Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejene çenli bolan 203 kilometrlik böleginiň hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp ulanylmaga berilmegi, oňa onlaýn görnüşde ýokary derejeli daşary ýurtly wekilleriň gatnaşmagy Türkmenistanda ýol-ulag düzüminde aýratyn ähmiýetli we möhüm ýörelgeleriň bardygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine çenli uzajak ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy doly tamamlanandan soňra, ol diňe bir milli ykdysadyýetiň umumy ösüşine, ulag ulgamynda goňşara, sebitara we yklymara hyzmatdaşlygyň ýokarlanmagyna, logistik binýadyň berkemegine täsir etmän, eýsem, Ahal welaýatynyň ykdysady durmuşyna-da önjeýli goşant goşar. Geljekde Lebap, Mary, Ahal we Balkan welaýatlaryny bir düzümde birleşdirjek ýokary tizlikli awtomobil ýoly, ilkinji nobatda, sebitleriň içerki söwda dolanyşygyny artdyrmaga, ýerli bazarlara tiz hem az çykdajy bilen çykmaga, daýhanyň yhlasy bilen kemala getirilen oba hojalyk önümleriniň terligine alyja ýetirilmegine mümkinçilik berer. Bu bolsa, bir tarapdan, içerki bazarlarda önüm bolçulygyny berkitmäge, olaryň bahalarynyň durnuklylygyny saklamaga mümkinçilik berse, beýleki tarapdan, şeýle ulag-ýol düzümleri harytlaryňdyr hyzmatlaryň ähli görnüşleri boýunça içerki söwda dolanyşygynyň işjeňleşmegine şert döreder. Şunda bir zada aýratyn üns bermek zerur. Ýurdumyzda ýol-ulag düzümi bilen baglanyşykly amala aşyrylýan iri taslamalar diňe bir ugra ýa-da ulgama täsir etmek bilen çäklenmeýär. Ol şol bir wagtyň özünde döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryna täsirini ýetirýär.
Oba hojalyk pudagyny ösdürmek esasy mesele bolmagynda galýar. Şundan ugur alanyňda, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýoly diňe bir söwda dolanyşygynyň, ýurdumyzyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliginiň, ulag hyzmatlarynyň ýokarlanmagyna täsir etmän, oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine-de täsir eder. Bu bolsa halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak bilen gönümel baglanyşyklydyr.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Ahal welaýatynyň kesewini dürtseň gögerýän mes toprakly ýerlerinden öndürilýän önümleriň özüne düşýän gymmatynyň peselmegine we ýurdumyzyň çar künjegine, içerki bazarlardan artýan böleginiň bolsa diwersifikasiýa ýoly bilen eksporta ugradylmagyna mümkinçilik berer. Ýoluň ugrunda belli aralyklarda tehniki hyzmat ediş merkezleriniň, söwda merkezleriniň, garbanyşhanalaryň göz öňünde tutulmagy söwdadyr iýmit pudagynda täze iş orunlarynyň döremegine getirer. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunda ýol hereketiniň ýörite ulgam arkaly dolandyrylmagy, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin metal germewleriň ornaşdyrylmagy sürüjileriň, ýolagçylaryň hem-de ýükleriň howpsuzlygyny artdyrmaga, şonuň bilen birlikde-de, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga mümkinçilik berer. Onuň ugrunda ýerasty geçelgeleriň, ýolüsti geçirijileriň, trampedleriň, monolit köprüleriň gurulmagy, mallary geçirmek üçin ötükleriň 10-synyň, oba hojalyk tehnikalary üçin ötükleriň 17-siniň göz öňünde tutulmagy-da ýoluň howpsuzlygyny üpjün etmäge hyzmat edýär. Çünki şeýle howpsuzlyk awtobanyň halkara ülňülere laýyk gelmeginiň ilkinji şertleriniň biri we milli Liderimiziň esasy talaby bolup durýar.
Ýokary tizlikli awtomobil ýoly, mälim bolşy ýaly, Garagum sährasyny aralap geçýär. Bu bolsa ýelli howalarda çägäniň süýşüp, ýoly, dürli maksatlar üçin gurlan ötükleri basmak howpuny-da ýüze çykarýar. Şeýle bolansoň, munuň üçin emele getirilen gorag zolaklaryndan başga-da, çägeli ýerlerde suwsuzlyga çydamly, gum ösümlikleriniň, sazakdyr gandymlaryň we beýlekileriň ekilmegine, netijede, ekologiýa abadançylygyna, daşky gurşawyň goraglylygyna oňyn şertler döreder.
Harytlaryňdyr hyzmatlaryň özüne düşýän gymmaty olaryň esasy ýola uzaklygyna ýa-da ýakynlygyna, hiline, howpsuzlygyna, mümkinçiliklerine gönüden-göni baglydyr. Şu babatdan alanyňda, gürrüňi edilýän awtomobil ýoly Ahal welaýatynda bu ugurdaky işleriň depgininiň ýokarlanmagyna-da täsir eder. Soňky ýyllarda, beýleki sebitler bilen birlikde, bu welaýatda-da hormatly Prezidentimiziň tagallalarydyr ýakyndan ýardam bermegi netijesinde, hususy taraplara degişli kärhanalar, bagçylyk hojalyklary ep-esli artdy. Bir döwürler tas ählisi diýen ýaly daşary ýurtlardan getirilýän harytlardyr miweler, olardan alynýan önümler indi türkmen telekeçileri tarapyndan, elýeterli bahalardan öndürilýär. Bu ýagdaý orta hem uzak möhletli döwri alanyňda, döwletiň oba hojalyk pudagyny, ýeňil, dokma senagatyny dolulygyna hususylaşdyrmak ugrundaky maksatlaryndan gözbaş alýar. Gürrüňi edilýän ugur öz-özüňi dolandyrmak, halkyň durmuş üpjünçiligini berkitmek, ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmak üçin döwlet tarapyndan saýlanyp alnan iň dogry hem iň bähbitli ykdysady ugurdyr. Türkmenistanyň içerki ýol-ulag düzümlerini berkitmek hem-de giňeltmek üçin amala aşyrýan iri taslamalary bu ugruň barha pugtalanmagyna şert döredýär. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň diňe Aşgabat — Tejen bölegi-de welaýatyň içindäki önümçilikleriň artmagyna, hususy pudakdaky işjeňligiň ýokarlanmagyna, haryt dolanyşygynda bahalaryň arzanlamagyna, pudakda täze mümkinçilikleriň döredilmegine oňyn täsir eder. Welaýatyň bir başyndan beýleki çetine çenli barmak üçin sarp edilýän wagt gysgalar. Çig mallaryňdyr taýýar önümleriň daşalyşynyň nyrhy pese düşer. Bu bolsa, ilkinji nobatda, halkyň bähbidine bolmak bilen umumy ykdysady ösüşe, welaýatyň has-da galkynmagyna, senagatlaşmagyň depgininiň ýokarlanmagyna getirer. Şeýle ýeňillikler, goldawlar we gyzyklandyrmalar Ahal welaýatynda telekeçileriň, işewürleriň täze nesliniň kemala gelmegine, döwletiň umumy ykdysady ösüşinde hususy pudagyň paýynyň esasy orna çykmagyna şert döreder. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň iş ýüzüne geçýändiginiň ýene bir subutnamasyna öwrüler.
Ysmaýyl TAGAN,
žurnalist.