Milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde maýa goýumlaryň uly ähmiýeti bardyr. Döwletiň durmuşa geçirýän bu syýasaty maýa goýum işini işjeňleşdirmek, ykdysady ösüşi, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak we ilatyň durmuş meselelerini oňyn çözmek maksady bilen amala aşyrylýan hojalyk işleriniň toplumydyr. Maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň baş maksady ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmakdan, önümçiligiň giň gerimde ösdürilmegini we düýpli maýa goýumlaryň maýadarlar üçin peýdaly bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzda uly möçberli maýa goýum işlerini amala aşyrmak üçin ähli ykdysady amatlyklar, ýagny ýeňillikli karz, salgyt, gümrük tölegleri we halkara talaplara laýyk gelýän berk kanunçylyk binýady döredildi. Şeýle amatlyklar maýadarlarda uly gyzyklanma döredýär.
Milli ykdysadyýetimize çekilýän maýa goýumlaryň esasy aýratynlygy ýerli maýa goýumlaryň, döwlet býujetiniň serişdeleriniň paýynyň ýokary bolmagyna oňyn şert döredýär.
Ýurdumyzda nebitgaz, nebithimiýa, saglygy goraýyş we derman senagaty, ulag-aragatnaşyk, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmek boýunça taslamalary amala aşyrmak maksady bilen, daşary ýurt maýalarynyň akymyny artdyrmak, amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmek barada ägirt uly işler alnyp barylýar.
Milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» öz beýanyny tapýar.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyza maýa goýumlary çekmek we olaryň möçberini artdyrmak babatynda alnyp barylýan işiň çäklerinde Türkmenistanyň bank ulgamynyň tutýan orny örän uludyr. Maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde we ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdeleriniň çekilmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan uly işler alnyp barylýar.
Maýa goýumlar babatda, halkara gatnaşyklary ilerletmekde Türkmenistan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär. Diýarymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky asudalyk, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesi, durnukly durmuş-ykdysady ösüşimiz, ýurdumyzda döwrebap ulag-aragatnaşyk infrastrukturasynyň hereket etmegi, daşary ýurt maýa goýumlarynyň kanun taýdan goraglylygy, maýadarlary höweslendirmek üçin berilýän salgyt we gümrük boýunça ýeňillikler bu ugurdaky işleriň rowaçlanmagyna ähli mümkinçilikleri döredýär. Alnyp barylýan oýlanyşykly maýa goýum syýasatynyň netijesinde Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüş depgini gazanylýar. Daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň görnüşleriniň artmagy netijesinde daşary söwda dolanyşygynyň oňyn tapawudy emele gelýär.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan oýlanyşykly maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösdürilmegine, ykdysady mümkinçilikleriň artdyrylmagyna hem-de halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Allamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň mugallymy.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/46297