Halkalaýyn energiýa ulgamy döredilýär

Ýakynda Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijiniň açylyş dabarasy boldy. Täze desganyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň energetikleriniň buýsançly başlaryny belende göterdi. Olaryň käbirleriniň şeýle il-ýurt bähbitli işiň başynda duran hormatly Prezidentimize alkyşdan doly ýürek sözlerini okyjylara ýetirýäris.

Güljahan NURYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň bölüm başlygy:

— Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda we ak pata bermeginde Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi uly dabara bilen işe girizildi. Energetika pudagynyň işgärleri üçin bu waka ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň energetika pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda bu pudagyň ähmiýetli orny bar. Şäherlerimize, şäherçedir obalarymyza, her bir maşgala ojagyna ýylylyk paýlamakda pudagyň işçi-hünärmenleri bolup, saldamly goşandymyzy goşýarys. Biziň zähmet çekýän Derweze döwlet elektrik stansiýamyzda ýokary iş şertleridir mümkinçilikler bar. Häzirki zamanyň iň kämil tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan elektrik stansiýasy kuwwatly gaz turbina desgalarynyň dördüsini öz içine alýar. Olar bir gije-gündizde 12 million kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürmek mümkinçiligine eýedir.

Güýjenmesi 220 kW, uzynlygy 421 kilometr bolan täze asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi bilen, içerki sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygynyň ýokarlanmagyna, şeýle-de daşary ýurtlara eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberiniň artmagyna şert döredi.

Halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda uly aladalary edýändigi, şeýle ajaýyp desgalary gurduryp berýändigi üçin hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarys.

Yhlas SAPAROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni:

— Toý-baýramlara beslenýän şöhratly ýylymyzda dürli maksatly desgalaryň yzygiderli açylyp, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi göwün guşumyzy ganatlandyrýar. Şu ýylyň başyndan bäri diňe biziň etrabymyzyň çäginde iri desgalaryň birnäçesiniň gurluşygy tamamlandy hem-de dabaraly ýagdaýda açyldy. Şeýle desgalaryň arasynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Karantin merkezi, döwrebap ýyladyşhana toplumy, umumybilim berýän orta mekdepleriň ikisi, dört gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary bar.

Hormatly Prezidentimiz Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň işine sanly ulgam arkaly ak pata berdi. Iki zynjyrly täze asma elektrik geçiriji howanyň islendik şertlerinde hem ildeşlerimiziň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün edilmegine mümkinçilik berer. Bu taryhy wakanyň şanyna welaýatymyzyň merkezindäki Medeniýet öýünde geçirilen aýdym-sazly hoşallyk maslahatyna hem gatnaşdyk. Bu maslahatda şeýle ajaýyp desgalary gurduryp, baky bagtyýarlykda ýaşamagymyz babatda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş aýdyldy. Goý, hormatly Prezidentimiziň il-günümiziň bagtyýar şu güni we nesilleriň röwşen geljegi üçin durmuşa geçirýän döwletli tutumlary hemişe rowaçlyga beslensin!

Röwşen KERIMOW,
«Balkanenergo» önümçilik birleşiginiň düýpli gurluşyk bölüminiň hünärmeni:

— Ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ugry boýunça ýokary woltly täze asma elektrik geçirijiniň gurluşygy üstünlikli tamamlanyp, ol dabaraly ýagdaýda işe girizildi. Kämil enjamlar bilen amala aşyrylan bu taslamany «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň degişli düzümleriniň, ýerli hususy kärhanalaryň gurluşykçylary ýerine ýetirdiler.

Birinji tapgyrda ýurdumyzyň iki welaýatyny birikdiren ýokary woltly täze elektrik geçiriji içerki sarp edijileri energiýa bilen bökdençsiz üpjün edýär, daşarky bazarlara eksport edilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu il-ýurt bähbitli işiň ýerine ýetirilmegine ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndaky degişli düzümler bilen bir hatarda, Balkan welaýatynyň energogurluşyk kärhanalarynyň hünärmenleriniň hem gatnaşandyklaryna buýsanjymyzyň çägi ýok. Bu geçirijiniň 254,6 kilometri biziň welaýatymyzyň çäginden geçýär. Geljekde bu aralykda täze podstansiýalaryň üçüsini gurmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa täze iş orunlarynyň dörediljekdiginiň hem subutnamasydyr.

Dünýä nusgalyk taslamalaryň gurluşygynyň ýene birini bize — türkmen energetiklerine ynanyp, halal zähmet çekmäge ähli şertleri döreden Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirýäris.

Arazdurdy FAPAROW,
Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň elektrik sehiniň başlygy:

— Biz hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň energetika pudagynda halkalaýyn ulgamy döretmek babatdaky taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijiniň ulanyşa girizilmeginiň şaýady bolduk. Şeýle tutumly işleri diňe ykdysady taýdan kuwwatly döwletde amala aşyryp bolýar. Bu döwletli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, diňe bir Ahal we Balkan welaýatlarynyň üznüksiz tok üpjünçiligi berkidilmän, eýsem, daşarky bazara ugradylýan elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga hem mümkinçilik döredi. Şonuň bilen birlikde-de bu asma elektrik geçiriji arkaly welaýatymyzyň çägine iberiljek elektrik energiýasy netijesinde, Türkmenbaşy şäheriniň, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň, sebitimiziň etrapdyr şäherlerindäki ähli edara-kärhanalaryň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiligi has-da ygtybarly derejä çykaryldy.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda aýratyn ähmiýete eýedir. Şu möhüm taslamany öz wagtynda we üstünlikli amala aşyrmak üçin energetiklerimize dünýäniň ösen döwletlerinden döwrebap tehnikalary we ähli zerur enjamlary satyn alyp beren Gahryman Arkadagymyza sagbolsun aýdýarys.

Ýazga geçirenler Aýdo ŞEKEROW, Hojaberdi BAÝRAMOW.

(Öz habarçylarymyz). Surata düşürenler Begençmyrat ATAÝEW, Andreý PAKULOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44649