«Türkmenistanda öndürildi» diýen nyşanly ýokary hilli senagat önümleri häzir hiç kimi geň galdyrmaýar. Garaşsyzlygymyzy gazanmazymyzdan ozal bolsa şeýle harytlary diňe daşary ýurtlarda öndürip bolýandyr öýdýärdik. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän özgertmeler syýasaty eziz Watanymyzyň ähli babatda tanalmaz derejede ösmegini şertlendirýär. Bedew batly ösüşlerimizde döwrüň ruhundan ylham alýan türkmen telekeçileriniň hem mynasyp paýynyň bardygy ikuçsyz hakykatdyr.
Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň şert-mümkinçilikleriniň, berýän goldawlarynyň esasynda önümçilik depginlerini barha ýokarlandyrýan hususy düzümleriň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Türkmen Senagat» hojalyk jemgyýetidir. 2008-nji ýylda esaslandyrylan hojalyk jemgyýeti indi ençeme ýyldan bäri ýokary hilli turba önümlerini öndürip gelýär we önümçiligiň innowasion usullaryny peýdalanyp, işiniň gerimini giňeldýär.
«Türkmen Senagat» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap önümçilik kärhanasy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär. Bu ýerde gurluşyk işlerinde ýerlagym suw geçirijileriniň gurnalmagynda, elektrik geçiriji torlarynyň ýerleşdirilmeginde, oba hojalygynyň suwaryş ulgamlarynda peýdalanylýan tekiz we gasynly polietilen hem-de polipropilen turbalar, şeýle-de gaz we suw geçirmek üçin niýetlenen ýokary basyşly polietilen turbalar öndürilýär.
Önümçilik kärhanasynda işçi-hünärmenleriň 75-si zähmet çekýär. Ol iki sehden ybarat bolup, birinjisinde diametrleriniň ölçegleri 16 millimetrden 250 millimetre çenli bolan turbalar, ikinjisinde bolsa diametrleriniň ölçegleri 110 — 630 millimetr aralygyndaky polietilen we polipropilen turbalar öndürilýär. Turbalar Germaniýanyň öňdebaryjy «KraussMaffei» hem-de «Unicor» kompaniýalarynyň enjamlary arkaly öndürilýär. Önümçilikde ýerli çig mal peýdalanylýar. Ýagny çig mal Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherindäki polimer zawodyndan getirilip, gaýtadan işlenilýär.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda «Türkmen Senagat» hojalyk jemgyýeti polietilen haltajyklaryň önümçiligini ýola goýdy. Olar Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen enjamlar arkaly ýerli polimerden taýýarlanylýar. Häzirki wagtda hojalyk jemgyýeti buýurmalar esasynda islendik ölçegdäki we dürli şekiller bilen bezelen polietilen haltajyklary öndürýär.
Innowasion tehnologiýalary peýdalanyp, iş ugurlaryny barha giňeldýän «Türkmen Senagat» hojalyk jemgyýeti häzirki wagtda kaliý sulfatyny, natriý sulfatyny we duz kislotasyny öndürýän iri döwrebap kärhananyň gurluşygyny alyp barýar. Bu kärhana Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde gurlup, ýurdumyzyň senagat kuwwatlyklarynyň üstüni ýetirer.
— Hojalyk jemgyýetimiz önümleriniň ýokary hilli bolmagy üçin ýerli çig mallary, döwrebap tehnologiýalary we innowasion iş usullaryny peýdalanýar. Häzirki wagtda biz önümçiligiň täze ugurlaryny özleşdirmegi maksat edinýäris. Daşky gurşawyň abadançylygy döwrüň derwaýys meselesi bolup durýar. Suwdan aýawly peýdalanmak döwlet syýasatynda möhüm orny eýeleýär. Bizem şundan ugur alyp, ýakyn wagtda damjalaýyn suwaryş ulgamlary üçin gerekli serişdeleri öndürip başlamagy maksat edinýäris. Munuň üçin eýýäm Türkiýe Respublikasyndan gerekli tehnologik serişdeler sargyt edildi we degişli ugurda önümçiligiň öňdebaryjy tejribesi öwrenilýär. Şeýle hem suw desgalarynyň we suwaryş ulgamlarynyň gurluşygynda ulanylýan geomembrana materialyny öndürmek esasy maksatlarymyzyň hatarynda durýar. Bu material suwuň topraga siňmeginiň öňüni alyp, tebigatyň gymmatly baýlygyndan aýawly peýdalanmaga kömek edýär — diýip, «Türkmen Senagat» hojalyk jemgyýetiniň marketing bölüminiň müdiri Jalaý Jalaýew gürrüň berýär.
«Türkmen Senagat» hojalyk jemgyýeti önümleriň hilini yzygiderli ýokarlandyrmak, import harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürmek, iş usullaryny yzygiderli kämilleşdirmek, täze iş orunlaryny döretmek, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine goşant goşmak ýörelgelerinden ugur alýar. Hojalyk jemgyýetiniň öndürýän önümleriniň Özbegistan, Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe ýaly ýurtlara eksport edilmegi hem-de olara halkara hil ülňülerine laýyk gelýändigini tassyklaýan ISO şahadatnamalarynyň berilmegi bolsa türkmen telekeçileriniň işleriniň ilerleýänliginden habar berýär.
Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary bilen döredilýän ýeňillikler we şertler hususyýetçilere täze mümkinçiliklere ýol açyp, olary has uly üstünliklere ruhlandyrýar. Türkmen telekeçileri ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşmak ugrunda mundan beýläk hem yhlas-başarnyklaryny aýaman zähmet çekjekdiklerine ynandyrýarlar.
Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».