Täzelikler
Energetika ulgamy ösüşiň täze belentliklerinde

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kuwwatly elektroenergetika pudagynyň giň gerim bilen ösdürilýän hem-de onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilen energetika syýasatynyň yzygiderli we ynamly amala aşyrylýan döwrüdir. Şonuň bilen baglanyşykly bu ulgamyň ösüş depginini has-da ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek ugrunda birnäçe maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, täze energiýa ulgamlaryny döretmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Şonuň ýaly belent maksatly işler göz öňünde tutulyp, ýurdumyzda bu ulgamyň binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmaga we işjeňleşdirmäge niýetlenen «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» we «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň Milli strategiýasy» ýaly birnäçe maksatnamalaýyn resminamalar kabul edildi. Bu resminamalar döwletimiziň elektrik energetika ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ykdysadyýetde esasy orunlaryň birini eýeleýän energetika ulgamynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ulgamyň ýeterlik derejede ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň kärhanalarynyň işiniň netijeli guralmagy olaryň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegine hem baglydyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň elektrik energiýasy bilen üpjün edilýändigini, şeýle hem oňa bolan isleg nazara alnyp, energetika pudagynyň kuwwatynyň artdyrylýandygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda Türkmenistanyň energetika senagatynda ýokary ösüş depginleri gazanylýar, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, onuň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Paýtagtymyz we ýurdumyzyň welaýatlary gijelerine yşyklara beslenip, ajaýyp görnüşe gelýär. Munuň özi elektrik energiýasyna bolan islegiň kanagatlydygyny aňladýar.

Ýurdumyzda elektrik energetikasy pudagynyň düýpgöter özgerdilmeginiň netijesinde, uly zähmet üstünlikleri gazanyldy. «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýalary guruldy. Şonuň ýaly-da elektrik geçirijileriň müňlerçe kilometri gurlup, hereket edýänleriniň durky täzelendi. 2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan iri gazturbinaly elektrik stansiýasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Bu pudagy ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda gurlan sekizinji elektrik stansiýasydyr. Taryh üçin gysga döwürde sekiz sany elektrik stansiýasynyň ulanyşa girizilmegi pudagyň ýeten belent sepgitlerine aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde bu elektrik stansiýalary netijeli işledilip, ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasy öndürilýär. Bularyň ählisi sebitleriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär. Geljekde pudak tarapyndan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolan Günden we ýelden elektrik energiýasyny almagyň, hereket edýän gazturbinaly elektrik stansiýalaryny ýönekeý dolanyşykdan utgaşdyrylan bug we gaz dolanyşykly elektrik stansiýalaryna öwürmegiň taslamalaryny durmuşa geçirmek bu ulgamyň öňünde derwaýys wezipeleriň biri hökmünde garalýar.

Şu ýylyň 23-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Ahal — Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisi işe girizildi. Onuň amala aşyrylmagyna döwletimiziň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň ähli kärhanalary we edaralary gatnaşdylar. Bu geçirijiniň gurulmagy ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan iri möçberli taslamanyň birinji tapgyrydyr. Onuň baş maksady ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energoulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmek arkaly, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Güýjenmesi 220 kW, uzynlygy 421 kilometr bolan täze asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi daşary ýurtlara eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberiniň artmagyna-da şert döredi. Halkalaýyn energiýa ulgamynyň Ahal — Balkan böleginiň işe girizilmegi bilen ýurdumyzyň iki sebitiniň arasynda elektrik energiýasynyň özara akymy kadalaşdyrylýar. Energiýa serişdeleriniň ätiýaçlyk mümkinçilikleri döredilip, sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagy gazanylýar. Geljekde bu taslamanyň Balkan — Daşoguz böleginiň gurluşyk-gurnama işlerini dowam edip, energiýa ulgamyny bir bitewi halka birleşdirmek işini tamamlamak göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, her hili howa şertlerinde hem ýurdumyzyň ähli sebitlerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edip boljak elektroenergetika ulgamy kemala geler. Halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyryny işe girizmek dabarasynda hormatly Prezidentimiz pudagyň geljek üçin meýilnamalary barada aýdyp, Aşgabat — Mary aralygynda hereket edýän elektrik geçirijiniň hem döwrebaplaşdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.

