Täzelikler
Durnuklaşdyryş gaznasy we ykdysady ösüş

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda ähli ykdysady pudaklar bilen bir hatarda maliýe-bank ulgamynyň işi hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň şeýledigini Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 22-nji oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleriň mysalynda hem görmek bolýar. Onda Türkmenistanyň Býujet kodeksini ýerine ýetirmek maksady bilen, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibi tassyklanyldy. Bu taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi netijesinde Durnuklaşdyryş gaznasynyň maýa goýum işjeňligindäki, banklaryň karz binýadyny berkitmekdäki orny we ähmiýeti ýokarlanar. Şonuň bilen bir hatarda ýurdumyzda kabul edilýän ähli derejedäki maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmäge amatlyklar dörär. 2008-nji ýylda döredilen bu gaznanyň esasy çeşmesi bolup Türkmenistanyň merkezleşdirilen býujetiniň girdejisiniň çykdajylardan artykmaç gelýän bölegi çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen bu gaznanyň esasy maksady ýurdumyzda ileri tutulýan pudaklary goldamakdan, sazlaşykly, kadaly ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr. Durnuklaşdyryş gaznasynyň işine täzeçe, döwrebap çemeleşmek, onuň maksadalaýyk ulanylyşyny üpjün etmek — munuň özi ýokary netijeli karz-pul syýasatyny alyp barmaga, edara-kärhanalaryň we ilatyň karz serişdelerine bolan ösen isleglerini öz wagtynda, doly derejede kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. Durnuklaşdyryş gaznasynyň maýa goýum işine gönükdirilmegi gurulýan önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň sanynyň artmagyna, hiliniň ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň tehniki we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine, maşgala girdejisiniň artmagyna oňyn täsirini ýetirer.

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, ylma daýanýan, innowasiýa esaslanýan, ýokary netijeli, nusgalyk syýasaty esasynda türkmen ykdysadyýeti batly gadamlar bilen ynamly öňe barýar. Munuň şeýledigini makroykdysady görkezijilerden hem görmek bolýar. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde getirilen maglumatlardan görnüşi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy, jemi öndürilen önümleriň möçberi, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy. Dokuz aýyň netijeleri boýunça iri we orta kärhanalarda aýlyk zähmet haklary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 17,9 milliard manada ýetdi. 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyz boýunça iri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 62-si ulanmaga berildi. Şu döwürde Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,1 göterim ýerine ýetirildi. Üç çärýegiň netijeleri boýunça milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň mukdarynyň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 16,2 göterime deň boldy. Dokuz aýda özleşdirilen maýa goýumlaryň 49,2 göterimi önümçilik toplumlaryna, 50,8 göterimi bolsa durmuş-medeni maksatly desgalara gönükdirildi.

Döwlet Baştutanymyz bellenen maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyna aýratyn ornuň degişlidigini nygtamak bilen, olaryň öňünde duran meseleleri anyk kesgitledi. Hususan-da, ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, telekeçilik işjeňligini netijeli höweslendirmek, innowasion başlangyçlary we tehnologiýalary goldamak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmegi dowam etdirmek, gazna bazaryny ösdürmek we bäsleşikli söwda edaralarynyň gerimini giňeltmek ýaly möhüm wezipeler öňde goýuldy. Şu wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde strategik ähmiýeti bolan ätiýaçlyk maliýe serişdeleriniň, Durnuklaşdyryş gaznasynyň mynasyp orny bar. Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini karz edaralarynyň depozit hasabyna geçirmek arkaly döwlet düzümlerine we hususy pudaga berilýän gysga, orta we uzak möhletli karzlaryň möçberi artar, karzyň ykdysady ösüşe täsiri ýokarlanar. Ahyrky netijede bolsa, Durnuklaşdyryş gaznasy ykdysady ösüşiň işjeň hereketlendiriji güýjüne öwrüler, eksport kuwwatyny ýokarlandyrar, importyň ornuny tutýan önümleriň köp görnüşini öz ýurdumyzda öndürmäge mümkinçilik döreder.

Şu wezipeleriň döwrüň talabyna laýyklykda çözülmegi köp ýagdaýda maliýe-bank ulgamynyň hünärmenleriniň hünär taýýarlygyna baglydyr. Şonuň üçin hem ykdysady, maliýe-bank ulgamlarynyň hünärmenleriniň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, döwrüň talabyna laýyk getirilmegi ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetine tiz we durnukly geçmegine, ykdysady gurallaryň işjeňligini artdyrmaga özüniň oňyn täsirini ýetirer. Netijede, ykdysadyýetiň ygtybarly we durnukly ösüşini üpjün etmekde, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmakda Durnuklaşdyryş gaznasynyň orny we ähmiýeti yzygiderli ýokarlanar.

Baýramdurdy TAÝHAROW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44752

27.10.2021
Senagat kuwwaty artýar

Häzirki wagtda ýurdumyzyň hususyýetçilik pudagy uly ösüşleri başdan geçirýär. Beýleki sebitlerde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem öz işlerini üstünlikli alyp barýan hususyýetçileriň ýüzlerçesi bar. Olaryň bir bölegi senagat ugurly önümçilik bilen meşgullanýar.

Welaýatda öz işlerini bu ugra gönükdiren hususyýetçileriň 70-e golaýy bolup, olar ýylyň dowamynda içerki we daşarky bazara gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini ibermek bilen, tämizlik serişdelerini, polipropilen haltalarydyr ýüpleri, kendir ýüpleri, plastmassa asgyçlary, kagyz süpürgiçleriniň dürli görnüşlerini, akkumulýatorlary we beýleki önümleri öndürip gelýärler.

Gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde hem hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleriniň uly paýy bar. Önümçilik işlerini Köýtendag etrabynyň magdan känlerinde alyp barýan STT hususy kärhanasy şu ýyl suwag serişdesiniň 1392, gipsiň 4542 tonnasyny öndürdi. Şeýle hem bu hususy kärhana ýylyň başyndan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna çenli demirbeton plitalarynyň 1302, gipskarton listiniň 102 müň 800 sanysyny we 444 halta hek öndürdi.

Gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine Dänew etrabyndaky «Arassa kenar» hususy kärhanasy hem keramiki plita ýelmeýji gury erginiň 190, suwag serişdesiniň 285 tonnasy, Çärjew etrabyndaky «Mizemez gadam» hususy kärhanasy izogamyň 2056 inedördül metri, suwuk bitum mastikasynyň 4843 tonnasy, 3 million 241 müň kerpiç, keramiki plita ýelmeýji gury erginiň 501 tonnasy bilen goşant goşdy. Ýylyň dokuz aýynda «Egsilmez umyt çeşmesi» hususy kärhanasynyň «u» görnüşli profilleriniň 46 müň 662 sanysynyň, «Kemally kesp» hususy kärhanasynyň 391 sany demir betonynyň we 273 kub metr haryt betonynyň, «Jemşidiň jamy» hususy kärhanasynyň demirbeton sütünleriniň 4328 kub metriniň müşderilere hödürlenendigi aýratyn bellenmäge mynasyp. Bulardan başga-da «Bereketli zaman» hususy kärhanasy alýuminden taýýarlanan aýna-gapylar, «Ynamly eller» hususy kärhanasy suw emulsiýasy, «Berk gerden» hususy kärhanasy izogamdyr bitum mastikasy, «Täjir» hususy kärhanasy keramiki kerpiç, köp sanly hususyýetçiler bolsa hekdir kerpiç önümleri bilen bu pudagyň ösmegine ýardam etdiler.

Arkadag Prezidentimiziň türkmen hususyýetçilerine döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde, lebaply işewürler senagat önümleriniň beýleki görnüşlerini öndürmekde hem tejribelerini artdyrýarlar. Mysal üçin, türkmenabatly telekeçi Bahtiýar Kadyrow 22 tonna polipropilen ýüp, «Geljege rowaç» hususy kärhanasy 105 müň sany plastmassa asgyç, «Kökçi» hojalyk jemgyýeti 36 müň 430 sany akkumulýator, «Gyzan» hususy kärhanasy 590 inedördül metr bezeg plitasyny, «Türkmen ojagy» hususy kärhanasy 1174 metr kendir we beýleki görnüşli watin, 724 tonna nah pagta, 215 metr kendir we beýleki matalary öndürmegi başardylar.

Türkmenabatly telekeçi Atamyrat Jumakulyýewiň ýolbaşçylyk edýän kärhanasynda öndürilen joraplaryň jübüti 610 müňden geçdi. «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasy bolsa dürli geýimleriň 37 müňüsini müşderilere hödürledi. «Türkmen ýyldyzy» hususy kärhanasy şu ýyl öndüren izolirlenen örtükli simleriniň umumy uzynlygyny 4304 kilometre ýetirdi.

Şu ýyl gündogar sebitdäki senagat önümçiliginiň akymyna ilkinji gezek «Çelek» hususy kärhanasy hem goşuldy. Bu kärhana Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody bilen hyzmatdaşlykda senagat garyndy suwuklygyň 155 tonnasyny öndürip, alyjylara hödürledi. Çärjewli telekeçi Suhrab Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky kärhanada öndürilen 384 tonna geýimlik nah mata hem welaýatda hususy senagatyň ösýändiginden habar berýän bolsa gerek.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly dowam edýär. Ýylyň ahyryna çenli ýokarda görkezilen sanlar has artar. Munuň üçin türkmen hususyýetçilerinde güýç hem, mümkinçilik hem bar. Olar özleri üçin döredilýän giň mümkinçilikler üçin milli Liderimize alkyş aýdýarlar.

Agageldi ITALMAZOW.

(Öz habarçymyz).



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44747

27.10.2021
Demirýolçularyň tutanýerli zähmeti

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ulag-kommunikasiýa ulgamynda hem düýpli ösüşler amala aşyrylýar. Bu ugurda «Türkmendemirýollary» döwlet kärhanasynyň Türkmenabat raýat desgalary şahamçasynyň agzybir işgärleri hem tutanýerli zähmet çekýärler.

Şahamça degişli iki sany jaý ulanyş gullugynyň düzüminde 200 töweregi demir ýol işgäri 3600-e golaý hojalygyň mynasyp ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek üçin zähmet çekýär. Olaryň esasy wezipesi arassaçylyk işlerini alyp barmak, raýatlardan gelen arza-şikaýatlara seretmek, elektrik togy hem-de tebigy gaz bilen üpjün etmek, ýer-suw, lagym üpjünçiligini guramak we beýleki işlerden ybaratdyr. Tejribeli hünärmen Artur Allakulyýewiň ýolbaşçylyk edýän şahamçasynyň işgärleriniň arasynda has göreldeli işläp, zähmet borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirýän demirýolçularyň onlarçasy bar. Olardan, Baýramkadyr Amanberdiýew, Rüstem Töräýew, Elijan Arslanow, Abdukahr Abdullaýew ýaly işjanly demirýolçular ýylyň-ýylyna zähmet üstünliklerine mynasyp bolýarlar.

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýylynyň dowamynda bitirilen beýik işler, ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler her birimizde buýsanç duýgusyny döredýär. Gurlan we gurulýan, çar tarapa uzaýan demir ýollar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Türkmen halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýän milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasaty ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Öz halkynyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin yzygiderli tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Jangeldi IŞANKULYÝEW,

žurnalist.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44744

27.10.2021
Döwlet eýeçiligi we hususyýetçilik

Ýurdumyzyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan toplumlaýyn işler, ilkinji nobatda, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmäge, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmaga, aýratyn-da, döwlet emlägini we desgalaryny hususylaşdyrmaga gönükdirilendir. Bazar gatnaşyklaryny ykdysadyýete, ylaýta-da, söwda, hyzmat ediş pudaklaryna ornaşdyrmagyň möhüm serişdeleriniň biri-de hususyýetçiligiň ösdürilmegi bilen baglydyr. Döwletimiz telekeçilere hususy işi ýola goýmaga goldaw berýär, hususyýetçilik bolsa, öz nobatynda, sarp edilýän harytlaryň öndürilişine we ilata hyzmat edilişine saldamly goşant goşýar.

