Döwrebap binalar — kämil hyzmatlar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bank ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, müşderilere hödürlenilýän hyzmatlar ulgamyna dünýä tejribesini, öňdebaryjy usullary we täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak, milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Raýatlarymyza amatly mümkinçilikleri döretmek, olara ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen banklaryň täze, häzirki zaman binalary gurulýar hem maliýe we maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar. 2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde hormatly Prezidentmiziň ak pata bermegi bilen ýurdumyzyň iri banklarynyň ikisiniň, ýagny Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi-de muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ilkinji täjirçilik banklarynyň biri hasaplanylýar. Bu ýerde goýumlary kabul etmek, milli we daşary ýurt walýutasynda amallary geçirmek, «Ýyldyrym» içerki pul ibermeleriniň ulgamyny hem-de «Western Union» halkara elektron ulgamynyň işini alyp barmak hyzmaty ýola goýlandyr. Şeýle-de bankda müşderilere gysga we uzak möhletleýin karz serişdelerini bermek, pul geçirimleri we hasaplaşyklary alyp barmak ýaly hyzmatlar ýerine ýetirilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň gullugy hem-de 23 sany şahamçasy tutuş ýurdumyz boýunça hereket edýär, 600 müňden gowrak müşderä hyzmat edip, olara amatly goýumlardyr hyzmatlaryň giň görnüşlerini, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegini karzlaşdyrmak bilen birlikde, karz serişdeleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Bankyň döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze binasynda iş orunlarynyň 300-den gowragy hereket edýär. Bu ýerde bankyň hünärmenleri bir wagtyň özünde 250-den gowrak müşderä ýokary derejede hyzmat edip bilýärler.

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze edara binasynda ýuridik tarap bolan müşderilere we telekeçilere internet ulgamy arkaly bank hasaplaryny görmek, elektron göçürmelerini almak we elektron töleg tabşyryklaryny taýýarlamak, mobil töleg terminallary arkaly galtaşyksyz usulda bank töleglerini ýerine ýetirmek mümkinçiligi ýola goýuldy. Onlaýn görnüşde karzlary resmileşdirmek, bank hasaplary barada maglumatlary elektron görnüşinde almak, elektron tabşyrygyny taýýarlap, internet arkaly töleg geçirimlerini amala aşyrmak hyzmaty hereket edýär. Şonuň ýaly-da, müşderiler onlaýn görnüşinde täze bank kartlaryny açmak, bu amal üçin zerur resminamalary elektron görnüşinde ugratmak, hyzmatlar üçin tölegi «Altyn asyr» bank karty arkaly amala aşyrmak mümkinçiliginden peýdalanyp bilerler.

Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky 2000-nji ýylda paýdarlaryň paýlary esasynda esaslandyrylan ilkinji täjirçilik banklaryň biridir. Bank ýurdumyzda haryt bolçulygyny döretmek, önümçiligi giňeltmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek karzlaşdyryş we maliýeleşdiriş syýasatyny alyp barýar. Bank tarapyndan goýum, konwersiýa we karz amallary, şeýle hem pul geçirimleri, hasaplaşyklar, akkreditiw, inkasso kepillendiriş amallary ýerine ýetirilýär.

Şu günki gün «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky ýurdumyzda giňden tanalýan iri maliýe guramasy bolmak bilen, diňe türkmenistanlylaryň däl, eýsem, daşary ýurtly müşderileriň hem bank hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmagyň hötdesinden gelýär. Bankyň «The Banker» žurnalynyň 2015-nji we 2016-njy ýyllarda geçiren bäsleşikleriniň netijesinde iki gezek «Türkmenistanyň iň gowy banky» adyna mynasyp bolandygyny bellemek gerek. Bu hormatly at degişli ulgamyň edaralarynyň Türkmenistanyň bank bazarynda öňdäki orunlary eýelemeginiň ykrarnamasydyr.