Biziň ýurdumyzyň uzakmöhletleýin energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň möhüm guraly hökmünde Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň düýpli işjeňleşýändigini belläp geçmek zerurdyr. Energetika ulgamynda giň we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk XXI asyrda dünýäde bolup geçýän durnukly hem-de öňegidijilikli ýagdaýlaryň esasy ölçegi bolup durýar. Özüniň ägirt uly serişde mümkinçiligini tutuş adamzadyň bähbidine peýdalanmaga ymtylýan türkmen halkymyz bu ugurda anyk ädimleri ätmek bilen, ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmak ýörelgelerine hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga esaslanýan bu ugurdaky syýasaty durmuşa geçirýär. Bu babatda ýurdumyzyň 2017-nji ýylda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanylmagy möhüm ähmiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda 2017-nji ýylyň 30-31-nji maýynda Halkara Energetika Hartiýasynyň «Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol» atly Aşgabat forumy geçirildi we onda energetika babatda öňde duran döwlet ähmiýetli, umumadamzat bähbitli ençeme meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol ýylyň 28-29-njy noýabrynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Aşgabat şäherinde geçirilen maslahatynyň 28-nji mejlisinde-de hormatly Prezidentimiziň möhüm ähmiýetli başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda kemala gelen energetika diplomatiýasynyň dünýä işewürliginiň we bilermenler toparlarynyň arasynda uly gyzyklanma hem-de seslenme döredýändigi bellenildi. Milli Liderimiziň ählumumy we bölünmez energetika howpsuzlygynyň bütin dünýäde ýola goýulmagy babatdaky başlangyçlary, ylmy garaýyşlary biragyzdan makullanyldy. Türkmenistanyň dünýäde uly gyzyklanma döredýän energiýa serişdelerini tygşytlamak, onuň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak, energetika pudagynyň ekologiýa meselelerine aýawly we uzak geljegi göz öňüne tutup çemeleşmek, tebigy gurşawy gorap saklamak, bu pudaga innowasion tehnologiýalary we usullary ornaşdyrmak baradaky başlangyçlary dogrusynda pikir alşyldy. Bütin dünýäde oňyn Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa ornaşdyrýan Türkmenistanda ähli durmuş ulgamlarynyň kadaly işlemeginiň binýatlyk bölegi hökmünde «ýaşyl ykdysadyýeti» ösdürmek üçin hem zerur şertleriň döredilýändigi buýsandyryjy hakykatdyr.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýangyç-energetika serişdeleriniň önümçiliginiň we gazylyp alnyşynyň depgini düýpli ýokarlandyrylyp, energiýa serişdeleriniň ugradylyş ýollary hem diwersifikasiýalaşdyrylýar. Bilşimiz ýaly, indi köp ýyllardan bäri türkmen energetika ulgamy bilen sebitiň birleşen energetika ulgamynyň arasynda elektrik baglanyşygy bar. Häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasyna, Özbegistan döwletine ýokary güýjenmeli elektrik geçirijisi boýunça elektrik energiýasynyň eksportyna niýetlenen «elektrik köprüsi» bardyr. Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň beýleki ugurlar boýunça, hususan-da, Pakistan Yslam Respublikasyna we Täjigistan döwletine eksport edilmeginiň geljegine uly umyt baglanýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Owganystan Yslam Respublikasynyň ykdysadyýetini galkyndyrmak babatynda durmuşa ornaşdyrylýan beýik işleri biziň ýurdumyzyň milli ynsanperwerlik ýörelgelerini barha dabaralandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyz goňşy Owganystan Yslam Respublikasynda demir ýol geçelgesini, optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny, TOPH gaz geçirijisi, bu gaz geçiriji bilen ugurdaş güýji 500 kilowolt bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirýär. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň gündogar sebitinde gurulýan elektrik beketleriniň aglaba bölegi goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň ykdysady galkynyşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Elektrik energetikasyny ösdürmek, bu ugurda täze mümkinçilikleri açmak we işe girizmek geljege gönükdirilen uzakmöhletleýin döwlet ähmiýetli wezipedir» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, biziň baýry ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň esasynda Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri boýunça Ylmy-önümçilik merkezinde-de uly göwrümli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Merkeziň gurluşy fotoelektrik öwürme tehnologiýalary, Gün energiýasynyň toplanmasy we geliotehnika, bioenergetika we biomassany täzeden işlemek, ýel elektrik stansiýalary, elektrik energiýasyny ýygnamagyň tehnologiýalary we taslamalar ýaly bölümlerden ybaratdyr. Häzirki döwürde bu merkezdäki işler ýurdumyzda tejribe fotoelektrik stansiýalary ulanmagyň ylmy esaslary, howa we suw geliogyzdyryjylary, elektrik stansiýalaryň bug turbinalarynda emele gelýän biogazy ulanmak üçin galyndylary gaýtadan işlemegiň tehnologiýalary, toplanan ýylylyk energiýasyndan elektrik energiýasyny almak, gyzgyn suw üpjünçilik we ýylylyk ulgamlarynda Gün kollektorlaryny ulanmagyň usullary ýaly birnäçe ugurlar boýunça işler alnyp barylýar. Bu işleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny berkider, önümçiligiň netijeliligini, elektrik energiýasynyň sarp edilişini, daşary ýurtlara iberilişiniň ýokary göterilmegini üpjün eder.

Energetika ulgamynda şeýle belent maksatly çäreleriň durmuşa geçirilmegi eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu babatda il-günümiziň bagtyýar şu gününi we röwşen geljegini nazarlaýan döwletli tutumlary, dünýä nusgalyk işleri üçin Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris.

Gaýgysyz ATAÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw işleri boýunça prorektory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46491

12.11.2021
Ykdysady gatnaşyklar ösdürilýär

9-njy noýabrda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda Awstriýa Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe duşuşyklar geçirildi.

Awstriýanyň wekiliýetiniň düzümine dostlukly ýurduň iri kompaniýalarynyň wekilleri girdi. Şeýlelikde, şol gün geçirilen duşuşyklara gatnaşyjylaryň hatarynda hyzmatdaşlyk boýunça radioýaýlym enjamlaryny öndüriji «Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH» kompaniýasynyň, ýangyna garşy enjamlary we ýörite awtomobilleri getirýän «Rosenbauer International AG» kompaniýasynyň, ulag düzümleriniň gurluşygy boýunça «Waagner Biro Bridge System» kompaniýasynyň, lukmançylyk edaralary üçin önümleri getirýän «VAMED» kompaniýasynyň, «Europe Consult GmbH» konsalting-maslahat beriş kompaniýasynyň, saglygy goraýyş ulgamy üçin tehnologik çözgütleri taýýarlaýan «AME International», elektroenergiýanyň durnukly önümçiligi üçin täzeçil çözgütleri öňe sürýän «Geppert GmbH» kompaniýasynyň, şeýle hem «Osterreichische Kontrollbank AG» kompaniýasynyň we iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryna işjeň goldaw berýän Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynyň wekilleri bar.

Ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Maliýe we ykdysadyýet, Medeniýet, Energetika ministrlikleriniň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň, Daşary ykdysady iş bankynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de başga-da birnäçe pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri awstriýaly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini, täzeçil enjamlaryň, şol sanda radioýaýlym, lukmançylyk, sport enjamlarynyň getirilmegini guraýan bilelikdäki kärhanalary döretmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linhartyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana bu gezekki sapary däp bolan döwletara gatnaşyklary berkitmegiň hem-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüldi. Bu sapar Garaşsyz türkmen döwletiniň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen doly möçberli gatnaşyklaryny has-da giňeltmeginde ähmiýetlidir.

Soňky ýyllarda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler işjeňleşdirildi. Bu bolsa ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli meseleleri we halkara derejedäki wezipeler boýunça pikir alyşmaga, olar boýunça umumy çemeleşmeleri we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle hyzmatdaşlygyň türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam edýändigini biragyzdan nygtadylar.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46374

11.11.2021
Ösüşlere beslenýän sebit

Milli Liderimiziň daşyna berk jebisleşip, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny we medeni-durmuş ulgamlarynda ajaýyp üstünlikleri gazanýan Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny hem uly ösüşleriň ýylyna öwürýär. Bu ajaýyp künjegiň her bir ýaşaýjysy mähriban Watanymyzda ähli babatlarda amala aşyrylýan dünýä nusgalyk işlere gönüden-göni dahyllydyklaryna buýsanyp, merdana halkymyza şeýle bagtyýar günleri peşgeş beren eziz Arkadagymyzyň adyna tükeniksiz alkyş aýdýar.

Hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlarda amala aşyrýan ägirt uly özgertmeleri hem-de gazanylýan netijeler bilen tutuş dünýäde nusgalyk döwlete öwrülýän ýurdumyzyň Balkan welaýatyny gysga wagtyň dowamynda güýçli depginlerde ösdürmäge aýratyn üns bermeginde çuňňur many-mazmun bar. Çünki Hakdan halatly eziz Arkadagymyz ýurdumyzyň häzirki we geljekki ykdysady, syýasy hem-de medeni-durmuş ulgamlardaky ösüşlerini Diýarymyzyň Günbatar sebiti bilen berk baglanyşdyrýar. Sebäbi gözbaşyny geçmişiň çuňluklaryndan alyp gaýdýan gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän Balkan welaýaty ýerasty we ýerüsti baýlyklaryň uly möçberlerdäki gorlaryna eýedir. Şonuň ýaly-da, bu sebit geografik ýerleşişi babatda amatly bolup, dünýäniň ähli künjeklerine uzaýan polat, howa, deňiz-derýa we awtomobil ýollaryny, uglewodorod serişdelerini akdyrmaga niýetlenen turbageçirijileri hem özünde jemleýär.

Welaýatda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny yzygiderili ösüşlere ygtybarly ýaran etmek üçin giň mümkinçilikler toplanandyr. Diňe Garabogazköl aýlagynyň özi hem sözüň doly manysynda, hazynalar mesgenidir. Guwlyduzuň ätiýaçlyk gorlary hem tapylgysyz baýlyklaryň biridir. Diýarymyzda ýeriň jümmüşinden alynýan nebitiň esasy bölegi, tebigy gazyň milliardlarça kub metri, balyk we balyk önümleriniň köpüsi, şonuň ýaly-da, nahar duzunyň, tehniki ýoduň, uglerodyň, bromuň uly möçberleri hem şu mekana degişlidir.

Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda tutuş ýurdy senagatlaşdyrmak baradaky döwlet syýasatynyň şu sebitde öz mynasyp çözgüdini tapýandygyny aýdyň görmek bolýar. Diňe soňky birnäçe ýylyň dowamynda täze gurlup, dabaraly ýagdaýda işe girizilen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty, Garabogazdaky karbamid zawody, Gyýanlydaky polimer zawody, Demirgazyk — Günorta transkontinental demir ýol geçelgesi, Gündogar — Günbatar magistral gaz geçirijisi, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň birinji tapgyry, Esenguly, Serdar we Bereket etraplaryndaky çeper halyçylyk kärhanalary, Magtymguly etrabyndaky Tikin we aýakgap fabrikler toplumy, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndaky häzirki zaman desgalary, ýangyç-energetika ulgamynda işe girizilen dürli maksatly önümçilik toplumlary Jebel şäherçesindäki «Balkan» sement zawody, şäherlerdäki we etraplardaky demir ýol, howa, awtoulag menzilleri... hem munuň şeýledigine doly güwä geçýär. Balkanabatdaky döwlet drama teatry, welaýat kitaphanasy, Bagt köşgi, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, «Türkmeniň ak öýi» binasy, on müň tomaşaçy orunlyk köpugurly stadiony bolan sport toplumy, şäherlerdäki, etrap merkezlerindäki we obalardaky döwrebap mekdepler, çagalar baglary, medeni ojaklar, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy we beýlekiler bu gün ýurdumyzyň Günbatar sebitini nurana keşbe getirýär.

Bu gün Türkmenistan milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan ulag we logistika ulgamynda halkara derejesindäki gatnaşyklary ösdürmäge saldamly goşant goşýar. Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk döwletleriň we sebitleriň ykdysady hem-de syýasy talaplaryny üpjün edip bilýän, yklymara giňişlikleri birleşdirip, döwletleriň strategik bähbitlerini sazlaşdyrýan, tebigy baýlyklardan peýdalanmagyň mümkinçiliklerini artdyrýan, haryt dolanyşygyny ösdürýän kuwwatly geosyýasy ösüşiň möhüm şertleriniň biridir.

Türkmenbaşy şäherinde täze Halkara deňiz portunyň gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanyşa berilmegi, diňe bir ýurt ýa sebit üçin däl, eýsem, tutuş dünýä möçberinde hem, sözüň doly manysyndaky, taryhy waka bolupdy. Hazaryň kenaryndaky Halkara deňiz porty bu sebitiň ýükleri üstaşyr geçirmek mümkinçiligini güýçlendirmekde, möçberlerini artdyrmakda, ýolagçylary gatnatmakda, ýükleri daşamakda, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmakda, önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmekde hem-de olary netijeli peýdalanmakda, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birlikde Balkan welaýatyny hem durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ine, 10-njy noýabrda welaýatymyzyň Türkmenbaşy şäherinde 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň we Türkmenbaşy etrabynda «KAMAZ» kysymly awtoulaglary abatlaýyş, okuw we hyzmat ediş merkeziniň dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Welaýatymyzyň Magtymguly etrabynyň adybir şäherçesinde bina edilen bäbekhanaly 50 orunlyk köpugurly hassahana we 30 orunlyk saglyk öýi hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň giňden bellenilen ýylynda ulanyşa berlen desgalaryň üstüni ýetirdi. Bu desgalar sebitiň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga we täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.

Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşlarynda hemişe nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda jemgyýetçilik-syýasy guramalara möhüm orun degişlidir. Biz milli Liderimiziň öňümizde goýan anyk wezipelerinden ugur alyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda alyp barýan wagyz-nesihat işlerimiz arkaly berkarar döwletimiziň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň düýp mazmunyny halk arasynda giňden düşündirmekde ukyp-başarnyklarymyzy, zehinimizi gaýgyrman zähmet çekýäris. Bu möhüm wezipäni ýerine ýetirmekde TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň düzümindäki partiýa guramalarynyň 780-den gowragy göreldeli işleri alyp barýar. Welaýatymyzdaky partiýa agzalarynyň umumy sanynyň otuz müňe golaýlaýandygyny hem aýratyn nygtasymyz gelýär. Olar milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda halal zähmet çekmek bilen çäklenmän, Gahryman Arkadagymyzyň içeri we daşary syýasatyny, ata Watanymyzyň dünýä nusgalyk işlerini halk köpçüliginiň arasynda yzygiderli wagyz etmekde hem aýratyn işjeňlik görkezýärler.

Balkan welaýatynda üstünlikli amala aşyrylan we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän işler baradaky söhbeti buýsanç bilen dowam etdirmäge mysallar başga-da az däl. Iň esasy-da, olaryň her biriniň berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna, halkymyzyň bagtyýarlygyny ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilýänligidir. Ine, şu beýik hakykat üçinem welaýatymyzyň ýaşaýjylary hormatly Prezidentimiziň adyna tükeniksiz alkyş sözlerini aýdyp, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urýarlar.