Halkara ykdysatçylaryň pikirlerine görä, ösen ýurtlarda hususy pudagyň jemi içerki önümdäki paýynyň ortaça 70 göterim möçberde bolmagy maksadalaýykdyr. Hususy önüm öndürijiler döwrüň talabyna laýyk enjamlaşdyrylan kärhanalarda ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürip, ýurtda azyk bolçulygynyň döremegine goşant goşýarlar.

Milli Liderimiziň hususylaşdyrmagyň ykdysady we durmuş mazmunyny, bu babatdaky halkara tejribäni giňişleýin öwrenmegi we pudaklara ornaşdyrmagy esasy talaplaryň biri hökmünde öňe sürmegi ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna, hususy ulgamyň ösmegine, şeýle-de halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna amatly şertleri döredýär.

«Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» hem-de «Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi pudagyň kanunçylyk binýadynyň berkidilýändigini, hususyýetçilik işiniň ösüşini düzgünleşdirmegiň mehanizminiň döredilýändigini, ýurdumyzda hususyýetçileriň giň gatlagynyň peýda bolýandygyny aýdyň görkezýär.

Hususyýetçilere ýakyndan ýardam bermekde degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi we yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen bir hatarda, elýeterli bahaly sarp edilýän harytlary öndürmekde dürli görnüşli kärhanalary döretmek we önümçiligi ýokarlandyrmak üçin karz edaralarydyr banklar tarapyndan olara goldaw hökmünde uzak möhletleýin, az göterimli karz serişdeleri berilýär.

2011-nji ýylyň iýun aýynda «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, 2019-njy ýylyň oktýabrynda onuň täze redaksiýasynyň kabul edilmegi hususyýetçileriň işini ilerletmekde ýene-de bir möhüm ädim boldy. Birleşmäniň esasy işi kiçi we orta telekeçiligi goldamakdan, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge ýardam bermekden, olary häzirki zaman telekeçilik düzümlerini emele getirmäge ugrukdyrmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda ol müňlerçe agzany özüne birleşdirýär we ýurtda hususyýetçiligiň ösmegine, täze iş orunlarynyň artmagyna, täze önümçilik pudaklarynyň emele gelmegine, şeýle-de bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilip, haryt bolçulygynyň döredilmegine ýardam berýär.

Häzirki döwürde tutuş dünýäde COVID-19 ýokanjynyň pandemiýasy bilen bagly ýüze çykýan ýagdaýlary nazara alyp, döwletimiz ösen ýurtlaryň ileri tutýan ugurlaryna pugta eýermek bilen, hususy telekeçiligiň gerimini giňeltmek meselelerine has-da içgin garaýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly ykdysadyýetiň öňdebaryjy ösüş ugry hökmünde ykrar edilen elektron täjirçilige, elektron resminama dolanyşygyna we elektron hökümeti döretmäge aýratyn üns berilýär. Çünki sanly tehnologiýalaryň üsti bilen elektron söwda arkaly umumydünýä söwda toruny emele getirip bolýar. Şol bir wagtyň özünde-de eksport ugurly pudaklaryň netijeli işlemegine, tiz we ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmäge ýardam bermek bilen bir hatarda, adamyň saglygyna zyýan ýetirip biläýjek howplardan goranmaga amatly şert döreýär.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 3-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde döwlet eýeçiligini netijeli dolandyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususyýetçileriň sanyny artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça amatly şertleri döretmek barada belläp geçdi. Mejlisde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda döredilen Pudagara topar tarapyndan döwletiň garamagyndan aýrylmaga we hususylaşdyrmaga degişli döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we desgalar boýunça berlen hasabata laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni boýunça 5 desgany, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 3 desgany, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça 1 desgany, şeýle-de Lebap welaýat häkimligi boýunça 1 desgany bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmagyň göz öňünde tutulýandygynyň bellenilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Hususyýetçiligi ösdürmek, telekeçileriň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giňden orun almagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler has-da ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň 8-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň dokuz aýyň jemi boýunça geçirilen giňişleýin mejlisinde hususy işewürligi ösdürmek, telekeçileri ykdysadyýetimizde özgertmeleri geçirmäge giňden çekmek boýunça döwlet syýasatynyň dowam etdirilýändigini bellemegi we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, ýagny daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek we eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, özara bäsdeşligi ösdürmek, işewürleriň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak, degişlilikde, ykdysadyýetde döwlet pudaklarynyň paýyny azaltmak boýunça birnäçe tabşyryklary bermegi, hasabat döwründe döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 81-siniň hususylaşdyrylmagy we Döwlet býujetine 368 million 356 müň 908 manat möçberinde maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmagy bazar ykdysadyýetiniň geçiş döwrüni başdan geçirýän döwletimiziň ykdysady taýdan yzygiderli ösüş gazanýandygyny aýdyň görkezýär.

Mejlisde hormatly Prezidentimiziň: «Eger siziň käbiriňizde aýry-aýry pudaklar bazar şertlerinde işläp bilmez diýen düşünje bar bolsa, onda bu pikir ýalňyşdyr» diýip aýratyn nygtamagy ösen ýurtlaryň tejribesine esaslanyp, ýurdumyzda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde bazar şertlerine tiz geçmäge mümkinçiligiň dörejekdigini şertlendirýär.

Indi hususy telekeçilerimiz senagatyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, gurluşyk pudagynda hem ýaşaýyş jaýlaryny, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyny we olary abatlamak işlerini ýokary derejede alyp barýarlar. Bu gün türkmen hususyýetçileriniň milli haryt nyşanly, «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly, «483» milli prefiksli (kodly) önümleri daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar.

Döwletimiziň hususy telekeçiligi ösdürmek baradaky strategiýasy ýurtda bazar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen, ykdysady ösüşi çaltlandyrýar. Hususy kärhanalaryň sany, olaryň öndürýän önümleriniň möçberi, hili, şeýle-de jemi içerki önüme goşýan goşandy yzygiderli ýokarlanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudaklarynda öndürilýän önümleriň jemi içerki önümdäki paýyny (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) 2021-nji ýylda 70,6 göterime, 2025-nji ýyla çenli bolsa 73,2 göterime ýetirmek maksat edinilýär. Bu wezipäni durmuşa geçirmek boýunça döwlet tarapyndan ýola goýlan hyzmatdaşlygyň kanunçylyk we guramaçylyk binýadyny kämilleşdirmek çäreleri hem utgaşykly alnyp barylýar. Bu bolsa ýurtda ykdysady ösüşiň ýokarlanmagynda hususy pudagyň paýyny has-da artdyrar.

