ÖŇŇIN hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda we ak pata bermegi bilen Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisi dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Şu taryhy waka mynasybetli Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Derweze döwlet elektrik stansiýasynda bolan dabara energetika pudagynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri we beýleki myhmanlar gatnaşdy.
Döwlet elektrik stansiýasyna ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň çykyşyny sanly ulgam arkaly diňlediler. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda halkalaýyn energoulgamy döretmek boýunça taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi mynasybetli gutlag sözleri we bu desganyň ähmiýeti barada aýdanlary dabara gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi.
Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde elektrik energetikasy pudagynyň eýeleýän orny uludyr. Şoňa görä-de, ösüşiň täze taryhy döwründe bu pudagyň netijeli we döwrebap ösdürilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän işleri welaýatymyzyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen ýokary tehnologiýaly gaz turbinaly elektrik stansiýalaryň mysalynda anyk göz ýetirip bolýar. Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Derweze we Ahal döwlet elektrik stansiýalary şeýle kuwwatlyklardyr. «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäginde gurlan Derweze elektrik stansiýasy 2015-nji ýylyň sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda işe girizildi hem-de häzirki wagtda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň ilatyny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Gürrüňi edilýän döwlet elektrik stansiýasy kuwwatly gazturbina desgalarynyň dördüsini öz içine alýar. Olar bir gije-gündizde 12 million kilowat/sagat elektrik energiýasyny öndürmek mümkinçiligine eýedir. Bu ýerdäki gazturbinalar daşky gurşawa ýetirilýän zyýanly galyndylaryň möçberiniň azalmagyna mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň energetika pudagyny ösdürmek barada öňde goýan aýdyň wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşýan Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň ruhubelent işçi-hünärmenleri stansiýanyň esasy dolandyryş merkezinden güýjenmesi 220 kW, uzynlygy 421 kilometr bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi mynasybetli taryhy waka şaýat boldular.
Täze asma elektrik geçirijisi ýurdumyzyň iki welaýatynyň elektrik torlaryny baglanyşdyrmak bilen, sebitleriň içerki sarp edijileriniň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygynyň ýokarlanmagyna, şeýle-de daşary ýurtlara eksporta ugradylýan elektrik energiýanyň mukdarynyň artmagyna tehniki mümkinçilikler berýär. Galyberse-de, täze asma elektrik geçirijisi elektrik energiýany tygşytlamagyň hiliniň ýokarlanmagynda, howanyň islendik şertlerinde hem ilatyň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň garamagyndaky kärhanalaryň gurluşykçylarynyň gatnaşmagynda üstünlikli amala aşyrylan bu taslamanyň — Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisiniň işine dolandyryş merkezinden gözegçiligiň amala aşyrylmagyna ähli mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr.
Şol gün Derweze döwlet elektrik stansiýasynyň mejlisler jaýynda bolan dabaraly maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda elektrik energiýasynyň öndürilişini artdyrmak, welaýatlaryň we Aşgabadyň energoulgamlaryny bitewi energetika halkasyna birleşdirmek, halkymyzy elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek babatda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: Ahal — Balkan ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi mynasybetli geçirilen dabaradan pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.