Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Bu günki günde döwrebap ugurlar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri diňe bir döwrebap ugurlar bolman, eýsem, ösüşiň möhüm ugurlaryny üpjün edýär. Munuň özi, umumylykda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine, milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna oňat ýardam berýär.
Mälim bolşy ýaly, sanly ykdysadyýetiň esasy aýratynlyklary hökmünde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti görkezmek bolar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde, jemgyýetiň her bir agzasynyň ukyp-başarnygyny netijeli ugrukdyrmakda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak arkaly ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmegi, innowasion senagat önümçiliginiň döwrebap ösüşini gazanmakda, hususan-da, ýaşlaryň intellektual ukybynyň ylym-bilime, döwrebap tehnologiýalaryň özleşdirilmegine gönükdirilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda durýar. Ýaşlaryň häzirki döwrüň talabyna laýyk, umumadamzat we milli ýörelgelerimiziň esasynda kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi eziz Diýarymyzyň gülläp ösüşleriniň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiz bu babatda şeýle belleýär: «Giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmaly». Hormatly Prezidentimiz ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda hemişe üns merkezinde saklaýar, zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar. Munuň özi ýaşlaryň jemgyýetdäki durmuş-hukuk ýagdaýyny kesgitlemegiň möhümdigi, jemgyýetiň ertirki innowasion ösüşini kesgitleýändikleri bilen baglanyşyklydyr.
Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň pugta ornaşdyrylmagy ykdysady, syýasy we durmuş ösüşinde mynasyp şöhlelenýär. Täze tehnologiýalar, sanly ulgam döwrümiziň möhüm ugurlaryna öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda innowasiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary barha ösdürilýär, ýokary tizlikli internet-aragatnaşygyň elýeterliligi bilen doly derejede üpjün edilýär.
Sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi ylmy-tehniki ösüşiň gönüden-göni netijeleridir. Sanly ykdysadyýet önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda harajatlary peseltmäge, bazardaky üýtgeşmelere tiz wagtda uýgunlaşmaga hem-de ýokary çeýeligi üpjün etmäge ýardam berýär.
Ykdysadyýetiň häzirki zaman ösüş şertlerinde ýaşlaryň gujur-gaýratynyň, olaryň telekeçilik işjeňligine gönükdirilmeginiň ähmiýeti ählumumy ykrar edilýär. Ýaşlaryň telekeçiliginiň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenilmegi işewürlikde işjeň orny eýelemäge ukyply, gujurly, döwrebap pikirlenýän telekeçileriň täze ýaş nesliniň kemala gelmegine, kiçi we orta telekeçiligiň innowasion häsiýetde ösdürilmegine, ýurduň maýa goýum çekijiliginiň ýokarlanmagyna, täzeçil pikirlenmeleriň, döredijilikli oýlap-tapyşlaryň artmagyna mümkinçilik berýändigi bilen düşündirilýär.
Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzda sarp edijileriň islegleriniň has çalt we ýokary derejede kanagatlandyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bulardan başga-da, sanly ykdysadyýetiň ösmeginiň birnäçe peýdaly taraplary bardyr: zähmet önümçiliginiň ösüşi, bazara gatnaşyjylaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy, önümçilik çykdajylarynyň peselmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi. Şeýle hem, ykdysadyýetde, halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda sanly usullaryň girizilmegi hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna oňat täsir edýär.
Häzirki tehnologik ösüş şertlerinde bilimiň, ylmy çemeleşmäniň, innowasiýalaryň, kompýuterleşdirilen programmalar ulgamlarynyň, ýokary öndürijilikli maglumat tehnologiýalaryň, şol sanda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryň biridigini bellemek gerek. Innowasion ykdysadyýet bilimi, innowasiýalary, şeýle hem täze oýlap tapyşlary we tehnologiýalary gündelik tejribede jemgyýetiň dürli pudaklarynda peýdalanmaga esaslanýan ykdysadyýetdir.
Ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Azatnepes ANNANEPESOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.