Jumageldi SALAMOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44650

26.10.2021
Halkalaýyn energiýa ulgamy döredilýär

Ýakynda Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijiniň açylyş dabarasy boldy. Täze desganyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň energetikleriniň buýsançly başlaryny belende göterdi. Olaryň käbirleriniň şeýle il-ýurt bähbitli işiň başynda duran hormatly Prezidentimize alkyşdan doly ýürek sözlerini okyjylara ýetirýäris.

Güljahan NURYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň bölüm başlygy:

— Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda we ak pata bermeginde Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi uly dabara bilen işe girizildi. Energetika pudagynyň işgärleri üçin bu waka ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda bu pudagyň ähmiýetli orny bar. Şäherlerimize, şäherçedir obalarymyza, her bir maşgala ojagyna ýylylyk paýlamakda pudagyň işçi-hünärmenleri bolup, saldamly goşandymyzy goşýarys. Biziň zähmet çekýän Derweze döwlet elektrik stansiýamyzda ýokary iş şertleridir mümkinçilikler bar. Häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan elektrik stansiýasy kuwwatly gaz turbina desgalarynyň dördüsini öz içine alýar. Olar bir gije-gündizde 12 million kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürmek mümkinçiligine eýedir.

Güýjenmesi 220 kW, uzynlygy 421 kilometr bolan täze asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi bilen, içerki sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygynyň ýokarlanmagyna, şeýle-de daşary ýurtlara eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberiniň artmagyna şert döredi.

Halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda uly aladalary edýändigi, şeýle ajaýyp desgalary gurduryp berýändigi üçin hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarys.

Yhlas SAPAROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni:

— Toý-baýramlara beslenýän şöhratly ýylymyzda dürli maksatly desgalaryň yzygiderli açylyp, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Şu ýylyň başyndan bäri diňe biziň etrabymyzyň çäginde iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy tamamlandy hem-de dabaraly ýagdaýda açyldy. Şeýle desgalaryň arasynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Karantin merkezi, döwrebap ýyladyşhana toplumy, umumybilim berýän orta mekdepleriň ikisi, dört gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary bar.

Hormatly Prezidentimiz Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň işine sanly ulgam arkaly ak pata berdi. Iki zynjyrly täze asma elektrik geçiriji howanyň islendik şertlerinde hem ildeşlerimiziň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün edilmegine mümkinçilik berer. Bu taryhy wakanyň şanyna welaýatymyzyň merkezindäki Medeniýet öýünde geçirilen aýdym-sazly hoşallyk maslahatyna hem gatnaşdyk. Bu maslahatda şeýle ajaýyp desgalary gurduryp, baky bagtyýarlykda ýaşamagymyz babatda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş aýdyldy. Goý, hormatly Prezidentimiziň il-günümiziň bagtyýar şu güni we nesilleriň röwşen geljegi üçin durmuşa geçirýän döwletli tutumlary hemişe rowaçlyga beslensin!

Röwşen KERIMOW,
«Balkanenergo» önümçilik birleşiginiň düýpli gurluşyk bölüminiň hünärmeni:

— Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijiniň gurluşygy üstünlikli tamamlanyp, ol dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Kämil enjamlar bilen amala aşyrylan bu taslamany «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň degişli düzümleriniň, ýerli hususy kärhanalaryň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler.

Birinji tapgyrda ýurdumyzyň iki welaýatyny birikdiren ýokary woltly täze elektrik geçiriji içerki sarp edijileri energiýa bilen bökdençsiz üpjün edýär, daşarky bazarlara eksport edilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu il-ýurt bähbitli işiň ýerine ýetirilmegine ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndaky degişli düzümler bilen bir hatarda, Balkan welaýatynyň energogurluşyk kärhanalarynyň hünärmenleriniň hem gatnaşandyklaryna buýsanjymyzyň çägi ýok. Bu geçirijiniň 254,6 kilometri biziň welaýatymyzyň çäginden geçýär. Geljekde bu aralykda täze podstansiýalaryň üçüsini gurmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa täze iş orunlarynyň dörediljekdiginiň hem subutnamasydyr.

Dünýä nusgalyk taslamalaryň gurluşygynyň ýene birini bize — türkmen energetiklerine ynanyp, halal zähmet çekmäge ähli şertleri döreden Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirýäris.

Arazdurdy FAPAROW,
Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň elektrik sehiniň başlygy:

— Biz hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň energetika pudagynda halkalaýyn ulgamy döretmek babatdaky taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijiniň ulanyşa girizilmeginiň şaýady bolduk. Şeýle tutumly işleri diňe ykdysady taýdan kuwwatly döwletde amala aşyryp bolýar. Bu döwletli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, diňe bir Ahal we Balkan welaýatlarynyň üznüksiz tok üpjünçiligi berkidilmän, eýsem, daşarky bazara ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga hem mümkinçilik döredi. Şonuň bilen birlikde-de bu asma elektrik geçiriji arkaly welaýatymyzyň çägine iberiljek elektrik energiýasy netijesinde, Türkmenbaşy şäheriniň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, sebitimiziň etrapdyr şäherlerindäki ähli edara-kärhanalaryň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiligi has-da ygtybarly derejä çykaryldy.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda aýratyn ähmiýete eýedir. Şu möhüm taslamany öz wagtynda we üstünlikli amala aşyrmak üçin energetiklerimize dünýäniň ösen döwletlerinden döwrebap tehnikalary we ähli zerur enjamlary satyn alyp beren Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys.

Ýazga geçirenler Aýdo ŞEKEROW, Hojaberdi BAÝRAMOW.

(Öz habarçylarymyz). Surata düşürenler Begençmyrat ATAÝEW, Andreý PAKULOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44649

26.10.2021
Okgunly ösýän pudakda taryhy waka

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesiniň uludan toýlanan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň taryhy wakalarynyň biri boldy.

