Ykdysadyýet

TÄZE ÖNÜMÇILIK KÄRHANALARY

Telekeçilik ulgamyna döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde, hususy önüm öndürijileriň öňünde täze taslamalary amala aşyrmaga giň mümkinçilikler açylýar. Muňa S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky «Halyçy gözeller» hususy kärhanasynyň hünärmenleriniň sintetiki süýümden halylary dokaýan täze bölümiň gurluşygyna girişmegi hem şaýatlyk edýär.

Umumy meýdany 1 gektar ýeri eýeleýän binanyň taslamasynda esasy önümçilik bölümi, polipropilenden ýüplük sapagyny öndürýän bölüm göz öňünde tutulan. Bu bölümler täze ýöriteleşdirilen enjamlar hem-de taýýar önümleriň saklanylýan ammarlary bilen üpjün ediler. Binanyň çäginde beýleki kömekçi jaýlar hem ýerleşer. Täze önümçilikde ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalar ýokary hilli, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän önümleriň çykarylmagyna mümkinçilik döreder.

Şunuň ýaly täze önümçiligiň ýene biri — suw emulsiýaly reňk çykarýan kärhana Daşoguz şäherinde gurlup başlandy. Umumy meýdany bir gektara barabar bolan bu kärhanany «Galkynan ykbal» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri gurmaga girişdiler. Gurluşygyň taslamasynda önümçilik jaýlarynyň ikisini, taýýar önümler saklanylýan ammarlary, beýleki kömekçi jaýlary gurmak meýilleşdirilýär. Gurulýan täze kärhana iň kämil, ýokary öndürijilikli enjamlar bilen üpjün ediler.

* * *

ÝOKARY HILLI ÖNÜMLER

Gubadag etrabynda üstünlikli hereket edýän «Peýnirçi» hususy kärhanasynyň çykarýan önümleri alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Kärhananyň işçi-hünärmenleri indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri sarp edijileri «Altyn», «Ýaýla», «Toý», «Aşgabat», «Prezident» ýaly peýnirleri, berhiz doragy hem-de gaýmak ýaly süýt önümleri bilen üpjün edip gelýär. Özüniň ýokary hilliligi, tagamlylygy bilen tapawutlanýan bu süýt önümleri sarp edijileriň arasynda uly meşhurlyk gazandy. Owadan, göze gelüwli gaplara gaplanylýan süýt önümleri özüniň nyrhy boýunça alyjylara elýeterliligi bilen hem tapawutlanýar.

Süýt önümlerini köp öndüriji kärhanalaryň ýene biri «Ýüpekýolygurluşyk» hojalyk jemgyýetine degişli «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hasaplanýar. Toparyň esasy bölüminde we kömekçi böleklerinde Türkiýe döwletinde çykarylan ýöriteleşdirilen enjamlar doly güýjünde işledilýär. Kärhanada mesge ýagy, gatyk, dorag, eredilen peýnir, gaýmak, ýogurt, çal ýaly önümler öndürilýär. Olaryň hemmesi-de hil derejesiniň ýokary ölçeglerine laýyk gelýär. Owadan gaplara gaplanylan önümler sebitiň ilatyna hödürlenilýär.

Bir söz bilen aýdylanda, welaýatymyzyň zähmet toparlary ýetip gelýän şanly baýrama — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna mynasyp sowgatlary taýýarlaýarlar.

Öre HOJAÝEW,

öz habarçymyz.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/45882