Durnuklaşdyryş gaznasy we ykdysady ösüş

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygynda ähli ykdysady pudaklar bilen bir hatarda maliýe-bank ulgamynyň işi hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň şeýledigini Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 22-nji oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde kabul edilen çözgütleriň mysalynda hem görmek bolýar. Onda Türkmenistanyň Býujet kodeksini ýerine ýetirmek maksady bilen, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibi tassyklanyldy. Bu taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi netijesinde Durnuklaşdyryş gaznasynyň maýa goýum işjeňligindäki, banklaryň karz binýadyny berkitmekdäki orny we ähmiýeti ýokarlanar. Şonuň bilen bir hatarda ýurdumyzda kabul edilýän ähli derejedäki maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmäge amatlyklar dörär. 2008-nji ýylda döredilen bu gaznanyň esasy çeşmesi bolup Türkmenistanyň merkezleşdirilen býujetiniň girdejisiniň çykdajylardan artykmaç gelýän bölegi çykyş edýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen bu gaznanyň esasy maksady ýurdumyzda ileri tutulýan pudaklary goldamakdan, sazlaşykly, kadaly ösüşi üpjün etmekden ybaratdyr. Durnuklaşdyryş gaznasynyň işine täzeçe, döwrebap çemeleşmek, onuň maksadalaýyk ulanylyşyny üpjün etmek — munuň özi ýokary netijeli karz-pul syýasatyny alyp barmaga, edara-kärhanalaryň we ilatyň karz serişdelerine bolan ösen isleglerini öz wagtynda, doly derejede kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. Durnuklaşdyryş gaznasynyň maýa goýum işine gönükdirilmegi gurulýan önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň, desgalaryň sanynyň artmagyna, hiliniň ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň tehniki we tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna, goşmaça iş orunlarynyň döredilmegine, maşgala girdejisiniň artmagyna oňyn täsirini ýetirer.

Milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, ylma daýanýan, innowasiýa esaslanýan, ýokary netijeli, nusgalyk syýasaty esasynda türkmen ykdysadyýeti batly gadamlar bilen ynamly öňe barýar. Munuň şeýledigini makroykdysady görkezijilerden hem görmek bolýar. Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde getirilen maglumatlardan görnüşi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy, jemi öndürilen önümleriň möçberi, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6 göterim artdy. Dokuz aýyň netijeleri boýunça iri we orta kärhanalarda aýlyk zähmet haklary, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,5 göterim köpeldi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 17,9 milliard manada ýetdi. 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyz boýunça iri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň 62-si ulanmaga berildi. Şu döwürde Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,2 göterim, çykdajy bölegi bolsa 98,1 göterim ýerine ýetirildi. Üç çärýegiň netijeleri boýunça milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň mukdarynyň jemi içerki önüme bolan gatnaşygy 16,2 göterime deň boldy. Dokuz aýda özleşdirilen maýa goýumlaryň 49,2 göterimi önümçilik toplumlaryna, 50,8 göterimi bolsa durmuş-medeni maksatly desgalara gönükdirildi.

Döwlet Baştutanymyz bellenen maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň maliýe-bank ulgamyna aýratyn ornuň degişlidigini nygtamak bilen, olaryň öňünde duran meseleleri anyk kesgitledi. Hususan-da, ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, telekeçilik işjeňligini netijeli höweslendirmek, innowasion başlangyçlary we tehnologiýalary goldamak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmegi dowam etdirmek, gazna bazaryny ösdürmek we bäsleşikli söwda edaralarynyň gerimini giňeltmek ýaly möhüm wezipeler öňde goýuldy. Şu wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde strategik ähmiýeti bolan ätiýaçlyk maliýe serişdeleriniň, Durnuklaşdyryş gaznasynyň mynasyp orny bar. Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini karz edaralarynyň depozit hasabyna geçirmek arkaly döwlet düzümlerine we hususy pudaga berilýän gysga, orta we uzak möhletli karzlaryň möçberi artar, karzyň ykdysady ösüşe täsiri ýokarlanar. Ahyrky netijede bolsa, Durnuklaşdyryş gaznasy ykdysady ösüşiň işjeň hereketlendiriji güýjüne öwrüler, eksport kuwwatyny ýokarlandyrar, importyň ornuny tutýan önümleriň köp görnüşini öz ýurdumyzda öndürmäge mümkinçilik döreder.

Şu wezipeleriň döwrüň talabyna laýyklykda çözülmegi köp ýagdaýda maliýe-bank ulgamynyň hünärmenleriniň hünär taýýarlygyna baglydyr. Şonuň üçin hem ykdysady, maliýe-bank ulgamlarynyň hünärmenleriniň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, döwrüň talabyna laýyk getirilmegi ýurdumyzyň bazar ykdysadyýetine tiz we durnukly geçmegine, ykdysady gurallaryň işjeňligini artdyrmaga özüniň oňyn täsirini ýetirer. Netijede, ykdysadyýetiň ygtybarly we durnukly ösüşini üpjün etmekde, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmakda Durnuklaşdyryş gaznasynyň orny we ähmiýeti yzygiderli ýokarlanar.

Baýramdurdy TAÝHAROW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44752