Hususylaşdyrmak — ykdysady ösüşiň çelgisi

Bazar şertlerinde milli ykdysadyýeti ösdürmekde, bäsdeşligi ýokarlandyrmakda eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak ýa-da doly derejede hususylaşdyrmak meseleleri möhüm çözgütleri talap edýär. Halkara ykdysatçylaryň bellemegine görä, bazarda döwlet kärhanalarynyň sany kän bolsa, bazaryň ýagdaýynyň belli bir derejede peselmegine ýa-da durnukly saklanmagyna getirýär. Munuň tersine, hususy önüm öndürijileriň artmagy bazar dürlüliginiň, bäsleşik görnüşleriniň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Muny ençeme onýyllyklaryň ykdysady tejribesi aýdyňlygy bilen görkezýär. Şeýle ösüşler döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmagyň hasabyna hem gazanylýar. Şunda hususylaşdyrmagyň esasy maksady döwlet kärhanalarynyň bir bölegini ýa-da doly derejede hususyýetçileriň eline bermek arkaly önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakdan we döwlet kärhanalarynyň maliýe ýüküni ýeňilleşdirmekden ybaratdyr. 

                                                                   

Hususylaşdyrmak, aslynda, şahsy we ýuridik taraplaryň döwlet eýeçiligindäki emläklere doly ýa-da bölekleýin esasda eýeçilik etmegidir. Munuň netijesinde döwlet emlägine eýeçilik etmek, ulanmak, ygtyýarlyk etmek hukugy doly ýa-da bölekleýin hususy işewürleriň eline geçýär we döwlet edaralary degişli emlägi gönüden-göni dolandyrmak hukugyny ýitirýär. Hususylaşdyrmagyň obýektleri bolsa, degişli kanunçylyga laýyklykda, hususylaşdyrylyp bilinjek döwlet eýeçiligindäki islendik görnüşdäki emläklerdir. Maddy mazmunyna laýyklykda, olara döwlet we jemgyýetçilik ýaşaýyş jaýlary, döwlet kärhanalary, guramalary, kärendesine berlen we beýleki emläkler degişlidir. 

                                                                   

Tebigy monopoliýa hasaplanylýan käbir emläkler döwletiň garamagyndan aýrylmaga degişli däldir. Olaryň hatarynda ýerasty baýlyklary, tokaý gaznasyny, suw serişdelerini, howa giňişligini, döwlet tarapyndan goralýan çäkleri, energetika ulgamyny, uglewodorod serişdelerini, magistral turbageçirijileri, Döwlet býujetiniň serişdelerini, döwletiň ätiýaçlyk gaznalaryny, gidrometeorologiýa gullugynyň, patent gullugynyň, standartlaşdyrmagyň we metrologiýanyň emläklerini we beýlekileri görkezmek bolar. 

                                                                   

Daşary ýurt tejribesine görä, milli ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmakda we döwlet ulgamyny kämilleşdirmekde, esasan, iki usul tapawutlandyrylýar: 

                                                                   

— döwlet kärhanalaryny üýtgedip guramak ýa-da paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, ýagny kärhananyň dolandyryş hukugyny başga eýeçilige bermek we onuň ýitgilerini, maliýe jogapkärçiligini şahsy ygtyýarynda galdyrmak; 

                                                                   

— döwlet eýeçiligindäki kärhananyň belli bir bölegini ýa-da dolulygyna hususy eýeçilige bermek. Şunda döwlet emläginiň ilki paýnamalarynyň satylmagy, guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilmegi we kem-kemden hususylaşdyrylmagy maksadalaýyk bolýar.  

                                                                   

Hususylaşdyrmagyň iki usulynyň arasynda nähili tapawut bar? Birinjisinde, Günbatar tejribesine laýyklykda, kärhananyň işine döwletiň gatnaşmagy belli bir derejede çäklendirilýär, ýöne dolandyryş mehanizminiň döwlet tarapyndan durmuşa geçirilmegi şertlendirilýär. Ikinji usulda bolsa doly hususylaşdyrmak, döwlet emläklerini hususy eýeçilige geçirmek we dolandyryjyny öz erkine goýmak, diňe dürli amatsyz ykdysady ýagdaýlar ýüze çykan halatynda döwletiň gözegçiligini amala aşyrmak şerti göz öňünde tutulýar.  

                                                                   

Emläkleri ýa-da kärhanalary hususylaşdyrmak işleri maýa goýum bäsleşigi görnüşinde, bäsleşikli söwdada (auksionda), paýnama görnüşinde gazna biržalarynda, göni satylmagy, ýagny degişli salgy boýunça satylmagy, eger emläk kärende şertinde ulanylýan bolsa, kärendeçisine, satyn almadyk ýagdaýynda beýleki subýektlere satmaklyk amala aşyrylyp bilinýär. 

                                                                   

Bäsleşikli söwdada söwda we hyzmat maksatly, gurluşygy tamamlanmadyk, şeýle-de durky täzelenmegi, döwrebaplaşdyrylmagy üçin maýa goýumlaryny talap etmeýän desgalar hususylaşdyrylýar. Durkunyň täzelenmegini we döwrebaplaşdyrylmagyny talap edýän desgalar maýa goýum bäsleşigi görnüşinde hususylaşdyrylýar.  

                                                                   

Döwlet emläklerini üýtgedip guramak ýa-da hususylaşdyrmak meseleleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Ministrler Kabinetiniň özara ylalaşmagynyň esasynda kesgitlenilýär. Hususylaşdyrmak boýunça döwlet emläkleri baradaky maglumatlar resmi metbugatda çap edilenden soň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň degişli bölümi tarapyndan bellenilen möhletde resminamalar, ýygym we emlägiň başlangyç bahasynyň 10 göterimi kabul edilýär. Bäsleşikli söwdada ýa-da maýa goýum bäsleşiginde ýeňiji bolan tarapyň başlangyç 10 göterim tölegi degişli emlägiň başlangyç bahasy hökmünde kabul edilip, ýygym yzyna gaýtarylyp berilmeýär. 

                                                                   

Kärende şertinde ulanylýan döwlet emlägi bäş ýyldan az bolmadyk döwürde ulanylan bolsa, onuň kärendeçisine satylyp bilinýär. Şunda döwlet emlägi Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de satyn alyjy tarap bilen özara ikitaraplaýyn şertnama baglaşmak arkaly resmileşdirilýär. 

                                                                   

Şeýlelikde, ýurtda hususylaşdyrmak, hususy ulgamyň ornuny artdyrmak işleriniň döwrebap durmuşa ornaşdyrylmagy netijeli ykdysady ösüşi gazanmaga mümkinçilik döredýär. Has takygy, býujet serişdeleriniň artmagy, döwletiň maliýe ýagdaýynyň gowulanmagy, önümçiligiň netijeliliginiň we bäsleşigiň ýokarlanmagy hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde uly mümkinçilikleriň döremegi gazanylýar.  

                                                                                                           

Jumageldi SALAMOW.

                       

«Türkmenistan».