Bibiaýşa SAPAROWA,

TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46389

11.11.2021
Ykdysady gatnaşyklar ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan ykdysady strategiýasy,  önüm öndüriji telekeçilere döwlet goldawyny bermek boýunça durmuşa geçirýän anyk işleri, öňdebaryjy tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagy ýurdumyzda sarp edijileriň arasynda uly islegden peýdalanýan önümleriň öndürilýän görnüşleriniň artdyrylmagyna, möçberleriniň ýokarlanmagyna mümkinçilik döredýär. Onuň şeýledigine S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Nowbahar geňeşliginiň çäginde hereket edýän guýlan demirden bezeg önümlerini taýýarlaýan «Türkmen berekedi» kiçi kärhanasynyň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Berk we ygtybarly harytlary çykarýan bu hususy önümçilik telekeçi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Erkebaý Atamyradow tarapyndan guruldy.

Hytaý Halk Respublikasynda çykarylan ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen önümçilik ýylda 6,5 müň tonna önüm öndürmäge niýetlenen. Esasy bölümde kuwwatly elektrik peçleriniň, ygtybarly, ýokary öndürijilikli beýleki ýöriteleşdirilen enjamlaryň dürs we üznüksiz işi ýola goýlan. Kärhanada ähli tehnologik talaplar düzgüne laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenler tarapyndan jogapkärçilikli ýerine ýetirilýär. Täze tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde, taýýarlanan dürli ölçegli, nagyşly demir önümleriniň — haýatlaryň, gözenekleriň iri tapgyry alyjylara yzygiderli ugradylýar.

Sebitde häzirki zaman ülňüli önümçilik düzümleriniň döredilmegi, öňdebaryjy tehnologiýanyň netijeli ulanylmagy Gahryman Arkadagymyzyň ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça wajyp wezipeleriň oňyn çözülýändiginiň güwäsidir. TSTB-niň agzalarynyň başlangyçlarynyň hasabyna, şu ugurda alnyp barylýan işleri geljekde işjeňleşdirmek, önümçiligi has giňeltmek meýilleşdirilýär. Ol bolsa içerki bazarlarymyzda ýokary islegden peýdalanýan önümleri artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder.

Öre HOJAÝEW,

öz habarçymyz.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46337

11.11.2021
Maýa goýum syýasatynyň aýratynlyklary

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde maýa goýumlaryň uly ähmiýeti bardyr. Döwletiň durmuşa geçirýän bu syýasaty maýa goýum işini işjeňleşdirmek, ykdysady ösüşi, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak we ilatyň durmuş meselelerini oňyn çözmek maksady bilen amala aşyrylýan hojalyk işleriniň toplumydyr. Maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň baş maksady ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakdan, önümçiligiň giň gerimde ösdürilmegini we düýpli maýa goýumlaryň maýadarlar üçin peýdaly bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzda uly möçberli maýa goýum işlerini amala aşyrmak üçin ähli ykdysady amatlyklar, ýagny ýeňillikli karz, salgyt, gümrük tölegleri we halkara talaplara laýyk gelýän berk kanunçylyk binýady döredildi. Şeýle amatlyklar maýadarlarda uly gyzyklanma döredýär.

Milli ykdysadyýetimize çekilýän maýa goýumlaryň esasy aýratynlygy ýerli maýa goýumlaryň, döwlet býujetiniň serişdeleriniň paýynyň ýokary bolmagyna oňyn şert döredýär.

Ýurdumyzda nebitgaz, nebithimiýa, saglygy goraýyş we derman senagaty, ulag-aragatnaşyk, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmek boýunça taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, daşary ýurt maýalarynyň akymyny artdyrmak, amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek barada ägirt uly işler alnyp barylýar.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyza maýa goýumlary çekmek we olaryň möçberini artdyrmak babatynda alnyp barylýan işiň çäklerinde Türkmenistanyň bank ulgamynyň tutýan orny örän uludyr. Maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde we ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdeleriniň çekilmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan uly işler alnyp barylýar.

Maýa goýumlar babatda, halkara gatnaşyklary ilerletmekde Türkmenistan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär. Diýarymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky asudalyk, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesi, durnukly durmuş-ykdysady ösüşimiz, ýurdumyzda döwrebap ulag-aragatnaşyk infrastrukturasynyň hereket etmegi, daşary ýurt maýa goýumlarynyň kanun taýdan goraglylygy, maýadarlary höweslendirmek üçin berilýän salgyt we gümrük boýunça ýeňillikler bu ugurdaky işleriň rowaçlanmagyna ähli mümkinçilikleri döredýär. Alnyp barylýan oýlanyşykly maýa goýum syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüş depgini gazanylýar. Daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň görnüşleriniň artmagy netijesinde daşary söwda dolanyşygynyň oňyn tapawudy emele gelýär.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan oýlanyşykly maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösdürilmegine, ykdysady mümkinçilikleriň artdyrylmagyna hem-de halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Allamyrat ATABAÝEW,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymy.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46297

10.11.2021
Okgunly ösüşleriň ýolunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda kabul edilýän we üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet hem-de milli maksatnamalarynyň özeninde Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly tagallalaryň durmagy ähli ösüşdir özgertmeleriň rowaçlanmagyna itergi bolýar.

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 25-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çuň manyly çykyşynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmekde amala aşyrylmaly işler barada aýratyn durup geçdi. Milli Liderimiz ykdysadyýetiň pudaklaryny düýpli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi, ýokary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçilik pudaklaryny ösdürmäge ýardam etmegi, döwlet emlägini dolandyrmagyň görnüşlerini we usullaryny düýpli gowulandyrmagy, ylym-bilim edaralarynda milli maýa goýum ulgamyny döretmek, aň-bilim işine gyzyklanmany ýokarlandyrmak, ylmyň we bilimiň gazananlary esasynda tehnologik açyşlary amala aşyrmak arkaly eýeçiligiň dürli görnüşlerini giňeltmegi hem esasy ugurlaryň hatarynda görkezdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek üçin ykdysady şertleri döretmek we önümçilikleri höweslendirmek arkaly daşky gurşawyň howpsuzlygyny yzygiderli üpjün etmek, täze iş orunlaryny, şol sanda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagynda täze iş orunlaryny döretmek, hünärmenleri taýýarlamagy kämilleşdirmek esasynda ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak babatynda durup geçdi. Bu zatlaryň özi döwlet Baştutanymyzyň halkymyzy mynasyp durmuşda ýaşatmakda, berkarar Watanymyzy ösen senagat ýurduna öwürmekde uly alada edýändiginiň alamatydyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň okgunly ösüşi her birimizi begendirýär. Watanymyzyň sebitlerinde iri senagat kärhanalarynyň, zawoddyr fabrikleriň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi özümizde öndürilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberiniň artmagyna, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlanmagyna, ilatymyzyň täze iş orunlary bilen üpjün edilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Şu şanly ýylymyzyň tomsunda Kaka etrabynda iri dokma toplumynyň gurlup, işe girizilmegi bu ugurdaky işlerde uly ähmiýeti bardyr. Bu häzirki zaman iri dokma toplumynda bir ýylda 5 müň tonna inçe süýümli pagtanyň gaýtadan işlenip, “kompakt-penýe” görnüşli ýokary hilli ýüplükleriň 3 müň 650 tonnasynyň, şeýle hem garyşyk ýüplükleriň öndürilmegine giň şertleriň bolmagy, şeýle-de ildeşlerimiziň 1300-si üçin iş orunlarynyň açylmagy buýsanç bilen bellenilmeli ýagdaýdyr.

