Beýik ösüşlere buýsanç

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Diýarymyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Häzirki wagtda ykdysadyýetimizde sanly ulgamy ösdürmek boýunça oňyn işler durmuşa ornaşdyrylýar. Şonuň ýaly-da, awtomobil ýollarynyň hem-de köprüleriň gurluşygyna, gurluşyk we energetika düzümleriniň, jemagat gulluklarynyň sazlaşykly işlemegini üpjün etmäge uly üns berilýär.  

                                                                   

Ýakynda Garagum derýasynyň 316-njy kilometrinde akabanyň üstünden geçýän, Gurbangala — Zähmet demir ýol böleginde täze, döwrebap demir ýol köprüsi açylyp ulanmaga berildi. Desgany «Türkmendemirýollary» agentliginiň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 6-njy şahamçasynyň gurluşykçylary gurdular. Munuň özi ulag ulgamynda uly işleriň durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine, şeýle hem ýol-ulag düzüminiň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlydygynyň, halk bähbitli işleriň yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.  

                                                                   

Gurluşykçylar yhlasly zähmeti bilen demir ýol köprüsini ýokary derejede gurup ulanmaga berdiler. Döwrebap demir ýol köprüsiniň Garagum derýasynyň üstünden geçýän böleginiň uzynlygy 250 metre barabardyr. Gurluşygy türkmen hünärmenleriniň amala aşyrmagy milli hünärmenlerimiziň döwrebap desgalary gurmakda ýokary ussatlyklarynyň bardygyny subut edýär.  

                                                                   

Garagum derýasynyň üstünden geçýän demir ýol köprüsiniň gurluşygynda Russiýa Federasiýasynyň «Týumenstalmost» kärhanasyndan getirilen gurluşyk önümleri, şeýle hem öz ýurdumyzda öndürilen gurluşyk enjamlary peýdalanyldy. 

                                                                   

Türkmen halkynda köpri gurmak asylly ýörelge hasaplanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň bu asylly ýörelgesini döwrebap derejede kämilleşdirýär, ösdürýär, durmuşa geçirýär. Şeýle asylly ýörelgelerimizi döwrebap ösdürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin! 

                                                                                                           

Baba MYRATBERDIÝEW,

                       

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.