Ýurdumyzda bankyň 13 şahamçasy hem-de bank gullugy işjeň hereket edýär. Bankyň ileri tutýan ugry ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamakdan ybarat. Bank ýuridik we fiziki şahslar üçin karzlaşdyrmak, kepillendirilen depozit amallary, elektron pul geçirimleri, elektron tölegleri we beýleki bank hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Bankyň esasy maksady ilatyň pul serişdelerini goýumlara çekmek bolup durýar. Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde şäheriçi ugurlarda awtobuslarda tölemäge niýetlenen nagt däl hasaplaşygy üçin enjamlary gurnady, elektron kartlary boýunça nagt däl hasaplaşyk hyzmatlaryny ýola goýdy.

Bankyň döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze edara binasynda nagt pul serişdelerini kabul edýän hem-de birnäçe görnüşli nagt däl amallary ýerine ýetirýän döwrebap bankomatlar, raýatlarymyzyň gymmatlyklaryny aýawly we ygtybarly saklamaklaryna amatly mümkinçilik döredýän ýörite depozitariýa gutujyklary ornaşdyryldy.

Bankyň karz hyzmatlaryndan peýdalanmak isleýän raýatlarymyza bankyň resmi www.senagatbank.com.tm internet sahypasy arkaly onlaýn ýüztutma hyzmaty döredildi. Bank tarapyndan ornaşdyrylan şeýle döwrebap bank amallarynyň ýene biri bolsa internet arkaly ýerine ýetirilýän «Elektron söwda» hyzmaty bolup durýar. «Elektron söwda» — harytlaryň we hyzmatlaryň internet ulgamynyň üsti bilen hakyky wagt tertibinde ýerlenilmegidir. Bu hyzmata islegiň artmagy netijesinde nagt däl hasaplaşyklary geçirmek arkaly elektron usulda täjirçilik işini alyp barýan bankyň müşderileriniň sany günsaýyn artýar.

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky hem-de «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky goýum hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça hem ýurdumyzyň öňdebaryjy banklarynyň hatarynda tanalýar. Dürli ýaşdaky raýatlara degişli bolan, nagt we nagt däl görnüşinde çekilýän goýumlara mysal hökmünde Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň «Pensiýa», «Ruhubelent nesiller», «Watan gerçekleri», «Möhletli», «Zenan kalby» hem-de Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Täze manat — täze durmuş», «Çagalara niýetlenen maksatly goýum», «Ene-atalar hakynda alada», «Halkyň saglygy — Watan baýlygy», «Çagalar — biziň geljegimiz», «Bähbitli» atly goýumlaryny görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiziň degişli kararlary esasynda ýurdumyzyň beýleki karz edaralary bilen bir hatarda bu banklar tarapyndan hem kiçi we orta telekeçiligi, şol sanda hususy telekeçileri goldamak, ýurduň ykdysady taýdan kuwwatlanmagyny gazanmak, ilatyň durmuş taýdan üpjünçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» hem-de «Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak hakynda» Kararlaryna laýyklykda önüm öndürijilere ýeňillikli bank karzlary berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek boýunça berýän tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek maksady bilen, banklar tarapyndan sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Galtaşyksyz töleg» ýaly onlaýn bank hyzmatlary ýerine ýetirilýär.

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky we «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan 2021-nji ýylyň ýanwar—mart aýlarynda bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet-bank», «Mobil-bank» we «Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi degişlilikde, 374,8 we 212,5 million manatdan geçdi. Bu görkezijiler banklaryň hödürleýän hyzmatlaryndan peýdalanýan raýatlarymyzyň günsaýyn artýandygyny görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmek, şol sanda geçirilýän nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek hem-de raýatlarymyza amatly şertleri döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralary bilen bir hatarda bu banklar tarapyndan hem belli bir müşderiler toplumyna, söwda we hyzmat ediş ugurlaryna bagyşlap «Cash back» hyzmatyny hödürleýär.

Geçirilýän bu işleriň ählisi sarp edilýän wagty we harajatlary tygşytlamaga, amallary öz wagtynda geçirmäge, goşmaça girdeji çeşmelerini emele getirmäge, şol sanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän, bank ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmäge şert döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Dünýägözel HAÝYTOWA,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/29713