Habarlar
San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň in­no­wa­sion ösü­şi

Ykdysadyýet adamyň gündelik durmuşynyň bir bölegidir. Her bir adam gündelik durmuşda ykdysady meseleler bilen meşgullanmak bilen bir hatarda, ykdysadyýetçiler tarapyndan ulanylýan adalgalary peýdalanýar hem-de ykdysady ulgama degişli bolan maddy gymmatlyklary döredýär we sarp edýär. Maddy nygmatlary öndürmek, paýlamak, alyş-çalyş etmek boýunça adamlaryň arasynda emele gelýän gatnaşyklar ykdysady gatnaşyklaryň ulgamyny düzýär.

Hormatly Prezidentimiz durmuşa gönükdirilen bazar ykdysadyýeti şertlerinde döwletiň wezipesini şeýle beýan edýär:

— döwlet raýatlaryň mynasyp we howpsuz ýaşaýşynyň kepili bolup durýar;

— döwlet durnuklylygy we ähli ýagdaýlaryň hukuga laýyklygyny üpjün etmek maksady bilen, bazar ykdysadyýetiniň dolandyrylyşyny öz eline alýar, olar öz nobatynda durmuş institutlaryna täsir edýärler.

Bu gün adamzat jemgyýeti özüniň ösüşiniň täze döwrüne sanly ykdysadyýete geçmek basgançagyna gadam goýdy. Sanly ulgama geçilýän döwürde kompýuter tehnikasynyň we telearagatnaşyk serişdeleriniň kömegi bilen ykdysady pudaga degişli maglumatlary ýygnamak, seljermek, ulanmak we ýaýratmak has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Maglumatlary awtomatik şekilde ýygnamak, bir ýerden başga bir ýere geçirmek, seljermek hem-de saklamak ýokary tehnologiýalara esaslanýan önümçiligiň ösmegine mümkinçilik berýär. Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täsiri netijesinde täze-täze ykdysady gyzyklanmalar döreýär.

Sanly ykdysadyýet adamyň, ilatyň ýaşamagy üçin zerur bolan harytlary we hyzmatlary öndürýän toplum ýa-da ulgam bolup çykyş edýän haýsy-da bolsa bir kiberfiziki ulgamdyr. Başgaça aýdanyňda, sanly ykdysadyýet maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary tarapyndan üpjün edilýän ykdysady işjeňligiň, söwda amallarynyň we hünär aragatnaşyklarynyň bütindünýä ulgamydyr. Gysgaça ol sanly tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýet diýlip hem düşündirilýär.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky Karary esasynda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 –– 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.

«Innowasiýa» adalgasy «innovate» diýen iňlis sözünden gelip çykýar, ol «düýpli üýtgetmek, täzelemek, düýpgöter döwrebaplaşdyrmak» diýen manyny berýär. Şeýlelikde, innowasion işläp taýýarlamalaryň düýp manysy garalýan ugurda düýpli täzeçillikleri ornaşdyrmagy ýa-da düýpgöter täzelemegi aňladýar.

Käbir ylmy maglumatlara görä «Innowasiýa» adalgasy XIX asyrda döräp, ol ilki medeniýetdäki üýtgeşmeler üçin ulanylypdyr. Ykdysadyýet ylmyna «Innowasiýa» adalgasy XX asyrda giripdir. Innowasion ykdysadyýetiň nazaryýeti bolsa Ýozef Şumpeter tarapyndan XX asyryň başyna esaslandyrylýar. Ýozef Şumpeteriň 1911-nji ýylda neşir edilen «Ykdysady ösüşiň nazaryýeti» atly kitabynda innowasiýanyň täze önümi öndürmek; önümçilige täze usuly girizmek; täze bazary döretmek; çig malyň ýa-da ýarym fabrikatlaryň täze çeşmelerini özleşdirmek; önümçiligi dolandyrmagyň gurluşyny täzeden guramak ýaly ýüze çykmalar barada maglumat berilýär.

