär. Şeýle hem täze iş orunlary döredilýär.

Şeýle nusgalyk işleriň başynda duran döwlet Baştutanymyzy ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy berkitmekde netijeli gural bolan baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlaýarys. Milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Ýazga geçiren Rahmanberdi GÖKLEŇOW.

«Türkmenistan».

14.12.2021
Maksatly menzilleri nazarlap

Şu gün — Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni

Bu — durmuş hakykaty: Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz günsaýyn gülläp ösýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ata Watanymyzyň halk hojalygynyň ähli pudagy ösüşli menzillere beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň esasy sütünleriniň biri bolan nebitgaz senagaty we geologiýa pudagy hem uly özgerişlere eýe bolýar. Bu pudakda ýangyç çig mal serişdelerini gözlemek, çykarmak we gaýtadan işlemek, dünýäniň hil ülňülerine laýyk gelýän täze desgalary gurmak, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak hem-de görnüşlerini köpeltmek üçin täze önümçilikleri döretmek boýunça uly möçberli işler durmuşa geçirilýär.

Welaýatymyzdaky nebitgaza baý ýataklarda iş alyp barýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçileri hem «gara altynyň» çykarylyşyny artdyrmaga gönükdirilen netijeli geologiýa-tehniki çäreleri durmuşa geçirmekde yhlaslylyk görkezýärler. Olar öz öňlerinde maksat edilip goýlan belent wezipäniň amala aşyrylmagy üçin nebitgaz gözleg işleriniň täze ugurlaryny özleşdirmekde, ýangyç çig mal gorlaryna baý ýataklarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmekde, guýulary burawlamakda, abatlamakda täze, döwrebap tehnikalardan, sanly tehnologiýalardan ygtybarly peýdalanýarlar. Guýularda dürli tehniki, tehnologiki çäreleriň, öňüni alyş we düýpli abatlaýyş işleriniň geçirilmeginiň netijesinde ýerasty gatlaklaryň önüm berijiligi has-da ýokarlanýar.

Ýurdumyzda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak geljekde Balkanýaka we Gögerendag — Ekerem sebitlerinde gury ýerdäki ýataklarda çuň ýerleşen gatlaklaryň, şeýle hem Hazarýaka sebitinde golaýda ýüze çykarylan, nebitgaz toplanan zolaklaryň özleşdirilmegi bilen berk baglanyşdyrylýar. Öňden özleşdirilip gelinýän ýataklarda nebitgaz känlerini abadanlaşdyrmak, «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebit känleriniň amatlyklaryny ösdürmek ulgamynda Körpeje ýatagynda gaz gysyjy bekedi gurmak göz öňünde tutulýar. Konserniň geologiýa-gözleg işinde gözleg-burawlaýyş işleri üçin täze çäkleri ýüze çykarmak we taýýarlamak maksady bilen, seýsmik gözleg we geologiýa-gözleg işlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak arkaly Günbatar Çeleken ýatagynyň meýdançalarynda, şol sanda Ogurjaly adasynda, deňiz ýalpaklygyndaky Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň meýdançalarynda, Gyzylgum gaz ýatagynyň deňiz we kenar, Gögerendag nebitgaz zolagynyň kenar böleginde, Merkezi Garagumdaky Mydar — Sansyz nebitgaz zolagynda, şeýle hem ýurdumyzyň gündogar çäginde, şol sanda Astanababa we Çalgerişbaba meýdançalarynda birnäçe taslamalary durmuşa geçirmek bellenilýär. Seýsmik gözleg we geologiýa-gözleg ulgamynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegi geljekde uglewodorodlary çykarmakda, aýratyn hem nebit çykarmak boýunça mümkinçilikleri düýpli giňeltmäge mümkinçilik berer.

