Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kuwwatly elektroenergetika pudagynyň giň gerim bilen ösdürilýän hem-de onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilen energetika syýasatynyň yzygiderli we ynamly amala aşyrylýan döwrüdir. Şonuň bilen baglanyşykly bu ulgamyň ösüş depginini has-da ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek ugrunda birnäçe maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we pugtalandyrmak, täze energiýa ulgamlaryny döretmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Şonuň ýaly belent maksatly işler göz öňünde tutulyp, ýurdumyzda bu ulgamyň binýadyny has-da döwrebaplaşdyrmaga we işjeňleşdirmäge niýetlenen «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» we «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň Milli strategiýasy» ýaly birnäçe maksatnamalaýyn resminamalar kabul edildi. Bu resminamalar döwletimiziň elektrik energetika ulgamynyň durnukly ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Ykdysadyýetde esasy orunlaryň birini eýeleýän energetika ulgamynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ulgamyň ýeterlik derejede ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň kärhanalarynyň işiniň netijeli guralmagy olaryň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegine hem baglydyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň elektrik energiýasy bilen üpjün edilýändigini, şeýle hem oňa bolan isleg nazara alnyp, energetika pudagynyň kuwwatynyň artdyrylýandygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda Türkmenistanyň energetika senagatynda ýokary ösüş depginleri gazanylýar, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek, onuň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça uly işler durmuşa ornaşdyrylýar. Paýtagtymyz we ýurdumyzyň welaýatlary gijelerine yşyklara beslenip, ajaýyp görnüşe gelýär. Munuň özi elektrik energiýasyna bolan islegiň kanagatlydygyny aňladýar.
Ýurdumyzda elektrik energetikasy pudagynyň düýpgöter özgerdilmeginiň netijesinde, uly zähmet üstünlikleri gazanyldy. «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasyna» laýyklykda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap gazturbinaly elektrik stansiýalary guruldy. Şonuň ýaly-da elektrik geçirijileriň müňlerçe kilometri gurlup, hereket edýänleriniň durky täzelendi. 2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 megawat bolan iri gazturbinaly elektrik stansiýasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Bu pudagy ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda gurlan sekizinji elektrik stansiýasydyr. Taryh üçin gysga döwürde sekiz sany elektrik stansiýasynyň ulanyşa girizilmegi pudagyň ýeten belent sepgitlerine aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki döwürde bu elektrik stansiýalary netijeli işledilip, ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasy öndürilýär. Bularyň ählisi sebitleriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär. Geljekde pudak tarapyndan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolan Günden we ýelden elektrik energiýasyny almagyň, hereket edýän gazturbinaly elektrik stansiýalaryny ýönekeý dolanyşykdan utgaşdyrylan bug we gaz dolanyşykly elektrik stansiýalaryna öwürmegiň taslamalaryny durmuşa geçirmek bu ulgamyň öňünde derwaýys wezipeleriň biri hökmünde garalýar.
Şu ýylyň 23-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Ahal — Balkan ýokary woltly, iki zynjyrly täze asma elektrik geçirijisi işe girizildi. Onuň amala aşyrylmagyna döwletimiziň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň ähli kärhanalary we edaralary gatnaşdylar. Bu geçirijiniň gurulmagy ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmek boýunça milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan iri möçberli taslamanyň birinji tapgyrydyr. Onuň baş maksady ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmakdan hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň energoulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmek arkaly, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmegiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Güýjenmesi 220 kW, uzynlygy 421 kilometr bolan täze asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi daşary ýurtlara eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberiniň artmagyna-da şert döredi. Halkalaýyn energiýa ulgamynyň Ahal — Balkan böleginiň işe girizilmegi bilen ýurdumyzyň iki sebitiniň arasynda elektrik energiýasynyň özara akymy kadalaşdyrylýar. Energiýa serişdeleriniň ätiýaçlyk mümkinçilikleri döredilip, sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagy gazanylýar. Geljekde bu taslamanyň Balkan — Daşoguz böleginiň gurluşyk-gurnama işlerini dowam edip, energiýa ulgamyny bir bitewi halka birleşdirmek işini tamamlamak göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, her hili howa şertlerinde hem ýurdumyzyň ähli sebitlerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edip boljak elektroenergetika ulgamy kemala geler. Halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyryny işe girizmek dabarasynda hormatly Prezidentimiz pudagyň geljek üçin meýilnamalary barada aýdyp, Aşgabat — Mary aralygynda hereket edýän elektrik geçirijiniň hem döwrebaplaşdyrylmagynyň göz öňünde tutulýandygyny belledi.
