Täze taryhy eýýamyň ak ýollaryndan röwşen geljegine barýan mähriban Watanymyzda ägirt uly tebigy baýlyklary ählumumy bähbitlere gönükdirmekde belent sepgitler nazarlanýar. Bu bolsa, öz nobatynda, ýurdumyzyň energiýa serişdelerini öndüriji ýurt hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýä dolan abraý-mertebesini belende göterýär. Geljekde hem tebigy baýlyklarymyzy diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty geljeginiň hatyrasyna gönükdirmek Arkadagly Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna eýe bolýan şeýle döwletli tutumlaryň rowaçlygyna mynasyp goşant goşmak welaýatymyzyň nebit-gazçylarynyň hem asylly maksatlarynyň biridir. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen döwründe «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri tarapyndan gaz kondensaty bilen bilelikde ýer astyndan çykarylan «gara altynyň» umumy möçberi 2 million 731 müň 111 tonnadan geçip, meýilnama 100,7 göterim hötde gelindi. Şeýle zähmet üstünligine ýetmekde döwlet konserniniň «Gumdagnebit», «Keýmir», «Galkynyşnebit», «Ýaşyldepe» nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň hem-de «Körpeje» gaz çykaryş müdirliginiň işgärleri göreldeli zähmetiň nusgasyny görkezmegi başardylar.
Çykarylýan uglewodorod çig maly ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýjilerine bökdençsiz ugradylýar.
Ýokary hilli tikin we aýakgap önümleri
Magtymguly etrabyndaky tikin we aýakgap fabrikler toplumynda öndürilýän önümleriň möçberiniň durnukly ýokarlanmagy sarp edijileriň arasynda bu önümlere bolan isleg bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň öňdebaryjy senagat kärhanalarynyň arasyndaky mynasyp ornuny has-da berkidýän kärhanada «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen döwründe ýetilen sepgitler munuň aýdyň kepilidir. Gürrüňi edilýän döwürde fabrikler toplumy boýunça öndürilen taýýar tikin we örme önümleriniň umumy möçberi 10 million 145 müň manatlykdan geçdi. Aýakgap önümleri babatda bu zähmet görkezijisi 5 million 949 müň manatlyga barabar boldy. Munuň özi ýylyň başyndan bäri 25 müň 803 jübüt aýakgap önümleriniň öndürilendigini aňladýar. Şeýlelikde, toplum boýunça tikin we aýakgap önümlerini öndürmekde meýilnama 179 göterim hötde gelindi.
Fabrikler toplumy tarapyndan ýylyň başyndan bäri sarp edijilere ýetirilen tikin we örme, şeýle-de aýakgap önümleriniň umumy mukdary 16 million 551 müň manatlykdan gowrakdyr. Bu babatda gazanylan ösüş bolsa 119 göterime deň boldy. Kärhananyň agzybir işgärleriniň eýeleýän sepgitleri olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýylyny mynasyp iş netijelerine beslejekdiklerine güwä geçýär.
Nury MÄMMEDOW.