Ýerasty tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biri bolan ata Watanymyzyň nebitgaz senagaty barada söhbet açylanda, Türkmenbaşy şäherindäki nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy barada gürrüň etmezlik mümkin däl. Mälim bolşy ýaly, bu zawodlar toplumynda öndürilýän nebit önümlerine dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bu ýerde özara baglanyşykly tehnologik enjamlary ulanmagyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem daşky gurşaw üçin howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýän täze, ýokary önümçilikleri döretmek boýunça işler dowam etdirilýär. Geljekde zawodlar toplumynda sintetik ýaglaryň täze görnüşleriniň önümçiligini guramak maksady bilen, binýatlyk ýaglaryň bar bolan önümçiligini kämilleşdirmek, saýlanyp alynýan katalitik izodeparafinizasiýa prosesini ornaşdyrmak, haýal kokslaýjy enjamy we gudrony asfaltdan arassalaýjy blogy öz içine alýan toplumy ulanmaga bermek maksat edinilýär. Dizel ýangyjyny wodorod bilen arassalamak boýunça enjamlaryň gurulmagy meýilleşdirilýär. Şeýle hem nebiti gaýtadan işlemegiň galyndylarynyň katalitik krekingi enjamlar toplumynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Bu desgalaryň işe girizilmegi çig nebiti ýokary hilli nebit önümlerine gaýtadan işlemegiň çuňlugyny ýokarlandyrmakda we degişlilikde olaryň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga şertleri döreder.

Arkadag Prezidentimiz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan ýurdumyzyň ägirt uly energiýa mümkinçiliklerini halkymyzyň hem-de bütin adamzadyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda ummasyz işleri durmuşa geçirýär. Türkmen «mawy ýangyjyny» dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek milli Liderimiziň ýangyç-energetika syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridir. Bu ugurda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly möçberli işler durmuşa geçirildi we geçirilýär. Bu gün ýurdumyzyň gaz geçiriji infrastrukturasynyň ösen derejelere ýetendigini bütin dünýä görýär. Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde gurlup, «asyryň gurluşygy» adyna eýe bolan «Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý» gaz geçirijisiniň özem muňa aýdyň mysaldyr. Asyryň iri taslamalarynyň ýene biri bolan «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» gaz geçirijisiniň gurluşygy üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, türkmen tebigy gazynyň täze energetika köprüsi Günorta Aziýanyň uly ýurtlaryna ony uzak möhletleýin ibermegi üpjün edip, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer. Sebitde işewür hyzmatdaşlygy, parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrar.

«Ýurdumyzyň nebitgaz toplumy ykdysady garaşsyzlygymyzy berkitmegiň, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, kuwwatly, köpugurly önümçilik pudaklaryny döretmegiň esasy binýady bolup durýar» diýip, Arkadag Prezidentimiz nygtaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu aýdyň hakykata anyk göz ýetirýän ýurdumyzyň «gara altyn», «mawy ýangyç» ussatlary, geologlary maksatly menzillerde röwşen geljege tarap ynamly gadam urýarlar. Aýdylyşy ýaly, maksatly menziller bolsa myrada gowşurýar. Goý, şol menzillerde bütin adamzat bähbitli taryhy tutumlara badalga berip, halkymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, maksatlary myrat tapsyn!

Toýmämmet REJEBOW,

«Balkan».

14.12.2021
Ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleri we mümkinçilikleri

Düýn Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň halkara wirtual sergisi açyldy. Onuň maksady ýurdumyzyň senagat we önümçilik mümkinçiliklerini açyp görkezmekden, maýadarlary çekmekden, içerki hem-de daşarky söwdada hyzmatdaşlaryň ornuny giňeltmekden ybaratdyr. Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň käbiriniň çykyşlaryny okyjylara ýetirýäris.