Gahryman Prezidentimiz döwlet syýasatynda ykdysadyýetimiziň energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmaga, pudaga sanly ulgamy, ylmyň täze gazananlaryny hem-de öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Mähriban Arkadagymyzyň döwlet derejesinde edýän şeýle aladalarynyň netijesinde, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandy. Energetika senagaty depginli ösýän, girdejili işleýän pudaklaryň hataryndaky mynasyp ornuny berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen ulanyşa tabşyrylan täze ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi bilen, ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň artmagynda wajyp orny eýeleýän senagat pudagynyň mümkinçilikleriniň geriminiň has-da giňändigini nygtamak gerek. Sebäbi halkalaýyn bir bitewi energiýa ulgamyny döretmek taslamasynyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi arkaly ýurdumyzyň günbatar sebitiniň çäkleri bilen daşarky sarp edijilere ýetirilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmagyň tehniki mümkinçilikleriň binýady pugtalandyryldy. Munuň üstesine-de, dürli howa şertlerine garamazdan, sebitleriň ilatyny elektrik togy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň ygtybarlylygy ýokarlandy. Sebitleriň iri hem-de ýerli çig mal serişdelerini senagat taýdan has çuň gaýtadan işlemek arkaly dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyply, sarp edijileriň durnukly artýan isleglerinden peýdalanýan dürli önümleri öndürýän senagat kärhanalarynyň ýokary öndürijilikli işledilmeginde bu elektrik geçirijiniň möhüm orny eýelejekdigi hem buýsançly hakykatdyr. Halkalaýyn energiýa ulgamynyň birinji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş- -ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» täze önümçilikleri döretmek maksadyna gönükdirilen döwrebap binalardyr desgalary gurmak babatdaky anyk wezipeleriň rowaçlyklara beslenmegine ýardam berer. Il hyzmatyna berilýän dürli binalardyr desgalar, döwrebap önümçilikler täze müňlerçe iş orunlarydyr, zähmetsöýer halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hil taýdan has-da gowulanmagynyň kepilidir. Şeýle asylly maksat-tutumlar bolsa Gahryman Prezidentimiziň berkarar Diýarymyzda üstünlikli amala aşyrýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň baş maksadydyr. Diýmek, ýurdumyzda bir bitewi halkalaýyn energiýa ulgamynyň döredilmegi Arkadag Prezidentimiziň sebitleriň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürilmegini nazarlaýan giň gerimli, uzakmöhletleýin maksatnamalarynda bellenen döwletli tutumlaryň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegine düýpli itergi berer. 

Nurmämmet HYDYROW,

«Balkan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44570

26.10.2021
Täze asma elektrik geçirijisi iri taslamany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrydyr

ÖŇŇIN hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda we ak pata bermegi bilen Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Şu taryhy waka mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Derweze döwlet elektrik stansiýasynda bolan dabara energetika pudagynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri we beýleki myhmanlar gatnaşdy.

Döwlet elektrik stansiýasyna ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň çykyşyny sanly ulgam arkaly diňlediler. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi mynasybetli gutlag sözleri we bu desganyň ähmiýeti barada aýdanlary dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi.

Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde elektrik energetikasy pudagynyň eýeleýän orny uludyr. Şoňa görä-de, ösüşiň täze taryhy döwründe bu pudagyň netijeli we döwrebap ösdürilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işleri welaýatymyzyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen ýokary tehnologiýaly gaz turbinaly elektrik stansiýalaryň mysalynda anyk göz ýetirip bolýar. Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Derweze we Ahal döwlet elektrik stansiýalary şeýle kuwwatlyklardyr. «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäginde gurlan Derweze elektrik stansiýasy 2015-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda işe girizildi hem-de häzirki wagtda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň ilatyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Gürrüňi edilýän döwlet elektrik stansiýasy kuwwatly gazturbina desgalarynyň dördüsini öz içine alýar. Olar bir gije-gündizde 12 million kilowat/sagat elektrik energiýasyny öndürmek mümkinçiligine eýedir. Bu ýerdäki gazturbinalar daşky gurşawa ýetirilýän zyýanly galyndylaryň möçberiniň azalmagyna mümkinçilik berýär. 

Hormatly Prezidentimiziň energetika pudagyny ösdürmek barada öňde goýan aýdyň wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşýan Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň ruhubelent işçi-hünärmenleri stansiýanyň esasy dolandyryş merkezinden güýjenmesi 220 kW, uzynlygy 421 kilometr bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi mynasybetli taryhy waka şaýat boldular.

Täze asma elektrik geçirijisi ýurdumyzyň iki welaýatynyň elektrik torlaryny baglanyşdyrmak bilen, sebitleriň içerki sarp edijileriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygynyň ýokarlanmagyna, şeýle-de daşary ýurtlara eksporta ugradylýan elektrik energiýanyň mukdarynyň artmagyna tehniki mümkinçilikler berýär. Galyberse-de, täze asma elektrik geçirijisi elektrik energiýany tygşytlamagyň hiliniň ýokarlanmagynda, howanyň islendik şertlerinde hem ilatyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň gurluşykçylarynyň gatnaşmagynda üstünlikli amala aşyrylan bu taslamanyň — Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň işine dolandyryş merkezinden gözegçiligiň amala aşyrylmagyna ähli mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr.

Şol gün Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň mejlisler jaýynda bolan dabaraly maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, welaýatlaryň we Aşgabadyň energoulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmek, halkymyzy elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Aýdo ŞEKEROW,

ýörite habarçymyz. SURATLARDA: Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi mynasybetli geçirilen dabaradan pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44447

25.10.2021
Beýik döwre beýik işler ýaraşýar

Taryha şan berjek wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 10-njy aýy tamamlanyp barýar. Günler geçdigiçe, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda berkarar döwletimizde ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen tutumly işler, ýetilen belent sepgitler barada kän oýlanýarsyň. Sakasynda hormatly Prezidentimiz duran şol belent tutumlar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda gadymy Lebap topragyny hem gurşap aldy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisleriň birinde ýylyň başynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna çenli 30 sany iri desganyň açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen hem bolsa, açylan desgalaryň sanynyň 60-dan geçýändigi barada aýtdy. Şeýlelikde ösüşleri bedew badyna deňelýän ýurdumyzda diňe 9 aýa niýetlenilen sepgitler iki esseden hem gowrak netije beripdir. Bu buýsanmaga-da, guwanmaga-da mynasyp hakykatdyr. Şol desgalaryň birnäçesi bolsa ýurdumyzyň gündogar sebitinde — gadymy Lebap topragynda açylyp, ulanylmaga berildi.