Okgunly ösüşleriň bady bilen berkarar Watanymyzy täze belentliklere, halkymyzy röwşen geljege alyp barýandygy üçin hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.

Döwletgeldi TÄŞLIÝEW,

Gökdepe etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46278

10.11.2021
Ýol gündogara uzaýar

XXI asyra «Tehnologiýalaryň asyry» diýýäris. Ýöne ýaşamasy juda jogapkärli asyrda döwrebap tehnologiýalardan baş çykarmak hem käte ýeterlik bolmaýar. Olar öňem gerekli bolandyr welin, tizlik bilen ýokary hil biziň asyrymyzda has zerur. Wagt iň gymmatly baýlyga öwrülýär. Köplenç ol ýetmezçilik edýär. Şonuň üçin «Ýokary tizlikli internet», «Sesden ýyndam ulag», «Hiliň iň ýokary derejesi» ýaly düşünjeleriň gündelik durmuşymyza ornaşmagy ýönelige däl.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli ýoluň ýakynda açylyp, ulanmaga berlen Aşgabat — Tejen bölegi bu talaplaryň ikisine-de gabat gelýär. Türkmen gurluşykçylary ýokary hilli, ýokary tizlikli ýoluň ilkinji tapgyrynyň gurluşygyny tamamladylar. Täze ýoluň aýratynlyklary barada kän ýazyldy. Bize ol maglumatlary gaýtalap oturmagyň hajaty ýok. Ýöne başga bir hakykaty, bu ýoluň ikinji we üçünji tapgyrynyň gurluşygynda depginiň has ýokarlandyrylandygyny guwanç bilen habar berýäris. Hut şol işler bilen gyzyklanyp, ýoluň Mary — Türkmenabat bölegi boýunça jogapkär Kamil Halmyradowa ýüz tutduk. Ýol gurluşygynda baý tejribe toplan Kamil aga häzirki wagtda «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde tehnik-gözegçi bolup işleýän eken. Söhbetdeşimiziň gürrüň berşi ýaly, ýoluň üçünji tapgyrynyň uzynlygy 125 kilometre ýeter. Ol 475-nji kilometrden başlap, 600-nji kilometrde tamamlanar. Häzirki wagtda ýoluň bu böleginiň gurluşygyny «Ata melhem» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp barýar. Ýoluň 110 kilometrinde ilkinji tekizleýiş işleri tamamlandy. Çägesi süýşürilip, ýol ugrundaky ähli päsgelçilikler aýrylan zolagyň ini 100 metre ýetýär. Bu bolsa ýoluň ugrunda goşmaça binalary-da gurmaga mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende aýtsak, üçünji tapgyryň gurluşygy Baýramaly etrabynyň Bagtyýarlyk şäherçesiniň 3 kilometr günbataryndan başlap, Türkmenabadyň daşy bilen Faraba geçýän awtoulag ýolunyň başlangyjynda tamamlanar. Ýoluň tamamlanýan böleginde uly aýlaw gurmak meýilleşdirilýär. Tekizlenen bölegiň bir ujy Türkmenabat şäherine ýakynlady. Onuň beýleki ujy Bagtyýarlyk şäherçesine golaýlaýar. Arassalanan bölegiň 21 kilometrine geotekstil düşelip, çagyl daşlaryny ýazmak işi gutardy. Ýoluň iň aşaky gatlagyndaky geotekstildir çagyl ýokarky gatlagy çyglylykdan goraýar. Häzirki wagtda gurluşygyň bu böleginde hünärmenleriň 150-den gowragy zähmet çekýär. Işiň aglaba böleginiň Garagumuň alaňlarynyň arasynda alnyp barylýandygyna garamazdan, potratçy hususy kärhana tarapyndan işçilere oňaýly şertler döredilipdir. Kamil aga gurluşykda ulanylýan tehnikalaryň sanynyň 100-e golaýlaýandygyny gürrüň berdi.

Gurluşygyny 2023-nji ýylyň dekabrynda tamamlamak meýilleşdirilýän ýoluň Aşgabat — Tejen bölegindäki işlere gatnaşan işçiler we tehnikalar beýleki tapgyrlara-da kömege gelýär. Bu gurluşygyň depgininiň has ýokary bolmagyny üpjün eder.

Agageldi ITALMAZOW.

(Öz habarçymyz).




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46221

09.11.2021
Milli ykdysadyýetiň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary milli ykdysadyýetimizi döwrebap ösdürmekden we diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine daşary ýurtlardan maýa goýumlaryny çekmegiň ähmiýeti has ýokarydyr. Milli Liderimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň netijesinde bu ugurda uly ösüşler gazanylýar.

Abraýly Halkara maliýe edaralaryndan — Halkara täzeleniş we ösüş bankyndan, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankyndan, Aziýanyň ösüş bankyndan hem-de Yslam Ösüş Bankyndan kiçi we orta telekeçiligi goldamak babatda maýa goýumlary çekmek boýunça çäreler toplumy yzygiderli esasda amala aşyrylýar. Muňa mysal hökmünde, golaýda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Yslam Ösüş Bankynyň hususy pudagynyň bölümi — Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam Korporasiýasynyň (ICD) arasynda maliýe ylalaşygyna gol çekilendigini bellemelidiris. Bu maliýeleşdirme hususy pudagyň taslamalaryna goldaw berer.

2019-njy ýylda hem Yslam Ösüş Bankynyň Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam Korporasiýasyndan çekilen maliýe serişdeleri ýurdumyzyň kiçi we orta kärhanalaryny maliýeleşdirmek üçin üstünlikli amala aşyryldy.

