Ösüşlere beslenýän pudak

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy sütünleriniň biri elektrik energetikasy pudagy hasaplanýar. Önümçilige ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň we energiýany tygşytlaýan tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzda elektrik energiýa bilen üpjünçilik meselesi oňyn çözülýär.

Energetika pudagy halk hojalygynyň çalt depginler bilen ösýän pudagydyr. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2018-nji ýylda «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Döwlet maksatnamasynyň esasy wezipesi Türkmenistanyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin energetika pudagynyň mümkinçilikleriniň we tebigy energetiki serişdeleriň ýokary derejede netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmekden, Türkmenistanyň ýangyç balansynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň paýyny artdyrmakdan, energetiki serişdeleriň peýdalanyş ýagdaýlarynda ilatyň saglygyna we ýaşaýyş-durmuşyna hem-de daşky gurşawa howpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda energetika pudagynyň taryhynda düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde oktýabr aýynda ýurdumyzda iri energetika taslamasy bolan Ahal — Balkan ýokary woltly täze asma elektrik geçirijisi ulanylmaga berildi. Bu elektrik geçirijini çekmek boýunça işler ýurdumyzyň energogurluşykçylarynyň güýji bilen amala aşyryldy. Munuň özi her hili howa şertlerinde ýurdumyzyň ähli sebitleriniň elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilmegine ýardam berer. Ýurdumyzyň iki welaýatyny baglanyşdyran ýokary woltly täze elektrik geçiriji içerki sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak bilen birlikde, daşary ýurtlara eksporta ugradylýan elektrik energiýanyň mukdaryny artdyrmak üçin hem tehniki mümkinçilikleri döreder.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bir bitewi energoulgamyny döretmek boýunça uly tagallalar edilýär. Taslamanyň çäklerinde Balkan — Daşoguz we Ahal — Mary ugry boýunça ýokary woltly asma elektrik geçirijiler we elektrik stansiýalar toplumy gurlar.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek we çalt depginler bilen ösdürmek boýunça taýsyz tagallalary edýän milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Göwher GELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.