Şolaryň ilkinjileriniň hatarynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen işe girizilen Kerki (Türkmenistan) ― Şibirgan (Owganystan) aralygyndaky güýjenmesi 500 kilowolt bolan täze elektrik geçirijisini görkezip bileris. Uzynlygy 153 kilometre ýetýän täze ulgamyň işe girizilmegi bilen, goňşy döwletde elektrik energiýasyny ulanýan adamlaryň sany ýurt boýunça 9 milliona çenli artdy. Türkmenistandan barýan elektrik energiýasy birinji tapgyrda Andhoý, Şibirgan we Mazari-Şarif şäherlerine iberildi. Ol ikinji tapgyrda ― 2022-nji ýylyň başyna ― Puli-Humri we Kabul şäherlerine barar.

Edil şol günlerde Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen işe girizilen kuwwatlylygy ýylda 30 milliard kub metr bolan täze «Malaý» gaz gysyjy desgasy Türkmenistandan Hytaýa çenli uzan «mawy ýangyjyň» akymyna goşant boldy.

Täze gurlan desganyň wezipesi «Malaý» gaz känini doly özleşdirmekden hem-de «Galkynyş» we «Döwletabat» känleriniň gazyny «Malaý — Bagtyýarlyk» gaz geçirijisine ýokary basyş bilen akdyrmakdan ybaratdyr. Döwrebap desganyň işe girizilmegi bilen, ýurdumyzyň gaz senagatynda 60-a golaý täze iş orny döredi. Taslama «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan «Petro Gas LLP» (Beýik Britaniýa) kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyryldy.

Mart aýynda welaýatda «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhana toplumy işe girizildi. Şol gün ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem şeýle döwrebap toplumlaryň işine badalga berildi. Ýubileý ýylymyzyň şanyna-şan goşan wakalara milli Liderimiz sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

«Altyn bürgüt» hususy kärhanasyna degişli ýyladyşhananyň meýdany 8,5 gektara golaýlaýar. Ýyladyşhana toplumynyň birinji tapgyry 4 gektar meýdanda eýýäm üç ýyldan bäri işläp gelýär. Şu gezek onuň 4,5 gektara golaý meýdany eýeleýän ikinji tapgyry açylyp, ulanylmaga berildi.

Aprel aýynda Farap etrabynyň çäginde açylyp, ulanylmaga berlen ýene bir desga Jeýhun ýakasyndaky ýakymly wakalaryň nobatdakysyna öwrüldi. Bu ýerde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkezi peýda boldy. Alabaý itleriniň gözellik bäsleşigini geçirmek üçin niýetlenilen bölüm merkeziň ilkinji ädimlerinde ýerleşýär. Onuň gabat garşysynda merkeziň dolandyryş binasy ýerleşýär. Dolandyryş merkezinden daşary gurlan işgärler binasy hem merkeziň hünärmenleriniň ― itşynaslaryň ygtyýarynda. Şeýle hem bu ýerde weterinariýa gullugy, alabaýlaryň 70-sine niýetlenilen ýataklar we goşmaça binalar bar. Merkez Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlygymyza öwrülen alabaýlara goýulýan sarpanyň belent nyşanyna öwrüldi.

Milli Liderimiziň Lebap welaýatyna şu ýylyň tomsunda bolan iş saparynyň çäklerinde bolsa gadymy Lebap topragynda ikinji halkara howa menzili, Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasy açylyp, ulanylmaga berildi.

Sagatda 100 ýolagça hyzmat edýän Kerki halkara howa menzili açylyp, ulanylmaga berlen dessine halkara güwänamalarynyň ençemesine mynasyp boldy. Bu bolsa türkmen gurluşykçylarynyň öz işlerini döwrüň iň ösen talaplaryna laýyk alyp barýandygyny, ýurdumyzda gurulýan ähli binalaryň ýokary hilli bolmagyna aýratyn üns berilýändigini görkezýär. «Türkmeniň ak öýi» binasy bolsa açylan dessine welaýatda iri dabaralaryň geçirilýän esasy merkezine öwrüldi. Şeýlelikde soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli sebitlerine gyradeň ýaýran döwrebap ak öýleri gurmak tejribesi Jeýhun ýakasyna hem ýaýyldy.

Güýzüň ilkinji gününde Saýat etrabynda birbada iki sany döwrebap orta mekdebiň, ýene-de şol günlerde «Lebap» döwlet elektrik stansiýasynyň täze, has kuwwatly bölüminiň, ýaňy-ýakynda bolsa Türkmenabat şäherinde 614 maşgala niýetlenilen täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi ýylyň dowamyndaky iri açylyşlaryň üstüni ýetirdi. Her biriniň ägirt uly ykdysady we durmuş bähbidi bolan bu binalar açylan dessine il-günümize hyzmat edip başlady.

Ýokarda sananlarymyzyň üstüni köpsanly ýaşaýyş jaýlarynyň, ululy-kiçili durmuş-medeni maksatly desgalaryň açylyş dabaralary bilen hem ýetirip bolar. Biz diňe iri desgalar barada gürrüň etdik. Bir ýylyň dowamynda diňe bir welaýatyň çäginde şunça desganyň açylmagy bolsa ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatyna ýene bir ýola şaýatlyk edýär. Munuň üçin welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylary Gahryman Arkadagymyza ak ýürekden alkyş aýdýarlar.

Biz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýarys. Şeýle şanly döwre bolsa diňe beýik işler ýaraşýar!

