Eksport milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerini üpjün edýän esasy ugurlaryň biridir. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu ugruň ösdürilmegine uly üns berilýär. Amala aşyrylýan giň gerimli işler diňe bir içerki bazaryň ýagdaýyny kadaly saklamak bilen çäklenmän, eýsem, sebit we dünýä ýurtlary bilen haryt dolanyşygynyň çaltlandyrylmagyna, eksporta iberilýän harytlaryň sanawynyň artmagyna, şunlukda milli ykdysadyýetimiziň ösüşleriniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Häzirki wagtda lebaply telekeçileriň 4000-e golaýy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasydyr. Olar diňe bir welaýatymyzyň däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşine, azyklyk önümleriň bolçulygynyň döremegine, şeýle hem önümleriň eksportunyň artmagyna saldamly goşant goşýarlar. Welaýatymyzyň telekeçileriniň şu ýylyň başyndan bäri eksporta ugradan harytlarynyň umumy bahasy ABŞ-nyň 7 million 308 müň dollaryndan hem geçdi. Telekeçilik işleri üçin amatly şertleriň giňemegi bilen önümleriň bolçulygy has-da artýar, bu bolsa öz gezeginde eksportyň ýene-de ösmegine itergi berýär.
Döwletimiz tarapyndan hususy eýeçiligi ösdürmegiň we goldamagyň hukuk binýadynyň hem-de innowasion tehnologiýalara esaslanýan hojalyk ulgamynyň döredilmegi netijesinde eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikler hem giňden ösdürilip başlandy. Hormatly Prezidentimiziň kabul edýän möhüm resminamalarynda ýurdumyzda telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly şertler kesgitlenilýär, olaryň dünýä bazarlaryna çykmagy meýilleşdirilýär. Döwletimiziň berýän köptaraplaýyn goldawy, maýa goýum işini höweslendirýän has amatly işewürlik ýagdaýyny döretmäge ýardam berýän şertleriň giňemegi hususyýetçileri has ruhubelent zähmet çekmäge höweslendirýär.
Häzirki wagtda welaýatymyzyň çäginde melleginde, hususy ýer böleginde önümçilik bilen meşgullanýan raýatlaryň sany hem günsaýyn artýar. Olary höweslendirmek maksady bilen kiçi göwrümli karzlar hem berilýär. Kiçi göwrümli karzlaryň hasabyna raýatlaryň hususy mellek ýerlerinde ýyladyşhanalaryň gurulmagy, öňden bar bolanlarynyň giňeldilip, durkunyň täzelenilmegi netijesinde gök-bakja ekinleri ýetişdirilip, ýerli bazarlarda önüm bolçulygy döredilýär. Bu bolsa eýýäm artykmaç önümleriň eksporta iberilmegine zerurçylygy döredýär. Raýatlaryň bir müňe golaýy kiçi göwrümli karz serişdelerinden ýerlikli peýdalanýar. Telekeçiligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek üçin ýurdumyzyň kärhanalarynda kiçi göwrümli oba hojalyk gurallaryny, enjamlaryny öndürmek hem meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda el güýji sarp edilýän işleri innowasion tehnologiýalar arkaly ýerine ýetirmek maksady bilen dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň tejribeleri öwrenilýär, olary ýerli önümçilikde ulanyp, kärhanalarda kiçi göwrümli oba hojalyk gurallaryny, enjamlaryny öndürmek meýilleşdirilýär. Bu boýunça taslamalaryň birnäçesiniň üstünde işlenilýär. Özümizde öndürilýän enjamlar daşary ýurtlardan getirilýän gurallaryň öwezini tutýar hem-de el güýji bilen ýerine ýetirilýän işleri ep-esli ýeňilleşdirýär, bu bolsa işiň netijeliligini birnäçe esse ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň ulag-ýol düzüminiň kämilleşdirilmegi hem hususyýetçileriň peýdasynadyr. Uzak ýollary gysgaldýan täze taslamalar durmuşa geçirilýär. Daşary ýurtly işewürler bilen gatnaşyklary ýola goýmakda hem döwletimiz tarapyndan amatly şertler döredilýär. Şolaryň netijesinde eksporta önüm we haryt ibermäge ymtylýan telekeçileriň sany barha artýar. Içerki bazary zerur bolan önümler we harytlar bilen üpjün edip ugran lebaply telekeçileriň täze bazarlary gözläp başlamaklary olaryň iş tejribeleriniň has artýandygynyň güwäsidir.
Kakageldi JUMAGELDIÝEW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.