Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna çykarmak baradaky öňdengörüjilikli syýasatyndan ugur alnyp, häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan döwrebap tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen senagat kärhanalaryny gurmak, ozalky bar bolanlarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Kärhanalary häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmak, ýerli çig mallaryň hasabyna bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa bolan täze senagat önümlerini öndürmek, gaýtadan işleýän önümçiligi innowasion esasda ýola goýmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek wezipeleri şol işleriň esasyny düzýär.
Senagat we gurluşyk pudagy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde alnyp barylýan gurluşyklary zerur bolan önümlerdir beýleki serişdeler bilen üpjün edýär. Şunda hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen gurlup, bu gün üstünlikli hereket edýän gurluşyk önümçiligi boýunça kärhanalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak esasy wezipe bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan «Bäherden», «Balkan», «Lebap» sement zawodlary, «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy, Gazbeton öndürýän zawod, «Türkmenmermer» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy we durky täzelenip, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, gurluşyk-gurnama önümlerini öndürýän kärhanalar, kuwwatly owradyjy-saýlaýjy enjamlar toplumlary bilen üpjün edilen kän müdirliklerdir hojalyklar, esasy tehnologik enjamlarynda hem-de ulgamlarynda dikeldiş, düýpli abatlaýyş işleri geçirilen Ýaşlyk keramzit zawody we başgalar senagat pudagynyň kuwwatyny has-da artdyrmaga amatly şertleri döredýär.
Ministrlige degişli sement zawodlary Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklar üçin zerur bolan ýokary hilli sementiň üpjünçiliginde möhüm orun eýeleýärler. Olaryň hersiniň kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna barabardyr. Häzirki wagtda ildeşlerimiziň müňlerçesini iş bilen üpjün edýän bu zawodlarda önümçiligiň çig maly hökmünde, esasan, ýerli serişdeler ulanylýar. «Türkmendemirönümleri» döwlet kärhanasy bolsa ýurdumyzda gurluşyk işleri üçin gerek bolan demir önümlerini öndürýän ilkinji kärhanadyr. Bu gün agzalan kärhananyň dürli ölçegdäki demir önümleri diňe bir eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklarda ulanylman, eýsem, ýurdumyzyň çäginden uzaklarda-da giňden isleglidir. Onda öndürilýän önümlere sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilmegi, ilkinji nobatda, önümleriň ýokary hili bilen baglydyr.
Sanlyja ýyl mundan ozal ulanylmaga berlen «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy hem bu gün öňdebaryjy önümçilikleriň hataryna goşuldy. Ýyllyk taslama kuwwatlylygy galyňlygy 4 mm bolan float usulyndaky aýnanyň 7,2 million inedördül metrini öndürmäge niýetlenen innowasion tehnologiýaly kärhanada gurluşyk üçin aýnadyr çüýşe gaplaryň önümçiligi ýokary depginde alnyp barylýar. Öňler şeýle önümler daşary ýurtlardan satyn alnan bolsa, bu gün kärhananyň daşary ýurtlara eksport edýän aýna önümleriniň möçberi barha artýar. Pudakda sement, demir we aýna önümlerinden başga-da, magdan däl materiallar, gurnama demirbeton, iri panelli jaý gurluşyk önümleri, elektron serişdeler we maşyngurluşyk enjamlary, diwara örtülýän materiallar, keramzit, gazbeton, gips, kaolin, izogam önümleridir beýleki gurluşyk materiallary öndürilýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen milli elektron senagaty kemala gelýär, ilat arasynda uly isleg bildirilýän elektron we elektrotehniki önümleriň çykarylyşy ýola goýulýar. Ministrligiň bilelikdäki «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan elektron harytlaryň önümçiligi giňden alnyp barylýar. Hojalyk jemgyýetinde dürli görnüşli LED lampalaryň, okuwçylar üçin niýetlenen öwrediji kompýuterleriň, netbuklaryň, smartfonlaryň, 32, 42, 55 we 65 dýuým ölçegli smart telewizorlaryň önümçiligi ýola goýuldy.
Gurluşyk materiallary pudagynda öndürilýän dürli görnüşli önümleriň, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň möçberi mundan beýläk-de artdyrylar we pudagyň eksport mümkinçilikleri ýokarlandyrylar. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň pudaklaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ministrlik tarapyndan ähli zerur işler amala aşyrylýar. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 20-nji fewralynda gol çeken «Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020 — 2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlarynyň etraplarynda hem-de şäherlerinde häzirki zaman senagat desgalarynyň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Munuň özi Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň geçen döwründe pudakda senagat önümleriniň esasy görnüşleri boýunça meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirilip, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ähli ugurlarda ýokary ösüş depginleri gazanyldy.
Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagynyň agzybir işgärleri eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri, döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarlar.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gülşirin TAGANDURDYÝEWA,