Ýurdumyzyň beýik ösüşleri

Häzirki wagtda ýurtlaryň, halklaryň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklary ösdürmek, çuňlaşdyrmak bilen baglanyşykly ugurlara aýratyn üns berilýär. Şolary oňyn çözmekde hormatly

Prezidentimiziň ulag-üstaşyr geçelgeleri babatdaky öňdengörüjilikli başlangyçlary aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ýakynda hormatly Prezidentimiz ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýokary tizlikli bu awtomobil ýolunyň ýurdumyzyň çäginden daşalýan ýükleriň we gatnawlaryň möçberini artdyrmaga hem-de çaltlandyrmaga amatly şertleri döretjekdigi şübhesizdir. Şonuň bilen baglylykda, goňşy ýurtlar bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmäge hem uly mümkinçilikler açylýar.

Şeýle ýokary tizlikli ýollary gurmakda türkmen hünärmenleriniň uly tejribesiniň bardygyny aýratyn bellemegimiz gerek. Şonuň üçin hem bu ýokary tizlikli ýolda hem türkmen hünärmenleri ähli döwrebap mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrdylar. Ýoluň ugrunda tizligi ölçeýji enjamlar, wideogözegçilik enjamlary we beýleki ugurlar ýoluň ýokary derejede gurlandygyndan habar berýär.

Daşalýan ýükleriň we gatnawlaryň möçberini artdyrmakda hem-de çaltlandyrmakda innowasion tehnologiýalara daýanmak — bu elbetde, ulag-üstaşyr geçelgelerini öz içine alýan ulgama täze bilimleri, kämil tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybarat. Şeýlelikde, jemgyýetçilik we ekologik meseleler oňyn çözülip, önümçilige sarp edilýän çykdajylar azalar we wagt tygşytlanar.

Ýokary tizlikli ýoluň hereket böleginiň biri-birinden ýörite zolak arkaly bölünmegi hereketiň päsgelçiliksiz bolmagyny üpjün edýär. Her ugurda hereket zolagynda adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolagyň, haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen metal germewleriň bolmagy döräp biläýjek päsgelçilikleriň öňüni almaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň ýakyn geljek üçin öňde goýan esasy wezipeleriniň hatarynda dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak we Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlarda ýollary we merkezleri baglanyşdyrýan esasy ýollaryň ugry boýunça düzümleri has-da giňeltmek bilen baglanyşykly ähmiýetli meseleler durýar. Bu ugurlar boýunça möhüm ulag geçelgeleriniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek we Ýewraziýanyň ykdysady zolaklaryny birleşdirmek maksatlaryny durmuşa geçirmek babatda aýratyn ähmiýete eýedir.

Biz öz geçýän sapaklarymyzda, wagyz-nesihat çärelerimizde talyplaryň ünsüni şeýle ajaýyp işlere çekýäris. Hormatly Prezidentimiziň sargytlary, çykyşlary, nesihatlary biziň üçin görelde mekdebidir.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeleriň biri bolup durýar. Baky Bitaraplygymyz bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymat bolup hyzmat edýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygyň pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

Halkymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Aýna KIÇIÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46003