Energetika ulgamynyň kuwwaty artýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň energetika kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanýar. Golaýda berkarar Diýarymyzyň gündogar sebitinde elektrik stansiýasy açylyp ulanylmaga berildi. Kuwwatlylygy 432 MWt-a deň bolan bu möhüm desga şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna ajaýyp sowgat boldy. Bu elektrik stansiýasy tutuş Merkezi Aziýada iň iri gazturbinaly elektrik stansiýalaryň biri bolup durýar. Şunda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda öňden hereket edýän elektrik energetiki desgalary barada gürrüň etmek aýratyn guwandyryjydyr. Döwlet Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň, Garaşsyz Türkmenistanda ilkinji gurlan elektrik stansiýasy hem Lebap welaýatynda ýerleşýär. Bu desga Seýdi ýylylyk elektrik merkezi bolup, onuň 1-nji energoblogy 1992-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanyşa girizildi. 2004-nji ýylda bolsa 2-nji energoblogy bilen güýçlendirilen ýylylyk elektrik merkeziniň bellenilen kuwwatlylygy 160 MWt-a deň boldy. Lebap welaýatynda henize çenli iň kuwwatly elektrik desgasy hökmünde tanalýan Döwletli etrabyndaky «Watan» döwlet elektrik stansiýanyň kuwwaty 254 MWt-a deňdir. 2014-nji ýylda Çärjew etrabynda açylan «Lebap» Döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwatlylygy bolsa, 149,2 MWt-a deňdir. Görşümiz ýaly, diňe Lebap welaýatynda gurlan elektrik desgalaryndan mysal alanymyzda hem ýurdumyzyň energetika kuwwatlylygynyň ýylyň-ýylyna giň gerimler bilen artýandygyna göz ýetirmek bolýar.

Kuwwatly elektroenergetika pudagynyň giň gerim bilen ösdürilýän hem-de onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilen energetika syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýan döwri bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen dürli maksatly ulanyşa girizilýän onlarça döwrebap desgalaryň biri bolan, Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň gurluşygyna 2018-nji ýylda badalga berlipdi. «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde, Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasy bilen Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanyşa girizilen bu desga «Mitsubishi Power Ltd.» ýapon kompaniýasynyň her biriniň kuwwaty 144 MWt bolan 3 sany gazturbinaly enjamlary we beýleki döwrebap enjamlar oturdyldy.

Çünki bu elektrik stansiýa hil, önümçilik we beýleki aýratynlyklary boýunça güwänamalaryň üçüsine, ýagny «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power Ltd.» kompaniýalary tarapyndan üpjün edilen M701DA kysymly gazturbinalaryň ulanylandygy baradaky Sylag şahadatnamasyna, «Max Planck» instituty tarapyndan Ekologiýa taýdan durnuklylyk we netijelilik sertifikatyna hem-de Şweýsariýanyň federal tehnologiýalar instituty tarapyndan desganyň öňdebaryjy tehnologiýaly elektrik stansiýadygy baradaky laýyklyk güwänamasyna mynasyp boldy we bu stansiýadaky kuwwatlylyk tutuş ýurdumyzyň umumy energokuwwatyna güýçli goşant bolup, bagtyýar raýatlarymyzyň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilik döretdi, şeýle-de, goňşy ýurtlara elektrik energiýasyny eksport etmek arkaly ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda hem ähmiýeti juda uludyr.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň elektroenergetika pudagy ýokary depginler bilen ösýär, özgerýär, döwrebaplaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan bu pudagyň köpugurly mümkinçiliginiň mähriban halkymyzyň, tutuş adamzadyň bähbitlerine gönükdirilmegi aýratyn buýsandyryjydyr.

Goý, berkarar Diýarymyzy energetika taýdan kuwwatly ýurda öwürýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!

Maral AGAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44297