Döwlet eýeçiligi we hususyýetçilik

Ýurdumyzyň ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen alnyp barylýan toplumlaýyn işler, ilkinji nobatda, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmäge, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny ornaşdyrmaga, aýratyn-da, döwlet emlägini we desgalaryny hususylaşdyrmaga gönükdirilendir. Bazar gatnaşyklaryny ykdysadyýete, ylaýta-da, söwda, hyzmat ediş pudaklaryna ornaşdyrmagyň möhüm serişdeleriniň biri-de hususyýetçiligiň ösdürilmegi bilen baglydyr. Döwletimiz telekeçilere hususy işi ýola goýmaga goldaw berýär, hususyýetçilik bolsa, öz nobatynda, sarp edilýän harytlaryň öndürilişine we ilata hyzmat edilişine saldamly goşant goşýar.

Halkara ykdysatçylaryň pikirlerine görä, ösen ýurtlarda hususy pudagyň jemi içerki önümdäki paýynyň ortaça 70 göterim möçberde bolmagy maksadalaýykdyr. Hususy önüm öndürijiler döwrüň talabyna laýyk enjamlaşdyrylan kärhanalarda ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürip, ýurtda azyk bolçulygynyň döremegine goşant goşýarlar.

Milli Liderimiziň hususylaşdyrmagyň ykdysady we durmuş mazmunyny, bu babatdaky halkara tejribäni giňişleýin öwrenmegi we pudaklara ornaşdyrmagy esasy talaplaryň biri hökmünde öňe sürmegi ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna, hususy ulgamyň ösmegine, şeýle-de halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna amatly şertleri döredýär.

«Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» hem-de «Döwlet-hususy hyzmatdaşlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi pudagyň kanunçylyk binýadynyň berkidilýändigini, hususyýetçilik işiniň ösüşini düzgünleşdirmegiň mehanizminiň döredilýändigini, ýurdumyzda hususyýetçileriň giň gatlagynyň peýda bolýandygyny aýdyň görkezýär.

Hususyýetçilere ýakyndan ýardam bermekde degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi we yzygiderli kämilleşdirilmegi bilen bir hatarda, elýeterli bahaly sarp edilýän harytlary öndürmekde dürli görnüşli kärhanalary döretmek we önümçiligi ýokarlandyrmak üçin karz edaralarydyr banklar tarapyndan olara goldaw hökmünde uzak möhletleýin, az göterimli karz serişdeleri berilýär.

2011-nji ýylyň iýun aýynda «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, 2019-njy ýylyň oktýabrynda onuň täze redaksiýasynyň kabul edilmegi hususyýetçileriň işini ilerletmekde ýene-de bir möhüm ädim boldy. Birleşmäniň esasy işi kiçi we orta telekeçiligi goldamakdan, milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge ýardam bermekden, olary häzirki zaman telekeçilik düzümlerini emele getirmäge ugrukdyrmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda ol müňlerçe agzany özüne birleşdirýär we ýurtda hususyýetçiligiň ösmegine, täze iş orunlarynyň artmagyna, täze önümçilik pudaklarynyň emele gelmegine, şeýle-de bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilip, haryt bolçulygynyň döredilmegine ýardam berýär.