Innowasion ykdysadyýet innowasiýalaryň köplügine, yzygiderli tehnologik kämillige, önümçilikde we eksportda ösen tehnologiýalara esaslanýar. Oňa başgaça intellektual ykdysadyýet hem diýilýär. Ykdysadyýetiň bu görnüşinde girdeji alymlaryň akyl-paýhasy arkaly gazanylýar.

Türkmenistanda amala aşyrylýan innowasiýalar syýasatynyň kuwwatly kadalaşdyryjy hukuk binýadyny üpjün etmek, bu ugurda ynamly üstünlik gazanmagyň ilkinji hem binýatlaýyn şertleriniň biri hökmünde görkezilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda «Innowasiýa işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekildi. Kanun ýurdumyzda innowasiýa işiniň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary esasynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Prezident Maksatnamasynyň esasy wezipeleriniň biri öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň we milli baýlyklarymyzyň esasynda milli ykdysadyýetimiziň ösüşini dünýäniň durnukly ösýän ýurtlarynyň derejesine ýetirilmegini gazanmakdan ybaratdyr.

Ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de, olaryň häzirkizaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň we netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmak üçin ýurdumyzda yzygiderli döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen ylym-bilim ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu ylym-bilim ojaklarynda daşary ýurt dillerini kämil derejede bilýän, döwrüň ösen tehniki mümkinçiliklerinden baş çykarýan, täzeçe, döredijilikli pikirlenmegi başarýan hünärmenler ýetişdirilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ykdysadyýetimiziň ylmy esasda ösdürilmegi babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetimiziň sanly düzümleriniň ösdürilmegine, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýardam berýän düýpli ylmy-amaly barlaglar ýerine ýetirilýär, täze innowasion tehnologiýalar döredilýär.

Güýçmyrat SOLTANMYRADOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/32393

25.06.2021
Sanly ulgam — ösüşleriň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan işjeň maýa goýum syýasatynyň netijesinde, dürli maksatly önümçilik desgalarydyr binalar gurlup ulanylmaga berilýär. Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, ykdysadyýetiň innowasion mümkinçiliklerini işjeňleşdirmek maksady bilen, häzirki wagtda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasynyň» çäklerinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» uly üstünlikler bilen durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ulaglar pudagynda ýerine ýetirilýän işler, gazanylýan oňyn netijeler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Dünýä ykdysady ulgamynda çylşyrymly geosyýasy şertleriň emele gelýändigine garamazdan, ýurdumyzda makroykdysady ýagdaý durnukly bolmagynda galýar. Taryhda ýurdumyzyň çäginden Gündogary we Günbatary, Demirgazygy we Günortany söwda hem medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly geçipdir. Ýewropa we Aziýa ýurtlaryny birleşdirýän häzirki zaman transkontinental ýollaryň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyz, sebitiň we tutuş dünýäniň abadançylygynyň hem-de durnukly ösüşiniň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli esasda ýola goýýar. Ulaglar ulgamynda uly öňegidişlikleriň gazanylmagy, howa, deňiz ýollary, demirýol we awtomobil ulaglary pudagynda döwrebap sanly intellektual tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen, içerki we halkara gatnawlarynda ýokary hilli, netijeli we howpsuz ýol-ulag düzüminiň emele gelmegini çaltlandyrýar.

Ulag ulgamynda innowasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy sanly özgerişleri başdan geçirýän dünýä ykdysady hojalygynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, diňe bir tehnologiýa babatynda meşhurlygynyň ýokarlandyrylmagyna däl, eýsem, ýolagçy hem-de ýük dolanyşygynyň mukdar we hil görkezijileriniň hem artdyrylmagyna, hasabatlylygyň takyk alnyp barylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Kuwwatly üstaşyr ýük geçirmek mümkinçiliginiň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ýokary girdejili ulag hyzmatlary ulgamyny emele getirmäge ýardam etmek bilen geljekde onuň has kämil guramaçylykly düzümini emele getirer. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli, parasatly syýasaty netijesinde berkarar türkmen döwleti rowaçlyklaryň ýolunda bedew bady bilen okgunly öňe barýar.

