Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän energetika syýasaty ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de onuň halkara energoulgamyna depginli goşulyşmagyna gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň bu ulgamda amala aşyrýan iri möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem olaryň örän uly orny bardyr.
Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolmak bilen, bu ugra goýulýan maýa goýumlary çäksizdir. Geçen 2020-nji ýylda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly forumynyň geçirilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň bimöçberdigi we bu ugurlara çekilýän maýa goýumlaryň ýurdumyzda özleşdirilişine aýdyň şaýatlyk edýändigini açyp görkezýär.
Köpugurly gaz geçiriji ulgamyň döredilmegi, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi, bu ugurda durmuşa geçirilýän möhüm işleriň biri bolup durýar.
Ýurdumyz sebitiň iri ýangyç-energetika pudagy babatynda uly maýa goýum taslamalaryny özleşdirýär. Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmek bilen bir hatarda, nebitgaz senagatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna degişli serişdeleriň gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilýän iri senagat desgalarynyň gurluşygyna aýratyn uly üns berilýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilen ýyl şanly wakalara, ajaýyp pursatlara beslenýär.
Arkadag Prezidentimiziň ak pata bermeginde Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda «Malaý» gaz käninde täze gaz çykaryjy desga açyldy. Bu waka ýurdumyzyň ýangyç-energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda ýene-de bir möhüm ädimleriň biri boldy. Bu ulgamda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalary Durnukly ösüşiň, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň häzirki zamanyň wajyp wezipelerini çözmäge gönükdirilen syýasaty döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup durýar.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny belleýän ýylymyzda Akina — Andhoý demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan elektrik geçiriji ulgamyň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň binýatlaýyn ýörelgesidir, bu syýasat döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, bilelikdäki ykdysady, maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Beýik üstünliklere, rowaçlyklara beslenip dowam edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzyň ähli künjeginde we paýtagtymyzda uly şatlyk-şowhun bilen bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli ençeme desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň ugrunda gurlup ulanylmaga berlen banklaryň, Maslahatlar merkeziniň, Kabul ediş merkeziniň täze edara binalarynyň dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi hem muňa aýdyň mysaldyr. Ýakynda uly dabara bilen toýlanylan Aşgabadyň güni we onuň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Çoganly ýaşaýyş toplumynda 140 sany iki gatly jaýlaryň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň parahat durmuşda asuda ýaşaýşy hakynda edýän taýsyz tagallalaryndan nyşandyr.
Goý, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini, ählumumy parahatçylygy ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän, halkymyzyň at-abraýyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!
Dünýägözel AMANGULYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.