Ýene bir ýylyň tamamlanyp barýandygy sebäpli bilen oba hojalyk işgärleri hem bitirilen işlere ser salyp, gazanylan netijeleri seljerip görýärler. Bu pursat ekinleriň hasylyny yrýasyz ýygnap, Watan harmanyna tabşyran daýhanlar, mallardan bol önüm alan maldarlar üçin toý-baýrama beslenýär. Ýetip gelýän Hasyl toýy azyk bolçulygyny döredýän, desterhanlarymyzyň dürli naz-nygmatlara beslenmegi ugrunda ýadawsyz alada edýän merdana adamlaryň hormatyna tutulýan şanly baýramçylykdyr. Bu toýy lebaply oba zähmetkeşleri hem mynasyp garşylaýarlar. Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilen ýylynda olaryň çekýän zähmetleri ýerine düşýär.
Ene topraga hyzmat etmek, ondan azyk önümlerini bolluk bilen öndürmek iň möhüm işleriň biridir. Hut daýhanlaryňdyr maldarlaryň çekýän joşgunly zähmeti arkaly eşretli ýaşaýyş, bolçulyk berkarar edilýär. Hormatly Prezidentimiz ilatyň abadan ýaşamagynda wajyp hyzmaty ýerine ýetirýän pudagy ileri tutup ösdürmäge ilkinji derejeli ähmiýet berýär. Ol ähmiýet önüm öndürijileriň giňden goldanylmagynda, olara dürli ýeňillikleriň we işlemek üçin amatly şertleriň döredilmeginde, pudagyň önümçilik-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar.
Goldaw degerli bolanda işler düýpli ilerleýär, bereket bolçulygy döredilýär. Munuň hut şeýledigine möhüm oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberleriniň ýyl-ýyldan artdyrylýandygy hem ynandyryjy subutnamadyr.
Şanly ýylyň geçen döwründe welaýatymyz boýunça öndürilen ekerançylyk we maldarçylyk önümleri aşakdaky ýalydyr:
Bugdaý — 310 müň tonna.
Gök önümler — 211,2 müň tonna.
Bakja önümleri — 133 müň tonna.
Ýeralma — 107,5 müň tonna.
Miweler we ir-iýmişler — 42,5 müň tonna.
Üzüm — 17,5 müň tonna.
Et (diri agramda) — 118,6 müň tonna.
Süýt — 522,8 müň tonna.
Ýumurtga — 199 million sany.
Bu guwandyryjy görkezijileriň ählisi-de geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ep-esli artykdyr. Beýle diýildigi ilaty möhüm azyk önümleri bilen üpjün etmek meselesiniň üstünlikli çözülýändigini aýdyň görkezýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän azyk harytlarynyň ornuny tutýan önümleri bolluk bilen öndürmek boýunça öňde goýan jogapkärli wezipeleriniň ýerine ýetirilýändigine şaýatlyk edýär. Özi-de önümleriň artyk bölegini daşary ýurtlara eksport etmek işleriniň geriminiň giňelýändigi hem bellärliklidir. Möhüm azyk we maldarçylyk önümlerini öndürmek işinde hususy önüm öndürijileriň paýy yzygiderli artýar. Döwlete dahylsyz bölegiň işiniň öňe gitmegi bolsa olara işlemek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi bilen şertlendirilendir.
Döwlet bilen ene topraga eýelik edýän daýhanlaryň, bagbanlaryň, mallaradyr guşlara ideg edýän maldarlaryň maksatlarynyň bir bolmagy gazanylýan üstünlikleriň düýp özenini düzýär. Janypkeş oba adamlary ene topragy abadan we bolelin ýaşamagyň, halal girdeji gazanmagyň çeşmesi hasaplaýarlar. Bol hasylyň şanyna tutulýan toýda olaryň arman-ýadaman çekýän zähmetleri belentden wasp ediler. Toý gününde şeýle belent waspa mynasyplaryň atlary uly hormat bilen tutulyp, olaryň sylaglary ýetiriler. Bagtyýarlyk döwründe zähmetinden bagt tapýan daýhanlary, baş sany ýyl-ýyldan artýan mallara yhlasly ideg edýän sähra merdanlaryny gazanan uly üstünlikleri bilen gutlap, olara geljekde-de eziz Watanymyzy gülledip ösdürmek, rysgal-bereket bolçulygyny döretmek ugrunda çekýän zähmetleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
Mämmet GYLYJOW.