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasynyň arasynda üç sany uly şertnama gol çekilip, Türkmenistanyň hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek Memorandumy, ylalaşylan möçbere laýyklykda serişdesi bolan maýa goýum kompaniýasynyň bilelikde döredilmegine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň esasy strategik hyzmatdaşlarynyň ýene-de biri Ýaponiýa döwletidir. Hökümet wekiliýetiniň 2021-nji ýylyň iýul aýynda bu ýurda amala aşyran ýokary derejedäki saparynyň dowamynda birnäçe möhüm ähmiýetli maýa goýum häsiýetli ylalaşyklar gazanyldy. Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasyndan «Toyota» kysymly awtoulaglary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak baradaky hem-de «Itochu Corporation» kompaniýasyndan «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak baradaky şertnamalara gol çekildi. Şeýle hem, bu şertnamalaryň maliýeleşdirilmegi üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen Niderlandlar Patyşalygynyň «ING» bankynyň arasynda iki sany karz ugrunyň taýýarlanmagy boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi, abraýly maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde maýa goýumlary artdyrmagyň ýollarynyň kämilleşmegi, jemi içerki önümiň ösüşine hem uly täsirini ýetirýär. Bu görkeziji netijeli häsiýete eýe bolup, ýurdumyzyň hojalyklaryna goýlan maýa goýumlaryň netijesinde, şol hojalyklaryň önümçiliginiň ýokarlanmagyna getirýär.

Hormatly Prezidentimiz «Fitch Ratings» agentligi tarapyndan Türkmenistan üçin berlen derejäniň döwletimiziň halkara maliýe abraýyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyza daşary ýurtlardan çekilýän maýa goýumlaryň mukdaryny artdyrmaga we karzlaryň şertlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň has-da ösmegine ýardam berjekdigini belläp, munuň ýurdumyz üçin örän uly abraýdygyny nygtady. Dünýä ykdysadyýetinde durnuksyz ýagdaýlaryň dowam edýändigine garamazdan, ýurdumyzda soňky gysga döwürde ykdysadyýet, maliýe we bank toplumy tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde ykdysady durnuklylyk saklanýar.

Goý, berkarar Diýarymyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Güljan ATAÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46175

09.11.2021
Desterhanlara nygmat, ýurda abadançylyk

Ýene bir ýylyň tamamlanyp barýandygy sebäpli bilen oba hojalyk işgärleri hem bitirilen işlere ser salyp, gazanylan netijeleri seljerip görýärler. Bu pursat ekinleriň hasylyny yrýasyz ýygnap, Watan harmanyna tabşyran daýhanlar, mallardan bol önüm alan maldarlar üçin toý-baýrama beslenýär. Ýetip gelýän Hasyl toýy azyk bolçulygyny döredýän, desterhanlarymyzyň dürli naz-nygmatlara beslenmegi ugrunda ýadawsyz alada edýän merdana adamlaryň hormatyna tutulýan şanly baýramçylykdyr. Bu toýy lebaply oba zähmetkeşleri hem mynasyp garşylaýarlar. Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilen ýylynda olaryň çekýän zähmetleri ýerine düşýär.

Ene topraga hyzmat etmek, ondan azyk önümlerini bolluk bilen öndürmek iň möhüm işleriň biridir. Hut daýhanlaryňdyr maldarlaryň çekýän joşgunly zähmeti arkaly eşretli ýaşaýyş, bolçulyk berkarar edilýär. Hormatly Prezidentimiz ilatyň abadan ýaşamagynda wajyp hyzmaty ýerine ýetirýän pudagy ileri tutup ösdürmäge ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Ol ähmiýet önüm öndürijileriň giňden goldanylmagynda, olara dürli ýeňillikleriň we işlemek üçin amatly şertleriň döredilmeginde, pudagyň önümçilik-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar.

Goldaw degerli bolanda işler düýpli ilerleýär, bereket bolçulygy döredilýär. Munuň hut şeýledigine möhüm oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberleriniň ýyl-ýyldan artdyrylýandygy hem ynandyryjy subutnamadyr.

Şanly ýylyň geçen döwründe welaýatymyz boýunça öndürilen ekerançylyk we maldarçylyk önümleri aşakdaky ýalydyr:

Bugdaý — 310 müň tonna.
Gök önümler — 211,2 müň tonna.
Bakja önümleri — 133 müň tonna.
Ýeralma — 107,5 müň tonna.
Miweler we ir-iýmişler — 42,5 müň tonna.
Üzüm — 17,5 müň tonna.
Et (diri agramda) — 118,6 müň tonna.
Süýt — 522,8 müň tonna.
Ýumurtga — 199 million sany.

Bu guwandyryjy görkezijileriň ählisi-de geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ep-esli artykdyr. Beýle diýildigi ilaty möhüm azyk önümleri bilen üpjün etmek meselesiniň üstünlikli çözülýändigini aýdyň görkezýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän azyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri bolluk bilen öndürmek boýunça öňde goýan jogapkärli wezipeleriniň ýerine ýetirilýändigine şaýatlyk edýär. Özi-de önümleriň artyk bölegini daşary ýurtlara eksport etmek işleriniň geriminiň giňelýändigi hem bellärliklidir. Möhüm azyk we maldarçylyk önümlerini öndürmek işinde hususy önüm öndürijileriň paýy yzygiderli artýar. Döwlete dahylsyz bölegiň işiniň öňe gitmegi bolsa olara işlemek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi bilen şertlendirilendir.

Döwlet bilen ene topraga eýelik edýän daýhanlaryň, bagbanlaryň, mallaradyr guşlara ideg edýän maldarlaryň maksatlarynyň bir bolmagy gazanylýan üstünlikleriň düýp özenini düzýär. Janypkeş oba adamlary ene topragy abadan we bolelin ýaşamagyň, halal girdeji gazanmagyň çeşmesi hasaplaýarlar. Bol hasylyň şanyna tutulýan toýda olaryň arman-ýadaman çekýän zähmetleri belentden wasp ediler. Toý gününde şeýle belent waspa mynasyplaryň atlary uly hormat bilen tutulyp, olaryň sylaglary ýetiriler. Bagtyýarlyk döwründe zähmetinden bagt tapýan daýhanlary, baş sany ýyl-ýyldan artýan mallara yhlasly ideg edýän sähra merdanlaryny gazanan uly üstünlikleri bilen gutlap, olara geljekde-de eziz Watanymyzy gülledip ösdürmek, rysgal-bereket bolçulygyny döretmek ugrunda çekýän zähmetleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.