Goý, eziz Watanymyzy ösüşleriň röwşen ýoly bilen öňe alyp barýan mähriban Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gülnar ÝAZMYRADOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/32064

22.06.2021
Sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri

Hormatly Prezidentimiziň täzeçillik häsiýetine ýugrulan durmuş-ykdysady özgertmeleriniň rowaçlanmagy döwletimiziň çalt depginler bilen ösüşinde aýdyň görünýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberiniň artmagy ýurdumyzyň ýokary ösüş kuwwatyny kesgitleýär. Ykdysady netijeliligiň ýokary derejesi döwlet tarapyndan ileri tutulýan ugurlara maýa goýumlaryň maksatlaýyn esasda gönükdirilmegi, önümçiligiň döwrebap hilde guralmagy önümleriň hili we olara hyrydarlaryň köplügi bilen gönüden-göni bagly bolup durýar. Berkarar ýurdumyzda ähli ugurlary öz içine alýan, hil taýdan täze, okgunly ösüşlere alyp barýan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň dünýäniň öňdebaryjy döwletlerine kybap bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlara badalga berildi. Olaryň çäklerinde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Konsepsiýa milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, oňa sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek maksadyny nazarlaýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň kabul eden Karary esasynda, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» sanly ykdysadyýetiň milli ykdysadyýetimizi ösdürmekdäki täsiri giňişleýin beýan edilip, bu babatda halk hojalygynyň dürli pudaklaryna innowasion tehnologiýalary, şol sanda sanly tehnologiýalary we öňdebaryjy halkara tejribelerini ornaşdyrmak, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk babatynda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak ýaly wezipeler kesgitlenildi.

Sanly ykdysadyýetiň hereket etmegi jemgyýetiň, işewürligiň we hökümetiň bir wagtda sanlylaşdyrylmagyny üpjün edip, dolandyryş, maliýe, önümçilik, durmuş we beýleki ulgamlara täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ykdysadyýetiň oňyn netijeleriniň artmagyna getirýär. Önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda harajatlaryň azalmagy, zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagy, söwdanyň çäginiň giňelmegi, bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagy, girdejileriň täze görnüşleriniň ýüze çykmagy, edilýän hyzmatlaryň wagt taýdan hemişe elýeterli bolmagy, harytlaryň we hyzmatlaryň ählumumy bazarlara dessin çykmagy we dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli bolmagy, sarp edijileriň islegleriniň has çalt we ýokary derejede kanagatlandyrylmagy hem-de hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikleriň ählisi sanly ykdysadyýetiň ösüşiniň netijesidir.

Aýbek TAJYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31398

15.06.2021
Sanly ulgam — bagtyýar durmuş

Ýurdumyzyň bank ulgamyny sanlylaşdyrmak, hyzmatlary döwrebap talaplara laýyklykda ýola goýmak möhüm wezipeleriň biri hasaplanylýar. Şoňa görä-de, döwletimizde bank ulgamynyň kanunçylyk-hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär, pul-karz bazarynyň gerimi giňeldilýär, ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, elýeterliligi üpjün edilýär.

Sanly tehnologiýalaryň giňden peýdalanylmagy bank hyzmatlarynyň görnüşlerini hem-de milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we müşderilere bökdençsiz bank hyzmatlaryny hödürlemäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, hödürlenilýän hyzmatlaryň tizligi hem-de elýeterliligi banklaryň we müşderileriň arasyndaky gatnaşyklary düýbünden täze derejä çykarýar.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bank ulgamyna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, raýatlarymyza köpdürli amatlyklary döredýän bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmaga, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, netijede ýurtda sanly ykdysadyýetiň ösmegine ýardam edýär. Türkmenistanyň çäginde «Altyn asyr», «Millikart», «Goýum bank karty», «Maşgala», «Owerdraft» bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly, şeýle hem sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal» ulgamlary arkaly nagt däl görnüşde geçirilýän hasaplaşyklaryň amatlyklaryndan raýatlarymyz uly isleg bilen peýdalanýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, raýatlarymyza amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, onlaýn bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak we ony kämilleşdirmek işlerine yzygiderli maýa goýum serişdeleri goýulýar. Bu ugurda ýurdumyzyň degişli karz edaralary karzyň esasy bergisini we oňa hasaplanan göterimlerini, aragatnaşyk, ýaşaýyş jaý, tebigy gaz, elektrik togy, agyz suwy üçin tölegleri, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde teatrlaryň peteklerini, şeýle hem «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentlikleri bilen bilelikde bank kartlaryny ulanyp, demir ýol, howa ýol ugurlary boýunça, şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslar üçin petekleriň töleglerini internet ulgamynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredildi.

