Öňňin Aşgabat şäheriniň güni we Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda guralan «Ak şäherim Aşgabat» atly XX köpugurly halkara sergi öz işini üstünlikli jemledi. Ýurdumyzyň hem-de paýtagtymyzyň köpugurly ösüşini, eýe bolýan netijeli özgerişini ählitaraplaýyn açyp görkezen bu gözden geçirilişde ýurdumyzyň dürli pudaklary — Nebit we gaz, nebithimiýa, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar, energetika, dokma senagaty, obasenagat toplumy, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, sport, syýahatçylyk, neşirýat, telekeçilik ýaly pudaklar özleriniň işlerinde iň täze ýeten sepgitlerini, gazanan netijelerini görkezdiler. Sergide guralan diwarlyklarda Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi aýdyň şöhlelendirildi. Sergide milli Liderimiziň halkymyza sowgat eden «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň neşir önümleriniň arasynda aýratyn orun eýelemegi serginiň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Köpugurly halkara serginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Soňra sergä gatnaşyjylaryň ählisine degişli şahadatnamalar we diplomlar gowşuryldy.
Ýörite habarçymyz.