Ýokary hilli önümler

Daşoguz «Çeper» tikin fabriginde öndürilýän önümler sarp edijileriň yzygiderli artýan isleglerinden peýdalanýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 9 aýynyň jemleri boýunça fabrikde öndürilen önümler 11 million 397 müň 920 manada barabar boldy. Munuň özi fabrikde meýilnamanyň 141 göterim ýerine ýetirilendigini, şeýle-de, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüşiň 108 göterim bolandygyny aňladýar.

Pudakda şeýle ösüşlere eýe bolunmagynda fabrigiň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli tehnologiýalary, tikin enjamlary bilen doly enjamlaşdyrylandygy aýratyn orun eýeleýär. Fabrigiň çeper elli tikinçileri öndürilýän önümleriň hil taýdan ýokary bolmagy üçin ähli yhlaslaryny, başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Tikin önümleriniň aglaba bölegi buýurmalar esasynda öndürilýär. Buýurmalar esasynda esgerler we serkerdeler üçin ýörite harby lybaslar, hassahana geýimleri, aşpezler üçin geýimler, ýeňlikler, başgaplar, pamykly düşek, ýorgan, ýassyk we olaryň daşlyklary, halatlar, işçi geýimleri tikilýär.

Tikilýän önümler üçin matalar, esasan, Ruhabat, Türkmenbaşy, Gökdepe, Aşgabat dokma toplumlaryndan alynýar. Bu matalar hil taýdan ýokary talaplara laýyk gelýär.

Fabrigiň işgärleri işlemäge, medeniýetli dynç almaga döredip berýän şertleri üçin hormatly Prezidentimize jan saglyk, döwletli başlangyçlarynda rowaçlyk arzuw edip, ýyly ýokary netijeler bilen jemlemek üçin depginlerini gowşatman, yhlasly zähmet çekýärler.

Haltäç BÄŞIMOWA,

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44313