Milli ykdysadyýetimize sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde ýurdumyzyň degişli karz edaralary tarapyndan onlaýn görnüşde karzlary resmileşdirmek, bank hasaplary barada maglumatlary elektron görnüşinde almak, elektron tabşyrygyny taýýarlap, internet arkaly töleg geçirimlerini amala aşyrmak mümkinçiligi ýola goýuldy. Şonuň ýaly-da, onlaýn görnüşinde täze bank kartlaryny açmak, bu amal üçin zerur resminamalary elektron görnüşinde ugratmak, hyzmatlar üçin tölegi «Altyn asyr» bank karty arkaly amala aşyrmak mümkinçiligi döredildi.

Mundan başga-da, raýatlarymyza uzak aralykdan bank kartlaryny açmak, täzeden çap etmek boýunça arzalaryny elektron usulda kabul etmek we bu boýunça tölegleri onlaýn görnüşde «Altyn asyr» bank karty arkaly tölemek mümkinçiligi ýola goýuldy. Şeýle hem, karz almaga isleg bildirýän raýatlara ýüztutmalaryny onlaýn görnüşde resmileşdirmek, müşderä bu ýüztutmalarynyň ýagdaýy barada menzilara habar bermek hyzmatynyň kämilleşdirilen görnüşi, ýagny «onlaýn-kabulhana» döredildi.

Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlarymyza döwrebap «Cash-back» bank hyzmaty hem ýerine ýetirilýär. «Cash-back» bank hyzmaty bank amallarynyň hilini kämilleşdirmäge, halka edilýän bank hyzmatlarynyň göwrümini has-da giňeltmäge, karz edaralary tarapyndan müşderileri banka çekmäge giň mümkinçilik berýär. Bank kartlary arkaly tölegler amala aşyrylanda kartyň eýesine berilýän göterimiň möçberini banklar özleriniň alyp barýan göterim syýasatyna laýyklykda ýerine ýetirýärler. Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň hakykat ýüzünde durmuşymyzyň ähli ugurlarynda ilerlediji güýç bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.

Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek üçin bimöçber işleri durmuşa geçirýän döwlet Baştutanymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaç alsyn!

Aýşat GYLYÇDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31312

14.06.2021
Sanly ulgam — döwrebap ösüş

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilip, senagat kuwwatlyklarymyz has-da artýar. Bu babatda ýokary sepgitlere ýetmekde Diýarymyzda maksatnamalaýyn esasda üstünlikli durmuşa geçirilýän sanly ykdysadyýetiň tutýan orny örän uludyr.

Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan işler hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns merkezinde saklanýar. Muňa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda amala aşyrylýan sanly özgertmeler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ugurda döwlet Baştutanymyz 12-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Mälim bolşy ýaly, bu resminama «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek we sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen kabul edildi. Maksatnamada ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak arkaly ösüş gazanmak ugrundaky täzeçe garaýyşlar we çemeleşmeler beýan edilýär. Munuň özi sanly ulgamyň hukuk binýadynyň yzygiderli berkidilýändigine hem-de amala aşyrylýan özgertmelerde döwrüň talaplaryndan ugur alynýandygyna doly güwä geçýär.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy hojalyk işiniň has-da kämilleşdirilmegine mümkinçilik berýär. Kärhanalardyr edaralara innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrýar. Şeýle ýagdaýlar häzirki wagtda ýurdumyzyň gazanýan durnukly ykdysady ösüşinde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň has-da artmagynda äşgär duýulýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ösen senagat döwlete öwrülmegine hem-de halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Altyn AGAMYRADOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31255

