Ykdysady ösüşleri nazarlap

Ykdysady ösüşleriň aýdyň ýoly bilen geljege barýan ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen jemgyýetine mahsus bolan oňyn ösüşleriniň aýdyň mysallarynyň köpdügini buýsanç bilen bellemek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesini mynasyp dowam edýän Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň bähbidini nazarlap kabul edýän ähli resminamalarynyň, amala aşyrýan işleriniň özenini ykdysady öňegidişlik düzýär.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň häzirki döwürde il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmegi we döwrebap işleri amala aşyrmagy türkmen halkymyzy, Türkmenistan döwletimizi dünýä meşhur edýär.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz: «Dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleri netijeli peýdalanyp, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi dowam etdirmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň sanawyny we eksport edilýän ugurlaryny giňeltmek wajypdyr» diýip aýratyn belleýär. 2022-nji ýylyň geçen aýlaryna ser salanyňda ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede durnukly saklanýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine uly möçberlerde maýa goýumlary gönükdirilýär. Prezident Maksatnamasynyň amala aşyrylmagy, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça geçirilýän özgertmeler häzirki döwürde özüniň oňat netijelerini berýär. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň umumy möçberinde senagatyň paýy ep-esli artdy. Eksporta niýetlenen önümleri öndürýän beýleki pudaklaryň hem jemi içerki önümdäki paýy ýokarlandy. Bu bolsa döwletimiziň gaznasyna daşary ýurt pulundaky serişdeleriň durnukly gelip gowuşmagyna şert döredýär.  

                                                                   

Amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleriň netijesinde häzirki wagtda eziz Diýarymyz ykdysady we medeni taýdan örän kuwwatly döwlete öwrüldi. Ol dünýäniň sazlaşykly ösýän ýurtlarynyň hatarynda öz mynasyp ornuny eýeledi. Häzirki döwürde ata Watanymyz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini we derejesini özgertmäge oňyn täsir edýän örän uly gurluşyk meýdanyny ýada salýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda köp sanly döwrebap iri önümçilik desgalary çalt depginler bilen gurlup ulanmaga berilýär. Bu kärhanalar sazlaşykly ösýän ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna, döwletimiziň rowaçlanmagyna uly goşant goşýar.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bizi üstünlikden-üstünlige alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn! 

                                                                                                           

Oguljennet JUMABAÝEWA,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň   uly mugallymy.