Durnukly ösüşiň bähbidine

Döwletimiziň ykdysady ösüş konsepsiýasyna laýyklykda bazar gatnaşyklarynyň barha çuňlaşdyrylýan döwründe salgyt syýasatyny ýönekeýleşdirmäge has köp üns berilýär. Munuň özi köpugurlaýyn salgyt ýeňillikleriniň giňeldilmegini aňladýar. Eger-de salgyt tölegleriniň ykdysadyýetimiziň ösüşine edýän täsirini göz öňünde tutsak, şeýle ugruň goldanylmagy örän bähbitlidir.

Ýurduň ykdysady ýagdaýyna we bu ugurda alnyp barylýan syýasata laýyk gelýän salgyt düzgünleriniň we syýasatynyň işlenilip düzülmegi salgyt kanunçylygyny hem kämilleşdirdi. Bu iş salgyt syýasatynyň üsti bilen ýene-de yzygiderlilikde dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, milli salgyt syýasatynyň netijeliligi köp babatda döwletiň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini kesgitleýär, aýlyk zähmet haklarynyň we döwlet kömek pullarynyň artdyrylmagy türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döredip, onuň maliýe binýadyny berkidýär. Şeýle hem salgyt syýasaty pensiýalardyr çaga üçin berilýän kömek pullarynyň köpeldilmegini, köp çagaly maşgalalary we maýyplygy bolan adamlary, hossarsyz çagalara durmuş taýdan goldawyň yzygiderli güýçlendirilmegini, şäher we oba ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyny, dynç alşyň medeni we sport çäreleriniň guralmagyny we başga-da ençeme möhüm wezipeleriň çözgütlerini jemleýär. Salgytlaryň tölenmeginden emele gelýän býujet serişdeleri şu ugurlara gönükdirilýär.

Salgytdan gelip gowuşýan serişdeler howpsuzlygy, maliýe durnuklylygyny we ählumumy çökgünliligiň ýaramaz täsirleriniň öňünde ykdysady ulgamyň durnuklylygyny üpjün etmäge ýardam berýär. Bu bolsa häzirki wagtda aýratyn möhümdir. Düzgünleri we girizilýän täzelikleri düşündirmek, salgytlary öz wagtynda we doly tölemek babatda jogapkärçilikli raýat garaýyşlaryny kemala getirmek, salgyt medeniýetini terbiýelemek we ilatyň salgyt sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça-da düşündiriş işleri netijeli ýola goýulýar.

Ýurdumyzyň salgyt syýasaty, bir tarapdan, salgyt kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine hem-de onuň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi, salgytlary tölemegi üpjün etmek boýunça çäreleri ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýar, beýleki tarapdan bolsa, salgytdan düşýän agramy azaltmaga, maýa goýum işlerini, senagatyň strategik pudaklaryny höweslendirmäge, hususy telekeçileriň bähbitlerini goramaga we olary goldamaga gönükdirilýär.

Welaýatlarda salgyt bölümleriniň işgärleri bilen salgyt töleýjileriň arasynda salgyt kanunçylygy barada okuw-maslahatlar guralýar, şeýle-de welaýat salgyt bölümlerinde düşündiriş işlerini talabalaýyk alyp barmak babatdaky tejribe öwrenilýär. Şol okuw-maslahatlarda salgyt töleýjilere we salgyt bölümleriniň işgärlerine häzirki hereket edýän «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bütewi kanunynyň düzgünleri, oňa täze girizilýän üýtgetmelerdir goşmaçalar düşündirilýär, sowal-jogap alşylýar. Bu işleriň ählisi salgyt salmagyň we tölemegiň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmäge mümkinçilik berýär.

Baýram TAGANOW,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabadyň tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.