12.06.2021
Sanly ykdysadyýet — belent üstünlikleriň şuglasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde durmuşa geçirilýän işler guwandyryjy häsiýete eýe bolýar. Halk hojalygyny sanly ykdysadyýete geçirmek üçin alnyp barylýan giň gerimli işler maksadalaýyk dowam etdirilýär we maksatnamalaýyn görnüşde durmuşa geçirilýär. Durmuş ulgamynyň ösüşinde Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerine giňden eýerilýär. Ählumumy ykrarnama eýe bolýan bu işlerde, ilki bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda ylym, bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sanlylaşdyrmagyň barşynda ýurdumyzyň senagatlaşdyrmaga tarap ugur alýandygy, halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin ýokary hünärli, başarjaň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak uly ähmiýete eýedir.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek iki wezipäni öňde goýýar. Ol wezipeler ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadyny emele getirmekden hem-de önümçiligi sanly ýörelgä kybap getirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzy ösdürmek boýunça döwlet tarapyndan alnyp barylýan durnukly ösüş strategiýasynyň binýatlyk ugry iň täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp, diwersifikasiýalaşan häzirki zaman ykdysady gurluşy döretmekden ybarat bolup durýar. Bu halk bähbitli işlerde düýpli ylma esaslanýan durnukly ösüşi, ilatyň maddy hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny, önümçilik serişdeleriniňdir gurallarynyň üznüksiz döwrebaplaşdyrylmagyny, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün edýän milli ykdysadyýetiň nusgasyny döretmek zerurlygy ileri tutulýar. Şeýlelikde, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ykdysady, durmuş ulgamlarynyň Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda bedew batly ösüşi munuň aýdyň mysalydyr. Döwrümiziň häsiýetli aýratynlygy bolan internet giňişliginiň kemala gelmegi hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi ykdysady ösüşiň hil taýdan täze tapgyryna — sanly ykdysadyýete ynamly geçişi şertlendirdi. Türkmen halkyna bütindünýä maglumat giňişligine goşulyşmaga giň ýol açdy we beýik ösüşleri bagyşlady.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, elektron senagatyny ornaşdyrmagyň depginini ýokarlandyrmakda, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde netijeli işler yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Ähli pudaklary sanly ulgama geçirmek, olara öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak wezipeleriniň günübirin ýerine ýetirilmegi netijesinde ykdysady, durmuş we syýasy babatda möhüm ilerlemeleri görmek bolýar. Sözüň doly manysynda täze tehnologiýalar, sanly ulgam düşünjeleri jemgyýete mäkäm ornaşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde Türkmenistan ylmyň gazananlaryna esaslanmak arkaly, dünýäniň ykdysady ösüşi bilen deň gadam urýar. Bu işde ylma, tehnika, innowasiýalara, medeniýetiň gazananlaryna berk bil baglanylýar. Halkyň bagtyýarlygy ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işler biziň her birimizi guwandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýokary tehnologiýalary, düýpli nazaryýet bilimlerine esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek başlangyçlary rowaçlyklara beslenýär we belent maksatlara ýetilýär.

Şirin ÝAZYÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/31104

11.06.2021
Sanly ykdysadyýetde innowasion tehnologiýalar

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk ýagdaýy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» hem-de beýleki Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanandygyny bellemek gerek. Konsepsiýa ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýlelikde, ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek üçin zerur bolan düzüm döredildi.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topary döretmek hakynda» Karara gol çekmegi bu ulgamda möhüm ädimleriň biri boldy. Onuň baş maksady bu ugurda möhüm wezipeleri çözmekden ybaratdyr. Toparyň düzümi we onuň Düzgünnamasy tassyklandy. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlendi.

Ähli derejedäki hünärmenlere sanly ulgamy öwretmek, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň taýýarlygyny işjeňleşdirmek, pudaklarda elektron hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak, şolaryň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan kompýuter, ulgamlaýyn tehnologiýa we kiberhowpsuzlygy boýunça gysga möhletleýin ýörite okuwlaryň meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Bu maksatnama laýyklykda, kompýuter, ulgamlaýyn tehnologiýa we kiberhowpsuzlygy boýunça gysga möhletleýin ýörite okuwlary agentligiň hem-de degişli edaralaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda bilelikde geçirmek meýilleşdirildi.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň neşirlerini elektron görnüşe geçirmek boýunça tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bu işi guramagyň degişli tertibi taýýarlanyldy. Resminamada öňde durýan wezipeleri çözmek üçin anyk çäreler we elektron görnüşdäki gazetleriň hem-de žurnallaryň düşewüntliligi hakyndaky maglumatlar kesgitlendi.

