Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak ýene bir şanly ýylyň ahyrky günlerini başdan geçirýäris. Ýene barmak büküp sanaýmaly günlerden Täze — 2022-nji ýyl ýetip geler. Ajaýyp döwrümizde ýyllar özüne mynasyp at bilen gelýär. Şol at hem olaryň şanyna şan, şöhratyna şöhrat goşýar.
Şu günler köpsanly ildeşlerimiz tarapyndan bosagada duran ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy barada teklip öňe sürülýär. Bu asylly başlangyç ýurdumyzda giň goldaw tapýar. Ony Lebap welaýat Halk Maslahatynyň agzalary hem tüýs ýürekden goldaýarlar. Çünki Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleriň, ýetilýän belent sepgitleriň her biri Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr.
Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde şäherlerimiziň we obalarymyzyň durky batly depginler bilen täzelenilýär. Ýaşaýyş jaý gurluşygy öň görlüp-eşidilmedik derejede giň gerime eýe bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny bellän ýylymyzda ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birlikde gadymy Lebap topragynda medeni-durmuş maksatly binalaryň, senagat-önümçilik desgalarynyň birnäçesiniň açylyp, ulanylmaga berilmegi diňe bir welaýatymyzy ykdysady taýdan ösdürmeklige, şeýle-de ilatyň ýaşaýyş derejesini özgertmeklige goşant goşman, eýsem, sebit derejesinde iňňän möhüm ähmiýetli wakalara öwrüldi.
Häzirki döwürde milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Watana bolan söýgi, onuň ajaýyp geljegine ynam öz ýurduny we halkyny oňyn özgertmeleriň, abadançylygyň, rowaçlygyň ýoly bilen öňe alyp barýan milli Liderimiziň başlangyçlarynyň üstüni ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy ähli babatda ösdürmek üçin tutumly işleri alyp barýar. Häzirki wagtda Milli Parlamentimiziň işi hem has kämilleşdirilip, ol öz işini iki palataly görnüşde alyp barýar. 2021-nji ýyl hakydalarymyza Milli Parlamentimiziň iki şahasynyň biri bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň täze röwşi bilen hem ýakym çaýar.
Kämil Parlament ulgamy berkarar döwletimiziň ösüşleriniň täze gadamlaryna özüniň oňyn miwelerini bagyşlaýar. Kabul edilýän kanunçylyk namalary halkyň bolelin we abadan durmuşda ýaşamagyna, döwletimiziň halkara abraýynyň artmagyna, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda täze belentliklere ýetmäge ýardam edýär. Kanunçylyk namalarynyň ählisiniň sakasynda hormatly Prezidentimiz duran hoşniýetli we ynsanperwer syýasata daýanýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Dünýäde ykrar edilen Lideriň ýoly bilen eziz Diýarymyzda ýetilýän sepgitlere, gazanylýan ösüşlere goşant goşmak bizi älem-jahanyň iň bagtly raýatlaryna öwürýär. Şonuň üçin täze ýylyň şygarynyň Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagy alnyp barylýan işleriň netijeliligini has artdyrar.
Milli Liderimiziň hossarlyk aladalarynyň miwesini öz alyp barýan işimizde ― buýan köküni ýygnap, ondan dürli önümleri almakda hem görýäris. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mundan bir ýyl çemesi ozal geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy durmakda türkmen buýanynyň we ondan taýýarlanylýan melhemleriň peýdaly bolup biljekdigini belledi. Alymlar bolsa buýan köküniň düzümindäki glisirriziniň sowuklama garşy işjeňliginiň ýokarydygy hem-de bedeniň immun ulgamyna oňyn täsir edýändigi sebäpli häzirki döwrüň wehimi bolan koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmekde möhüm ähmiýete eýedigini belleýärler. Buýan köküniň şiresiniň az mukdary hem bu ýokanjyň öňüni almakda gowy netije berýär.
Biziň toplumymyzyň düzüminde buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanany gurmak baradaky başlangyç hem myrat tapýar. Häzirki wagtda bu kärhanany gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Nesip bolsa, ol iň ýakyn geljekde glisirrizin turşusyny öndürmek boýunça sebitiň iň kuwwatly kärhanalarynyň biri bolar. Bu zerur önümiň özümizde öndürilmegi eziz Diýarymyzyň derman senagatynyň düýpli ösmegine we ykdysady kuwwatynyň artmagyna itergi berer.
Biz şeýle döwletli işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň il-günüň nurana geljegine gönükdirilen işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Meret BAÝRAMOW,