Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Ýakynda TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Harby institutyň çeper höwesjeňler topary hem ýerine ýetiren ajaýyp çykyşlary bilen tanyşdyryş dabarasyna gatnaşanlara uly ruhy lezzet berip, çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Dabarada çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzy täze kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, bu neşiriň mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öň ýanynda halkymyza ajaýyp sowgat bolandygyny nygtadylar.  

                                                                   

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda kuwwatly elektrik stansiýalary, howa elektrik geçirijileri guruldy, hereket edýänleriniň durky täzelenildi, pudaga döwrebap tehnologiýalar ornaşdyryldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ynsanperwer durmuş syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzy mundan beýläk hem ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpgöter gowulandyrmaga gönükdirilen iri taslamalar amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler elektrik energiýasyna bolan islegiň barha artýandygyny, bu ýagdaýy birnäçe ýyl öňünden gören Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda energetika kuwwatlyklarynyň ýeterlik möçberiniň döredilendigini, ýurdumyzyň içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek bilen birlikde, onuň artykmaç bölegini barha artýan möçberde dünýäniň dürli ýurtlaryna iberýän iri energetika döwletine öwrülendigini uly buýsanç bilen bellediler. 

                                                                   

Täze kitapda köp sanly anyk we statistiki maglumatlar getirilýär. Türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri hökmünde energetika senagatynyň ösüşine berilýän anyk ylmy seljermeler hem-de maglumat teswirnamalar, elektroenergetikanyň barha artýan kuwwatyny, ony döwrebaplaşdyrmagyň maksatlaryny açyp görkezýär. Bular barada edilen çykyşlarda hormatly Arkadagymyzyň häzirki wagtda bütin dünýäde «ýaşyl» ykdysadyýetiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigi dogrusynda beýan eden sözleri bilen utgaşykly gürrüňler aýdyldy.  

                                                                   

 Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar täze kitaby üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

                                                                                                           

Atajan ÝUSUPOW,

                       

TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.