Goý, ýurdumyzda hem-de dünýä ýüzünde parahatçylygy, dostlugy we agzybirligi berkitmekde uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun!

Şasenem GURBANOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň elektrik stansiýalary kafedrasynyň işgäri.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30815

08.06.2021
Sanly ykdysadyýet: ösüşiň esasy ugry

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi gazanmak boýunça milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalar üstünlikli ornaşdyrylýar.

Bu babatda adamzat durmuşynda innowasiýalara möhüm orun degişli bolan häzirki zaman şertlerinde Diýarymyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» netijeli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlaryny özleşdirmäge hem-de Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge ýardam berýär.

Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we sanlylaşdyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Halk hojalygyny sanlylaşdyrmagyň ähli ugurlaryny özünde jemleýän sanly ykdysadyýet konsepsiýasyna laýyklykda ýurdumyzda innowasion özgertmeleriň geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen döwrebap ösmegine giň mümkinçilikleri döredýär.

Türkmenistanda alnyp barylýan sanly özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, onuň kanunçylyk binýady hem yzygiderli berkidilýär. Bu ugurda möhüm döwlet resminamalary kabul edilýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy doly güwä geçýär.

Mälim bolşy ýaly, maksatnamada jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornuny artdyrmak, sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak göz öňünde tutulýar. Onda döwlet dolandyryşyny we hyzmatlary doly sanlylaşdyrmak, «Elektron hökümeti» döretmek, ýerli elektron söwdany ösdürmek, sanly serişdeleriň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak ýaly wezipeler bar. Munuň özi ýurdumyzy ykdysady taýdan ösen güýçli senagat döwletine öwürmäge we halkymyzyň durmuş şertlerini hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berer.

Begençmuhammet REMEZANOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/30325

01.06.2021
Ykdysady ösüşiň möhüm ädimleri

Sanly ykdysadyýet adalgasy gün-günden biziň aň-düşünjämize, jemgyýetimiziň ösüşine ynamly ornaşýar. Raýatlarymyzyň arasynda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmagyň geriminiň giňelmegi, tehniki oýlap tapyşlaryň, sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza berk ornaşmagy sanly ykdysadyýetiň ösüşine uly itergi berýär. Netijede bolsa, halkara işewürligi, bazar gatnaşyklary ýaýbaňlanýar.

Sanly ykdysadyýet önümçilikde, hyzmatda we sarp edişde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly sanly özgertmeleri başdan geçirýän ykdysadyýetiň bölegidir.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde döwrebap sanly tehnologiýalar we innowasion häsiýetli täjirçilik usullar hojalyk durmuşynyň ähli ugurlaryna giňden ornaşýar. Bu bolsa ykdysadyýetde düzümleýin üýtgemeleriň emele gelmegine getirýär. Şol bir wagtda hem sanly tehnologiýalara we elektron haryt dolanşygyna esaslanýan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň wajyplygyny öňe çykarýar.

Sanly ykdysadyýete geçilmegi, milli ykdysadyýetde täze-täze mümkinçilikleriň açylmagydyr. Ol ýuridiki we fiziki şahslaryň özara gatnaşygyny ýeňilleşdirýär. Muňa isleg bildirilýän harytlary we önümleri dükanlardyr söwda merkezlerine gitmezden internet dükanlaryndan elýeter bahalardan satyn almak we tölegleri bank kartynyň üsti bilen elektron görnüşinde amala aşyrmaga mümkinçilikleriň döredilmegi mysal bolup biler. Karz edaralaryna barmazdan alnan karzyň esasy bergisini we oňa hasaplanan göterimi tölemek, ykjam ýa-da öý telefon hyzmatlary üçin islendik wagt tölegleri geçirmek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynda islegleri amala aşyrmak mümkindir. Başga-da birnäçe ugurlarda tölegleriň amala aşyrylmagynda, maglumat tehnologiýalaryň peýdalanylmagy netijesinde ykdysadyýetiň köp pudaklarynda ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligini birnäçe esse artdyryp, onuň bilen bagly çykdajylary ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.

