Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň iri düzümleriniň biri bolan «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň hünärmenleriniň alyp barýan yhlasly işleri tebigy baýlyklaryň iri ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge ygtybarly goşantdyr. Korporasiýanyň düzüminde hereket edýän geofiziki, geologiýa-gözleg we gidrogeologik ekspedisiýalar, ýörite geologik maglumatlar merkezi we beýleki bölümler bu ugurda düýpli işleri bitirýärler. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda geçirilýän işler iki hem-de üç ölçegli seýsmiki barlaglary, profilli we meýdan-grawimetrik, şonuň ýaly-da, beýleki barlag usullaryny, şeýle hem gatlaklaryň nebitgaz berijiligine baha bermegi, çuň gözleg-barlagy we parametrik burawlaýşy özünde jemleýär. Bu işleri amala aşyrmakda korporasiýanyň düzümine girýän Balkan geofiziki ekspedisiýasynyň hünärmenleri hem tutanýerli zähmet çekýärler.
Kärhanamyzyň zähmet toparlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen 11 aýynda seýsmiki gözleg işlerini geçirmek baradaky meýilnamany 105,3 göterim berjaý etmegiň hötdesinden geldiler. Hasabat döwründe ekspedisiýamyz boýunça 3D usulynda 435 inedördül kilometr meýdandaky işler üstünlikli ýerine ýetirildi.
Has düşnükli bolar ýaly aýtsak, 2D usuly ýeriň gatlagyny bir ugur boýunça, 3D usuly bolsa ählitaraplaýyn öwrenýär. Şu sebäpden iş alyp barmagyň 3D usuly ýörgünli bolup, ol has çuň we çylşyrymly geologik gurluşy bolan gatlaklary içgin öwrenmäge giň mümkinçilik berýär. Kärine ussat hünärmenlerimiz ýeriň müňlerçe metrlik çuňluklaryndaky gatlaklary öwrenmek netijesinde alynýan seýsmiki maglumatlaryň esasynda bu meýdançanyň çäginde geljegi uly bolan nebitgazly ýataklary anyklamagy üstünlikli amala aşyrýarlar.
Ýeriň çuňluklaryna dürli usullarda gönükdirilýän tolkunlar yza serpilende, ýörite awtoulaglarda oturdylan seýsmiki stansiýalarymyz ýüze çykýan maglumatlary ýazgylaryna geçirýärler. Şol ýazgydaky maglumatlar ekspedisiýanyň kompýuterlerinde ilkinji gezek gaýtadan işlenilýär. Alnan maglumatlar süzgüçden geçirilip, arassalanyp, degişli hünärmenlere gowşurylýar. Hut şol maglumatlar hem geofiziklerimiziň bitiren işleriniň hilini görkezýär. Toplanan maglumatlar soňra korporasiýanyň geologik maglumatlary gaýtadan işleýji merkezine ýetirilýär. Diňe şondan soňra, ahyrky netije alynýar we jemleýji hasabatda öwrenilen meýdançanyň kartasy taýýarlanyp, ol çuň buraw işlerini alyp barýan müdirliklere berilýär. Çünki bu çäreleriň her biri aňryçäk takyklygy talap edýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak babatdaky tagallalarynyň netijesinde soňky gysga wagtyň içinde kärhanamyz has ygtybarly seýsmiki stansiýalar, kuwwatly ýer sarsdyryjylar we beýleki zerur bolan tehniki enjamlardyr kämil tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Munuň özi geofizikleriň bitirýän işleriniň netijeliligini gazanmaga we hilini ýokarlandyrmaga täsirini ýetirýär.
Şeýlelikde, Diýarymyzyň günbatar sebitiniň dürli meýdançalarynda seýsmiki-gözleg işlerini geçirýän ekspedisiýanyň esasy maksady ýeriň çuň gatlaklarynyň geologik gurluşyny öwrenmek bilen, nebitgazly ojaklaryň üstüni açmakdan hem-de uglewodorod çig mallarynyň haýsy çuňluklarda we gatlaklarda ýatandygyny takyklap, burawlaýjylara teklipnamalary taýýarlap bermekden ybaratdyr. Kärhanamyzyň hünärmenleriniň 400-e golaýy hemişe meýdan şertlerinde zähmet çekýärler. Üç sany seýsmiki we bir sany grawiki toparlarda işleýän hünärmenlerimiziň öz işlerini netijeli alyp barmagy üçin ähli şertler üpjün edilýär. Häzirki güne çenli welaýatyň çägindäki gyzyl reňkli gatlaklar dolulygyna diýen ýaly öwrenilendir. Indi esasy wezipe ondan aşakda ýerleşýän miosen gatlagyny öwrenmekden ybarat bolup, bu möhüm iş häzirki wagtda «Gukurguýy» meýdançasynda amala aşyrylýar. Türkmen alymlarynyň tassyklamalaryna görä, miosen gatlaklarynyň bolsa uglewodorod çig mallary babatda geljegi uludyr.
Şaguly SÖÝÜNOW,
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofiziki ekspedisiýasynyň başlygy.