Häzirki döwürde tutuş dünýäde COVID-19 ýokanjynyň pandemiýasy bilen bagly ýüze çykýan ýagdaýlary nazara alyp, döwletimiz ösen ýurtlaryň ileri tutýan ugurlaryna pugta eýermek bilen, hususy telekeçiligiň gerimini giňeltmek meselelerine has-da içgin garaýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly ykdysadyýetiň öňdebaryjy ösüş ugry hökmünde ykrar edilen elektron täjirçilige, elektron resminama dolanyşygyna we elektron hökümeti döretmäge aýratyn üns berilýär. Çünki sanly tehnologiýalaryň üsti bilen elektron söwda arkaly umumydünýä söwda toruny emele getirip bolýar. Şol bir wagtyň özünde-de eksport ugurly pudaklaryň netijeli işlemegine, tiz we ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmäge ýardam bermek bilen bir hatarda, adamyň saglygyna zyýan ýetirip biläýjek howplardan goranmaga amatly şert döreýär.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 3-nji sentýabrda geçirilen mejlisinde döwlet eýeçiligini netijeli dolandyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususyýetçileriň sanyny artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça amatly şertleri döretmek barada belläp geçdi. Mejlisde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanynda döredilen Pudagara topar tarapyndan döwletiň garamagyndan aýrylmaga we hususylaşdyrmaga degişli döwlet eýeçiligindäki kärhanalar we desgalar boýunça berlen hasabata laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni boýunça 5 desgany, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça 3 desgany, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni boýunça 1 desgany, şeýle-de Lebap welaýat häkimligi boýunça 1 desgany bäsleşikli söwda arkaly hususylaşdyrmagyň göz öňünde tutulýandygynyň bellenilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Hususyýetçiligi ösdürmek, telekeçileriň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giňden orun almagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler has-da ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň 8-nji oktýabrda Ministrler Kabinetiniň dokuz aýyň jemi boýunça geçirilen giňişleýin mejlisinde hususy işewürligi ösdürmek, telekeçileri ykdysadyýetimizde özgertmeleri geçirmäge giňden çekmek boýunça döwlet syýasatynyň dowam etdirilýändigini bellemegi we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, ýagny daşary ýurtlardan getirilýän önümleri ýurdumyzda öndürmek we eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, özara bäsdeşligi ösdürmek, işewürleriň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak, degişlilikde, ykdysadyýetde döwlet pudaklarynyň paýyny azaltmak boýunça birnäçe tabşyryklary bermegi, hasabat döwründe döwlet eýeçiligindäki desgalaryň 81-siniň hususylaşdyrylmagy we Döwlet býujetine 368 million 356 müň 908 manat möçberinde maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmagy bazar ykdysadyýetiniň geçiş döwrüni başdan geçirýän döwletimiziň ykdysady taýdan yzygiderli ösüş gazanýandygyny aýdyň görkezýär.

Mejlisde hormatly Prezidentimiziň: «Eger siziň käbiriňizde aýry-aýry pudaklar bazar şertlerinde işläp bilmez diýen düşünje bar bolsa, onda bu pikir ýalňyşdyr» diýip aýratyn nygtamagy ösen ýurtlaryň tejribesine esaslanyp, ýurdumyzda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde bazar şertlerine tiz geçmäge mümkinçiligiň dörejekdigini şertlendirýär.

Indi hususy telekeçilerimiz senagatyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, gurluşyk pudagynda hem ýaşaýyş jaýlaryny, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyny we olary abatlamak işlerini ýokary derejede alyp barýarlar. Bu gün türkmen hususyýetçileriniň milli haryt nyşanly, «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly, «483» milli prefiksli (kodly) önümleri daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar.

Döwletimiziň hususy telekeçiligi ösdürmek baradaky strategiýasy ýurtda bazar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen, ykdysady ösüşi çaltlandyrýar. Hususy kärhanalaryň sany, olaryň öndürýän önümleriniň möçberi, hili, şeýle-de jemi içerki önüme goşýan goşandy yzygiderli ýokarlanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl pudaklarynda öndürilýän önümleriň jemi içerki önümdäki paýyny (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) 2021-nji ýylda 70,6 göterime, 2025-nji ýyla çenli bolsa 73,2 göterime ýetirmek maksat edinilýär. Bu wezipäni durmuşa geçirmek boýunça döwlet tarapyndan ýola goýlan hyzmatdaşlygyň kanunçylyk we guramaçylyk binýadyny kämilleşdirmek çäreleri hem utgaşykly alnyp barylýar. Bu bolsa ýurtda ykdysady ösüşiň ýokarlanmagynda hususy pudagyň paýyny has-da artdyrar.

Jumageldi SALAMOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44650