Mämmet GYLYJOW.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46154

09.11.2021
Ýurdumyzyň beýik ösüşleri

Häzirki wagtda ýurtlaryň, halklaryň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmek, çuňlaşdyrmak bilen baglanyşykly ugurlara aýratyn üns berilýär. Şolary oňyn çözmekde hormatly

Prezidentimiziň ulag-üstaşyr geçelgeleri babatdaky öňdengörüjilikli başlangyçlary aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýakynda hormatly Prezidentimiz ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýokary tizlikli bu awtomobil ýolunyň ýurdumyzyň çäginden daşalýan ýükleriň we gatnawlaryň möçberini artdyrmaga hem-de çaltlandyrmaga amatly şertleri döretjekdigi şübhesizdir. Şonuň bilen baglylykda, goňşy ýurtlar bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmäge hem uly mümkinçilikler açylýar.

Şeýle ýokary tizlikli ýollary gurmakda türkmen hünärmenleriniň uly tejribesiniň bardygyny aýratyn bellemegimiz gerek. Şonuň üçin hem bu ýokary tizlikli ýolda hem türkmen hünärmenleri ähli döwrebap mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrdylar. Ýoluň ugrunda tizligi ölçeýji enjamlar, wideogözegçilik enjamlary we beýleki ugurlar ýoluň ýokary derejede gurlandygyndan habar berýär.

Daşalýan ýükleriň we gatnawlaryň möçberini artdyrmakda hem-de çaltlandyrmakda innowasion tehnologiýalara daýanmak — bu elbetde, ulag-üstaşyr geçelgelerini öz içine alýan ulgama täze bilimleri, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybarat. Şeýlelikde, jemgyýetçilik we ekologik meseleler oňyn çözülip, önümçilige sarp edilýän çykdajylar azalar we wagt tygşytlanar.

Ýokary tizlikli ýoluň hereket böleginiň biri-birinden ýörite zolak arkaly bölünmegi hereketiň päsgelçiliksiz bolmagyny üpjün edýär. Her ugurda hereket zolagynda adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolagyň, haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen metal germewleriň bolmagy döräp biläýjek päsgelçilikleriň öňüni almaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň ýakyn geljek üçin öňde goýan esasy wezipeleriniň hatarynda dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak we Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlarda ýollary we merkezleri baglanyşdyrýan esasy ýollaryň ugry boýunça düzümleri has-da giňeltmek bilen baglanyşykly ähmiýetli meseleler durýar. Bu ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Ýewraziýanyň ykdysady zolaklaryny birleşdirmek maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir.

Biz öz geçýän sapaklarymyzda, wagyz-nesihat çärelerimizde talyplaryň ünsüni şeýle ajaýyp işlere çekýäris. Hormatly Prezidentimiziň sargytlary, çykyşlary, nesihatlary biziň üçin görelde mekdebidir.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň biri bolup durýar. Baky Bitaraplygymyz bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymat bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Halkymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Aýna KIÇIÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46003

08.11.2021
Döwrebap ýollaryň rowaçlyklary

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejene çenli bolan 203 kilometrlik böleginiň hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berilmegi, oňa onlaýn görnüşde ýokary derejeli daşary ýurtly wekilleriň gatnaşmagy Türkmenistanda ýol-ulag düzüminde aýratyn ähmiýetli we möhüm ýörelgeleriň bardygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine çenli uzajak ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy doly tamamlanandan soňra, ol diňe bir milli ykdysadyýetiň umumy ösüşine, ulag ulgamynda goňşara, sebitara we yklymara hyzmatdaşlygyň ýokarlanmagyna, logistik binýadyň berkemegine täsir etmän, eýsem, Ahal welaýatynyň ykdysady durmuşyna-da önjeýli goşant goşar. Geljekde Lebap, Mary, Ahal we Balkan welaýatlaryny bir düzümde birleşdirjek ýokary tizlikli awtomobil ýoly, ilkinji nobatda, sebitleriň içerki söwda dolanyşygyny artdyrmaga, ýerli bazarlara tiz hem az çykdajy bilen çykmaga, daýhanyň yhlasy bilen kemala getirilen oba hojalyk önümleriniň terligine alyja ýetirilmegine mümkinçilik berer. Bu bolsa, bir tarapdan, içerki bazarlarda önüm bolçulygyny berkitmäge, olaryň bahalarynyň durnuklylygyny saklamaga mümkinçilik berse, beýleki tarapdan, şeýle ulag-ýol düzümleri harytlaryňdyr hyzmatlaryň ähli görnüşleri boýunça içerki söwda dolanyşygynyň işjeňleşmegine şert döreder. Şunda bir zada aýratyn üns bermek zerur. Ýurdumyzda ýol-ulag düzümi bilen baglanyşykly amala aşyrylýan iri taslamalar diňe bir ugra ýa-da ulgama täsir etmek bilen çäklenmeýär. Ol şol bir wagtyň özünde döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryna täsirini ýetirýär.

Oba hojalyk pudagyny ösdürmek esasy mesele bolmagynda galýar. Şundan ugur alanyňda, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýoly diňe bir söwda dolanyşygynyň, ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliginiň, ulag hyzmatlarynyň ýokarlanmagyna täsir etmän, oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine-de täsir eder. Bu bolsa halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak bilen gönümel baglanyşyklydyr.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Ahal welaýatynyň kesewini dürtseň gögerýän mes toprakly ýerlerinden öndürilýän önümleriň özüne düşýän gymmatynyň peselmegine we ýurdumyzyň çar künjegine, içerki bazarlardan artýan böleginiň bolsa diwersifikasiýa ýoly bilen eksporta ugradylmagyna mümkinçilik berer. Ýoluň ugrunda belli aralyklarda tehniki hyzmat ediş merkezleriniň, söwda merkezleriniň, garbanyşhanalaryň göz öňünde tutulmagy söwdadyr iýmit pudagynda täze iş orunlarynyň döremegine getirer. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunda ýol hereketiniň ýörite ulgam arkaly dolandyrylmagy, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin metal germewleriň ornaşdyrylmagy sürüjileriň, ýolagçylaryň hem-de ýükleriň howpsuzlygyny artdyrmaga, şonuň bilen birlikde-de, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga mümkinçilik berer. Onuň ugrunda ýerasty geçelgeleriň, ýolüsti geçirijileriň, trampedleriň, monolit köprüleriň gurulmagy, mallary geçirmek üçin ötükleriň 10-synyň, oba hojalyk tehnikalary üçin ötükleriň 17-siniň göz öňünde tutulmagy-da ýoluň howpsuzlygyny üpjün etmäge hyzmat edýär. Çünki şeýle howpsuzlyk awtobanyň halkara ülňülere laýyk gelmeginiň ilkinji şertleriniň biri we milli Liderimiziň esasy talaby bolup durýar.