Atageldi HALJANOW,
Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili:

— Dünýäde hoşniýetli, oňyn Bitaraplyk syýasatyny ýöredýän Türkmenistana gyzyklanmalaryň barha artýan döwründe sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda şeýle wirtual sergileriň guralmagynyň ähmiýeti uludyr. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, oňyn Bitaraplyk syýasatymyzyň miwelerini giňişleýin beýan edýär. Şu günler ýurdumyzda baýramçylyk çärelerine gatnaşýan Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem serginiň işi bilen tanyşdylar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny wagyz etmäge bagyşlap guralýan ähli dabaralar, sergidir forumlar aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Şu ýyl döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, halkara gatnaşyklarda-da birnäçe şanly wakalara şaýat bolduk. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti ýokary derejede geçirildi. Dünýäde uly seslenme tapan wakalaryň hatarynda milli Liderimiziň sanly ulgam arkaly gatnaşan BMG-niň durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahaty, BMG-niň senagat meseleleri boýunça forumy, YHG-nyň 14-nji sammiti, Türki dilli döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň maslahaty, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça sammiti, Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumy bar. Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde çykyş edip, öňe süren başlangyçlary giň goldawa eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyz garaýyşlarymyzyň we öňde goýýan maksatlarymyzyň BMG-niň, şeýle-de hyzmatdaş ýurtlarymyzyň, beýleki ýurtlaryň hem bähbidine laýyk gelýändigini nygtaýar. Ýurdumyz Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirip, BMG-niň halkara düzümleri bilen gatnaşyklary özara düşünişmegiň esasynda alyp barýar.

Begmyrat ALAKBAÝEW,
Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary:

— Maliýe-ykdysadyýet toplumynyň beýleki düzümleri bilen birlikde, ministrligimiz hem wirtual sergä gatnaşýar. Onda ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde gazananlary, durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarydyr özgertmeler hakynda gürrüň berilýär. Sergide Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň syýasy hukuk derejesine esaslanyp amala aşyrýan halkara ähmiýetli başlangyçlarynyň hem-de durmuş-ykdysady özgertmeleriniň netijeleri aýdyň görünýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen Bitaraplygy diýlende, diňe bir biziň halkymyzyň däl, eýsem, sebitde, şeýle hem dünýäde adamzadyň bähbidini nazara alýan başlangyçlar, durmuşa geçirilýän işler göz öňüne gelýär.

Wirtual gözden geçirilişe gatnaşýanlaryň 50-den gowragynyň diwarlyklarynda önümlerdir hyzmatlar barada giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilipdir. Ol diňe bir ildeşlerimizde däl, eýsem, daşary ýurtlularda hem uly gyzyklanma döredýär. Wirtual serginiň açylyş dabarasyna Dubaýda dowam edýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisindäki türkmen pawilýonyndan Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilleriniň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşmagy has-da täsirli boldy.

Serginiň işe başlamagy ýetip gelýän halkara baýramçylygymyza mynasyp sowgatdyr. Onuň işinde üstünlikleri arzuw edýäris.

Mergen ORAZOW,
Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary:

— Wirtual sergide ministrligimiziň diwarlygyna hemmelere: «Hoş geldiňiz!» diýýäris. Onda Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi boýunça öňdebaryjy kärhanalar — sement zawodlary, «Türkmenaýnaönümleri» kärhanasy, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, «Türkmendemirbetonönümleri» döwlet kärhanasy, kän müdirlikleri, «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, Ýaşlyk keramzit zawody, «Nebitmaş» kärhanasy we beýlekiler hakynda maglumat berilýär. Bu kärhanalarda her ýylda önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin ösüş meýilnamalary işlenip taýýarlanýar. Öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak üçin önümleriň täze görnüşlerine bolan islegler öwrenilip, innowasiýalar önümçilige ornaşdyrylýar.

Häzirki zaman tehnologik enjamlary bilen enjamlaşdyrylan zawodlaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi netijesinde milli senagatyň ösüşiniň has-da depginli bolmagy üpjün edilýär. Şeýle hem täze iş orunlary döredilýär.

Şeýle nusgalyk işleriň başynda duran döwlet Baştutanymyzy ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy berkitmekde netijeli gural bolan baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlaýarys. Milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Ýazga geçiren Rahmanberdi GÖKLEŇOW.

«Türkmenistan».

10.12.2021