Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, demir ýol ulgamyny kämilleşdirmekde hem düýpli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ykdysady jähetden bähbitli aragatnaşyk ulgamlaryny döretmek, ýolagçy we halk hojalyk ýüklerini gatnatmak boýunça täze ugurlary üpjün edýän halkara polat ýollary gurmak bilen baglanyşykly iri möçberli taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýär. «Demirgazyk — Günorta» halkara demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň bütindünýä bähbitli tutumly başlangyçlarynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Halkara üstaşyr ulag-aragatnaşyk düzümleriniň täze ugurlarynyň kemala gelmeginde, sebitiň döwletleriniň arasynda özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda, täze ykdysady giňişligiň we iri möçberli halkara hyzmatdaşlygyň döremeginde, sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde «Demirgazyk — Günorta» halkara polat ýoluna uly orun degişlidir.
Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň demir ýol ulgamyna berýän ünsi netijesinde halkara demir ýoluň ugrundaky «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demir-ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Bereket şäherindäki 17-nji demir ýol şahamçasynda döwrebaplaşdyryş işleriniň amala aşyrylmagy bu ýerde işleriň ilerlemegine ýardam etdi. Döwrebap kärhanada ýük we ýolagçy wagonlaryny daşaýan teplowozlaryň abatlaýyş işleri häzirki zaman kompýuterleriň kömegi bilen ýerine ýetirilýär.
— Hormatly Prezidentimiziň «Balkan welaýatynyň Bereket şäherini durmuş-ykdysady taýdan özgertmek hakynda» gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda demir ýol şahamçamyzyň önümçilik düzümleri doly döwrebaplaşdyryldy. Tehniki hyzmat ediş bölümlerinde ornaşdyrylan enjamlar teplowozlaryň tehniki ýagdaýyny gözden geçirmäge hem-de olara zerur hyzmatlary ýokary hilli we tiz wagtda ýerine ýetirmäge giň mümkinçilikleri berýär. Öňler teplowozlaryň tigirlerinde sazlaýyş işlerini geçirmek üçin ýörite ýük göterijiler hem-de köp adam güýji gerek bolardy. Geçirilen döwrebaplaşdyryş işlerinden soň, bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlar bu işleri has ýeňilleşdirdi.
Kärhanamyzda teplowozlara gerek bolan şaýlary ýasamak hem-de gurallary abatlamak işleri hem ýokary derejede amala aşyrylýar. Ussalar Baýramberdi Çäkliýew, Güýçmämmet Garaýew, abatlaýjylar Şahymerdan Baýramalyýew, Nurmuhammet Allanurow, Wepa Musaýew, maşinist-instruktorlar Mekan Araşew, Nazar Esenow dagy nusga alarlyk zähmet çekýärler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine besleýän kärhanamyzyň zähmetsöýer işgärleri Gahryman Arkadagymyza hemişe alkyş sözlerini aýdýarlar — diýip, şahamçanyň başlygynyň abatlaýyş işleri boýunça orunbasary Hangeldi Amandurdyýew gürrüň berdi.
Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».