Biziň ýurdumyzyň uzakmöhletleýin energetika strategiýasyny durmuşa geçirmegiň möhüm guraly hökmünde Türkmenistanyň energetika diplomatiýasynyň düýpli işjeňleşýändigini belläp geçmek zerurdyr. Energetika ulgamynda giň we gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk XXI asyrda dünýäde bolup geçýän durnukly hem-de öňegidijilikli ýagdaýlaryň esasy ölçegi bolup durýar. Özüniň ägirt uly serişde mümkinçiligini tutuş adamzadyň bähbidine peýdalanmaga ymtylýan türkmen halkymyz bu ugurda anyk ädimleri ätmek bilen, ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmak ýörelgelerine hem-de energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmegiň ýollaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga esaslanýan bu ugurdaky syýasaty durmuşa geçirýär. Bu babatda ýurdumyzyň 2017-nji ýylda Halkara Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanylmagy möhüm ähmiýete eýe boldy. Şunuň bilen baglylykda 2017-nji ýylyň 30-31-nji maýynda Halkara Energetika Hartiýasynyň «Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol» atly Aşgabat forumy geçirildi we onda energetika babatda öňde duran döwlet ähmiýetli, umumadamzat bähbitli ençeme meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol ýylyň 28-29-njy noýabrynda Halkara Energetika Hartiýasynyň Aşgabat şäherinde geçirilen maslahatynyň 28-nji mejlisinde-de hormatly Prezidentimiziň möhüm ähmiýetli başlangyçlary netijesinde ýurdumyzda kemala gelen energetika diplomatiýasynyň dünýä işewürliginiň we bilermenler toparlarynyň arasynda uly gyzyklanma hem-de seslenme döredýändigi bellenildi. Milli Liderimiziň ählumumy we bölünmez energetika howpsuzlygynyň bütin dünýäde ýola goýulmagy babatdaky başlangyçlary, ylmy garaýyşlary biragyzdan makullanyldy. Türkmenistanyň dünýäde uly gyzyklanma döredýän energiýa serişdelerini tygşytlamak, onuň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak, energetika pudagynyň ekologiýa meselelerine aýawly we uzak geljegi göz öňüne tutup çemeleşmek, tebigy gurşawy gorap saklamak, bu pudaga innowasion tehnologiýalary we usullary ornaşdyrmak baradaky başlangyçlary dogrusynda pikir alşyldy. Bütin dünýäde oňyn Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa ornaşdyrýan Türkmenistanda ähli durmuş ulgamlarynyň kadaly işlemeginiň binýatlyk bölegi hökmünde «ýaşyl ykdysadyýeti» ösdürmek üçin hem zerur şertleriň döredilýändigi buýsandyryjy hakykatdyr.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda ýangyç-energetika serişdeleriniň önümçiliginiň we gazylyp alnyşynyň depgini düýpli ýokarlandyrylyp, energiýa serişdeleriniň ugradylyş ýollary hem diwersifikasiýalaşdyrylýar. Bilşimiz ýaly, indi köp ýyllardan bäri türkmen energetika ulgamy bilen sebitiň birleşen energetika ulgamynyň arasynda elektrik baglanyşygy bar. Häzirki wagtda Eýran Yslam Respublikasyna, Özbegistan döwletine ýokary güýjenmeli elektrik geçirijisi boýunça elektrik energiýasynyň eksportyna niýetlenen «elektrik köprüsi» bardyr. Türkmenistanyň elektrik energiýasynyň beýleki ugurlar boýunça, hususan-da, Pakistan Yslam Respublikasyna we Täjigistan döwletine eksport edilmeginiň geljegine uly umyt baglanýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Owganystan Yslam Respublikasynyň ykdysadyýetini galkyndyrmak babatynda durmuşa ornaşdyrylýan beýik işleri biziň ýurdumyzyň milli ynsanperwerlik ýörelgelerini barha dabaralandyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyz goňşy Owganystan Yslam Respublikasynda demir ýol geçelgesini, optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny, TOPH gaz geçirijisi, bu gaz geçiriji bilen ugurdaş güýji 500 kilowolt bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirýär. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň gündogar sebitinde gurulýan elektrik beketleriniň aglaba bölegi goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň ykdysady galkynyşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Elektrik energetikasyny ösdürmek, bu ugurda täze mümkinçilikleri açmak we işe girizmek geljege gönükdirilen uzakmöhletleýin döwlet ähmiýetli wezipedir» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, biziň baýry ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň esasynda Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri boýunça Ylmy-önümçilik merkezinde-de uly göwrümli ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Merkeziň gurluşy fotoelektrik öwürme tehnologiýalary, Gün energiýasynyň toplanmasy we geliotehnika, bioenergetika we biomassany täzeden işlemek, ýel elektrik stansiýalary, elektrik energiýasyny ýygnamagyň tehnologiýalary we taslamalar ýaly bölümlerden ybaratdyr. Häzirki döwürde bu merkezdäki işler ýurdumyzda tejribe fotoelektrik stansiýalary ulanmagyň ylmy esaslary, howa we suw geliogyzdyryjylary, elektrik stansiýalaryň bug turbinalarynda emele gelýän biogazy ulanmak üçin galyndylary gaýtadan işlemegiň tehnologiýalary, toplanan ýylylyk energiýasyndan elektrik energiýasyny almak, gyzgyn suw üpjünçilik we ýylylyk ulgamlarynda Gün kollektorlaryny ulanmagyň usullary ýaly birnäçe ugurlar boýunça işler alnyp barylýar. Bu işleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny berkider, önümçiligiň netijeliligini, elektrik energiýasynyň sarp edilişini, daşary ýurtlara iberilişiniň ýokary göterilmegini üpjün eder.
Energetika ulgamynda şeýle belent maksatly çäreleriň durmuşa geçirilmegi eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu babatda il-günümiziň bagtyýar şu gününi we röwşen geljegini nazarlaýan döwletli tutumlary, dünýä nusgalyk işleri üçin Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygymyzy bildirýäris.
Gaýgysyz ATAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw işleri boýunça prorektory.