Ýol gündogara uzaýar

XXI asyra «Tehnologiýalaryň asyry» diýýäris. Ýöne ýaşamasy juda jogapkärli asyrda döwrebap tehnologiýalardan baş çykarmak hem käte ýeterlik bolmaýar. Olar öňem gerekli bolandyr welin, tizlik bilen ýokary hil biziň asyrymyzda has zerur. Wagt iň gymmatly baýlyga öwrülýär. Köplenç ol ýetmezçilik edýär. Şonuň üçin «Ýokary tizlikli internet», «Sesden ýyndam ulag», «Hiliň iň ýokary derejesi» ýaly düşünjeleriň gündelik durmuşymyza ornaşmagy ýönelige däl.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli ýoluň ýakynda açylyp, ulanmaga berlen Aşgabat — Tejen bölegi bu talaplaryň ikisine-de gabat gelýär. Türkmen gurluşykçylary ýokary hilli, ýokary tizlikli ýoluň ilkinji tapgyrynyň gurluşygyny tamamladylar. Täze ýoluň aýratynlyklary barada kän ýazyldy. Bize ol maglumatlary gaýtalap oturmagyň hajaty ýok. Ýöne başga bir hakykaty, bu ýoluň ikinji we üçünji tapgyrynyň gurluşygynda depginiň has ýokarlandyrylandygyny guwanç bilen habar berýäris. Hut şol işler bilen gyzyklanyp, ýoluň Mary — Türkmenabat bölegi boýunça jogapkär Kamil Halmyradowa ýüz tutduk. Ýol gurluşygynda baý tejribe toplan Kamil aga häzirki wagtda «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde tehnik-gözegçi bolup işleýän eken. Söhbetdeşimiziň gürrüň berşi ýaly, ýoluň üçünji tapgyrynyň uzynlygy 125 kilometre ýeter. Ol 475-nji kilometrden başlap, 600-nji kilometrde tamamlanar. Häzirki wagtda ýoluň bu böleginiň gurluşygyny «Ata melhem» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp barýar. Ýoluň 110 kilometrinde ilkinji tekizleýiş işleri tamamlandy. Çägesi süýşürilip, ýol ugrundaky ähli päsgelçilikler aýrylan zolagyň ini 100 metre ýetýär. Bu bolsa ýoluň ugrunda goşmaça binalary-da gurmaga mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende aýtsak, üçünji tapgyryň gurluşygy Baýramaly etrabynyň Bagtyýarlyk şäherçesiniň 3 kilometr günbataryndan başlap, Türkmenabadyň daşy bilen Faraba geçýän awtoulag ýolunyň başlangyjynda tamamlanar. Ýoluň tamamlanýan böleginde uly aýlaw gurmak meýilleşdirilýär. Tekizlenen bölegiň bir ujy Türkmenabat şäherine ýakynlady. Onuň beýleki ujy Bagtyýarlyk şäherçesine golaýlaýar. Arassalanan bölegiň 21 kilometrine geotekstil düşelip, çagyl daşlaryny ýazmak işi gutardy. Ýoluň iň aşaky gatlagyndaky geotekstildir çagyl ýokarky gatlagy çyglylykdan goraýar. Häzirki wagtda gurluşygyň bu böleginde hünärmenleriň 150-den gowragy zähmet çekýär. Işiň aglaba böleginiň Garagumuň alaňlarynyň arasynda alnyp barylýandygyna garamazdan, potratçy hususy kärhana tarapyndan işçilere oňaýly şertler döredilipdir. Kamil aga gurluşykda ulanylýan tehnikalaryň sanynyň 100-e golaýlaýandygyny gürrüň berdi.

Gurluşygyny 2023-nji ýylyň dekabrynda tamamlamak meýilleşdirilýän ýoluň Aşgabat — Tejen bölegindäki işlere gatnaşan işçiler we tehnikalar beýleki tapgyrlara-da kömege gelýär. Bu gurluşygyň depgininiň has ýokary bolmagyny üpjün eder.

Agageldi ITALMAZOW.

(Öz habarçymyz).




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46221