Amala aşyrylan bu işler geljekde sanly ykdysadyýete doly geçmek boýunça berk binýat bolup, ýurdumyzyň pudaklarynyň öňünde köpsanly maksatlary goýmaga itergi berýär. Mysal üçin, sanly ykdysadyýetiň düýp özeni bolup durýan maglumatlaryň elektron taýdan kabul edilmegi we işlenilmegi ýaly tehnologiýalary peýdalanyp, internet torlarynyň üsti bilen raýatlara dürli hyzmatlaryň hödürlenmegi döwür bilen aýakdaş gitmek diýmekdir. Internet ulgamyna birikdirilen kompýuter enjamlarynyň kömegi bilen, «Internet-bank» hyzmatyny ulanyjylaryň sanynyň gün-günden artýandygyny hem belläp geçmeli. «Internet-bank» hyzmatynyň esasy amatlyklarynyň biri hem günüň islendik wagtynda, ýagny bankyň we edara-kärhanalaryň iş wagtyna bagly bolmazdan, dynç alyş ýa-da baýramçylyk günlerinde hem köpsanly hyzmatlardan peýdalanyp, nagt däl görnüşinde tölegleri geçirip bolýanlygydyr.

Döwrebap ykjam telefonlary, planşetleri giňden ulanýan raýatlarymyza bu hyzmatyň «Mobil-bank» görnüşi hödürlenilýär. «Mobil-bank» hyzmaty tölegleriň dürli görnüşlerini geçirmekde uly ýardamçy bolup durýar. Şeýle döwrebap şertleri döredip berýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Maral BALLYÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/28392

12.05.2021
Sanly ulgam — sanly ykdysadyýet

Döwletimiziň milli ykdysadyýetini has-da döwrebaplaşdyryp, ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ylmyň soňky gazananlaryny, döwrebap ösen innowasion sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Sanly ykdysadyýete «Internet arkaly amala aşyrylýan ykdysadyýet» diýlip hem düşünilýär. Şeýle-de, innowasion sanly maglumat — aragatnaşyk tehnologiýalary, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary özünde jemleýän bu sanly elektron ulgama «Dördünji senagat rewolýusiýasy» diýlip hem aýdylýar.

Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararlaryna laýyklykda, 2017-nji ýylda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», 2018-nji ýylda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de 2020-nji ýylda «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasy» tassyklanyldy.

Şeýle hem milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda 2019 —2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň kabul eden Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy» tassyklanyldy.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, olaryň geljekde öz işleriniň hünär ussatlary bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalar edýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Aýna NOWRUZOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27965

07.05.2021
Sanly ulgamyň möhüm orny

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli, parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi has-da döwrebaplaşdyryp, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, döwrebap, ösen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilmegi netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň hukuk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär.

Sanly bilim ulgamy döwrebap innowasion tehnologiýalaryň çaltlyk bilen ösýän döwrüniň bilim ulgamynyň gurluşynda özboluşly aýratynlyga eýedir. Sanly elektron ulgamdaky okuw-usuly toplum bilim berlişiniň dürli basgançaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary arkaly peýdalanylýar. Bu okuw-usuly topluma elektron görnüşli okuw kitaplary, okuw gollanmalary, tejribelik boýunça gollanmalar, umumy we amaly okuwlar we dürli tejribeler boýunça usuly gözükdirijiler hem-de gündelik durmuşda söýlüp okalýan sanly elektron görnüşinde ýola goýlan gazetlerdir žurnallar degişli bolup durýar.

Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösmeginde we barha kuwwatlanmagynda ýaşlaryň aň-düşünjeli, oýlap tapyjy, dörediji we gurujy intellektual bolup ýetişmekleri döwrüň möhüm talabydyr.