Kadyr DAŇATAROW,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44252

23.10.2021
Energetika ulgamynyň kuwwaty artýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň energetika kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanýar. Golaýda berkarar Diýarymyzyň gündogar sebitinde elektrik stansiýasy açylyp ulanylmaga berildi. Kuwwatlylygy 432 MWt-a deň bolan bu möhüm desga şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgat boldy. Bu elektrik stansiýasy tutuş Merkezi Aziýada iň iri gazturbinaly elektrik stansiýalaryň biri bolup durýar. Şunda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda öňden hereket edýän elektrik energetiki desgalary barada gürrüň etmek aýratyn guwandyryjydyr. Döwlet Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, Garaşsyz Türkmenistanda ilkinji gurlan elektrik stansiýasy hem Lebap welaýatynda ýerleşýär. Bu desga Seýdi ýylylyk elektrik merkezi bolup, onuň 1-nji energoblogy 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanyşa girizildi. 2004-nji ýylda bolsa 2-nji energoblogy bilen güýçlendirilen ýylylyk elektrik merkeziniň bellenilen kuwwatlylygy 160 MWt-a deň boldy. Lebap welaýatynda henize çenli iň kuwwatly elektrik desgasy hökmünde tanalýan Döwletli etrabyndaky «Watan» döwlet elektrik stansiýanyň kuwwaty 254 MWt-a deňdir. 2014-nji ýylda Çärjew etrabynda açylan «Lebap» Döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy bolsa, 149,2 MWt-a deňdir. Görşümiz ýaly, diňe Lebap welaýatynda gurlan elektrik desgalaryndan mysal alanymyzda hem ýurdumyzyň energetika kuwwatlylygynyň ýylyň-ýylyna giň gerimler bilen artýandygyna göz ýetirmek bolýar.

Kuwwatly elektroenergetika pudagynyň giň gerim bilen ösdürilýän hem-de onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilen energetika syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýan döwri bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen dürli maksatly ulanyşa girizilýän onlarça döwrebap desgalaryň biri bolan, Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gurluşygyna 2018-nji ýylda badalga berlipdi. «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde, Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasy bilen Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanyşa girizilen bu desga «Mitsubishi Power Ltd.» ýapon kompaniýasynyň her biriniň kuwwaty 144 MWt bolan 3 sany gazturbinaly enjamlary we beýleki döwrebap enjamlar oturdyldy.

Çünki bu elektrik stansiýa hil, önümçilik we beýleki aýratynlyklary boýunça güwänamalaryň üçüsine, ýagny «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd.» kompaniýalary tarapyndan üpjün edilen M701DA kysymly gazturbinalaryň ulanylandygy baradaky Sylag şahadatnamasyna, «Max Planck» instituty tarapyndan Ekologiýa taýdan durnuklylyk we netijelilik sertifikatyna hem-de Şweýsariýanyň federal tehnologiýalar instituty tarapyndan desganyň öňdebaryjy tehnologiýaly elektrik stansiýadygy baradaky laýyklyk güwänamasyna mynasyp boldy we bu stansiýadaky kuwwatlylyk tutuş ýurdumyzyň umumy energokuwwatyna güýçli goşant bolup, bagtyýar raýatlarymyzyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilik döretdi, şeýle-de, goňşy ýurtlara elektrik energiýasyny eksport etmek arkaly ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda hem ähmiýeti juda uludyr.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň elektroenergetika pudagy ýokary depginler bilen ösýär, özgerýär, döwrebaplaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan bu pudagyň köpugurly mümkinçiliginiň mähriban halkymyzyň, tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilmegi aýratyn buýsandyryjydyr.

Goý, berkarar Diýarymyzy energetika taýdan kuwwatly ýurda öwürýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!

Maral AGAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44297

23.10.2021
Ýokary hilli önümler

Daşoguz «Çeper» tikin fabriginde öndürilýän önümler sarp edijileriň yzygiderli artýan isleglerinden peýdalanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 9 aýynyň jemleri boýunça fabrikde öndürilen önümler 11 million 397 müň 920 manada barabar boldy. Munuň özi fabrikde meýilnamanyň 141 göterim ýerine ýetirilendigini, şeýle-de, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüşiň 108 göterim bolandygyny aňladýar.

Pudakda şeýle ösüşlere eýe bolunmagynda fabrigiň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnologiýalary, tikin enjamlary bilen doly enjamlaşdyrylandygy aýratyn orun eýeleýär. Fabrigiň çeper elli tikinçileri öndürilýän önümleriň hil taýdan ýokary bolmagy üçin ähli yhlaslaryny, başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Tikin önümleriniň aglaba bölegi buýurmalar esasynda öndürilýär. Buýurmalar esasynda esgerler we serkerdeler üçin ýörite harby lybaslar, hassahana geýimleri, aşpezler üçin geýimler, ýeňlikler, başgaplar, pamykly düşek, ýorgan, ýassyk we olaryň daşlyklary, halatlar, işçi geýimleri tikilýär.

Tikilýän önümler üçin matalar, esasan, Ruhabat, Türkmenbaşy, Gökdepe, Aşgabat dokma toplumlaryndan alynýar. Bu matalar hil taýdan ýokary talaplara laýyk gelýär.

Fabrigiň işgärleri işlemäge, medeniýetli dynç almaga döredip berýän şertleri üçin hormatly Prezidentimize jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda rowaçlyk arzuw edip, ýyly ýokary netijeler bilen jemlemek üçin depginlerini gowşatman, yhlasly zähmet çekýärler.

Haltäç BÄŞIMOWA,

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44313

23.10.2021
Ösüşleriň ygtybarly binýady

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasaty «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä esaslanyp, ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alýan we ilatyň abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Taryhy özgertmeleri başdan geçirýän eziz Diýarymyzyň ykdysady ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda milli manadymyzyň hümmetiniň bellenilen derejelerde saklanmagy döwletimiziň ösüşlerine gönüden-göni täsir edýär.

Mälim bolşy ýaly, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda türkmen milli manady dolanyşyga girizildi. Munuň özi Watanymyzyň ykdysady garaşsyzlygyny aňlatmak bilen, ol ýurdumyzyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi hökmünde çykyş edýär. Häzirki wagtda manadyň durnuklylygyny, kadaly hereketini gazanmak, onuň goraglylygyny üpjün etmek babatda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda türkmen manadynyň denominasiýasy geçirilip, milli puluň täze nusgasy dolanyşyga girizildi. Bu bolsa onuň hümmetiniň artmagyna getirdi. Denominasiýa diýlende, ykdysadyýet ylmynda — bahalaryň ýagdaýynyň üýtgemegine we köne pul belgileriniň täze görnüşlerine çalşyrylmagy arkaly milli walýutany berkitmek üçin görülýän çärelere düşünilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tassyklan «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň banklary tarapyndan girizilen kartly töleg ulgamy nagt däl hasaplaşyklary kämilleşdirmek boýunça netijeli iş alyp barmaga, bank ulgamy üçin nagt pullary sanamak, daşamak ýaly işlerde ýörite amatlyklary döredýär.