Ýokary tizlikli awtomobil ýoly, mälim bolşy ýaly, Garagum sährasyny aralap geçýär. Bu bolsa ýelli howalarda çägäniň süýşüp, ýoly, dürli maksatlar üçin gurlan ötükleri basmak howpuny-da ýüze çykarýar. Şeýle bolansoň, munuň üçin emele getirilen gorag zolaklaryndan başga-da, çägeli ýerlerde suwsuzlyga çydamly, gum ösümlikleriniň, sazakdyr gandymlaryň we beýlekileriň ekilmegine, netijede, ekologiýa abadançylygyna, daşky gurşawyň goraglylygyna oňyn şertler döreder.

Harytlaryňdyr hyzmatlaryň özüne düşýän gymmaty olaryň esasy ýola uzaklygyna ýa-da ýakynlygyna, hiline, howpsuzlygyna, mümkinçiliklerine gönüden-göni baglydyr. Şu babatdan alanyňda, gürrüňi edilýän awtomobil ýoly Ahal welaýatynda bu ugurdaky işleriň depgininiň ýokarlanmagyna-da täsir eder. Soňky ýyllarda, beýleki sebitler bilen birlikde, bu welaýatda-da hormatly Prezidentimiziň tagallalarydyr ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, hususy taraplara degişli kärhanalar, bagçylyk hojalyklary ep-esli artdy. Bir döwürler tas ählisi diýen ýaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlardyr miweler, olardan alynýan önümler indi türkmen telekeçileri tarapyndan, elýeterli bahalardan öndürilýär. Bu ýagdaý orta hem uzak möhletli döwri alanyňda, döwletiň oba hojalyk pudagyny, ýeňil, dokma senagatyny dolulygyna hususylaşdyrmak ugrundaky maksatlaryndan gözbaş alýar. Gürrüňi edilýän ugur öz-özüňi dolandyrmak, halkyň durmuş üpjünçiligini berkitmek, ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmak üçin döwlet tarapyndan saýlanyp alnan iň dogry hem iň bähbitli ykdysady ugurdyr. Türkmenistanyň içerki ýol-ulag düzümlerini berkitmek hem-de giňeltmek üçin amala aşyrýan iri taslamalary bu ugruň barha pugtalanmagyna şert döredýär. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň diňe Aşgabat — Tejen bölegi-de welaýatyň içindäki önümçilikleriň artmagyna, hususy pudakdaky işjeňligiň ýokarlanmagyna, haryt dolanyşygynda bahalaryň arzanlamagyna, pudakda täze mümkinçilikleriň döredilmegine oňyn täsir eder. Welaýatyň bir başyndan beýleki çetine çenli barmak üçin sarp edilýän wagt gysgalar. Çig mallaryňdyr taýýar önümleriň daşalyşynyň nyrhy pese düşer. Bu bolsa, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine bolmak bilen umumy ykdysady ösüşe, welaýatyň has-da galkynmagyna, senagatlaşmagyň depgininiň ýokarlanmagyna getirer. Şeýle ýeňillikler, goldawlar we gyzyklandyrmalar Ahal welaýatynda telekeçileriň, işewürleriň täze nesliniň kemala gelmegine, döwletiň umumy ykdysady ösüşinde hususy pudagyň paýynyň esasy orna çykmagyna şert döreder. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň iş ýüzüne geçýändiginiň ýene bir subutnamasyna öwrüler.

Ysmaýyl TAGAN,

žurnalist.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46031

08.11.2021
Ykdysadyýet

TÄZE ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARY

Telekeçilik ulgamyna döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde, hususy önüm öndürijileriň öňünde täze taslamalary amala aşyrmaga giň mümkinçilikler açylýar. Muňa S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky «Halyçy gözeller» hususy kärhanasynyň hünärmenleriniň sintetiki süýümden halylary dokaýan täze bölümiň gurluşygyna girişmegi hem şaýatlyk edýär.

Umumy meýdany 1 gektar ýeri eýeleýän binanyň taslamasynda esasy önümçilik bölümi, polipropilenden ýüplük sapagyny öndürýän bölüm göz öňünde tutulan. Bu bölümler täze ýöriteleşdirilen enjamlar hem-de taýýar önümleriň saklanylýan ammarlary bilen üpjün ediler. Binanyň çäginde beýleki kömekçi jaýlar hem ýerleşer. Täze önümçilikde ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalar ýokary hilli, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň çykarylmagyna mümkinçilik döreder.

Şunuň ýaly täze önümçiligiň ýene biri — suw emulsiýaly reňk çykarýan kärhana Daşoguz şäherinde gurlup başlandy. Umumy meýdany bir gektara barabar bolan bu kärhanany «Galkynan ykbal» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri gurmaga girişdiler. Gurluşygyň taslamasynda önümçilik jaýlarynyň ikisini, taýýar önümler saklanylýan ammarlary, beýleki kömekçi jaýlary gurmak meýilleşdirilýär. Gurulýan täze kärhana iň kämil, ýokary öndürijilikli enjamlar bilen üpjün ediler.

* * *

ÝOKARY HILLI ÖNÜMLER

Gubadag etrabynda üstünlikli hereket edýän «Peýnirçi» hususy kärhanasynyň çykarýan önümleri alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Kärhananyň işçi-hünärmenleri indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri sarp edijileri «Altyn», «Ýaýla», «Toý», «Aşgabat», «Prezident» ýaly peýnirleri, berhiz doragy hem-de gaýmak ýaly süýt önümleri bilen üpjün edip gelýär. Özüniň ýokary hilliligi, tagamlylygy bilen tapawutlanýan bu süýt önümleri sarp edijileriň arasynda uly meşhurlyk gazandy. Owadan, göze gelüwli gaplara gaplanylýan süýt önümleri özüniň nyrhy boýunça alyjylara elýeterliligi bilen hem tapawutlanýar.

Süýt önümlerini köp öndüriji kärhanalaryň ýene biri «Ýüpekýolygurluşyk» hojalyk jemgyýetine degişli «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hasaplanýar. Toparyň esasy bölüminde we kömekçi böleklerinde Türkiýe döwletinde çykarylan ýöriteleşdirilen enjamlar doly güýjünde işledilýär. Kärhanada mesge ýagy, gatyk, dorag, eredilen peýnir, gaýmak, ýogurt, çal ýaly önümler öndürilýär. Olaryň hemmesi-de hil derejesiniň ýokary ölçeglerine laýyk gelýär. Owadan gaplara gaplanylan önümler sebitiň ilatyna hödürlenilýär.

Bir söz bilen aýdylanda, welaýatymyzyň zähmet toparlary ýetip gelýän şanly baýrama — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna mynasyp sowgatlary taýýarlaýarlar.

Öre HOJAÝEW,

öz habarçymyz.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/45882

06.11.2021