Ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmekde, elbetde, senagat pudagynyň uly ähmiýeti bardyr. Pudagyň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde milli ykdysadyýet yzygiderli ösüşe eýe bolýar. Bu strategik ädim ýurtda çig maldan başlap, taýýar önüme çenli bazar bäsdeşligine ukyply, eksporta niýetlenen milli önümleri öndürmek bilen baglanyşykly ýurduň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak arkaly birnäçe durmuş-ykdysady meseleleri oňyn çözmäge, iş ýerlerini köpeltmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ösen döwletleriň hataryna çykarmaga mümkinçilik berýär. Munuň özi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri doly we öz wagtynda ýerine ýetirmek bilen baglydyr. Öňde goýlan bu maksatnamalardyr meýilnamalar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli hem-de giň gerimde amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda senagat pudagynyň esasy ugry ýerli çig mallary ulanmagyň hasabyna, innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak arkaly bazar bäsdeşligine ukyply önümleri öndürmäge, olaryň görnüşlerini köpeltmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda: “Biz ýurdumyzyň içerki bazarlarynda we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply täze innowasion önümçilikleri döretmekde ajaýyp üstünlikleri gazandyk. Senagat önümlerimiz hem-de brend markaly dokma harytlarymyz bilen ýurdumyzyň sebit we dünýä bazarlaryndaky ornuny yzygiderli pugtalandyrýarys, täze bazarlara ýol açýarys. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda döredilen ýa-da täze gurulýan her bir kärhananyň önümleriniň we hyzmatlaryň içerki, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet bermelidiris” diýip belledi.
Türkmenistanyň ykdysady ösüşlerine uly goşant goşýan pudaklaryň biri hem dokma senagatydyr. Häzirki wagtda bu pudaga degişli 60-dan gowrak kärhana bolup, olarda 30 müňden gowrak adam zähmet çekýär. Bu pudagyň ösmegine ýurdumyzda hemme şertler döredilendir. Türkmenistanyň dokma senagaty ykdysadyýetimiziň iň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolmak bilen, dünýä dokma senagatynyň öňdebaryjy ýurtlarynyň, hususan-da, Şweýsariýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Italiýanyň, Belgiýanyň innowasion tehnikalary we tehnologiýalary bilen üpjün edilip, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümlerini Azerbaýjan, Ermenistan, Russiýa, Türkiýe, Hytaý, Gazagystan, Belarus ýaly ýurtlara eksport edýär.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda geçirilýän forumlaryň, sergileriň, ýarmarkalaryň, şeýle-de Şanhaý, Ýosu, Milan, Antaliýa, Astana, Dubaý şäherlerinde geçirilen bütindünýä «EKSPO» sergileriň ähmiýeti barada aýdyp, halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, ýurdumyzda öndürilýän milli önümlerimiz, hyzmatlarymyz we senagat nusgalarymyz bilen işewürleri, daşary ýurtlaryň ilatyny tanyşdyrmak we mahabatlandyrmak boýunça mümkinçilikleri döretmek barada hyzmatdaşlygy ýola goýmak işlerini alyp barmagy tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň sergi strategiýasynyň işlenip düzülmeginiň zerurlygyny belledi. Şeýle ýagdaýda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän sergilerde, ýarmarkalarda hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň dürli ugurlar boýunça ýeten sepgitleri bilen tanyşmaga, pikir alyşmaga we hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik döreýär.
Institutymyzyň marketing kafedrasynyň talyplary we mugallymlary ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän sergilere we ýarmarkalara gatnaşyp, gazanylan üstünlikler bilen tanyşýarlar, bu bolsa, öz gezeginde, geljekki hünärmenlerde uly täsir galdyrýar we olaryň nazaryýetde alan bilimlerini berkitmäge mümkinçilik döredýär.
Döwlet Maslahatynda hormatly Prezidentimiz milli önümlerimizdir hyzmatlarymyza, oýlap tapyşlarymyza, senagat nusgalarymyza dünýä bazarlarynda islegleriň yzygiderli öwrenilmeginiň hem-de degişli döwlet strategiýasynyň işlenip taýýarlanmagynyň zerurdygyny aýdyp, bu ugurda ýöriteleşdirilen marketing gulluklarynyň döredilmegi bilen bagly meselelere ýurdumyzyň söwda we senagat toplumynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary tarapyndan ileri tutulýan wezipeler hökmünde seredilmelidigini belledi.
Iň täze innowasion tehnikalardyr tehnologiýalar we sanly ulgam bilen üpjün edilen Türkmenistanyň önümçilik kärhanalarynda öndürilýän önümleriň bäsdeşlik ukyby gün-günden artýar, olara bolan isleg içerki, esasan hem, daşarky bazarlarda has-da artar. Şeýle ýagdaýda bazar gatnaşyklary şertinde marketing işini dogry ýola goýmak zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz marketing gulluklaryny döretmek we olaryň işini döwrebap gurnamak barada örän ýerlikli belledi.
Häzirki wagtda dürli önümleri öndürýän, hyzmatlary ýerine ýetirýän we beýleki kärhanalarda marketing gulluklarynyň ýola goýulmagy hem-de olaryň kömegi bilen dürli görnüşli marketing maglumatlaryny toplap, yzygiderli seljermek arkaly kärhanalarda önümçiligi ýola goýmaga, bazar bäsdeşligine ukyply önüm öndürmäge, hyzmatlary ýerine ýetirmäge, öndürilen önümleri ýerlemäge we maliýe-ykdysady netijeleri gazanmaga has uly mümkinçilik döreýär.
Çerkez ATAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň marketing kafedrasynyň müdiri, professor.