Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlary milli ykdysadyýetimizi döwrebap ösdürmekden we diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine daşary ýurtlardan maýa goýumlaryny çekmegiň ähmiýeti has ýokarydyr. Milli Liderimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň netijesinde bu ugurda uly ösüşler gazanylýar.
Abraýly Halkara maliýe edaralaryndan — Halkara täzeleniş we ösüş bankyndan, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankyndan, Aziýanyň ösüş bankyndan hem-de Yslam Ösüş Bankyndan kiçi we orta telekeçiligi goldamak babatda maýa goýumlary çekmek boýunça çäreler toplumy yzygiderli esasda amala aşyrylýar. Muňa mysal hökmünde, golaýda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Yslam Ösüş Bankynyň hususy pudagynyň bölümi — Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam Korporasiýasynyň (ICD) arasynda maliýe ylalaşygyna gol çekilendigini bellemelidiris. Bu maliýeleşdirme hususy pudagyň taslamalaryna goldaw berer.
2019-njy ýylda hem Yslam Ösüş Bankynyň Hususy ulgamy ösdürmek boýunça Yslam Korporasiýasyndan çekilen maliýe serişdeleri ýurdumyzyň kiçi we orta kärhanalaryny maliýeleşdirmek üçin üstünlikli amala aşyryldy.
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagty Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasynyň arasynda üç sany uly şertnama gol çekilip, Türkmenistanyň hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek Memorandumy, ylalaşylan möçbere laýyklykda serişdesi bolan maýa goýum kompaniýasynyň bilelikde döredilmegine gönükdirilendir.
Türkmenistanyň esasy strategik hyzmatdaşlarynyň ýene-de biri Ýaponiýa döwletidir. Hökümet wekiliýetiniň 2021-nji ýylyň iýul aýynda bu ýurda amala aşyran ýokary derejedäki saparynyň dowamynda birnäçe möhüm ähmiýetli maýa goýum häsiýetli ylalaşyklar gazanyldy. Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasyndan «Toyota» kysymly awtoulaglary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak baradaky hem-de «Itochu Corporation» kompaniýasyndan «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak baradaky şertnamalara gol çekildi. Şeýle hem, bu şertnamalaryň maliýeleşdirilmegi üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen Niderlandlar Patyşalygynyň «ING» bankynyň arasynda iki sany karz ugrunyň taýýarlanmagy boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi, abraýly maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigini ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde maýa goýumlary artdyrmagyň ýollarynyň kämilleşmegi, jemi içerki önümiň ösüşine hem uly täsirini ýetirýär. Bu görkeziji netijeli häsiýete eýe bolup, ýurdumyzyň hojalyklaryna goýlan maýa goýumlaryň netijesinde, şol hojalyklaryň önümçiliginiň ýokarlanmagyna getirýär.
Hormatly Prezidentimiz «Fitch Ratings» agentligi tarapyndan Türkmenistan üçin berlen derejäniň döwletimiziň halkara maliýe abraýyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyza daşary ýurtlardan çekilýän maýa goýumlaryň mukdaryny artdyrmaga we karzlaryň şertlerini ýeňilleşdirmäge, netijede, Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň has-da ösmegine ýardam berjekdigini belläp, munuň ýurdumyz üçin örän uly abraýdygyny nygtady. Dünýä ykdysadyýetinde durnuksyz ýagdaýlaryň dowam edýändigine garamazdan, ýurdumyzda soňky gysga döwürde ykdysadyýet, maliýe we bank toplumy tarapyndan geçirilen işleriň netijesinde ykdysady durnuklylyk saklanýar.
Goý, berkarar Diýarymyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna çykarýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Güljan ATAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.