Bilim ulgamynda döwrebap ösen innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň barşynda bilim berlişiniň hil derejesiniň ýokarlanmagyny kepillendirýän, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan milli bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi ýurdumyzyň ösüşiniň strategik ugrudyr. Şuňa laýyklykda, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy halk hojalyk toplumynda hem uly ähmiýete eýedir. Ol maglumatly sanly gurşawyň döredilmegine, sanly bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün edilmegine hem-de sanly bilim berilmeginiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we usullarynyň kämilleşdirilmegine gönükdirilendir.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda hem talyp ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan kämil baş çykarmaklary babatynda çuňňur bilim bermek maksady bilen, sanly ykdysadyýet dersi girizildi. Häzirki wagtda ylym-bilim, döwrebap, ösen innowasion tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykaryp, olaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Ýaşlaryň döwrebap bilimli, geljekde öz hünärleriniň ussatlary bolup ýetişmegi babatda bimöçber alada edýän Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirýäris.

Şatlyk MAMEDOW,

talyp.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27828

06.05.2021
Täze tehnologiýalar — ilatyň hyzmatynda

Sanly ykdysadyýeti durmuşa ornaşdyrmakda iň täze we döwrebap tehnologiýalara aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda möhüm çözgütleriň biri boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, Ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak müdirligine hem elektron maglumat gorlaryny döretmek ýaly häzirki zaman innowasion täzelikler girizilip, halka ýokary derejeli döwrebap hyzmatlar edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýyl gol çeken «Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Permanyna laýyklykda, raýatlarymyzyň pasportlaryny resmileşdirmek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak wezipeleri ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklendi. Resminama laýyklykda, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler, guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, beýleki ähli edara-kärhanalar we guramalar zerur maglumatlaryň Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň görkezilmegi bilen tassyklanyp bilinjek ýagdaýynda indi ilatdan dürli hili delil hatlaryny talap edenoklar. Bu pasport ulgamy boýunça alnyp barylýan işleriň has-da kämil, döwrebap ýerine ýetirilmeginde örän uly mümkinçilikleri döretdi.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, Içeri işler ministrliginiň Ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak müdirliginiň Salgylar býurosynyň işiniň kämilleşdirilmegi netijesinde, fiziki şahslaryň salgylary barada maglumatlary sanly elektron aragatnaşyk ulgamynyň üsti bilen sargyt etmegiň hem-de taýýarlanan maglumatlary bermegiň Tertibine görä, bu ugurdaky işler Aşgabat şäher häkimliginiň Ýaşaýyş jaýlaryny hasaba alyş, paýlaýyş we resmileşdiriş müdirliginiň we etrap birlikleriniň arasynda sanly elektron aragatnaşyk hyzmatynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň hem-de Aşgabat şäher häkimligine degişli edaralaryň arasynda ýörite hereket edýän sanly elektron aragatnaşyk ulgamynyň kömegi bilen raýatlaryň özi gelmezden, olara ýazgyda duran salgylary baradaky kepilnamalary bermek işi doly derejede ýola goýuldy. Mundan başga-da, ilaty pasportlaşdyrmak we hasaba almak, pasport almak, çalyşmak, bellenen ýaşyndaky suratlaryny pasportyna geçirmek üçin şäher, etrap merkezlerinden uzakda ýaşap ýa-da ýarawsyzlygy zerarly gelmäge mümkinçiligi bolmadyk raýatlaryň ýaşaýan ýerine göçme toplum bilen barlyp, gerekli resminamalar kabul edilip, pasportlaşdyryş işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynda hem sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek, bu ugra tehnologik täzeçilligi ornaşdyrmak, ýaşlaryň kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak, talyplary ruhy-ahlak, watansöýüjilik, ata Watana, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Döwür bilen aýakdaş gitmek, Watanyň ertirki eýeleri bolan giň gözýetimli, il-günüň mynasyp ogul-gyzlarynyň täze neslini ýetişdirmek biz, mugallymlaryň jana-jan borjudyr.

Nurmuhammet MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň hukuk fakultetiniň administratiw hukugy kafedrasynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/27761

05.05.2021