Häzirki wagtda bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almak, aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş hyzmatlaryny tölemek, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awiapetekler üçin tölemek, karzy üzmek we onuň göterimlerini tölemek mümkinçilikleri döredildi. Söwda nokatlarynda we banklaryň pulhanalarynda nagt puly sanamak üçin nagt däl hasaplaşyklar arkaly wagtyň tygşytlanmagy karz edaralarynyň we ykdysadyýetiň beýleki subýektleri üçin geçirilýän amallar bilen baglanyşykly çykdajylary peseltmäge oňaýly şertleri döredýär.

Milli Liderimiziň ykdysady özgertmelerine laýyklykda, halkara maýa goýum işjeňligini artdyrmak ugrunda hem tutumly işler amala aşyrylýar. Türkmenistan bu babatda barha özüneçekiji döwlete öwrülýär. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, milli walýutamyzyň hümmetiniň durnuklylygy, döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň hereket etmegi, daşary ýurt maýa goýumlarynyň hukuk taýdan goraglylygy, maýadarlary höweslendirmek üçin döredilýän salgyt, gümrük boýunça ýeňillikler netijeli daşary ýurt maýa goýum syýasatynyň rowaçlanmagyna ähli zerur mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanyň halkara maliýe guramalarynyň işine işjeň gatnaşmagy, milli ykdysadyýetiň halkara hyzmatdaşlyk üçin açyklygy ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň täze häsiýete eýe bolýandygyny alamatlandyrýar. 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş geňeşinde bu abraýly gurama tarapyndan ýurdumyza synçy derejesiniň berilmegi bolsa döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan söwda diplomatiýasynyň dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýandygyny tassyklaýar.

2013-nji ýylyň ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet topary döredildi. Birnäçe ýyllaryň dowamynda bu abraýly halkara guramasynyň agza ýurtlarynyň tejribeleri, oňa girmek üçin talap edilýän köptaraply söwda ylalaşyklary we beýleki meseleler içgin öwrenildi. Şunuň bilen baglylykda, 2016-njy ýylyň maýynda Aşgabatda geçirilen «Merkezi Aziýa we köptaraply söwda ulgamy» atly ýokary derejeli halkara maslahatynyň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellemek zerur. Şeýle hem, Bütindünýä söwda guramasynyň wekilleri bilen 2019-njy ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birinji Hazar ykdysady forumyň çäklerinde netijeli ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Dünýäniň abraýly maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy ösen döwletleriň ykdysady tejribesini öwrenmäge we olary milli ykdysadyýetiň ösüş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, maliýe-bank ulgamyna girizmäge giň ýol açýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler türkmen manadynyň durnukly ösüşe täsirini ýokarlandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga, döwletiň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, raýatlaryň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga ähli amatly şertleri döredýär.

Goý, ýurdumyzyň beýik ösüşleri, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşy babatda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gurban MYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44303

23.10.2021
Döwrebap kärhanada işler ileri

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, demir ýol ulgamyny kämilleşdirmekde hem düýpli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ykdysady jähetden bähbitli aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek, ýolagçy we halk hojalyk ýüklerini gatnatmak boýunça täze ugurlary üpjün edýän halkara polat ýollary gurmak bilen baglanyşykly iri möçberli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. «Demirgazyk — Günorta» halkara demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň bütindünýä bähbitli tutumly başlangyçlarynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Halkara üstaşyr ulag-aragatnaşyk düzümleriniň täze ugurlarynyň kemala gelmeginde, sebitiň döwletleriniň arasynda özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda, täze ykdysady giňişligiň we iri möçberli halkara hyzmatdaşlygyň döremeginde, sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde «Demirgazyk — Günorta» halkara polat ýoluna uly orun degişlidir.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň demir ýol ulgamyna berýän ünsi netijesinde halkara demir ýoluň ugrundaky «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demir-ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Bereket şäherindäki 17-nji demir ýol şahamçasynda döwrebaplaşdyryş işleriniň amala aşyrylmagy bu ýerde işleriň ilerlemegine ýardam etdi. Döwrebap kärhanada ýük we ýolagçy wagonlaryny daşaýan teplowozlaryň abatlaýyş işleri häzirki zaman kompýuterleriň kömegi bilen ýerine ýetirilýär.

— Hormatly Prezidentimiziň «Balkan welaýatynyň Bereket şäherini durmuş-ykdysady taýdan özgertmek hakynda» gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda demir ýol şahamçamyzyň önümçilik düzümleri doly döwrebaplaşdyryldy. Tehniki hyzmat ediş bölümlerinde ornaşdyrylan enjamlar teplowozlaryň tehniki ýagdaýyny gözden geçirmäge hem-de olara zerur hyzmatlary ýokary hilli we tiz wagtda ýerine ýetirmäge giň mümkinçilikleri berýär. Öňler teplowozlaryň tigirlerinde sazlaýyş işlerini geçirmek üçin ýörite ýük göterijiler hem-de köp adam güýji gerek bolardy. Geçirilen döwrebaplaşdyryş işlerinden soň, bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlar bu işleri has ýeňilleşdirdi.

Kärhanamyzda teplowozlara gerek bolan şaýlary ýasamak hem-de gurallary abatlamak işleri hem ýokary derejede amala aşyrylýar. Ussalar Baýramberdi Çäkliýew, Güýçmämmet Garaýew, abatlaýjylar Şahymerdan Baýramalyýew, Nurmuhammet Allanurow, Wepa Musaýew, maşinist-instruktorlar Mekan Araşew, Nazar Esenow dagy nusga alarlyk zähmet çekýärler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine besleýän kärhanamyzyň zähmetsöýer işgärleri Gahryman Arkadagymyza hemişe alkyş sözlerini aýdýarlar — diýip, şahamçanyň başlygynyň abatlaýyş işleri boýunça orunbasary Hangeldi Amandurdyýew gürrüň berdi.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,

«Balkan».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44267

23.10.2021